SÖZLÜG

ZÄK

ZÄH


ZÄHER, 1. Öldürýän awüly madda, awy. Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher (nakyl).

Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin (nakyl).

2. göç m Bir zadyň ajy, ýiti täsiri . Durdymyradyň bolsa bu bolşy göreninden soň, içip oturan çaýy agzina zäher ýaly degdi (A Durdyew, Saýlanan eserler).Sowuk ýeliň awusy Howada zäherin saçýar (Çary Aşyr, Poemalar.)

3. göç m.Bir zada gahar bildirilip aýdylýan gargyş söz. Zäher etmändiris, utanmaýarmyň, özüňden ula jogap bermäge.

<> Z ä h e r   gatmak— şatlykly ýagdaýy we ş. m. örän gynançly hala öwürmek.Gaýta  ogluny urduň, atyny basyp aldyň, toýlaryna zäher gatdyň. (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).

* Zäheriňi  pürkmek—birine gazaplanyp,  ýakmaz, ajy söz aýtmak, ajyňy pürkmek.Sen maňa zäheriňi pürkme.


ZÄHERLEMEK, 1. Bir zada zäher gatmak, awy goşmak, bir zady awulamak.

2. Zäher berip öldürmek, awulap öldürmek.

3. göç. m Birine, bir zada erbet täsir etmek, ýaramaz yz galdyrmak, agzyny ajatmak.Ahyrynda nalaç galyp, Halnazarlara: — Gelniňizi ýygnaň! — diýende, Aýna- — Maňa el degdi — diýip, hem olary, hem eneligini zäherledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZÄHERLENMEK, 1. Bir zada zäher gatylmak, awy goşulmak, awulanmak.

2 Zäher berlip öldürilmek, awulanyp öldürilmek. Tüsseçykar odun doly ýanyp gutarmanka ýapylanda, ugar gazy bilen zäherlenmek ýygy-ýygy görünýär(A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy).

3. göç. m Birine erbet täsir edilmek, ýaramaz yz galdyrylmak; agzyň ajadylmak.


ZÄHERLETMEK, 1. Bir zada zäher gatdyrmak, awy goşdurmak, awulatmak.

2. Zäher berdirip öldürtmek, awulatmak.

3. göç. m. Birine erbet täsir etdirmek, biriniň agzyna awy atylan ýaly etdirmek.


ZÄHERLI, 1. Düzüminde zäher bar bolan, özünde zäher saklaýan, awuly. Zäherli ýylanlar adama köp zelel getirýärler (Gadymy dünýä taryhy). Zäherli maddalar. Zeherli ampula.

2. Zäherläp öldürýän, zäherleýji. Uruşda demikdiriji zäherli gazlaryň ulanylmagy ýazgaryldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).

3. göç. m. Erbet täsir edýän, örän ýakymsyz täsir edýän (söz). Heniz hem onuň gyjytly, zäherli sözlerine çydam edip durdum (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ZÄHERLILIK, Zäheri barlyk, awulylyk.


ZÄHERSIZ, Düzüminde awusy, zäheri bolmadyk.


ZÄHMET, 1. Adamzadyň belli bir maksat üçin sarp edýän akyl hem-de fiziki güýji. Azat bir durmuşda şol azat zähmet ýer ýüzünde döredipdir jenneti (B. Kerbabaew, Aýlar). Dogrudan hem bu baldyrlaryň ýumry etleri zähmetde berkişdi ahyry (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Şunça zähmet bilen galdyran böwedini suw eýýäm ýykara getiripdi («Sowet edebiýata» žurnaly).

2. Azap, görgi, jebir, jepa. Agşamky ýel adamlara zähmet beren bolmaga çemeli (A. Gowşudow, Powestler .we hekaýalar). Çekseň zähmet, ýagar rehnet (nakyl) Zehmet soňy rähnet (nakyl).

<> Zähmet depderçesi— işgäriň ýa-da işçiniň iş stažy hem-de işine degişli başga bellikler bellenilýän depderçesi, dokumenti. Zähmet güni — ser. Gün. Biz her zähmet güne ýigrimi manatdan. gowrak pul aldyk. Zähmet pälwany — işde uly üstünlige eýe bolan, zähmet gahrymany. Zähmet rezerwleri — senetçilik uçilişelerinde we mekdeplerinde dürli hünär alyp, kwalifitsirlenen işçiler bolup ýetişýän ýaşlar. Zähmet haky — çekilen zähmet üçin tölenmeli hak, aýlyk. Zähmet çekmek — köp işlemek, azap görmek, köp güýç sarp etmek, jepa çekmek.


ZÄHMETKEŞ, 1. Öz fiziki ýa-da akyl zähmetiniň haky bilen ýaşaýan adam (işçi, daýhan, gullukçy). Respublikamyzyň oba hojalygynyň zähmetkeşleri gazanylan üstünlikleri has baýlaşdyrýarlar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Rewolýutsiýadan ozal zähmetkeşler hor ýaşaýardylar. Çeleken zähmetkeşleri indi akar suw içýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. ser. Zähmetsöýer. Zähmetkeş adam. Zehmetkeş işgär.


ZÄHMETLI, Köp zähmet talap edýän, zähmeti köp sarp etmeli bolýan, kyn. Zähmetli iş. Zehmetli hereket.


ZÄHMETSIZ, Köp zähmet talap etmeýän, aňsatlyk bilen amala aşyrylýan, el ujundan bitýän, kynçylyk döretmeýän. Men bu adresi adresler býurosynyň üsti bilen hiç bir kynçylyksyz, zähmetsiz, aňsatlyk bilen tapdym.


ZÄHMETSÖÝER, Zähmetden çekinmeýän, zähmetden gaçmaýan, zähmet çekmegi halaýan, jepakeş, zähmetkeş. Zähmetsöýer nebitçiler köp iş bitirdiler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Emma gurrüňi bir ýere jemläp aýdanyňda, bularyň ikisi hem zähmetsöýer adam («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZÄHMETSÖÝMEZ, Janyna iş ýakmaýan, zähmet çekmegi halamaýan, ýatan çöpi galdyrasy gelmeýän, iş hoş ýakmaýan, ýal ýagysy.


ZÄHMETSÖÝÜJILIK, Zähmete bolan söýgi, zähme-te berilmeklik, işi halamaklyk. Ýaş şahyryň hemme goşgulary zähmetsöýüjilik duýgusyna ýugrulandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZÄHRE, anat.Öt haltasy.

<>Zähresi ýarylmak— birdenkä gaty gorkmak, allaniçigsi bolmak. Zähresi ýarylara gelen Wüşi ilki bada elindäki tüpeňini hem unutdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Köse-de zähresi ýarylan ýaly boldy («Görogly» eposy).


ZÄHRI-ZAKGUN [zähri-zakgu:n], ser. Zäher.


ZÄHRIMAR [zährima:r], 1. Ýylanyň zäheri, ýylanyň awusy.

2. göç. m «Bela, zakgun, awynyň sapy» diýen ýaly manylarda gelýän gargyş söz. Baý aga, näme hyzmat bar? Zährimar hyzmat! Ony göreňokmy? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. gepl. d. Zäher goşulan ýaly ajy zat, arak, tirýek we ş. m. Musa aga, bizi näumyt etme, ol zährimardan bir-iki çüýşe tap! (M. Ibrahimow, Ol gün geler).