TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI


Asyrlar boýy dilden-dile geçip, ýatdan aýdylyp gelinýän şahyrana döredijilige halk döredijiligi diýilýer.


Olaryň birnenäçesi gadymy döwürlerde döredilipdir. Halk döredijiligi döwre laýyk özgerip durýar. Halkyň dilini, edebiýatyny, taryhyny öwrenmekde uly ehmiýete eýedir. Halk döredijiliginiň: epos, dessan, erteki, läle, huwdi, monjugatdy, aýdym, şorta söz, rowaýat (legenda), nakyl, matal ýaly görnüşleri bolýar.


Ata-babalarymyz nesil galdyrmaga, çagany ýaşlykdan terbiýelemäge, döwrebap adam edip ýetişdirmäge aýratyn üns beripdirler: ene mähri hüwde siňdirilipdir, syrly dünýä akyl ýetirmek matalla-a, söz gadyryny bilmek sanawaçlar bilen ýaňyltmaçlaryň paýyna düşüpdir.

Türkmen halk döredijiligi halkyň pehim-paýhasynyň ýitililigine , döredijilik ukybynyň uçursyz kämildigine güwä geçýär.


AÝDYMLAR


Aýdymlar halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, ol halk köpçüliginiň aarasynda has giňden ýaýrapdyr. Aýdymlar saza goşulyp ýada sazsyz hem aýdylýar. Saza goşup aýdýan adamlara bagşylar diýilýär.

Aýdymlar tematiki we many taýdan sotsýal durmuşy, yşky-.liriki, harby-gahrymançylyk, ahlak-didaktiki, dostluk, watançylyk ýaly görnüşlere bölünýerler. Aýdymlar dutaryň, gyjagyň we dürli saz gurallarynyň ýanynda aýdylýar. Olar, köplenç dört, bäş setirli, 8,11,14,15 bogunly goşgulardan ybarat bolýar.

Sary bagşy, Oraz salyr, Garly bagşy, Magtymguly Garly, Mylly Teçmyradow, Pürli Saryew ýalylar iki döwrüň aýdym-sazy-nyňtanymaly bolupdyrlar. Sahy Jepbarow, Ö.Nobatow, W.Muhadow, D.Öwezow ýaly kompozitordyr, bagşylara täze saz ýazmakda has tapawutlandylar. Aýdymlaryň tematikasy örän giň bolup, il-ýurt, zähmet, dostluk, agzybirlik, adamkerçilik, yşky-söýgi barada döredilen aýdymlar onuň özeni hasaplanýar.

Meselem, watançylyk temasyndan:

"Watanym seni" (Zelili), "Gidiji bolma" (Magymguly), "Türkmeniň" (K.Gurbannepssow), "Men güneşli ýurduňogly" J.Durdyew) we ş.m.

Söýgi temasyndan:

"Bu gün" (Magtymguly), "Bibijan" (halk aýdymy), "Hatyja" (Seýdi), "Altyň biri" (Kerim Gurbannepesow) we ş.m. Zehmet tema-syndan:  "Bugdaý"   (Metäji),  "Zor oglan"  "Balykçynyň aýdymy (G.Seýitliew) we ş.m.

Öwüt-nesihat: "Delalat ýagşy"   (Magtymguly),  "Ner gezgin' (Mollanepes), "Ýagşydyr" (Zelili) we ş.m.

Halk döredijiligine degişli bolan ýa-da klassyk şahyrlaryň döredijiligine degişli bolan birneçe aýdymlar bagşylar tarapyndan has köp aýdylyp, il arasynda giňden meşhur bolup, halk aýdymlary hökmünde bellidir. Olardan "Bibijan", "Tüni derýa", "Ýol-peselendi", "Maral geledir", "Neýleýin", "Senem gelmedi" ýaly aýdymlary ýatlamak bolar.


NAKYLLAR

Nakyllar adama akyl berýän, ýamany ýazgaryp, ýagşyny ündeýän çuň manyly sözlemlerdir. Nakyllar asyl we göçme manyda bolýarlar.

