Keýmir kör 

 

Owazadar bolup älem-jahana                       öz ilinde hökmi ýörän rawana

Eýäminda ganym geldi amana                    Keýmir atly sahipkyran geçipdir.

(Zenuby)

 Türkmen taýpalarynyñ biri bolan Tekeler hem beýleki gowumdaş taýpalar ýaly agyr günleri başyndan geçirýär.

Halk arasynda:

Gökdepe çagyldyr, Tekäniñ jaýy  oýukda,sopuda köp gezer baýy,
Torgaýyñ çömmügi, süntüñ süýrüsi  Bezirgen jülgesi,ýeriñ inresi
Çardagly Çandybil- kämil ýaýlasy   Balkan dag,Garagum- sansyz galasy

 Diýlip Tekeleriñ gadymy kül döken mekanlary barada söhbet açylýar.Bu şygryñ „ Çardagly Çandybil – kämil ýaýlasy „ diýen setirlerinde agzalýan ýerler Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar tarplary,ýagny çarwa we kämil atlary,otluk hem-de suwluk ýaýlary bolmaly,legendar gahramany Görogly begiñ mekany hem şu ýerler bolupdyr.

Teke Türkmenlerniñ elmydama diýen ýaly baş Hanlary (ýöne olar serdar ornunda)we hanlyklary bolup-dyr.Horezim şalary wagtynda-da,ondan öñ hem soñ hem Tekeler Garagumy talañçylardan ,  gelmeşiklerden  gorapdyrlar,özleri hem Gökdepe(Ahal) Tejen,Mary,Balkan,Sarygamyş we Bas sebitlerinde ýaşapdyrlar.

Horezim şalary,Hiwa Hanlary bilen hem merkezi Garagumuñ üstünden Eýran tarapdan,hiç hilli ýagy goýberme- zlik şertnamasy esasynda ýaşapdyrlar.Bu ýagdaý tä Hiwa Hany Mädemin syndyrylýança(1855) saklanypdyr.

 Musulmanlara Çeññizden(Temuçin,Jeññiz)hem on esse ziýat zowal ýetiren Patyşah Teýmirleñ(Teýmir agsak- ölmeziniñ öñsyrasynda Musulmançylygy kabul edýär )Garagum üsti bilenKöneürgenje we Bedirkende geçmekçi bolanda,Aman ahal döwletýar begoglunyñ baştutanlygyndaky Teke Türkmenleri uly uruş edýärler,edil Gökdepe (Gala)uruşundaky ýaly söweşip gyrylýarlar.

Soñra Teýmirleñ ol ýerleri basyp alansoñ,külli Tekäni tüketmek maksady bilen olary Çin serhetdindäki ot-çöp bitmeýän, tozanly, ýel öwsüp ýatan şor ýere-Taklameka-na sürgün edýär.

Tekeler bu kapyryñ gazabyna geriftar bolup,Taklamekanda,Nurgarabaýyr dagynda,Keremende,kelif-uzboýuñ ýakasynda ,Aýtgoýuda(Owganistanda),umuman,dört asra golaý ýürdünden aýraçylykda ýaşaýarlar.

Olar Aýtgoýudakylar 1712nji ýylda Hojanepes batyryñ maşgalasynda bir dogma dünýä inýär.Oña Keýmir (Añlatýan magnysy: Gaýtmaz,Dönmez,Göni,Sowulmaz )diýip at goýýarlar.

Döwletmämet düýegöz Orazmämet ogly şol wagt Tekeleriñ ýaşulusy bolupdyr.Keýmir onuñ terbiýesinde kämil-leşýär.Şirgazy Hanyñ söwer dosry Döwletmämet düýegöz aga Şirgazy handan ygtyýar alyp,1719nji ýylda külli Tekäni Basa göçürip getirýär.Şonda Keýmir ilki öz tireleriniñ,soñ Utamyş urugynyñ serdary,soñam Döwletmä-met düýegöz aganyñ baş serdary,orunbasary ýaly wezipelerde halkyna hyzmat edýär.

Şirgazy hanyñ ölüminden (1728) soñ kada-kanunlaryñ üýtgänligi,şertnamalaryñ bozulonlygy,Basa çekilen aryk-ýaplaryñ gömlüp,suwunyñ kesilendigi hem-de özüniñ gaty garrandygy sebäpli, Döwletmämet düýegöz aga „Öli diýerler ol kişä,ýaş 90 dan aşansoñ“ diýen halk pähimine eýerip,ýasululygy Keýmire tabşyrýar.

