ARAPDAN AR ALYŞ

Elkyssa,habary kimden al? Göroglydan al!

Görogly Kösä üç dokuz güne bolar ýaly harajat perip gaýdypdy. Pah, Kösäniň iýmese öleni, üç dokuz günlük harajaty bir dokuz güne ýetirmän, ýigitleri bilen tüketdi iýip. Ýene bir gün, iki gün ol ýerden, bu ýerden nesýe-nowgan alyp oňdular,Soň Köse nesýä-de ötmedi.

 Köse Seýtek Gyrmany baş edip, dört-bäş atlyny Genjimiň goýnuna tarap ugratdy.

Olar :

— Bar-ha, al-ha, bas-ha! Agasynyň jogabyny özi berer,iýenimiz haýrymyza — diýdiler.   

Şunlukda,Genjimiň goýnundan bäş-alty sany goýny getirip iýdiler. Aý, Genjimem näme, nebsine eljiz zaňňar,kimden hikmet ýetenini bilip, Göroglynyň haremhanasyna gelip, haremhananyň agzynda, sypanyň üstünde oturyp, telpeginiň ýeserini  aşyryp, şol önküleri ýaly sögünip, lagyrdap otyr:

— Eý, zaňňar Görogly! Zaňňar, heý öňde-soňda senden gutulmajakmykam  men?! Heý,öz alajyny özüň görjek ýagdaýyň ýokmy seniň? Ýene-de heleý alan ýigide bakyň-a!Öýlenen ýigide bakyň-a! Reýhan Arap gelip,Gülendam ýeňňeňi äkitdi, ol ar-namysyň ol ýanda gidip ýatyrka,bu ýerde aýalyň bilini gujaklap ýatyrsyň, zaňňar! —diýip, sögünip, lagyrdap öýüne gaýtdy.  

Ol gaýdansoň, Görogly:  «Alla, meniň bu ýatyşym däl eken-ow. «Däliniň müň gepi telek bolsa-da, bir gepi gerek diýenleri» diýip oýlandy.

Perizadyň goýnun-dan çykyp, meýhanasyna ýüwrüp bardy,ony görüp, Köse:       

— Ýeri, Görogly, üç dokuz gün ýatjak diýmänmidiň?Ýa perizat wagtyňy hoş etmedimi, göwnüň, üstünden barmadymy? — diýdi.

— Ýok, Köse, perizad-a wagtymyzam hoş etdi, göwnümiziň üstündenem bardy. Perizadyň goýnunda ýatyrkam, bir zat ýadyma düşdi.

— Ýeri, ýene näme ýadyňa düşdi, zaňňar?!

Görogly:

— Bir mahal Reýhan Arap gelip, Gülendam ýeňňemi äkidipdi.Şoňa  gitjek bolup, üç dokuz günde bitirjek işimizi, iki dokuz güne goýman bitirdik.Men bu gije-de perizadyň goýnunda ýatyp, ertir atymy eýerläp gelerin. Siz hem gitme gamyňyz bilen bolup oturyň! — diýip, meýhanadan çykyp gitdi.

Kyrk ýigit hem göýä ham paýlaşýan ýaly, meýhanada galmagal baryny etdiler. Köse ýere bakyp, oýlanyp otyr.Ýigitleriñ biri:

— Hä, Köse, seniň demiň çykanok-la?

— Ýeri, men näme dieýin?

— Bu zaňňar ertir geljek diýip gitdi ahyry. Heý,mundan bir dynmanyň alajy bolmazmyka, Köse!

— Ýigitler, kyrk ýigidi alyp galaýyn diýsem-ä Göroglydan sögünç eşiderin.

— Hä, elbetde, eşidersiň.

— Gamçylaram!

— Sögünç eşidip, gamçy iýip ýörüp na görgim.Meniň şu sapar özümden özgä güýjüm ýetmez.

Ýigitler:

— Aý, Köse, meni alyp gal-da, meni alyp gal! —bolşup, daşyna egelenäýen -dirler.

— Hany, ýigitler, sizi alyp galsam, näme berersiňiz maňa?!

— Näme diýseň bereli, Köse!

— Ýigitler, sizden kän zadam dilemäýin: her haýsyňyz bir teňňe-bir, teňňe berseňiz bolýa! Kyrk teňňe bir çaý puly bolar-da.

— Garaz, alyp galsan, bereli! — diýip, gaýym wada etdiler.

Ertesi Görogly atyny eýerläp gelse, Köse çaý-da içmändir, nanam iýmändir, atyny-da eýerlemändir.

— Hä, Köse, atyňyzy eýerlemänsiňiz-le?

— Aý, Görogly, at bolsa eýerlener-dä!

— Köse, seniň, bir emmaň, bar ýaly-la?!

— Bar, hawwa!

— Hany, näme gürrüňiň bar?

— Meniň göwnümemi-nämemi, sen şu sapar maňa:«Kyrk ýigidi alyp galada gal!» diýäýjek ýaly bolup dur.

— Ýok-a, Köse, ol aýdanyň-a bolmaz, derrew atlan!

— Atlan diýseň, atlanaýmasak — diýensoň, Köse ýigitleriň gulagyna:«Ýigitler, birbada  atlanalyň,meýdana çykalyň, ýene bir alajyny görerin» diýip,ogrynça pyşyrdady.  Bular atlanyp, çykyp gidibersinler.

Görogly menzilme-menzil, salkynma-salkyn, çaý içip, çilim çekip, düşläp barýar.

Göroglynyň her düşlän ýerinde, Köse: «Bir nesihatym bar saňa, aýdaýyn!» diýip, onuň ýanyna gelýär. Görogly hem munuň bir gep tapyp galjagyny aňlap: «Ýok, aýtma» diýýär. Atlanýarlar. Köse tüýs Göroglynyň beýnisine düşen gurçuk boldy. Ýene bir düşlänlerinde, Köse Görogla arzyny aýtjak boldy, emma Görogly: «Bizar etdiň!» diýip, Kösäniň agzyna ýumruk çenedi. Köse öýkeläp, tosaňňyrap, turup ötägitdi, Ol meýdanlarda atyny suwa ýakan kişi bolýar, eşikleýär, iým beren kişi bolýar, gezip ýören ýerinde zaňňyr-zaňňyr edip ýör. «Biz munuň atasyna geňeş berýärdik, babasyna geňeş berýärdik. Öňki ötenler bizden geňeş soraýady. Indiki ýaşkiçilere bir gürrüňimiz bar diýip ýanyna barsaň, agzyňa ýumruk çeneýär. Indiki ýaşkiçilerden görjegimiz şu-da biziň».

Görogly: «Atany-babany ara salyp ýör. Habary bolsa aýtsyn-da dynsyn-da şu» diýip oýlandy-da:

— Bäri gel, eý Köse! Aýt, näme  habaryň bolsa! —diýdi,

— Habarymyzy aýtsak, sen nirä barýarsyň?

— Men Reýhan Arabyň üstüne barýan

— Arap saňa näme iş etdi?

— Arap gelip, Gülendam ýeňňemi äkitdi.

— Gülendam ýeňňeňi äkidende, kyrk-elli sany atly bilen gelip äkidipmidi  ýa ýalňyz özi gelip äkidipmidi?

— Ýalňyz özi gelip äkidipdi.

— Eýse sen, zaňňar, onuň üstüne ýygyn tartyp barýarsyň-a! Görogly, biziň bilen baryp aryňy alsaň,ýene  bir mahalynda  Reýhan Arap  bilen sataşaýsaň ol: «Hä, zaňňar Görogly, men seniň Gülendam ýeňňeňi ýekeje özüm alyp gaýdypdym. Sen kyrk-elli sany ýigit tutup, aryňy aldyň, toprak başyňa, zaňňar!» diýmezmi?! Sen şonda yza iýseň gerek, Görogly!   Ondan buýankysynam özüň bil!

— Eý, Köse, şu aýdanyň-a jany bar. Kyrk ýigidi alyp galaweri, onda!

— Ýok, bolmaz, Görogly. Bir habarym bardy, aýtdym-da dyndym. Derrew  atlanalyň, nirede Reýhan Arabyň bolsa!

— Ýok, Köse, meniň töwellamy alaý!

— Bolmaz, Görogly, bolmaz! Orta ýoldan yza gaýdyp bilmeris.

— Köse, men Reýhan Arapdan arymy alyp  geläýsem, iki dokuz teňňe, bir kirbenke çaý bereýin, Egniňe-de bir päkize don ýapaýyn.

— Indi-hä asylam bolmaz,

— Hä, o niçik, Köse?

— Heý,erte-birigün  «Garry  bidöwlet, teňňäniň-puluň göwnüni görüp galdyň!» diýip, diliňe çolarsyň, zaňňar.

