JÖWEN, Uzyn boýly, çiňrik görnüşli ösümlik we onuň galla hökmünde peýdalanylýan seçmä meňzeş ak dänesi, hasyly. Köjelik jöwenimiz hem öz ýanymyzdan indi.« (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Jöwen, mekgejöwen diýilýän zat suw bolsa boluberjek ekeni «Sowet edebiýaty» žurnaly). JÖWENEK, Buz halynda ýagýan togalajyk ýagyn. JÖWENLIK, Köp jöwenli ýer, jöweniň köp ekilen ýeri. Jöwenligiň aşak çetinden kiçiräk bir tam göründi.(«Sowet edebiýaty» žurnaly). JÖWZA [jöwza:], Gün şöhlesiniň güýçli gyzdyrýan wagty, tomsuň yssy günleri, ýangynly yssy. Gyşyň şatlama sowuklarynda-da, tomsuň jöwzasynda-da elşdam gök öwsüp oturan gür tokaý hem şu mahal bir hili reňk içyp, ýaldyrap ýaşyl öwüsýärdi (A. Gowşudow, MehriWepa). Sary aga gyzgyn günüň jöwzasy astyn-da ýanyp saralan giň düzlüge perwaýsyz nazar saldy (G. Kulyew, Köpetdagyň, aňyrsynda). JÖWLAN [jöwla:n]: jöwlan urmak eýläk-beýlek çapalanmak, alakjamak; ýürek gysmak, darykmak. Ýaka ýyrtyp, dat edip, Jöwlan urdum gygyryp (B. Kerbabaew, Poemalar). Obamyzdaky käbir kelpeň jahyllar jöwlan urardy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Dym-dyrs gijede ýeke-täk garrynyň ýüregi jöwlan urýarýy («Sowet edebiýaty» žurnaly). JÖWHER, 1. Gymmat baha daş. Her dürli tohumlar sepýäris ýere, Erlerimiz meňzeýärler jöwhere (Durdy Gylyç, Goşgular). Jeset toprak, jan jöwherdir, Alyp bolmaz zer biläni («Türkmen halk şahyrana döredijilgi»). 2. Solmazak boýag we onuň reňki. 3. Ýokary sortly polat. Onuň egninde özüne laýyk gyrmyzy don, aýagynda formaly gara ädik, bilinde ýüzüne gyzyl çaýylan kümüş gynly jöwher gylyç bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ak süňk saply, jöwher-polat tygly ýönekeý pukara pyçakdy (A. Gowşudow, Eserler). JÖG JÖGI [jö:gi], 1. Hilegär, mekir. Olar
2. göç. m. Ýalançy, ýalan sözleýän. JÖGÜLIK [jö:gülik], 1. Hilegärlik, mekirlik. Jögülik eden bolma, seniň nämeler edip ýöreniňi men gowy bilýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol jögülige salyp özünden giden kişi bolup başlady (B;Seýtäkow, Gyz salgydy). 2. göç. m Ýalan sözlülik,ýalançylyk. |