SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ

ÖWH


ÖWH, Kynçylyk çekilende, gaty ýadalanda, bir zadyň güýçli täsiri netijesinde uludan dem almak bilen aýdylýan ümlük. Öwh, daşarynyň sowugy içiňden-bagryňdan geçip barýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ak-jagül «öwh» çekip turanyny özi-de duýman galýardy (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖWHÜLDEMEK, Gynançly uludan dem almak, öwh çekmek. Kapaslykdan ejir çeken adam ýaly öwhüldäp dem aldy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÖWŞÜN,  1. Käbir  zatlarda  şöhle düşmegi  sebäpli ýüze çykýan ýalpyldy, dürli reňkdäki görnüş, şöhle. Maýsalan otlar gök, ýaşyl öwşüni bilen meýdana görk berýär («Kolhoz   günleri»). 2. Ýagty yşyk, şöhle. Seniň sag gaýdyp gelmegiň meni bijaý guwandyrdy, meniň kütelen gözüme öwşün berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Öwşün  atmak — dürli reňkde öwüsmek, ýalpyldamak. Egnindäki gyzyl keteni, Öwşün atýar göýä şapak (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).