SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IBE

IBL

IBERIJI [i:berijl], Zat iberýän adam  (posýolka, hat we ş.m ).

IBERMEK,[i:berilmek], Bir ýere ugradylmak,ýollanylmak, göndirilmek. (birini ýa-da bir zady). Aşgabat-da syýasy taýdan giň düşünjeli, başarjaň partiýa işgäriniň iberilmegini talap etdi.Aşgabada iberilmegiň barada men seniň eliňe hat bereýin (B.kerbabaew Aýgytly ädim). Raýon we oblast edaralarynyňonlarça işgärleri Moskwa we Aşgabada wagtly-wagtynda okuwa iberilip durulýar  («Sowet edebiýaty»žurnaly). Bu gyz raýondan biziň artelimiziň başlygy edilip iberilipdir (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

IBERIŞDIRMEK [i:berişdirmek], Köp mukdardaky zady dürli ýerlere ibermek, ýollamak. Awtoreferaty dürli ýerlerdäki ýokary okuw jaýlaryna iberişdirdim.

IBERIŞMEK [i-berişmek], Bir zady bir ýere ugratmaga, ýollamaga, göndermäge kömekleşmek

IBERMEK [i:bermek], Birini ýa-da bir zady bir ýere ugratmak, ýollamak, göndermek. Ejegülüň niýeti adama zar bolmazlyk, çagalaryny gowy geýindirip, mekdebe ibermek, gowy jaýlarda ýaşamakdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Aşgabatdan Gyzylarbada, Guşga hem başga bir näçe ýerlere öz ündewçilerini iberdiler. Eziz atly iberip, ogurlyk ýöňkelýän ýigidi getirtdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sowet halkyny altyn şöhleli matalar bilen geýindirmek seniň zähmetiňe, seniň iberen pagtaňa bagly (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

IBERTMEK [i:bertmek], Birini ýa-da bir zady bir ýere ugratdyrmak, ýollatmak, göndertmek. Meni Tährana çagyrýan-da siz, başga ýere ibertjek bolýan-da siz (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).