GÖROGLYNYŇ ÖÝLENIŞI

Ol wagtda habary  kimden al? Göroglydan.

Görogly günlerde bir gün kyrk ýigidi bilen awa-şikäre  gitdi.  Aw-şikäri kän oňmansoň, dönüp gaýdyberdiler.

Sapar Köse:

— Görogly, ýol onda, ýol munda, gala gitseň, şundan dogry barýarsyň! — diýip, Genjimiň sürüsiniň, üstünden sürdi. Sürä ýakyn baryberende, Köse Seýtek Gyrma başlyklaýyn bäş-alty sanagynyň gulagyna pyşyrdady:

— Baryň, Genjimiň  sürüsinden bäş-alty goýny atyň öňüne basyp gaýdyň!Gala boş barmasak ýagşy,agasynyň jogabyny özi bir, iýenimiz haýrymyz. Bular bölünip  yňdarylyp ötägitdiler.  

Görogly:

— Haw, Köse, olar nirä barýarlar? — diýip sorady.

— Aý, Görogly, «Genjimiň goýnundan bäş-alty sanysyny alyp gaýdyň» diýdim.

— Alla, Köse, şol zaňňara degmeseňiz ýagşy  bolardy.

--- Haý, Görogly! Hapa bolup gelýän ýigitleriň bady ýatmasyn-la, sürübersene!

Ol şeýle diýensoň, Görogly-da sesini çykarman sürüberdi.

Goýna gidenler yňdarylyp bärden bardylar, çopanlar hem taýaklaryny gezeşip öňlerinden çykdylar.

Pah, böri ýaly zaňňarlar, gylyjyň pyşdasy bilen ur, şeşmer-aýpalta bilen ur — çopanlaryň çiginlerini, aýjyklaryny,ýeňse çukanaklaryny gök-dalak etdiler. Şondan soňra adama bir öwejiň ýeňsesinden penjäni uragada, atyň öňüne kese basyp gaýdyberdiler.

Getirdiler gala.Köse bular gala ýetmänkä gygyrdy: — Haýt, zaňňarlar, haýdan-haý damagyny çalyň! Yzyňyzdan Genjim geläýmesin.

Derrew damagyny çalyp, kebap, şara edip iýdiler.

Salymyny bermän, Genjimiň, çopanlaram ellerni boýunlaryndan asyşyp, ýaňaklaryndan ganlaryny sarkdyryşyp, bardylar öz hojaýynlarynyň gaşyna älesleşip. Genjim olardan:

— Haw, zaňňarlar, habaryňyzy beriň!—diýip sorady.

— Aý,  inibatyryň-a bizi çapawullandyr. Mal-da,dünýä-de gidendir elden.

Pah, Genjimem iebsine ejiz zaňňar-da, Şundan Göroglynyň meýhanasyna garşy ýöredi.Göroglynyň bolýan meýhanasy kyrk ýigidinden bölekdi.Genjim Köse dagynyň ýanyna gelmedi. Gelse Köse dagy ony suw pürküp ýençjekler.

Genjim Göroglypyň meýhanasynyň agzyna gelip, sypa syrtypy goýup, ýigrenjisini aşyryp, şol lagyrdap, sögünip otyr:

— Aý, zaňňar Görogly! Men seniň üçin mal gazanypmydyryn, dünýä gazanypmydyryn? Öňki bidöwletleriňden gutuldym diýsem, gadymky ganhorlary tapyp gelipsiň!Goýmajakmy ahyry ,meni öz günüme!Haý,bidöwlet, salpaýak, zaňňar — diýip, sögünip, Genjim öýüne gaýtdy.

Görogly oýlandy. Görogly maňlaýyndan çapylsa-da «wah» diýjek däldi. Genjimiň «Bidöwlet, salpa-ýak» diýeni welin, etinden ötüp, süýeginden ötüp, ýiligine ornapdy. Bidewletligi — ogly ýok, salpaýaklygy — aýaly ýok. Hapa bolup, ýigitleriniň ýanyna geldi.

-- Köse, bäş-alty sany kel tokly agam şular ýaly tagnalary meniň maňlaýyma saldy, Hudaý tagala bendesine döwleti özi berse ýagşy ekeni — diýip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýtdy:


Ozal başdan hudaýymdan Döwlet gerekdir ýigide,
Ýykylanda goldamaga, Medet gerekdir ýigide.

