SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NUK

NUM

NUR

NUS

NUT

NUH


NUR [nur], Ýagty, şöhle, ýalkym. Ikindä ýakynlan güneş hem bol nuruny äleme seçýärdi (A. Gowşudow, Köpetdýagyn eteginde).

<> Nur saçmak — Ýagty bermek, şöhle ýaýratmak. Pagtanyň açylmagy üstümize nur saçylmagydyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


NURANA, [nu:ra:na], 1. Şöhle saçyp duran, ýalpyldap duran. 2. Açyk, mähirli.


NURBAT, teh 1. Hyr 2. Hyrly çüý. Mehanizmde bir kemçilik bolsa, nurbaty gaçan sagat ýaly saz işläp bilmeýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 3. Haraý, aman, dat-bidat. Nurbat! — diýip galdy duşmanyň goly «Ýeňilmez» goşuna güldük, dostlarym! (Çary Aşyr, Poemalar).


NURLANDYRMAK, [nu:rlandyrmak], Ýagtylandyrmak, şöhlelendirmek. Nurlandyryp Onuň gartaň ýüzüni, Ýene kän zatlary ýadyna salýar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


NURLANMAK,   [nu:rlanmak], Ýagtylanmak,   şöhlelenmek. Onuň gözi-de, ýüzi-de, göwni-de nurlanýar (H. Ysmaýylow, Powestler).


NURLY, [nurly], ser. Nurana.