SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MIW

MIÝE

MIZ

MIK

MIL

MIN

MIR

MIS

MIF

MIÇ

MIŞ


MIL, Uzynlygyň ýol ölçegi. Deňiz mili (1852 metr).


MILADY [mila:dy], kön. s. Hristianlaryň ýyl hasaby, häzirki sene hasaby.


MILITARIZATSIÝALAŞDYRMAK, Militarizme boýun egdirmek, militarizmiň maksadyna eýertmek, militarizmi girizmek.


MILITARI'ZM, Täze impýerialistik urşa taýýarlanmak maksady bilen ýaraglanyşygyň haýdadylmagynyň agressiw impýerialistik syýasaty.


MILITARI'ST, Militarizmiň syýasatyny ýöredýän impýerialist.


MILITARISTIK, Militarizme esaslanýan, militarizme degişli bolan.


MILITSIONER, Jemgyýetçilik tertiplerine gözegçilik edýän militsiýanyň rýadowoý işgäri. Tejen demir ýol klubunda Artygy soraýan militsioner Alioşa Tyçenkody (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MILITSIÝA, I. SSSR-de: Jemgyýetçilik düzgünini we howpsuzlygy, sotsiadistik eýeçiligi, graždanlaryň şahsy howpsuzlygyny we olaryň emlägini gorap saklaýan administratiw edara. Ýaňky gaçyp giden adamyň ýerine men bolan bolsamdym, seniň şu batyrsyran bolşuň bilen ýakaňdan tutup, militsiýa eltip tabşyrardym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Militsiýa bölüminiň naçalьnigi öz kabinetinde, iş stolunyň başynda nämedir bir zat ýazyp otyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hojamyrat wolostnoý uýezd militsiýasyna naçalьnik bolupdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Käbir ýurtlarda halk opolçeniýesiniň ady.

MILLET. 1. Diliň, týerritoriýanyň, ykdysady durmuşyň we psihiki gurluşyň umumylygy esasynda taryhy taýdan emele gelen adamlar birligi. Köp millet birleşen jaýdyr bu döwlet, Beýik maksatlara baýdyr bu döwlet («Oktýabrь ýalkymy»). Milletlýeriň öz ykbalyny kesgitlemek hukugy. 2. Bir halka degişlilik. Onuň milleti türkmen.

MILLETPARAZ, ser. Milletçi.

MILLETPARAZLYK, ser. Milletçilik.

MILLETPARAZÇYLYK, ser Milletçilik. Geýnäniň döredijiliginiň rewolýutsion heňi bütin dünýäde batly ýaňlanyp, reaktsiýanyň üstüne gor guýýan, onuň gara güýçlerini, milletparazçylyk, jeňbazlyk syýasatyny rehimsiz paş edýän eserlerdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MILLETÇI, Milletçiligiň tarapdary, reaktsionýer, milletparaz. Ýerli milletçileriň bet işleri başa barmady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Buržuaz milletçileriň haýynlyklary barada gürrüň etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

MILLETÇILIK, Milli duşmançylygy döretmek we beýleki milletleri ezmek ýoly bilen buržuaziýanyň ekspluatatorlyk bähbitlerini goldaýan reaktsion buržuaziýa ideologiýasy we syýasaty, milletparazlyk, milletparazçylyk. Milletçilige garşy rehimsiz göreş alnyp baryldy.

MILLI [milli:], Milletleriň Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna degişli bolan, milletleriň bähbitlýeri bilen baglanygaykly bolan. Milli sungatyň we edebiýatyň baýramy («Mydam taýýar» gazeti). 1812-nji ýylyň urşy we ol uruşdan soň rus goşunynň daşary ýurtlara eden ýörüşleri köp rus adamlarynyň syýasy we milli düşünjesini oýandyrdy. XIX asyryň ýigrimnji ýyllarynyň başlary Günbatar Ewropada rewolýutsion we milli-azatlyk hereketiniň täzeden ýokary göterilmegi bilen belgilendi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

MILLIAMPER, elektr Amperiň müňden bir bölegi.

MILLIARD, Müň milliona barabar san. Biziň ýurdumyzda senagaty we halk hojalygyny has-da ýokary götermeklige ýüzlerçe milliard manat pul göýberilýär.

MILLIARDER, Milliarda ýeten, baýlyga eýelän iri kapitalist. Açgöz millarderler uruş diýip näçe hyrçlaryny dişleseler-de, olaryň plany puja çykarylýar.

MILLIARDLARÇA, Bir näçe milliarddan ybarat bolan.

MILLIGRA'M, Gramyň müňden  bir  bölegi.

MILLIGRAMLYK, Milligrama deň bolak ölçeg.

MILLILEŞDIRMEK [milli: leşdirmek], Millileşmek işini geçirmek. Biziň ýurdumyzda Oktýabrь  rewolýutsiýasy ýeňenden soň, senagat kärhanalary we ýer eýeçiligi doly millileşdirildi.

MILLILEŞMEK [milli:leşmek], 1. Hususy eýeçilik-den döwlet eýeçiligine geçmek.

2. Milli  respublikalarda we oblastlarda milli formaly we sotsialistik mazmunly Jemgyýetçilik edaralar guralmak.

MILLILI'TR, Litriň müňden bir bölegi (1 cm3).

MILLIMETR, Metriň muňden bir bölegi. 610-nji , 710-njy ýaly skwažinalaryň ştuňerlerini ýene-de iki millimetr ulaltmaly — diýip buýruk berdim (B. Pürliew, Ilkinji gün).

MILLIMIKRO'N, Mikronyň muňden bir bölegi. Ylmy hasaplamalar molekulalaryň gaty kiçidigini, millimikronyň ondan bir ülşüniň töweregindedigi  görkezýär («Fizika kursy»).

MILLIO'N, Müň gezek müňe barabar san. Million mazlumlaryň guwanjy sensiň (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Adamlaryň beýnisi orta hasap bilen 15 milion nerw öjýüklerinden ybaratdyr («Mydam taýýarý gazeti). Bölünmeýän maýamyzda on milliondan gowrak pulumyz bar (B Pürliew, Ilkinži gün).

MILLIONER,  1. Million manada deň bolan baýlygň, puluň eýesi. Raýonda hammamly, elektrikli täze oba tutan millioner kolhozlar gaty köpelipdir(A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).  Indi biziň kolhozlarymyz millioner boldy, olarda  hünärli kadyrlar ösüp ýetişdi («Sowet Turkmenistany» gazeti). Sähet aga, millioner kolhozyň adamsy diýen adymyz bar ahyry, köne geýinsek. gören-eşiden näme diýer (A. Goşudow, Saýlanan eserler).

2. Ýerine ýetirilen işiň netjesini  million ölçege elten  adam,    Millioner liotçikler.

MILLIONLARÇA,  Bir näçe milliondan ybarat bolan. Ol ýerden gelýän owaz Jeýhuny Garagumuň  içinden akdyrýar, millionlarça gektar ýerleri baglyga gülzarlyga öwürýär   («Sowet edebiýaty» žurnaly).

MILT, Gaýrat, meýil. Kimiň milti bolsa, ynha muňa ýarag diýýärler! (B. Kerbabaew, Aýgytly  ädim).

<> Milt   etmek — synanyşyp görmek, degip görmek, synanyşmak. Indi biziň gözel topragymyza duşman milt etmäge synanyşyp bilmez.