Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

ŞORTA SÖZLER


ÇORBANYŇ ÇORBASY


Günlerde bir gün bir daýhan Ependä towşan getirip beripdir.Bir hepdeden soňra şol daýhan ýene Ependiniňkä gelipdir.

Ependi ony tanamadyk bolýarmyş.
Ol daýhan:
-Men geçen hepdede saňa towşan getirip beren adam-diýip, özüni tanadypdyr. Ependi göwünli-göwünsiz:
-Öýe gireliň-diýipdir hem-de onuň öňünde çorba goýupdyr. Ol:
-Towşan çorbasydyr, alyň myhman! - diýip, kakdyryp gürläpdir.
Aradan ep-esli gün geçenden soň, Ependiniň öýüne bir topar daýhan gelip, hezzet-hormat tamakin bolupdyrlar. Olar:
-Biz şol towşan getirip beren daýhanyň goňşulary bolarys-diyipdirler. Ependi tapan-tupanlaryndan bulara-da hezzet edipdir.
Bir hepdeden soň ýene bir topar daýhan gelipdir.
-Siz nireden? -diýip, Ependi olardan soranda:
-Saňa towşan getirip beren daýhanyň goňşularynyň goňşulary-diyip jogap beripdirler.
-Geçiň oturyň!-diyip, Ependi olary myhman alypdyr hem-de ýaňky daýhanlaryň öňüne bir tabak suw getirip goýupdyr.

Daýhanlar geň galypdyrlar. Tabaga seredişip:
-Ependi bu näme?-diýip sorapdyrlar. Ependi bolsa:
-Bu çorbanyň çorbasynyň çorbasy-diyip jogap beripdir


.

EPENDI BILEN GEDAÝ


Bir gün Ependi öýünde otyrka, biri onuň gapysyny kakypdyr. Ependi:
-Kim bolarsyň, näme gerek?-diýip, ondan sorapdyr.
Bir zaryn ses:
-Aşak düşüň-diýip jogap beripdir. Ependi aşak düşüp, gapynyň agzyna baranda, gapyda duran gedaý:
-Bir zatjagaz sadaka beriň!-diýipdir. Oňa Ependiniň gahary gelipdir, ýöne syr bildirmän:
-Ýokary çyk!-diýipdir. Biçare gedaý ýokaryk çykyp, Ependiniň oturan jaýyna baranda:
-Saňa Alla rehim etsin, mende saňa bererlik zat ýok-diýipdir.
Gedaý bu bolşa haýran galyp:
-Bu näme etdigiň? Eger boş gaýtarjak bolsaň, aşakdakam jogabymy berip göýberseň bolmaýarmy?-diýipdir.
Ependi hem oňa:
-Sen näme dilejek sadakaňy meni aşak düşürmän diläp bilmediňmi?-diýipdir.


.

HOJAŞYŇ HEKAÝATLARYNDAN

* * *

Hojaş özüniň çalarak tanyşlarynyň birki sanysy bilen gabat gelşip, özara  gürrüň edişip duran ekeni.  Şonda birden onuň ýoldaşlary Hojaşyň ustaşyry seredişipdirler-de:

— Bäh, bäh edip dirije ýandyrjak — diýşip, başlaryny ýaýkşypdyrlar.

Hojaş yzyna gaňrylyp ser etse, ho-ol aňyrrakdan bezemen geýnen maşgalasy Bahargül geçip barýan eken, Oňa az salym wagt seredip duran Hojaşam:

— Hawa, sizi daşy ýakýar, meni bolsa açi — diýipdir,

* * *

— Gaýtargysyndan ýonýan, sünkli çekip, kem berýän, şonda-da ulakan bir galyp barýan zat ýok — diýip, bir gün Hojaşyň et dükänynda işleýän dostlarynyň biri zeýrenen.

Onda Hojaş:

— Onuň ýaly bolsa, puluny alyp, etini bermezler – diýen.

* * *

 

Hojaş bir gün deri Tabşyrmak üçin kabul ediş punktuna baran.

Deri alyjy:

— Öz deriňizmi? — diýip sorapdyr,

Hojaş aljyramandyr. Ol:

—  Ýok, göläňki — diýip, jogap beripdir.

* * *

 

Hojaş uly utuşa bir nomer ýetmäni uçin bir manat berilmeli lotareýasynyň hakyny idäp kassa barypdyr. Kassada oturan gyz lotareýany alyp:

— Näme düşdi? — diýip gyzyklanýar,

Hojaş:

— Maşyn -diýip, bu ýerde-de degişmek isläpdir.

Kassir gyz lotereýany barlap bolup:

— Gutlaýan, gidip maşynyňyzy «Çagalar dünýäsi»    magazininden alyp bilersiňiz — diýildir-de, onuň eline bir manat tutdurypdyr,

ARSLAN MÄTEROW.