SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GRA

GRA'DUS, 1. Töweregiň 360/1-ne deň bolan duga we burç ölçeg birligi. Bir gradusa gyşarsaň agyr batgalyga çümýersiň (A. Gowşudow, Eserler).

2. Sowuklyk, yssylyk ölçelýän gurallarda (termometrde, barometr- de) bölünen çyzyklar. Mekgejöweni toprak on santimetr çuňlukda on-on-iki gradus temperatura çenli ýylandan soň ekmek gerek («Mekgejöwenden ýokary hasyly nähili almaly»).


GRA'DUSNIK, Gyzgynlygy ölçemek üçin çüýşeden ýasalan içi simaply gural. Wraç gradusnygy goltugyna saldy.


GRAŽDAN, Konstitutsiýanyň ähli hukuklaryndan doly peýdalanýan, konstitutsiýanyň düzgünlerini berjaý edýän we bir döwletiň hemişelik ýaşaýan ilatynyň sostawyna girýän oturymly adam. Zähmete ukyply her bir adamynyň sap ýürekli zähmet çekmegi — munuň özi graždanlaryň esasy borjudyr («Sowet Türkmenistany» gazeti). Sowet graždany üçin sowet topragynyň hemmesi bir dälmi? (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GRAŽDANLYK, Bir döwletiň graždany hatarynda bolup, graždanyň hukugyndan peýdalanmak ýagdaýy. Graždanlyk hukugy.


GRAM, 1 kub santimetr suwuň agramyna deň bolan agyrlyk ölçeg birligi. Her hanasyn bir gramdan hasaplap, Diýýär: — Biz ýaryşda galmarys yza (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ýüz gram ýag.


GRAMMATIK, Grammatika degişli bolan. Diliň grammatik gurluşy. Grammatik, kadalar.


GRAMMA'TIKA, 1. Dil biliminde: sözleriň üýtgeýşini we sözlemde olaryň biri-biri bilen baglanyşyny öwrenýän bölümi. Ol rus dilini, grammatika kanunlaryny bilmäni üçin, ofitser ony dilmaçlyga kobul etmändi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Grammatik düzgünleri jemleýän okuw kitaby.


GRAMMATI'ST, Grammatikadan spetsialist.

GRAMMOFUN, Kart aýtdyrmak üçin üsti turbaly saz apparaty, turbaly (ruporly) patefon, sandyk bagşy. Oglanyň burny göýä diýýersiň grammofon turbasy ýaly (M. Ibrahimow, Ol gün gelýer). Grammofon. plastinkasynyň biri kyrk bäş minutlap aýtdyrylýar («Pionýer» žurnaly).


GRAN, 0,062 grama deň bolan aptekarь agyrlyk ölçegi.


GRANA'T I, Garamtyl-gyzyl reňkli gymmat baha daş.


GRANAT II, El bilen zyňylýan partlaýjy ýarag, snarýad.  Komandir granatyny eline aldy,    awtomatlaryň hemmesi içki gapa baka uzady (A.Gowşudow, Mähri—Wepa). Watan ogly, göreşseň partizanlar, Granat ýagdyryp otlar sowurýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

GRANATOMÝOT, harby. Granat atýan ýarag.


GRANIT, Kwartsdan, meýdan şpatyndan we slýudadan emele gelen digir-digir, daş pisint gaty dag jisimi.Granitden ýasalan ymaratlar we desgalar pugta bolýarlar  (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat). Biziň ýurdumyzyň halklarynyň dostlugy granit ýaly býerkdir.


GRANKA, poligr. Çap ediljek bolup ýyglan tekstiň deslapky maşyn nusgasy, heniz sahypalaşdyrylmadyk ottisk.


GRAF, Dworýanlara baronlyk derejesinden soňky berilýän tytul.

GRAFIK, 1. Dürli-dürli protsesleriň mukdar taýday baglydygyny çyzyklar arkaly şekillendirýän diagramma. Atmosfera basyşynyň üýtgeýşiniň grafigi

2. Normany we onuň ýerine ýetirmeli wagtyny aýdyň, açyk görkezýän iş plany. Işleriň grafigini kolhozyň agrotehnigi düzýär (W. Z. Raenko, ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


GRA'FIKA, 1. Reňk çalyp däl-de, diňe çyzyklar we çyzyklar arkaly suraty şekillendiriş sungaty hem-de şeýle usul bilen döredilen eser.

2. lingw. Ýazuwda ulanylýan  belgileriň, harplaryň şekili.  Türkmen diliniň grafikasy.


GRAFIKI,  Grafika,   şekillendiriş sungatyna degişli  bolan. Grafika surat.


GRAFIN,   Suw,  çakyr   we   ş.   m.   suwuklykla ýaly inçe uzyn bokurdakly gap.  Ol suwly grafini tarap elini uzatdy   (B. kerbabaew, Aýsoltan). Hoşgeldi elindäki doly grafini stoluň üstünde goýdi (A.Gowşudow,   Köpetdagyň  eteginde).


GRAFI'T, 1. Galamyň içindäki inçejik garany we ş. m. taýýarlamak üçin ulanylýan mineral, dürli

görnüşli uglerod.

2. Galamyň içindäki gara.


GRAFOLOG, Grafologiýadan spetsialist, grafologiýa bilen meşgullanýan adam.


GRAFOLOGIK, Grafologiýa degişli  bolan.


GRAFOLOGIÝA, Adamyň gylyk-häsiýetini maksady bilen onuň hat ýazyşyny öwrenmeklik.


GRAFÇYLYK,  Grafyň ýagdaýy.