— Ýok, asla-da beý diýmäýin, Köse!

— Haý, Görogly, bu kyrkysy meniň diýenimi edäýse bordy. Haw, ýigitler!  Siz hem gitjek diýip,dyzaşyp durmaň. Görogly aryny biziň bilen bile alsa, ary jaýyna düşjek dälmişin. ýörüň, gaýdalyň!— diýip,  Köse gözüni gypyp goýberdi. Bular gaýdybersinler.

Bärräk gelensoňlar, Hajy Sumsar aýtdy:

— Köse, Görogly gelenden soň, saňa teňňe bereýin diýip aýtdy, çaý bereýin diýip aýtdy. Bizden aljak bir teňňe-bir teňňäňi şu sapar ötäýseň nädýä?

— Gaýdyp  şular ýaly  hyzmat  buýurmasaňyz öteýin.

Weli Hyrtman: 

—   Iki teňňe diýse-de beriň zaňňara, alany halaly bolsun! — diýdi.

 Köse bularyň her birinden bir teňňe alyp, kisesine urdy-da, gaýdyberdi niredesiň Çandybil diýip.

Görogly «Ýekäniň ýary huda» diýip, basdy ata gamçyny. Ýol uzak, gep gysga Görogly Araz derýasynyň ýanyna baryp, Reýhan Arabyň ýeňňesini alyp giden güzerini tapdy. Ol Gyratdan düşüp, onuň endamyny tylla gaşaw bilen gaşady, tylla eýer, zerbap juluny salyp, ýola bir kemsiz taýynlady. Görogly Gyrata ýaňadan münensoň, goluna sazyny alyp, bir söz aýtdy:

Gurbanyň bolaýyn, janym Gyratym,  Araz derýasyndan geçer günüňdir!
Sensiň duşmanlara meniň, haýbatym, Algyr laçyn kimin uçar günüňdir!

Meni şat edersiň, göwnüm çaglaýyp,  Seni gören aman sorar aglaýyp,
Dokuz menzil ýoldan ryzkyň awlaýyp, Gam-gussadan göwnüm açar günüňdir!

Ýedi ýaşda ganatlaryň bitildi,  Gamyş kimin gulaklaryň çatyldy,
Daň ýyldyz dek iki gözüň açyldy, Jylaw çeýnäp, agzyň açar günüňdir!

Eý, janawar, kamatyňa guwandym, Gurbanyň bolaýyn, al meniň pendim,
Senden özge bolmaz göwün hursandym1 Hapa wagtym göwnüm açar günüňdir!

Görogly diýr, dynmaýan gan agladym,  Bu gara bagrymy birýan eýledim,
Zürýat dilemedim, seni diledim, Haýbat atyp, agzyň açar günüňdir!

Görogly bu sözüni aýdyp bolandan soň, Gyrata bir gamçy çaldy welin, ol dañ, ýyldyzy dek süýnüp, derýanyň segsen ädim añyrsyna düşdi. Göroglynyñ, wagty

--------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Hursant — şatlyk.

hoş bolup, ýola rowana boldy. Şol gidişine sürüp, Arabystan ýurduna ýetdi. Ol şol ýerde bir adamdan: «Haw, dost, şu günler Reýhan Arap näme iş başyn-da?» diýip sorady.

Ol adam:

— Reýhaýa Arabyň şu zamandaky pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý çaldyryp, tebil kakdyryp, masgarabaz oýnadyp, sazda-söhbetde, bezimde bolýar. Onsoň, garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar. Ol dek düýnüň özünde saz-söhbetini gutaryp garnyny doýrup uka gitdi. Şu mahal ukuda — diýdi.

Görogly Reýhan Arabyñ ukudadygyny bilip, gap--gaýgysyz atyny sürüp ötägitdi. Onuň galasynyñ arka ýüzünden bardy. Galanyn arka ýüzünde uly çarbag, onuňam haýbatly derwezesi bar eken. Görogly şol derwezeden girip, baga aralaşdy. Görse, ynha, bir gülzarlyk, çemenzarlyk gowy ýer eken.Görogly şu ýerde ýeňňesini ýatlap, göwni bozulyp, bäş keleme söz aýdar gerek:

Bagda açylan gyzyl güller, Baga Gülendam geldimi?!
Gül üstünden öwsen ýeller, Bu baga ýeňñem geldimi?!

Gözüm ýaşy derýaýy-Nil, Ýyglaryn men, halym müşgil,
Gül yşgynda köýen bilbil, Bu baga ýeňňem geldimi?!

Bu gün gurban bolsun başlar, Gan boldy didämde ýaşlar,
Bag üstünden uçan guşlar, Bu baga käbäm geldimi?!

Bu gün başyma iş düşdi, Ýürek-bagrym ýandy-bişdi,
Boz tarlañym nirä uçdy, Bu baga ýeññem geldimi?!

Uzak ýerden sorap geldim, Gam bilen saralyp soldum,
Ne habar, ne nyşan bildim, Bu jaýa ýeňňem geldimi?!

Alys bolandyr mekanym, Aýralykdan köýdi janym,
Käbäm enem, mähribanym, Bu jaýa ýeňňem geldimi?!

Görogly, kysmatym ýaman, Çekdigimdir ahy-pygan,
Ne habar boldy, ne nyşan, Bu baga ýeňňem geldimi?!

Görogly sözüni tamam etdi. Oňa deňiç bagyň için-den üç-dört sany keniz gelip, Göroglydan: «Eý, oglan, näme üçin hapa bolup dursuň?» diýip soradylar.

Görogly eline sazyny alyp, kenizlere garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Bu baga seýle gelenler, Indi jebir jana boldy.
Didäm üzre akan ganlar, Göz ýaşym rowana boldy.

Baga geldim men nar üçin, Köp ygtykatym bar üçin,
Çykmyşam bir naçar üçin, Örtendi, perwana boldy.

Gezsem gerek ilden-ile, Derdim köpdür, bolmaz hile,
Gaýgy bary meniň bile, Goşuldy, hemhana boldy.

Ýok meniň zynat nyşanym, Ýok meniň zynat nyşanym,
Söwer ýeňňem, mähribanym, Gözümden bigana boldy,

Görogly, ýeňňeň ýat eýle, Onsuz baga girme seýle,
Kysmatym ýazyldy şeýle, Görmegim gümana boldy.

Görogly bu sözüni gutarandan soň, Gyratyny sürüp, serhowzuň boýuna geldi.   Görse, Reýhan Arap bir beýik sypanyň ustünde, ullakan güjümiň aşagyna dokuz gat çymylgan taşlap, baş ujuna dokuz tekýe, 'aýak ujuna bäş tekýe taşlap, çiň arkan düşüp, harlap ýatyr.

 Her demini alyp pyşgyranda, güjümin ýapraklary çagşyl-çagşyl ses edýär.

Görogly: «Namartçylyk edip, uklap ýatan adamyny öldürmäýin-le. Her haçan tursa, atymyň yzyny görsün» diýip, atyny onuň, töwereginden üç mertebe aýlady. «Reýhan Arap güýjümem görsün» diýip, bir güjüme-de ok atdy. Okuň ýarysy aňry geçip duruberdi. Onsoň, Görogly haremhananyn işiginden geldi. Haremhananyň işiginde Gülendam Reýhan Arabyň geýimlerini ýuwup otyrdy. Görogly ýeňňesine salam berdi. Gülendam onuň salamyny aldy, emma Göroglydygyny tanamady. Bu türkmen oglany Gülendamyň gözüne yssy görnüp:

— Oglum, nireden gelip, nirä barýarsyň, sen haýsy bagyň güli, haýsy çemeniň bilbili bolarsyň, bu ýerlere nireden perwaz urup düşdüň? — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:

Uzak ýerden gelen eziz myhmanym, Başyňa döneýin, nirden geler sen?!
Sözüň eşitmesem bolmaz kararym, Gurbanyň bolaýyn, nirden geler sen?!

Maňa diýgin, eşideýin sözleriň, Ne sebäpden gan ýaşlydyr gözleriň,
Seni görüp ýitirdim men özlerim, Eý, eziz myhmanym, nirden geler sen?!

Men bir garyp naçar, köp bolar kylym, Jebri-jepa birle solupdyr gülüm,
Özuň haýsy ýandan, kim sen, bilbilim, Sözle, gurban olam, nirden bolar sen?!

Gülendam diýr, gopdy başyma duman, Iýdigim zäherdir, çekdigim pygan,
Bir garyp men, sözüm eşit, nowjuwan, Sözle, nowjuwanym, nirden bolar sen?!

