Eziz han

1919nji ýylyñ ýazynda akgwardiýaçylar Eziz han Çapyk ogluny atmak üçin Krasnowodskiniñ gyrak çetine çykarýarlar. „ Ýüregimden atyñ ! – ol barmagy bilen kükregini görkezýär hem-de : -- ýöne musulmançylyga laýyk jaýlañ diýip,han olardan towakga edýär.Eziz han özüni şeýle mert alyp barşyna hatda onuñ jellatlary-da haýran galýarlar. Eziz han kim bolupdyr?Ol okuw kitaplarynda,edebi eserlerde,kinoda,teatrda häzirki döwre çenli „ Galtaman „Milletçi „,öz halkynyñ duşmany hökmünde düşündirilip gelindi.Dogry,ol öz ýaşan zamanasy ýaly gapma-garşy-lykly şahsiýetdi. „ Kim biziñ bilen bolmasa,onda ol bize garşydyr „diýen ýörelgä eýerleýän ýowuz döwrüñ perzendidi.

Çapyk(Gurbanmämmrt) serdaryñ ogly Eziz 1887nji ýylda Ahalyñ Herrikgala obasynda dogulýar.

Çapyk serdar utamyş tiresiniñ bagşy-miriş taýpasyndan bolup,alamançylaryñ ýolbaşçy hökmünde tanalypdyr.Eziz hanyñ atasy Nepes kuwwat hem ýaşlyk döwründe alamançylyk edipdir.Hatda,ol üç ýyllap gyzylbaşlarda ýesirlikde hem bolupdyr.Eziz hanyñ kakasy bilen atasy Gökdepe galasynyñ goralyşyna aktiw gatnaşypdyrlar.

Çapyk serdar kellesindäki we ýüzündäki alty sany ýara iziniñ ikisini Gökdepe urşunda alypdyr.Garyp düşen Çapyk serdar 1917nji ýylda aýaly Ogulgerek,ogullary Salyh,Kasymguly hem-de Eziz bilen bilelikde Ahalyñ Tejeniñ Agalañ obasyna göçüp barýar we daýhançylyk bilen meşgul bolýar.

Birinji jahan urşunda Türkmenleri goşuna çagyrmadyk Patyşah hökümeti birdenkä erkek adamlary tyl işlerini çekmek barada perman berýär.Tejeniñ daýhanlary mirap Eziz çapygyñ başda durmagynda päleçilik üçin toplanylan adamlaryñ ugradylmagynda päsgelçilik berpdirler, ýaragly toplañ turzupdyrlar. Hökümet topalañy basyp ýatyrmak üçin olaryñ üstüne jeza beriji oterýady sürýär.Eziz han özüniñ has wepaly adamlary bilen birlikde ilki Tejeniñ aşak tarapynda gizlenýär,soñ bolsa Eýrana ,ondan hem Owganistana gidýär.Fewral rewoýusiýasyndan soñ Eziz han Tejene gaýdyp gelýär. Türküstaniñ ähli ýerinde bolşy ýaly bu ýerde hem iki häkimistanlyk höküm sürýärdi.

Garagçylyk,ogurlyk barha artardy,açlyk abanyp gelýärdi Tire aksakgallary,Mollalar,Baýlar,daýhanlar Tejen ilatynyñ geñeşinde Eziz handan nökerlere ýolbaşçylyk etmegi haýyş edýärler.Jemi 50sany atly nöker oña tabşyrylýar.Eziz han tiz wagtda talañçylygyñ tepbidin okap,baýlaryñ artykmaç gallasyny elinden alyp,daýhanlara paýlaýar.Garamaýak halk şundan soñ Eziz hanyñ töwerigine has pugta jebisleşip başlaýar.Halk Eziz hany Tejen deputatlar soweti bilen goşulyşan wolos ýerine ýetiriji komitetiniñ başlyklygyna ham saýlaýar.

Oktiýabrdan soñ Eziz han sowetleriñ tarapyna geçýär.Sowetler Eziz hanyñ nökerlerini ýaraglandyrandan soñ, olaryñ bir bölegini Türküstan hökümetini goramak üçiñ Daşkende,beýleki bölegi bolsa A.I.Dutowyñ Ak kazaklaryna garşy söweşmek üçin fronta iberýärler.