Nakyllar beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmen halkynyň arasynda hem has giň ýaýran žanrlaryň biridir. Nakyllar gysga setirlerde, ýokary çeperçilik bilen düzülip, çuňňur many aňlatmaklary taýyndan halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinden tapawutlanýarlar. Nakyllaryň gysgalygy, sazlanyşygy olaryň ýatda berk saklanyp galmagyna ýardam edýer. Çuň manynyň az sözde, gelşikli sözlemde berilmegi nakyllaryň ötgürliligini, täsirliligini güýçlendirýär. Nakyllarda sözler jaýdar ulanylýar, artykmaç ýa kem zat bolmaýar, pikir gysga, anyk we täsirli bolýar.

Nakyllar özleriniň ýüze çykan döwürlerine laýyklykda synpy häsiýete eýedir. Nakyllar il-ýurt, watan, dostluk, agzybirlik, zähmet, ylym-bilim, adamkärçilik, myhmanparazlyk hakyndaky temalary öz içine salýar.

Il-ýurt: "Ilim günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn", "Ýekäniň çaňy çykmaz", "Gülme goňşyňa, geler başyňa"...

Watan: "Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan  ölýänçä aglar", "Towşana dogduk depe"...

Dostluk: "Ýigidi dostundan tana", "özüňi süýt bilgin, dostuňy  gaýmak".

Agzybirlik: "Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül okaram", "Maslahatly biçilen don gysga bolmaz"...

Zähmet: "Zehmet soňy- rehnet", "Ýatan öküze iým ýok", "Işleme-dik-dişlemez"...

Ylym-bilim: "Akylsyz baý bolandan, akylly gedaý bol", "Bilegi ýogynbirini ýykar, bilimi bolan müňini".

Myhmanparazlyk: "Myhman atandan uly", "Akmak myhman, öý eýesine hödür eder".

"Atalar   sözi-akylyň   gözi"   diýip,   halkymyz   nakyllaryň I ähmiýetine uly üns beripdirler. Nakyllar ýörite edara işgärleri tarapyndan toplanylýar , özbaşyna kitap edilip çykarylýar.


MATALLAR

Jogabyny oýlanyp tapmaly göçme manydaky soraga matal diýilýär.

Halk döredijiliginiň bu görnüşi meňzetme, deňeşdirme häsiýetinde düzülip, iki bölümden ybarat bolýar:

1. Matalyň esasy. 2. Matalyň manysy.


Matallaryň meňzetme, deňeşdirme häsiýetde bolşy, gysgadan  gelşikli düzülişi, olarda, köplenç, sazlaşýan sözleriň ulanylyşy olaryň çeperçiligini artdyrýar, ýatda galmagyny aňsatlaşdyrýar:

Gadyrly galama gyldan gala saldym.

(Göz we kirpik). Agaç gümmez, agzy ýok.(Hoz).

Matallar, köplenç, görüş hem eşidiş duýgularynyň esasynda döreýär. "Gapyrgasy odundan, her kim alar süýdünden" (örümli guýy), "Garaňky öýde gaplaň gürlär" (degirmen).

Halk döredijiliginiň bu görnüşinde galapyn çalymdaşlyk esasynda meňzetme: "Agramy aşykça, kölegesi köşekçe" (ýanlyk);

bir-birine garşy goýma: "Garadyr garga däldir; ganatlydyr guş däldir, ysyrganar it däldir, çommalar adam däldir"  (tomzak);

deňeşdirme: "Daşy gan ýaly, içi un ýaly" (igde) tärleri ulanylýar. Matallar hem adamlaryň zähmet protsesi bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Jemgiýet gurluşygynyň tehnikanyň, ylym-medeniýetiň üýtgemegi bilen, matallaryn tematikasy we mazmuny üýtgäp durýar.

Adam we onuň ulanýan zatlary: "In. güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor" (Çaga).

"Gel diýsem gelenok, gelme diýsem gelýär" (Dodak).

Tebigy hadysalar: "Gider, gider yzy ýok, daýanmaga dyzy iok" (El,suw).