Gülendam sözüni tamam etdi. Ondan soň Görogly ýeňňesine bakyp, eňňesiniň tanamandygyny bilip, özüni tanatmak isläp, goluna sazyny alyp, bir söz aýtdy:


Aglamagyn, gamda galan naçarym, Araz derýasyndan, silden bolar men!
Nesip bolsa, bagly ýoluň açaryn, Tekeli-türkmenli ilden bolar men!

Maňa pata berdi erenler-pirler, Başyma iş düşse, ýetişer şirler.
Tanamasaň, maňa bir gardaş diýrler, Ar-namysly türkmen ilden bolar men!

Göwnüm şatdyr bu gün Gyrat üstünde, Ok ataryn ganymlaryň kastynda,
Niçe ýyllap ýatdym ýeriň astynda, Araz derýasyndan, silden bolar men!

Bilgin, meniň pirim mertleriň, merdi, Gol göterip, bize ak pata berdi,
Meniň özüm gerçek — Aly şägirdi, Tekeli-türkmenli ilden bolar men!

Görogly sözüni tamam etdi. Emma ýeňňesi ony tanamady. Şol wagt Gülendam Göroglynyň, elinden sazyny alyp:

— Eý oglum, sen tekeli-türkmenli ilden bolsaň, meniň şol ýerde ene süýdüni bermesemem, el süýdüni berip, terbiýeläp ýetişdiren mähribanym galypdy. Men ondan ýedi ýyl mundan öň aýra düşüpdim, Şony sen görmediňmi, guzym? Ol öldümi ýa barmy? — diýip, Göroglydan onuň özüni sorap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Türkmeniň ilinden gelen gardaşym, Howandarym Röwşen jany gerdüňmi?
Bu gün görsem, gurban ederdim başym, Körpe guzym — Röwşen jany gördüňmi?

Bu gün gelip açdyň ýürekde bendim, Göroglydy meniň ýalňyz perzendim,
Şirinim-şekerim, nabadym-gandym, Howandarym — Göroglyny gerdünmi?

«Käbäm enem!» diýip, golum tutardy, Basan yzlarymy togap ederdi,
Gaty ýaýyn çekip, türgen atardy, Esrik nerim — Göroglydan görduňmi?

Biziň, jaýlar almalydyr-narlydyr, Kysmat ýaman, maňlaýymyz şorludyr,
Ýedi ýaşdan namyslydyr-arlydyr, Şol namyslym — Göroglyny gördüňmi?

Gülendam diýr, munda başym bendidir, Aýralygyň dagy jany-tendedir,
Ýedi ýyldyr, bar umydym şondadyr, Howandarym — Göroglyny gördüňmi?

diýip, Gülendam sözüni gutardy.Görogly ýeňňesiniň özüni tanamandygyny bilip:

— Eý, ýenňe jan, şol soraglaýan Göroglyň mendirin — diýdi.

Gülendam:

— Waý, meniň eziz howandarym Göroglymy sen! —diýip, oňa baka topuldy. Görogly-da atyndan düşdi.

Ikisi gujaklaşyp görüşdiler, saglyk-amanlyk soraşdylar. Gülendam görşup bolansoň, oturjak boluberdi. Görogly oňa:

— Oturma, ýeňňe, mun atyň syrtyna derrew! — diýdi.

— Haw, Röwşen jan, meniň boljagym  bolupdyr,boýam synypdyr. Meni bu jaýymdan indi gozgama!

— Ýok, gitmeseň bolmaz, ýeňňe jan!

— Röwşen jan, saňa bir gep bar. Sen şu wagtlar meni äkitseň, bu betbagt bilen ýene bir ýerde sataşaýsaň: «Haý, zaňňar, Röwşen, men seniň Gülendam ýeňňeňi rast diýen mahalynda, nowça mahalynda guçdum, iň sonunda garrap, sandan galansoň äkidip, «Arym jaýyna düşdi» diýip gezip  ýörmüň? Kempiri bäri kow.diýer, sen şonda yza iýsen gerek!

— Eýsem geňeşini sen ber, ýeňňe jan!

-- Munuň geňeşini men bersem, munuň ogly ýok, ýekeje gyzy bar. Ony äre bermäge gözi gyýman, saklap otyr. Şu wagtlar ýigrimi bäş ýaşyna barypdyr, Adyna-da Bibijan diýýärler. Şony aldap-ogşap seniň syrtyňa bir mündürebilsem, Reýhan Arabyň ýürek ýagyny üzýäň.

— Pah, ýeňňe jan, ýigrimi bäş ýaşyndaky tarsyldama gyzy tapsam, seni alyp gitmesem hem, arym ýerine düşerdi.

Gülendam:

— Sen duruber, bakaly, şu ýerde — diýip, Bibijanyň ýanyna bardy. Bibijan ukuda ýatan eken. Ol hem kakasy ýaly ukusyna agyr eken, bir ýatsa, ýigrimi günläp uklar eken. Göroglynyň baran güni Bibijanyň ukusynyň ýaňy on güni geçen eken. Gülendam sazyny belentden düzüp, sesiniň ýetdiginden gygyryp, bir söz aýdar gerek:


Bagyňda bir gül açyldy, Tur, Bibijan, turgul indi!
Ýar tapyşar wagtyň geldi, Tur, Bibijan, turgul indi!

Bir oglan arzuwyň çeker, Gözlerinden ýaşyn döker,
Lebleriň gant bilen şeker, Tur, Bibijan, turgul indi!

Geýeniň atlaz, daraýy, Ýüzleriň gijäniň aýy,
Sensiň perileriň taýy, Tur, Bibijan, turgul indi!

Seniň gülüň asla solmaz, Geldim, oýatmasam bolmaz,
Gülendam senden el üzmez, Tur, Bibijan, turgul indi!

Gülendam sözüni tamam etdi. Bibijanyn, gulagyna çala bir owaz eşidilen ýaly boldy. Emma ol munuň düýşüdigini ýa huşudygyny bilmän, pallap bir gerindi.

Ol dokuz gat köýnegi üsti-üstüne geýipdi. Gernen wagtynda, düwmeleriniň her haýsy bir ýana zyňlyp gitdi.

Gülendam Bibijany ukusyndan açmak üçin, onuň gulagyna has golaý oturyp, ýene bäş keleme söz aýdar gerek:


Bibijanym, diňle aýdan sözümi, Ýörgün bile baga seýle gideli!
Öwürmegin menden gül dek ýüzüni, Turgun, guzym, baga seýle gideli!

Jennete ogşatdym goýnuň içini, Taşla gerdenlerňe gara saçyňy,
Aç gözüňi, seret degre-daşyňy, Ýör, gyz, bile baga seýle gideli!

Beýle gaflat bile bolma bikarar, Şol oglan ölinçä, arzuwyň çeker,
Seniň bilen bu gün eýlesek şikär, Tur, Bibijan, baga seýle gideli!

Gülendam diýir, keşt edeli şol bagy, Görmeseň, köp goýar synaňda dagy,
Öpüşmek-guçuşmak, oýnaşmak çagy, Tur, Bibijan, baga seýle gideli!

Gülendam sözüni tamam etdi. Emma Bibijan bu gezek hem turmady. Gülendam nätjegini bilmedi. Ahyrda-da ol: «Biziň-ä gyz wagtymyz göwsümiz agyrak bolardy» diýip oýlanyp, bat alyp gelip, gyzyň gewsüniň üstüne öz agramyny taşlady. Bibijan ýalpa gözüni açyp, tirsegine saldy-da:

— Hä, ýeňňe jan, sen näme işläp ýörsüň? — diýip sorady.

— Aý, Bibijan, ýaňy daşarda dädeň geýimlerini ýuwup otyrdym welin, bir atly-ýaragly gerçek goç ýigit telpegi çekgä geýip: «Ýeňňe bir suw ber!» diýip aýtdy.

Bu kirim bilen suw bersem, işdäsi almaz diýip  göwnüme geldi. Gel, şuny Bibijana aýdaýyn, bejerinip-ýasanyp suw berse, işdäsi alar hem Arabystan ýurdun-da şular ýaly owadan, ýetişen gyz gördüm diýip,meýlisde-oturyşykda gürrüň eder diýip, seniň ýanyňa geldim. Şoňa bir suw ber, Bibijan!

Gyz maşgalanyň «Owadan, görmegeý ýigit bar» diýseň, az-kem göwnüniň bölünäýmesi bolýar.

— Olar ýaly ýigit bolsa, gözüm bilen görüp gaýdy-bereýin-le — diýip, Bibijan ýöriş etdi.

Ol şindi däliz bilen gelýärkä, heniz işikden çykmanka Göroglyny gördi. Görenden aljyrap yza--yza çekiliberdi. şol wagt Görogly Bibijanyň jemalyny görüp, oňa garap bäş keleme söz aýdar gerek:


Garşymyzdan bir aý dogdy, Gutly bolsun il üstüne!
Boldy ajap zamanalar, Gadam goýsun ýol üstüne!

