Türkmensähra internet sahypasynyň täze ýyla gutlak haty.

Täze ýyl gutly bolsun!

Täze ýylda täze doslar köp bolsun,       Täzäñ ýanyndan aýrylmasyn köneler,
Ýyl çalşyşy ýaly dost çalşyp ýörsek,     Ertesi gün dost tapmagmyzam kynalar.
                                                                                                      K.Gurbannepes

 Gadyrly ildeşler!
Ynha ýene bir gezek äleme reñk berýän ala bahar joşgun urup gapymyza geldi. Tebigatyñ ýüz keşbi gözelleşdi, görklendi. Adamzadyñ yüreginiñ-de şeýle gözelleşmegini arzu edýäris.  Şahyr aýtmyşlaýyn
«Dostlarym bahar hem gözeldir welin, Ýer görküni ynsan bezär uz eýlär.»
Şu pähimden ugr alyp täze- 1384-nji ýylda-da ile-güne bähbitli işler etmek arzuy bilen hemmäñizi BAHAR BAÝRAMY, NOWRUZ bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
                                                                                            Turkmensahra Saýty

Türkmenistan opozitsiony, Agzybirlik atly halk hereketin-den gelen Nowruz baýram üçin gutlak hat.

NOWRUZ BAÝRAMYÑYZ GUTLY BOLSUN!

Nowruz baýramy gelip ýetdi. Nowruzy türkmenler gadym döwürlerden bäri belläp gelipdirler. Meniñ çak edisime görä, Nowruz bize öz halkymyzyñ etnogenezinde uly rol oýnan parfiýaly ata-babalrymyzdan miras galan bolmaly. Çunki ”Nowruz” diýmek pehlewi dilinde – ”Täze gün” diýmegi añladýar. Nowruz gije bilen gündüziñ deñleşýän günüdir. Şol günüñ ertesini Täze ýylyñ birinji güni diýip ykrar etmek we ony tebigatdaky ullakan öwrülişik diýip dabaralandyrmak däbi irki döwürlerde başlapdyr.

Meger, bu türkmen halkynyñ ekrançylyga we oturymly ýaşaýyşa geçen taýpalarynda has tebigy we has dabaraly baýramcylyga öwrülendir. Sebäbi çarwalar üçin Täze ýylyñ alamatlary Nowruzdan biraz irräk başlanýar. Ýalñyşmaýan bolsam, ol gün Europa sene hasaby bilen 22-nji fevrala gabat gelýär. Depe-düzleriñ ýaşyl öwüsmegi we täze dogan guzularyñ enaýyja mäleşmesi çarwalar üçin Täze ýylyñ iñ ýakymly alamatlarydyr. Goýykmak we oguz süýdi bu dabarany has-da artdyrýar.

Emma çyn Nowruz gelende onuñ lezzeti aýratyn bolýar! Howa şol günlerde iñ soñky gezek diýen ýaly bir bozulyp, çalaragedin sowap alýar-da, soñra ymykly ýaz günleri gelýär, daşary gutarnykly maýlap, uly il ýaza çykýar. Töweregiñ görki artyp, miweli baglar gülläp, guşlar adam dilinde gürläýjek-gürläýjek, adamlaram guş dilinde saýraýjak bolýarlar!..

Sovet häkimiýeti döwründe Türkmenistanda Nowruz baýramy resmi taýdan bellenmezdi, bellänlerem halanmazdy. Şonuñ üçinem bu baýram ýuwaş-ýuwaşdan galyşdy, ýiteñkirledi. Ýadyma düşýär, biz oglankak obalarda entek her halda Nowruz azda-kände ýatlanardy. Köne däpleri saklaýan obalarda ýek-tük semene bişirenem tapylardy. Göwni jomart adamlar goñşy-golama her hili süýji zatlary dadyrmaga çalşardylar. Emma soñ-soñlar bu zatlar galyşdy, Nowruz günleri-de suslandy. Bu suslugy tebigatyñ özi ýeli-ýagmyry, ýyldyrymy bilen bozaýmasa, adamlar oña çäre edip bilmediler.