Gala-gala sözleşmäge, Ar-namysy yzlaşmaga
Ner-bugra dek dyzlaşmaga, Dogan gerekdir ýigide.

Işigi eýwan ojakly, Duly zerewşan saçakly,
Uzyn boýly, giň gujakly, Gözel gerekdir ýigide

Atyn jaýynda baglaýan, Kesip jigerin daglaýan,
Ölende zaryn aglaýan Naçar gerekdir ýigide.

Atdyr ýigidiň ýoldaşy, Oguldyr döwletiň başy,
Gyzam bolsa köňül hoşy, Zürýat gerekdir ýigide.

Görogly beg munda ýörseň, Nesibäň baryny görseň
Kazaň dolup bir gün barsaň, Iman gerekdir ýigide

Bu sözi aýdandan soň, Görogly hapa bolup, mütdekä güderi gübjäni taşlan, uklap galyberdi.

Görogly hapa bolansoň, kyrk ýigidi hem hapa bolup ýatyberdiler. Şol ýatyşyna daňa ýakyn Göroglynyň düýşünde bir mele donly, mele peşli garry baba bir perizadyň elinden tutup, toýhana getirdi. Getirip Göroglynyň gujagyna galyp ýetdi.

— Oglum, sen hapa bolup ýatma, seniň jübtüň şudur. Bu Kuhykapdaky Jahan patyşanyň gyzy. Adyna Agaýunus peri diýerler — diýip, ýaňky garry baba çykyp gaýdyberdi.

Göroglynyň gujagyna göýä bir aýyň synygy giren ýaly boldy. «Alla janlarym, gujagyma perizat doldy-ow. Şuny bir ogşaýyn» diýip, rast ýassygy ogşap, gemrip başlady. Ukudaky adam. «Meýhananyň içinde bardyr» diýip, sermenmäge başlady. Şol sermenip barşyna ýaňky ýatan ýigitleriň biri goluna ildi. Görogly rast gollaryny gerip gujaklady, gujagyna sygmady. Bu Bedrüstem diýen juwaz ýaly semiz, ýogyn ýigitdi.

Görogly: «Alla janlarym, düýşüme giren perizat inçe bil zybady, bular ýaly ýogyn däldi» diýip, şol sermenip barşyna, ýene bir ýigit goluna ildi. Ony-da gujaklap, ýaňagyna agzyny basdy. Agzy gyz tenine degmedi. Bu ýüz-gözüni çöpür basan Seýtek Gyrma eken.

Görogly: «Düýşüme giren perizadyň ýüzi-gözi ýylmanakdy. Bular ýaly kän tüýi ýokdy» diýip oýlandy.

Görogly mundan aýrylyp, ýene sermenmäge başlady. Şol sermenip barşyna, bardy Kösäniň üstünden. Pah, özi inçe, arryk, ýüzi-gözi tüýsüz adam. «Meger çyksaň, şu çykarsyň» diýip, gabyr-gubur gujaklady. Basdy ýaňagyna agzyny. Köse-de tisginip oýandy.

— Haw, gara zaluwatlar! Bir bela bar, çyrany ýakaweriň! — diýip gygyryberdi. Onuň gykylygyna ör boýuna galan ýigitler hem öňden dil birikdirip goýan ýaly: «Meniňem üstümden geçdi-de», «meniňem üstümden geçdi...» boluberdiler.

— Eý, zaňňarlar,çyrany ýakyň! Men ýakasyndan tutdum — diýip, Köse ýene gygyrdy.Köse, dogrudanam, Göroglynyň ýakasyndan towlap alan eken. Çyrany ýakyp görseler, onuň üstüne abanyp duran Görogly.

— Hä, zaňňar Görogly, iň soňunda zat tapman, meni tutup ýörmüň?Görogluda ne gep bar, ne söz bar, haýran-sadylla bolup dur.

Köse:

— Haw, ýigitler, muňa  bir çaý beriň. Bu bir essine gelsin. Jogaby onsoň soralyň! — diýdi.

