SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LIB

LIG

LID

LIK

LIM

LIN

LIŇ

LIP

LIR

LIS

LIT

LIF


LIBERA’L, Liberalizmiň tarapdary, liberalizme eýeriji. Bu eser liberal buržuaziýa garşy bolan taktikany hem öz içine alýar («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Liberallaryň hödürlän düzedişi has aç-açan häsiýetdedir («Sowet Türkmenistany» gazeti).


LIBERALI’ZM, syýasy Feodal-krepostnoýçylyk döwründe we buržuaz rewolýutsiýalary döwründe buržuaziýanyň azatlygyny we bähbidini goraýan syýasy ugur liberalçylyk.


LIBERALLAŞMAK, Liberal bolmak, liberalçylyk etmek.


LIBERALLYK, Liberalyň ýagdaýy, ýumşaklyk, lel-limlik. Nekrasowyň ýaşaýşynyň we taryhy işiniň manysy ol gowşaklyklardan we ol liberallyk ýalňyşlaryndan ybarat däldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


LIBERALÇYLYK, ser. Liberallyk. Indi ol liberalçylykdan nam-nyşan galmady («Türkmenistaýa kommunistik» žurnaly).


LIBRE’TTO, teatr Saz eserleriniň sözleri, teksti. Librettolar ýazmak üçin örän köp wagt gerek diýýärler («Tokmak» žurnaly).