Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

Sanawaçlar çagalara degişli.


Iňňe-iňňe, ujy diňňe, bal-balyna, şek-şekine, şatyr geçi, gotur geçi, gola geçi,

halalaň, güpbeň, ýaryl, böwsül, çomakaý, çortakaý-tur, sen-çyk!

* * *

Hütdi-hütdi, bil-bil ütdi, çökdi kömür, çek aýak.

* * *

Apak, mapak, ýagşy, ýaman, ýüpek.

* * *

Öwek-öwek,
Towşan döwek,
Bilbil saýrak,
Sesi ýaýrak,
Derýa akar,
Suwun çeker,
Çekdi kümüş,
Çek aýak!

* * *

Ekem-ekem,
Arpa çekem,
Ýola bakam,
Gözüm dikem,
Gyzyl towuk,
Gyrma towuk,
Jyňňyrdawuk
Çek aýak!

* * *

-Iki çopan uruşdy,
Biri gana bulaşdy,
-Onuň ganyn kim süpir?
-Ak sakgally pir süpir.
-Pirim gitdi oduna,
Palta degdi buduna.
-Palta däldir, gamyşdyr,
On barmagy kümüşdir.
-Kümüşimi ýitirdim,
Hana habar ýetirdim,
Hanyň aty kişňeýär.
-Näme diýip kişňeýär?
-Arpa diýip kişňeýär.
-Arpany nirden aljak?
-Çaýyň düýbünden aljak.
-Çaýyň düýbi çalmydy?
Baýyň dili lalmydy?