SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KÄR


KÄR I, 1 Adamyň hünär edinen işi, ele alnan, ökdelenen hünär, senet, kesp. Bäş barmagy ýaly öwrendi Gully, Çopanlyk kärinde galmady kemi («Sowet edebiýaty> žurnaly). Kär sazandalykdyr, han aga! (N Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Iş, gulluk. Men özümiň ne kär bilen meşgul bolup ýörenimi myhman ýerime aýtmadym (N Saryhanow, Saýlanan eserler).

<> K ä r  etmek — täsir etmek. ýok, ýoldaş leýtenant, maňa sowuk kär edip bilmez (A Gowşudow, Mähri—Wepa). Pagsalaryň ini boýundan uly, Top oky kär etmez bu diwarlara  («Sowet edebiýaty » žurnaly).


KÄR  II, Isimlere goşulanda, kesp-kär bilen baglanyşykly düşünjäni, belli bir zat bilen meşgullanmagy aňladýan söz ýasaýjy goşulma.   Ol jogapkär işe bellendi. Günäkärlere sud edildi.


KÄRDERI Inerden gaýan, arwanadan bolan inen mal.


KÄRDEŞ, Bir kär, bir kesp bilen meşgul nbolýanlar. Söýgüli kärdeşim,  dostumyň biri,    Onuň bilen bile surata düşdüm (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Kitap bilen iş salyşýandyryn — diýdiňmi, ýagşy ýigit! onda ikimiz kärdeş. ekenik-dä?' (N Saryhanow eserler).


KÄRENDE,  Kireýine alnan ekin ýeri.  Pomeşşikler üçin öz ýerlerini daýhanlara kärendesine   bermak, hut öz  medeni  hojalygyny ýöretmekden behbitliräkdi. (SSSR taryhy). Onuň ene-atasy ýeri pul berip desine alýardylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄRENDEÇI, Ýeri, ekini kärendesine alan adam. Hemme kärendeçini bir  aýakdan sürmek bolmaz ahry! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kärendeçiler işe girişdiler.


KÄRIZ, Ýerasty suwlary ekerançylykda peýda üçin gazylýan guýularyň sistemasy. Ol iň suwly hasaplanýan käriziň suwundan hem bir näçe esse artykdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Oglanlynyň ýanyndaky käriz, elbetde, has amatly bolsa-da kolhozçy oňa açyk pyşgyrmaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KÄRIZGEN, Käriz gazýan işçi, ussa. Orazyň atasy kärizgen bolup işleýärdi.


KÄRSIZ, 1. Kesbi, hünäri bolmadyk, senetsiz, hünärsiz. Kärsiz adam.

2. Hiç ýerde işlemeýän, işsiz„Kärsiz gezmek.


KÄRSIZLIK, 1. Kesbi, hünäri ýokluk, kespsizlik, senetsizlik, hünärsizlik.

2. Hiç ýerde işlemezliksizlik, bikärlik. Kärsizlik adamyny irizýär.


KÄRHANA [kärha:na], Önümçilik işi bilei bolýan edara. Dürli görnüşdäki snagat kärhanalary ýüzläp sanalýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).