SÖZLÜG ; J- HARPY;
JOG

JOGAP [joga:p], 1. Sorag zerarly ýüze çykýan pikir. Sowallar üçin hem öz ýanyndan jogap besläp gelipdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Alnan hata ýa-da başga bir zada bolan gaýtargy. Göwnüm gülaçansoň ýazan hatyňa, Men hem saňa jogap ýazýan, eý Bibi! (N. Pomma, Saýlanan eserler).

3. Matematikada: mesele çözülende çykýan ahyrky netije.

4. Ygtyýar, razylyk, rugsat. Atasyndan jogap alyp, pata alyp gidiberdi («Görogly» eposy).


JOGAPKÄR [joga:pkär], Öz hereketiň, bolşuň, gulluk ýagdaýyň we ş. m. üçin jogap berip bilerlik hukuga we borja eýe bolan. Okuwçylaryň zähmet terbiýesi üçin mekdep jogapkär bolsa-da, maşgalada degişli zähmete fiziki terbiýe bolmadyk wagtynda, ol bu wezipä hötde gelip bilmez (I. T. Ogorodnikow, P. N Şimbiriow, Pedagogika). Ol uçastogyň ähli işine jogapkär ahyryn («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JOGAPKÄRLI [joga:pkärli], 1. Örän möhüm, wajyp. Bu örän jogapkärli we hormatly iş («Pioner» žurnaly). Ertir siziň jogapkärli dokladyňyz bardyr («Ýaş kommunist» gazeti).

2. Garamaty köp bolan, jogapkärçilikli. Jogapkärli wezipe.


JOGAPKÄRLIK [joga:pkärlik], Öz hereketiň, bolşuň, gulluk ýagdaýyň we ş. m. üçin jogapkär bolmaklyk. Olar üçin jogap bermeklige borçlulyk Şeýle jogapkerligiň boýnuňda boldugyna düşünmegiň özi şeýle agyr işi ýerine ýetirip biljegiňi görkezýär (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


JOGAPKÄRSIZ [jog:apkärsiz], Jogapkärçiligiň bolmadyk, jogapkärçilik çekmeýän, jogapkärçiligi ýok bolan. Işe jogapkersiz garamak bolmaz.


JOGAPKÄRSIZLIK [joga:pkärsizlik], Jogapkärçiligi bolmazlyk, jogapkärçilik çekmezlik, jogapkärçilik ýokluk. Aýala äsgermezlik bilen garamak, hormat goýmazlyk we çagalara jogapkersizlik bilen garamak, jynsy bozuklygyň esasy bolup durýar (I T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


JOGAPKÄRÇILIK [joga:pkärçilik], ser. Jogapkärlik. Sie özüňiziň şol kesbiňiz bilen halkyň öňünde jogapkerçilik çekmeli bolarsyňyz («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu zer-zaýaçylyk üçin sizi jogapkärçilige çekmeli (B. Pürliew, Söýgi mukamy).


JOGAPSYZ [joga:psyz], 1. Jogap berilmedik, gaýtargysyz. Soragy jogapsyz goýmady («Zähmet gahrymanlary»).

2. Jogaby görkezilmedik (matematikada). Jogapsyz mesele.

3. Ygtyýarsyz, razylyk berilmedik, rugsatsyz.