Alkyşlar we dilegler Küştdepmele Monjugatdylar Şorta sözler
Hüwdiler Läleler Nakyllar Ýaňyltmaçlar
Öleňler Matallar Sanawaçlar Ýomaklar
Yrym we ynaçlar

ÝOMAKLAR

Durmuşdaky zatlar esasynda döredilip, oturylyşykda, meýlisde ýa-da iki adamyň arasynda aýdylýan degişme-güýç

synanyşma häsiýetli meňzetmelere ýomak diýilýär.


  • Bolup barşyň nähili - agaç ýuwdan ýaly.
  • Bolup gelşiň nähili - ekinden kowlan otçy ýaly.
  • Ýörişiň nähili - aýaklanmadyk köşek ýaly.
  • Sesiň dagy nähili - döwük kädä ýel düşen ýaly.
  • Kelläň nähili - kesek gysan gawun ýaly.
  • Dişiň nähili - ýyl aşan süňk ýaly.
  • Telpegiň nähili - haram ölen goýnuň derisi ýaly.
  • Tahýaň nähili - ýarty garpyz ýaly.
  • Garantga bol-a!
  • Doňňar-a daş bol-a!
  • Zemzen bol-a!
  • Balyk bol-a!
  • Sygyr bol-a!