ÖWEZ

Görogly özüniň meýhanasynda demini-dynjyny alyp ýatyrdy. Şol günleriň birin-de bir garry peýda boldy. Üç-dört günläp onuň towugyna tok dýien bolmady. «Myhman birinji gün — altyn, ikinji gün — kümüş, üçün-ji gün — mis, dördünji gün — pis» diýenleri. Garra özüniň kimdigini, näme habarynyň bardygyny aýdara wagt bolupdy, emma ol sesini çykarman, her gün bir ýerde düşläp, aýlanyp ýör. Şol aýlanyp ýerşüne, onuň ýoly ahyry Göroglynyň meýhanasynyň üstünden düşýär.

Görogly ondan:

— How, atam, sen ýetmiş iki dilde gürläp, dünýäniň dört burçundan habar   berýämişiniň diýip eşidýäs, şol çynmy? — diýip sorady.

— Hawa, oglum, men jahana keşt eden adam.Meniň barmadyk ýerim, görmedik   ýurdum, gezmedik  şäherim galan däldir.

— Görmedik ýeriň ýok bolsa, ine, biziň ýurdumyzam, meýhanamyzam gördüň. Biziň şu ýaşaýşymyzda oturyşymyzda-turşumyzda, kyrk ýigidiň  bolşunda näme kemimiz bar?

— Oglum, sizin. hiç bir kemiňiz ýok, diňe altyn aşygyňyz ýetenok.

— O-how, atam, o näme diýdigiň boldy.

— Ol şeýle: bir wagt iki maşgala  goňşy bolup ýaşapdyr.Olaryň biri-hä şatlyk-şagalaňda ýaşapdyr, günüň nähili dogup, nähili  batanynam bilmändir. Beýleki maşgalada bolsa ne ses bar, nede tomaşadyr gülki. Öýleri  edil  mazarystanlyk ýaly, gum-gukluk. Bir gün goňşusy häki şat maşgaladan: «Siziň her günüňiz toý bilen baýram bolup geçýär, nähili-dir gürrüň tapyp, beýle gülüşýärsiňiz» diýip soraýar. onda şat maşgala ona: «Biziň altyn aşygymyz bar, Şony oýnadyp gülüşýäs» diýýär. Tukat goňşy bar-ýoguny altyna öwrüp, bir altyn aşyk edinýär. Birin-ji gün är-heleý bolup, altyn aşygy giç agşama çenli oýnaýarlar, ertesi aşygy oýnamakdan irýärler-de, ony zyňyp goýberýärler. Ýene goňşusyna ýüzlenip: «Biz-ä eýýäm irip, aşyk oýnamany bes etdik, siz neneň ireňzok?» diýip soraýarlar. Onda şat goňşusy: «Ьiziň,aşygymyz irizýän aşyk däl onuň her bir gymyldysy, peltekläp aýdan her bir sözi bar ýadawlygyňy unutdyrýar» diýip jogap berýär. Şundan soňra beýleki goňşy gürrüňiň çaga hakda barýan-dygyny aňlap çaga hakda barýandygy çagaly öý bazar, çagasyz öý mazar  diýlen ýadyna salýar we öýlerinde käkiline zer-suw berilen çaganyň ýokdugyia gynanýar.

Oturanlaryň biri garrynyñ aýdanlaryndan özüçe Many çykaryp:

— Päheý başy çaşan galandar, sen bizi aşyk bilen çaganyň tapawudyny bilmeýän haýwan hasaplaýarmyň?! — diýýär.

Ýene biri başga bir zat aýtdy.

Garaz, akylynyň ýetdiginden, her kim bir zat diýip galdy. Emma Görogly sesini-üýnüni çykarman, garrynyň aýdan çuň, manyly sözlerine pikir berip otyrdy. garry ýigitleriň birnäçesiniň öz sözüniň manysyna ýagşy düşünmändiklerini aňlap özüne ýüklenýän töhmoti ýokuş görüp:

-- ýigitler, meniň size hiç bir ýamanlygym ýokdur— diýdi. 

Ýene araňyzda bala-çagaly bolsa, gör,nähili gowy bolardy. Çaga  öýüň bezegi,    märekäniň ýaraşygy bolýar. Ownuk-uşak iş etdirmek üçin, maýda--çüýde ýümüşleri buýurmak üçin ýaş oglan gelşikli bolýar. ýogsam, ynha, görýän welin, heriňiz murtuňyzy bir penje edişip, juwaz sokusy ýaly bolşup, bir çäýnek çaý getirmeli bolsa-da, çilim otlamaly bolsa-da haltyldaşyp, özüňiz iki baka gatnap ýörsüňiz. Şundanam bir iş bolarmy?! Bu dünýäniň iň bir lezzetli zady — olam bolsa çagadyr. Zürýatsyz adam bir gury agaçdyr, şony bilgin, Görogly. Sana laýyk perzent dünýä inipdir. Onuň ady Öwzdir.

Şeýle diýdi-de, baba  meýhanadan çykdy ötägitdi.

Görogly doňňara daşa dönüp, ýere bakyp otyr, ne gelen-giden bilen, nede gep-gürrüň bilen işi bar. Ol zürýat hakda pikir edýärdi.

Birden töweregine esewan etse, garry baba ýok, eýýäm gidipdir. Görogly ýigitlere:

— Ýanky garry ýöne adam däl bolara çemeli, meger-de bolsa, Hydyr atadyr. Çykyň basymrak, yzyndan ýetiň-de, alyp geliň — diýýär.

Onda ýigitleriň biri:

— Päheý, Hydyr ata näme işlesin, oňa onda-munda entäp ýören bikär zaňňar diýerler — diýdi.   Şol wagt beýleden biri:

— Her  bir şonun ýaly çaldan Hydyr ata bolýan bolsa, onda şu wagta çenli Hydyr  atalar ýere-göge sygmazdy — diýdi.

Görogly:

— Näme-de bolsa, çykyp barlaň, eger şu golaýd bolsa, bärik çagyryň — diýdi.

Ýigitleriň bir näçesi daşaryk çykyp, dumly-duşa göz aýladylar: garrynyň ne yzy bar, ne-de göz görer ýerde özi, hiç bir gara görnenok. Olar gelip, Görogla ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdiler. Göroglynyň zürýatsyzdygy ýadyna düşüp, ýene hapa boldy. Göroglynyň gamgyndygyny görüp, ýigitleri hem hapa boldy.

Soň Görogly: «Müň gaýgy bir iş bitirýärmi näme? Beýdip oturmakdan hiç zat çykmaz. Öwezi tapmagyň ugruna çykaýyn» diýip, Gyrata atlanyp, ýol rowana boldy.

Üýşmeleňiň, märekäniň üstünden barsa, Görogly halaýykdan:

— How, adamlar, araňyzda Öwez atly barmy?— diýip soraýardy,

— Bar.

— Hany, nirede? Ony maňa görkeziň.

Bir ýerde ond garny meşik ýaly, boýny bokur zaňňyry görkezip:

— Ine, Öwez — diýdiler.

Görogly öz içinden: «Haýp saňa Öwez ady» diýdi-; sesini çykarman gidiberdi. Gaýdyp gelýärkä, ol ýene bir adamdan:

— Şu ilatda Öwez  atly  barmy? — diýip sorady.

— Bar.

— Nirede?

— Hol ýerde goş goşup ýer.

Görogly bärden barsa, salgysy berlen sakgalynyň ýarysy agaran adam eken. Oňa Öwez aga diýýän eken-ler. Görogly ýene sesini çykarman ötägitdi. Görogly Meýhanasynda göwni hapa bolup ýatybersin.

Habary kimden al? Harazmiň ýurdunyň Weýeňňam diýen bir şäherinden al. Onuň patyşasyna Ýusup şa diýerdiler. Onuñ, eýýamynda Buldur gassap diýen bir baý bardy. Onda ýedi patyşanyň hazynasy deñ hazyna bardy. Bir aýyby — biperzent ötüp barýardy «Hudaýym maňa ogul bermezmikä?» diýip, on iki synasynyñ hersine bir aýal aldy. Gepiñ, gysgasy ýagşy. Iñ soñky alan aýalyndan hudatagala bir ogul berdi, tarypyny aýdyp-diýip soñuna çykar ýaly bolmady. Her Kim ýüzüne gözlese aýna ýaly,öz ýüzüni görüp dur.On gije-gündizläp toý-tomaşa berip, Buldur gassap oglunyň adyna: «Ine, Öwez janym döredi» diýip, Öwez goýdy. Öwez birine, ikisine, üçüne, dördüne, bäşine gadam basdy. Deň-duşlary bilen aşyk, çilik, top oýnar ýaly boldy.

Bir gün köçede oýnap gezip ýördi. Ýusup şa awdan-şikärden gelýärdi. Ol Öwezi görüp at başyny çekip duruberdi.

— Bu oglan kimiň ogly?

— Buldur gassabyň ogly, tagsyr.

— Baryň, gassaby çagyryn. bärik! Gassaby çagyryp geldiler. Patyşa:

— How gassap, bu oglan seniň ogluňmy? — diýdi.

— Hawa, tagsyr, biziň oglumyz.

— Seniñ ogluň bolsa, ony bize hyzmatkär jylawdar berseň, niçik bolar?

Gassap:

— Tagsyr, enesi bar, bir geñeşeýin — diýdi.

— Bar, geňeşip gel! — diýip, patyşa sürüp gidiberdi.

Gassap geldi Öwez janyn, enesiniň ýanyna. Öweziň enesi:

— How, gassap, patyşa näme işe  çagyrýan ekeni? —diýdi.

— Öwez jany dileýär.

— Näme diýdiň?

— Enesine geňeşeýin diýdim.

— Pah, sakgalyňa zaňňar! Ýurduň erkli  şasy,berseň bermeseň eliňden alar.    Ogluň şanyň, hyzmatynda ýörse, armanyň näme?

— Eýse ýör, Öwez  jan! — diýip Buldur gassap Öweziň elinden tutup ýola düşdi. Öwez janyň enesi olara:     

— Oturyň entek! — diýidi.

Öwez janyň enesi köp akylly zagypady.

Bir semiz berre guzyny soýup, gaýyş bişirip, ýahna edip, iki gap çelpek   bişirip, şu   zatlar bilen şanyň gaşyna gönderdi. Gassap ogluny şanyň ýanyna eltdi.

— Düýnki soran hyzmatkäriňi, ine, getirdim.

Gassap ýahnany, çelpegi çykaryp goýdy. Ony gören patyşa:

— Gassap,  dargursagrak görünýädiň? Bu geňeşi özüň tapan-a dälsiň! — diýdi.

Ýene gyssandy zaňňar.

— Içeri bolup tapdyk, tagsyr! —diýdi.

— Dile menden dilejegiňi.

— Senden dilejek zadym ýok, tagsyr. Seniňem hazynaň meniňkiden kän däldir.

— Eýse işigiňi ýel açsyn, ýel ýapsyn! — diýip, jygaly möhrüni basyp, tarhanlyk depderini berdi.

Habary kimden al? Ýusup şadan al. Şa Öweziň özüne ogşaş kyrk ýigit ýygnap, ony kyrk ýigide han etdi. Öwezi ýanyna alyp, günde bir ýaňa awa-şikäre çykyp dur.

Habary kimden al? Şu galaly Hemdem söwdagärden al. Ol günleriň birinde argyşdan gelip, saraýyň agzynda ýüküni düşürip durdy. Birden köçäniň ugry bilen kyrk ýigidiň, öňünde at oýnadyp gelýän Öweze gözi düşüp, sakgalynyň ujuny dişledi-de, haýran boldy duruberdi. Şol mahal Öweziň hyzmatkäriniň biri atyny debsäp gelip:

------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Zagypa — ýanioldaş, aýal.

«Sowul-aýt, bu ýana!» diýip, Hemdem söwdagäriň üstüne dazaryldy, Hemdem söwdagär bir taraprak sowlandan son, ondan:

— Kim diýýärler bu ýigide? — diýip sorady.

— Şanyň Öwez diýen nökerbaşysy bu.

— Öwez jan   diýip adyny eşidip ýördük, şolmy şu?

— Öwez jan diýme!

— Hä?

— Şa ýaman görer.

— Ýaman görse-de, ýagşy görse-de dünýe malym şu oglanyň, başyna sadaka bolsun. Bu bir Görogly ýaly gerçek goç  ýigidiň nökerbaşysy bolmaly ogul eken.

Her edip-hesip edip, ony Ýusup şanyň ýanyndan aýyrmaly — diýip ýüwrüp gelip: «Şulary näme iş etseň,öz ygtyýaryň!» diýip, mal-matasyny bir  adama tabşyryp, ýüwrüp şanyň, gaşyna geldi. Patyşa:

— How,   Hemdem   söwdagär,  habaryňy   ber! — diýdi.

— Duz  nesibäm çekip, hyzmatyňa geldim, tagsyr!

— Boluber hyzmatda!

Söwdagär bir ýyl hyzmat edip, biline, aýpalta gysdyrdy, iki ýyl hyzmat edip, at münüp, serpaý geýdi. Üç ýyl hyzmat edip mährem, soňra Hemdem wezir boldy. Bir gün patyşa awa-şikäre çykarman boldy. Öwezin kellesinde bir agyry peýda bolup, Şa bilen gidebilmän, saraýda galyberdi. Ýalandan: «O ýerim agyrýar, bu ýerim agyrýar» diýip, Hemdem wezir hem galdy. Han gidensoň ol, Öweziň, gaşyna gelip, gol gowşuryp:

— How, Öwez jan, arzym bar! — diýdi.

— Wezir aga, näme arzyň bar?

— Öwez jan, arzymy diňleseň, aýdýan, ýogsam aýtmaýan.

— Diňlemeli  arz  bolsa, diňläris,   wezir  aga! —

Wezir üç mertebe gulluk aýtdy. Soňra-da:

— Öwez jan, mende bir gep bar — diýdi.

— Näme gep bar?

— Gulak assaň aýdaýyn, bolmasa aýtmaýyn.

— Gulak asmaly bolsa, asarys,  wezir aga! — Wezir bu sapar dokuz mertebe gulluk aýtdy. Soňra-da:

— Öwez jan, üç ýyldan bäri şanyň hyzmatynda at tapman, don tapman gezip ýöremok. Men seniň şu bolup ýörşüňe gynanýan. Sen şa ýanynda hyzmat etmeli ýigit däl-de, Görogly ýaly gerçek goç ýigidiň ogly bolmaly gerçek — diýdi.

Onda Öwez:

— Wezir aga, ertir şa gelsin, bir geňeşip göreýli — diýdi.

— Hoş — diýip, wezir onuň bilen razylaşdy.

Ertesi şa gelensoň, Öwez ýyglaberdi. Patyşa:

— Hä, Öwez, kimden ýamanlyk, kimden sütem ýetdi —diýip sorady.

— Hiç kimden jebir-sütem ýetenok, ýöne Hemdem wezir bir gep aýtdy — diýip,   Öwez Hemdem wezir bilen arasynda bolan gürrüňi şaga birin-birin aýdyp berdi.

Patyşa:

— Baryň,  weziri çagyryp  geliň! — diýip buýurdy.

Weziri çagyryp geldiler.

— Hä, zaňňar wezir, Öweze nämeler diýdiň?

— Ony Öwez aýdandyr.

—Baryň, muny sylaň, bejeriň! — diýip,  peşşaplara ümläp goýberdi.

 Peşşaplar weziriň ýakasyndan tutup, süýräp meýdana alyp çykdylar-da, daşyň ýüzüne pylçap urup, arkasyna kyrk gamçy, garnyna kyrk gamçy — segsen  gamçy  urdular.   Işigaýdan  wezir üç sagatdan essine gelip, şanyň gaşyna bardy Patyşa:

— Ýit-ä, ýoýul-a, zaňňar! — diýdi.

— Eý, tagsyr, sen ýoýul diýmeseň-de, men ýoýulýan. Goç ýigidiň munuň ýaly boldugy öldügidir. Saňa bäş-alty sözüm bar. Onsoň ýoýuljak, tagsyr.  

«Şu ýanda Çardagly Çandybilde Görogly  beg diýen  bir zaňňar döräp-dir» diýip   eşidýän. Şonuň hyzmatyna gidýän. Bir ýagdaýyny tapyp ony seniň üstüňe iberip, täji-tagtyňy başyňa  zyndan etmesem, Öwezem goluňdan aldyrmasam, ýalançydan armanly ötýän, tagsyr!

— Şol eşek ogrusy Görogly şu jelegaýlarda garasyny görkezse,başga armanym    ýok — diýip,ýene urup-horlap kowup goýberdi.

Hemdem öýüne gelip, mal-dünýäsini hudaý ýoluna dargatdy, aýallarynyň talagyny berdi, ýerinem wakyf1 etdi. Başyna kulan, egnine jinde geýdi, goltugyna betbagt kädini gysdyryp, hümmet hasany goluna aldy-da, huw-hak diýip,

------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Wakyf eşek — Eesiz etmek il haýrъşa, döwlet haýryna bermek.

ýurtdan çykdy gaýdyberdi. Gepiň gysgasy ýagşy, ol köp ýöräp, az ýöräp, ahyry Çardagly Çandybile ýetdi, Göroglynyň meýhanasynyň salgysyny alyp, meýhananyň agzynda jübüt gazal-perýat gaýyrdy.Görogly diwana gelendir öýdüp, bir adamdan jübüt nan, jam doly teňňe iberdi. Hemdem bu nany alyp, maňlaýyna degrip, goýnuna saldy. Jam doly teňňäni rast meýdana pytradyp goýberdi. Ýaňky adam içeri girip:

— Aý, Görogly, haýp teññe-tylla!—diýdi.

— Hä, näme?!

— Hemme   teňňe-tyllany meýdana seçip goýberdi.Bir jynly galandar ekeni o zaññar.

Görogly:

— Ýigitler, ol jynly galandar däldir. Ýa ýurdundan yrak düşen handyr, ýa handan sütem gören sypaýydyr. Owazy ýaman zaryn çykýar. Çagyryň, bäri gelsin! — diýdi.

Hemdemi  «Içeri  gel!» diýip  çagyrdylar, Ol  bosagadan ätläp girip, salam ýok, helik ýok:

— Görogly diýen haýsyňyz-aýt? — diýdi.

