SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KOA

KOB

KOW

KOD

KOÝ

KOK

KOL

KOM

KON

KOO

KOP

KOR

KOS

KOT

KOF

KOÇ


KOSI'LKA, Ot ýatyrýan  maşyn. Kosilkanyň tigri çukura gidipdir   («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOSINUS, mat. Trigonometriýada: goşmaça burçuň sinusy. Kütek burçuň kosinusy — otritsateldir («Fizika kürsy»).


KOSME'TIKA, Emeli ýol bilen ýüze görk bermeklik usuly.


KOSMETSULOG, Kosmetika boýunça spetsialist. Kosmetolog wraçy.


KOSMOGO'NIÝA, Astronomiýanyň asman jisimleriniň gelip çykyşyny, ösüşini we sistemasyny öwrenýän bölümi.


KOSMOGRA'FIÝA, Fiziki geografiýa we astronomiýa maglumatlary esasynda älemi öwrenmeklik.


KOSMODRO'M, Raketalaryň kosmosa uçurylýan ýeri.


KOSMONA'WT.  Kosmonawtika boýunça  spetsialist.

KOSMONA'WTIKA, ser. Astronawtika.

KOSMOPOLIT, Kosmopolitizmiň yzyna eýeriji.


KOSMOPOLITI'ZM, Ikiýüzlülik bilen bütin dünýäni öz ata watany diýip hasaplaýan, milli medeniýetiň gadyr-gymmatyny inkär edýän we öz ata watanyny goramak ideýasyny kabul etmeýän, watançylyga garşy reaktsion buržuaz garaýyş. Kosmopolitizmiň we buržuaz ideslogiýasynyň beýleki görnüşleriniň ýüze çykmagyna garşy göreşmelidir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOSMOPOLITLIK, Kosmopolitizme eýermeklik. Bize ýat bolan reaktsion täsirleriň has erjel gaýtalamalarynyň biri-de kosmopolitlik meýilleridir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KOSMOS, Dünýä, älem, jahan.


KOSTÝU'M, Aýal ýa-da erkek adamyň üstki geýimi (penjek, jalbar ýa-da penžek we ýubka). Ýerinden galdy-da, ýassygynyň aşagyndan çykaryp, ilki daşky köýngini, onuň üstünden kostýumyny geýdi (A. Durdyýew. Saýlanan eserler). Kostýumlary kim üçin alanlygy barada gürruň etmegin hajaty hem ýok.


KOSTÝUMER, Teatral kostýumlara, geýimlere seretmek işi bilen meşgul bolýan teatr işgäri.