Ol Başda durarlyk galmandygy üçin gadymy mekana – Ahal we merkezi GARAGUMA dolanmagy maslahat berýär.Özi bolsa köp wagt geçmänkä şol ýerde aradan çykýar.Emma Ahala gelseler baryp Horezmiñ paýtagty Köneürgençden Hiwa geçmezinden 40-50 ýyl öñ Ýemreli oýundan ýemreliler,Alili oýundan bolsa Alililer Horezm şalary bilen tersleşip,bu ýere gelipdirler we Eýrana raýat bolupdyrlar.

Tekeler bolsa Tejen – üçburç,ýolbarsly sebitlerinde mesgen tutunyp,Damla,Erbent,Kyrkguýy,mamur,Garry çarla, Kürtüş sebitlerinden tä Balkan ýakalaryna çenli ýaýraýarlar.Emma Eýranyñ dikmeleri –Etek galalarynyñ baş hany Ugurly gazak(ýemreliniñ gazak tiresinden),Mary welaýatynyñ baş hany Baýramaly han( Şyga gajarlaryñ hany) we Eýran hanlyklary birleşip,Tekeleri ýenede sürgünli bolan ýerlerine kowmak isleýärler.

Olar Eýran goşunlary bilen goşulşyp çarwa Tekelere gün bermeýärler.ýogsam,şol garyndaş taýpalara Ahal, Tejen, Balkan,Bas sebitlerine çenli muñlerçe ýyllykdaky gadymy gonamçylyklarynyñ ýatandyklary-da aýdylýar.

Emma olar Eýranly zalymlaryñ penjesinde bolandyklary üçin öz garyndaşlarynyñ üstüne ýykgynçylykly çozuş-lar edýärler. Keýmir öz orunbasary Annaseýit wekili(çeltek,ýagly),Amandöş,Esenoglan ýaly serdarlary,Annaöwez(Gyzyl göz, ýalyñaýak) Işabaşyny(goşun serenjamçasy),onbegileri,atalyklary,ynaklary(Geñeşçilerini) çagyryp maslahat geçirýär.

Görogli soltandan(8-9 nji asyr )tä Şirgazy zamanyna çenli 18 sanly baş hanlygyñ gowgaly günlerini,Teýmirleñ bilen bolan çaknaşykda  „ Biz diñe hakdan gorkýarys,Horezim şalary bilen ähtimiz bar , ``Ähtinden dänen,nembez(nesilsyz)bolar `` diýipdirler,şonuñ üçinem sizi garagumuñ üsti bilen goýbermeris….“ Diýip urşundan soñ gepleşik geçiren Teke begi aman hanyñ sözlerini,özüniñ atasy hasabynda,uly iliñ hem sahaba hökmünde gar-ap,hormatly ýasulusy Döwletmämet düýegöz aganyñ  “ biz hiç haçan,hiç kime degmedik,degendenem gaçdyk ýöne ýaý boýy gaçdyk „ …diýip,aýdan nesihetlerini ýatlap Keýmir geçmişini,häzirki we geljekki ýagdaýlaryny paýhas eleginden geçirýär,baryp,Basda oturýarkalar ençeme gezek gaça uruşlar eden duşmany Nedirguly awşaryñ 1730nji ýyllarda Hiwa hanyñkyda tussagdaky özi bilen dostlaşyşy(şol wagtlar Keýmir utamyş urugynyñserdary) , onuñ özüni boşatdyrmak üçin,özlenip ýalbarşy, Döwletmämet düýegöz aganyñ üsti bilen Nedirguli awşary tussaglykdan boşadyşy,onuñ Keýmir bilen eden ähtnamalary,emma Eýrana şah bolansoñ, biwepalyk edip,häli-şindi çapawolçylykly çozuşlar edip durmagy maslahata ýygnanlary oýa batyrdy.

Emma olar hic haçan Eýrana tabyn bolmandyklary we geljekde-de bolmajaklary barada bir çukura tükürip, pekir-lerini çugdamlaýarlar.