— Ine, biz bolarys Görogly diýeni.

— Görogly diýeni sen bolsaň, haýp meniň üç aýlyk ýoldan  at-owazyňa aşyk bolup gelenim. Şu hili galandar gelýir» diýip, üç günden burun aňlaşyp öňümden çykmadyň.  Meýhananiň  agzyna  gelip, jübüt gazal-perýat gaýyrdym, munda aňlaşyp çykmadyň. Men könelerden: «Bir ýyl geçi bakan türkmeniň kyrk ýylky akylyna nogsany deger» diýip eşidýädim. Görogly bolsaň boluber.  Zehiniň galyňygy eşegiň palany ýaly eken —diýip, ýyglap otyr o zaňňar.

Görogly:

— Wah, galandar, maňa habaryňy bersene, habaryňy! — diýdi.

— Ine,  meniň habarym!—diýip, galandar  hümmet hasasyny dutar edinip, Öweziň salgysyny berip, bäş keleme söz aýdar gerek.

Gulak salgyn, Görogly beg, sözüme, Başdan ötenlerim beýan eýläýin!
Weýeňňamda Buldur gassap ogluny, Öweziň sözüni aýan eýläýin!
. .
Meger, ýaşy on üç, on dörtde bola, Bir şeýda bilbildir, gondursaň güle,
Mustapa baş bolup, kyrk ýigit bile, Dowam hyzmatyňda bolan eýläýin!
. .
Bir näçe wagt hyzmatynda boldurdy, Ýusup şahym mertligini bildirdi,
Gahar edip segsen gamçy çaldyrdy, Tukenmez janyma aman eýläýin!
. .
Egnimde jindeýi, başda kulany, Dilimden goýmanam zikri-senany,
Hemdem wezir, gezdim niçe galany, Öweziň sözüni tamam eýläýin!

Hemdem sözüni aýdandan soň, Görogly syçrap ýerin-den turup, galandaryň boýnundan gujaklap, her gözünden jübüt ogşady.

—Pah-pah, Öwezi gören gözüňden aýlanaýyn seniñ.!Öweziň nirededigini bilmän, «Ah, Hüseýin, wah, Hüseýin!» diýip ýatyrdym. Hudaý tarapyndan gelen eziz myhman ekenin-ow!

— Görogly, bilmeseň, Öwez Weýeññam diýen ýurtda,Ýusup diýen patyşanyñ gaşynda. Meniñ patyşada köýüp ýatan arymy  ýerine salyp, o zaňňaryň    elinden

Öwez jany gaňryp alarsyñ diýip, saňa taňra sygnan ýaly sygnyp geldim. Şu ýerik getirmek eliñden gelse geleni, eliňden gelmese, bir ýerden köpek güjük tapyp, boýnuña  ýüp dakyp:  «Ine, Görogly!» diýip, şäherme-şäher, galama-gala aýlaryn.

— Wah, galandar.sen Öwezi şiri-huda pir ýar bolsa, nesýe görme, nagt göräý — diýip, Görogly, Öwezden ugur tapanyna begenip, bäş keleme söz aýdar boldy.

Köňül telwas eder Çandybilinden Weýeňňam şährine barsam, Öwezim!
Bilbil uçup, zaglar gondy gülüme, Weýeňňam şährine barsam, Öwezim!
. .
Ýoluna çykdym men serimden geçip, Hiç kimse gutulmaz elimden gaçyp.
Şu gün seniň, bilen al şerap içip. Mydam gullugyňda dursam, Öwezim!
Ner kimin diş gaýrap girsem meýdana, Duşmanymy getirer men amana,
Şalaryň başyna inse zamana, Döwüşer men, ýüz öwürmen, Öwezim!
. .
Görogly beg, hak eşitse nalamy, Öwez jan, owazyň tutdy älemi.
Kadyr möwlam etse bize engamy, Alyp Çandybile ýörsem, Öwezim!

Görogly bu sözi aýdyp:

— Mätel batyr, bar, Gyraty eýerle!—diýdi. Mätel Gyraty zerteň-zeberteň eýerläp, meýhananyň ýanyna alyp geldi.

Görogly şaýyny tutup, ýigitleri bilen hoşlaşyp, niredesiň Weýeňňam şäheri diýip, ötägitdi. Iki gün ýol ýöräp, üçünjä sananda yzyndan Sapar Köse kowup ýetdi kyrk ýigit bilen. Görogly:

— How, Köse, habaryňy ber! — diýdi.

Köse:

— Görogly, seniň, bilen bile gitmesek, bolmaz —diýdi.

— Ýok, Köse, siz gaýdyň! Bu işde siziň derkarlygyňyz ýok! Heläk bolup   gideniňize degmez. Bir ýerden bir ýere baryp, bir adamy zor bilen basyp alyp bolmaz,zer berip satyn hem alyp bolmaz. Mysapyrlyk çeksem, hudaý tagalla mohümimi elime gowşurar diýen tamam bar.

— Ýörüň, ýigitler  gaýdalyň, onda!—diýip, Köse kyrk ýigidi yzyna tirkäp dönüp gaýdyberdi. Bir meýdan ýöränden soň, Seýtek Gyrma başlyklaýyn bäş-on ýigit bolup üýşägede duruberdiler. Köse olaryň gaşyna baryp:

— Näme durduňyz?— diýdi.

Onda ýigitlerin biri:

— Şu zaňňar bilen gitsek, gazanç-beýleki-hä ederdik — diýdi.

Ýene biri:

— Weýeňňam şu ýerden üç aýlyk ýol. Üç aýlyk ýoldan Öwezi bir özi äkeleni    bir ýana. Ýene erteki gün Öwezi özi äkelen kişi bolup, Öweze özi atasyran bolar. Azabyny deň çekişsek, biz hem ata bolarys. Bu bir bähbit. Ýene bu zaňňar gezen ýerinde bitalap gezmez. Çaý--temmäki puly bolar ýaly, gabadyna duşsa, olja-pol-jadanam ýüz öwürmez — diýdi, Ýene birem.:

— Bähbit köp eken, sürüň, yzyndan ýeteliň!— diýdi.

Bäş-on ýigit Göroglynyň yzyndan kowup ýetdi.

Görogly:

— Hä, ýigitler, beriň habaryňyzy!—diýdi.

— Aý, Görogly aga,özgesi  galsa-da,biz galmaýas senden. Seniň bilen deñ durup ölüşjek biz.

— ýörüň ölüşseňiz— diýip, Görogly olary alyp gidiberdi. Çykdylar, çölüstana, girdiler dagystanyň çetinden.Bu ýerde galanyň mesligi tapdyrýarmy,kem-kemden ýigitleriň, howy basylyp gelýar. Biri:

— Öwez diýip başymyza   belany satyn aldyk gerek —.diýdi.

Onda biri:

— Ýigitler, soňurrak bir ýerde düşlär, çaý içip,çilim çeker. Onsoň, bir söz aýtdyralyň. Eger Görogly,dogrudanam, Öwez ogul diýip, başyny etegine salyp barýan bolsa, onda yzymyza dolanýas. Birneme olja-polja edinmek hyýalynda bar bolsa-da, ýanyndan galmaýas — diýdi.

Görogly düşläp,çaý-çilim çekensoň ýigitleriň biri:

— Görogly aga, bu barýan ugruňda birneme olja-polja bolarmy, ýa-da seniň, Öwez diýip, maldan-başdan geçip barşyňmy?— diýip sorady,

— Ýigitler, meniň oljam-da bolmaz, talapym-da—diýip, Görogly   bulara    garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Eý ýaranlar, musulmanlar, Söhbet eýlän, göwün açar!
Adam ogly düşer gama, Ýalan dünýä gelen geçer.
. .
Begler öňünde diwandyr, Ony bilmegen haýwandyr,
Adam adama myhmandyr, Göwün göwünden suw içer.
. .
Gezmegin beýhuda ýerde, Uçurar sen ýowuz derde.
Köp ýalbarsaň bir namarda, Garşy durup ganyň içer.
. .
Eýäm namardy bar etmez, Merdi namarda zar etmez,
Gylyç galkana kär etmez, Tüpeň degse, duş-dan geçer.
. .
Arap at meýdanda ýortar Goç ýigidiň rysgy artar,
Gan görende, ýaby ürker, Gyrat segräp, läşden geçer.
. .
Elin berene el bergin, Gadryň bilene gul bergin,
Barha, bir merde ýol bergin, Gan eňreseň, ganyň geçer.
.. .
Goç ýigit meýdanda ýörse, Ganymyna garşy dursa,
Görogly Öwezi görse, Mal gaýgyrmaz, başdan geçer.

Görogly bu sözi aýdandan soň, ýigitler:

— Aga,bize jogpp bersň-ä gaýdýas. Baranda, peýdamyz degmän, nogsanymyz deger gümany bar — diýdiler

Görogly:

— Peýdaňyz degmejek bolsa, baryň   gaýdyberiň,enşalla, Öwezi getirsem, hemmämiziň hem oglumyz bolar — diýdi.

Görogly: «Ýekäniň ýary — hudaý» diýip sürübersin Bir meýdan bilen gidip barýardy. Bir mahaldan soň, agrasrak alaşany münüp, bir galandar salam berip ötüberdi. Görogly:

— How, galandar, ýol bolsun!— diýdi.

Galandar:

— Ýagşy ýigit, şu ýanda, Çardagly Çandybilde Görogly diýen bir är döräpdir diýip eşidýän. Şonuň hyzmatyna barýan — diýdi.

Görogly: «Meniň hyzmatyma barýan bolsa, şunuň yhlaslydygyny, biyhlasdygyny bileýin» diýip oýlandy.

— Aý, galandar, Göroglynyň hyzmatyna barýan bolsaň, barmaweri, barmaweri!

— Hä, o niçik, ýagşy ýigit?!

— Galandar, men şol  Göroglynyň  hyzmatyndan gelýän. Ol gaty zaňňar ekeni. Ýedi ýyl hyzmatynda gezdim, ýakasy  bitin kene güpbi bermäge ýaramady. Gaýta meni çaýkeş etdi, çilimkeş etdi, humarbaz etdi, nyrhdan çykaryp goýberdi. Onuň ulusyndan gaçyp çykyp,uç aýlap sergezdanlyk etdim, şu aty, şu ýaraglary, şu üsti-başlary Göroglydan ogurlap aldym. Sen hem, zynhar, barmaweri!

— Haý, öldürse-de, men-ä şonuň hyzmatyna barýan—diýip, galandar sürüberdi.

Görogly onuň rast yhlaslydygyny bildi. Ol:

— How, galandar, daş ýolun ýakyn boldy. Görogly diýenleri, ine, biz — diýdi.

Pah, galandar güpbe atdan düşüp, Göroglynyň atyny jylawlap, atynyň, toýnagyna baş goýup, togalanyp, aglap ýatyr. Görogly:

— How, galandar, bu nä mysapyrçylyk?! — diýdi.

— Habarymy beýan etsem, Tewriz ýurdundan bolaryn.Ýurduň hany ölüp, ornunda bir gyzy  han goýdular.Onuňam üç şerti  bar. Kyrk gez belent galasy bar.

Şondan atyny   sekredip ýeten adam bolsa, galadan belent  kyrk gez köşgi bar, şonuň üstünde bir altyn gupbany goýup, şony ok bilen urup gaçyran adam bolsa, ýetmiş bir göreşegen pälwany bar, şolary göreşip ýykan adam bolsa, täji-tagtym, hazyna-depinäm bilen barýan diýip aýdýar. Galasyndan sekredip ýeteýin diýsem, ýüwrük atym ýok. Ýetmiş bir göreşegen pälwanyna kuwwatym ýetýär. Iki şertine nalaç men, aga!— diýdi.

Görogly;

— Galandar, bu şertiň üçin ata ýa eýer goýardyk, ýagoýmazdyk. Hany sen Töwriz ýurdunyň patyşasy bolan gyzyň syr-symmatyny, görk-görmegini taryp edip ber.Men bir eşideýin — diýdi.

Galandar:

— Ajap bolar, aga. Onun   tarypyny   men saňa saz bilen beýan edip bermesem ýalňyşaryn — diýip, on sekiz çarhyn tagtasyndan bolan gübürdewük tamdyrany eline alyp, at üstünde, saz destinde bäş keleme söz aýdar boldy, gör-bak, näme diýer:

Aga, saňa habar bersem, Bu döwlet kimiň täjidir?
Haýsy ýeriň depesidir, Jümle-älem mähtäjidir.
. .
Oturanlar ýortup-gelip, Ýagşylaryň gadryn bilip,
Eşiden şazadalar gelip, Işiginde parrajydyr.
. .
Gamzaly gaş kakyşlary,  Janym oda ýakyşlary,
Gyýa-gyýa bakyşlary, Bir ülkäniñ hyrajydyr.
. .
Şu janymda köpdür arman, Her bir sözi derde derman,
Ýaşyny eýlesem beýan, Ýigrimiden köp bäridir,
. .
Beýan etsem asyl zadyn, Asmana çykarsam adyn,
Galandar şanyň myradyn    Berse, köñlümiň täjidir.

Galandar sözuni tamam etdi. Görogly: «Galandar, munuň tarypyny-ha ýetirdiň, galan-gaçanyny baraňda görüberýäs-diýipi, basdy ata gamçyny. Galandaram tirkeşip sürübersin.

Ýene bir meýdan ýöränsoň, dört pyýada çykdy talapkär ýaly bolup. Görogly:

— Nirä barýarsyňyz?! — diýdi.

Bular:

— Göroglynyň hyzmatyna barýas — diýdiler. — Aý,näme, ýurduň düzüwli eýesi bolmasa, bir ýerde bir ýagşy ýigit bar diýseň, hemme şoňa tarap ümzügiberýär-dä.

Görogly:

— Ýigitler, ine, Görogly diýeni biz.Töwrizde galandaryň ýurduna garşy baryberiň. Enşalla, galandaryň şertini bitirip patyşa etsem, ikiňe mäter, ikiňe guşbegi emelini alyp bereýin — diýdi.

Bular-da dönüp gaýdyberdiler. Ýene bir meýdan ýöränlerinden soň galandaryň alaşasy Gyratyň aýagyna eýermän, yza galyp başlady. Galandar:

— How,aga, biziň alaşa-ha halys bolandyr-- diýdi.

— Onda, taşla ony, yzdaky pyýada gelýänler äkeler.

— Wah,aga, nesýe münüp gaýdypdym-da!—diýip, galandar jowgap berdi.

— Nesýe münen hem bolsan, galdyr şu ýerde, gyz geregiň çynyň bolsa.

Görogly Galandaryň alaşasyny taşladyp, küňre ýaly edip, artlaşdyrdy ony öz atyna. Basdy ata gamçyny. Sürüp Töwriz galasyna ýetip, derwezäniň agzyn-da galandary atdan düşürip: «Galandar, sen köşgüñ, ýanyna baryber» diýip, Gyratyň sagrysyna jübüt gamçy ursa nädersiň,At syçraý asmana göterildi-de, diwaryň üstünden bürgüt çalasynlygynda geçip, galanyň ortarasyna tarpyldap düşdi. Bir seretse,  gabat garşysynda köşk, köşgüň, üstünde altyn gupba, köşgüň orta bilinde-de   dereje-Derejeden  bir gyz oňa tomaşa edip dur. Görogly gyzyň ýazzy maňlaýyna geçä-gede keýmir oky ýaýa doldurdy-da, altyn gupbany nyşanalap atyp goýberdi. Ok gupbany iki bölüp ötägitdi, Duşmana haýbat  üçin, Görogly   ýene bir oky köşgüň kyrk gez  ýokarsyna gabatlap  atdy. Pälwanlara gezek ýeten mahalynda, galandar ýetdi. Pah, galandar telpegi,ädigi çykaryp taşlap, köne güpbini egninden sypyrdy, guşagyny gowşadyp, pälwanlara garşy abşanaklap ötägitdi. Görogly:

— Galandar, nirä barýarsyn? — diýdi.

Galandar:  

— Häý, aga, bujagaz pälwanlar üçin sen heläkçilik etme — diýdi.    

Görogly:   

— Alla, meniň zähmetimi   köýdüräýmeseň ýagşy?— diýdi.     

Galandar:

— Görogly, şertiňi köýdürjegimi, köýdürmejegimi sen meniñ bilimden tutanyňda bilersiň — diýdi.  

Görogly:   

— Hany, öňürti özüm bir biliňi tutup göreýin —diýdi-de, Galandaryñ guşagyndan iki goşaryny geçirip, bilini berk gysdy, emma Galandar muňa çydady, Soň göterip aýlaberjek  boldy welin, ol diýeni hem bulmady. Şondan soň, Görogly Galandaryn arkasyna kakyp:

— Pah, Galandar, sen ýöne adam däl ekeniň -Diýidi.

Pah, peltsi çykan tahýasyny çümreräk geýägede,baldyrlary küýze ýaly, bilekleri digir ýaly, ýagyrnysy aştagta ýaly, döşi gapak ýaly galandar girdi ýetmiş bir päl- wanyñ bir çetinden. Göter — ýyk, ýanbaş sal -— ýyk, içinden ildir — ýyk, çopan badak sal — ýyk, gerişlik sal — ýyk, garazaluwat ony-onda, muny-munda edişdirip barýar.

 Pälwanlaryň içinde uly pir pälwan bardy. Ol bu Galandaryň beýle edişine gaharlanýardy. «Eger-de Galandar meniň elime düşse, köşkden kyrk gez ýokardan gaýtararyn» diýip pikir adýärdi. Ahyry nobat bu pälwana-da geldi. Kellesi gyzan Galandar munuň-da bilinden tutup, aýlap-aýlap ýeriñ ýüzüne bir urdy welin, hälki haýbatly pälwan aşa düşen göle ýaly gözüni mölerdip ýatyr. Galandar pälwanlary gyzyl ýaýryt edägede, içki derwezä garap ylgady ötägitdi. Görogly at goýup onuň yzyndan ýetdy

— Hä, Galandar, nirä barýaň?

— Gyzyň şertini bitirdim: gyzyň ýanyna barýan.

— Poh iýme, zaňňar! Gyzyň, iki essesi meniňki,bir essesi seniňki.

— Wah, aga, beý dimmesene!

— Hä! näme beý diýmän. Iki şertini men bitirdim, bir şertini sen bitirdiň Şonda sen gyza üçden bir bolarsyň-da.

