SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OZAK, Çapyşykda, ylgaşykda öň gelýän, hemişe ozýan. Kimiň galak, kimiň ozakdygyny kim bilýär? (B, Kerbabaew, Aýsoltan).


OZAL, 1. Bir näçe  wagt mundan öň, öňki  wagtlar,öňler, öň, owal. Gulluhana iş ynanmak mümkin däl! — diýip, men ozal size aýtdym ahyry (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ozallar çaňap ýatan bu ýerleri bag-bossançylyga öwurmek üçin 15 sany guýy gazypdyrlar. (Sowet edebiýaty»   žurnaly).  Rewolýutsaýadan ozal zähmetkeşler hor ýaşaýardylar.

2. Ilki  bilen, öňi bilen, owal, öňürti, öň. Öwez, oglum, bu meýdana gireňde, Ozal  sypaýçylyk   etmegiň   gerek   («Görogly»  eposy). Şeker Aýnadan ozal Artygyň boýnundan gujaklady. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OZALKY, Öň bolup geçen, owalky, öňki. Onuň barasyndaky ozalky gürrüň —   Halnazary   öldüripdir. Kolhozyň ozalky başlygy ozal Gyzyl Goşun hatarynda gulluk eden ýigitdi. (A.   Gowşudow, Eserler). Ozalky   idegsiz  ýatan ýerleri tekizlemek, dökünlemeç üçin ähli güýçler    mobilizlendi. («Sowet    edebnýaty» žurnaly).


OZAN.  kön.  s. Aýdymçy,  bagşy.

OZDURMAK,  1. Öňe geçirmek, öňe düşürmek, ötdürmek  (ýaryşda).

2. Öňe geçmek, artdyrmak. Biz syýahatçylardan-da ozdurdyk (K. Işanow, Watan üçin).


OZMAK,  1. Öne  geçmek, ýetip  ötmek, öň gelmek, birinji ýeri eýelemek (ýaryşda). Ýaryşda ozanyň baýragyna sygyr, göle ýa-da goýun berilýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň egeginde). Tarlaň şu gün ozmalydyr, ol atdan çykan taýdyr.  (B. Pürliew, Ilkinji  gün).

2. Öň  hatarda barmak, bir işde, ýaryşda üstün çykmak. Bir birinden  ozjak bolup  göreşýär,   Höwesli, gyzykly  işiň  baryşi.  (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Hudožnik durmuşdan ozup  geçýär  we göreldäniň,  beýik  güýjüni peýdalanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Egri azar, dogry ozar (nakyl).


OZOKERIT, him.  ser. Nebitdakyl. Çelekende  ozokerit zawody bar.


OZON, him. Kislorodyň üç atomynyň biri-biri bilen birleşmeginden emele gelen hem-de suwy howany we ş. m. arassalamak üçin peýdalanylýan gaz. Şu gyzgyn gatlak esasan ozon gazyndan ybaratdyr  («Mydam taýýar»   gazeti).


OZONATOR, Ozonyň kömegi bilen howany arassalaýan  senet, enjam.


OZONIRLEMEK,   1. Ozona öwürmek. Kislorody ozonirlşmek.2. Ozon bilen arassalamak.