Çopan kir

Halk içinde Çopan kir ady bilen giñden tanalýan,uatmyşyñ matr tiresinden bolan Ulugberdi tagan gazan ogly 19nji asyryñ başlarynda,häzirki Garadaşaýak diýilip atlandyrylýan Aşgabat etrabynyñ “ TSSR-iñ 40 ýyllyk “ kolhozynda dünýä inipdir diýilip çaklanylýar.

Çopan kiriñ (Ulugberdiniñ) añyrsy şol döwürde belli şahsiýet bolan Garaja batyrdan gaýdýar.Garaja batyrdan Akmyrat batyr,ondanam Çopan kiriñ kakasy Tagan gazan gaýdýar.Tagan gazandanam Atamyrat,Saryhan, Ulugberdi(Çopan kir ),Suhanguly(alamana gidende serdar hökmünde iki paý alýanlygy üçin oña il arasynda “Paýly” hem diýen ekenler ),Nepes,Göle(Çopan kir baradaky olaryñ in kiçi dogany Göleden gaýdýar) dagy önüpdir.

Ejesi—Oguldöwlet.Çopan kiriñ birinji aýaly Bokurdak tiresinden Garsak,diýen şahasyndan ( ady belli däl) .

Ikinji ayaly – Mäser.Mäseriñ ejesi gyrnak bolan.

Birinji aýalyndan Annamuhammet diýen bir ogul bolýar.Ýöne ol 14ýaşynda ýüregi ýarylyp ölýär.Ikinji aýalyndan Mämet batyr dogulýar,Mämet batyryñ ogly Ýazmuhammet batyr, Ýazmuhammet batyryñ ogullary Meret bilen Durdy häzir bäherden sebitlerinde ýaşaýar.Çopan kir ömrüniñ agramly bölegini Bäherden,Arçman sebitlerinde geçirensoñ , ondan nyşan hökmünde gadymy Arçman obasynda “ Çopan haýat “ diýen ýer ady galypdyr.

Şeýle hem degirmen dagynyñ ileri ýüzünde “ Çopan süren “ diýilýän din saklanyp galypdyr.Şonuñ ýaly-da Bäherdende “ Çopan kärizi “ diýilen kärizler bar.

Çopan kir öz ýaşan döwründe il-ulusynyñ ar-namysy,ýürt abadançylygy ugrunda göreşip,hemişe halkyñ goragynda bolup gelipdir.Aýdyşlaryna görä, Çopan kir ata çykyp,owazasy il içinde ýaýrap ugrandan soñ,Türkmenler içden –daşdan salynýan salgytdan azat bolupdyrlar.Muny halk içinde şeýle bir rowaýata ýakyn gürrüñ bilenem esaslandyrýarlar.

Çopan kir gijelerine şöwür çekmegi,aw awlamagy öte gowy görer eken.ynha,onsoñ,günlerde bir gün ol obadan Birnäçe gün ýitirim bolup,awdan dolanyp gelse,Hiwa hanyñ dikmeleriniñ birküç sanysy obadan salgyt ýygnap ýör diýýär. Çopan kirem muny görüp,gany depesine urýar-da,olardan : “ siz kim üçin salgyt ýygnaýarsyñyz ? “

Diýip soraýar.Dikmelerem salgydyñ Hiwa hanyñkydygyny aýdýarlar.Onda Çopan kirem : Alan zatlaryñyzy gylyny gyşartman goýuñda, özüñizem jähennem boluñ.Hanyñyza-da baryp aýdyñ ,öwrülip Ahal etrabyna aýagyny sekäýse.edil gyzyny ýandyraryn “ diýýär.

Dikmeler elem-tas bolup baryşlaryna hana ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly aýdyp berýärler. Çopan kiriñ öñem owazasyny eşidip ýörensoñ,han onuñ näjüre adamdygyny görermen bolup,derrew Tekelere çapar ýollaýar.Hanyñ çakylygyna öñdenem garaşyp ýatan Tekeler çapar barandan,han çakylygyna üç bolup gidermen bolýarlar. Olaryñ birinjis-hä Baýly şahyr,ikinjisi Hanmämet atalyk,üçünji edibem Çopan kirii bermegi müýessa bilýärler.

Ýolda Çopan kir ýoldaşlaryna : “ sag-aman hanyñ ýanyna girip bilseg-ä bize ölüm ýok.Ýöne ýolda bir zat etselerem, kysmatdakyny görübereris “ diýip,düýdürýär.Hanam öz gezeginde ,ýanyndaky sypaýylaryna : “ men Tekeleriñ rejesini oñaryp gördüm-ä bolarly bolsa , “ çaý-çörek bilen hezzetläñ “ diýerin,onda zat diýmäñ,bolmasa-da “sylag-serpaý ediñ “ diýerin.Şonda geliñ-de kellelerini eglemän alyñ “ diýip sargaýar.

Kesearkaçdan baranlar hana salam berip,köşge girýärler welin,han olara oturmagy mürehet edýär.Şonda Çopan kir göny hanyñ gaşyna baryp,gylyjynyñ baljagyny çalarak ýazdyrýar-da ,onuñ budyndan ebşitläp tutup,göni gyragyna ser edip oturberýär.Ine,onsoñ,bular ondan-mundan gürrüñ eden bolup,iñ soñunda gürrüñ şol salgytly meselä syrygdyrýarlar,Şonda han Çopanyñ “ gyzyñy nädeýin “ diýenini ýatlap : “ hany,Tekäniñ içinde bize giew bolanam bar diýidiler-de ,giew haýsyñyz bolýarsyñyz? “ diýýär. Çopan kirem ýene çalaja gylyjynyñ baljagyny ýokarrak galdyrýar-da : “ han şol giew-ä biz bolmaly “ diýýär.Han görse,Çopanyñ rejesi geñ däl diýýär.sähel bir eýleñ-beýlelik bolsa,ýeke patyñy bermäni eşekden palan alança-da görjek däl.Şonuñ üçinem ol sypaýlaryna :

“ çaý-çörek bilen hezzetläñ  “ diýip aýdýar.

