SÖZLÜG ,, - HARPY;


ÖDEMEK [ö:demek], Bir niýetlenen zada ýa-da ada mynasyp bolmak, bir zada laýyk iş etmek, hötde gelmek. SSKP çleni diýen ady hormat bilen ödärin («Sowet Turkmenistany» gazeti). Tejen otrýady Gyzyl Goşun komandowaniýesiniň ynanjyny kemsiz ödedi. Jan jigi, öwüp aýtdygym däl! Enelik borjuny ödäpsiň! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖDETMEK [ö:detmek], Öňünde goýan maksadyny, niýetini ýerine ýetirtmek, hötde geldirtmek. Ol hut öz maşynynyň hem bökdençsiz işlemegini talap etdi we özüniň şol talabyny oňa ödedip bildi (B. Gurbanow, Duşuşyk).