BIS
| |||
BISABYR [bi:sabyr], ser. S a b y r s y z. Bisabyrlar asla adam hem däldir (Şekspir, Otello). BISABYRLYK [bi:sabyrlyk],ser. Sabyrsyzlyk. Ýeri, Kazbiçe näme boldy?diýip, men bisabyrlyk bilen ştabs-kapitandan soradym (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany). Haýt-haýt, Görogly, bisabyrlyk etme! («Görogly» eposy). BISAÝHAL [bi:saýhal], ser.Saýhalsyz. BISAKGAL [bigsakgal], ser. S a k g a l s y z. Ine bu bisakgal ýigit bolsa biziň respublikamyzyň belli traktorçylarynyň biri (N. Pomma, Sebäbini son bildim). ^ BISAN [bi:sa:n], ser. S a n s-y z. Ugursyz sözlerim goýdy-la bisan (Mollamurt, Saýlanan eserler). BISARPA [bigsarpa], Tygşytsyz, ýerliksiz, biderek, boş, sarpasyz. Men wagtymy bisarpa tutman okadym (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Emma ýüregiňizi ýerinde saklaň, okuňyzy bisarpa harçlamaň! diýip, ýigitlerine tabşyrdy (A. Gowşudow, Mähri Wepa). BISEBÄP [bihebäp], ser. Sebäpsiz. Jenap, halk hiç wagt bisebäp aýaga galanok («Sowet edebiýaty» žurnaly) BISERESAP [bi:seresa:p], ser. S e r e s a p s y z Seresap gep- daşa gala, biseresap gep başa bela BISERESAPLYK [bi:seresa:plyk], ser. S e r e s a p s y z l y k. B1WISKWI'T, Süýji kökäniň bir görnüşi. BISMIL, med. Adamyň topugyna, dyzyna çykýan ýara süňk ýaryp çykýan ýara. BISYRAT [bi:sy:rat], 1. ser. Syratsyz. Özüniňki eken beýle bisyrat edilip «Tokmakda» çekilen surat («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. göç. m. Utançsyz, ugursyz, bolgusyz, bihepbe. Serediň, bu bisyratiň ýüzüne. Ol bisyrat küştde utulandan dawalaşanyny, urşanyny özüne abraý hem batyrlyk bilýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). BISÄHET [bi:sähet], Sähet däl, sähet hasaplanmaýan. Bisähet gün at bakmasaň, sähetli gün at tapdyrmaz (nakyl). |