Ösümlikler: "Ýer astynda alyyn gazyk" (käşir).

"Iýmege heserlije, on bir gat ak donluja" (Sogan).

Haýwanlar: "Kyrk günlük ömri bar. dört uka emri bar" (Gurçuk),

"Asty gaty, üsti gaty, arasynda haram eti" (Pyşdyl).

Iş gurallar: "Iki agaçdan kümeli, başy altmyş jygaly" (Ýüň daragy).

"Ikisi dyrmar, biri ýortar" (Goşa öküz bilen azal).

Matallaryň jogabynyň oýlanyp tapylýandygy üçin, ol adamlaryň, has hem çagalaryň oýlanmagy başarmaklary, pikirleniş duýgularyny ösdürmekleri üçin ähmiýete eýedir.


LÄLELER


Läleler gelin-gyzlaryň aýratyn heň bilen aýdýan goşularydyr. Olar, köplenç, ýedi bogunly, dört setirli bolýarlar. Läleler aýdylan-da, her bentden soň "haý lä-le, haý, lä-le-le" diýen bogunary gaýtalanylýar.

Läleler özara-damak läle, eňek läle, dodak lälesi ýaly bölümlere bölünýär. Läleler özleriniň tematikasy boýunça düri hili bolup, olarda gelin-gyzlaryň durmuşy, arzuw-umytlary beýan edilýer.

Läleler döreýişleri taýyndan Oktýabrdan öňki we soňky dören leäleler diýen toparlara bölünýärler.

Oktýabrdan öňki lelelerde gelin-gyzlaryň agyr durmuşy, isleg-arzuwlary beýan edilipdir.


Agaç başynda durdum,

Düýbünde duzak gurdum,

Näkes ýaryň derdinden,

Hem agladym, hem güldüm.


Ala köýnek kir bolar,

Suwly gawun ter bolar,

Agasy öýne gyz berseň,

Ölümden beter bolar.


HÜWDÜLER

Hüwdüler çagalary rahatlandyrmak, uklatmak üçin aýdylýan çeper bentlerdir.

Olarda ýaşajyk çaganyň geljekde oňat adam bolup ýetişmegini arzuw edýän islegler, guwanç hem begenç beýan edilýer.

Hüwdüler, esasan, iki topara bölünip, olaryň birnäçesi oglanlara, birneçesi hem gyzlara degişlidir. Oglanlara bagyşlanyp aýdylýan hüwdülerde, köplenç, olaryň edermen, batyr, güýçli hem gaýduwsyz bolmaklary arzuw edilýer.

Gyzlar hakynda aýdylýan hüwdülerde bolsa olaryň gözelligi, elleriniň hünärli bolmaklygy, arassalygy we şuňa meňzeş oňat  hesiýetli bolup ýetişmekleri arzuwlanýar: Oglanlar, esasan, güýçli zatlara, gyzlar  bolsa   güle, owadan  guşlara,  towşana,  keýige meňzedilýer. Meselem:

Aýlanaýyn adyňdan,

Sallançakda badyňdan,

Bezelip ata çyksaň,

Çykarmagyn ýadyňdan.


ýa-da


Süýtden süýji görenim,

Süýtden gaýmak süzenim,

Aýa, güne bakanym,

Ady Alma dakanym.

Hüwdüleriň düzülişi lälelere meňzeşdir. Sowet   häkimiýeti döwründe dörän hüwdüler öňki dörän hüwdülerden tapawutlanýar. Onda okuwa, aň-bilime, zähmete, terbiýe çagyryş äheňleri güýçli beýan edilýer, Meselem:

Oglum okuw ýaşynda,

 Zehini bar başynda,

Eline kitap alar,

Oglan bary daşynda

ýa-da

Meniň jigim ýatjakdyr,

Gyzyl güle batjakdyr.

ulalanda köp okap,

Alymlyga ýetjekdir.

Huwwa-huw.


Hüwdüleriň lälelerden düzülişiniň tapawutly ýeri her bendiň soňunda "Huwwa-huw" setirleriniň getirlmegidir.