Tekeler Balkan eteginde oturanlarynda Eýran leşgerleri ençeme çozuşlae edýär.Olaryñ geljegini añlap, çagalaryny,aýal-gyzlaryny,garrylary kürtüşbaba eltip,izlaryna dolanyp gelip,eden söweşlerinden soñ köp heläkçilik çekip ýeñilen duşmanlaryñ Garagum çölüne çozuşlary azalýar.Emma şol wagt Bejnurt hanyñ baştutanlygynda öz raýaty bolan Ahal arkajyndaky we Etrek galalaryndaky Türkmen taýpalarynyñ mejlis-maslahatlary köpräk çagyrlypdyr.Olar Tekeleri Garagumdan kowup çykarmagyñ kül-külüne düşýärler.

Keýmir kör Garagum çölünde ahyrky gaçybatalga diýip,deñiziñ demirgazak gaýrasynada Ajikölüñ töwereginde bir goluñdaşyna ojar-gum aralaşdyryp berkitme-gala hem gurýar.

Soñ-soñlar onuñ ojarlary çüräp,guma garylyp gidipdir.Olar köp ýerlerde şeýle berkitmeleri gurýarlar.

Bejjnurt hany Kesearkajyñ,Ahal we Etrek galalarynyñ hanlyklary bilen geçirmekçy bolýan uly maslahatyna Garagumda mesgen tutan Teke Türkmenleriñ serdary Keýmiri-de çagyrýar. „ Çagyrlan ýere irinme…..  „ diýen nakyla eýerip,Keýmir hem maslahata barýar.Ýygnakda ençeme düşündüriş we guramçylyk işleri hakynda gürrüñ edilýär .Soñra gala hanlary öz ýagdaýlary barada aýdýarlar. Ahyrsoñy Bejnurt hany Keýmire ýüzlenýär :

-Keýmir Teke,siziñ watanyñyz- ýürdüñiz nirede?

- Han hezretleri,biziñ mekanymyz-ýürdümiz Garagum çölüdir.

-Onuñ belli orunlary –şähirleri haýsy?

-Belli orunlarymyz-şähirlerimiz: Kürtüş,Zäkli,Üñüz,erbent,Garryçyrla,üçbürç,ýolbarsly,Damla hem beýleki ownuk şähirlerdir.

-Galalaryñyz haýsylar bolar ?

-galalarymyz Galtakgala,Hatapgala,Akjagala,Gyzylja gala,Çeltekgala,Şeýtangala hem başgalar Han aga!

Keýmir sözüniñ üstüne ýetirip,Garagum çölüniñ giñdigini,onuñ bir ýanynyñ Hiwa,ýene bir ýanynyñ Buhara emirligi,beýleki bir tarapynyñ Mañgyşlak bolup,tä Gazak ýürdüna çenlidigini,uzyn tarapynyñam Eýran şalarynyñ ýürdidygy hakynda aýdýar.—Şol aralykda biziñ ilimiz çarwaçylyk-maldarçylyk bilen meşgullanyp,mallarymyzy, mal önümlerimizi goñşy welaýatlara eltip,Galla we beýleki harytlara çalyşýarys.Biz hiç hilli şalyga,hanlyga-häkimiýete garaşly däl,öz ygtyýarymyzda,özümizi özümiz dolandyrýarys,hiç kime zyýan bermeýäris,gaýtam ýagşylyk edýäris,ýalañçylyk,erbetçylyk bolsa iñ ýigrenýän zadymyzdyr, han aga! – diýýär.

Keýmiriñ batyrgaý sözlerini diñläp,ugurli gazak äsgermezlik etjek bolýar :

-- Keýmir kör,bize argyşa gelen Tekeleriñizden habaryñyz barmy?biz olary horlap,aýallaryny-da basgylandyk diýende, Keýmir kör tarsa ýerinden turup,gazap bilen ugurli gazaga(Hana) iýiti nazaryny dikýär-de,başyndaky telpegini ýere patladyp urup,onuñ üstünde lampa oturýar.Onuñ bu hereketini synlap Bejnurt hany ugurly hana garap : „ Kör Tekäniñ telpeginiñ üstünde oturmagynda bir gep bar „ diýen. Soñra ol Keýmire garap:

- Seniñ näme aýtjak zadyñ bar,belki ýatdan çykaransyñ,ýene-de aýtjak zadyñ bolsa aýt? – diýýär.Ol bolsa:

-Meniñ aýtjak sözüm ýok,maña söz galmady- diýýär.

Eýran şasynyñ zor salmagy bilen Pendi,Şeýhy,Jüneýidi(Guşgy),giñişliklerinde ýaşaýan Türkmenler kem-kemden gysylyp,Mara göçürlip getirlýär.Şol ýyllarda Murgap derýasynyñ ýakalary Eýrana garşly bolan.

