SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWLAT [öwla:t], dini. Dini düşünjede: «keramatly» hasap edilýän ruhanylaryň nesline berilýän at. Meniň göwnüme bolmasa, ol öwlat adamsyna aýlanyp barýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Çaşçynyň öwünjeň öwlat ekenligini bolsa, ol diňe häzir bilip galdy (D. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ÖWLATLYK [öwla:tlyk], dini. Öwlatlaryň nesline degişlilik, öwlat bolmaklyk. Garaçydan öwlatlyga ýetişse, seniň başga näme armanyň bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Öwlatlyk satmak — özüňi «keramatly», hemme zady bilýän edip görkezmek.