-- Wah, aga, beý diýme, ýar meniňki.

Görogly synamakdan üçüri «ýar meniňki» diýdi* Galandaram oňa jogap urdy: ikisi bäş keleme söz aýdar boldular.

Galandar:

— Aga jan, arzym söýlesem,  Ýar meniňki, ýar mgçitski!
Ne maslahatdyr eýleseň,  Ýar meniňki, ýar mgçitski!
Görogly:
— Menem geldim Çandybilden,  Ýar meniňki, ýar meniňki!
Ylgar etdim uzak ýoldan. Ýar meninkl, ýar meniňki!
GA: .
— Laçyn kimin gyýa bakdym Örtedim, janymy ýakdym.
Ýetmiş bir pälwanyn ýykdym. Ýar meniňki, ýar meniňki!
GÖ: .
— Pelek oýnuny duşurdym, Ganymyň aklyn çaşyrdym.
Köşgünden okum aşyrdym, Ýar meniňki, ýar meninki!
GA: .
— Birniçe gün ýoldaş boldy, Serine judalyk saldy,
Ýeke ýaby çölde galdy, Ýar meniňki, ýar meninki!
GÖ: .
—Ýetebilmez sen känine, Girer sen ajal donuna,
Aşyklyk merdiň şanyna, Ýar meniňki, ýar meniňki!
GA: .
— Söweş meýdanda ýörmeseň, Halymdan habar almasan,
Aga jan, garyp görmeseň, Ýar meniňki, ýar meniňki!
GÖ: .
— Serimizde duman bolduň, Gözden akan girýan boldun,
Göroglyga dogan boldun, Ýar seniňki, ýar seniňki!
GA: .
— Aşyklar magşuga zardyr, Aşyklyk her ýerde bardyr,
Galandar bir hyzmatkärdir,  Ýar biziňki, ýar biziňki!

Bu sözi aýdanlaryndan soň, Görogly galaga urduryberdi jary «Döwür-döwür, Galandar şanyň döwri,on gije-gündiz toý-tomaşasy bar, bagşy men diýme,sazanda men diýme, pälwan men diýme, surnaýçy-kerneýçý men diýme, nagaraçy-depçi men diýme, balamançy men diýme, geliber, ha-aw». On gije-gündizläp toý-tomaşa berip, nan diýene nan, teññe diýene teññe, serpaý diýen serpaý berdi. At çapdyryp, altyn gabak atdyryp, toýy sowup, Galandar patyşa boldy. Görogly wezir boldy Bu gyzy Galandara nika  gyýyp berdi. Toýuň soňraky gününde baýaky dört pyýada-da ýetip geldi. Galandaryñ alaşasyny iteleý-iteleý öwlüýäden aýlajak ýaly edip äkeldil- er.Görogly bularyñ, ikisine atalyk, ikisina guşbegilik emelini alyp berdi.

Görogly bäş-alty gün ýatandan soň «Her niçik hem bolsa, patyşadyr, jogap soraýyn» diýip, Galandaryñ gaşyna geldi.

— Maňa jogap berseň, men Öwezi idäp barýan — diýip, Galandara garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Eý, ýaranlar, musulmanlar,    Gider boldum han Öweze!
Jepa çekdi eziz janlar, Gider boldum han Öweze.
. .
Öwez diýip Çandybilden, Ylgar etdim uzak ýoldan,
Habar alsaň biziñ haldan, Gider boldum han Öweze,
. .
Öwez bilen baga girsem, Çemen baglap, güller tirsem,
Ata-ogul bile ýörsem, Gider boldum han Öweze
. .
Käte gonup, käte göçüp, Elinden al şerap içip,
Görogly beg, serden geçip, Gider boldum jan Öweze.

Ol bu sözi aýdandan son, Galandar:

— Aý, Görogly, «Dostuňy egleme, nepden galmasyn»diýen nakyl bar. Olar ýaly işiň bar bolsa, rugsat alladandyr — diýdi.

Patyşa zat gahatmy? Galandar:

— Görogly,hazyna gerekmi, zer gerekmi? Nöker gerekmi, top-tophana gerekmi? Eliň boşdur, alyber!—diýdi.

— Ýok, Galandar, ol aýdan zatlaryň   maňa derkar däl.

— How, Görogly, Weýeňňam set hezar daş diýip eşidýärin. Ol ýerlerden ala garga-da gelmeýärmiş. Ýanyň bilen birneme atly äkidäý.

— Eý, zaňňar, patyşa bolanyň kyrk güne ýetenok,eýýäm  maňa akyl öwredýärmiň? Ol aýdan zatlaryňy men tapman geldimmi bu ýere?!

Ol şeýle diýensoň, Galandar geplemedi. Görogly atlanyp ugraberende, Galandar:

— Alla, Görogly, meniň ol aýdan gepim-ä gulak asmadyň. Hany, indi sen mundan gitseň, men seniň ölüdigiňi, diridigiňi nädip bileýin — diýdi.

Görogly:

— Hä, ine, bu gepiňi bilip aýtdyň Enşalla, Öwez jany alyp, kyrk güne şu gala gelerin. Kyrk güne gelmesem, doganlygy berjaý etjek bolsaň, barlasaň, barlaý — diýip sürüp gidiberdi.

Habary kimden al? Ýusup şadan al. Ýusup şa Hemdem weziri kowup, ýurtdan çykaryp goýberenden soň, ondan şeýle gorkup başlady, gijeler ýatyp, gündizler oturyp karar tapmady. Bitakat, biaram boldy. «Bir gün Görogly türkmeni meniň üstüme äkeler, ýurduma gowga salyp, Öwez oglumy elimden alyp gider» diýip, ol gaty gorkýardy. Ýusup şa bir gün il-ilatlary — umaraýy-pukara, garyby-pukara ýedi ýaşardan ýetmiş ýaşara çenli ýygnady. Soňra orta çykyp şeýle diýdi:

— Aý, il-ilat, baý-garyp, ýaşuly-ýaş kiçi, bir gurra salyň,kitap açyñ pal  garaň! Haçan Görogly türkmen geler, ýurduma talaň salyp, Öwez oglumy elimden alyp, öz ýurdumy özüme zyndan eder?

Gurrandazlar gurra saldy, müneçjimler kitap açdy, palmanlar pal garady. Biri üç günden geljek — diýdi. Ýene biri:—Bäş aýdan geljek — diýdi.

Beýleki biri:

— On aýdan geljek diýdi.

Başga biri:

— Bir ýyldan bäri gelmez şol — diýdi.

Bellisini bilip biragyzdan gepläni bolmady.

Ýusup şanyň gahary gelip: «Eý, köpeý ogullary, men hem bilýän ahyry bäş aýdan, on aýdan, ömrüniň için-de bir geljekdigini. Pylan gün geljek diýip bellisini aýdyň maňa!» diýdi

Patyşadan gorkusyna hiç haýsy aýdybilmedi. Iň soňunda bir kempir geldi balagynyň bir ýanyny çekip, bir ýanyny süýräp:

— Eý, patyşahym, ony biz bileris — diýdi,

Patyşa:

— Heý, kempir, bilýän bolsaa aýt!—diýdi,

Kempir:

— Ozaly, patyşaýym, bir çemçe ganymy geçsen,ikinjiden hem,hakymy  köpräk    berseň aýdarin —Diýdi.

Patyşa:

— Saňa  näme  hak  bermeli,  kempir — diýdi.

Kemir:

— Meniň hakym  kändir, gymmatdyr — diýdi.

— Aýt, bir eşideli!

— Rast bir boýalgy gök kelep bermeseň, men aýtman.

Kempiriň öňüne bir arka kelep getirip dökdüler. Kempiriň begenjinden erni ýirilip gitdi.

Kempir oturyp bir gurra saldy. Gurrasynda Göroglynyň ne wagt geljegini gördi. Ol patyşanyň gulagyna ýuwaşjadan aýtjak boldy.

Patyşa:

— Kempir, gygyryp, jähriýa edip aýt!—diýdi.

Kempir: «Ajap bolar, patyşaýym» diýip, orta çykyp:

— Eý, patyşahym, şu günden başga bir kem kyrk günden Görogly  türkmen  seniň ýurduňa gelip, talaň salýar, Öwez ogluňy eliňden alýar, öz ýurduny özüne zyndan edýär — diýdi.

Patyşa duran ýerinden: «Her kes Görogly turkmena görüp tutmasa, başy ölümli, maly talaňly. Her kes Görogly turkmeni görüp, öldürse, boýuna barabar zer berýän. Tutup, iki elini syrtyna baglap gelse, patyşalygymyň ýaryny berýän» diýip jar çekdirdi.

Patyşa zyndana girip, bendi ýatan adamlary hem Görogly türkmeni görseňiz tutuň» diýip boşatdy.Iki sany ýasawula buýurdy Meýdana çykyp, ýap gazana,çil çekene,suw tutana, ot ýygana, odun ýygana, goýun bakana, sygyr bakana, oglana-uşaga Görogly turkmeni görseň, tut diýip aýt» diýdi.

Bular munda maslahatda oturybersin. Habary kim-den al? Habary Göroglydan al, Görogly çykypdyr çölüstana, çykypdyr dagystana, basypdyr ata gamçyny. Birniçe gün ýol ýöräp: «Alla janym, bu külçe-de halys degnama degdi. Içegelerimi gatadyp, tüýdüge dönderipdir. Süri-pürä gabat gelip, ýahna-beýlekiler-den doýaýmasam-a boljak däl» diýip, bir depä at gamçylap çykyp, onuň etegine esewan etse, akly-garaly goýun göz gamaşdyrýar.

 «Hudaýym, düýşüm bolmasa» diýip bir seretse, çopanlar bir beýik çägäniň üstünde gurupdyrlar akly-gyzylly, begresi çadyry. Çadyryñ içinden galmagal çykýar  ham paýlaşýan ýaly. Görogly bularyň öz dilinde:

— Habarlaşan kişi barmy?!—diýip gygyrdy.

Çadyryň içinden seda çykdy:

— Näme habar gerek?

— Ýol sorajak.

— Ötägit, alnyň ýoldur, zaňňar!

Görogly: «Alla, şunuň içinde bir gyzykly gürrüň bar bolmaga çemeli» diýip, güpbe atdan düşdi, demir gazygy ýere kakagada, geldi çadyryň işiginden. Esewan etse, on iki çopan rast bir berre guzyny soýup, gaýym bişirip, ýahna edip, orta alyp, ýañy alyň-alyň diýmäge aýlanyşan ekeni. Bu-da bardy bärden. Çopanlaryn. birisi:

— Haý, tüýsi bozuk zaňňar, ötme bäri, neşäni uçyrsyň, oturyber şol ýerde! — diýdi.

Görogly:

— Aý, ýigitler, biz hem bihal adam däldiris — diýip, desterhanyň gyrasyna  çökäýdi.  «Alawer!» ýok, zat ýok, urdy ýahna penjäni. Çopanlaryň biri:

— Aý,  akmaklar, näme  aňalyşyp otyrsyňyz? Ýahnany tüketdi bu zañňar. Haý, zaňňar, sen muny bakyşypmydyn, ýa  suwa  ýakyşypmydyň?Burnuny sykyp ulaldaýan ýaly,  tabaga eliňi gaty batyrgaý urýarsyň,-la?! diýip, Göroglynyň üstüne dazaryldy. Onuň bilen hem çäklenmän, turagada depdi Göroglynyň ýagyrnysyna.ýoldaşlary-da onuň  bolşundan gylaw alyp,Göroglyny alyberdiler ýumrugyň, depgiň teýine. Ur-ha, ür,dep-hä dep. Bir-birlerine: «Sen keýin dur-da, maňa gezek ber» diýşip,  Göroglyny bir  meýdan urdular,Görogly bolsa  bularyň ýüzüne-de gözlänok.

Aç böri ýaly, kelläni aşak basyp, gulkuldadyp otyr ýagly-ýagly lukmalardan. Soň-soň birneme ýumruk ötmäge başlady.

Şonda-da bir goly ýahnada zaňňaryň, ýene beýleki ýumrugyny welin bek düwüp, iki ýaňa talawladyberdi. Birki ýarym -yna degýär, edil küdüň degen ýaly. Ýumruk paýyny alan çopanlaryň käsi, jan howluna urduryp daşaryk çykýar-da, hoň ýaly ýerde serrelip, aýak kakyp ýatyr, käsi-de sakgalyny titredip ýatyr. Düşdi bir dowul çopanlaryň arasyna. Çadyrdan atylyşyp çykyp barşyna «Bu döw bolaýmasyn?!» diýip pikir edýän haýsy, «Peridir» diýip oýlanýan haýsy. Birisi gaýdyp gelip ogrynça çadyryň deşiginden gözledi. Görse, Görogly tabagyň düýbüni taňkyradyp barýar. Ýaňky çopan baryp habar berdi.

— Hudaý   diýen ýerimiz bar eken. Şu wagta çenli oturan bolsak, bizem iki üzüp bir ýalmaýjak eken  o zaňňar.

Bularyň baştutanyna Şahmürze diýer ekenler. Ol:

— How, ýigitler, döw näme işlesin, peri näme işlesin.Ol, megerem,Türkmendir. Türkmenleriň nahar iýşi aç böri kimin bolarmyşyn. Men onuň ýanyna bir baraýyn, kelam-agyz gepleşeýin. Eger meni öldürjek bolsa gygyraryn.Şol wagt dadyma  ýetişeweriň!— diýdi.

Onda ýaňky görüp gelen aýdýar:

— Ýanyna barar ýaly bela däl.

Beýlieki biri:

— Daşrakda durup, daşlaýmasak,  biz-ä golaýyna baryp bilmeris — diýdi.   

Şahmürze  şundan  ýöredi Göroglynyñ ýanyna.Ol bir  oýly-pähimli zaňňardy.

Gidip barşyna pikir ýöredýär.«Alla, munuň aty-ýaragy, syny-saly ýöne adam däl. Şu ýanda Çardagly Çandybilde Görogly diýen bir zaňňar döräpdir diýip eşidýän welin, eger bu şol bolsa nan tapman, don tapman gelen däldir bu ýerlere. Öwez janyn dab-dabasy dabarasy şo ýanlara-da düşendir. Öwez janyň ýesiridir bu. Öwez barasynda bir söz aýtsam, maňa degmese gerek».Ol gelip, çadyryň  işiginde  keserip durup,egri taýagy saz edip,Görogla garap, bäş keleme söz aýdar gerek. Gör, bak, näme diýýär :

Haýbat bilen geldiň meniñ ýanyma, Sözle-hä, goç ýigit, kaýdan geler sen?
Nä kasdyň bar meniň şirin janyma, Sözle-hä, goç ýigit, kaýdan geler sen?
. .
Astynda argamak, dal bedew atyň,  Ýaradan allahym bersin myradyň, 
Meger, Göroglyga meňzär symmatyň, Sözle-hä, goç ýigit, kaýdan geler sen?!
. .
Gaty ýaýyñ seniň, düşse destiňe, Yns-peri çykabilmez kastyňa,
Dogry sözle, geldiň kimiň üstüne, Sözle-hä, beg ýigit, kaýdan geler sen?!
. .
Çopan biçäräniň aklyn çaşyrma,    Zyýada derdimi hetden aşyrma,
Dogry danyş, syryñ mendeň ýaşyrma,  Sözle-hä, goç ýigit, kaýdan geler sen?!
. .
Aşykdan magşuga nazar saldyñmy? Niçe ýyl ýurduňdan jýda bolduňmy?
Şahmürze aýdar, Öwez jana geldinmi? Sözle-hä, beg ogly, kaýdan geler sen?!

Şahmürze agzyny asmana tutup, nama aýdan kişi bolup gygyryp dur. Görogly muny tutmagyň çemesini gözleýär, birden, ine, ol topulyp baragada, tutdy Şah-mürzäniň ýakasyndan ebşitläp.

— How, Öwez diýýärsiň weliň, ikimiz dertdeş bolmaga çemelik. Gel, ýahnadan geregiňi edin — diýdi.

Ýanky ýahnadan birneme öýken, biraz syňrak galan eken.Görogly tabagy Şahmürzä bakan süýşürdi. Gorkusyndan jany bokurdagyna gelen şahmürzäniň da-magyndan hergiz lukma ötjekmi. Gözüni ýerejekledip otyr. Esli wagtdan soň:

— How, aga, biz muny günde üç wagt-dört wagt bişirip iýip ýörüs — diýdi.

Sen ýaman işdäli ýaly,galan-gaçanyny hem özüň iýäý.Men saňa, gowusy,başdan geçirenimi düşnükliräk beýan edeýin.

— Beýan etseň, et hany.

— Beýan etsem, men bir baýyň dogmasydym. Günleriň, birinde mellegimi ýygnap, hasyly pula öwürdim-de, agamdan jogap alyp, ýol rowana boldum.

Şol gaýdyşyma  Weýeňňäm  diýen  ýurtda  aýak çekdim.Weýeňňämde Buldur gassap diýen bir baý bar ekeni. Onuň Öwez diýeň ogly bar ekeni. Öweziň husny-jemalyny, edep-ekramyny görüp, işiginde hyzmatkär boldum, Altmyş tyllam tükeninçä, içki diwan begi bolup gezdim, garaçygyma kakan adam bolmady. Teňňämiň soňuna çykamdan soň, meni hyzmatdan kowjak boldular. Menem çyr-çytyr — kowulaýasym gelenok. Onsoň, şu goýnuñ üstüne getirip goýdy. Buldur gassabyn goýny şu. Muñ ýedi ýüz goýun. On iki çopanyň baştutany özüm.Öz elim, öz ýakam. Muny nädýärsin, diýjek adam ýok.

— Wah, zaňňar-eý, seniñ derdiň-ä meniñ derdimdenem beter eken-ow.

— Hany, aga, senem özüňden habaryňy beril otur.

— Men habarymy bersem,hanogul, şol Buldur gassap bilen atam kyýamatlyk dogan ekeni. Buldur gassap kakam aýatdaka ýarpa goýun taşlap gaýdan eken. Köpelip-köpelip, häzir şol goýunlaryň sany müň ýedi ýüze etdi. Men şol barada gassaba habar bermäge barýardym. Saňa sataşanym gowy boldy. Buldur gassabyň çopany bolsaa, men-ä goýunlary saña tabşyryp ötägitjek.

