Gurban geldi Ahunbar

Parasatly IL ŞAHYRY  berilen bu beýik ady alan halypa ** GURBAN GELDI AHUNBAR** , bu atalar nakly ,ulanmany

Asyl ýerlikly bilmeýän: ** ÝETIM OGLAN IT BOLAR , ÖLMESE ÝIGIT BOLAR…..**.çünki , il şahyry, il ogly we il bolan ýerinde , şahyr hiç haçan ýetim däl-dir,  diýilse oňat bolaýjak ýaly.

Ine şu iki agyz başlangyç bilen, Türkmensähraň ad-awazly , Beýik şahyry GURBAN GELDI AHUNBAR , ýok Gurban…..däl-de

Durmuşyň rehimsiz inim-çykymlaryn-da we dönümlerinde , ýangyn örtüniçlerinde, zamananyň garyplyk gamçysynyň , ýalaňaç. Agaç atly arkasynda häzire güne çenliýem yzy ýatan ýagyrny-synda, henizem ýaralaryna şerbet sepip,örtünip, köýüp , bişip gelýän derýa ýürekli,dag haýbatly dert oglanyň hakynda söz açmak çendan bir aňsat zat hem bolmasa , bu wezipäni özüme,bir taryhy ilime birjum bilip ýazmaly boldum.

Gurban geldi otyr gamly gijeler ötmedimi munça öten möçeler.

Ýa-da

Ne hasap-da, ne san-da sen,   Dertden ýüregi gara sen.
Paýlaşyk-da , ol ýanda sen,  Guýuň derdime ýanaýyn.

We ýa:

Gurban ýit dünýä-de adyň ýitmesin, Met bilen merdiň işi bitmesin
Ilimiň aýagyna tiken batmasyn,  Il alada bilen şahyr ýanýandyr.

We onlarça , belki-de köpräk telim-telim ýerlerde şeýle bir ajaýyp üýtgeşik , hatta garyblygy, hatta derdi, ýangyny örtenmegi,owadan, gözel, göýä bir owadan gaplanyp goýulan surat ýaly, göz öňüne getirip,ruhyňa, janyňa onki(12) süňgiňe oranýan beýitleribar.

Şahyra geliň ynsaf beriň neneň taryflamaýly, neneň öwmäýli , neneň lal ýaly söz açman dymyp duraýly. Ýok onda bir, aňyrda bi-ynsaplyk bolar , taryhyň geljeginde hökman ýüz gara bolarys.

Biz bola-bola taryhyň rehimsiz hekmetinde asyl ýüz gara bolmarys. Şahyryň dilinden eşideýli :

Gaýgaryp gez , döşiňi ýele berip,

Belent tut başyňy, asmana gerip,

Ýer ýaly sahy bol, saçagyň serip.

** Iliniň bilen bol diýen goşgudan**

Ýer bakaly, şahyr gidere ýol goýmandyr, gaçara ýoda. Şahyryň her bir goşgusyny okasaň , ol seni dogry öz wojdanyň ( wejdanyň)

, öz ynsafyň öňünde çatma-çat goýýar-da duryberýär.

Il şahyry Gurban geldi ahunbar, Konnbed kawus şähriniň TEKE mähellesiniň garyp çatmasynda ( käşki çatma bordy, zordan duran kümesinde ) 1325-nji ýylda dünýä inýär.Bu taýda mähelläniň adyn getirmegimizden maksat, ol ýyllar-da  bir näçe öýli teke bolansoň olara iki öýliler diýilýän eken.Elbet-de şahyryň dünýä gelen kümesi öý hasabyna girmän ekeni.

Şol ýyllarda Türkmensähranyň at gazanan Meşhur sazanda we bagşy-sy  ORAZ MUHAMMED TEKE şol ilki öýli-leň biri ekeni.

