Hajymuhammet han  

Hajymuhammet han (Hajym han) 1520nji ýylda Köneürgenç etrabynda eneden bolýar.Ol arakesmeler bilen 1558-1602nji ýyllarda Horezemde Hanlyk edýär.Inglis syýahatçysy A.Ženkinson ony “Türkmenleriñ patyşahsy “ diýip atlandyrypdyr.

Hajymuhammet han ilki Wezirde(Döwkesende), 1565nji ýylda Ali soltan ölenden soñ,Ürgençde(Köneürgenç) ýürdi dolandyrýar.Ol 1592nji ýylda Nusaýy we Durany basyp alýar.Ýöne köp wagt geçmänkä Buhara hany Abdylla II (1588-1597nji ýyllarda Hanlyk eden) Horezme we Horasana ýöriş edýär.Şeýlelikde,Hajymuhammet han Eýrana gaçmaga mejbur bolýar.

1595nji ýylda ol Şa Apbasyñ huzuryna barýar.Şa Apbasyñ Horasana eden ýörişinden peýdalanyp, Horezmi gaýdyp almagyñ hyýalyna düşýär , ogullary Arapmuhammedi we Muhammetgulyny alyp Türkmenleriñ arasynda gelýär.

Olara Kürendagyñ Tekelerinden  we Ýumutlaryndan 50-60 adam,Uzboýuñ Ärsary Türkmenlerinden600 adam goşulaýar.Hajymuhammet han şolara daýanyp,Buharalary Horezemden kowup çykarýar.Ol bu ýerde uzak saklanyp bilmändir, sebäbi Horezmi basyp alanlaryndan soñ, Türkmenleriñ tas hemmesi diýen ýaly yzlaryna gaýdýarlar.

Bu ýagdaýy duýan Abdylla han Hajymuhammet hanyñ doganynyñ ogly Baba soltany öldürýär. Hajymuhammet han ogly Arapmuhammet bilen Eýrana gaçýar.Onuñ ikinji ogly Muhammetguly bolsa ilki Maññytlaryñ soñra Russlaryñ arasyna barýar we Boris godnowiñ Krym tatarlarynyñ üstüne eden ýörişine gatnaşýar,Hajymuhammet han diñe Abdylla han we onuñ ogly ölenden soñ,1598nji ýylda Horezme ymykly ornaşýar.

Ol 1602nji ýylda aradan çykýar.Şondan soñ Horezmi onuñ ogly Arapmuhammet dolandyryp ugraýar.