Hemişede Teke Türkmenlerni halamadyk Baýramaly han gelen ýerlerine kowmak üçin her hilli pyssy-pujurlak edýär.Marynyñ aýagynda Teke çarwalaryny talap,azar ýamanyny berýärler,hat-da oglan okadýan Mollany-da

Okaýan oglan-gyzlaryda horlap,olaryñ namyslaryna degýärler.Oglanjyklaryñ ujydyny kesmek ýaly ynsanlykdan Çykmalardan hem gaýtmaýarlar.

Bu ýagdaýdan soñ garaguma ýaýrap oturan Tekelerniñ ähli aksakgallaryny we serdarlaryny ýygnap,Keýmir uly mejlis-maslahat geçirýär.Şondan Baýramaly şyganyñ öz edişinden hem beter etmeli,olary talamaly diýip çykyş Edenler-de bolýar.Bir näçesi bolsa gyssanmazlygy,öz wagty,ýere gelende ar almagy,halkda günä ýokdygyny, eger häzir uruş edilse,ýene-de halka uly zyýan ýetmeginiñ mümkindigini maslahat berýärler.

Keýmir bolsa Teke Türkmenleriniñ hiç haçan alamançylyk etmändigini,diñe öwezine alamançylk edendigini düşündirýär.

Ol onsoñ Amandöş(öz baş serary)serdaryñ,Annaseýit wekilliñ(orunbasary)we beýleki akyldarlaryñ çykyşlaryny Diñläp,kömek sorap Hiwa hanyna ýüz tutmagy makullaýar.muny hemmeler goldaýarlar.

Annaseýit wekiliñ baştutanlygynda bäş sany adam Hiwa hanynyñka we Hiwa hanynyñ teklibi boýunça soñra Buhara emirinkä baryp,Keýmirñ haýyş-towakgalaryny ýetirýärler.

Horasan welaýatlary Jeñiz hanyñ ýörişlerinden öñem Türkmen taýpalarynyñ ýurdydy,hatda ondan añyrdaky zamanlarda-da olaryñ ýaşan watanydyr- diýip,Buhara emiri Şamyrat Welnamy maslahatda aýdýar.olar ýene-de bir aýyñ dowamynda sähätli güni duşuşmaga karar edýärler.Garagum sährasyna goşun çekip ugraýarlar. Amandöş serdaryñ baştutanlygyndaky Keýmir köriñ goşuny-da ýola düşüp,olar dänew bilen Baýramalynyñ ortalaryndaky gadymy uzboýuñ akgyt ugrunda ojar tokaýlarynyñ arasyndaky köpguýy diýen öýda duşuşýarlar.dem-dinç alansoñlar salkyn bilen Baýramala ugraýarlar.

Baýramala menzel galanda düşläp,gijöýlän ýene ýola düşýärler.Gije il ýatyp , it uklanda Baýramalynyñ 10-11 çakram (1,06km-e deñ)golaýynda düşleýärler.

Hiwa hanyñ,Buhara emirniñ hem Keýmir köriñ her biriniñ saýlama Nökerlerinden200(jemi 600) atlyny jemläp,Baýramaly hanyñ üstüne hut şol gije ugradýarlar.

Olaryñ gijäñ bir wagty düýdansiz dökülmegi Baýramaly hanyñ gahar-gazabyny ýetjek derejesine ýetirýär.Çapawol atlylar aldym-gaç urşuny edýärler.Çapawollar şol gelişlerine bellenen ýere dañdanlar-namaz wagty gelýärler. Keýmiriñ we Hiwa hanynyñ goşuny ertir namazyny okap ýetişip,öz orunlarynda taýýarlykly duran bolsalar, Buhara emiriniñ goşuny namaz okap ýetişmändir.Şonda Welnam emamyna garap : „Gysga süre saña ne kyldy? Diýip käýýäpdir.

Şonlukda,hersi bir gapdaldan,Keýmir bolsa çat garyşysyndan çykyp,Baýramalynyñ goşunlaryny dargatýarlar we Köpsini ýesir alýarlar.Baýramaly han ahyrsoñy ýaraglary taşlap,nökerleri bilen tabyn bolýar.Olar ýesirleri bilen bileligde Baýramaly şygany öñlerine salyp,şähriñ çetinden baranlarynda ilat ýaşulularyñ baştutanlygynda olary Duz-çörekli garşylap,Baýramalydan dynanlaryndan begenýärler.