ŞORTA SÖZLER


Ýiti tankytly, gülküli, degişme hesiýetli, kiçi göwrümli proza eserlerine şorta sözler diýilýär.

Şorta sözlerde namartlyk, ejize ganymlyk, açgözlülik, ýalançylyk, adalatsyzlyk ýazgarylýar. Oňa Ependiniň, Myralynyň, Keminäniň; Aldar Köseniň, Japbaklaryň, Esenpoladyň, Ata Köpek Mergeniň atlary bilen baglanyşykly aýdylýan şorta sözler degişlidir.


Dilegçi we Ependi.


Günlerde bir gün bir irginsiz dilegçi Ependiden onuň eşegini daş ýere münmege soraýar. Ependi bir bahana tapyp, eşegini bermezligi ýüregine düwýär-de:

-          Hezir eşegim öýde ýok-diýip jogap berýer. Onýança eşegi aňňyraýýar. Onda ýaňky dilegçi adam:

-          Eý, Ependi, sen-o ýalançy ekeniň. Eşegiň bar ýaly-la!-diýýär.

Şonda Ependi:

-          Men ýalançy bolsam, sen ýürege düşgünç dilegçi: Sen meniň sözüme ynanýarmyň ýa eşegiň? Eger eşegiň sesine ynanýan bolsaň, bar şonuň sesine mün-de ötegit!-diýip jogap berýer.


Şorta sözler göwrüm taýdan gysby bolýarlar. Olarda göçme manyly sözler hem köp ulanylýar. kinaýa, meňzetme ýaly çepsrçilik serişdeleri ýerlikli peýdalanylýar. Olaryň dili, köplenç, halk gepleşigine golaý bolýar.

Şu we ş.m. aýratynlyklary olaryň çeperçiliginde möhüm ehmiýete eýedir.


ŞORTA SÖZLERE MYSALLAR


Keminäniň "Basym tazy bolar", "Kemine we ogry", "Içinde özümem bardym", Japbaklaryň  "Geliň, süýräp çykaralyň", "Dört bolsaň pag", "Elimize bir tüýküreliň", Myralynyň "Ikimiz ne adam dälmi", "At näme ýylgyrýar". Ata Köpekmergeniň "Kimiň adamsy", "Ilen bolsa, sypdyrma" diýen ýaly hekaýalary şorta sözlere mysaldyr.


ERTEKILER

Ertkiler türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biridir.


Ertekilerde, esasan, halkyň bagtly durmuşy, azatlyk ugundaky göreşleri, arzuw-umytlary beýanini tapyp-dyr. Ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanýar, açgözlükdir, wagşylykdan üstün çyhylýar.

Ertekiler durmuşy, fantastiki, haýwanlar hakynda ýazylan toparlara bölünýär. Olar, köplenç, "Bir bar eken, bir ýok eken" diýen jümlelerden başlanýar. Ertekilerde halkyň oý-pikiri, dünýägaraýşy, duýgy-düşünjeleri beýan edilýär. Durmuşy ertekilere "Garybyň çerkeze gidişi", "Aýazhan" ýaly ertekiler degişlidir.

Olarda adalatyň, agzybirligiň, dostlugyň, akyl-paýhasyň ýeňilmez güýji görkezilýär.

"Aýazhan" ertekisiniň gahrymany Aýazhan. Ol ýönekeý bir çopan. Özüniň ugurtapyjylygy, akyly bilen ol patyşa bolmaklyga çenli baryp ýetýär. Ýöne ol öz päliniň azmazlygy üçin çarygyny hemişe gözünüň öňünde asdyryp goýýar.

Azhanyň şu hereketleri bilen adamynyň hemişe pes pel bolmalydygyny ýatladyp durýar. Fantastik erteklere: döw, ajdarha, peri jadyly hyýaly ýaly zatlar gatnaşýarlar. Oňa "Akpamyk", "Memmetjan", "Garybyň gyzy Güljahan" ýaly ertekiler mysal bolup biler.