SSSR-iñ ýykylmagy we Türkmenistanyñ öz milli garaşsyzlygyna gowuşmagy bilen Nowruz Türkmenistanda ýene-de şüweleñli, hatda resmi taýdan bellenýän baýramçylyga öwrüldi.

Elbetde, Nowruzy bellemeli, ol örän owadan hem tebigatyñ ýer ýuzündäki ähli janly jandarlara, ösümliklere öñden eçilen owadan baýramçylygy! Tebigatdaky uly öwrülişik, janlanyş pursaty. Türkmenistanyñ ýerleşýän giñişliginde Nowruzyñ hözüri hasam artykmaç. Gyş geçip, ýaz, maýyl howa gelýär, töwerek-daşy gül-gülälek bezeýär. Nowruz arly ýyly dos-dogry ikä bölýär, onsoñ biziñ üçin çyn Täze ýyl baýramy, elbetde Nowruzdyr.

Ýöne, meniñ pikirimçe, biz Europa yurtlarynda we tas bütin dünýäde umumy bellenýän Täze ýyl baýramyndan-da ýüz öwürmeli däl. Sebäbi eýýäm 100 ýyldan gowrak wagt bäri Europa sene hasaby boýunça 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilýän gije Täze ýyly bellemek Türkmenistanda-da düýpli ornaşan. Ýüz ýyldan gowrak wagt bäri ýöredilip gelinýän owadan däpden ýüz öwürmegiñ näme zerurlygy bar? Galyberse-de, diñe bizde däl, dünýäniñ köp halklarynda täze ýyly iki gezek – öz köne milli däplerine we Europa däbine görä bellemek – adaty ýagdaý. Goý, bu biziñ dünýä halklary bilen raýdaşlygymyzy alamatlandyrsyn.

Nowruz baýramyñyz gutly bolsun gadyrly ildeşler! Täze ýylda siziñ hemmäñize täze bagt, täze üstünlikler ýar bolsun!

A.Welsapar, ýazyjy

Bahar ( Nowruz) baýram gutly bolsun

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,

Edirler awaz urup, dag kylar duman peýda,

Bijanlar jana girip, edirler dahan peýda,

Wabeste dahan guşlar kylarlar zaban peýda.

Magtymguly

Ir zamanlar-dan bellenip gelinýän BAHAR( NOWRUZ) baýramy,  ähli Türkmenlere we hemme watandaşlaramyza tüýs ýürekden gutlamak bile hemmelerine jan saglyk we gün saýin üstünlikler arzu etýäris.

Taryhyň çümişinde,  ynsanlar gaty ir wagtlar-dan bäri ýaz( bahar) pasly gelende tebigatda başlanýän ýakymly üýtgemeleri toý tutup garşy alypdyrlar. Emma  tebigatda gaýtalanap duran bu özgerişigi, “tagwim jelali“ atly kalandar düzülene çenli haýsy gün başlanýanlygyny bilmän bir iki aýyň inçinde aýry-aýry günlerde baýram geçirip gelipdirler.

Bu mesele ilkinji gezek Türkmen soltany Jelalätdin Mälikşah Saljugynyň beren buýrugy bile hijiri-şämsi kalandary döredilende çözilipdir. Ol kalandarda gyşyň soňynda gije bile gündiziň deňleşen wagtyny ýaz paslyň hemde hijiri-şämsi ýylyň başlanýan wagty edilipdir,  we 21-nji Mart gününe gabat gelýän şol güne NOWRUZ ady beripdir. 

Hijiri-şämsi kalandary boýunça üstümizdäki 2005-nji milady ýylyň bahar paslynyň başlanmagy bile, 1384-nji hijiri-şämsi ýyly hem-de Nowrz baýramy başlanýar.  Biz, ähli Türkmenlere we iranli watandaşlarmyzy täze hijiri-şämsi ýyly hem Nowruz baýramy gutlamak bile ýagşy arzuw etýäris.

   ediýat-we-sungat.com internet sahypa we

 “Türkmen ediýaty we sungaty” paltak otogyň adminleri

16-3-2005