Garybyň-da hiç zady bolmasa, Hudaýy bar diýilen nakyl bar-a. Şahyrymyz bilen Oraz muhammed tekäň ogly dogry bir gijede , bir sagat-da bileje dünýä inýärler.Bagşy Oraz muhammed tekäniň ilkinji perzendi olam ogul bolansoň, üç gije gündiz toý tutup , aýdym – saz etýärler. Bagşa habar berýärler : Garybaý agaň-da bir guly bolýan ýaly.Onda , ýörite özi gelip şahyra gutlap :

Aý toýy ýegen, ! Kyýamat gün goňşydan  gürrüň bar , geliň siz hem şu üç gije-gündiz bizde geçiräýiň.................

Şeýlelik bilen üç-gije gündiz toý tutup aýdym–saz  bolup, şahyra at goýmaly bolýar.Bagşy ( ýatan ýeri ýagty şehit Oraz muhammed teke ) öz ogluna anna agşam bolansoň hem-de köne bir at dakmaly bolup ANNAKAKA we şahyra , ertiri gurbanlyk bolansoň, Gurban geldi dakýar.

Ýene il arasynda, şeýle bir rowaýat bar. Oraz muhammed bagşy , şahyryň atasyna aýdypdyr , şu oglanyň ýa birinji bagşy bolar ýa-da gowy şahyr. Sebäbin soralarynda, ol şeýle diýip jogap beripdir : şu oglanyň agysy, bu oglanlaryň aglamasyna meňzemeýär.Agysynda bir zaryn heň bar, açlyga jydamly, süýt berilende, ölüp-öçüp baranok,göýä şu wagt hemme südi emse, agşam südsiz galajak ýaly we şeýleräkler.........

Çagalykdan ýiti zehinli, bir zat aýtsaň iki gaýtalap ýörmeli däl, bir aýdan sorasaň-da dogry suratynda gaýtalap jogap berýän eken.

Ýa irräk dogdum mykan, ýa-da gije galanlardan?             

 Ýa takdyryň kerwönine, agyr, talaň salarlardan?

Ýa dogursy bu durmuşda, şu bagt alanlardan ?

Ýer ýüzüniň bedbegtlygy, diňe maňa direýär dost.

Ýokarky beýitler şahyryň haraý atly goşgusyndan, şahyr , Oraz muhammed arazniýazy dostune ýazypdyr.

Olam jogap berýär :

Sen ýaly bolardy, ýa-da bolmazdy, Konbediň gam tutan küçelerinde.
Gussalar aýdyma, heňe gelmezdi, Börç tutup ýatyrdy adam serinde.
Sen şunda ýasapdyň, öz setirleriň Ýüregiň derlerin goşga syňdyryp.
Käte-käte ýanan hasratlaryňy , Gözleriňden düýme-düýme eňdirip

Şahyryň ýaşaýyşy diýseň çylşyrymly. Oň ýaşaýyşy mydama bir üsti açylmadyk syr ýaly, aýdyň açyk däl.Syrly ýaşaýy-şyny şeýle gurjalasaň, belli açyk bir zataňlap  bilmersiň, ýöne her hilli noktasynda, ony tankyt elekden geçirseň , diňe, bir mana ýetersiň.

Şahyr sydakatly , wepaly, il gününe mydama mehriban, şeýle hor we zarda bolsa ,watanyna, ülkesine aňyrda bir, ukyply wepadar :

Mawy asmanly ülkämi, gam basmasyn hiç haçan,

Gülki bilen göz açsyn, täze dünýä göz açsyn.

We ýa-da :

Ganym. Kokoum jan watan Jan saňa gurban watan.
Mydan sür dowran watan, Gel dowranly watanym.

Şahyryň hemişe maňa bir aýdýan sözi bar,olam, adam näçe ýyl ölse-de ölýän eken.

