Kyýat han

Kümüşdepede ýa-da Esengulyda,takminan,1754nji ýylda eneden dogulýar.Kaspi deñiziniñ kenarýakasyndaky

Türkmenleriñ hany,oña Kyýat beg,Gyýat beg,Kyýas beg hem diýilyär.

Kyýat hanyñ ömrüniñ irki döwri barada maglumatlar mälim däl.Ol garamaýak halkdan saýlanyp çykan demirçi ussanyñ ogly.Özi hem ussaçylyk bilen meşgullanypdyr.ýaşap geçen ýerleri Kümüşdepe,Esenguly, Çeleken etraplarydyr.Kyýat hanyñ Ýagşymämet (Ýagşymuhammet),kadyrmämet atly ogullary bolupdyr.Onuñ ady ilkinji gezek 1813nji ýylda peýda bolýar.Etrek Gürgen Türkmenleri şol ýyl Fatali şanyn garşysyna uly gozgalañ turuz- ýarlar we Patyşah Russiýasynyñ Russiýa-Eýran urşuna gatnaşýan kafkazdaky goşunlary bilen gatnaşyk açýarlar .

Russiýa-Eýran uruşy gutaryp,Gülüstan şertnamasyna gol çekilende,Kyýat han öz egindeşleri bilen şol ýerde -di .Kyýat han özünñ ýakyn adamlary bilen wekil hökmünde geplesik geçirmek üçin Kafkaza iberilýär.

Şondan soñra onuñ ady taryhy meşhurlyk gazanýar.Ol Türkmenlerniñ Russiýa raýatlygyna geçmeginiñ tarapdary bolup çykyş edýär.Astrahan,Baku we Eýran bilen söwdany ýaýbañlandyryp,uly baýlyk gazanyp,kenarýaka Türkmenlerniñ hanyna öwürilýär.

Kyýat han 1819-21nji ýyllarda M.I.Ponomarýowiñ we N.N.Marawýowiñ,1836nji ýyllarda G.S.Karaliniñ ekspediýalaryna köp ýardam berendigi ,Teblisdäki Kafkaz dikmelriniñ ýanyna ençeme gezek baryp,Russiýanyñ raýatlygyna geçmek barada tagalla edendigi,Patyşah Russiýasynyñ öñünde beýleki bitiren hyzmatlary üçin Medal,gymmat bahaly sogatlar bilen sylaglanýar.

19nji asryñ 20-30nji ýyllarynda Kyýat han we onuñ ogullary Astrabat,Mazandyran,Gilan bilen Bakunyñ,Astrahan arasynda deñiz ýollary arkaly bolup geçýän söwda gatnaşyklarynda esasy täjirleriñ birine öwrülip,barlyşyksyz bäsdeşlik göreşine gatnaşýar.Şol söwda bäsdeşligi ýaramaz netijeler getirýär.Kyýat hanyñ söwdasy bolaşýar.

Deñizde we kenarda alamançylyk,Talañçylyk güýçlenýär,täjirler öldürilýär.Şeýlelik bilen,Russiýa-Eýran gatnaşyklary ýitileşýär.Bu gapma-garşylyklaryñ ýitileşmeginiñ esasy sebäbi şol döwürde,el degirilmedik baýlyklaryñ ummasyz zapaslarynyñ barlygydyr.

Bu baýlyklara eýe bolmak üçin bir tarapdan Russiýa,beýleki tarapdan Eýran bilen kyýat hanyñ arasynda barlyşyksyz göreş başlanýar.

Bu göreşde kyýat hanyñ garşysyna has duşmançylykly hereketi asly Eýranly,ýöne söwda bähbitleri üçin Rus raýatyna geçip,Masihi dini kabul eden Mir bagyrof amala aşyrýardy.Onuñ maksady şu söwda ýolundan kyýat hany aýyrmakdy,ony ýok etmekdi.

Wagtyñ geçmegi bilen kyýat han we onuñ ogullary hakykatdanam hem söwda meýdanyndaky bäsdeşligiñ pidasi bolýar.

Şowsyzlyklara garamazdan,Kyýat han kenar ýakasynda ýaşaýan Türkmenlerniñ Eýran şalarynyñ zülüminden azat bolmagy üçin Russiýa raýtlygynyñ geçmek ugrunda göreşýär.Muña uzak wagtlap baştutanlyk edýär.