Baýramalynyñ özüni bolsa bütün şähre aýlaýarlar.Keýmir kör şondan Burkaz,Aýmak, owgan, Haryn,Salyr,Saryk Soltanyz ýaly ençeme ýerli Türkmen Taýpa-tireleri bilen hiç hilli öjüniñ ýokdygyny, emma Baýramaly şyga bilen Öçlidiklerni,bu betbagtçylygyñ esasy günäkäriniñem hut Eýran dikmesi Baýramaly şygadygyny aýdýar.

Olar Baýramalydan dynansoñlar Maryda Türkmen Begligini döredip,ony Hiwa –Buhara tabyn edýärler. Alnan baýlyklary,oljalary,hatda eýer-esbapdyr ot-iýimlere çenli täze döredilen beglige tabşyrýarlar. Baýramaly hanyñ hanlgyna degişli baýlyklaryñ ählisini hasaplaýarlar,Eýranly baý şygalynyñ artyk baýlyklarynyda döwlet haýryna Alýarlar.Şygalary hem bir näçe kakabaşlary maşgalasy,mal-garasy bilen Buhara ýagny Amyderýa bilen Syrderýa aralygyna sürgün edýärler.Myhmanlary ugradyp, Keýmirem gaýdan soñ,Annaseýit wekil 100 atly nöker bilen

bir aýlyk galýar we täze begligi tertip-düzgüne salmaga kömek edýär. Bu waka 1785nji ýylda bolýar.

Şol gurulan Türkmen begligi 1785nji ýyldan tä 1855nji ýyla,Hiwa hany Mädiminiñ Sarahs urşundaky ölmüne çenli dowam edýär.Bu ýerde Türkmen begliginiñ döredilenini eşiden Bejnurt,Maşat hanlary öz janlaryny saklap Bilseler razy bolupdyrlar.Baýramaly han ölensoñ,ol hakda her hilli masgaralaýji goşgular düzelipdir.Şolaryñ biri-de şol döwürlerde ýaşan gara şahyryñ Maru-şahy-Jahan hakyndaky „ Seniñ üstüñde „ atly şygyrdyr.

Baýramaly han tutulyp ýoklanandan soñra Annaseýit wekil „ Garagum çarwalarynyñ guşluk tarapy Owganistana Barýança giñän ýaly bolaýdy „ diýipdir.

Şol ýylyñ tomsunyñ ahyrlarynda Ugurly han üç günlük toý  tutjakdygy hakynda çar tarapa habar ýollaýar.ol obadan ep-esli açyklykdaky toýhanasynda 2 sany örügöý ( ak öý) tutup,olaryñ içinde gelin-gyzlary oturdýar.

Toý habaryny eşiden Keýmir bolsa , ähli ýaşululary ýygnap(Bejnurt hanyñkyda bolan maslahatda ugurli hanyñ aýdan sözlerini ýatlap),indi ar-namysdan çykmaga wagtyñ gelendigi hakynda maslahat edýär. “Arym köýenden Imanym köýsün „ diýipdirler,Ar-namysyñ astyndan çykaýlyñ ! diýip sözüni jemleýär. Soñra keýmir serdarlaryny Çagyrýar, olaryñ her haýsyna gerekli nökerleriñ azyk-suwluklaryny ýüklär ýaly düýeleriñ sanyna çenli aýdýar.

Olar şondan soñ 25 güni geçirip,26nji gün jemlenip,öýle namazyny okap,güni gijikdirip ýola düşýärler.Ýol belet diýip 3 adamy getirýärler.Keýmir olary synlap,sözleşip,olaryñ birine ýüzlenip : „ Taññam(taññy göbe-amaşa) Sen taparsyñ öñe düş! „ diýipdir.Keýmir dagy Ahalata (Ahalbaba,akhalata,akhalbaba) gonymçylygynyñ bir menzel ýeñsesinde Düñölen guýusyna barýarlar. Gijäniñ ýarynda 100 atlyny eýýäm toýnyñ bir güni geçen ugurly Gazagyñ üstüne çapawolçylyga ugradýar we olary ugurli hanyñ gelinini hem gyzyny alyp gelmegine buýurýar.