Göroglynyň bu sözüne Şahmürzäniñ geldi gahary. Sen ýok-men ýok, saldy Göroglynyň gursagyndan ýumrugy, Görogly allaniçigsi boldy.

— Meni näme üçin urýan?

— Ederiňi bilmeseň, iýjegiň taýakdyr. Men goýny başyma ýapaýynmy? Besdir maña şu bakýan goýnum.

— Baka bilmeseň ýanyňda bakýan çopany bar.

— Hä çopany bolsa eýe bolup galaýyn onda.

— Men, her zad hem bolsa, şu ýere gelipdirin, goýnuny şol çopana  tabşyrdym diýip Öweze aýdyp gaýdaýyn.

— Aýdyp gaýdyber.

— Hany, Weýeňňam bu ýerden daşmy, ýakynmy?

— Weýeňňam atly menziline bir menzil, pyýada menzeline iki menzil.

— Eýse, men pyada gitsemem ýetjek ekenim. Men atymy,ýaragymy,geýimlerimi, hemme zadymy  saňa tabşyryp gideýin. Men aýlanyp, gelinçäm, eýe bolup galarmyň?

— Galaýyn, aga.

— Men hemme zadymy saňa taşlap, çopan lybasyny geýip gideýin.Şu egniňdäki köne güpbini maňa çykaryp ber!

— Aý, aga, goýaweri, goýaweri, bu güpbini ýönekeý bir adama beräýp bolmaz.

— Näme diýip berip bolmaz?

— Gelenim bäri artdyranja mellegim, çopanlaryň hem mellegi, bar mellek şu güpbiniñ, ýakasynda.

Görogly düşmedik kişi bolup:

— Mellek diýeniň näme?— diýdi.

Çopan:

— Hä, aga, sen-ä türk ekeniň-ow. Mellek diýeni teňňe-tylla bolar-da — diýdi.

Teňňe-tyllanyň  adyny eşidensoñ,Görogly onuň ýakasyndan rast towlap tutdy.

— How, han ogul, biz-de kişi hakyny iýen adam däl,Ýene güpbiňi özüňe getirip bererin.

Çopan «bermenem» diýip arkan taşlaýar. Görogly silkip-silkip iberýär. Iki zor pyýadanyň arasynda güpbiniň ýakasynyň näme jany bar. Ýakasy sökülip, teňňe-tylla jogurdap aşak iniberdi. Görogly: «Ha-ha haý, alan alanyňky» diýip urdy penjäni. Çopan ýaka gol uzatsa, ýerdäki gidip barýar, ýerdäkä gol uzatsa, ýakadaky gidip barýar.

Şahmürze oýlandy:    «Şu wagtlar teňňä güýmenip ýör bu. Teňňäni tükeden soň, meniň, özüm bilen bolar bu. Teñňä güýmenip ýörkä, urup ysgynyny alaýyn-la» diýip, Göroglynyň ýagyrnysynyň, dogrusyna geçip, inderdi goşa ýumrugy bilen hütledip. Hemem: «Alyyrza, Mämmedaly, Gurbanaly, Jepbaraly, Nowruzaly, Aly Jepbar, Öwezaly, ýet-ow!» diýip gygurýar.     

Olar hergiz munuň    ýanyna    geljeklermi?!    «Ýanky tüýsi  bozuk Şahmürzäni soýup ýatyr-ow»  diýip, gaýta aňyrrak gaçýarlar. Görogly Şahmürzäniñ, teññe-tyllasyny, tüñçe-käsesini, goş-köteliný, hemme zadyny alyp gaýdyberdi.   

Atynyň, ýanyna  gelip atlandy. Onýança Şahmürze-de içerden çykyp:

— Aý, ýigitler! Teňňe-tylla, tüňçe-käse, goş-kötel hemmejigi gitdi-ow!— diýip gygyrdy. Çopanlar munuň töwerekläberdiler.

— Haý, zaňňar, alan zadyňy taşla!

— Aý, ýigitler, razy bolaýsaňyzlaň!!

— Biziň bilen razylaşyp algy-bergi etdiňmi sen?

Bir mahaldan  Gyratyň sagrysyna taýak bilen urmaga aýlanyşdylar.

— Aý, ýigitler, özüme zeper etseňiz ediň, atyma weper etmäň!

— Atyňy satmaga getiripmidiň bu ýere?.;

Bu ýandan bir gyzmaragy çykyp: «Munun özi daş gitdimi-aýt?» diýip, ýagyrnysyna taýak urdy.

— Ýigitler, meniň bir zyýanly gylygym bar, Şol tutjak bolup gelýär.

— Zyýanlyň näme?

— Zyýan diýenim jynly.

— Jynly diýeniň  emini biz bilýäs. «Jynlyny taýak aýar» diýipdirler.

Egri taýaklar  Göroglynyň üstünde  jark-da jark bolaýdy.

— Bä, bu zaňňarlar nädiberdiler — diýip, Görogly düýrme gylyjyny bularyň ugruna garşy salgap goýberdi. Düýrme gylyjyň öňünde niçesiniñ burny, niçesiniň    gulagy  jaýyndan jyda bolup, aýak  astyna düşdi, kimiň goşary, kimiñ ýüzi şikes tapdy.

Görogly:

— Göreniňiz-eşideniňiz   şu   bolsun, zaňňarlar —diýip, atyny sürüp ötägitdi.

Şol gelüwine gün batdy,   gögeýin ýygyldy. Bir iliň çetinden geldi. Görogly:

— Haý, hudaýym, ahyr iliň çetinden geldim-ow—diýdi.

Esewan etse, iliň ileri çetinde gawun sakçynyñ tamy ýaly bir kepbeje tam bar. Derejeden ýylp-ýylp yşyk çykýar,Görogly öz ýanyndan: «Alla, aty goýup gider ýaly ýer çöle ýer eken» diýip oýlandy-da gelip, üzeňňä dikelip derejeden gözledi. Esswan etse, bir sahy är-heleý otyr. Ikisi hem garry. Iki sany sakgal-murty tap beren ýigit bolsa, alypdyrlar bir tabak ýarmany orta. Birisi çemçäni tutupdyr, ýumruklaryny biri-biriniň agzyna çenäp: «Iber bu ýana-da, goýber bu ýana» bolşup «Iber-äýt, ikini içdiñ!» diýşip otyrlar.

Onda ýoldaşy:

— Biz ýalnyşyp içemzok. Sen önki sapar käşirlisini içdiň, iber bu ýana!—diýýär.

Onynça  Görogly daşardan gygyrdy:

— Habarlaşara kişi barmy?

Ýaňky garry baba daşaryk çykdy.

— Näme habar gerek, ýagşy ýigit?

— Taňry myhmany boljak, garry baba!

— Goýaweri, oglum, goýaweri! Öz nan-çaýymyzy, eşik-düşegimizi tapamzok. Bir tabak ýarmanyň üstünde bolup duran galmagalam-a görüp dursuň. Taňry myhmany boljak bolsaň, baýlara git!

—Aý, baba, maňa başpena ýer berseň bolýa, Maňa nan-çaýyňam, eşik-düşegiňem gerek däl.

Baba:

— Beýle bolsa, düşüber, ogul! — diýdi.

Görogly güpbe atdan düşüp, atyny baglap, ätläp,içeri girdi. Içeri girensoň, baba gözlese, şir sypatly gerçek goç ýigit. Baba gymsyllap hyzmat etmäge başlaberdi. Çaý berip, çilim berip, gaty-guty zagarasyn-dan çykardy, onsoňam derdinmäge otyrdy.

— Oglum,pukaraçylyk-da,aýyplaşmawerñ!  Men Buldur gassabyň öňki garry çopany. Adyma Gul çopan diýerler. Bu döremän geçen ikisem meniň oglum bolmaly. Bular ýaşlygynda hoşroýrak boldy, göwünjeňräk boldy. Ýaşlygyndan hoşamaý eşiden zaňňarlara mal bakmak, daýhançylyk etmek hoş ýakanok. Özüm garrap, hyzmatdan galypdyryn, garyp düşüp, hor boldum, oglum!

— Aý, baba, derdinibermesene,  ikimiz kyýamatlyk ata-ogul bolaly — diýip, Görogly bir çeňňel ak teňňäni onuň etegine oklady. Baba:

— On ýerden ataň bolaýyn, oglum! Hany, habaryny bir ber, oglum!— diýdi. Görogly:

— Men habarymy bersem, baba, şol Buldur gassap bilen atam kyýamatlyk dogan eken. Şonuň müň ýedi ýüz goýnuny getirýän. Şony habar bermäge barýan. Meniñ atyma gije ot ber, gije suw ber! Janly-jandara görkezme!  Ýaraglarymy, geýimlerimi arjaňa sal, janly-jandara görkezme! Onsoňam, maňa bir köne güpbi, bir

çokaý, bir bilbag, bir çüri telpek tapyp ber, baba!—diýdi.

— Haý, oglum, täze diýmeseň bolar, geregiň, köne güpbi bolsa, niçe diýseň bolar.

Getirip gütlediberdi könäni.

Görogly bir köne güpbini geýdi. Bäş gulaç ýüp bilen bilini bogdy. Bir çokaý getirip berdi, aýagyna sygmady. Ökjesini basa-gadan çokaýy geýdi, sopbaşam kellesine sygmady. Ýokarsyna barynça dilip goýberdi-de, kellesine geýip, eteginden çatyp goýaýdy. Şu hili bolup, tüýsüni üýtgedip, Gyratyň ýanyna geldi.

— Syrdaşym, başdaşym, ýaman günde ýoldaşym, Gyrat! Men Öwez diýip, başymy etegime salyp barýan'

Men aýlanyp gelinçäm, öz alajyñy özüň gör diýdi. Gyratyň gözünden ýaş gidiberdi. Gyratyna garşy garap, seýishanaň, agzynda «Aglama, Gyrat, aglama!» diýip, bäş keleme söz aýdar gerek.

Bizem geldik Weýeňňama, Aglama, Gyrat, aglama!
Öwez diýip, geldim muňa. Aglama, Gyrat, aglama!
. .
Diýerden artyk talgatyň, Nakgaşlar çeker suratyň,
Köňlüme güýçdür gudratyň, Aglama, Gyrat, aglama!  
. .
Gelmişem meýdan mestine,  Öwez jan müner üstüňe,
Düýrme gylyjym destine, Aglama, Gyrat, aglama!
. .
Gyratymsyň, gardaşymsyň,   Atlanamda, ýoldaşymsyň,
Gabak üstünde gaşymsyñ, Aglama, Gyrat, aglama!
. .
Akdyrma gözüňden ýaşy, Duşmana urar mep daşy
Göroglynyň baş ýoldaşy, Aglama, Gyrat, aglama!

Bu sözüni aýdandan soň, Gyrat süýnüp-sarkyp oty-suwy bilen boluberdi.

Görogly babaňkydan çykyp «Niredesiñ Weýeňňam» diýip,şol gelşine bir gara söwüdiň teýine gelip, bir hadany çekip aldy-da, gulaç ýarymdan kesip, eltutaryny inçeläp, bu ýanyny egreldip, çopan taýagyny ýasap, çopan sypatynda bolup gidiberdi.

Gün çykdy, Görogly Weýeňňamyň galasyna geldi. Gelen güni Weýeňňamyň bazary eken. Pah, gassaplar kenaryny gurap, kepbanlar terezini düzüp, bakgallar dükanyny syryp, giden bir başagaýlyk.

«Alla, munuň bazar güni eken-ow Salam bermän zompa giripdirin-ow men, ajap bi-edepçilik bolupdyr-ow bu. Bazardan çykyp bir salam bersem, niçik bolarka, janlarym!». Ýene-de: «Gelä, şuňa çykyp, heläk bolup ýörenden, bazar gyzan mahaly, hemmesine bir salam beräeýin» diýen pikire geldi.

Görogly töweregine märeke ýygnajak bolup, özüni sähnelige salan bolýar. Bazaryň ortasyndaky ullakan depäniň üstüne çykyp, taýagyna söýenip, bazar rast güwläp gyzan wagtynda,alha-al, berhä-ber bolan mahalynda,bary çaý teýini getireýin diýen mahalynda, bu ýana bakyp bir gygyrýar:

— Bazar, hemmäňe bir salam, how!

O ýana bakyp gygyrýar:

— Bazar, hemmäňe bir salam, haw!

Pah, bazar-da özüňe belli, iş-siz adam köp!

— How, pylankes, bazara bir enaýy kişi gelipdir.Geliň şuny bir meýdan oýnap hezil edeliň!

Bir topa işsiz Göroglynyñ töweregine üýşdi!

— How, ýigit, nirden gelýärsiň?

— Töwriz ýurdundan gelýän.

— Näme işe gelýäň bu gala?

— Söwdagär bolarys.

— Näme getirýäsiň?

— Goýun getirýän.

— Goýnuň semizmi, arrykmy?

— Semizdir. Baý, ýol hem ot boldy-da şu ýyll.

— Goýnuň ýanynda kim galdy?

— Agam galdy.

— Agaň ýanynda diýeniň bitýämi?         ,

— Ol goýnuň urkaçysyny, erkegini tanaýan adam däldir, gezip ýören kewek türkmendir.

— Gepläp durşy: bu-da bir kewek zaňňar,

— Eýse, goýnuňy satarmyň?

— Hawa satarys.

—  Aýt bahasyny!

— Biz peýdakeş däl, çarwa adam. Siz ynsap bilen özüňiz diläp, özüňiz alyň..

— Eýse üçüsini bir tylladan berýämiň?.

—  Bärräk bolmaýamy, alla?

— Ikisini  bir  tylladan  berýämiň?

— Bar berdim, toýuňa ýarasyň!

Kimi bir tylla, kimi iki tylla pul berseler-de  teňňe berseler-de, bularyn ýüzüne gözlänok. Berenini kisesine urup gezip ýör. Her wagtrak! «ýöne men hasab-a bilýän däldirin, haw! «Men kän berdim, men az berdim» diýip, soňra dawalaşmaň!» diýen bolýar.

Biri akyllysyran kişi bolup:

— How, ýigitler, muň-a beribilen teňňäňizi berdiňiz. Gezip ýören jynly bolmasyn bu?—diýdi.

— Aý,  ýigit, galada,hiý,tanyş-bilşiň  barmy? Myhman jaýyň kim?

— Özümiň gelen şäherim  däl,atamyň kyýamatlyk dogany bar diýip eşidýän.

— Oňa kim diýerler?

— Buldur gassap diýerler.

Biri bu ýandan çykyp:

— Buldur agaň bolsa eýýäm öldi.

— Ýigitler, Buldur  agamyň öleni çynmy ýa henek atyp, meni oýnaýamysyňyz?!

Şol adam:

— Eý, aga, çyn, çyn!—diýdi.

— Eýlebolsa,eý-waý!...— diýip,Görogly elini ýüzüne tutup, uly ili bilen gygyryp gidiberdi. Birki  ýarym  ahmalrak kenarany ýykyp, lüýge bulaşyp, bakgallaryň  ýabysyny  ürküzip, dükanyny başyna ýumrup, bazary  bozup  ýör,  jynly ýaly bolup.

Biri:

— Jynly  bazary bozdy-aýt!  Gassabyň howlusyny salgy berip göýberiň Teňňäňizi yzyndan baryp alaýyň!—Diýidi.

Biri elinden tutdi: «Gassabyň howlusy şu ýanda» diýip, gassabyñ howlusyny salgy berip goýberdi. Köçe bilen aýlanyp, tapdy meýhananyň agzyny. Meýhananyň agzynda maňlaýyny ýere goýup, uly ili bilen aglap ýatyr. Bir gözüniň teýi bilenem meýhana esewan edýä. Gözlese, galyň kazy-guzat, molla-müfti, her Haýsy sellesini- arabanyň tigirçegi ýaly edip otyr.Pah, molla halky, kazy halky neşebent bolýar. Ökjesi bir garyş belent köwüş ýanynda, haşamly çakja ýanynda. Gant-nabat bolsa üýşüp ýatyr. Giden bir bezm, duran bir çytlaşma. Görogly: «Hä, siziň bir neşäňizi uçuryp bolmazmyka?» diýip, sesini dazgynragada çykaryp, rast bäş-alty gaýra öwürdi. Neşebent kazylar, mollalar: «Asmandan bir bela indi Gerek?» diýip çykyp gaç, çykyp gaç, käsi bolsa howlugyp, köwüşlerini eline alyp gaçyp gitdiler. Olar gidensoň ,hem  Görogly gaýdanok, şol   gygyryp   ýatyr. Aglamaga goşgy-da tapdy. Ol:

— Buldur aga, Buldur aga!  Meýhanaňyz şuldur, aga.
Sen-ä kaza etdiň gitdiň Heleýleriň duldur, aga!

—diýip   

gygyrýar.Munuň azandan bäri ýyglap ýatany Öwez janyň enesiniň, gulagyna degip dur.

— Alla, gassabyň gaýry bir ýurtda gardaş okuşan adamsy bar eken-dä.

Bir çorusyny iberdi.

— Bar, şo ýigidi görüp gel, nähili ýigit?

Çory  gelip,Göroglynyň katdy-kamatyny görüp,baryp habar berdi.

— Bibi jan,  ýüzi-gözünden nur  damyp duran çynar ýaly ýigit ekeni. Şol    bagryny ýere  berip aglap ýatyr.

Öweziň enesi aýtdy:

— Ýüzi-gözünden  nur  damyp  duran  çynar  ýaly  ýigit bolsa, öz gözüm bilen görüp gaýdybereýin.

Şundan  ýöridi Göroglynyň  ýanyna Gelip gygyrdy:

— How, ýagşy ýigit, azandan  bäri goýar ýerde goýmadyň Gassap bilen neneňsi janköýer gardaş sen?

— Meniň atam bilen ol kyýamatlyk dogan eken —diýip, Görogly beter gygyrýar.

— Goý, köp ýyglanyň bilen agaň gaýdyp gelesi ýok.   «Öli aýatdan  doýmaz,  diri hezzetden»    diýenleri,beýdip uwlap ýatandan bir zat okap, oňa degsin et! - diýdi.

Göroglynyň şol Şahmürzäniň ýanynda iýen ýahnasy, ajygypdyr.