Görogla çaý-çilim berdiler. Görogly çaý içip, çilim çekenden soň, Köse:

— Hany,Görogly,ber habaryňy! Sen düýş gördüňmi, ahwal gördüñmi? ýa bizleri bilgeşleýin synap ýermüň? — diýdi.

Görogly:

— Ine, meniň gören düýşüm! — diýip, gören düýşüni beýan edip, kyrk ýigidine garap, bir söz aýtdy:


Gaflatda ýatyrdym, geldi bir peri Yşk oduna meni haýran eýledi,
Şol periniň söwdasyna düşmüşem, Yşk oduna meni haýran eýledi.

Galpak geýip, zer gupbalar dakypdyr, Şirin janym yşk oduna ýakypdyr,
Laçyy kimin gyýa-gyýa bakypdyr, Yşk oduna  meni haýran eýledi.

Laçyn kimin gyýa-gyýa garaýyp, Syýa zülpün dal gerdene daraýyp,
Ak ýüzünde goşa-goşa hal goýup, Yşk oduna meni haýran eýledi,

Eý, agalar, aklym aldy bir peri, Egnine geýipdir sim bilen zeri,
başyna sanjypdyr tylla nowzeri, Yşk oduna meni haýran eýledi

Görogly beg aýdar şirin sözüni, Janym alan nerkes gara gözüni,
Sürme kylsam basyp giden tozuny, Ady Agaýunus, dildar eýledi.

Görogly bu sözi aýdyp bolansoň, Gyratyny öňe sürüberdi. At gadam atdygyça, ajdarhanyň agzy gez ýarym--gez ýarym açylyberdi.

Görogly gözlese, ajdarha atyny, özüni bilelikde demine sorjak. Görogly gylyjyny sogrup, ajdarhanyň üstüne topuldy. Ajdarha-da munuň bilen gidişiberdi. Görogly ajdarhany iki bölüp taşlady. Soňra gala girip, köçe bilen sürdi. Birki ýarym öýler, birki ýarym hüjreler öňünden çyksa, atdan düşüp, içini barlaýar. Olaryň içine haly-palaslar düşelgi, syrylgy, süpürilgi. Hiý, munuň janly-jandary ýok.

Görogly: «Alla janymlarym, şondan şuňa heläk bolup geldim welin, bularam düýn-öňňinlikde bir ýana göçüp giden bolmaga çemeli» diýip oýlandy.

Janly-jandaryň ýoklugynyň sebäbi, bu galada üç ýüz altmyş perizat ýaşaýardy. Perizatlaryň hemmesiniň baştutany Agaýunusdy.

Agaýunus:

— Haý, perizatlar, meniň düşüme adamzadyň gireli bäri, bir aý, kyrk gün geçipdir. Otursam, kararym ýetenok, uklaýyn diýsem, ukym gelenok. Nahar işdäm alanok. Meni birneme gürrüňe güýmäp oturyň!—diýip, hemmesini ýanyna jemläp otyrdy.

Biraz salymdan Göroglynyň gözüne bir köşk göründi. Gün bilen talaş edýär. Lagly-jowahyrdan bina bolan bu köşk Agaýunusyň öz köşgi eken. Şu köşgüň daşyndan gelip, üzeňňä çykyp, penjiresinden esewan etdi. Gözlese, üç ýüz altmyş perizat Agaýunusyň haremhanasynda el bilen dykylan ýaly. Bularyň ortasynda Agaýunus otyr. Şol çommalyp oturyşy, beýleki perizatlardan gez ýarym ýokardady.

Görogly: «Gel-ä, gelenimi mälim edeýin. Gatyrak gygyrsam-a perizatlar gorkarmy, ürkermi» diýip, penjiränin agzyndan ýüzüni keserägede tutup, perizatlara garşy garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Perim, menden diledigiň   Malmydy, başmydy, nädir?!
Gurupsyň egri kemanyň Gözmüdi, gaşmydy, nädir?!

Ala gözli söwer ýarym, Ençe günler saňa zarym,
Nikamyzy gyýdy pirim  Huşmudy, düýşmüdi, nädir?

Bir beg ogly awa çykar Guşun salyp, tebil kakar,
Perim gyýa-gyýa bakar Bilmen, serhoşmydy, nädir?!

Perim, bize etme bilim Gahba pelek saldy zulum,
Rehmiň gelmezmi, eý zalym, Ýar, bagryň daşmydy, nädir?!