Gunça kimin gülleri bar, Göz üstünde ýollary bar,
Bir ajaýyp hallary bar, Halyň goýar hal üstüne.

Ne meýdana girmek gerek, Ne gädikde durmak gerek,
Şirin jany bermek gerek, Mürçemiýän bil üstüne.

Bir gyz geledir bezenip, Gamza tygyny gezenip,
Süýnüp-sarkyp hem daranyp, Hülle geýer şal üstüne.

Ýaryň bagyna gireli, Girip, güllerin tireli.
Sen gelmeseň, biz baraly, Çykyp dursaň ýol üstüne.

Ýedi ýyldyr, synam dagly, Pir ýolunda boýnum bagly,
Nowhuruş oglan Görogly, Bir alla diýip, gel üstüne!

Görogly sözüni tamam kylandan soň, Gyratyň, başyny Bibijan tarapa öwürdi. Bibijan birden ýylan gören ýaly, tisginip gitdi, Görogla ýüzlenip: «Men seni atama aýdyp öldürderin!» diýip gaharlanyberdi. Gülendam: «Ataň duýsa, gyrar bizi» diýip, gyza töwella etdi, Bibijan jogap berdi;

Gülendam:

Gurban bolam, Bibijanyim, Aýtma, ataň gyrar bizi!
Maňa dardyr giň jahanym, Aýtma, zalym gyrar bizi!

Bibýajan;  

Goýber meni, zalym ýeňňe, Men-ä gaýtmanam-gaýtmanam!
Sen maňa saljaksyň çeňňe, Asla gaýtmanam-gaýtmanam!

— Seniň ýaly gülşen bolmaz, Beýle gülşen asla solmaz,
Ýagşy-ýamandan söz bolmaz, Aýtma, ataň gyrar bizi!

— Barman şol oglan ýanyna, Ot saljak şirin janyňa,
Özüň baryp, bolaý aşna, Men-ä barmanam-barmanam!

— Gülendam diýr, al, gyz, pendim, Şirinim, şekerim-gandym.
enden başga ýok perzendim, Aýtma, ataň gyrar bizi!

—Bibijan diýr, ýeňňe, aman, Göwnüme düşer ýok güman,
Şol oglanyň gözi ýaman, Asla gaýtmanam-gaýtmanam!

 Bular sözlerini tamam etdiler. Gülendam:

— Hä, Bibijan, näme yza-yza çekiliberdiň, ýigide suw ber, ol tizräk gitsin — diýdi. Onda Bibijan:

— Ýok, ýeňňe jan, bu ýigidiň tüýsi ýaman bozuk görünýär. Muňa suwuň-da bolsa özün ber, başga zadyň--da bolsa özüň ber! Aman-sag ugradaweri bu ýigidi —; diýdi.

— Bibijan, bu köp ýagşy ýigit eken, suw beräýsene! — diýip, Gülendam    Bibijanyň yzyndan  itekläberdi. Bibijan Görogla garap:

— Haw, goç ýigit, sen bu ýerde kän durma,biziň peşşaplarymyz seni göräýse, zaýa eder — öldürer! Git indi, demir donly, bu ýerden! — diýip, bir söz aýdar gerek, Görogly-da «Alman gitmez demir donly bu ýerden» diýip, ikisi gör-bak nämeler aýdyşýarlar:

Bibijan:  

— Habar bergin, ýigit, kaýdan geler sen?

 Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!

Kaýsy ilden, kaýsy ulusdan bolar sen?

Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!


Görogly:  

— Meni sorsaň, geldim Çandybilinden,

Alman gitmez demir donly bu ýerden!

Aslym beýan etsem, türkmen ilinden,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


— Gitgin indi biziň iller duýarlar,

Duýsa, seniň şirin janyň gyýarlar,

Goçaklarmyz ata rykap1 goýarlar,

Gitgin indi, demir donly bu ýerden!


—Bäş menzilden arap atlar çeker men,

Her menzilde sermes guzy gapar men,

Däh2 diýemde, bäş kişini ýykar men,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


—Goç ýigitler belendinde-pestinde,

Aşyk bolan magşugynyň kastynda,

Köp sözleme sen Gyratyň ustünde,

Gitgin imdi, demir donly, bu ýerden!


— Belent-belent garly dagdan ötmeýen,

Aryn alyp, maksadyma ýetmeýen,

Şu gün seniň ak goluňdan tutmaýan,

Hergiz gitmez demir donly bu ýerden!


 —Hanlaryň içinde hanlar hany sen,

Aşyk bolsaň, magşugyňy tany sen,

Sen pisint etmediň Bibijany sen,

Gitgin indi, demir donly, bu ýerden!

--------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Rykap — eýer. ! Däh — on.

—Görogly aýdar, şirin-şeker sözlini, 

Janym alan nerkes gara gözlini.

Ak ýüzi zenahdan1, goşa hallyny,

Alman gitmez demir donly bu ýerden.


Görogly bu sözi aýdandan soň, Bibijan:

— Ýeňňe jan, munuň aýdýan sözlerini diňle, asla bu ýigitden gowusy çykmaz — diýdi.

— Haw, Bibijan! Sen häli näme ýaşapsyň, näme görüpsiň! Biz bular ýaly ýigidiň, näçesini elden geçiren adam. Köp ýagşy ýigit, suw beräýsene. Bibijan! — diýip, ony itekläberdi.

Bibijan:

— ÝoK ýeňňe jan! — diýip, Gülendamy itiberip, Göroglynyň gözünden ýitip barýar.

Görogly «Men könelerden, ötenlerden zenanyň guşguny buzdan bolarmyş» diýip eşidýärdim, şuňa hoşamatlap bir söz aýdaýanymda, bizde söz gytmy näme?» diýip, Bibijana garap: «Haw, Bibijan, gitmesene, suwuň bolsa beräýsene!» diýip, bäş keleme söz aýdar boldy:


Garşym alyp duran dilber, Näzlim, bir suw ber, içeli!
Ter hynaly gollaryňdan Gyz oglan suw ber, içeli!

Menem geldim illerimden, Seýran etsem gülleriňden,
Ter hynaly gollaryňdan Bize bir suw ber, içeli!

Senmisiň arabyň gyzy, Geýen donlaryň gyrmyzy,
Näz bilen köýdürme bizi, Gyz oglan, suw ber, içeli!

Bilbil güle çeker zary, Aşygyň ýok namys-ary,
Göroglynyň söwer ýary, Bibijan, suw ber, içeli!

--------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Zenahdan, zynyhdan — alkym

Görogly bu sözi aýdandan soň, Gülendam aýtdy:

— Ana, Bibijan! — diýip, adyňy hem bilýän eken.Bu ýigit seniň at-owazaňy eşidip, saňa aşyk bolup gelen bolmaga çemeli. Muny näumyt gaýtarmasana, suw beräýsene!

— Alla, ýeňňe jan, «ber-beri» kän aýtdyn-la. Indi men muňa suw bereýin, ýöne sen habardar bolaweri.

— Gaýgy etme, Bibijan!

— Bolýa, ýeňňe.

«Kasas kyýamata galmaz» diýenleri, Arap Gülendamy alyp gaýdanda, Göroglynyň atasyndan galan altyn jamy-da alyp gaýdypdy. Bibijan şol jama suw salyp, haremhanadan ylgap çykyp, jilwe taşlap, süýnüp-sarkyp, uýala-çekine, ýüzüni keseräge tutup, jamy onuň goluna uzatdy. Görogly hem maýmyn ýaly çalasyn zaňňar, jamy onuň golundan gaňryp alyp, suwuny döküp, jamy dessine goltugyna urdy. Gyzyň bileginden tutup, bir çekende, depirgisine çykardy. Onyança Gülendam ýeňňesi ýüwrüp gelip, Görogla kömekleşdi. Görogly-da: «Göter,ýeňňe, göter!» diýýä. Bibijan rast ýetişen semiz gyz bolansoň, iki aýagyny atyň depirgisine diräp, arkanlygyna özüni taşlaýar. Agramyna Gyrpty alyp-alyp gidýär. Görogly atyň jylawyny Silkýär at pyrlanýar, ýeňňesi-de at bilen bile pyrlanýar.

— Göter, ýeňňe, göter!

Bir meýdan ýakalaşnşoň, Gülendam bilen Göroglynyň agzynyň birdigini Bibijai hem aňşyrdy.

— Haw, goç ýigit, goýber elimi, indi özüm gideýin!

