SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝYK

ÝYKAN-ÝUMRAN [ýyka:n-ýumra:n]: 1) ýykan-ýumran etmek — wes-weýran etmek, derbi-dagyn etmek, agdar-düňder etmek, ýykyşdyrmak. Onsoň gyzlaryň hemmesi döwüň öýüni ýykan-ýumran edip, gaçyp gidýärler («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»):

2) ýykan - ýumran bolmak — weýran bolmak, derbi-dagyn bolmak, agdar-düňder bolmak, ýykylmak. Ol ýykan-ýumran bolan, ýöremegi kyn köçe bilen barýarka, öz maşgalalary hem ýadyna düşdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝYKGYN: ýykgyn etmek — bir tarapa bil baglamak, bir zada ýüregiňi bermek, meýilli bolmak. Heý märekäni özüňe tarap ýykgyn etdiren wagtyň boldumy? (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Gylyçnyýaz hem olaryň tarapyna ýykgyn edýärdi. Aňňatlar ilki-bada biraz dul-sul diýip tykyraşsalar-da, Halnazaryň at-abraýyna ýykgyn edip, guda boldular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYKGYNÇY, Ýykgynçylyk işlerini alyp barýan adam. 1929-njy ýylda bolsa ol ýykgynçy, ganhor — Memmet baý şol han aýaly bilen sürgüne iberildi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýarag alyp goç ýigit watan üçin şaýlanýar, Sen hem gora Watany ýykgynçydan, jan gülüm! (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ÝYKGYNÇYLYK, Berbatçylyk, weýrançylyk, opurylyşyk. Duruber, bu iş aramyzdaky synpy duşmanlaryň ýykgynçylygydyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝYKDYRMAK, 1. Weýran etdirmek, berbat etdirmek, ýykyp syndyrtmak. Köne haýatlary «ÇTZ» markaly traktora ýykdyrdyk, ýerleri bolsa bulьdozere düzletdik.

2. Göreşde üstün çykartmak. Ol pälwan maňa ýykdyrmasa gerek.


ÝYKMA-ÝYKYLMA, Telli-pelli, bolşuna görä, bir mydar edip, bir tär bilen (durmuş-ýaşaýyş hakda) Men öz günümi ýykma-ýykylma özüm kowalaryn (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garry ene ýüň egirýär, gulaç dokaýar, onuň-munuň ýüpegini çekip berýär, kişiniň hyzmatyny edýär, garaz ýykma-ýykylma bir mydar bilen gün dolandyrýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ÝYKMAK, 1. Weýran etmek, berbat etmek, ýumurmak. Köne haýatlary ýykyp, dökün hökmünde ýere dökýerler.

2. Ýeňmek, üstün çykmak (göreşde we ş. m.). Hudaýberdi ýaşdaş oglanlary bilen göreş tutardy, köplenç wagtlarda ýykyp baýrak alardy («Pioner» žurnaly). Ejizräk bir ýigit egninden ýapyşanda, ol ony silterläp ýykdy-da, ökje göterdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 3. Höküm sürmeginden mahrum etmek, häkimiýet başyndan agdarmak Aýallar bölümi oba çykýarlar; göreş edip, köpe adaty ýykýarlar (Mollamurt, Saýlanan eserler).

4. Dik duran halyndan gyşardyp, ýere ýaplamak. Agşamky güýçli yel bir näçe agaçlary ýykypdyr.

5. Bir zadyň içine gaçyrmak, bir zadyň içine düşürmek. Men pili bir çuň guýa ýykaryn («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

<> Göwün ýykmak — ser. G ö w ü n. Çopanymyz hem aýalynyň göwnüni hiç ýykmady («Mydam taýýar» gazeti).

Öýüni ýykmak — ser. Öý. Aý Memmet baý, sen biziň öýümizi ýykdyň, öýümizi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝYKYK, Abat däl, ýykylyp weýran bolan, berbat bolan, ýumrulan. Şol barmana, ýykyk köpriniň agajyna büdräp, elini ýere diräp galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Biri-biriniň üstüne ýelmenen ýaly depejikler, ýykyk tamjagazlar tiz-tiz göz öňüne gelip geçdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Işçiler ýarym ýykyk tüneklerde ýaşapdyrlar (Orta asyrlar taryhy).