Özleri-de Düñölenden atlaryny,düýelerini suwa ýakyp,çeleklerini,meşiklerini doldurýarlar.Guýynyñ agzyna gyzgan-ýylgan,ojar-çerkez ýaly çöp basyp,üstünede keçe ýapyp,mazaly örtüp,gum bilen gömýärler.Özleri-de Guýynyñ demirgazak-gündogar taraplaryny gurşap ýatýarlar.

Dañdanlar baran atlylar Ugurli hanyñ gelin bilen gyzyny alyp,gün dogandan düñölene gaýdip gelýär.

Ugurli gazagyñ kowgy atlylary guşlykdan günorta çenli ýol geçýär.olaryñ gözi guýynyñ agzyna düşende guýy gömlüpdir diýip düşünýärler.Şol ýerde bolan çarwa urşunda(Taýakly,gamçyly uruş,eger gylyçly garaw gaýtarsa ,ýarag ulanmaly) olar aman diläp,ellerini galdyrýarlar.

Ýesirleriniñ at-ýaraglaryny alyp,ýaralylaryny ikisini bir ýaba mündirip,şol gije obalaryna ugradýarlar we olara il-gün bilen işleriniñ ýokdygy,Ugurly hanyñ gedemligi barada aýtmaklaryny pugta tabşyrýarlar.

Keýmiriñ atlylary şol gije düñöleniñ agzyny açyp,mallaryny suwa ýakyp,gaplaryny suwdan doldyryp,ertesi irden izlaryna tarap ýola düşýärler.Iki menzil ýörän soñ ,Ugurly hanyñ iberen töwellaçy ýaşululary izlaryndan ýetýär.

Keýmir aga olaryñ töwellalaryny kabul edip,gelin bilen gyzyny gaýtaryp berýär.soñra olara:

Biziñ Ýemreli garyndaş bilen hiç hilli adawatymyz(duşmançylygymyz) ýok,emma Ugurly gazak bilen öçli bolduk ýagny Ugurly gazagyñ özüniñ sözi bilen şeýle bolduk.Şoña görä-de „ Deñleşen deñe atmaz „ diýilşi ýaly,onuñ özi bilen deñ boljak däl,siziñ töwellañyzy Il-günüñ hatyrasyna kabul edýäris—Diýipdir.

Keýmir kör şol wagtyñ 73 ýaşlaryndaky garry,sagdyn ýaşully eken.Soñabaka Tekeleriñ mallary köpelýär.Olar Balkan daglarynyñ demirgazak-gündogar taraplaryna çarwa we kämil ýaýlalary ýaly otluk,suwluk ýerlere ýaýraýarlar.

Keýmir aganyñ külli Türkmen aksakgaly,howandary hasaplanypdyr.Ol bir ýany Balkan,beýleki bir ýany Sarygamyş çöketligine , Bas sebitlerine çenli göçüp-gonup ýören,şeýle hem oturumly taýpalara janpena bolýar.

Onuñ özi-de ,nökerleri-de çarwa durmuş görnüşinde ýaşapdir.

1788nji ýylda 76-77ýaşynda Keýmir serdar ýaşululygy öz oruntutary Annaseýit wekile tabşyrýar.Elbetde,onuñ ornundan aýyrlmagyna razylyk bermeýärler.Emma Keýmir şol mejlis-maslahat toýunda direlikde öz ornuna laýyk adama tabşyrmagyñ miýeser etmeginiñ uly bagtdygy,bu zeýilli ýagdaýyñ añsat-añsat ýetdirmeýändigi özüniñ hem gaty garrandygy,80ýaşyna golaýlandygy baradaky çykyşyndan soñra Annaseýit hem başgalar-da muña razy bolýarlar.

Keýmir bolsa 1790nji ýyllarda kowumgaryndaşlary we beýleki çarwalar bilen mañyşlagyñ Hook diýen etrabyna barýar,şol ýerde 1800nji ýylda aradan çykýar.

Keýmir oglanka tyg degen zerarly,onuñ bir gözüne şikes degen eken.Emma ol soñ-soñlar gutulyp gitse-de, iz galanlygy sebäpli onuñ oglanlykdaky Keýmir kör lakamy galyberýär.Aslynda onuñ gözi kör bolmandyr.

Keýmir aksowult,at ýüzliräk,göz damarlary çylgym-çylgym gyzgylt,goýun göz,ýiti nazarly,izindan ýogyn boýunly,uly süýri kelleli,erinlek, egilek,iri süñk başly,at ýeñseli,demir beden şir ýürekli,akyl-paýhasly kethudadyr.