Şeýle diýensoň, Gülendam:

— Haw, Röwşen, goýber elini, gideýin diýdi, gider özi— diýdi..

Görogly: «ýeňňemiň hem göwni bu ýana  aýland-ow!--diýip oýlanyp:

— Ol aýdanyň bolmaz, ýeňňe, göter hany çaltrak!— diýdi.

— Haý, Röwşen, ýakalaşyp, masgara edip  äkitme!Indi alajy ýokdur, özi gider.

Şeýle   diýensoň, Görogly   Bibijanyn   elini goýberdi.

Pah, Bibijan ýigrimi bäş ýaşan maşgala. Içeri girip, zerli-zerli geýimlerini geýip, şaý-şaýmanyny dakynyp, aýna-daragyny bukja salyp, bukjasyny goltuklap, şaňňyrdap gelip, Gyratyň syrtyna mündi.

Gülendam:

— Bar, Röwşen  jan, alnyňy hak açsyn, Reýhan Arabyň ýürek ýagyny-ha üzen-siň, emma  gatyrak gideweri! Men şu gün muny irde-giçde oýarmasam, döwüş-taýak meniň başymda bolar — diýdi.

— Heý, ýeňňe jan!' Niçe Arabyň, bolsa iberiber, Meýdana çyksam, alajymy görerin.      

Görogly Bibijany artlaşdyryp gidibersin.

Habary kimden al? Gülendamdan al!

Ol Reýhan Arabyn başujuna baryp, bäş keleme söz aýtdy:


Reýhan Arap, turar bolsaň, tur indi, Ustüňe nowhurus geldi Görogly! 
Turgun, betbagt, boz meýdana gir indi, Ýedi ýylky aryn aldy Görogly!

Oýan imdi, tizden açgyn gözüňni, Teň eýledi dagy-daşy, düzüňni,
Boýy kyrk gez mahy-taban gyzyňny, Atyň sagrysyna aldy Görogly!

Gyratyn oýnadyp girdi meýdana, Mert bir ýana gitdi, namart bir ýana,
Reýhaň Arap, indi galdyň armana, Ülkäňe bir talaň saldy Görogly!

Gülendam diýr, çagyrandyr pirini, Ugrunda sarp etdi herne baryny,
Bu gün senden aldy namys-aryny, Başyňa bir bela boldy Görogly!

Gülendam sözüni gutaryp, agzyny Reýhanyň gulagyna sepleşdirip, şeýle bir gygyrýar, şeýle bir gygyrýar, Ol zaňňar welin sarsanogam. Gülendam onuň bir bu ýanyna geçdi, bir o ýanyna. Depeni, gygyrany bilen oýanmansoň, arkan düşüp ýatan Reýhanyn. garnynyň üstüne münüp, aýbogdaşyny gurup oturdy. Garnyn-dan bir agyr zat basyberensoň, Reýhan demini ýygnap, içine çekip, bir pyşgyryp goýberdi welin, Gülendam woňk edip, honda zyňylyp düşdi. Munuň bilen hem oýanmansoň, iki sany ullakan ýassyk getirip, her ýassygy burnunyň bir ýan deşigine dykyp, iki sany pyýada taýak bilen itiberip, demini çykartman durdy. Şon-da Reýhan Arap içini bir çekip, rast pyşgyryp goýberse nädersiň! Ýassyklar göýä topuň oky ýaly bolup, nirädir zabyrdaşyp gitdi. Munda-da oýanmansoň, Gülendam onuň, aýak ujuna bäş-alty gap kömür dökdürdi, bäş-alty sany zergär ussany çagyrdyp getirip «Derrew tutaşdyryp ot ediň şuny!» diýdi. Zergärler onuň aýdyşy ýaly etdiler. Birentek tüpeň çybygyny getirip, çym-gyzyl edip, ussalar muny Reýhanyň dabanynyň teýine bazyrdadyp basyberdiler. Çybygy basyp başlanlarynda, ol aýagyny bir ýygryp: «Ahaw, meniň Dabanymdan çybyn çakýan ýaly-la seretseňizläň, kow-saňyzlaň çybyny!» diýip gygyrdy.

Gün peýşine sandy. Zergär ussalar ot basa-basa Reýhanyň aýagynyň aşagyny talbyr ýaly etdiler, Ol diňe şondan soňra o ýanyna bu ýanyna agdarylyp, bitakat bolup ugrady. Indi onuň oýanjagyny bilen Gülenlam:

— Seýisler, derrew Reýhanyň atyny eýerläp goýuň—diýip gygyrdy:

Aşpezlerine:

— Derrew nahar taýýar ediň! — diýdi.

Çaýpuruşyna:

— Çaý taýýar et! — diýdi.

Howuz suwdan dolup durdy, Gülendam suwa çümüp çykdy, topraga agynap, saçyny çözüp goýberip, ýüz-gözüniň, o ýerini-bu ýerini dyrnagy bilen ganadyp, bir donuň ýeňini kellesine büräp, haremhananyň agzyna ters bakyp, ýalandan gam çeken bolup, ýalandan uli-li bilen aglap oturyberdi. Onynça Arap turar boldy»

— Kim-äýt bi meni ýatyrmaýan?

Arabyň, bir mahaldan soň Gyratyň yzyna gözi düşüp:

— Be, zaňňar-a, her haçan öz atymyň dölüniň yzydyr bu — diýdi. Soňra güjüme    atylan oka gözi düşdi:

— Bu oky kim atdy? — diýip sorady.

— Bilmedik kimiň atyp gidenini — diýdiler.

— Kimiňki-de bolsa, her haçan meniň  bilen ýaka tutuşjak adamdyr bi.

Bir wagtdan Gülendama gözi düşüp:

— Haw, saňa näme bolup otyr?! ~ diýip sorady.

Gülendam:   

— Merez bolup otyr, zäher bolup otyr — zat bilmedik kişi bolup, Reýhan Araba garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Öz ýurdumda soltan idim, han idim, Gahba pelek meni seçdi ýaranlar!
Zülpi çil-çil bolan bir zenan idim, Baryp Reýhan maňa duşdy, ýaranlar!

Açypdyrlar o jennetiň zerini, Açypdyrlar o jennetiň zerini,
Menden ýekde, näzik beden perini Bir goç ýigit alyp gaçdy, ýaranlar!

Görogly beg gelip, atyndan düşdi, Seniň gyzyň gujaklaşyp görüşdi,
Bir-birine gülpeçek deý çyrmaşdy, Arzulum dagyndan aşdy, ýaranlar!

Bir goç ýigit bedew harladyp durdy, Seniň gyzyň oňa salamyn berdi,
Göterip atynyň ardyna aldy, Birnäçe çöllerden geçdi, ýaranlar!

Eşidiňler Gülendamyň sözüni, Ykarat eýlemäñ, begler sözüni
Bir goç ýigit, Arap, seniň gyzyňy Biarman öpübem guçdy, ýaranlar!

Gülendamyň bu sözüni eşidenden soň, Reýhan ukudan turan hem bolsa, çaýyny içmändir, çilimini çekmändir, essi ýerinde däl. Munuň aýdan gepine düşünenok.

Gaýtam:

— Näme galmagal edýärsiň, zaňňar? — diýip sorady.

— Galmagal, ynha,  şu ýaňy Görogly  gelip meni äkitjek boldy. Men hem gaçyp howza girdim, ondan-da kowalap çykardy. Onsoň, haremhana gaçdym. Ýüz-gözüme gamçy bilen ura-ura persala  etdi. Bu galmagalymyza Bibijan-da içerden çykaýdy. Ony görensoň, gyzyň sendenem geçdi, mendenem geçdi. Ikisi gol boýna salşyp, muhupbeti-posa alşyp, artlaşyp, zut gitdiler.

— Haçan gitdiler?

— Ýaňyja gitdiler !

— Aý aty eýerläň, ýaraglary getiriň.Çaý äkeliň,çilim äkeliň!

Dessine Reýhanyň atyny eýerläp getirdiler. Çaý-puruşlar çaý getirdi, aşpezler nahar getirdi, paýakeşi çilim getirdi. Reýhan bir kersen garmany garnyna gapgardy. Dokuz çäýnek çaýy başyna çekip, çilimden keýpini kökledi. Şondan soňra atyny münüp, ýaragyny dakyndy-da, basdy ata gamçyny Gyratyň yzyny alyp. Arabyň aty dört-bäş aýdan bäri gozganman bakyda duran atdy. Onuň atynyň agzyndan tabagyň agzy kimin parça-parça köpük saçyldy. Soňra bu köpükler gaýdyp, bir akja der geldi. Indi Arabyň aty tüýs gyzyp, harlap zyňmaga aýlanyşdy. Bu gün ötdi, bu gije ötdi, ertesi çäş galanda, Reýhan Göroglynyň yzyndan ýetdi: Ol:

— Haw, Bibijan, bir gürrüldi bar, ajdarha barmy, şir barmy? — diýip sorady.