Haýwanlar hakyndaky ertekilere "Dört dost", "Aldanan möjek", "Küýze we tilki", "Möjek we guzy" ýaly ertekiler degişlidir. Bu hili ertekilerde haýwanlaryň obrazy arkaly adam durmuşy we hesiýeti ýüze çykarylýar. Ýolbars, gaplaň-ýyrtyjy, tilki-mekir, möjek-açgöz, goýun-pes päl hesiýetleri bilen orta çykýar.

Jadyly ertekilerde adamlar tebigatyň gara güýçlerine garşy göreş alyp barýarlar. Şol göreşlerde adamyň döw, ajdarha, al-arwah, jyn, peri ýaly güýçlerden üstün çykyşy görkezilýär. "Akpamyk" ertekisinde paýhasly sada gyzyň gabat gelen kynçylyklary ýeňmegi başaryşy görkezilýär. Akpamyk doganlaryny tapýar, olaryň hormatyna mynasyp bolýar. Doganlaryny döwler öldürensoňlar, ahy-nala çekip oturmaýar, haý diýmän, agalaryny direltmegiň ugruna çykýar. Görip gelnejeleri ony agyr güne sezewar edýärler. Akpamyk şonda-da adalata umytsyz bolmaýar. Päk ýüreklilik, hoşniýetlilik bilen zalymlyk, ejize ganymlyk, göriplik jezalandyrylýar. Adalat üstün çykýar.

Ertekide haýwanlaryň adam dilinde geplemekleri, döwüň kellesiniň kesilenden son, köp bolup gelmegi, akmaýanyň kömegi bilen ölen doganlar direlýär... Bularyň hemmesi täsin, durmuşda bolmaýan jadyly zatlardyr.

Ertekiler mazmun taýdan baý, halk fantaziýasynyň ajaýyp nagyşlaryny özünde jemleýändigi üçin mynasyp orunlaryň birini eýeleýär. Ertekiler halkyň özboluşly taryhydyr. Ertekiler diňe göwün açmak hyzmatyny ýerine ýetirmek bilen çäklenipdir. Ol halkyň durmuşynda möhüm akyl ýetirijilik, özboluşly ylym-bilim bolup hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetiripdir. Ertekilerdäki wakalar -bu durmuş hadysalaryny ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda edilen gözegçilikleriň, garaýyşlaryň netijesidir.


DESSANLAR

Dessan-şygyr bilen kyssanyň garyşyk getirilmeginden düzülen epiki eserdir.

Dessan we dessançylyk türkmen edebiýatyna, halk döredijiligine mahsus janrlaryň biridir. Dessanyň sýujeti, esasan, halk rowaýatlaryndan, ertekilerinden alynýar.

Dessanlar özleriniň häsiýetleri, temasy, ideýa-mazmuny boýunça dürli-dürli bolýar. Türkmen  edebiýatynda "Görogly" eposy, "Ýusup-Ahmet", "Aly beg-Baly beg", "Döwletýar" ýaly dessanlar gahrymançylykly dessanlara, "Leýli-Mejnun", "Zöhre-Tahyr", "Şasen-Garyp" ýaly eserlsr yşky-liriki dessanlara, "Nejeboglan" bagşylaryň durmuşyndan ýazylan dessana, "Seýpelmelek-Methaljemal", "Gül-Bilbil", "Gül-Senuber" ýaly dessanlar fantastik dessanlara degiş-lidir.

Dessanlar halk arasynda uly höwes bilen diňlenipdir. Dessany boýdan başa ýerine etirýän bagşy-sazandalara dessançylar diýlip-dir.

Dessanlar türkmen bagşylarynyň esasy repertuar çeşmesidir. Dessançy bagşylaryň hataryna türkmeniň belli bagşy-sazandalary Pälwan bagşynyň, Nazar Baganyň, Magtymguly Garlyewiň, Öwülýägulydyr Palta bagşynyň atlaryny tutmak bolar. "Görogly" eposynyň 1941-ýyldaky neşiri Pelwan bagşynyň, "Huýrlukga-Hemra" dessany bolsa Nazar Baganyň dilinden ýazylyp alyndy.