1918nji ýylyñ iýulynda Zakaspy es-erleriñ we menşewikleriñ pitnesi bolup,ol Sowet häkimiýetiniñ ýykylmagyna we Türkmenistanyñ Inglis interwenleri tarapyndan eýelenilmegine getiripdir.Şol iýul günlerinde Eziz hanyñ fronta we Daşkende iberilen nökerleri ýaragsyzlandyrypdyr. Komissarlarda ynamsyzlyk hem şübhe döreden pitne,  Türkmen jigitleriniñ Türküstan hökümetiniñ gullugynda bolup-bolmazlygyñ ykbalyny çözen bolmaga çemeli.

Özüne edilen bu ynamsyzlygyñ Eziz hanyñ Sowet häkimiýetine bolan gatnaşygyna täsir etmän durmajakdygy tebigi zatdyr.Şeýlelikde,Eziz han pitneçileriñ tarapyna geçýär we milli akgwardiýaçy güýçleriñ Oraz serdaryñ ýolbaşçylygynda gulluk edýär.

Ýöne ol hiç kimiñ buýrugyny ýerine ýetirmeýär, hiç kime boýun synmaýar.

Oraz serdaryñ ilatyñ gallasyny hem beýleki azyk önümlerini alýandygyny göz ýetirenden soñ,Eziz han onuñbilen tersleşip,ol nökerlerini akgwardiýaçylaryñ bolýan ýerinden aýyrýar we Agalaña çekilýär.Şol ýerde onuñ öñden tygşytlap goýan ep-esli bugdaýy bar eken.

Bu iki serdaryñ arasyndaky jetligiñ soñunyñ duşmanlyga ýazmagyñ düýp sebäbi häkimiýet ugrundaky göreşdi.

Tejen hem Mary oazisinde öz hanlygyny döretmäge çalyşýan Eziz han Türkmen topragyna hökümdar bolmagynyñ arzuw edip ýören Oraz serdaryñ garamagynda gulluk etmek islemändir.

Eziz han Tejen oazisinde öz häkimiýetini berkarar edenden soñ,häkimiýetleriñ buýruglaryna garamazdan, Tejenden galla äkidilmegini gadagan edipdir.Salgyt hem gümrük ýygymny ýygnapdyr, geljekki hasylyñ aladasy- ny edip ekiş,gazy-hasar işleri bilen meşgullanypdyr.

Tejenleriñ adamçylyk mertebesini özçe goramagy başarypdyr, gerek bolanda juda zabun daramakdan hem gaýtmandyr.Eziz han ýerli baýlardan duşmanlaryñ köpüsini tussag edipdir.Olaryñ birnäçesini öldüripdir,birnäçesini hununy talap edipdir.Tejen hanynyñ „ eden-etdiligi „ hökümetiñ we aklar armiýasynyñ başlyklaryny gaty gaharyny getiripdir.Emma Eziz han her näme-de bolsa öz ýolundan dänmändir.Ol gallany öz halky üçin gorap saklamakda örän tutanýerlilik görkezipdir.Hatda Agalañy basyp almak üçin ilki Gyzyllaryñ soñra aklaryñ çozuşyndaky ýaly gandöküşikler hem ony raýyndan gaýtaryp bilmändir.

Daýhanlaryñ serdary hökmünde ykrar edilen Eziz hanyñ kakabaşlygyna,hüý-häsiýetine düşünmek hem-de onuñ edýän hereketlerini düşündirmek üçin Türkmen halkynyñ geçmiş taryhyny oñat bilmek gerek.Onuñ ýaşan döwrü- nde heniz patyşah goşunlarynyñ basabalyjylykly çozuşlary netijesinde Gökdepede dökülen nähak ganlar halkyñ añyndan çykyşmandy.

Eziz han Türkmenleriñ 1916nji ýyldaky gozgalañyny patyşah goşunlarynyñ gana gark edenini gözi bilen görüpdi. Koloniýal systeme sezawar edilen Türkmen daýhanlarynyñ añynda Russlaryñ hemmesine bolan ynamsyzlyk pugta ornaşypdy,her bir Russ adamsyna eziji hökmünde garalýardy.Şonuñ bilen birlikde wekilleriniñ agramly bölegi köne endik boýunça Türkmenlere ynam etmeýän ýa-da olara ulumsylyk bilen garaýan Russlardan ybarat bolan Sowet häkimiýetine hem Eziz hanyñ nä derejede ynanyndygyny aýtmak kyn.