— Eý, Görogly, ajdaryňy-da bilmen, şiriňi-de!Ol biziň  atamyzyň atynyň owazy bolmaly. Onuň toýnagy  gyzanda, damagy gürrüldeýär. Bu şonuň gürrüldisidir.

Görogly gorkdy.

— Alla, Bibijan, ataň gelýän bolsa, ýoldan  sowlakgadany, dagda gizlenäýsek niçik bolarka?

— Ýoldan sowlup, daga gizlenip, yzyňy arkaňa göterjekmi? Seniň  yzyňy alyp kowup gelýär-ä ol!

— Eýse munuň geňeşini sen ber, Bibijan!

— Munuň geňeşini bersem, atam uka giden mahalynda, seýislere baş bolup, ata ot berip, suw berip,bakyp-bejerip gözleýän mendim. Oňa her  menzilinde bäş ýarym batman töwriz bugdaýy berilýärdi. At aýagyndan  bikär  bolandyr,  ýöne  gyzgynyna gelýändir.

Öňünden çykyp, bäş agyz gepe güýmeseň, aty şu ýerde sowap galar.

— Aý, olar ýaly bolsa, men ataňy üç-dört günläp hem gepe güýmemeýänmi!

Görogly bir dag üstüne çykyp, yzyna gözläp durdy. Gözlese, iki dagyň jülgesinden Reýhan Arap zaňňar gelýä. Reýhan ses ýeter ýaly meýdana geldi. Görogly şol ýerde oňa:

— Haw, Reýhan Arap, dur şo ýerde, saňa bäş-alty agyz sözüm bar — diýip gygyrdy.

— Ine durdum, aýt sözüň bolsa!

Görogly:

— Sözümi  saňa  saz  bilen  aýdyp berjek!—diýip,

arkasyndan sazyny alyp Araba garap,bäş keleme söz aýdar gerek:


Seni diýip geldim Çandybilinden, Senden gaýdan enesinden dogmasyn!
Aslym beýan etsem, türkmen ilinden, Senden gaýdan enesinden dogmasyn!

Meýdan içre ýetdiň, bedew harladyp, Ylgar edip, at aldyny derledip,
Men durdum öňüňde jyza1 parladyp, Senden gaýdan enesinden dogmasyn!

Belent-belent garly dagdan ýeter men, Arym alyp, maksadyma ýeter men,
Bäri gelme, Arap, seni atar men, Senden gaýdan bu panyda galmasyn!

Görogly beg aýdar merdiň sözüni, Külli arap görsün meýdan tozuny,
Ýeňňem üçin aldym seniň gyzyňy, Senden gaýdan ýalançyga gelmesin!

Görogly sözüni tamam etdi. Soňra ol. «Ynha, meýdan arap ogly, gel söweşeli!» diýip, ýene bir söz aýdar boldy:


Ugradym ganym üstüne, Ynha meýdan, arap ogly!
Senem barmydyň kastymda, Ynha meýdan, arap ogly!

Senmi sen arap soltany, Ortara silkip haltany,
Bir-birewge goýup paltany, Ynha meýdan, arap ogly!

Senmi sen arabyň hany, Meýdana döker men gany,
Alyşyban şirin jany, Ynha meýdan, arap ogly!

Görogly, diri ýanar men, Haýbatly janyn alar men,
Är men, är gadryn biler men, Ynha meýdan, arap ogly!

--------------------------------------------------------------------------------------------------------------

* Jyza — naýza.

Görogly bu sözüni-de tamam etdi. Bibijan:

— Sürüber indi bu ýana! — diýdi.

Görogly Gyratyň jylawyny çaýa garşy ýazdyrdy; Arap zaňňar atynyň sowanyndan habary ýok. Bu namany aýdynça aty saň-gaty bolup galypdyr.

Haý, Görogly, sen şu sözi aýdyp, menden gutulip gitjekmi? — diýip, atyny zarp bilen debsedi, Reýhan öz agramyna özi başaşak gaýdyberdi. Minara gaýdan ýaly maňlaýy daşa degdi. Ýer gujaklap ýatyberdi. Şu ýatyşyna üç sagatdan soň essine geldi, entmen bolup, eýeriň gaşyna manlaýyny goýup, bir sagat ýatdy. Atina«çüw!» diýýä, gamçylaýa, urýa, aty eger-eger sarsanok.

Atynyň ýöremejegini bilip, atynyň ýan tanapyny bilegine,  çignine gaýym orap, bu ýanyny-da egnine taşlap, tagyrdadyp  süýräberdi. At soň-soň gybyrdaklamaga aýlanyşdy. Ondan soň ädimini gatyrak ätmäge başlady. Indi gyzjakdygyny bilip, uýanyny, ýantanapyny eýeriň gaşyna gysdyryp, bir egdesse taýary tapyp alyp,atyň guýrugyndan tutup, sagrysyna, gapyrgasyna, ýanbaşyna ura-ura atyny ýene gyzdyrdy. mündi ata, basdy gamçyny. Kä derläp, kä deri gaýdyp, tüs ýüwrügiň belli alajy barmy! Ýene harlap, zyňmga aýlanyşdy, ýene ýetdi Göroglyň yzyndan.

Görogly gygyrdy: — Dur, Arap, şo ýerde dur!

— Ine, dur diýseň, durdum. Taşla Bibijann, seniň ajalyň meniň elimdedir! — diýip, Arap gyzyberdi.

Şonda Görogly eline sazyny alyp, Reýhana ýüzlenip bäş keleme söz aýdar gerek:


Garry duşmanym sen, Arap, Reýhan aga, söweşeli!
At öňünde halyň harap, Reýhan Arap, söweşeli!

Niçe ýyldyr, çekdim zary, Şükür, aldym namys-ary,
Ata-babamyň gandary, Reýhan Arap, söweşeli!

Ýeke men, penahym hakdyr, Derdiňe hiç dowa ýokdur,
Hunuň-bahaň ýeke okdur, Gelgin, Reýhan, söweşeli!

Görogly diýr, özüm resa, Bir pirim hezreti Isa,
Hezret Aly, ýa Murtuza, Reýhan Arap, söweşeli!

Görogly bu sözüni tamam edenden soň, Reýhan Arap,

— Häý, akmak, men seniň tutan guşuňy ütüp  goýandyryn. Seniň etjek deliliň, etjek hiläň meniň, atymy sowadyp, onsoň, menden gaçyp gutulmakdyr.Atym sowasa, sowabersin. Aty taşlap,yzyňdan pyýadalap baryp, galaňy agdar-düňder  kylyp, başyňa zyndan eder men. Çandybiliň kesegini heleýlerine bogazyna ýarym  batmandan, gysyryna bir  batmandan  göterdip,Arabystana daşatsam hasap  et! — diýip,  Görogla garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Päliň azyp, bu jaýlara gelipsiň, Taşla Bibijany, nadan Görogly
Ýerimden gozgansam, hökman ölüpsiň, Taşla Bibijany, nadan Görogly!

Indi saňa rast jogabym söýlär men, Berre kimin bagryň birýan eýlär men,
Il-ulusyň, galaň weýran eýlär men, Biakyl Görogly, nadan Görogly!

Çaşarsyň, çaşarsyň, akmak, çaşarsyň, Bolmajak işlere başyň goşarsyň
Gamçyny bulasam dagdan aşarsyň, Taşla Bibijany, nadan Görogly!

Goluň baglap, tirkärin men gatyra, Hary-zar eýlärin salyp hatara,
Päliň azyp, degdiň Reýhan batyra, Taşla Bibijany, nadan Görogly!

Reýhan Arap sözüni tamam edenden  soň, Görogly oňa:

— Her iş etseň-de, saňa bäş-alty agyz sözüm bar! .— diýip, Araz çaýynyň arka ýüzünde Araba garap, bir söz aýdar gerek.

Uçradyň Araz çaýynda,  Gaýt indi, Reýhan, öler sen!
Seni goýman bu jahanda, Gaýt indi, Reýhan, öler sen!

Ýene bu ýoldan geler men, Dosty-duşmanym biler men,
Eltip ýylkyma salar men, Gaýt indi, Reýhan, öler sen!

Sen gaflat ukuda ýatdyň, Kerweniňe okum atdym,
Seniň gyzyň alyp gaýtdym, Gaýt indi, zaňňar, öler sen!

Söweş çagyny bildirin, Kä agladyp, kä güldirin,
Indi özüňi öldirin, Gaýt indi, duşman, öler sen!