Görogly aýdar, ýok kararym, Terk etdim namysym, arym,
Oýan-ha, gül ýüzli ýarym   Gördügiň düýşmüdi, nädir?!

Görogly bu sözi aýdansoň, Agaýunus:

— Daşardan adamzadyň owazy gelýär. Baryň, çagyryň, bäri gelsin! — diýip,   iki sany perizada buýurdy.

Perizatlar daşary çykyp, Göroglynyň kaddy-kamatyny, ýüz-keşbini görüp, gorkup içerik gaçyp girdiler. Görogly adamzat, bular perizat, ikisiniň jynsy başga, gorkdular mundan.Agaýunus: Hä, näme bar? — diýdi.

Periler:

— Eý, Agaýunus,bibi jan! Adamzat diýeniň şol bolsa, gözi-gaşy, burny, lebi-dahany başga bir zat eken. Asla ýanyna barar ýaly bela däl — diýdiler.

Habary kimden al? Agaýunusyň garry mamasyndan al! Agaýunusy bakyp, bejerip ýören bir garry kempir mamasy bardy. Agaýunus mamasyna garap:

— Eý,mama jan, ýaş kiçiler-ä gorkýar, sen ony çagyryp gaýdybersene! — diýdi.

Pah, mamanyň gorky-ürki ýadynda barmy? Ýalaň, şular ýaly dellalçylykda gezip ýören mama daşaryk çykyp, Göroglynyň bäri ýanyna baryp, elini salgady-da gaýdyberdi. Görogly hem düşünüşd-ä zaňňar.

Güpbe atdan düşüp, atynyň demir myhyny ýere kakyp, sagdak-pagdagy bilen güpürdäp, şakyrdap, däliz bilen gelip, Agaýunusyň haremhanasyna girmän, işigiň agzynda çommalyp oturyberdi. Kempir hem Agaýunusyň ýanyna geldi. Ol:

— Eý, Agaýunus jan, oglum, bir aý-kyrk günden bäri bizi çarhymyzda goýman, kelebimizde goýman,başga iş-derdimizde goýman, düýşüme bir adamzat girdi diýip,hemmämizi ýanyňa jemläp otyrsyň. Düýşüňe giren adamzat şumy?! — diýip sorady.

— Hawa, şol mama jan!

— Şu bolsa, oglum, kelam-agyz gepi menden aýtmak lazym, sendenem eşitmek lazym!

— Näme gepiň, bolsa, aýdyber, mama jan!

— Gepimizi  aýtsak,sen perizat,bu hem  adamzat.Perizadyň asly otdan bolar, adamzadyň asly toprak-dan bolar. Sen özüň, otdan bolup, asly toprakdan bolan adama özüňi niçik rowa görýärsiň? Perizat beglerinden özüňe mynasyp ýar tapylmadymy?

— Ýok, mama jan, asly toprak hem bolsa, bu ýigit gözüme otdan, her bir zatdan yssy görünýär.

— Haý, ýagşy, oglum! Adamzadyň  başga işleri-de bar, oglum!

— Näme işleri bar, mama jan?

— Adamzada aýal bolsaň, ýargyjak1 dartarmyşyň,degirmen üwärmişiň, tamdyra nan ýaparmyşyň. Meýdandan etegiň bilen tezek ýygarmyşyň.Ol işlere rowaçlygyň barmy?!

— Eý, mama jan,bagt bilýär-dä. Başda näme iş bolsa  görmek gerek.

— Ýagşy, oglum! Adamzadyň başga-da işleri bar oglum!

— Ýene näme işleri bar, mama jan?

— Adamzat birine-ikisine kanagat etmän, biri-biriniň üstüne üçi-dördi alybirmişin. Oňa-da kanagat etmän meýdanda gezip ýörkä, bir ýylmanak naçar gaýym gelse munuň bilen hem baş goşubirmişin.

----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Ýargyjak — degirmeniň, kiçiräk görnüşi

 Mama şeýle diýensoň, Agaýunus diňirgenip oýlandy. Munuň oýlananyny aňan Görogly:

— Alla, bu şum kempir arany bozup barýar-ow. Muňa ynanar ýaly bir zat aýtmasak, elden gitjek bu! — diýip, işigiň agzynda çommalyp oturyp, perizada garap, bäş keleme söz aýtdy:


Perim, seniň syýa zülpüň  Aýla, boýnuma bent olsun!
Bersin aşygyň myradyn, Göwün eglensin, kent olsun.

