Atamyrat Han 

 

Atamyrat Han köneürgenç etraplarynda ýaşan ýumutlaryñ öküz urugynyñ gutlybaý tiresinden bolup,ýaş wagtyn-da Hiwa medresesinde bilim alýar.Ol Hiwa Hanlygynda ýaşaýan Türkmenleriñ 1855-67-nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky göreşine baştutanlyk edýär. 

Türkmenleriñ bu gozgalany 19-nji asyrda orta asiýada bolan halk hereketlerniñ iñ ulusydyr.Atamyrat Hanyñ atasy Orazmuhamed sedar we agasy Amannyýz serdar Hiwa goşunuñ içindäki Türkmen nökerlere baştutanlyk edip, bir näçe gezek harby ýörişlere gatnaşypdyr.Emma Mary etrapyna edilen harby ýörüşlerniñ birinde Amannyýaz serdar MILLI duýgudaşlyga eýerip,öz Türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyrandygy üçin,Hiwa Hany ony beýik minaradan zyñdyryp öldürdipdir.

Onsuz-da Türkmenler bilen Hiwa Hanyñ arasynda ýer-suw meselesi babatda ýyty gapma-garşylyk dowam edýär. Bu waka hem üsteüsine bolýar.Hiwa Hanyñ eden-etdiligine  garşy Atamyrat Hanyñ ýolbaşçylygyna Türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler.

Sarahs söweşinde(1855) Mädimin Han öldürilenden soñ,Hiwa-da  Abdylla Han tagta çykýar Ol 1855-nji ýylyñ MAI-AWGUSTYNDA Hiwa Hanlygyndaky ýumutlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş edýär. Aksaraý,iýlginli we Ýekedepe diýen ýerlerde bolan harby çaknaşyklarda Türkmenleriñ birleşen topary Hiwa goşununy derbi-dagyn edýärler we Abdylla Hanyñ özüni-de öldürýärler.

Şu wakadan soñ Atamyrat Han Ýumutlaryñ esasy toparnyñ baştutany hökmünde ykrar edilýär we onuñ abraýy has yokary galýar.

Abdylla Han öldürilenden soñ,Hiwa-da tagta çykan Gutlimyrat Han(1855-56) Türkmenler babatda örän hilegär siýasat alyp barýar.Bu maksady üçin ol hatda Ahal,Mary Türkmenlerinden goldaw tapmagy başarypdyr. 

1855nji ýylyñ NOWEMBER- DESEMBER aýlarynda bolan aýgytly söweşde Ýumut,Ýemreli,Çowdur we beýleki Türkmen tire-taýpalary Atamyrat Hanyñ baştutanlygynda özara birleşip,Hiwa goşunyny ýeñýärler.Şondan soñ Hiwa Hanlygynyñ bütün demirgazak-günbatarynda Atamyrat Han öz hökümdarlygyny ýöredipdir we Türkmenler Hiwa hanyna tabynlykdan çykypdyrlar. 

1856-nji ýylyñ FEBRUAL-da Türkmenleriñ goldaw bermeginde Gutlimyrat Han hem öz garyndaşy tarapyndan öldürilýär we Hiwa-da tagta 34 ýaşly Seýit muhammet Han (1856-64)çykýar.

Ol Türkmenleri ýarag güýji bilen boýun egdirip bilmejigine göz ýetirip, Türkmen tire-taýpalaryny bir-birine garşy öjükdirmek syýasatyny alyp barypdyr.

Şol bir wagtda-da Türkmen,Özbek Gazak gozgalañçylaryna garşy harby güýç ulanypdyr.

1858-nji ýylyñ OKTOBIR-ynda Atamyrat Hanyñ kömek bermeginde goñrat begliginde Garagalpak gozgalañçylary hem ýeñiş gazanýar.

Muhammed Pena bolsa Goñratyñ Hany diýilip ykrar edilýär.

Hakykatda Goñrat begligi ýomutlaryñ 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylyp,ähli işlere Atamyrat hanyñ egindeşi Berdi Inlis ýolbaşçylyk edýär.Ýöne ýomutlar bu ýerde eden-etdilige ýol berip,halkyñ närazyçylygyny döredýär.

Bu ýagdaýdan peýdalanyp,Hiwa hany Goñrat begligini ýene-de özüne tabyn edýär.Atamyrat Han we ony goldaýan toparlar bolsa hiç wagt Hiwa Hanyna tabyn bolmandyrlar.

Emma Türkmenler agyzala bolansoñ,öz maksadynyñ amala aşmajygyny-da gowy düşünipdirler.

Şonuñ üçin Atamyrat Han 1858nji ýylyñ TOMSUNDA Hiwa Hanyñ zülmüne garşy göreşmek üçin Patyşah Russiýasyndan ok,ýarak bermeklernyñ hem-de raýatlygy kabul etmeklerini sorap haýyşnama ýazýar emma onuñ haýyşnamasy kanagatlandyrylmaýar.

1865-nji ýylda Türkmenleriñ barlyşyksyz duşmany Seýit Muammet Rahim II Hiwa tagtyna çykýar.Ol Türkmen etraplaryna akýan ýaplaryñ suwuny bekläp,olara garşy goşun sürýär.1866-67-nji ýyllarda olaryñ arasynda harby çaknaşyklar izigiderli gaýtalanyp durupdyr. 

Bu agyr ýagdaýda hiç hilli çykalgy bolmansoñ,Atamyrat Han ýene-de Patyşah Russiýasyndan howandarlyk isläp,olara bir näçe gezek ýüz tutýar.Ol hem netijesyz gutarýar.Üstesine-de,Hiwa Hany Türkmenlere Hiwa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edýär.

Bu agyr ýagdaý Türkmenleriñ belli bir bölegini Hiwa Hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edýär.

Şeýlelikde Atamyrat Hanyñ hiwa hanynyñ sütemine garşy 12 -ýyllap alyp baran aýgytly göreşiniñ iñ soñkisi 1867-nji ýylyñ awgustynda basylyp ýatyrylýar.

Atamyrat Han bolsa Hiwa Hanyna tabyn bollmagy özüne namys edip, 40 öýli Türkmen bilen Balkan etrapyna göçýär.

Ol Çlekende ýaşaýan döwründe Russ goşunlarnyñ Gyzyl etrekdäki baş offiseri bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr.

1873-nji ýylda Russiýañ Patyşahsy Hiwa Hanlygyny basyp alan soñ Atamyrat Han ýene-de öz dogduk mekanyna göçüp barýar we şol ýerde ömrüniñ ahyrna çenli ýaşaýar.

Atamyrat Hanyñ uzak ýyllaryñ dowmynda  alyp baran göreşiniñ düp maksady ähli Türkmenleri birleşdirip,Hiwa Hanynyñ zülüminden azat etmekligden we olaryñ hiç kime Garaşsyz,özbaşdak,bolmagyny üpjün etmekden ybyratdyr.Emma Türkmenleriñ bilgeşleýin öjükdirilen özara agyzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir.

Ýöne Türkmen halkynyñ  bähbidini näçe ileri hem tutan bolsa,ol özüniñ Hiwa-da hökümdarlyk etmek maksadyny hem aradan aýyrmandyr.