Bu hereket Russiýa-Eýran uruşy tamamlanandan soñ has hem giñ gerim alýar.Patyşah hökümeti kyýat hanyñ haýyşy boýunça kenarýaka Türkmenlere azar bermezligi telim gezek Eýran hökümetine düýdüryar.

1836nji ýylda günbatar Türkmenistany öwrenmek bahanasy bilen,G.S.Kareliniñ ýolbaşçylygynda ýörite Rus ekspediýasy gelýär.Kyýat han we kenar ýakasyndaky Türkmenler ekspedisiýany gowy garşylap;oña kömek edýärler.Şol ýylyñ iýulynda Esengulyda bütün Etrk-gürgen ýumutlarynyñ uly geñeşi bolup geçýär.Bu geñeşiñ guramaçysy Kyýat handy.

Geñeşe gatnaşan kazylar,Han-Begler Russiýa hökümetiniñ adyna ýüzlenme kabul edip,ony G.S.Kareline gowşurýarlar.20777sany maşgala özleriniñRussiýanyñ raýatlygyna kabul edilmegini haýyş edýär.

1821nji ýylda Kyýat han bir ogluny Teblisdäki aziýalalar üçin açylan gimnaziýa okuwa iberýär.Beýleki ogly Kadyrmämedi we agtyklaryny Teblisiniñ,Sankt-peterburgyñ okuw jaýlarynda okadýar,Terbiýeletýär. Kyýat hanyñ özüniñ ýörite öz adyna ýüzüne atyn suraty çekilen möhri bolupdyr.

1842nji ýylyñ tomsunda Kyýat hanyñ we onuñ ogullarynyñ täleýin ters gelýär.Kenar ýakasyndaky Türkmenleriñ Russiýa bilen ysnaşyp,söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklerini,Russiýanyñ raýatyna geçmek hereketine Kyýat hanyñ we ogullarynyñ ýolbaşçylyk etmegi,Eýrany,hususan-da Muhammed şany ynjalyksyzlandyrýar.

Eýran şu tritoriýany hut öz ýerleri hasap edipdir.Şonuñ üçin hem Şah häkimleriher edip-hesip edip,Kyýat hany we onuñ ogullaryny ýok etmegiñ ýollaryny agtarýarlar.

Gülüstan we Türkmençaý şertnamalary boýunça Eýranyñ Kaspi deñizinde harby flot saklamaga haky ýokdy.

Duz,balyk,nebit satmakda Kyýat hana bäsdeşlik edýän Eýranly söwdägärleriniñ kömegi bilen dildüwşük gurulýar.Russ komandiri E.W.Putýatin 1842nji ýylyñ iýulynda ýagşymämedi (ýagşymuammedy )tussag edýär.

Ýaşynyñ soñunda oglunýñ tussag edilmegi Kyýat hana gaty agyr degýär.Ol 80 ýaşyndan geçen garrylygynyñ göz öñünde tutulmagyny,özüniñ we oglunýn watanyna göýberilmegini haýyş edip,Patyşah hökümetiniñ kafkazdaky häkimi genral P.Golowine arz ýazýar.

Oglunyñ tussag edilmeginde bir düşünişmezlik bolandyr diýip,ol Bakuwa gaýtýar.Alty aýlap Bakuwda garantinede bolýar.Onuñ arza üstüne arzalaryna,haýyşlaryna hiç kim gulak gabartmaýar.Kyýat hanyñ30 ýylyñ dowamynda Russ-Türkmen aragatnaşyklaryny berkitmekde bitiren hyzmatlary hasapa alynmaýar.Oña kömek edäýjek köne tanyşlary genral A.P.Ýermolof we N.N.Murawýof dekabristlar bilen aragatnaşykda bolandyklary üçin Nikolaý 1 gazabyna duçar bolupdyr.

Kyýat han1842nji ýylyñ 12nji dekabrynda Bakuwdan Teblise getirilýär.Kafkaz häkimleriI.Paskowiç,G.W.Pozen Ýaly genrallar ozallar Kyýat hany dabarly garşylap,oña hezzet-hormat edip ýören adamlardy.Ýöne welin bu gezek olar ony zyndana taşlatýarlar.

 Kyýat han Teblisde 1843nji ýylyñ mart aýynyñ ortalarynda ejizläp,iki gözi gapylyp,89 ýaşynyñ içinde zyndanda aradan çykýar.