Biziň begler — mestan begler, At salyşyp, ganym eglär,
Arzuw eden peri begler Seni görmäge pent olsun.

Çandybilden at indersem, Lebiň şerbetiñden gansam,
Tä ölinçäm senden dänsem,  Kelamylladan ant olsun

Görogly diýir, pirim Aly,   Bipeýan dünýäniň Maly,
Göwnüňden çykar hyýaly,  Gamgyn köňüller şat olsun!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Agaýunus:

— Aw, mama jan, «onda ol bolýarmyşyn, munda bu bolýarmyşyn» diýip, meniň göwnümi geçirip oturma.Tur, öýüňe güm  bol, gözüme görünme!—diýdi.

— Ýagşy, ýagşy,oglum! — diýip, kempir ýeňsesini gaşap-gaşap gitdi.    Agaýunus başga perizatlara-da:

«Baryň hemmäňe jogap, işli-işiňize dargaň!» diýdi.

Pah, temme bolup oturan perizatlar, güpürdeşip çykyp gaýdyberdiler. Olar gaýdansoň, Agaýunus Görogla:

—  Içeri gir! — diýip üm etdi. Görogly içerik ätläp girdi.

Agaýunus peri ýerinden turup, edep-ekram bilen gol gowşuryp, Görogla salam berdi. Agaýunusyň kaddy-kamatyny, boýuny görüp, Görogly haýran bolup durdy. Bular bu ýerde indi oturybersinler. Çaý-çilim, nahar bedessur kylyp, agyz süýjütme gürrüň tapyp, wagty-hoş gürrüň tapyp, el-ele degmän, beden-bedene degmän, ten-tene degmän bu ýerde Görogly ýatybersin.

Bu wagtyhoşluk bilen, bu bezim bilen Görogly aýyň-günüň ötenini bilenok. Bir gün meýdandan atyny sürüp gelýärkä: «Alla janym, meniň şu ýere gelenime niçe gün bolduka?» diýip, gelenini hasaplasa, perizadyň ýanyna gelenine kyrk gün bolupdyr. «ýoldada kyrk gün bolupdym. Ýurdumdan çykanyma segsen gün bolupdyr. Meniň bu ýatyşym däl. Agaýunus bizi diýse, biz ony diýsek, ýurda gaýtsak ýagşy» diýip, göwni bozulyp, içerik girdi.

Görogly işikden girenden, Agaýunus peri muny aňlady.

— Alla, Görogly, näme gep tapyp girdiň? Daşary çykanyňdaky ýüz-gözüň, içeri gireniňde bolmady.

— Aý, ýok, perizadym, hiç gep tapamok...

— Ýok,Görogly,dogryňdan  geliber! Bir gep tapdyň sen — ýüz-keşbiň aýdyp dur.

— Dogrymdan gelsem, Agaýunus,  meýdandan gelýärkäm, şu ýere gelenimi hasapladym. Seniň ýanyňa gelenime kyrk gün bolupdyr. Ýolda eglenenime-de kyrk gün.Men bu ýatyşymy bir adama meňzetdim. Bir jalataý ogurlyk eder, ogurlygy-da ýüze çykar, çykgynsyz bergä galar.Ýa humar oýnar, humara utduryp, tükeniksiz bergä galar. Onsoň, ol adam ol ýurtdan gaçjak bolar.Ýene bir ýurda baryp,özüniň näme edendigini bildirmän,bir jontuk alaşany nesýe alyp, bahasyny hem «ine, berdim» diýip, mundan-da gaçar. Ýene bir ýurda baryp,bir ýylmanak naçar tapsa, şonuň yşkyna düşüp, ommalyp ýatar. Meniň ýatyşym, edil şoňa meňzeýär.Ýok,Agaýuius, men on iki müň öýli teke iliniň hany,bir ýurduň eýesi. Sen bizi diýseň, biz hem seni diýsek, biziň ýurda gideli! — diýip, perizada garap, bäş keleme söz atdy:


Seni diýip geldim Çandybilinden, Ýör gideli, biziň ile, perizat!
Aslym beýan etsem,Türkmen ilinden Ýör gideli, biziň ile, perizat!

