SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWMEK, Taryp etmek, öwgüsini ýetirmek, taryplamak. Gözboýagçylyk etmek üçin goltuklaryny kitapdan dolduryp ýören ýaňralary öwmeli däl-de, hakyky okaýan adamlary öwmeli (B. Pürliew, Ilkinji gün).

Özüni öweniň tanapy çüýrük (nakyl).

Özüňi özüň öwme, seni halk öwsün (nakyl).

<> Öwüp arşa çykarmak — çendenaşa öwmek, artykmaç taryplamak. Ol ony öwüp arşa çykardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).