Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

ALKYŞLAR WE DILEGLER

Adama ruhy duýgy berýän, onda hyruç, joşgun döredýän dana sözlemlere (söz düzümlerine) alkyşlar we dilegler diýilýär.

Alladan gaýtsyn!

Aýdanyň gelsin!

Alnyň açyk bolsun!

Agşamyňyz haýyrly bolsun!

Alla kuwwat bersin!

Armaweri!

Aýagy düşümli bolsun!

Bagtyňyz açyk bolsun!

Başyňyz dik bolsun!

Beladan-beterden,

howpdan-hatardan saklasyn!

Biriň müň bolsun!

Watandan aýyrmasyn!

Watanymyz abat dursun!

Watana wepaly ogul bolup ýetişsin!

Gadamyň batly bolsun!

Garrylara Allah güýç-kuwwat bersin!

Giden ýerinden getirsin, eden işin bitirsin!

Gözüň aýdyň!

Gum diýip garbanyň gyzyl bolsun!

Döwletiň yrylmasyn!

Dünýä dursun, Türkmenistan dursun!

Ýoluň ak bolsun, ýodaşyň Hak!

Ýurt gutly bolsun!

Ýatmaly etmesin!

Ýaradanyň özi gorasyn!

Ýalňyş ýoldan ýöremeli bolmasyn!

Ýaşyň uzak bolsun!

Jaýy jennet bolsun!

Jany sagyň maly tükel!