Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

Haýsy-da bolsa bir hadysa ýa-da zada degişli göçme manyda aýdylyp, jogabyny oýlap tapmaly soraga matal diýilýär.

    Agzy gyzyl alamat, içi doly kyýamat, hassa girer sag çykar, bu nähili keramat (tamdyr bilen çörek).


    Agyl doly akja guzy, ertir tursam ýokja guzy (ýyldyz).


    Asty gaty, üsti gaty, arasynda haram eti (pyşdyl).


    Atdan beýik, itden pes (eýer).


    Başy-darak, guýrugy-orak (horaz).


    Bir küýzede iki suw (ýumurtga).


    Bir zadym bar, daşa ursam döwülmeýär, suwa ursam döwülýär (kagyz).


    Daşy-oýunjak, içi-möjek (pile).


    Dona bürenmez, göze görünmez (ses).


    Gara güjük ýatyr-üýrmezek, öýe adam goýbermezek (gulp).


    Gider-geler, ýol almaz (sallançak).


    Eýesinden ýüz görmez, adam hatyryn bilmez (terezi).


    Esetdi, esetdi, çirkin ses etdi (tüpeň).


    Enem-atam bir ýüzük berdi, ýere gömsem çüýremez, gora gömsem tütemez (adam ady).


    Iýmäge heserlije, on bir gat ak donluja (sogan).


    Iki enäniň on ogly, hemmesiniň ady bar (iki eliň on barmagy).


    Iň güýçsüziň güýçlülerden hökmi zor (çaga).


    Kuwwaty-ýel, ölümi-suw (ot).


    Kyrk günlük ömri bar, dört uka emri bar (gurçuk).


    Men gidýärin, ol galýar (yz).


    Suwda biter, suwda ýiter (duz).


    Hamy daşynda, tüýi içinde (içmek).


    Ýaş gününde orak ýaly, orta ýaşda çörek ýaly ().


    Ýeri ak, tohumy gara; el bilen ekerler, dil bilen orarlar (hat).