Eziz han bir zada anyk göz ýetiripdir ; Sowetleriñ barlygynda oña hanlyk ýetdirjek däldi.Dogry,Aşgabat hökümeti Eziz hanyñ halk arasyndaky abraýynyñ uludygyny göz öñune tutup,ilkibadalar oña päsgel bermän,gaýtan ýalyñjañlyk hem edipdi. Elbetde,“ ýeke-täk we bitewi Russiýanyñ „ dikeldilmegi hakyndaky monarhyk ideýany kalbyna besleýän A.I Denikin hem Zakaspynyñ „ özbaşdakdan soñ,Eziz han her nämede bolsa,Sowetleriñ tarapyna geçmegi dogry tapýar we öz maksadyny Sowet häkimiýetine ýetirmek üçin ýörite adam iberýär.Ýöne ol gijä galypdy – Eziz hanyñ takdyry eýýäm çözülipdi. Akgwardiýaçylar Inglisleriñ ýanyndan kömek etmekleri netijesinde Eziz hany tussag edýärler hem-de ony „ Galtaman „ hökmünde garalap atýarlar.

Eziz han şahsy durmuşynda nähilli adam bolupdyr ? Ol dine ynanýan adam hökmünde ähli dini däp-dessurlary pugta berjaý edipdir, arakdan,neşeden arassa bolupdyr.Onuñ dört sany aýaly bolup,şolardan başga göz gyzdyr- mandyr.Birinji aýaly Orazdursun Hajymuhammet atly ogluny dogurup,ýaş üstünden ýogalypdyr.Ikinji aýaly ogul- näzik bolsa agasy kasymguly ölenden soñ oña dakylypdyr.

Ondan ogulabat gyz,hem Eziz han ýogalandan dört aý geçensoñ,Döwranmuhammet atly ogul bolýar. Daýhanlar serdary nähak atylyp öldürlenden soñ ýarym ýyl geçen soñ bolsa üçünji aýaly Aýnabatdan Amanmuhammet (Hummat ) dünýä inýär.Tussag edilmeziniñ öñ ýanynda öýlenen asly maryly iñ ýaş – dördünji aýaly näzikden bolsa nesil galmandyr.

Serdar ölenden soñ Eziz hanyñ agasy Salyh Aknäzigi Mara – atasy öýne äkidipdir.1937nji ýylyñ tutha-tutlygy Eziz hanyñ çagalaryndan,hatda onuñ doganlarynyñ agtyklaryndan hem sowlup geçmändir. Serdaryñ ogullarynyñ üçüside ýedi ýaşyndaka gören kakasynyñ keşbi çala ýadyna düşýän Hajymuhamet-de, hatda kakasyny görmedik,ol ýogalandan soñ dünýä inen Döwranmuhammetdir,Amanmuhammetde(Hummat) gözenegiñ añrysyna düşmeli boldy.Hajymuhammet bilen Amanmuhammet on ýyla ýakyn tussaklykda bolup,sag-aman öýlerine dolanyp gelipdirler.

Eziz hanyñ agasy Salyh çapyk hem öz gyzy Amangözel(ýazyjy Baba japarowyñ aýaly)bilen birlikde sürgün edilýär we şol ýerde ýogalýar.

Takdyr diñe Eziz hanyñ ýany-ýañylara çenli Aşgabat etrapynyñ „ Akdaşaýak „ (öñki sosýalizim) kolhozynda ýaşan ýalñyz gyzy Ogulabady tutha-tutlykdan aman saklapdyr.

Muña-da onuñ durmuşa çykyp familiýasyny ütgetmegi sebäp bolupdyr.Eziz hanyñ iñ kiçi ogly Amanmuhammet ( Hummat) häzir owadandepede sag-aman ýasap ýör.

Häzir Eziz hanyñ agtyk-çowlyklary dogduk obasy Herrikgalada ýasmansalyk obasynda,Aşgabatda we Türkmenistaniñ beýleki ýerlerinde ýaşaýarla.