Jemalyň görenler köňli hoş bolar, Pirsiz aşyklaryň ýoly daş bolar,
Çölde gezsem, Hydyr-Ylýas duş bolar Ýör, gideli biziň, ile, perizat.

Çöl ýerlerde gördüm piriň,Kuwwatyn, Taryp etsem, goç ýigidiň hümmetin,
Ýalançyda eýäm beren döwletin, Sür, gideli biziň ile, perizat!

Goç ýigidiň ömri bolsun zyýada Seni, meni hak ýetirsin myrada.
Görogly beg, bu bäş günlük dünýäde, Bir-birewiň gadryn bilgin, perizat!

Görogly bu sözi gutarandan soň, Agaýunus:

- Pahaý, Görogly! Sen gitjek bolsaň, men eýýäm guýrugymy düwüp goýan adam. Sen demini-dynjyny alsyn diýip ýatyrdym men — diýdi.

— Dem-dynç aldyk, Agaýunus, indi biziň  ýurda gideli!

— Ýör bärik!

Agaýunus Görogly düýşüne giren günleri münüp gitmek üçin atasyndan Howalygyr diýlen aty getirip goýupdy.

Agaýunus peri Howalygyry getirip, bir gyldan bezäp-besläp, her mysgaly ýüz müň, ýüz müň bahaly,daşlardan agyr merjenlerden, lagly-ýakutdan, altyn-kümüşden iki horjuni doldurdy. Agzyny gaýym baglap, öz zerli geýimlerini alyp,aýna-daragyny hem bukja salyp, Howalygyryň, syrtyna bökderip, ata mündi-de, Görogly beg bilen goşulyp gidiberdi. Ähli kenizleriniň içinden Gülşirini saýlap alyp, ony hem bir aty bezäp mündürdi. Gerek zatlaryny atyň syrtyna bökderdi.

Pah, zenan diýeniň bir guşguny göterilen soň, barjak ýerine barynça zynjyrlanyňda durýarmy. Adam bir-hä begenende gep tapmaz,bir-de gynananda. Bir ýasaw bilen, bir hyýal bilen atlanypdyrlar, meýdana çykypdyrlar. Görogly Agaýunusa näme habar gataryny bilenok. Perizat Görogla näme habar gataryny bilenok. Ikisi dymyp sürüp barýar, hamala kaza barýan ýaly. Şu gidişlerine birnäçe gün ýol ýörediler.

Bir gün säher mahaly dag üstünden barýardylar, Agaýunus: «Alla janym, men bu adamyň yzyna düşüp barýan-ow. Men munuň patyşadygyny bilmesem, baýdygyny bilmesem. Asla düýşüme giren adamzat bolsa ýagşy bu, gezip ýören bidöwlet bolmasa ýagşy. Ýöne üstüme öýlenjek däl diýip, ant içdi diýip gelýän. Menem bärden barsam, öňümde-de üç-dört sanysy oturan bolsa, nä alaç ederin» diýip oýlandy.Her hili gorkulyk,her hili oýlar ýadyna düşüp,Howalygyryň üstünde boýnuny burup, Görogla garap, bäş keleme söz aýtdy.


Şükür edeýin seni beren allaýa, Haýsy hanyň ogly ekeniň bilmedim,
Kereşmeli ýüzüň meňzetdim aýa, Haýsy hanyň ogly ekeniň bilmedim.

Seniň dek goç ýigit jahana gelmez, Meniň dek gyz asla eneden bolmaz,
Meni alan ömrüň ötenin bilmez,  Haýsy hanyň ogly ekeniň bilmedim.

Meniň özüm on üç-on dört ýaşymda, Tylladan jüp jygam bardyr başymda,
Peri gyzlar kyrk aýlansyn daşyňda Haýsy hanyň ogly ekeniň bilmedim.

Çyn aşyk men, namys bilen arym bar, Şu gün saňa şiwe bilen näzim bar,
Ak göwsümde biten goşa narym bar,  Haýsy çölüň gurdy ekeniň bilmedim,

Agaýunus, Jahan patyşaň gyzy, Ýar bolmaga kabul eýledim sizi,
Çandybile alyp barsaňyz bizi, Aç ekeniň, baý ekeniň bilmedim.

