Baýram Han 

Türkmenleriñ Baharly kablasyndan bolan Muhammet Baýram Han, takminan, 1500-1505-nji ýyllarda Badahşanda dogulýar.

Ol harby serkerde,döwlet işgäri,filosof,sazanda hem şahyr bolupdyr.Onuñ Ata-Babalary 15-nji asyrda günbatar Eýranda, Azarbaýjanyñ günorta taraplarynda uly döwlet guran Garagoýunly Türkmenlerden bolup,hökümet gullugynda,harby işlerde edermenlik görkezen adamlar eken.

Baýam Hanyñ babasy Şiraly Beg hiratda häkimlik eden Soltan Hosseýni Baýkaranyñ(1471-1506) köşgünde hem hyzmat edipdir.Baýram Hanyñ kakasy Seýfali beg Gazanda şähirdarlyk wezipesini alyp barypdyr.Ol ýakyn gündogarda ady belli Taryhçy Mürze jahan şahnyñ neslinden bolan,Hindistandaky Mogol Imperiýasynyñ baştutany Babyr bilen ýakyn gatnaşyk saklan,onuñ goldawsyndan peýdalanypdyr.

Baýram Han 16-nji asryñ başlarynda Bälh, Badahşan töwereglerine göçüp baran Seýfaly begiñ maşgalasyndan dünýä inipdir.

Başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ýerde alypdyr.Bälhiñ iñ güýçli alymlary oña sapak beripdir.Baýram Hanyñ ylma we sungata bolan söýgüsi onuñ harby serkerde Bolandygyna garamazdan,ömrüniñ ahyrna çenli saklanypdyr.

Bälhda Pars we Arab dillerini düýpli öwrenýär.Şol döwriñ okuw sapaklarynda goşgy düzmekligiñ Aruz formasyna esasi orun berlipdir.Baýram Han hem aruz formasynda goşgy düzen belli şahyrlaryñ biridir.

Ol orta boýly,bogdaý reñk,on iki süññi ýerbe-ýer,mertebeliligi ýüzünden görnüp duran,peşeneli adam bolupdyr. Aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr.Öz Ata-babalarynyñ kesp-käri bolan çabyksuwarlyk,gylyç oýnatmak,naýza sançmak,ok atmak ýaly bir näçe harby hünärleri ezberlik bilen özleşdiripdir.

Baýram Han on alty ýaşynda HUMAÝUNYÑ goşunyna meýletin girýär.Goşunda ol çäksiz batyrlygy, dogumlylygy, düşbeligi harby taýdan ugurtapyjylygy bilen tapawotlanýar.Hatda bir ýyl geçmänkä,ol şahzada Humaýunyñ ýakyn egindeşleriniñ biri we geñeşçisi bolýar.

Baýram han ilki Şah Ismaýyl Hataýynyñ(1487-1524) soñra Mogollar dinastiýasyny esaslandyran Muhammed babyryñ (1483-1530) goşun serkerdesi bolýar. Babyr ölenden soñ onuñ ogly Humaýun(1508-56) imperator (1530-56) bolýar. Humaýunyñ häkimlige geçen döwri beýik Mogol imperýasynyñ gowşan döwrüne gabat gelýär. Mogol imperatory Humaýun bilen onuñ doganlary Mürze eskeriñ Kamran mürzäniñ Mürze Hindalyñ tagt üstündäki dawalary sebäpli Mogol imperýasy dargaýar.

1539-nji ýylda Mogollaryñ howply duşmany,Owgan taýpasynyñ sury tiresinden bolan Şir şah özüni Imperator diýip yglan edýär. 

Humaýun ondan gaçyp gidýär.Baýram Han Humaýunyñ bähbidine güýçli diplomatik işleri alyp barýar.Humaýun Baýram Hanyñ maslahaty bilen Babyryñ mirasdüşeri,Eýran şahsy Tahmasyp-dan harby kömek soraýar.Eýran şahsy harby kömek berýär.

Eýran goşunyn kömegi,mogollaryñ edermenligi we owgan serdarlarynyñ arasyndaky dawanyñ mogol goşun serkerdesi Baýram Han tarapyndan öñat peýdalanmagy netijesinde demirgazak Hindistanda beýk mogol imperýasy gaýtadan dikeldilýär.

Baýram Han imperator Humaýunyñ ähli ýörişlerine we diplomat Işlerine gatnaşýar,imperatoryñ ýanynda uly wezipe eýeleýär  hem-de onuñ hakyky dosty bolýar.Humaýun Baýram Hanyñ döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlygy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir.

Baýram Han hem özüniñ Humaýuna wepalylygyny ençeme gezek subut edipdir.1540-nji ýylda Kannawujyñ etegindäki uruşda Baýram Han mogol goşunyñ awangardyna başlyklyk edýär we Şir şahnyñ goşuny bilen bolan söweşde ýesir düşýär.

Şol wagytlar batyr,harby serkerde Baýram Hanyñ şöhraty,at-awazy,eýýäm Awgan ýürdine hem ýaýranypdyr.Şir şah her edip hesip edip ol batyr Türkmeni öz tarapyna yrmak isleýär.oña iñ yokary derejeler,ummasyz peşgeşler wada edýär.Emma BaýramHan Şir şahnyñ teklibini inkär edýär.Şol aralykda Baýram Han bir oñaýyny Tapyp,Humaýunyñ tarapdary,Abul  kasym bilen gaçýar.