— Ýeňňe jan, biziň ýurdumyzda bir zat iýmän okasaň, hergiz-hergiz degmezmiş diýýäler.

Öweziň enesi çorusyna:

— Bar,  içerden  desterhan alyp  çyk! — diýdi.

Çory  içerden bir desterhan külçe, gatlama  getirip goýdy. Görogly indi aglamasyny goýdy. Gözüne tüýkülik çalyp, syryşdyran kişi bolup, şu külçe--gatlamadan ýepläp-ýepläp dykýar kä ýartydan, kä çärýek kemden, hem arasynda gep urýar.

— Haý, şu agamyň häsiýeti gursun.«Bu   gün  sähet ýok, erte sähet ýok» diýip, «Bu gün gitseň, ýyldyzdyr,öldir» diýip, bir aý, kyrk gün keýin goýdy. Bir aý, kyrk gün öňinçz geläýsek, Buldur kakam ölmänkä, geljek ekenik. Müň ýedi ýüz goýny kime tabşyrys indi? Goýun çopan diýen Öwez janyň enesiniñ, gulagyna ýakyp gitdi. Çorusyna aýtdy:

— Agaň çaý içýämikä, sora!

— Aý, aga, çaý içýämiň?

— Kem-käsräk içýändirin.

Öweziň enesi ýumruk ýaly gara çaýy haltasy bilen Göroglynyň öňüne zyňyp goýberdi.

— How, türkmen, çäýnege özüň ataweri!

— Aý, ýeňňe jan, tapsam özüm, baý ataryn-a.

Çaý içdi, çilim  çekdi, garnyny doýurdy. Gözlese, gazykda bir dutar çan basyp dur.

— How, ýeňňe jan, sen aýyp görmeseň, biziň ýurtda aýady saz bilen okaýalar.

— Aý, ýagşy ýigit, öz ýurduň zaňyny ediber.

— Öz ýurdumyzyň aýady şudur — diýip, sazy goluyna alyp, bir aýat okasyn bakaly, ýa deger, ýa degmezg.

Seni diýip geldim Çandybilinden, Seni diýip geldim Çandybilinden,
Aslym beýan etsem türkmen ilinden, Desmaýasy halal gassap islärin!
. .
Heýeban-köçeler ýoluňa gurban, Gandu-şähdi-şeker diliňe gurban.
Sizler duruñ, Öwez janyňa gurban.    Zerefşan käkilli ogul islärin!
. .
Öwrüler men gaşyň, bilen gözüňden, Gurban bolam şirin-şeker sözüňden.
Bir zaman perdäni serpseň ýüzüňden, Ak ýüzleri hally juwan islärin!
Ol gara gözüňe çekip sürmäni, Goýnuňa gireniň ýokdur armany.
Öwez jandyr şu derdimiň dermany, Sizler kimin hally juwan islärin!
. .
Her namart çydamaz, görse oýnumy,   Duşmanlara egmes menem boýnumy,
Alyp geldim müň ýedi ýüz goýnuňy, Sizler kimin piste dahan islärin!
. .
Öweziň enesi, gülsen. näm boldy? Röwşene bir nazar salsaň näm boldy?
Görogly ekenimi bilseň näm boldy?   Öwez atly derde derman islärin!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öweziň enesi:

— Aý, ýagşy ýigit, sen söze başlalyň bäri men tirip otyryn — diýdi.

— Nämäni tirýäň, yeňňe jan?

— Sözüň manysyny tirýän.

— Düşdüňmi, ýeňňe jan?

— Düşdüm. Sen bir türk türkmen ekeniň.

— Hawa-hawa, ýeňňe jan, men türkdürin. Maňa dos- dogrusyny aýdagaý.  ,

— Dogrusyny  aýtsam,  gassabyň senden ýakyn jan köýer gardaşy ýok ekeni.

— Hawa-hawa, ýeňňe jan, bizden ýakyn janköýer gardaşy asla bolmaz onuň!

— Senden  ýakyn janköýer gardaşy  bolmasa, gassabyň ogly ýok, gyzy ýok. Hemme mal-dünýäsi eýesiz galdy.Bir ogly bardy,o-da  şanyň  hyzmatynda.  Atasynyň patasyna-da şa bilen bile gelip gaýtdy. Adyna-da Öwez diýýä.

Öwez diýende, Görogly ýagyr mala eşik saljak ýaly ýaýnaberdi.

Öweziň enesi:

— Hemme  mal-dünýäsine  sen  eýe  bolaýsaň?!Ondan başga on iki zagypasy bar. Ona-da eýe bolaýsaň? Ol çeniňden çykmasa, altysyna, ol  çeninden çykmasa, üçüsine,  hiý,  bolmanda,  saýlap  birjejigine eýe bolsaň — diýdi.

Öwez janyň enesi ozal ogul dogran-heleý, gaýmak bilen bakylyp oturlan juwan. But diýsen, çygym-çygym, yşdanyna gum dykylan ýaly. Görogly:

— Hä, ýeňňe jan, biziň ýanymyza bir adam goş. Bu mallaryňyza, çopanlaryňyza bir eýe boluň. Bu geňeşi onsoň ederis. Enşalla, Buldur agamyň yzyna eýe boljak bolaryn — diýdi.

Öweziň enesi bir adamyny ýanyna çagyryp:

— Bar, şu adamyny Öwez janyň ýanyna elt, mallaryna eýe bolup gaýtsyn!— diýdi.

Bu ýigit Göroglyny Öweziň ýanyna tirkeşdirip alyp gaýdyberdi. Görogly barýarka oýlandy: «Alla uly gala, uly şäher, uruşda gören bar, söwdagär bar, tanalaýmasam  ýagşy».  Şu gelşine   galanyň teýinde händekde kerepläp ýatan gök suw bar ekeni. Iki dyzyny gujaklap rast zyňdy  suwa özüni. Galkyşlap çykdy bu ýandan. Ýoldaşy:

— Ahow, bu nädeniň boldy?— diýdi.

        Görogly:

— Aý, sen sorama! Şu Ýolda gelýärkäk, kakyn, suwuna düşýän, arkam batsa, garnym batmaýa, garnym batsa, arkam batmaýa. Bir tereň suw eken, salkynlaýyn diýip düşäýdim-dä.

— Sen salkynlap düşjek bolsan, bu ýanda dury,akar suwlar bardy. Sen haram  suwa düşäýdin.

— Eý,  bular ýaly uşak-düşek haram  bize kär etmez-ow!

Arabanyň çygrynda tozap ýatan kirşen bardy. Muňa-da bir rast agynap turdy. Boldy bir betpeşene adam, tanar ýaly bolmady. Ýoldaşy:

— Şu ýerden derrew gaýdaly. Şu durşuňa şanyň,ýanyna barsak, derrew öldürer—diýdi.

— Ýit-ä,  ýoýul,zaňňar, ogurlyk  edipmidirin  öldürip?!

— Aý, men-ä seniň bilen bile barabiljek däl,Ynha, erk galanyň işigi!— diýip, ol salgy berip, bu ýana sowuldy.

Görogly ätläp içeri girip, gatyragada «Essalawma-leýkim!» diýip, Öwez hanyň sag tarapynda oturdy. Öwez hana garşy bir gysyldy. Haý bir betpeşene-dä. Ýusup şa peşşaplara:

— Alyň-aýt habaryny!— diýdi.

— How, tüýsi bozuk,  ber habaryňy derrew!

— Habarym:Tewriz ýurdunda  bölek türkmenlerden şolaryň Buldur gassap bilen atam kyýamatlyk dogan ekeni. Birmahal ýarpa goýun taşlap gaýdan ekeni,Şol şu wagtlar  müň ýedi ýüz goýun  bolupdyr. Şol Goýunlaryna eýe bolsun diýip, şu oglana habar bereýin diýip geldim.

Patyşa:

— Şu hili adamda goýun näme işlesin? Uruň agzyna, çykaryň erk galadan!— diýdi.

Peşşaplar ura-ura çykardylar. Patyşa peşşaplaryň yzyndan gygyrdy:

— Galada goýmaň, galadan çykaryp, derwezäni bent edip goýuň! Galada    galsa, galany harap eder, ýaman tüýsi bozuk görünýä zaňňaryň.

Peşşaplar Göroglyny öňlerine salyp, köçe bilen şol ýumruklap, şeşmerläp urup galadan çykardylar.

 «Meger-de, gün ýaşanda, bir gowga turuzsam gerek, ýa haýyrdyr, ýa şerdir» diýip, Görogly ýeňsesini gözläp gözüni akjardyp gelýär. Bedew ýorgany, güderi güpjäni, jübüt aýly tegmeden dartyp, biri ýorgany gaçyryp gelýä. Bolup gelşi iýermende, içermende näme bar diýjek ýaly.

Gelip depäniň üstüne çykyp, güpbe düşüp, Görogla garap:

— How, galandar,  men ikindi namazymy okynçam,sen meniň şu ýorgamy    tutup dur — diýdi.   

Görogly iýipdir şeşmer baryny, iýipdir ýumruk baryny. Gep ýakýarmy oňa?

Bu Ýusup şanyn bagşysy eken. Günde agşam Ýusup şaha gürrüň berip gaýdýan bagşy ekeni.

— Häh, seniň bir!  Namazy meniň üçin okaýamyň sen? Pah, sen senetli patyşanyň bagşysy-da.

— Uşlap dur-aýt, — diýip, ol Göroglyny symsyklap goýberdi.

Görogly ýerinden turup, onuñ agzyna ýumrugyny .çenäp:

— Hop, bir   ýumrukda   ýatyraýaýynmy häli?— diýdi.

Bagşynyň ýüregi ýaryldy.Bagşy  pakyrda  ýürek bolýamy? Bagşy elini kisesine urdy. Bir gyzyl tylla çykdy.

— How, ýigit, meniň şu gyzyl tyllamy al-da,ýorgany tutup dur.Seniň ýanyňdan aman-esen  gutulyp gitsem, şu gyzyl tylla hudaý ýoluna  bolsun!— diýidi.

Gyzyl tyllasyny, ýorganyn tanapyny Görogly onuň elinden aldy. Bagşy dutaryn daşyndan ýaglyk Orap, Göroglynyn eline berdi.

— Şu ýaglygyň daşyndan tutup dur, eliňi degirme!

— Ajap bolar.

Göroglynyň kyblasyna geçip, ol namaza durdy. Namazyn iki rekagatyny okan mahalynda, Görogly dutaryñ ýaglygyny aýryp taşlap, onuň bäri ýanyna baryp, dutara tagyr-tagyr kakyberdi. Ol namazyny bozup gelip, rast ýapdy ýeňsesine Göroglynyň.

— Eliňi degirme diýmedimmi men saňa?

— Aý, bagşy aga,gurgun dutar  eken, birki dest kakaýdyk-da.  Näme,  perdesi gyryldymy, kýrşi üzüldimi häli?»Indi elimi degirmäýin.

Bagşy namaz okap bolup, tärýet syndyrmaga gitdi, Tärýetiniň üstünde bir sagat oturdy zaňňar.

 Görogly Indi-hä döwüp turmasaň gerek? diýip, dutaryň ýaglygyny aýryp taşlap, aldy eline dutary. Ozaly Nowaýy, yzy Talhyn, iň soňuny Ylgar ýoluna ýazdyryp goýberdi.

Pah, pah, ýaňky bagşy «seni öldürýän, müň tylla berýän diýseň-de» munuň bir destini tapjak däl. Bagşy agzyny açyp, sakgalyny sallap, haýran bolup geldi Göroglynyň ýanyna. Ýorgasyny alyp, dutaryny alyp, at gamçylap gaýdyberdi gala garşy. Erk galanyň içine gelip, gygyrdy:

— Aý,tagsyr, patyşahym-ow, galanyñ günbatar ýanynda, beýik depäniň üstünde lüýge bulaşan bir galandar oturan ekeni. Bir namalar gaýyrýa, bir namalar  gaýyrýa,hassalar sagaljak, tagsyr!— diýip,  bagşy golunda saz, dilinde söz, patyşa gözläp, çopan hakda bäş keleme söz aýdar gerek,

Şahym, gulak salyp, eşit arzymy, Ýüregme haýhatlar saldy bir çopan!
Saňa aýtman, kime aýdaýyn arzymy, Ýüregime otlar saldy bir çopan!
. .
Atymy oýnadyp meýdana girdim, Dutarym sakla diýip goluna berdim.
Mest bolup,sust bolup ýanyňda durdum, Ýüregme kän zatlar saldy bir çopan.
. .
Toýlary gezerdim ýorgany münüp, Ýorganyň jylawyn goluna berip,
Ylgar namasyndan bir nama çalyp, Ýüregime çatlar saldy bir çopan.
. .
Bagşy aýdar, şahym, aklymy aldy,   Ýüregime dagly düwünler saldy,
Ylgar namasyndan bir nama çaldy, Alnyma haýbatlar saldy bir çopan.

Bagşy sözüni tamam etdi. Patyşa:

Şol zaňňar  ölüleri  direltse-de,  bize gerek däl! - diýdi.

Oglan  halky höwesli  bolýar, bir ýerde ýagşy zat bar diýseň, göwni bölünäýýär. Öwez:

— Tagsyr, tüýsi bozuk bolsa jähennem, namasy ýagşy bolsa, bir meýdan çaldyraýaly-la?!— diýdi.

Patyşa:

— Goý, Öwez, goý-goý!— diýdi.

Diýeni bitip ýören oglan gaýtalap aýdyberdi. Patyşa iki sany serpeşşabyny çagyrdy ýanyna:

— Baryň-aýt, şol tüýsi bozugy äkelin! Özünem gelmänkä, ura-ura   howuny ýatyryp, elini çykaryp äkeliň!

Peşşaplar ylgaşyp gaýdyberdiler. Göroglynyň ýanyna çykyp:

— Heý, tüýsi bozuk türkmen, tur seni patyşa çagyrýar!— diýdi.

Onda Görogly:

— Patyşaňyza  kim  diýerler?!— diýdi.

— Patyşamyza Ýusup şa diýerler.

— Näme  diýýäsiň? Meniň ,gulagym   agyr – diýip oturyberdi.    

Göroglynyň  göwnündäki Öwez   diýdir-jekdi. Birisi; «Bu zaňňaryň gulagy ker eken-ow» diýip,  agzyny  Göroglynyň gulagyna gaplaşdyryp, uly ili bilen gygyrdy:

— Ýusup şa-a!...

Göroglynyň beýnisi jymşyldaşyp, ini jümşüldeşip, gitdi. «Sesiň soňuny üzdüň alla» diýende, eliniň tersi bilen rast ýapdy gulak çekgesine. Beýnisi çym-pytrak bolup, eljuk diýip jan berdi.

Buýankysy öwrülip, berdi , jyssyny gala garşy. Geldi haşlap-döwşäp. Az-kem demini dürsänsoň:

— Haý, tagsyr, ýoldaşymy  urup  öldürdi.Özüm zordan gaçyp gutuldym!..— diýdi.

Patyşa:

— Şol  zaňňar  gelse,  meýhanany  harap  eder.  Meniň gepime gulak asýan ýok!— diýdi.

Pahaý, ýüz müň peşap ölende, Öweze näme. Her zatdyr, äkeljek ony. Ol:

— Tagsyr, bir  adam, iki  adam öleni bilen adam tükenmez. Äkelmesek bolmaz!— diýdi.

Onda patyşa:

— Aý,Öwez, sen-ä  bir  hyýala  münüpsiň, hernä abraý  bere-dä!Biziň hyzmatkärlerden-ä  gitjek adam ýok oňa indi. Beýle gerekli adam bolsa, öz hyzmatkäriňden birini  goýberiber!   Seniň hem kyrk ýigidiň bar — diýdi,

Öwez jan öz hyzmatkärinden iki sanagyny çagyryp:

— Baryň, şony çagyryp geliň!— diýdi.

Öwez ýaňky gaçyp gelenden sorady:

— Siz kim çagyrýar diýip aýtdyňyz oňa?

— Biz Ýusup şa çagyrýar diýip aýtdyk, Onsoň, ýoldaşymy urup öldürdi.

Öwez öz hyzmatkärlerine aýtdy:

— Siz Ýusup şa diýmän, Öwez çagyrýar diýin, hiç zat diýmez, bileje geläýiň!

Öweziň hyzmatkärleri gaýdyberdiler. Galadan çykyp orta ýolda duruberdiler. Biri ýoldaşyna aýtdy:

— Şu ýerden  hem  towşumyzy eşider, gygyr Öwez çagyrýar diýip.

Onda ýoldaşy:

— Men gygyramda, sen gaçjak-da?! — diýdi.

Ol:

— Men gaçmaýyn — diýdi.

Beýlekisi:

— Menem gaçmaýyn — diýdi.

— Gaçmasaň,men seniň  eliňden  tutup  gygyrjak. Alyp ber eliňi!

Biri-biriniň elinden tutup: «Hä!» diýenden sypyp gaçdylar. Derwezä gelip, yzlaryna gözläp durdular.Alyp barmasalar, Öwezden gorkýarlar, ýanyna barsalar, çopandan gorkýalar.

Görogly otyr beýik depäniň üstünde bürgüt ýaly bolup. Ýanyna barmaga gaýrat gerek. Bolup oturyşy tai meslik satýan ýolbars ýaly. Ýaňky iki pyýada nalaç bolup gaçan ýerlerine geldiler.

— A-how, seniň çeniňi  duýdum. Ikimiz ölsek-de ,bile  ölýäs!— diýip,   guşaklaryny   bir-birine  gaýym çytdylar. Birisi gygyrdy:

— How, türkmen,  seni  Öwez çagyrýar.

— Wah,   Öwez  diýen    diliňden aýlanaýyn!  Duruň bile  gideliň!— diýip,   Görogly  depedei   aşak  bürgüt ýaly bolup indi.

