Öleňler toý aýdymlarydyr.

Aý, öleň-ä, aý, öleň,
Öleň barmy, ýar-ýar.
Ýat illere gyzyn satyp,
Gülen barmy, ýar-ýar.

Asmandaky ýyldyzy,
Atam-atam, ýar-ýar,
Öz gyzyny ýat ýere
Satan atam, ýar-ýar.

Altyn-kümüş tagtymy,
Ýykypdyrlar-la, lerzan,
Besläp goýan bagtymy,
Ýakypdyrlar-la, lerzan.

Sogan başy solanda,
“Solduň” diýgin, ene jan.
Ýandak başy ýananda,
“Ýandyň” diýgin, ene jan.