Şir şah Baýram Hanyñ gaçandygyny eşidip, ony tutup öldürilmegi buýurýar. Gujaratyñ ýolunda ol iki gaçgak ýene-de ýesir düşýär.Bu gezek ony Gujaratdan gaýdyp gelýän Şir şahnyñ ilçisi ýesir alýar.Abul kasymyñ daşky keşbi Baýram Hana örän meñzeş bolupdyr.

Şonda Baýram Han öñe çykyp:-Men­- Baýram Han! Ine,näme etseñiz ediberiñ!- diýýär.

Onda abul Kasym öz dostuny halas etmek üçin:- Ýok,ýok, ol meniñ hyzmatkärim,ol öz janyny gurban edip,hojaýynyny azat etmekçi bolýar.Men onuñ dogumlylygyna, batyrlygyna we wepalylygyna haýran galýaryn.ol batyry goyberiñ! MenBaýram Han! Diýipdir.

Baýram Han özüniñ Baýram Handygyny näçe subut etjek bolsa-da başa barmandyr.Netijede Baýram Han azat bolup,onuñ wepaly batyr dosty Abul kasym öldürilipdir.Şondan soñ Baýram Han uzak wagtlap sergezdançylyk edip,Humaýuna ykrarly bolan Gyjarat hökümdary mahmydyñ ýürdine barýar.Şeýlelikde, Baýram Han iki ýyl geçenden soñ,özüniñ ýolda toplan kiçiräk goşuny bilen Humaýunyñ lagerine gaýdyp barýar.

16-nji asryñ ortalarynda Babyrañ imperýasynyñ ýürdi giñelýär. Munda talantly goşun serkerdesi Baýram Hanyñ hyzmaty bolupdyr.Bayram Hanyñ Mogollaryñ ýeñişlerine goşandy,onuñ pähim- paýhasy üçin mogol imperatory Humaýun Eýran şahsyTahmasyp bilen bilelikde Bayram Hana şol döwrüñ iñ yokary harby derejesi `HANLARYÑ HANY` we ähli Türkmen taýpalarnyñ aksakgaly diýen titli berýär.

Humaýunyñ karary bilen Baýram Han Gandaharyñ häkimlige bellenýär.Bayram Hanyñ Gandahary dolondyrmaga bellenmegine Humaýunyñ doganlary Kamran Mürze,Mürze eskeri, Mürze Hindal garşy bolýarlar we Baýram Hana her hilli şyltaklar atyp,Humaýuna ýamanlaýarlar,ýöne paýhasly Humaýun beýle zatlara ynanman,ony öz ogly Ekbere atalyk belleýär.

Ekber on dört ýaşyna baranda Mogol imperatory Humaýun aradan çykýar we ýaşajyk Ekber beýik Mogol imperýasyna imperator bellenýär.

(1556-1605) Ekber on sekgiz ýaşyna ýetýänçä,Baýram Han beýik Mogol imperýasyny Ekberiñ ady bilen dolandyrýar.Ekber Baýram Hanyñ wepalylygyna,pähim-paýhasyna hormat goýupdyr we Oña `Han baba`diýip,ýüzlenipdir. Humaýunyñ goýup giden wesýetnamasy esasynda Baýram Han babyrñ agtygy, Şah neberelerinden bolan Selime soltan begime öýlenipdir we ömrüniñ ahyrn çenli Ekberiñ atalygy hem baş weziri bolupdyr.

Baýram Han ynsan üçin möhüm häsiýetlerden söz açyp, her bir ýigide üç sany synatyñ hökmandygyny nygtalapdyr: 

1. Häkimleriñ ýanynda özüñ alyp barmagy başarmaly.

2. Garyp-gasarlaryñ göwnünden turup,olara duýgudaşlyk etmeli.

3. Alymlaryñ ýanynda aýtjak sözüñi bilip aýtmaly.

Baýram Han Abdyrahman atly ogly bolýar.Oña-da `HANLARYÑ HANY`diýen ýokary dereje berlipdir.Ol bäş dilde goşgy düzen uly şahyr bolupdyr.

Baýram Hany 1561-nji ýylyñ 31-nji desember-de Gujaratda mübärek pohany diýen hanyñ zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklap öldürýär.

Baýram Hanyñ diñe bir sany goşgylar ýygyndasy ele salnypdyr, şonda onuñ pars dilinde ýazan goşgularnyñ 1216 setiri,Türkmen dilinde 718 setiri ýerleşdirlipdir.

Onuñ Türkmen dilindäki goşgularynda geçmişde Türkmen, Özbek, Gazak, Gyrgyz, Garagalpak halklar üçin ortalyk bolan Nagataý diliniñ täsiri duýulýar.

Ulanan esasy goşgy formalary gazal hem rubagydyr. Goşgularyñ agramly bölegi söýgi hakda,galanlary harby gahramançylyk we aýry-aýry şahslary taryp edýän şygyrlardyr.

Baýram Han özüniñ döredijiligi ýadawsyz tagallasy bilen orta Asiýa,Owganistan,Horasan,Eýran Hindustan ýaly gadymy gündogar ýürtlerinde halklaryñ medeni hyzmatdaşlygynyñ ösmeginde hem-de olaryñ özara dostlygynyñ pugtalanylmagynda ägirt uly rol oýnan şahysdyr.