Aldanan möjek

    

Biri barmyş biri ýokmuş. Bir aç möjek barmyş.

Günleriñ birinde bu möjek aw gözläp ýörkä, bir guza duş gelýär.

Möjek bu guzyny imek höwesine düşüp:

- Eý, guzujyk, men ýaş haýwanlary imerin diýip şert edipdim welin, üç günden bäri elime aw düşenok. Indi seni imesem boljak däl- diýär.

   Guzujyk:

- Aýby ýok, möjek aga, seniñ ýaly bir uly haýwan ölenden, goý, men öleýin. Saña guzyñ eti süýji bolýar diýip aýdandyrlar. Ol örän dogrudyr ýöne meniñ etimi duz bilen burç garyp iseñ, has tagamly bolar- diýär.

   Onda möjek:

- Şu aýdan sözleriñi birwagtlar bir geçi hem aýdypdy. Men onuñ sözüne gulak asmadym. Indi men seniñ aýdanyña ynandym, ýöne sen şol aýdan duz bilen burjuñy tapyp ber- diýär.

   Guzujyk:

- Duz bilen burjy tapyp bererdim welin, men şundan öýe gitsem, meni öýde alyp galarlar. Iñ gawsy, men şu ýerde duraýyn. Duz bilen burjy señ özüñ tapyp gel- diýär.

   Möjek:

- Bolýar, men häzir tapyp gelerin- diýip, ylgap gitýär. Möjek gidensoñ, guzujyk hem gaçyp gidenmiş.

   Birwagtdan soñ, möjek gelip görse, guzy ýok diýär. Möjek aldanandygyny bilip:

                   Gördüñ-ä bir guzy

                   Etin iý-de süñkün gazy

                   Nämä gerek burç, duzy

          Şorsurap barýañmy, wah arman?!-

diýip, başyny aşak salyp, señkildäp gidiberenmiş. Şol barşyna öñünden bir geçi çykanmyş.

   Möjek geçä bakyp:

- Men seni iymäge geldim!- diýär. Onda geçi:

- Aýby ýok, möjek aga. Ýöne sen örän ajygansyñ, bir meni iýeniñ bilen doýmarsyñ. Şu depäniñ añyrsynda iki sany owlajygym otlap ýör, goý, üçümizi hem iý-de, bir doý- diýär.

    Möjek:

- Hany onda ýör gideýli- diýär.

   Geçi:

- Gidenmiz-ä ýagşy, ýöne ikimiz bile gitsek, olar seni görüp gaçarlar. Sen bu ýerde dur, özüm olary alyp geleýin- diýär. Möjek hem muña ynanýar.

   Geçi bolsa depäniñ üstünden añryk aşyp, oba tarap gaçýar. Möjek geçä şonça garaşsa-da, ondan derek bolmaýar. Birnäçe wagtdan soñ, möjek aldanandygyny bilip, öz-özüne:

         Gördüñ-ä bir geçi,

         Etin iý-de, gaçy

         Nämä gerekdi üçi,

         Çarwadar bolýamyñ, wah arman?!-

diýip, ýene gidiberýär. Barşyna, öñünden bir goýun çykýar. Möjek oña bakyp:

- Goyun, men seni iýmäge geldim!- diýär.

   Goýun:

- Iýseñ örän gawy, möjek aga. Men çölde haram ölenimden, seniñ ýaly güçli haýwana huruş bolanyma begenýärin, ýöne meniñ oñat bir oýnum bar, men saña şol oýny edip bereyin, onsoñ iýersiñ- diýär.

   Möjek:

- Onuñ ýaly oýnuñ bolsa, hany göreýli- diýip dyzyna düşüp ýatýar.

   Goýun tarp-tarp edip, eýläk-beýläk bökjekleýär, şol barşyna hem depeden aşyp, oba tarap gaçyberýär. Möjek köp gözleşip, özüniñ aldanandygyny bilip:

         Gördüñ-ä bir goýun,

         Etinden iý-de doýun,

         Nämä gerekdi oýun,

         Oýunçy bolýarmyñ, wah arman?!-

diýip, ýene señkildäp gidiberýär. Şol barşyna öñünden bir at çykar. Möjek ata bakyp:

- Men seni iýmäge geldim- diýär.

   At:

- Eger möjekligiñ çyn bolýan bolsa, meni iýmäge hakyñ ýokdur!- diýär. Onda möjek näme üçin? diýip soraýar.

   At:

- Mende möjekleriñ padyşasyndan siziñ hemmäñize buýruk haty bar. Ol hatda möjeklere meni iýmek ýasak( gadagan) diýlip ýazlypdyr.

   Möjek:

- At dogan men gaty açdyryn. Her zatda bolsa, şol haty bir göreyin- diýär.

   At:

- Ol hat meniñ artky aýagmyñ toynugynda berkidilendir- diýip, möjege sol aýagyny görkezýär. Şol wagt möjek atyñ artky aýagna eñilýär welin, at hem ýagşyja çemine salyp, goşa toýnugy bilen möjegiñ mañlaýyna depýär. Möjegiñ iki gözi patlap çykýar. Möjek şol ýatyşyna şeýle diýenmiş:

         Gördüñ-ä bir at,

         Etin iýi-de ýanynda ýat

         Mollamydyñ, müftimidiñ,

         Nä janyña gerek hat?

         Ey-waý gözüm, waý gözüm!

         Ylaýta-da çep gözüm!