SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWÜLÝÄ, dini 1. Öli jaýlanýan ýer, mazarçylyk, gonamçylyk. Ýetim gözi çemçede, odunçyňky — omça diýlen ýaly, men hem gyzganly öwlüýäniň içinden töňürtge, tezek çöpläp, öýe gaýtjak bolup durdum (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Dini-mistiki düşünjede: «keramatly» ýer. Pire, öwlüýä gatna diýýänmi? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÖWÜLÝÄÇILIK, ser. M a z a r ç y l y k. Salym geçip-geçmän, olar öwlüýäçiligiň çetinden girdiler (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÖWÜLMEK, Taryp edilmek, öwgüsi ýetirilmek, taryplanmak, magtalmak.

Öwlen oglan öňüni hapalar (nakyl).


ÖWÜNJEŇ, Özüni özi öwýän, güpläp gepleýän, magtanjaň G. Muhtarow «Şadyýan myhman» diýen satiriki komediýasynda ulumsy we öwünjeň adamyny paş edýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖWÜNJEŇLIK, Öz-özüňi öwmeklik, magtanjaňlyk, öwünjeniň gylyk-häsiýeti. Ol öwünjeňlik bilen gürrüňe başlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Öwünejeňlik etmeli däldir.


ÖWÜNMEK, Öz-özüňi öwmek, öz-özüňi tarip etmek, magtanmak. Ol derrew özüniň ýerliksiz öwnenine bir hili boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖWÜRME, Börügiň (topbynyň) maňlaýyna dakylýan şaý.


ÖWÜRMEK, 1. Yzyna aýlamak, yzyna gaýtarmak, bir tarapdan beýleki tarapa dolamak. Kakasy bilen ejesi ýüzlerini öz tamlaryna baka öwrüp oturdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bir ugra ýüzlendirmek, bir tarapa gönükdirmek. Türkmen pulemýot komandasy söweşiň iň gyzgalaňly wagtynda öz pulemýotlaryny aklara bakan öwürdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3. Bir görnüşden başga bir görnüşe geçirmek, öňki görnüşini üýtgetmek, täze görnüşe salmak. Gara-gum kanalynyň suwy meýdany lälezarlyga öwürjek. («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ol maşyn agajy kagyz topbagyna öwürdi («Mydam taýýar» gazeti).

4. Daşyna aýlamak, daşyna oramak. Aýagynyň sargysyny, ýene bir gezek öwrüp daňdy.

5. Bir ýüzünden ikinji ýüzüne agdarmak, düňdermek. Kerpijiň ol ýüzüni öwür!

6. göç. m. Alyş-çalyş etmek, söwda etmek.

<> Ýüz  öwürmek — ser Ý ü z I


ÖWÜRMEK-ÇÖWÜRMEK, 1. Aňyrsyna-bärsine etmek, agdar-düňder edip gözlemek, barlap anygyna ýetmek.

2. ser. Öwür-çöwür. Harytlary  öwrüp-çöwürmek.


ÖWÜRTMEK,  1.Yzyna aýlatmak, yzyna gaýtartmak, bir tarapdan ikinji tarapa dolandyrtmak. Sürini goşa tarap öwürtmek. 2. Bir tarapa gönükdirtmek.

3.Bir görnüşden başga bir görnüşe geçirtmek, täze görnüşe saldyrmak. Ýurdy bag-bossana   öwürtmek.

4. Daşyna oratmak, daşyna aýlatmak. 5. Beýleki ýüzüne agdartmak, düňdertmek. Kerpiçleri beýleki tarapyna öwurtmek.  6. Bir tarapa ugrukdyrtmak, gönükdirtmek. 7. Alyş-çalyş etdirmek, başga bir zat ýa-da haryt bilen çalyşdyrmak.Mallary pula öwürtmek.


ÖWÜR-ÇÖWÜR öwür-çöwür etmek — alyş-çalyş etmek, zat alyp, zat satmak, söwda etmek


ÖWÜSGIN, 1. Çala öwüsýän şemal, kä güýjäp, kä peselýän ýel, mylaýym ýel. Bulutsyz temiz howada azajyk öwüsgin bardy (B Kerbabaew, Aýsoltan). Azajyk öwüsgin-de turup başlady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Birsydyrgyn gidiş, ýöriş. Ak şorlugyň bir çetinden geip girene çenli, alaşa özüniň öwüsginini gowşatmady (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl).

3 Dürli öwüsýän, öwşün atýan reňk.

<> Öwüsgin atmak — dürli görnüşe girmek, her hili öwsüp görünmek


ÖWÜSDIRMEK, 1. Atyň öňüni atdyryp sürmek. Kolhozçy ýaş ýigitleriň bir näçesi atlaryny öwüsdirip, giň köçäniň ortasy bilen sürýärdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Öwüsgin atdyrmak, dürli görnüş bermek.

3. Meýil etdirmek, hyýallatmak.

 <> Ýel - öwüsdirmek — ser Ýe l.


ÖWÜSMEK, 1. Öňüni atyp ýöremek (at hakda). 2. Öwüsgin bolmak, ýel gelmek, mylaýym şemal turmak. Bu ýerde hemişe öwsüp durýan syrgynly ýel güýjäp başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýuwaşja öwüsýän şemal otlaryň ýakymly ysyny getirýärdi («Mydam taýýar» gazeti). 3. Her hili görnüşe geçip durmak, dürli reňkde öwsüp durmak, öwşün atmak. Onuň gyzgylt öwüsýän al ýaňaklary solup, ýüzi aksowult, pakgylaç görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Tomsuň jöwzasynda-da elmydam gök öwsüp oturan gür tokaý hem şu mahal bir hili reňk açyp, ýaldyrap, ýaşyl öwüsýärdi (A. Gowşudow, Eserler).

<> Her hili öwsüp durmak — belli bir pikirde bolman, üýtgäp durmak.


ÖWÜT, Berilýän maslahat, nesihat, ündew, akylly, manyly aýdylýan söz. Onuň dostlarça öwüdi meniň depämi göge ýetirerdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Öwüt bermek — akyl öwretek, maslahat bermek, nesihat bermek. Ýaş oglanlara öwüt bermek Wladimir Ilьiç öwüt bermekligi örän oňatlyk bilen oňarýardy.


ÖWÜT-NESIHAT [öwüt-nesi:hat], ser. Öwüt. Gürrüň-de lezzet hem, öwüt-nesihat hem bilelikde bolmalydyr (N. W. Gogolь, Eserler). Gyzyl Goşun hataryna git-de oka, öwren, adam bolup gel — diýip, öwüt-nesihat etdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÖWÜT-ÜNDEW, ser. Ö w ü t-n e s i h a t. Halk arasynda öwüt-ündew geçirmek üçin, Çernyşow ony Tejende galdyryp gaýdan eken (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hut şol wagtyň özünde ahlak barada berýän öwüt-ündewiniň , özüne galtaşýan ýeri bardyr diýip pikir etmeýärdi (G Kulyew, Käpetdagyň aňyrsynda).


ÖWÜÇ, öwüç almak — barha güýjemek, möwç almak, joşmak, hyjuwlanmak. Iş munuň bilen hem guturman, gaýtam öwüç aldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)).


ÖWÜÇLI, Joşgunly, hyjuwly, güýçli. Ak ýüzli, mele saçly, Işine, ol öwüçli (N Pomma, Goşgular we poemalar).