”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ INTERNET SAÝTYNYÑ ÝÜZLENMESI

Indi birnäçe ýyl bäri, has takygy 1999 ýyldan, Bütin dünýäde HALKARA ENE DILI GÜNI bellenip geçilýär. Bu senäniñ gözbaşynda ýatan waka şeýle: 1952 ýylyñ 21-nji fevralynda Bangaldeşli studentler öz ene dilleriniñ mertebesini, diýmek öz milli mertebelerini gorap, köçe ýörişine çykýarlar. Olar özlerine ene dilinde bilim berilmegini talap edýärler. Şonda parahat demonstrasiýanyñ garşysyna polisiýa zorluk ulanýar. Netijede üç student wepat bolýar.

Milli azlyklaryñ ene dilleriniñ häzirki wagta çenli-de kemsidilýändigini göz öñünde tutup, geçen asyryñ soñunda UNSCO Bütin Dünýäde her ýyl ENE DILI gününi belläp geçmegi karar etdi. HALKARA ENE DILI GÜNI diýlip, UNSCO-nyñ karary boýunça bangaladeşli studentleriñ 1952 ýylda öz ene dilleriniñ mertebesini gorap, wepat bolan güni, ýagny 21-nji fevral alyndy.

Biz türkmenler üçin bu sene örän möhümdir. Sebäbi biziñ Ene dilimiz ýap-ýañylara çenli-de öz ata Watanymyzda depgilenip gelindi. Sovet Türkmenistanynda türkmen dili formal hukuklara eýe bolsa-da, iş ýüzünde ýagdaý öwerlik däldi: ene dilimiz assyrynlyk bilen kemsidilýärdi we onuñ iñ möhüm hukuklary elinden alnypdy. Türkmen dili Türkmenistanda soñky onýyllyklarda döwlet dili bolmagyny bes edipdi. Onuñ ulanylyş gerimi we hukuklary ýyl-ýyldan gysylýardy. SSSR dargap, 1991 ýylda Türkmenistan öz milli garaşsyzlygyna gowşansoñ, türkmen dilini ösdürmäge giñ mümkinçilikler açyldy.

Elbetde, neostalinistik zulumyñ höküm sürýän we söz azatlygynyñ ýok ýurdunda ene dilimiziñ gülläp ösmegine entegem mümkinçilik ýok. Bu günki Türkmenistanda orta bilimiñ-de, Ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiñ-de hili örän pes. Ýurtda çalasowat başyçylyk rejimi höküm sürýärkä başgaça bolubam bilmez. Bu yzagalaklygy ýeñip geçmek üçin dogduk topragymyzda Demokratik Hukuk döwletiniñ düýbi tutulmaly. Ýöne her halda indi Türkmenistanda türkmen dilinde gürleýänlere we ýazýanlara yzagalak adamlar hökmünde garalanok. Türkmen ýaşlary diñe bir orta mekdeplerde däl-de, eýse Ýokary okuw jaýlarynda-da öz ene dilinde bilim alyp bilýärler.

Emma türkmenleriñ uly bölekleri Türkmenistanyñ daşarysynda ýaşaýarlar. Eýranda, Yrakda, Owganystanda ýaşaýan türkmenleriñ milli hukuklary häzirem gündelik bozulýar. Bu hukuk bozulmalar esasan olaryñ ene diliniñ kemsidilmeginde ýüze çykýar. Eger Yrakda Saddam Huseýniñ we Owganystanda Talyplaryñ rejimi ýykylandan soñ türkmenlere öz milli hukuklaryny dikeldip başlamaga ýol açylsa-da, 3 million töweregi türkmeniñ öz dogduk topragynda ýaşaýan ýeri bolan Türkmensährada iñ bärkisi birje türkmen mekdebi-de ýok!

Hut şu sebäpden-de 21-nji fevral güni Bütin dünýäniñ türkmenleri üçin öz milli raýdaşlygyny görkezmeli gündür! Bu gün biz milli mertebeleri, hukuklary elinden alnan watandaşlarymyzyñ depgilenen we depgilenýän hukuklarynyñ dikeldilmegini, olaryñ öz ene dillerinde okamak, bilim almak, medeni avtonomiýasynyñ bolmagyny bilelikde talap etmelidiris!

Eýranda, Owganystanda we Yrakda ýaşaýan türkmenleriñ milli hukuklaryny goramak, ol ýurtlarda türkmen mekdepleriniñ açylmagyny Halakara derejesinde mesele edip goýmak Türkmenistan hökümetiniñ jana-jan borjudyr! Eýranda, Owganystanda we Yrakda türkmen mekdepleri köpçülikleýin açylýança, ol ýurtlarda türkmenleriñ milli hukuklary ykrar edilýänçä Türkmenistanyñ prezidentine Türkmenbaşy adyny götermek utançdyr!

„Agzybirligiñ“ internet-saýtynyñ Redkollegiýasy,

2006-02-08