 Onuñ 7 ogly bir gyzy bolan.Olar:Annameñli serdar,Çarykly batyr,Bilek batyr,Çary batyr,Penjeli pälwan(ATA)

Garagol serdar,Aýnazar han,Aýlar(Il içinde tutulýan  ýörgünli ady Hakylly)dagydyr.Annameñliniñ edermenligi hakynda „ Ýusup Aymed“ , „ Döwletýar beg „ dessanlarda ýaly wasypnamalar bar.Annanazar handan 3 ogul :

Batyr,Orazguly,Tañryguly önüpdir.Orazgulydanam 3 ogul: Gul çunak,Geldy çonak, Çenbe.Geldiden bolsa1ogul:

Bäbek;ondan hemHojamuhammed dünýä inipdir.

Keýmiriñ tiresi: Teke-utamyş-Bagşy-Daşaýak-Akdaşaýak-Gyzyl.Keýmir mañgyşlagyñ Hook diýen ýerinde jaýlanýar.Ol ölensoñ nebereleri Hookdan ýürdüne gaýdyp geleni üçin olara hooklar hem diýipdirler.

Keýmiriñ nesilleri,garyndaş-kowumdaşlary Aşgabat etrabynyñ „ Akdaşaýak „ kolhozynyñ keýmir kör köçesinde Arçmanda,Tejende, Maryda we başga ýerlerde ýaşaýarlar.

Onuñ örän dilewardygyny Tassyklaýan ençeme rowaýatlar hem bar.Şol rowaýatlaryñ birinde Bejnurt hany Keýmirden :

  -Näçe nepsiñ (ilatyñ) bar?- diýip sorapdyr.ol:

  -Ýetişmedim,baryp ibererin-diýen.(soñra keýmir ýürdüne gelip,20 düýe gurt iberýär.Iş edinip sanasalar 40 muñ

  gurt eken.Keýmir iberen adamyna özüniñ her hojalykdan bir gurt ýygnap iberendigini hana aýtmagyny tabşyr-

ýar. Häli-häzire çenli40 muñ öýli Teke Türkmenleri diýilip ýörelmegide şondan gelipdyr ).

Han:

-Keýmir siz göçeñizde näme üçin çalt göçýärsiñiz?Diýip soraýar.Keýmir:

-Gazaklar habara görä göçermiş.bizem habara görä göçýäris,şonuñ üçinem göçenimzi ýel biler,gonanmyzy gool biler – diýip jogap berýär.

Han:

-Keýmir galalaryñyz örän az-la?

- Bizde gala ornuny goollarymyz tutýar.

Han:

-Keýmir sen nähilli ene-atadan bolan adam?

-Meniñ enem bir Gär gool,atam bolsa degdi boran.

Degdi boran gär gooly alan,menem şondan bolupdyryn.

Han:

-Keýmir ,adamyñ,malyñ,agajyn, ýolun erbedi nähilli?

-kötelli dagdan igde ýükli,agzy gara eşekli ,keçe telpekli bir adam geçip barýar eken – diýip,Keýmir oña jogap beren,.

Bir gezek Keýmir aga atly barýarka,öñünden çykan bir adam,onuñ bilen salam-heleýk edýär.Ol atyñ syrtynda oturan6-7 ýaşly gyzjygyzy görup:

-Keýmir aga ,ýogsada,bu gyzjygaz seniñ nämäñ?diýip soraýar.Emma gyzjygaz Keýmirden öñürti:

-Bu-ýä meniñ janym,men munuñ jananasy,muñ ejesi meñ ejemiñ gaýynenesi – diýip,özüniñ Keýmiriñ gyzydyg-

yny aýdypdyr.şonda ol adam oña garap:

-Berekella sen-ä gaty hakyllaja ekeniñ,ömrüñ uzak bolsun,hakyllym!Diýipdir.Şondan soñ onuñ ýörginli ady Hakylly bolup galyberipdir.

Türkmen halkyñ gaýduwsyz gerçegi,Keýmir  Baba azady,Zenuby,Magtumguly ýaly akyldarlar bilenem ençeme gezek duşuşan,pekir alşan,ähli Türkmen taýpalaryny birleşdirmekde,olaryñ arasynda gatnaşygy ösdirmekde ullakan işleri amala aşyran serdardyr.

Keýmir kör baradaky şu maglumatlaryñ süññi kyssaçy Suhanberdi annagurban oglundan Alyndy.