Garaoglan Han

 

Garaoglan Han 19nji asryñ birinji ýarymynda Ahal-da ýaşap geçen ady belli Hanlaryñ biridir.Ol häzirki Aşgabat etrapynyñ obalarnyñ birinde dogulýar.Tekeleriñ Togtamyş-wekil-ak wekil,garaýörme-onbegi tiresinden bolup, onuñ atasyna Baba onbegi diýlipdir. Baba onbegi öz döwrünin gurpli,sözy diñlenýän adamlarnyñ biri bolupdyr.

Garaoglan Han bilen Nurberdi Han Anan onbegiñ neslinden bolansoñ,olar babadaşdyr.Şonuñ üçin Nurberdi garaoglan Hanyñ hem asda-kände terbiýesini alypdyr. Garaoglan Han ýañy adygyp ugran Nurberdiniñ ýaşdygyna garamazdan,birnäçe meselelerde onuñ bilen geñeşipdir we maslahatyna eýeripdir.

 Garaoglan Han ýaşlykdan gözsüz batyrlygy,edermenligi bilenTapawotlanýar.

Ol şarlawuk,Teke gyrlan,bendesen ,gireý gyrgynlagy(Gyzylarbat urşy)ýaly ençeme söweşlere ýolbaşçylyk edipdir.1728nji ýylda Eýran Şahsy Tekeleri we Ýemreleri durandan Horasana göçürýär.Durana bolsa öz Dikmesini goýýar.19nji asryñ ortalarynda Tekeler bilen Ýemreliler birigip,Durany eýelemek üçin üç ýyllap söweşýärler.Bu söweşe Garaoglan Han baştutanlyk edip,uly ýeñiş gazanýar.Şondan soñ onuñ at-awazy bütün ahala dolýar.

Ol Oraz Han,Gowşut Han bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar.

 1846nji ýyylda Horasanly Salyr Hanyñ Eýran Şahsyna garşy eden gozgalañyna öz goşunlary bilen kömege barýar.Salyr Han Maşhat Şährini eýelemek ugrundaky söweşlerine hem gatnaşýar .Döwürdeşleri Mollanepes Ýagmyr şahyr dagy öz goşgularynda Garaoglan Hanyñ edermenligini we adalatlylygyny köp taryplapdyrlar.Ýagmyr şahyryñ bir goşgusynda oña degişli şeýle setirler bar: 

Dostlar Kesearkaçda bir är döräpdir

Akly dänä,kämil käri Garaoglan .

Hak döwlet berendir bagty ýöräpdir

Tekeler iliniñ Hany Garaoglan

 Garaoglan Hanyñ aradan çykan ýyly anyk belli däl,ýöne taryhy çeşmelerniñ maglumatlaryna görä,1855-1856nji ýyllar bolmagy mümkin. Başga bir maglumatlara görä,1854nji ýylda Garaoglan Han Gowşut Handan öýkeläp giden Hojamşüküriñ jan penasy bolýar.Şonda Hojamşüküriñ yzyndan gelen töwellaçylaryñ arasynda Garaoglan Hanyñ öçlüsi Guwwat ýirik hem bar eken.Şol eýede ol Garaoglan Hany atyp öldürýär. Garaoglan Han Mary bilen Tejen aralygyndaky jojukly demir ýol duralgysynyñ günbatarynda jaýlanypdyr. Garaoglan Hanyñ ogly Öweznep- es serdaryñ nesilleri häzir aşgabat etrapynda Gämi obasynda ýaşaýar.

 Garaoglan Han ýürdi kese eýrli basybaljylardan goramakda köp işleri bitiripdir,ol garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan,hemmelere deñ göz bilen garap,ýürdi adalatly dolandyrmaga çalyşypdyr.