SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖJE

ÖJÜ


ÖJÜGIŞMEK [ö:jügişmek],Biri-biriňe hyjuwyň artmak, öçli bolmak, biri-birige  görübilmezçiligiň artmak. Siz hem bular bilen öjügüşm! Eger öjügişeňiz olary özüňizden daşlaşdyrarsyňyz (A. Durdýew, Saýlanan eserler).


ÖJÜKDIRMEK [ö:jükdirmek], 1. Birini başga birine küşgürmek, biriniň başga birine bolan görübilezçiligini, hyjuwyny artdyrmak, gijjelemek. Iki ýanyny hem öjükdirýärdi, ownuk meseleleri ulaldýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Gaharyny getirmek. kakasynyň doganlarynyň ençmekleri, gorkuzmaklary Gurda çigit ýaly-da täsir etmeýärdi, gaýta ony öjükdirýärdi (A. Gowşudow, Eserler).


ÖJÜKMEK [ö:jükmek], Birine bolan öjüň artmak, gaharyň güýjemek, görübilmezçiligiň, hyjuwyň artmak, öjeşmek. Ol barha öjügip başlady.