ÝYKYK-ÝEMRIK, ser. Ýykyk-ýumruk. Ýoluň çep gapdalynda gadymy baýlaryň palçykdan salnan galalarynyň we jaýlarynyň, ýykyk-ýemrik diwarlary göründi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYKYK-ÝUMRUK, Abat däl, weýran bolup galan, berbat bolan, haraba dönen. Berlinde bolan adamyň ýykyk-ýumruk harabaçylyklar ýadyndadyr («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ýykyk-ýumruk jaýlary görkezdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

ÝYKYLMAK, 1. Weýran bolmak, berbat bolmak, ýumrulmak. Ýorgany köprüsi ýykylan ýaplardan urduryp geçende bolsa, Halnazaryň üzeňňisini ýygyrýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýumruldy, ýykyldy zalymlar tagty (Mollamurt, Saýlanan eserler).

2. Göreşde garşydaşyňdan ýeňilmek, basylmak. Aý, ýykylsaň, uludan ýykyl diýen nakyl bar (B. Kerbabaew, Nebitdag). Göreş etse duşmanyndan ýykylmaz, Ýaşlara kän salam Ata Salyhdan (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ýaran ýaş pälwandan ýykyldy.

Ýykylan göreşden doýmaz (nakyl).

3. Taýyp, büdräp, aýagyň özüňe edem bermän, göwräň bilen ýere gaýtmak. Synja gylmaga oturan Memmetweli kündügine büdräp ýykyldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Entedi, ýykyldy, ýene-de turdy Diýdi:—Ýap içinde ýaňam bor maňa («Tokmak» žurnaly).

Söýenişen ýykylmaz (nakyl).

4. Agdarylyp ýere düşmek, başaşak gaýtmak, bir zadyň üstünden ýere gaçmak. Sapar ýykylan bada eşek hem durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Eger ýykylaýsaň, çigidiň çaşar, bilgin şony! — diýen («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

5. Bir zadyň içine gaçmak, içine düşmek. Pil hem yzy bilen baryp, guýa ýykylyp ölüpdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

6. Başga ugra akmak, agmak, böwsülmek (suw hakda). Näbelli sebäplere görä, iki sapar suw ýykylypdyr (A. Gowşudow, Eserler).

7. Höküm sürmekden mahrum bolmak, häkimiýet ýolbaşçylygyndan ýok edilmek, agdarylmak. Ana, indi patyşa ýykylypdyr; nähili gönenýän bolsaňyz, göneniň göreýin! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Aýagyna ýykylmak — ser. Aýak. Jan gelnim, jan gelin, oglum gelýänçä, agtygymy eltjek bolma — diýip, ýarym-ýaş bolup, gelniniň aýagyna ýykyldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Gülüp  kese  ýykylmak — ser. Gülmek. Bir näçesi gülüp, kese ýykyldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Şarpyldap ýykylmak — batly ýykylmak.

Eşekden ýykylan ýaly bolmak — äňe-säňe bolmak, seňse bolmak. Meni edil eşekden ýykylan ýaly äňe-säňe etdi («Tokmak» žurnaly).


ÝYKYP-ÝUMURMAK, ýykan-ýumran etmek, agdar--düňder etmek, ber-bibat etmek. Tebigat hadysalary dag jynslaryny ýykyp-ýumrup durýarlar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ýatlaryň ordasyn ýykyp-ýumuryň, Faşist goşunlarnyň bilin omuryň (Durdy Gylyç, Goşgular).


ÝYKYRDAMAK, gepl. d. Ýykyr-ýykyr edip gülmek, ýykyrdyly gülmek. Gyzjagazlar ýykyrdap gülüşdiler.


ÝYKYRDAŞMAK, gepl. d. Bilelikde ýykyrdap gülüşmek, ýykyrdyly gülüşmek.


ÝYKYRDY, Ýuwaş çykýan dowamly gülki sesi.