Bu ikisi öwrülip gala garşy gaýdyberdi. Ýoldaşy Ýykylýar, ol ony süýräp turýar, bu ýykylýar, bu muny süräp turýar. ýüzünde-gözünde sypjyrmadyk, ýyrtmadyk ýerini goýmadylar. Gelip patyşanyň ýanyny basalap: «Ine geldi!» diýip, yzlaryna garap, aňry ötüp barýarlar. Görogly: «Indi-hä islegli boldum. Özümi 'sähraýylyga saýaýyn» diýdi. Suwa çümüp çykypdyr, kendir arkan bilinde bişipdir. Egri taýagy arkasyn-dan keseligine gysdyryp, iki elini tersine ötürip, haý abşanaklap gelýä-dä. Gelip işikden ätledi. Taýak gapynyň söýesine paýapyl bolup duruberdi. «Aý, meniň arkamdan asylýan kim-aýt?» diýip, rast zor berdi. Işik gopup, ojagyň başyna gelip durdy. Pah, bosaga boýnunda, gapy arkasynda, ýangazyk gapdalynda.

Öwez:

— Türkmençilikdir-dä, eleşdirmän., aýryp goýuň arkasyndakylary!— diýdi.

Öwez hyzmatkäriniň birine: «Türkmene otyr diýjek bolsaň, çök diýmelimişin» diýdi.

Öweziň hyzmatkäriniň biri: «Çök!» diýip ýapdy Göroglynyn injigine. Tas injigi döwlüpdi. Edep bilen oturany şol. Kül tozap asmana gitdi, çyra ýykylyp gitdi, tüňçe ýykylyp gitdi. Tüňçäniň, gapagy-da degip käsäni syndyrdy.

— Aý, sähraýy türkmendir-dä.

Ýamaşgandan çyra ýakyp, hemmesini jaýma-jaý goýdular. Çaý berdiler, desterhan çykardylar. Öwez:

— Alyp  beriň eline sazy!— diýdi.

Alyp berdiler eline sazy. Görogly eli oňaýsyzdan gelen bir namalar gaýyrýar. Dutary bilbil ýaly saýradýar. Munuň saz çalşy Öweziň, gulagyna ýakyp gitdi. Ol:

— Türkmen aga, saz-a  biçeme gowy çalýan ekeniň.Şu saza  goşup bir nama gaýrabilmeýämiň?—diýdi.

Görogly:

— Bilýän, Öwez!—diýdi.

— Şu saza  goşup maňa birje nama gaýryp bersene!

— Ajap bolar, Öwez!

Haý, dili süý-jedi zaňňaryň. Görogly:

— Öwez,  bizin    ýurdumyzda  täze şahyr-bagşy döräpdir. Dest uran, nama gaýran ýalaň şondan aýdýar,Men şondan bilýän — diýdi.

— Oňa kim diýýäler, türkmen aga?

— Oňa Görogly beg diýýäler.

— Pah,  türkmen  aga,  dilleriňe guwan, dillerine!

Bizin eşitjegimiz Göroglynyň namasy. Bilsen,, ýalaň Göroglydan aýdaweri!

Onda Ýusup şa!

— Aý, tüýsi bozuk zaňňar, onda ol bar, munda bu bar diýip, gep ýasap oturma bu ýerde! Derrew aýt-da, derrew ýok bol!— diýdi.

Görogly patyşa belli-beter ýakmazragada bäş keleme sez aýdar gerek:

Ýusup şahym, Göroglynyň Perizat-aýlary bardyr.
Saba seýrana çykanda, Messan gülzarlary bardyr.
. .
Özi gezer aga ýolly, ýigitleri sagy-solly.
Gapysy kyrk bäşden gully, Seniň dek gullary bardyr,
. .
Mollalary ýazar  haty, Teblesinde bedew aty,
Misli özüň deý sypaty On müň dogmalary bardyr.
. .
Kelamda ýazar hatlary, Teblede arap atlary,
Rüstem kimin sypatlary, Pälwan ýigitleri bardyr.
. .
Bagda açylan gül kimin, Ak ýüzi goşa hal kimin,
Mysaly Öwez han kimin, Mährem ýigitleri bardyr.
. .
Garyp adam onda bolar, Bar derwüşi doga kylar,
Hepdede bir jöwlan salar, Haýyr-yhsanlary bardyr.
. .
On tördi aý ýüzüň kimin, Şähdi-şeker sözüň kimin,
Gülruh atly gyzyň kimin, Mährem kenizleri bardyr.
. .
Ezizi — Görogly seri, Ganymyndan alar ary,
Hezret Aly onuň piri, Zeberdest1 pirleri bardyr. 

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwezin, şähdi açy-dy. Patyşanyň gaşy-gabagy gatyşdy. Öwez:

— Pah, türkmen aga, Göroglynyň,namasy  nama eken-ow! Türkmen aga, biz-de şol Göroglynyň at-owazasyny eşidip ýörüs. Köp bir aşly-gylyçly, gerçek goç ýigit diýip eşidýäs. Şol aýdanlarynyň hemmesi çynmy?— diýdi.

— Baý, Öwez,  onuň  aşdan-gylyçdan  deňi-taýy bolmaz.

— Deňi-taýy bolmasa, şonuň atyny eýerläp, çaýyny gaýnadyp, çilimini salyp    ýörän  hyzmatkäri barmy?

— Bar, Öwez.

— Göroglynyň hyzmatkerine kim diýýeler.

— Öwez diýýäler.

— Eý,    türkmen  aga,  o-da menin  bilen  atdaş eken-ow.

— Hawa-hawa, Öwez, seniň bilen atdaş.

— Türkmen aga,   şol Öwezini taryp eden namasy barmy?

— Bar, Öwez.

— Bilýämiň?

— Bilýän, Öwez. Göroglynyñ hemme namasyny bilýän men.

— Eýse, şol Öwezini   taryp eden namasyny maňa bir aýdyp ber!

— Ýagşy, Öwez. Görogly Gürjüstan ýurduna gitjek wagtynda, Öwez ogluny sag dyzynyň üstüne alyp, gulpaklaryny sypalap,bir gazal  aýdypdy. Şony bek belläp  goýupdyryn. Ýaman   görmeseň,  şony  aýdyp  bereýin.

— Aý, öten işi ýaman görüp  näme? Bize aýdym aýdyp berseň boljak.

Görogly golunda  saz,  Öweziň öz  sypatyny aýdyp, bäş keleme söz aýdar gerek.

-----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Zeberdest — eli üwtün, güýçli

Indi meýlisiňde durarym bolmaz,  Sensiz Çandybile bararym bolmaz,  
Mübärek jemalyň görerim bolmaz, Goşulyp, çapawul ursam, Öwezim!
. .
Seni gören geçer mal bile jandan, Oglum, sen şirinsiň, şekerden, baldan,
Sen bir lybas geýgin gyzyldan, aldan, Sen düýş görseň, menem ýorsam, Öwezim!
Öwez, seni gördüm gije düýşümde, Tylladan jübt jyga bardyr başynda,
Nazar etdim on üç, on dört ýaşyňda, Serçemen seýline barsam, Öwezim!
. .
Görogly beg, geldim sapar inderip, Öwez, seni uzak ýola gönderip,
Gyratymyň sagrysyna mündürip, Çandybile alyp barsam, Öwezim!

Görogly bu sözüni tamam edip, Öweze garagp

— Haý, Öwez, Göroglynyň özüne ogşaş kyrk ýigidi bar. Öweze ogşaşam kyrk ýigidi bar. Kyblasynda Aýdyň köl diýen şikara çykýan köli bar. Şonda Öwez kyrk  ýigidi  bilen  gün çykardan  barýar. Görogly Kyrk  ýigidi  bilen  günbatardan   barýar. Şonda Öweze gözi düşüp, bir söz aýdypdyr. Gulak salaweri, Öwez!

— Aýdaweri,  türkmen   aga!— diýip, altyn  tagtyň üstünde Öwez otyr.   

Şu ýerde  Öwezi taryp edip, bäş Keleme söz aýdar gerek.

Biziň begler arzuw eder, Gunçadyr gülleriň, Öwez!
Syýa zülpüň hup ýaraşar, Ak ýüzde hallaryň, Öwez!  
Biziň meýlisde bolmaga, Mesdan-mesdana ýörmäge.
Gol sunup käse bermäge, Näzikdir, gollaryň, Öwez!
. .
Laçyn durna bährindedir, Begler ezit gahryndadyr.
Weýeňňamyň şährindedir, Ispyhan jaýlaryň, Öwez!
Arap at sürseň, söýüner, Gaçak meýdanda öwüner,
Bäş menzil ýoldan görüner, Ak bolsun ýollaryň, Äwez!
. .
Sen ýany düşüpsiň dile, Enşalla, düşdersiň ele,
Görogly kyrk ýigit bile, Hyzmatkär gullaryi, Öwez!

Görogly bu sezi aýdansoň, Öwez:

— Bä,  türkmen  aga, Görogly  Öwezini  artykmaç-artykmaç taryp edipdir. Şunun kimin taryp etmek bolarmy-ow? Türkmen aga, şol Göroglynyň taryp edip ýören ogly mençe barmy? — diýdi.

Görogly:

— Pah, Öwez, sen özüňi adama  deneýärsiň-ow. Göroglynyň  taryp edip ýören ogly  seniň ýaryňça-da ýok!— diýdi.

— Pah, zaňňar, meniň ýarymça-da ýok ogluny şunuň kimin taryp edipdir. Meni dagyny görende, gör, niçik edip taryp eder?! Pah, biziň ömrümiz haýp ötüp ýören ekeni!  Şolar  ýaly goç ýigidiň atyny eýerläp, çaýyny  gaýnadyp,çilimini  otlap  berip,  bir hyzmatynda ýörmedim-dä. Çopan aga, senden bir haýyşym bar. 

Sen Çandybile gitseň,  meni şol Göroglynyňka äkit, näme diýseň bereýin.

Pah, «özümden başga adam ýok» diýip gomparyp oturan Ýusup şa Öwezits ýaňky gepinden öýkeläp, tagtyndan düşüp, syýyny silkip ötägitdi. Öwez: «Han bolsa, patyşa bolsa ertir bir agyz gepde öýkesini ýazaryn. Bu gije mysapyr türkmen bilen gürründeş bolaýyn-la» diýdi.

Patyşanyň göwnüni görüp, Leň wezir bu-da gitdi, Mustapa bu-da gitdi. Kyrk sypaýy-da öýkeläp ötägitdi. Şa gidensoň, sypaýy gidensoň, işikde aşpez, jylawdar, toňkatar, dokuz-on dogma galdy. «Pah, Öwez bilen gürrüňdeş bolmak bize galdy-ha, bize galdy. Eliňi al-ha, eliňi al». Daşary çykyp, içeri girip ediberdiler maslahaty. «How, ýigitler, han bilen Öwezi, huda bilsin, ertir ýaraşdyrýalarmy, birigün ýaraşdyrýalarmy? Teňňäňiz baryn nagt berip alyň, nesýä öteniň nesýe alyň. Çaýy-temmäkini, gandy-nabady,harajaty bol tutup, bu türkmeni-de kowup, şu gije özümiz meýlas edelin».

Köçä çykyp şatyrdaşyp gidiberdiler. Teňňesi bary nagt alyp, nesýä öteni nesýe alyp, harajaty bol tutup, erk gala haşlaşyp girdiler. Biri geläkge, Göroglynyň çigninden şapba tutdy-da:

— A-haw, türkmen, sen çyk dalanda ýat!— diýdi,

— Hä, näme bar?!

— Sorama çykyber, gaýtalatma-da!

— Sebäbini  bize  aýdyň  ahyry,  bize!

— Sebäbi biziň   Öwez bilen meýlis-bezmimiz bar.

— Meýlis-bezmiňiz  bolsa ediberiň. Bizem  bir çetinde oturarys-da.

— Senem Öweziň  meýlis-bezmine şärik  bolup oturjakmy? Aý, akmak, sen   nire, meýlis-bezm etmek nire?!—diýip, alyberdiler  ony  ýumrugyň teýine, ur-ha ur, çyk-ha çyk. Bir meýdan urdular, bir meýdan depdiler.Bularyň kötekleri  agaja degen  ýaly,Görogla ötenok. Görogly ýatan ýerinde oýlandy Öwez-ä öz  ýanymda galdy.  Bir sagat edep saklaýyn,soňy nirä bararka?» Bularyň teýinden:

- Öwez han,meni bu  ýerde bu dogmalaryňa urdurmaga-horlatmaga sakladyňmy?!Ýa saz çaldyrmaga, aýdymaýtdyrmaga sakladyňmy?!—diýip    seslendi.

Şeýle diýensoň, Öwez han yrgyp ýerinden turup, her haýsynyň gursagyndan  gaýra itiberip-itiberip goýberdi.

— Oturyň, degmäň! Palawyn gyrgyjyndan bir sykym  berseňiz iýer, bolmasa, otyr-da  mysapyr türkmen. Degmäň, zaarlar!

Öwez şeýle diýensoň, nalaç bolup, her haýsy diwara arkasyny berip, bilegini çyzgaşyp, gözüni akjardyp: «Öwez muny göwnüne melal almasyn» diýip haşlaşyp oturdylar. Öwez:

—- How, türkmen aga,muny göwnñne melal alma!Biziñ  ýurdumyzyň urha-ur diýen oýnudyr bu-da — Diýidi. Görogly-da:

—     Öwez, seniň ýurduňda  «urha-ur» diýseler, biziň «kim urdy» diýerler muňa. Kim uranyny bilsem, idili etjek däl — diýdi.

Öwez şark urup gülýär. Aý, hullas, Öweziň gürrüňi şu türkmen bilen.

Dogmalar-da çişişip otyrlar. Şu dogmalaryň içinde aýratyn keltepaýçarak bir zaññar

bar. Onuň edil gonjuna gor guýlan ýaly. Daşary çykýar, içeri girýär, Göroglynyñ gapdalyna süýkenip ötýär, elini basyp ötýär, ýeňsesinden sym-syklap goýberýär. Aý, hullas, ynjalygyny berenok-da, garaz, Görogly gözüniň astyna alyp otyr.

Ýaňky dogma daşaryk çykyp gelip:

—     How, türkmen, adam diýeniň beýle tersýonka bolmaz, garagol bolmaz! Ynha, daň atyp gelýä,birje sagat meýlisimiz bar.Sen birje sagat dalanda ýatyp geläýsene!

— diýdi.

Görogly hem:

— Haw, dost, dalan diýeniň bir sapaly jaý bolsa, öwrenişen, ýetik ýeriň bolsa  özüň ýatyberseñ,niçik bolarka?!— diýdi.

Şeý diýensoň, ýaňky dogma eliniň tersi bilen Göroglynyň gulak çekgesine bir ýapdy. Göroglynyň gözün-den ýalpa ot çykdy. Göroglynyň rast geldi gahary. Tarsa ýerinden turup, ýaňky dogmanyň aýagyndan jübüt tutup, dikine ýokary göterägede, başyndan aýlap-aýlap, meýhananyň bir syrly gazygy bardy, şoňa gaýym berçinledi goýaýdy. Pah, galan dogmalar «bu zaňňar adam öldürdi» diýip, şeşmer-aýpalta bilen «Niräň gijeýär seniň?» diýip, ur-a Göroglyny.

Göroglynyň eti üýşüp, rast geldi gahary. Bir mahaldan iner tasylan ýaly bularyň teýinden müñzäp turdy-da, o ýanyna,bu ýanyna bir gözledi. Görse, eline iljek zat ýok.

 «Aý, görýän welin, şundan gowy şeşmer ýok» diýip, ýaňky gazyga çüýlän dog- masynyň aýagyndan tutup egnine taşlady. Täze ölen öli. Şunuň bilen galan dogmalary ur, ýyk, dep, öldür, ur, ýyk, dep, öl-dür. Ölini ölä kaklyşdyrdy. Öwez ondan gorkup, tagtyndan düşüp, baryp meýhananyň burçunda ýygrylyp durdy. Görogly bu ölini zyňyp taşlap, ýüwrüp gelip, Öwez janyñ bilinden tutup, göterip ýere urup, rast içine bäş-alty gaýra çewüp depdi-de:

— Häý,  seniň  bir!.. Ertirden  bäri dogmalara urduryp,horlap  otyrsyň!   Mal  seniňki, azap biziňki.Malyňa eýe bolýamyň, bolmaýamyň? Çyk, düş, öňüme!

Öwez towsup daşary çykyp, Göroglynyň öňüne düşüp, düňk-düñk edip ýortuberdi. Ol:

— Aga, seýishanada iki sany at bar, adama birini münüp gideli — diýdi. Görogly:      

— Ýör, gepiňi köpeetme! At kesip barýan ogry diýop,hana aýdagada öldürtjek-dä sen meni. Ýöriber derrew!—diýdi.

«Hana aýdyp öldürtjek-dä» diýenine Öwez içinden oýlanýar: «Bu zaňňaryň edip gaýdan işi ondan abraýalymyka?» Öwez muny birneme güýmejek bolup.

— Aga,  tanyş  bakgalym bar,çaý içeýli, çilim çekeýli!—diýse, Görogly:

— Çaý-çörek  çopanlaryň  goşunda köpdür.Gepiňi köpeltme,  ýör, zaňňar!—diýip, oňa  abaý-syýasat etdi,Öwez içinden: «Derweze ýapyk bolaýsa» diýip gelýärdi. Patyşa galawutda bolansoň, derweze açyk galan ekeni. Öwez: «Işim gaýtdy!» diýdi.

Görogly Öwezi sähra köçesi bilen öňüne salyp kowubersin. Öwez teşnawdan1 başga yzgar ýere basman tosun oturan oglan, aýaklary monjuk-monjuk, hal-had gabardy. Ol:

— Haw, aga, men aryp ýadadym-la!—diýdi.

— Aryp  ýadan   bolsaň,  men  seni  süýräýin — diýip,

Görogly  Öweziň  elinden tutup, süýrän  kişi  bolup, her satanyny bir ýere düşürýär.

   Öwez:

— Haw,  aga,  indi  men  süýregine-de ýarajak däl —Diýidi. Onda Görogly:

— Öwez, beý diýmesene!  Aý, biz garry adam, sen ýigit  oglan. Heý, sen  aryp-ýadarmyň?—diýip,süýräp gelýän  Öwezini  silkip  öňüne düşürýär.  «Ana  bizden Öwez  ozdy-ha,Öwez  ozdy»diýýär. «Ozanym rast oguşýa» diýýär.Öwez  bir  meýdan  hoşamada ýüwürdi.

Soñ-soň Öwez süýnüp ýatyberdi ýoluň üstünde.

--  Aga, «Öwez ozduňa-da»ýarajak däl men, halys boldum.

— Halys bolan bolsaň, sen maňa hopba bolaý!