Okum çekip, girsem ýaýa, Nalyşyň ýetmez hudaýa,
Arap, atyň bolar zaýa, Gaýt indi, zaňňar, öler sen!

Görogly, Aly pirime, Daglar eňreşer zaryma,
Döwçülerim, — kyrk nerime, Gaýt indi, Reýhan öler sen! 

Görogly bu sözi aýdansoň, Arap aýdýar:

«Döwçülerine — kyrk nerine» bak-a, kyrk ýigidiň meniň gözüme peşeçe görünýämi? — diýip, atynyň sowandygyny güman edensoň, «Bu sapar ahmal oturmaýyn» diýip, jylawy çekerägede tutup, kibtini gaýym gysyp, atyň garnyndan dolandyryp, «çüw» diýip, gamçy urdy. At sekrägede bir zyňdy, ýerden göterildi gidi- berdi. Emmaki ol bu gezek biraz sowan eken. Araz çaýynyň arkasyna düşebilmän, kyblasyna-da düşebilmän, ortarasyna pagyş edip ýykyldy. Tolkun tekizlendi gitdi. Reýhan bir mahaldan son suwuň ýüzüne çykyp, suwuň içinde atdan düşüp, atynyň tanapyny bilegine orap,onuň öňünden ýüzüp gelýär,aty hem yzyndan ýüzüp gelýär. Görogly beg görse-baksa, galkyjaklap, çaýyň bäri kenaryna ýetip gelýär.

Görogly ýene gyssandy:

— Alla, Bibijan, ataň-a geçip gelýär. Onuň atyny uraýynmy, özüni uraýynmy? — diýip sorady.

— Görogly aga, her zatdyr, atamdyr, edep sakla,atyny ursaň uraý! — diýip, Görogla ýalbaryp, bäş keleme söz aýdar gerek:


Indi maňa ýatdan ýakyn bolansyň, Atyny at, atam azat eýlegin!
Köne ar-namysyň häzir alansyň, Atyny at, atam azat eýlegin!

Şir zarbyn görmedik tilki şir bolar, Hatardan ýük alan — esrek ner bolar.
Är ýigidiň wadalary bir bolar, Atyny at, atam azat eýlegin.

Meýdana gireňde, äriň-äri sen, Hatara gireňde, neriň-neri sen,
Garyplar başynyň howandary sen, Atyny at, atam azat eýlegin!

Kysmat eken, seniň ýurduňa geldim, Sözüm bir, Alynyň pirligin bildim.
Men saňa paýandoz, hyzmatkär boldum, Atyny at, atam azat eýlegin!

Bibijan diýr, men galmyşam awara, Bu dertli janymy goýma azara,
Gel isdeseň, etgin meni set para, Atyny at, atam azat eýlegin!

Görogly keýmir oky ýaýa dolduryp, şiri-huda pirinii çagyryp: «Atyň ýa garysyndan, ýa injiginden degäýseň gerek» diýip,bärrägini gabatlap rast atdy. Ok gelip atyň garysyndan    gömüldi. Garyny kül-uşaý edip, owradyp ötägitdi.

At ýüzüp gelýärdi. Bir aýagy perman bermänsoň, birden derýanyň düýbüne zym-gaýyp boldy ötägitdi, tanapy bileginde bolansoň, Reýhan Arabam suwuň teýine alyp gitdi. Ol bir mahaldan suwuň ýüzüne zompuldap çykdy. Indi atyna ok degenini bilip, kyblasyna ýüzmäge aýlanyşdy. Atyny-da süýräp çykaryp, geýimlerini sykyp, her haýsyny bir ýana serişdirip, telpegini-de bir agaja gysdyrdy. Telpek tas kiçirägede kejebeçe bardy.

Arap: «Alla! Bu zaňňdardan önde-soňda destim gaýra boldy-how. Bu nä sebäp-denkä?» diýip oýlandy. Birden ýadyna düşdi, «Ýaňy gazalynyň aýagynda Görogly «Aly pirime» diýip, aýtdy ahyryn! Munuň piri Aly ekeni.Men munuň bilen erjeşmäýin» diýip, Araz çaýynyň kyblasy bilen Göroglynyň dogrusyna baryp:

— Haw, Görogly!—diýip gygyrdy.

— Nätjek, Arap aga?

— Men saňa utdurdym. Men senden gaýra geldim.Seniň piriň Aly ekeni. Indi sen dünýäden ötinçäň,men dünýäden ötinçäm, seniň bilen uruşmazlyga, jedel tutmazlyga äht bolsun, kasam bolsup şu ýerde! —diýdi.

— Ä, şeý diýssne, Arap aga, ýüzüň ak bolsun!

— Eger, Görogly, alsaň, saña berjek pendi-nesihatym bar.

— Aýt, Reýhan aga, alar ýaly bolsa, alarys!

Reýhan Arap Görogla nesihat berip, beş keleme söz aýdar gerek:


Saňa pendim diýsem, eý, Görogly beg! Zynhar, Gyratyňy goýmagyl höwre!
Aty ýigde uly täji-döwletdir, Zynhar, Gyratyňy goýmagyl höwre!

Bir hyýal eýledim, çykdym şöwüre, Bir hata eýledim, düşdüm döwüre
Bir gezek atymy goýdum höwüre, Zynhar, Gyratyňy goýmagyl höwre!

Bedewi saklamak, bil, zerur zatdyr, Ýigidiň ýoldaşy bir ýüwrük atdyr,
Bu dünýäde atsyz ýigit arwatdyr, Zynhar, Gyratyňy goýmagyl höwre!

Arap aýdar, men gaharym taşlaryn, Hyzmat buýursaň, müň adamlyk işlärin,
Garry guluň, seň ýurduňda gyşlaryn, Zynhar, Gyratyňy goýmagyl höwre!

Reýhan Arap sözüni tamam etdi. Görogly:

— Arap aga, seniň bu nesihatyňy berk tutaryn! diýip, söz berdi, soňra Reýhan Arap:

— Görogly, Bibijany sana tabşyrdym, seni hudaýa tabşyrdym! — diýip, ak pata berip, bäş keleme söz aýdar gerek:


Uzak ýoldan gelen ýigit,  Alypsyň, saňa noş bolsun!
Ýüregime dagy-düwün Goýupsyň, saňa aş bolsun!

Ýagşy pent bolsun,  Ganly ýaş doldy gözüme,
Gitme hatynyň sözüne, Alypsyň, saňa aş bolsun!

Indi galyp men döwüre, Özüňi çekdiň, böwüre,
Atyňy berme hewüre, Alypsyň, saňa aş bolsun!

Men niçe gün sürdüm döwran, Tapylmaz derdime derman,
Reýhana tükenmez arman, Goýupsyň, saňa noş bolsun!

Reýhan Arap bu sözi aýdyp, yzyna döndi. Atynyň ýanyna gelip, geýim-gejimlerini atynyñ syrtyna taşlap, keýtik atyny idip yzyna gidiberdi,

Görogly Bibijany  artlaşdyryp sürübersin. Bir meýdan ýöränsoň, Görogly:

— Alla, bu zaňňaryň gideni çynmyka ýa barmyka?Muny bir gözläýin — diýip.

 bir dagyň üstüne çykyp gözlese, Arap zaňňar iki dagyň jülgesinden gidip barýar. Geýim-gejimini-de atyň syrtyna taşlapdyr.Atyny idip, bolup barşy tüýs göçüp barýana meňzeýär.

Görogly Arapdan aryny alyp, Bibijan ýaly gyzy alyp gaýdan adam, Gyratdan wagty hoş, keýpi çag bolup:

— Aý, Gyrat, seniň asla bahaň bolmaz! — diýip,

Gyratyna garap, bäş keleme söz aýdar boldy.


Bedewiň, asly behiştden, Berekella, Gyrat, saňa!
Nalyň, altyndan-kümüşden, Berekella, Gyrat, saňa!

Haýkyrar sen her ýai bakyp, Dört aýagyň ýere dikip,
Derýaýy-Nillerden böküp, Berekella, Gyrat, saňa!

Jöwlan uruplar gezer sen, Jeren gaçsa, tiz alar sen,
Gelin-gyz dek süzüler sen, Berekella, Gyrat, saňa!

Görogly geldi jahana, Sen ýetir meni mekana,
Bermenem Rum, Ispyhana, Berekella, jan at, saňa!

Görogly bu sözi aýdyp, gala garşy sürüp ötägitsin. Bardy galasyna. Bibijany Agaýunusa tabşyryp, özi meýhanasyna gelip düşdi. Çaý içdi, çilim çekdi. Dem-dynjyny aldy. Çandybiliň ähli il-ulusy gelip, Göroglyny Reýhan Arapdan aryny alyp geleni üçin gutladylar. Üýşen mähelle Göroglynyň Arabystan-dan näme getirendi- gini aýdyp bermegini soradylar. Şonda Görogly üýşen jemagata ýüzlenip, bäş keleme söz aýdar gerek:


Agalar, arap ýurdundap Bir  mahy-taban getirdim.
Ýedi ýllyk gam derdinden Derdime derman getirdim!

