SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OMA

OMZ

OMM

OMO

OMP

OMR

OMU


OMUZ, 1. anat. Bedeniň boýun bilen gol aralygyndaky bölegi, egin, gýerden. Hoşgeldi gaýyş ýanjygyny omzundan asyp jaýa girdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Egin-eşigiň ýakasy bilen ýeňiň aralygyndaky bölegi. Daýaw ýigidiň şineliniň omzunda ofitser pogony bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


OMUZLAK, Giň. ýasy çiginli, eginlek, gýerdenlek. Omzalak ýigit.


OMUZLAMAK, Biri-biriňe omzuňy diräp tutluşmak, omuz diremek, omzuňy bermek. Pälwanlar biri-birini omzalap, gaçarak saklanyşyp., eýläk-beýläk itneşip tegelegiň içinde öwrüm etdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OMULЬ, zool. Derýalarda işbil taşlaýan lososь balyklar maşgalasyndan bolan deňiz balygy.


OMURDAN, 1. anat. Goluň bedene birigen ýeri, çigin, gýerden. Artyga el uzadanyň men goluny omurdanyndan omrup taşlaryn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol işigi omurdany bilen itekläp açyp, gözlerini ýaşardyp çykyp gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).2. Egin-eşigiň ýeňiniň omza birigen ýeri. Omurdany ýyrtyk köýnek.


OMURMA, Omrulyp ok salynýan goşa, tüpeň, döwme. Nary ýedi sany gapan hem alyp gelipdir we bir näçe goşa — omurma tüpeň tapypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň  çep  egninde  agzy aşaklygyna omurma goşasy bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OMURMAK, Döwüp aýyrmak, güýç bilen iki bölmek,döwmek.  Tegelek çöregiň ortasyndan  hapa, çorly  eli bilen basdy-da, iki ömrup, ýarty çöregi eline aldy.(A. Durdyew, Saýlanan eserler).


OMURTMAK, Güýç bilen iki böldürmek, döwdürmek. Ol omça saňa omurtmasa gerek.