LÄLELER

Läleler gelin-gyzlar tarapyndan döredilip, olarda belli bir waka, aýratyn başdan geçirmeler, isleg-arzuwlar beýan edilýär.

Agaçlar saýa bolar,
Golaýda gaýa bolar,
Bolgusyza duş bolsaň,
Ömüriň zaýa bolar.

Ak gaýanyň ýollary,
Dolamadyr donlary,
Didäm orak oranda,
Agyrmasyn billeri.

Beden ýar-a, beden ýar,
Aklym haýran eden ýar,
Owal-a beýle däldiň,
Meger, gepe giden ýar.

Bu daglar bolmasaýdy,
Geýenim solmasaýdy,
Deň-duşlarym, aý gyzlar,
Aýralyk bolmasaýdy.

Dutaryň perde-perde,
Her perdesi bir ýerde,
Ýagşy gyz ýaman ýerde,
Men ýanaýyn şol derde.

Suwa gitdim tas bilen,
Suw aldym höwes bilen,
Ýary ýardan aýranyň,
Güni geçsin ýas bilen.

Suw akar, kenar gider,
Şu janym ýanar gider,
Degmäň gyzyň göwnüne,
Myhmandyr, gonar gider.

Çykdym gala pesdine,
Dogan gördüm dessine,
Dogan orak orýança,
Saýa boldum üstüne.