BLO

BLOK I, teh. Agyr ýükleri galdyrmak üçin ýönekeý gurluş.

Bloklar ýükleriň ornuny üýtgetmek üçin ulanylýar («Fizika kursy»).


BLOK II, syýasy. Döwletleriň, syýasy partiýalaryň, toparlaryň bilelikde hereket etmek üçin ylalaşygy, bileleşigi. Kommunistler bilen partiýada dällerin, blogy.

BLOKGA'UZ, harby. Goranmak üçin daýanç punkty bolup hyzmat edýän we ok atmak üçin degişli bolan jaý, ýer.


BLOKIRLEMEK, 1. harby. Gurşap almak, gabamak.

2. d. ýo. Aýratyn signallaryň kömegi bilen ýoly beklemek, ýapmak.


BLOKIRLENMEK, harby. Gurşalyp alynmak, gabalmak.

2. d. ýo. Aýratyn signallaryň kömegi bilen ýoly beklenmek, ýapylmak.


BLOKNO'T, Kagyzy ýyrtylyp aýrylýan ýazuw depderçesi. Elleri bloknotly ýaş fizikler elektrik mehanizmleriniň daşyna üýşdüler («Pioner» žurnaly). Wekil onuň adyny bloknotyna aýratyn bellik etdi (J. Akyew, Mergeniň ogly).