Agaýunus bu sözi aýdandan soň, Görogly hem barýan ýerinde munuň sözüniň manysyny tirip barýar. Içinden: «Perizadyň aýdýan sözi iň soňunda «bilmedim» bilen tamamlandy weli, bu onuň «Sen bir gezip ýören bidöwlet bolmasaň ýagşy diýen-ow!» diýip oýlandy.

Soňra atyň jylawyny perizada garşy dönderip, ýüzüne bakyp:

— Haw, Agaýunus, sen bu sözleri bize aýtma! —diýip, perizada garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Mert bolan iki sözlemez, Merdiň ykrary bir bolsa;
Söweş güni goç ýigide Şahymerdan destgir bolar,

Mertler çekermiş ýaýyny Bilip oturar jaýyny,
Ganymdan alar paýyny, Mertleriň işi zor bolar.

Hazan eli ösen bolsa Duşman ýolun kesen bolsa,
Ýigit başy esen bolsa, Mally bolar, malsyz bolar.

Görogly, mestana çaglar, Gül açsa gunçaly baglar,
Beýik-beýik garly daglar Garly bolar, garsyz bolar.

Görogly bu sözi aýdansoň, Agaýunus:

— Alla, Görogly, göwnüňe melal getiräýdiň-ow,göwnüňe melal getirme! Çöl meýdanda gep tapylman gelensoň, seni bir synamakdan ötri aýdaýdym — diýdi,

Şunuň bilen ikisi göwünlerini bire baglap, «Nirdesiň  Çardagly  Çandybil»diýip, sürüp ötägitdiler.

Habarm kimden al? Kösedep al!

Görogly gideli bäri, Kösäniň bir garny aç, bir garny dok,Genjime-de degmän oňupdyr pakyr.

Bir günden bir gün: «How, ýigitler, Görogly ölse-ä ölendir, ölmese, bu gün-erte bir ýandan çykar. Bu gün-erte bir ýerden çykmasa, onsoň görbiris-dä. Her zat hem bolsa, birki gün sabyr edeliň bakaly!» diýdi. Köse ähtiýaçly zaňňar. Içinden «Bilip bolmaz, perizady getiräýýärmi, nädýärmi?» diýär.

Birki-ýarym baýlardan nesýe goýun, tüwi, ýag, çaý, temmäki alyşdyryp, gezip ýör. Alan baýyna-da:

— Haw, baý aga! Şu zatlaryň puluny berjeg-ä Görogludyr. Üzer  ýaly bolup gelmese-hä zadyňy alanym, alanym.Üzebiljek bolsa,ýene zadyňy özüňe gaýdyp bererin — diýip, muny hem iki başly edip alýar.

Köse ,Däli Meteli, Seýtek Gyrmany: «Perizady getirýän bolsa, söýünjiläp geliň» diýip, Serçemene garawul edip goýdy.

Habary kimden al, Görogly bilen perizatdan. Şol sürüp gaýdyşlaryna geldiler Serçemene. Däli Mätel, Seýtek Gyrma — iki kişi iki ýerden olaryň öňünden çykyp, salam berdiler.

— Haw, ýigitler! Ýurt-gala amanlykmy?

— Ýurt-galaň kemi ýok — diýip, ol ikisi gala garşy basdylar ata gamçyny, geldiler gala:

— Aý, ýigitler! Söýünji, haý, söýünji! Görogly agamyz perizady getiripdir, söýünji! — diýip   gygyryberdiler.

Kyrk ýigit geýnebilenini geýnip, dakynyp,şaýlanyp,gaýtdylar öňünden. Urýalar  şowhuny,urýarlar gykylygy, urýalar pagtabendi, şu gelişlerine ses ýeter ýaly meýdana geldiler. Atdan düşüp,gol gowşuryp, salam berdiler, goşulyşyp sürüp gaýdyberdiler.

Habary kimden al? Köseden al!

Urdy Bozdumana gamçyny.Hemmeden öňinçä ozup gelip «Deslaby haremhanany bejereýin» diýip, haremhanany syryp, süpürip, tegbentleri çarpara taşlap, haly-palaslary düşäp, tekjelerde akly-gyzylly almalary hatar-hatar goýuşdyryp petikledi, ysly güllerden gysdyryşdyryp, töre bir owadan arjany getirip goýdy.