Netijede han gepde – sözde basylansoñ Ahal myhmanlaryny hezzetläp izyna ugradýar.Bu bolşy gören köşk emeldarlary : “ A-how,han aga,bu nätdigiñ boldy?sen,näme ol başbilmez Tekeleri serpaý ýapmaga çagyrypdyñmy? “ diýýärler.onda hanam : “ Olaryñ bir-ä( Baýly şahyr) iki dünýäniñem hasabyny okumyş adam.onuñ üçin ol dünýe,bu dünýe müşgil zady ýok.Ikinjisem (Hanmämmet atalyk) bir dilli tüýdük.Onuñ sözünde-de hiç hilli hata-da ýok ,bihal zadam.Göni başyny alaýmasañ ,gepleşseñ-ä,onda-da o dünýe,bu dünýe ölüm ýok.Üçünjisem bir tulum gan.onuñam haçan ýaryljagy belli däl.Bardy-geldi ýarylaýsa-da,ilkinji gan meniñ üstüme syçyrajak.onsoñ men ölenimden soñam,näme bolmady näme “ diýen.Ýöne onda-da hanyñ emeldarlary : “ ýok ,beýdip,ol gär Tekeleri aman sypdyrp bolmaz.Häzir olary şeýdip sypdyryp göýbersek,olaryñ dişinde et galar,onsoñ olar öz ýüwürdindäkä giew bolýan bolsalar,indi gelip giew bolmanam ýaltanmazlar “ diýýärler.Onda hanam : “ O zeýilli bolsa özüñiz görüñ “ diýýär.

Ýöne Çopan kir dagam hanyñ bu piriminden habarly  bolansoñlar,öñki gaýdýan ýollaryny üýtgedip,başga ýol bilen sag-aman Türkmen iline gowuşýarlar.Aýdyşlaryna görä,şondan soñ Hiwa hany çopanyñ demi düşýän ýere Salgyt salmandyr diýýärler.

Şeýle hem Çopan kir ençeme söweşlere gatnaşyp,öz ýürekliligi hemem dogumlylygy bilen il içinde “ Dogumda Tekäniñ soñky sarkyndasy “ diýen bahany hem alypdyr.

Çopan kiriñ başga-da il-ulusy üçin gylyç dişlänligi hakynda aýdylýan gürrüñler juda köp.Munuñ hakykatdanam Şeýledigi Adystdar kazynyñ „ Jeñnamasynda „ hem şeýle setirler bilen taryp edilýär :

Sag ýanyndan gelip Çopan kir hanyñ

Aždar dek demine dartar duşmanyn

Çopan kir galasynyñ synmazynyñ öñsyrasy Germaw galasynda duşman elinden dünýeden gaýdypdyr diýilip çaklanylýar.Bu babatda il içinde şeýle gürrüñem bar.

Çopan agyr ýaradan hem-de ogly Annamuhammediñ ölüminden soñ , uzak wagtlap aýlanyp bilmän gezýär.

Birnäçe wagtlap sus bolup gezenden soñ,bir gün Germaw galasyna sary alamana gidermen bolup,ýola çykýarlar welin,onuñ aty ömründe etmeýänini edip,düz ýerde büdräýýär.Çopanyñ şonda bir hilli göwnüne gümän gidýär Emma onda-da töweregine syr bermän,atyny sürüberýär welin,gara daglaryñ derreleriniñ arasynda Nepesdurdy Işak diýilýän bir agzy dogaly,halatly adam onuñ ýoluny kesip : „ Batyr,sen şu gün ýoluñdan gaýt,men ötenagş-

am erbet düýş gördüm „ diýýär.Onda çopan kirem : „ Işan aga,ajal bilen sebäbiñ arasy näçe bolýar? „diýýär.

O-da : Bolaýsa , bir aý kyrk gün bolar „ diýip ,jogap berýär.Onda Çopanam : „ Meniññem şu gün süññüm bir zat syzýan ýaly.ajaldan gaçyp,gutulup bolmaz.Goý,hamana,şol kyrk günem bolmadyk eken-dä „ diýip atyny öñe sürüberýär.

Düýş hakykatdanam oraşan çykýar.Şol söweşde Çopan dagynyñ edeni tersine bolýar.soña baka bilmezdenmi ýa ozal hudaýyñ buýrugymy-nämemi olar bir-birini sanjyp ugraýarlar.Netijede ,şo gezek Germaw galasyna alamana gidenleriñ içinden ýalñyz bir adam izyna dolanýar.

Şeýdibem,Çopanyñ mazary gara daglaryñ arasynda galýar.onuñ öz topragynda bolsa mazaryna derek il içinde bir bent goşgy ýaýraýar :

 Çopan batyr halkyñ hany

Germawda döküldi gany

Köp gyryldy adam sany

…………………………..?

Şol gün haýsy aýam bolsa ,bir aýyñ 21-i eken.Şondan bärem il-ulusy şo güni- Çopan çapylan güni,bisähet gün diýip,öz ýatlarynda berk saklap,şol gün hiç bir zady nekirt etmeýärler.Häzirem Çopan kiriñ nebereleri şo däbi pugta saklap ýöredip gelýärler.