Men on(10) ýyl ölüp birden direldim.Şol on ýyl meni bir ömür yza goýdy.Bolsa-da soň bähbit eken....Inhä şular ýaly bir üsti basyk wakalar şahyryň ýaşaýyşynda bar. Adamy daş görnikden bakyp onuň barasynda höküm etmek nädogry zat mykan diýärin.Şol öldüm diýan 10 ýylda inhä  **ynsan** ýaly çüňür mana goşgyny iline hüdürläpdir. Diňe bir **ynsan** däl-de **Kerwen gyran** ýaly paýamalar şolýyllaryň hasyly.

Horasanyň Maşhat şährinde awara bolup gezip ýören şol 10 ýylda, ýaşaýan köçe-sinde çagalara erteki aýdyp berer eken, çagalarda şahyra **A-B** ýazmany ,pozmany öwreder ekenler. Adamyň daş görniginden garamak şeýle bir işe sebäp bolýar.

Çagalaryň  Ene –atalary ** Ämu Awara ** bir işci, gündiz meýdanbar-da ýük ýükleýär, agşam size erteki aýdyp berýär, siz hem oňa ýazmana-pozmana hasyp-hesip öwrediň hakyny iýäý-mesinler diýän ekeni :

Gowy diýip, gowynym,   gurt boldy,

Takdyra bak, ýat il bize , ýürt boldy.

Ýar diýip ýananym, jana dert boldy,

Wah neýläýin gaý üstüne, gaý ömrüm.

Şahyr edebiýat äleminde köp formalar bilen synaşyp görüpdir.Çagalar edebiýatynda meşhur ** ENE JAN** diýýen şygry 1377, Iran radio- telewizioniň 6-nji festiwalynda tutuş iran-da 1-nji şygyr tanalyp, iň uly oruna eýe bolýar.

Beýle bir birinjilikler näçe gezek şahyra el berip-dir.Festiwallar-da mydama şahyr goşgusyny iki dilde okaýar.Türkmen dilinde- pars dilinde . Fyragy diýýen meşhur şygryň soňky çapa çykan Magtym guly pyrgynyň kämel diwanyna girip, şahyr ebedilik hataryna girýär.Pyragynyň pars dilinde terjemesi, diýseň bir ajaýyp üýtgeşik. Festiwal-da beýik edebiýat ustatlaryň biri soraýar :

Pars dilinden Türkmen diline geçirdiňmi ýa Türkmenden, Parsa ?

Ol Tehran edebiýat unuwersitetiniň belli ustatlaryň biri eken.! Edil şol sorak döwlet muhammed azadynyň Pars terjemesinde, Meskin gylyç –da Pars terjemesine.

Şahyr kyrk ýyla golaý edebiýat işinde, ýazyp goýan paýemalary, destanlary pars dilinde – goşgulary diýseň kän.

Ol Robagyny-da synap görüp şahyr ömar haýýamyň atasyna rähmet iberip özüne şeýle ýüzlenýär : * boly bir gurbanym  gazalyň bilen *…….

Şunadan mälim bolýar, şahyr **gazalsara **köp goşgulary gazal suratynda goşup-dyr.

Elbet-de paýemalary-da bar : *Ýaşlyk hyjuwy* ýa bile gezen deň-duşlara, masnawi galypda goşgy-da bar.Şahyryň öz aýdyşyna görä

Goşgyny ak goşgy bilen başladym :

ÖZ ENEM ; GYSGAJYK BAHAR ; SÖÝGI we .........

Şahyrlyk ýangyndan başlanýar diýär, şahyr Kerim guraban nepes.Şahyr Gurban geldi söýgiden ýeňilip ýatan ýeri kän.

Şahyra şu wagt bir pursat el berip wepaly il-gün, elaýta-da    MIRAS   ADYN GÖTEREN şahyrlar we ýazyjylar gurluşygy  Konbed kawus şähriniň Färhäň we Erşat edarasynyň arkadaşlygy bilen dabaraly 40 ýyl şahyrlyk toýy tutuljak. Uzagyndan bolsun we şeýle bir däb ebedilik arasynda bolup dursun.

Öňi bolandan , soňy bolsun   diýen atalar nakly bilen sözümi soňlaýan.