SÖZLÜG ; B- HARPY;

BÝUJET, maliýe. Girdeji we çykdajylaryň smetasy. Sowet döwlet býujeti kommunizm gurmagyň möhüm ýaragydyr. SSSR-iň döwlet býujeti buržuaz döwletleriň býujetinden düýpgäter tapawutlanýar. Deputatlar respublikanyň býujeti hakynda maliýe ministriniň dokladyny diňlediler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÝULLETE'NЬ, 1. Jemgyýetçilik ähmiýeti bar bolan waka hakynda gysgajyk habar.

2. Käbir döwurleýin neşirleriň ady.

3. Saýlaw listogy. Hemmejämiz gola býulletenь alyp, Halkyň gowy ogullarna ses bereris (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

4. Işe ýarawsyzlyk, syrkawlyk barada berilýän listok.


BÝURO', 1. Käbir organlaryň iolbaşçy bölümleriniň ady. Siz bilen pikir alyşmak üçin, raýkomyň býuro çlenleri meni şu ýygnaga iberdi (N. Pomma, Sebäbini son bildim).

2. Käbir edaralaryň atlary. Ol köpden beri howa býurosynda işleýär.


BÝUROKRAT, Býurokratizmiň ýarany, býurokratizmiň tarapdary. Onda ähli býurokratlaryň iş wagtyny peýdasiz ýygnaklar, maslahatlar geçirmäge sarp edendikleriniň üstünden gülünýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BÝUROKRATI'ZM, 1. Buržuaziýa döwletlerinde: agalyk edýän synplaryň bähbidini goraýan edara ediş sistemasy.

2. göç. m. Hakyky işe üns bermän,oňa formal garaýjylyk, kantselýariýaçylyk. Gaýra goýulmasyz meseleleri çözmekde býurokratizme ýol bermeli däl-dir.


BÝUROKRATIK, Býurokratiýa esaslanýan, bgýurokratiýa has bolan. Býurokratik diktatura. Býurokratik absolýutizm.


BÝUROKRATIÝA, Buržuaziýa döwletlerinde: halkyň bähbidine perwaýsyz garaýan ýokary çinowniklik administratsiýasy.


BÝUROKRATLYK, Býurokrat bolmaklyk, býurokratyň ýagdaýy.


BÝUST, Adamyň bilinden ýokarsynyn skuluptura şekili. Leniniň býusty kese goýlan stoluň ortasynda durýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Rus halkynyň beýik şahyry M. ÝU. Lermontowyň bürünçden edilen býustuny goýupdyrlar (N. Pomma, Sebäbnni soň bildim).


BÝUSTGA'LTER, Göwsi göterip saklamak üçin geýilýän göwüslik (aýallar hakynda).