— Aga,  goýaweri,    adam   adama    hopba bolmak bolarmy?

--   Öwez,biziň dessurymyzda ýalaň adam adama hopba bolýandyr.

Görogly daşyndaky dony çykaryp, boýnunyň üstünde epläp goýup, öňüne geçip çök düşüp oturyp:

— How,  mün,  zaňňar!—diýdi.

-------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Teşnaw — öýüň  içinde   suwa   düşülýän,   suwly  küýzw  goýulýan ýer.

Öwez gorkusyna towsup mündi Göroglynyň boýnuna.

Görogly:

— Öwez, ahmal oturma, meniň säher mahaly zyýanym tutup, patanaklap, oýnaklap, adam ýykýan gylygym bar. Gulagymdan   gaýym   ýapyşaweri!—diýdi.

Öwez munuň gürrüňine ynanyp, gulagynyň teýinden penjeläkgeden tutupdyr. Bir seretse, bu ýanyndan artyp ýatyr sygryň gulagyny tutan ýaly. Pah, Görogly Öwezi boýnuna göterip, iki aýagyny gaýym gujagyna gysyp, her bir zyňanda, dört-bäş ädim ýere düşýär, iki ökjesi ardyna degýär zaňňaryň. Öwez yzyna esewan etse, gala daş galypdyr, agaç daş galypdyr. Öwez muny birneme güýmejek bolup, Görogla:

— How, aga, seniň üstüň gaty ekeni. Heý seniň bir ýorgaň, ýörişiň   bolmazmy, ahyryn?—diýdi.  

Görogly hem:

— Pah,Öwez, seniň geregiň ýorgamy, ýörişmi —diýdi.

Ýorgalan kişi bolup, oýpuldap bir zyňýar, tanap ýarym ýere düşýär. Şu gelşine atyny goýan ýerine çen-li etdi. Görogly:

— Öwez,  goýna  ýakynlaşdykmykak diýýän, düş  şu ýerde!— diýdi.

Öwez Göroglynyň boýnunyň üstünden syrylyp düşse, daşly takyr, gala kaýda, şäher kaýda? Ilersi gaýalap duran gum. Görogly «Goýnum bar» diýip, al bilen äkeldi. Ol kendiň ady Öwezalydy. Öwez:

— Haý, aga, meniň şu bolup ýörşüm düýşüm bolsa ýagşy. Seniň goýun bilen gul diýeniň rast bolsa ýagşy — diýip, Görogla garap,zar-zar ýyglap,bäş keleme söz aýdar gerek.

Çopan aga, alyp geldiň, bu jaýa, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?!
Ýalan sözläp duşman bolma hudaýa, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?!
. .
Dost bolup, duşmanlyk etme arada, Ýaşyň uzak bolsun, ömrüň zyýada,
Şu gije göterip, gaçdyň pyýada, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?!
. .
«Tur, Öwez!» diýp, haýbat bilen öldürdiň, Mertligiňi Ýusup şaga bildirdiň,
Erk galanyň gapysyny syndyrdyň, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?
. .
Çopan aga, çykdyn bedýan çöllere, Ganly ýaşlar döndi bu gün sillere,
Kerweniň ýok, ýördüň uzak ýollara, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?!
. .
Çopan aga, meni aldyň-da gitdiň, Görmedik, bilmedik jaýlara eltdiň,
Han Öwezi bu gün sergezdan etdiň, Goýun bilen gul diýgeniň rastmydy?!

Öwez han bu sözi aýdandan soň, Görogly:

— Öwez, hapa bolma, ýyglama,rastdyr — diýip,

gepe güýmäp, köşeşdirip otyr. Ol gapdalda dony epläp goýupdyr: «Uka galyp bolsa, atymy äkelsem» diýip otyr. Ýadap baran Öwez uka galyp bolup, dona garşy gyşaryp  Göroglynyň dyzynyň üstünde kellesini goýaýdy. Bir sagat uklap, derrew ýerinden turdy. Görogly:

— Hä, Öwez han, ýaman gaty turdun-la, gaty—diýdi.

— Haw, aga, men bir düýş görüpdirin, düýş!

— Aýdaweri, Öwez han, aýdaweri, pygamber ýorgudi bolsun! Meniň atam düýş ýorýan tagbyrçy bilgiçdi,menem bihal däldirin.

Şu ýerde Öwez gören  düýşüni beýan edip, Görogla garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Düşdi başym gurbata — bir aýralyk, ahyrzýaman Eý, hudaýa, men belalardan belaga uçradym!
Onda galdy täji-tagtym, maly-mülküm, bu dükan Eý, hudaýa, men belalardan belaga uçradyň!
. .
Eý, hudaýa men eneden bolmagaýdym käşgä, Bu nejis dünýä ýüzüne gelmegeýdim käşgä,
Bu çopan birläni ýoldaş bolmagaýdym käşgä, Eý, hudaýa, men belalardan belaga uçradym.
. .
Eý, hudaýa, men bu gün uçdum-da düşdüm bir yrak, Tisginip turdum ýerimden, gözümi açdym pyrak,
Bir sypaýy mün diýip, ýanyma getirdi byrak, Eý, hudaýa, men belalardan belaga uçradym!
. .
Eý, hudaýa, öldi atam hijride bagry gan bolup, Ýaş döker ýyglar enem, iki gözi girýan bolup,
Görseňiz, bu han Öwez, çöl ýerde sergezdan olup Eý, hudaýa, men belalardan belaga uçradym!

Öwez bu sözi aýdandan soň, Görogly ýerinden turup, Öwez janyň töweregine çyzyk çyzyp başlady. Öwez:

— Haý, aga, bu nätdigiňiz? — diýdi.

Görogly:

— Öwez, men seniň düýşüňi ýorjak. Arwah, jyn bärik geçmesin diýip çyzýan — diýip, onuň düýşüni ýormaga başlady.   

Görogly:  «Munuň    düýşüni şeýleräk ýoraýsam, ugruňdan turaýsam gerek» diýen pikir bilen, şeýle diýdi:

— Haý, Öwez han, sen:«Eý hudaýa, men bu gün uçdum-da düşdüm bir yrak» diýip aýdýarsyň. Onuň yrak manys-a daşa düşýärsiň. «Tisginip  turdum  ýerimden, gözümi   açdym pyrak» Pyrak manysy aýraçylyk.«Bir sypaýy mün diýip ýanyma getirdi byrak» diýip aýdýarsyň. Her kişi düýşünde byrak münse, ýurda han bolarmyşyn.«Han bolarmyşyn» diýeni oglanyň gulagyna ýakdy:

— Aga, men haýsy ýurda han bolarkam?!

— Çardagly Çandybile —  tekeli-türkmenli ile han bolarsyň sen.

— Haý, aga, goýaweri-goýaweri! Weýeňňama  diýsene, Weýeňňama diýsene, Weýeňňama!

Görogly:

— Bar, Öwez, Weýeňňam bolsa, Weýeňňam bolaýsyn —diýdi.

Görogly zaňňarda gep gytmy?! «Onda o bolupdyr, munda bu bolupdyr» diýip, şol güýmäp otyr. Öwez bolsa, ýadan oglan, ýene ukusy tutup, bu saparam dona garşy gyşaraýdy.

Görogly urdy güpürdini atynyň ýanyna garşy. Babaňka bardy-da:

— Haý, baba, at barmy?! — diýdi.

— Oglum, atyň-da gursun, ýüzüň-de!

— Hä, baba?

— Ot berjek bolsam, garnymdan dişleýär, suwa ýakjak bolsam, ýeňsämden dişleýär. Ýarmadyk, ýyrtmadyk ýerimi goýmady.

Görogly seýishananyň agzyndan barsa, Gyrat agzyny açyp, gulagyny ýapyryp, ýer peşeläp topulyp dur.

Görogly:

— Hä, Gyrat, biziň ýanymyzda Öwez ýok diýip edip dursuň-da muny. Öwez jany seniň goltujagyňa getirip goýdum! — diýip, Gyratyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Gözüň açyp gözle, Gyrat, Geldi, Öwez oglum geldi!
Diliň bolsa sözle, Gyrat! Geldi, Öwez oglum geldi.
. .
Kyrk begiň kowdum ýanyndan, Alyp çykdym mekanyndan,
Husny Ýusubyň şanyndan, Geldi, Öwez oglum geldi.
. .
Yşgynda gezdim pyýada, Ýetişdim maksat-myrada,
Ruhsary gülden zyýada, Geldi, Öwez oglum geldi.
. .
Öweziň gözüniň ýaşy, Erider daglary-daşy,
Goç ýigidiň mert ýoldaşy, Geldi, Öwez oglum geldi.
. .
Gyrat, meniň göwnüm göter, Belent-belent dagdan ötür,
Basym Çandybile ýetir, Geldi, Öwez oglum geldi!
Alyp geldim Weýeňňamdan, Aýra saldym mekanyndan,
Gulpaklary zerefşandan, Geldi, Öwez oglum geldi,
. .
Ýetdi pirlerin dogasy, Ýaradan hakdyr penasy,
Görogly begiň hoşgäsi Geldi, Öwez oglum geldi;

Görogly bu sözi aýdandan soň,Gyrat süýnüp-sarkyp, oty bilen boluberdi, Görogly babanyň. Hüjresina gelip, güpbüsini, çokaýyny, sopbaşyny çykaryp, urdy meýhanasynyň burçuna. Şahana geýimini geýip, ýaraglaryny dakynyp, atyny eýerläp atlanyp:

— Haý, baba, seniň bilen kyýamatlyk ata-ogul bolduk, az-kem duzuňy iýdik. Baba, ýum gözüni, aç etegini!— diýdi.

Baba gözuni ýumup, etegini açdy. Babanyň etegine uç çeňňel ak teňňe oklady.

— Baba, ak düýäni gördünmi, göremok diý!

«Gördüňmi — göremok» diýen  nakyl  şu ýerde galybersin.

Görogly babaňkydan çykyp, Öwez jany goýan ýerine basdy ata gamçyny. Görogly gelýän ýerinden «Oýanyp gaçyp gidiberen bolmasa ýagşy» diýip, howp edip gelýär.

Gun çykdy. Görogly Öwezi goýan ýerine geldi. Gezlese, Öweziň şol uklap ýatyşy. Zer suwy berlen käkiliniň ýarysy ýüzüniň teýine düşen, ýarysy ýüzüniň üstüne örtük. Gün üstüne tekizligine düşüp dur. Günüň teýinde altyn ýatan ýaly, güne ýalp-ýalp şöhle berýär. «Görogly: «Alla, munuň üstüns, atym-ýaragym bilen abanagada turaý diýsem, ýüregi ýarylyp öler. Neneň, edip oýararkam, janym». Ýene bir gep göwnüne geldi: .«Atyň dükürdisine özi oýanar-da şunuň» diýip, atyň jylawyny çekerägede tutup uruberdi ata gamçyny. At gamça çydaman, sekrip zyňýar asmana, küdün uran ily ýeri sarsdyrýar.

Öwez Gyratyň dükürdisine gorkup oýandy. Esewan etse, gün çykardan bir atly gelýer. Gyratyň ýalkymy, alagaýşyň ýalkym!,!, syrly naýzanyň, altyn topjyganyň ýalkymy gün bilen çaknyşyp gelýär. Öwez muny tanaman, Görogla garşy garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Mert bolýan iki sözlemez, Goç ýigit, kaýdan geler sen?!
Dostundan syryn gizlemez, Beg ogly, kaýdan geler sen?!
. .
Boýuň daglar çynary dek, Ýüzüň alma-enary dek,
Teke-türkmen serdary dek, Goç ýigit, kaýdan geler sen?!
. .
Gyrat münüp her ýan bakyp, Syrly naýza gotaz dakyp,
Nagra urup, tebil kakyp, Goç ýigit, kaýdan geler sen?!
. .
Öwez han diýrler adyma, Älemler ýanar oduma,
Hak ýetirsin myradyma, Goç ýigit, kaýdan geler sen?!

Öwez bu sözi aýdandan soň, Görogly depip geläkgetdin Öweziň üstüne abanyp durup, zat bilmedik kişi bolup:

— How, oglan, sen nirden gelýäsiň? — diýdi.

— Aý, aga, men-ä nirden gelýänimi özümem bilemok.

— Näme diýip bilmeýäsiň sen?! — diýip, Görogly abaýlap, Öweziň ýüregini ýaryp barýa. Öwez:

— Meni, aga, şu gije boýlary küňre ýaly, gulaklary garyş sere bir adam boýnuna göterip, şu ýere getirip taşlady. Men uklapdyryn, o zaňňar bir ýana ýoýlupdyr — diýdi. Görogly:

— Sen asla kimiň ogly? — diýdi.

—  Buldur gassap baýyň ogly.

— Buldur gassap baýyň Öwez diýen bir ogly bar diýip, eşidip ýördük, şol bolma sen?

— Edil şonuň özi men, aga.

Görogly:

— Baý-baý! — diýdi. — Ol gulaklaryn garýaş sere, boýlary küňre ýaly diýen adamyň biziň inimizdi. Men goýnuň ýanynda galypdym. Goýunlaryna, mallaryna eýe bolsun diýip, seniň ýanyňa iberipdim.Ony «meniň dogmam» diýip, birine satan bolma sen?

— Haý, aga, maňa satma görde, zat görde? Men öz günümi görebilemok. Aga, men çaý içmändirin, çilim çekmändirin. Estim ýerinde däl. Meni beýle abaýlaberme ahyry! — diýip, Görogla garap, bäş keleme söz aýdar boldy.

Gapyl ýatanymda, geldiň ýanyma; Ne sebäpden düşdüň beýle ýollara?
Rehmiň gelmez meniň şirin janyma Aga jan, gulak sal arzy-hallara!
. .
Bir atam bar erdi, bir güni öldi Ol enem yzymda zar ýyglap galdy,
Indi bildim—mülküm weýrana boldy, Aga jan, gulak sal arzy-hallara!
. .
Ýeke ýigit şu dünýäge gelmesin, Bir gelensoň, meniň kimin bolmasyn,
Hossar tapman, gyzyl ýüzi solmasyn, Aga jan, gulak sal arzy-hallara!
. .
Öwez aýdar, gurban bolsun bu janym Gulak salyp eşit, azyz myhmanym,
Bir zaman kowlasaň, çykar bu janym, Aga jan, gulak sal arzy-hallara!

Öwez sözüni tamam etdi. Görogly:

— Öwez, seniň geregiň çaýmy, çilimmi? — diýip,

atdan düşüp, atyň syrtyndan horjuny  alyp, bürünç çilimden çilim berip, ysly çaýdan çaý berdi. Soňra Görogly:

— Öwez, çaýdan-çilimden ýazylyşdyňmy? — diýdi.

— Ýazylyşdym, aga.

— Goýna eýe bolmaga çykan oglanam senmi?

— Hawa.

— Eýse o zaňňar seni boýnuna göterip, aryp-ýadap şu ýere getirip taşlapdyr. Ol maňa habar bermäge goýnuň ýanyna gidendir. Men-de «Bu zaňňar kän eglendi»diýip, bäri garşy çykypdym barlamaga.Onuň ýoly menden sowa düşen bolmaga çemeli. Ol eýýäm goýnuň ýanyna barandyr. Öwez han, indi atlanaly!

— Bolar, aga!

Görogly atlanyp, keçäniň syrtyny gaýtaryp, daşyndaky dony çykaryp, atyň syrtynda epläp goýup, Öwez janyň elinden tutup, çekip atyň syrtyna aldy. Gyratyň jylawyny Çandybil tarapa öwürdi. Pah, Gyratyň neşebazlygy Görogla kyrk esse. Öwez janyň syrtyna münenini bildi. Gyratyň ýigrimi dört dürli ýörişi bardy. Ol şol gije saýlap, täze bir ýöriş tapdy. Tarypyny aýdyp-diýip, soňuna çykar ýaly bolmady.

Sagrysynyň üstünde bir käse süýt goýsaň, gaýmagy bozuljak däl.

Öwez oýlanyp, pikir edip barýar. «Alla, janym, ýalançyda munuň kiminem at bolar eken-ow! Gňrogly sünnüde ylahydan berlen bir at bar diýip eşidýärdim.Meger,bolsa şol çykar».

— How, aga, bu nähili at bu?

— Aý, Öwez, bu-da bir at-da.

— Muydan başga atyň barmy?

— Paý, Öwez, galyň atlar bar, atlary ätlär ötägider. Bu bir goýnuň ýanyna münülip ýörlen kelte bykyn, ýuma-ýorga alaşadyr.

— Alaşa bolsa-da, ýörişi-ýorgasy han ýanynda, sypaýy  ýanynda  münmäge gaýym  at eken. Atyňy satmarsyň, alla?!

— Satarys, Öwez!

— Aýt bahasyny!

— Aý, Öwez, bular ýaly çontuk alaşanyň bahasyny aýdyp nätjek? Sen özüň diläp, özüň alagaýsana!

— Özüm diläp, özüm alsam, äkelýän goýnuňdan kyrk guzuly goýun bereýin. Ony az görseň, kyrk guzyly goýna deger ýaly asyl mata bereýin.

— Paý, Öwez, gaty höwes bolan ekeniň-ä.Bahasyndan  artykmaç dilediň sen. Ol goýun-guzy diýeniňä biz satyp soňuna çykybilmeris. ýöne mata diýeniň gulagyma ýakdy. Şu günler özi birneme gytyrakdy, oglan-uşaga geýim bolardy.

— Mata gulagyňa ýakan bolsa, alyp ber eliňi! Aga haýryny gör.

— Öwez, senem gör, münmek nesip etsin!

— Sen ham alan mataň haýryny gör, ýalaň toýa geý-geý sen! Aga, at biziňki boldumy?!

— Hawa, Öwez, at seniňki boldy?!

— At biziňki bolsa, sen düş, aga!

— Hä, Öwez?

— Men bir täze at alan adam, atymyň ýorgasyny-.ýörişini özbaşyma münüp bir sürüp göreýin.

Görogly munuň tutan guşuny ütüp goýberipdir;

— Öwez, bu bir bihäsiedräk alaşa bu, öwrenişmedik adamsyny oýnap ýykaýma häsiýeti bar. Howlukmasaň, öz başyna-da münersiň-dä — diýip, gulak asman sürüberdi.