Men düşdüm bahry-ummani, Ýoldaş men gaşy kemana,
Men oda düşen perwana, Gaşlary keman getirdim.

Gam çekdigim ýedi ýyldyr, Onuň üçin didäm sildir,
Aýralyk ýaman müşgildir, Derdime derman getirdim.

Atymy ugratdym saýa, Arap aty boldy zaýa,
Çydamady gaty ýaýa, Araba aman getirdim.

Külli Arabystan taýyma, Çydamaz gaty ýaýyma,
Arymy saldym jaýyna, Göwnüme aram getirdim.

Ot düşdi köňül şadyma, Hak ýetirdi myradyma,
Bibijan diýrler adyna, Agalar, döwran getirdim!

Ýüzleri gülgün neşeli Köňülleri endişeli,
Beýik daglardan aşaly,  Arzuwly arman getirdim

Görogly diýr, ýördüm haýran, Namys üçin başym gurban,
Boýy uzyn, mahy-taban, Bir ýagşy jenan getirdim

Görogly sözüni tamam edip, ýanyna bir ýigidi çagyrdy.

 Ähli il-halk gelse-de, Genjim agamyz görme -görşe, hal-ahwal soraşmaga gelmegi oňarmady. Han ogul, sen «Görogly geldi» diýip, Genjime söýünjiläp bar. Bilip bolmaz, joşan mahalyna sataşsaň, bir teňňe, iki teňňe berer. Özem: «Meniň ýanyma bir gelip gitsin. Päkize bir gyz äkelipdir diýip aýt!» diýip tabşyrdy.

Pah, zaňňar ýigit meýhanadan çykandan: «Görogly geldi! Gyz äkelipdir diýip söýünjiläp barsam, Genjim bir baý adam, maňa niçe at mündürer, niçe serpaý ýapar. Aý, bagtym geldi-how! Genjim aga, söýünji!» diýip gygyryp gelýär. Genjim hem öýünde otyrdy. Bir galmagal baryny eşidýär. Näme-nämedigine duşünenok. Bir adam nesýe goýun diläp gelýärmikä öýdüp dymyp otyr. Onýança ýaňky ýigit ýüwrüp öýe girdi.

— Hä, Genjim aga! Söýünji, söýünji!

— ýit-ä, ýok bol-a, oglum bolupmy meniň? «Söýünji» diýip dursuň bu ýerde?

— Ogluň bolmasa-da, Arabystan ilatyndan Göroglyiniň geldi!

— Ä, gelse gelipdir-dä !

— Beý diýme, Genjim aga! Söýünjiläp bar diýdi.Özi-de saňa meniň ýanyma gelip gitsin diýdi.

— ýit, ýok bol, ýüzüňi babaly görsün!

— Genjim aga! Beý diýme! Päkize bir gyzam äkelipdir. Şo gyzy berjek bolup «gelsin» diýen bolsa bildiňmi?

«Gyz» diýensoň, zaňňaryň göwni bölündi.

— Hany, ol gyz äkelipmi?

— Äkelipdir, Genjim aga!

— Özi gyzmy, dulmy?

— Gyz-la, saçy öňünde, Genjim aga!

— Haw, han ogul, şol gyzy men gözüm bilen görinçäm, seniň söýünjiňi berjek zadym ýok.

— Aý, Genjim aga, senden-ä tamam köpräkdi.Ol aýdanym-a bolmady.Gyzy görüp bir zat  berseňem bolýa.

Pah, Genjim täze donuny, täze ädigini geýip, telpegini kakyşdyryp, bilini dartyp guşap, Göroglynyň ýanyna garşy ýöredi. Meýhananyň gapysyndan girip:

— Inim,essalawmaleýkim! — diýip, Görogla  salam berip, onuň bilen gadyrly görüşdi, arkanjaklap yzyna gaýdyp, işigiň arkasynda çök düşüp oturdy.

—  Ä, inim! Amanlykmy, aman-sagmy? Atyň-ýaragyň bilen arman-açman geldiňmi? Gülendam ýeňňeňi gördüňmi? Aman-sag gezip ýörmi? — diýip, gaýta-gaýta sorap, hiç gutarmady. Görogly:

— Ýigitler,  maňa dutary alyp beriň!  Basymjak munuň göwnüni bir ýere  jemlemesek, bu zaňňar hezil bermez — diýip, sazyny goluna alyp, Genjime garap,bäş keleme söz aýdar boldy:


Baryp men Arabystana, Belent dagdan geçip geldim.
Hiç kim gutulmaz destimden, Ganat baglap, uçup geldim.

Arazda ýetdi yzymdan, Ok bilen urdum dyzyndan,
Ýagşylyk gördüm gyzyndan, Hoşwagt bolup, joşup geldim

At jyda boldy astyndan, Arap ýykyldy üstünden,
Gyzyny aldym destinden, Ganat baglap, uçup geldim

Görogly, merdiň özüni, Genjim beg, tutgun sözümi,
Ýeňňemiň ýerne gyzyny Saňa alyp, joşup geldim!

Görogly sözüni tamam etdi. Genjim beg Bibijan adyny eşidip, howsala düşüberdi. Onuň özüne berlip-berilmejeginiň anygyna ýetmek isläp:

— Inim, Arabystandan maňa näme sowgat-sylag getirdiň? — diýip sorady. Görogly Genjime garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Kybladan sallanyp, geler mestana, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!
Jemalyn görenler bolar diwana, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Aşyk ähli onuň arzuwyn çeker, Lebi bal, gül çihre1, dodagy şeker
Görki — gün şuglasy, älemi ýakar, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Aryp bolsaň, habar algyn sözünden, Bir köýnegi bardyr egri dyzyndan,
Aşyk bähre1 alar onuň ýüzünden, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Dokuz köýnegi bar, göwsi duwmeli, Atasyny görüp, gyzyn öwmeli,
Zemistanda2 gujagyna girmeli, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Ýene döwran geldi biziň bu baga, Ol — Züleýha bolsa, sen ÝUsup, aga,
Gözelleriň bary şona sadaga, Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Görogly beg ar üstünde söweşer, Saçlary tel-teldir, topugna düşer,
Ýuka dodaklary balmy ýa şeker? Aga jan, arabyň gyzyn bereýin!

Görogly sözüni tamam etdi,şol bada Genjim ylgap ýerinden turup, gol gowşuryp:

— Aý, inim, gulluk-how, gulluk! Maksadyňa  ýet-how! Dünýä durynça sen dur-how, aý gulluk-how! Haw,inim, bir gep bar menden   ogurlabam ýörme, dogrulabam.Goýny-da  saňa  tabşyrdym,düýäni-de,garamal,ýylkyny-da saňa tabşyrdym!   Hazynany, mülki-de hemmesini saňa tabşyrdym!   Men ýaz bolsa yssylamaz ýaly, gyş bolsa — üşemez ýaly razy etseň bolýar,Haw, inim, ýaňy sen geldi diýip,bir ýigit söýünjiläp bardy,oňa-da näme berseň, özüň ber! Meniň-ä elim bilen berjek zadym ýok! — diýip joşdy.

Köse:

— Dili aýlanan mahaly depiň goýnunyň üstüne zaňňaryň gepiniň bellisi bolmaz!    Soňurrak berjek däl diýäýmesin — diýdi.

Genjim:

--Köse, saňa-da jogap! — diýdi.

Görogly Genjim bilen Bibijana on gije-gündizläp toý-tomaşa berip, nan diýene nan, teňňe diýene teňňe berdi.At çapdyryp, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp, ýaňky söýünjiläp baran ýigide-de at mündürip, serpaý ýapyp, bir molla getirip, Bibijany Genjime gaýym nika gyýyp berdi. Genjim haremhana garşy ýöredi.

Gidip barşyna:

— Inim, gulluk, inim gulluk! — diýýär. Bardy haremhananyň işiginden. Agaýunus peri:

— Geleweri,  Genjim  beg! — diýip, elinden tutup,bibijan bilen elleşdirip, perizat hem gaýdyberdi.

Genjim bilen Bibijan dokuz gat çymylgan taşlap, baş ujuna dokuz tekýe, aýak ujuna bäş tekýe, üstünden bir ýukarak ýorgany taşlap, dal çybyk deý armaşyp, maksat-myradyna ýetdi. Her kişi Görogly ýaly iş bitirip, maksadyna ýetsin