Aý dogar gädiginden,
Tanadym ädiginden,
Baryň aýdyň oglana,
Dänmesin diýdiginden.

Ak towuk, ala towuk,
Säher gygyran towuk,
Biz ýara näme diýdik,
Ýaz bizden näme sowuk?

Sary donuň geýipsiň,
Teläre söýenipsiň,
Ahy-zaryň men çekýän,
Sen mäne saralypsyň?

Nowruz geldi, ýaz geldi,
Garga geldi, gaz geldi,
Oturan adamlara
Bilbilden owaz geldi.

Nowruz geldi bu gije,
Gyzlar atarlar bije,
Kimiň bijesi çyksa,
Baýragy horaz-jüýje.

Baga girene gurban,
Gülün düýrene gurban,
Men-ä ýary görmedim,
Ýary görene gurban.

Gaýyşdan-a, gaýyşdan,
Atyň boýny kümüşden,
Ýaryňy toýda gördüm -
Horjuny doly kümüşden.

Iki öýmüziň arasy,
Gün görünmez parasy,
Göz görse, göwün söýse,
Asla bolmaz çäresi.

Çeşme-çeşme, çeşdim ýar,
Salam berip geçdim, ýar!
Şu salamym almasaň,
Men hem senden geçdim, ýar!

Tamymyz-a, tamymyz,
Goşadyr eýwanymyz,
Sen ondan çyk, men mundan -
Kör bolsun duşmanymyz!