Ondan soň meýhana gelip, ody belent-den galap, tüňçäni dury suwdan dolduryp, çäýnekleri çaýkap, çilimiň suwuny täzeläp, hemmesini bedessur etdi. Onýança perizady getirip, haremhananyň işigin-de goltugyndan seýäp düşürdiler. Perizat haremhana ätläp girdi. Baryp arja ýeňsesini berip oturdy. Töweregini gözüniň astyndan bir hatar synlady. Öňün-de birküç sanagy bardyr diýen gorkusy az däldi. Gözlese, öňünde kişi-gara ýok. Perizadyň wagty hoş, keýpi çag boluberdy.

Ýene habary Köseden al!

—Haý, zaňňarlar, nädip otyrsyňyz? Göroglynyň ýedi arkasy ýere degmez  ýaly bolup  gelipdir. Aýdyjy ozan, bagşy bolsa getiriberiň. Çalyjy sazanda, bolsa getirberiň. Semizräk  goýunlar-da bolsa çykaryp soýuberiň. — diýip, ala-goh edip ýör.

Köse on gije-gündiz toý-tomaşa berip, nan diýene nan, teňňe diýene teňňe, serpaý diýene serpaý berdi. At çapdyryp, altyngabak atdyryp, aýdyjy bagşylary aýtdyryp, hemmesiniň bagtyny hoşlap, toýy sowup, bir molla getirip, perizady Görogla gaýym nika gyýyp berdi.

Toý sowlansoň, Görogly:

— Haw, Köse! Öýlenen adam özüňe belli. Men üç dokuz gün perizadyň ýanynda boljak — diýip, Kösä üç dokuz güne bolar ýaly harajat berip, haremhana garşy gidiberdi. Bärden barsa: «Perizat niçikkä, muny görüp bolmazmyka?» diýip, Dehistanyň, Çandybiliň gelin-gyzlaryndan, goç ýigitlerinden ýaňa haremhananyň, içi-daşy el bilen dykylan ýaly bolupdyr. Görogly bularyň gelenine wagty hoş, keýpi kök bolup, «Özümem gelenimi mälim edeýin» diýip, ýigitlere, gelin-gyzlara garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Toý tutmuşam Çandybiliň düzünde, Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!
Duşman köp bolupdyr meniň kastymda,  Begler, gutlan şu gün näzlim toýuny!

Meýlisimde   saz-söhbetler   gurunlar, Gol gowşuryp, hyzmatynda durualar,
Aga-begler, altyn käse uruňlar, Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!

Bäş menzilden arap atlar çapar men, Her menzilde sermes guzy gapar men.
Begrime agyr halat ýapar men, Begler, gutlaň şu gün näzlim toýuny!

Görogly beg gurdy söhbet-sazlary, Kölüňde  garkyldar guba gazlary,
Toýa gelen Dehistanyň gyzlary, Gyzlar, gutlaň şu gün näzlim toýuny!

Munuň towşuny, hemme gelin-gyzlar, çykyp-çykyp gaýdyberdiler. Hemme gaýtsa-da, Genjnm agasynyň aýaly gaýdanok. Ýeňňe bolan kişi bolup gol çullap dur.

«Ikisini elleşdirip, gaýtjak» diýip, Göroglynyň elinden tutup, perizadyň üstüne eltip, ikisini gaýym elleşdirip:

—   Agaýunus  jan, şuňa  teniňi bagyş etdiňmi? —diýdi.

Onda Görogly:

— Päheý, ýeňňe jan, biziň bagyş edenimize niçe mahallar boldy. Biziň nikamyz Kap dagynyň başynda gyýyldy. Sen gapyl ýatyrsyň, häli — diýdi,

Bu jogaby eşidensoň, Genjim agasynyň aýaly-da çykyp gaýdyberdi.

Pah, hemmäni öýden çykardylar. Işige temmäni urdular. Agaýunus peri dokuz gabat çymylgan taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýak uja bäş tekýe, üstüne-de bir ýukarak ýorgany taşlap ýatyberdi. Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada. Olar galyp nämboljak — hemme ýetsin myrada.