Şol gelüwine Öwez: «Goýun nirede?» diýin soraýar. Görogly:

— Goýun hol gerşin aňyrsynda — diýýär, Görogly o ýere baranda, onda diýýär, bu ýere baranda, munda diýýär. Şol aldap gelýär. Görogly gaňrylyp Öweziň ýüzüne gözlese, ýyglaý-ýyglaý gözüniň ýaşy burnunyň iki ýan gapdalyndan ýol edip gidipdir.

Görogly: «Eý, Weýeňňam nirde, Çandybil nirde? Niçe sary goýun onda, goýun munda diýip aldap äkideýin. Gel, şuňa Göroglydygymy bildireýin. Ýüregi ýarylyp ölýän bolsa, ölsün-le» diýip, Öweze garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Eý ýaranlar, musulmanlar, Aglama, Öwez, aglama!
Jepa çekdi eziz janlar, Aglama, Öwez, aglama!
. .
Han degil men, beg degil men, Saňa gyýar jan degil men,
Ataň-eneň men degil men, Aglama, Öwez, aglama!
. .
Ala dagdan aşyrar men, Dal synamy ýaşyrar men,
Dädeň gelse, tabşyrar men, Aglama, Öwez, aglama!
. .
Agladar men, güldürer men, Mertligimi bildirer men,
Gahrym gelse, öldürer men Aglama, Öwez, aglama!
. .
Bu ýere ne ýer diseler, Ýowuz gün demir geýerler.
Bize Görogly diýerler, Aglama, Öwez, aglama!

Görogly bu sözi aýdan soň, Öwez atyň syrtyndan telpek gaçan dek patda ýere gaçaýdy. Görogly:

— Aý, Öwez han, gaty düşdüň-le — diýdi. Soňra howlugjyna: «Goýun ýakyn, goýun ýakyn» diýiberdi.

— How, aga, goýny-da saňa bagyş etdim, çopany-da saňa bagyş etdim!

— Beý diýme, Öwez, bize hudaý ýoly degenok,

— Degse, degmese-de bagyş etdim, aga!

Görogly:

— Beý diýme, Öwez jan,   gideli!   Gideli-gideli. Öwez jan! — diýdi. Öwez:

—Ýok, aga! «Seniň bilen gidebilmen, Görogly!»diýip, Görogla garap, zar-zar ýyglap, bäş keleme söz  aýdar gerek.

Weýeňňamdan çykyp, Töwriz ýurduna, Seniň bilen gidebilmen, Görogly!
Alla saldy jydalygyň jebrine, Seniň bilen gidebilmen, Görogly!
. .
Garyçgaý tugundan bir habar alyp, Hazanyň elinden saralyp-solup,
Mysapyr ýurtlarda dilim baglanyp, Seniň bilen gidebilmen, Görogly!
. .
Külli melamaty başa getirme, Abyraýly işi menden ötürme,
Bir ýalňyz ýigidiň yzyn ýitirme, Seniň bilen gidebilmen, Görogly!
. .
Daglaryň başyndan aýrylmaz duman Münküriň göwnünden gitmezmiş güman
Diri aýrylmaklyk ölümden ýaman, Ölmeginçäm gilebilmen, Görogly!
. .
Öwez aýdar, Haýdar kerrardan bolsaň, Isgender, Jemşit dek ýer ýüzün alsaň,
Çandybil, Töwrizi mülk edip berse Şonda-da men gidebilmen, Görogly!

Öwez bu sözi aýdandan soň, Görogly:

— Beý diýme, Öwez jan, gideli! — diýdi

Öwez:

— Ýok, aga, gidebiljek däl! — diýdý.

Görogly  bir gepi göwnüne düwüp  «Öwez ozal inçe bil oglan, palança günden bäri ajygyp, guşagy selkirip   aýyrdyna  düşüpdir.  Naýza  bilen  guşagyndan göterip bolmazmyka?» diýip, naýzany uzatdy Öweze garşy. Öwez gorkup aşak egildi. Guşagynyň   teýinden naýzany urakgetdin, ýokary göterip, nýaýzany egnine taşlap, Çandybile garşy garap, atyň jylawynyden tutuberdi.

Öweziň kelle tarapy aşak, aýak tarapy aşak, bili uzülip barýar. Bir meýdan gitdi. Öwez gygyryberdy.

— How, aga, özüm gideýin, özüm!

— Ýok, Öwez, indi Çandybile. barýança şu gidişim,

— How, aga, beý diýme, gideýin-dä...

Gideýin-gideýini   kän   aýdyberensoň,Görogly  ony düşürip, ýerde goýdy. Naýzanyň ökjesini öwrüp, Öweziň ýeňsesine rast bäş-alty gaýra urdy-da:

— Haý, seniň bir.., düş öňüme!   Çandybile barynça, atyň öňüne   salyp, pyýada    kowup    gitjek seni! — diýdi.

Ýarym menzil ýola barynça, pyýada kowup gitdi. Göroglynyň: «Maňlaýyndan der çyksyn, aýaklary gabarsyn, jepasyny çeksin. Onsoň maňa peýan berer bu» Bolmasa ýüz müň kirýadan1 geçen, ýüz müň çarşemmäni başyndan geçiren zaňňar maňa-da peýan bermez» diýen pikir göwnüne geldi.

Soň Öwez bir ýapynyň ýüzünde süýnüp ýatyberdi.

— Aga, öldürseň öldür, indi bir ädim   ädibiljek däl.

— Öwez, emen süýdüm bilen, razyçylygym bilen ýyglaman gideýin diýseň, ata  mündürjek. Bolmasa,ine! — diýip, ýene uruberdi.

— ýyglaman gideýin, aga, ýyglaman gideýin.

Görogly  Öwezi çekip,  Gyratyň syrtyna  aldy, sürüp gidibersin.

Ep-esli ýol ýöränlerinden soň, Görogly:

— How, Öwez, ýol pessine, gewün açýan gürrüň, tapsana! Agyz süýjütme gürrüň tapsana!

Öwezde gürrüň näms işlesin, gep näme işlesin? Doňňara daş bolup otyr. Görogly bir gaňrylyp gözlese, Öwezin şol ýyglap oturyşy.

— Hany, Öwez, ýyglaman diýmänmidin?!

— Eý, aga, meniň ýyglanymy   aýyplaşdyrma! Dokuz derwezeli  şäheri özüm soraýardym. Mundan  aýrylyp barýan. Ýusup şa kyrk sypaýysy bilen hyzmatkärimdi. Ondan  aýrylyp barýan. Ak süýt emdiren enem-den aýrylyp barýan. Garyndaş-dogandan, il-günden, ýar-dostdan aýra düşüp barýan. Men ýyglaman, kim ýyglasyn ahyryn?!

------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

Kirýa—synag manysynda.

— Öwez, ýyglamak aýyp bolar. Sendew ozal aýra» çylyk çeken adamlar köpdür.

— Rastdyr aga, galyn ýetim oglan, salpy aýak aýraçylyk çekendir. Men ýaly    päkize oglan    aýraçylya çeken däldir.

— Öwez, sen men-menlik etdiň, kärhana gol saldyň.Men saňa Adamdan Howenä aýraçylyk çeken adamlary habar bereýin. Özüňçe  barmy, ýokmy?

Aýraçylyk çeken adamlary habar berip, Öwez jana garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Nurundan ýaratdy iki ezizi, Bugdaý iýp, behiştden aýrylmadymy?!
Üç ýüz ýyl agtaryp, sergezdan bolup, Adam Howeneden aýrylmadymy?!
. .
Adam ogly hiç bolupdyr baş bilen, Ýuwdy ýüzün gözden akan ýaş bilen.
Abyl atdy ol Kabyly daş bilei, Aga inisinden aýrylmadymy?!
. .
Ybraýym pygamber dünýäge geldi. Arzuw-arman bilen Hajary aldy,
Musulman bolanlar kişdige dolda. Nuh hem öz oglundan aýrylmadymy?!
. .
Ol hakyň töwratyn okygan Musa, Zamanynda ýokdy olar deý resa,
Bibi Merýem ogly — hezreti Isa Gaçyp kapyrlardan aýrylmadymy?!
. .
Pygamber äleme patyşa boldy, Zebur okyp, halka nesihat kyldy.
Bir güni göwnüne men-menlik geldy Ol Dawut oglundan aýrylmadymy?!
. .
Dawut öldi zürýadyna ýer galdy, Hudaýymdan şona bir ýüzük gelda
Nurdan bolan ýüzügini döw aldy, Süleýman tagtyndan aýrylmadymy?!
. .
Ýakup ýyglap aýrylandyr gözünden, Hiç peýda tapmady aýdan sözünden
Arzy Gammaryndan—güler ýüzünden, Ýusup Züleýhadan aýrylmadymy?!
. .
Pygamber — çaryýar ýaşyn dökerden, Şyhlar sopusyndan, şalar nökerden,
Zenbur1 asalyndan, toty şekerden, Bilbil gülüstandan aýrylmadymy?!
. .
Leýli diýip Mejnun çölleri gezdi, Şirin diýip Perhat daglary gazdy,
Zöhre jan Tahyrdan umydyn üzdi, Warka Gülşasyndan aýrylmadymy?!
. .
Görogly beg, tälim algyn ussatdan, Ýagşy-ýaman hemme öter syratdan.
Leýli Mejnunyndan, Şirin Perhatdan, Wamyk Uzrasyadan aýrylmadymy?!

Görogly bu sözi aýdansoň, Öwez:

— How,  aga,  şu  aýdanlaryň  hemmejigi  çynmy?— diýdi.

— Hemmejigi rastdyr, Öwez jan!  Bizde asla  iki gep bolmaz. Öwez  içinden:  «Sende  iki gep bolmaýan bolsa, hany goýun çopany?» diýýär.

— Aga, şu aýdanlaryň hemmejigi rast bolsa, meniň ýyglap gelmäm hebes ekeni. Atdan düşeli, çaý içeli, çilim çekeli, ýoly-da alar ýöreris-dä.

— Haý, Öwez, şunuň ýaly göwün açýan gürrüň tapsana!

Atdan düşüp, çaý içip, çilim çekip, ýene atlanyp gidibersinler.

Indi habary kimden al? Gelip Ýusup patyşadan al.

Şol Öwezden öýkelän kişi bolup, haremhanasyn-da, heleýiniň ýanynda ýatyr zaňňar. Bir gün bäş-alty peşşabyny çagyrdy ýanyna:

— How, peşşaplar, baryň erk galadan bir habar tutuň! Tüýsi bozuk türkmen ommalyp  ýatyrmy  ýa güm bolup gidipmi? Şondan bäri ýatan bolsa, aýagyndan tutup uruň hendegiň teýine, dynçlap gaýdyň!  — diýip .buýurdy.

Peşşaplar ylgaşyp erk gala gelseler, türkmen kaý-da, Öwez kaýda? On dogmasy ýatyr ommalyp. Peşşaplar baryp habar berdiler;

-----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Zenbur — balary.

— Tagsyr patyşaýym, ol aýdan türkmeniňiz-de ýok, Öweziň-de ýok.On dogmaň-da ýatyr ommalyp. Hendegiň teýine şolary taşlaýmaly bolupdyr, tagsyr!

Patyşa dessine müneçjimini, gurrandazlaryny ýgnady-da:

- Ýere giren bolsa-da tapyň! — diýip buýurdy,

Gurrandazlar gurra salyp:

— Tagsyr, Gyraty bar, çar perre almaz suw berlen naýzasy bar. Özi bir sili-saly gerçek goç ýigit. Şu wagtlar   pylan dagyň eteginden Öwez jany artlaşdyryp barýar — diýdiler.

«Alla, kim bolar-a, kim bolar?» diýşiberdiler. Onda Mustapa beg:

— Tagsyr  patyşaýym,  tap,  Görogly sünnüdir ol, Ýadyňdan çykdymy, tagsyr?!

— Näme ol?

— Hemden wezir näme diýip gidipdi, tagsyr? «Göroglyny üstüňe ibererin, Öwezi goluňdan aldyraryn»diýip  ant içip  gitmänmidi  ahyryn? «Men Görogly-dyryn»  diýip   gelýärmi  näme  gelen,  hilesini  tapyp äkidýär-dä, tagsyr!

Patyşa dergazap bolup, dessine Leň weziri müň atla baş edip yzyndan kowdurdy. Onuň yzyndan Musta- begin şaýyny tutuberdi. Topy, şemhaly, gumpary, jezaýry, zemmiregi bilen bu hem kowup gidibersin.

Indi habary kimden al? Göroglydan al. Atdan düşüp, çaý içip, çklim çekip, uklap barýar. Yzyndan gaýgysy ýok. Bir günden bir gün Göroglynyň yzynda bir tozan peýda boldy. Leň wezir kowup ýetdi. Görogly: «Alla, yzymdan ýygyn ýetdi-ow» diýip oýlandy «Öwez jany bir ýerde goýup, munuň öňünden çykaýyn» diýip, ýoldan çykyp, daga garşy sowluberdi. Şu ýerde Görogly Öwez jana gözläp, her ýerden tymsal getirip, bäş keleme söz aýdar gerek, gör, bak näme diýýär.

Sadagaň gideýin, eke perzendim, Gel, Öwez jan, dolanaly daglara
Senden başga ýokdur meniň zürýadym, Ýör, Öwez jan, dolanaly daglara!
. .
Seniň üçin saldym altyn tagtlary, Çandybilde goýdum perizatlary,
Indi gargy gulak bedew atlary, Mün, Öwez jan, dolanaly daglara!
. .
Gara geýip, ýakma meniň ýüregim, Alladan diledim — sensiň geregim,
Gol kuwwatym, güýç kömegim, diregim, Ýör, Öwez jan, dolanaly daglara!
. .
Beg Görogly bu gün meýdana girse, Alla diýp, ýygyny her ýana sürse,
Mustapa beg bilen çüwe-çüw dursa, Ýör, Öwez jan, dolanaly daglara!

Bu sözi tamam edenden soň, Görogly Gyraty daga tarap sowuberdi. Ýoldan çykansoň, Gyrat derçigip, çişiberdi. Görogly: «Alla, Gyratymyň gewnüne gelýän-dir-ow, munuň ýagyrnysyndan naýza ýetip gelýärmi? «Meni bular ýaly gyssaýar» diýip, göwnüne gelýändir. Ýygyň ýetenini Gyrata bildireýin» diýip, sazyny goluna alyp, bäş keleme söz aýdar gerek.

Yzymyzdan ganym ýetse, Daglara bar, daglara bar!
Degre-daşyň duman tutsa, Daglara bar, daglara bar!
. .
Daglar mirewwet känidir, Erenleriň mekanydyr.
Arap atlar ybalydyr, Daglara bar, daglara bar!
. .
Her zaman özüňi öwme,    Daş bilen synamy owma,
Muhannese boýun egme,   Daglara bar, daglara bar!  
. .
Daglaryň çeşmesi daşar,   Kä üstünden ýolum düşer.
Merde barsaň, ýürek joşar, Daglara bar, daglara bar!
. .
Daglar synasy gökdür, Gurtlar , guşlar şonda köpdür.
Hümmetsiz beglerden ýekdir, Daglara bar, daglara bar!
. .
Dag üstünde atgyn awy, Giň äleme düşsun çawy.
Muhannesden arwat gowy, Daglara bar, daglara bar!
. .
Görogly, hak diýp oturyp, Mäwlamy dile getirip.
Öwez oglany geterip, Daglara bar, daglara bar!

Bu sözi tamam edensoň, Görogly gelip bir dagyň üstüne düşüp, çaý içip, Öwez janyň öňünde-de bir çäýnek çaýy demläp goýdy.

— Öwez jan! Meniň yzymdan bir tozan peýda! boldy. Men şona aýlanyp gelinçäm, sen şu çaýy içip otur! — diýip, Öwez jany bu ýerde goýup, aralyga bir daglygy salyp, bulara görünmän baryp, ýygnyň yzyna degip gitdi.

Atlanyp dep bolup, hellewleşip gelýän atlylaryň bir-birine habary ýetenok. Görogly girdi olaryň bir çetinden. Ur, ýyk, sanç, agdar, bas, öldür, gaňyr, bas. Leň wezir yzyna bir gözlese, Görogly yzynda maslyk maslyga kaklyşdyryp taşlapdyr. Bu-da gaçmak bilen boluberdi. Munuň ýagyrnysyndan ýetirdi naýza-ny. Ene-de öz-özüne: «Gaçany kowujy bolma» diýip saýlanyp çykdy.

Görogly atyň jylawyny dönderip, Öwez jany goýan ýerine basdy ata gamçyny. Gelip, goýup giden ýerini gözledi. Görse, goýup giden ýerinde ýok ol zaňňar.

Ýüregi dykylyp alkymyna gelip, at gamçylap, dag üstüna çykyp, bäş keleme söz aýdar gerek.

Bizem ýat edeli Öwez oglany,   Wezir Arzylumdan aşdy diýgeý sen!
Kowup ýetdi Weýeňňamyň begleri,   Bu daglarda söweş düşdi diýgeý sen!
Polatlar parlaýyp, barmak büküldi Müwerres ýerijin, jülge seküldi
Agyr sülsat Weýeňňamdan döküldi, Bu daglarda söweş düşdi diýgeý sen!
. .
Ýygyn gelip, sap-sap bolup durdular, Söw säherden nagrasyny gurdular.
Elli-altmyş beglerini gyrdylar, Ganlar akyp, çaýlar daşdy diýgeý sen!
Görogly beg deper şanyň gaşyna, Namart kahyl gelmez merdiň işine.
Pirim Şahymerdan, dönem başyňa! Goç ýigit serinden geçdi diýgeý sen!

Görogly bu sözi tamam edensoň,özi-özüne aýtdy: «Görogly,sen goýup giden ýeriňi atdan düşüp barlasaň bolmaýarmy, ahweti?» Gelip, atdan düşüp barlaýyn diýse, ýanky goýan daşlary özüne zelel ýetdi. Hany, indi içine giribilse? Rast geldi gahary. Kiçi sakgalyny dişläp, her haýsyny gujaklap, zyňýar bir tarapa. Esewan etse, ýaňky goýup giden çaýyndan Öwez bir kese-de içmändir. Başy tahýaça, aýak ýalanaç daga ýarmaşyp ötägidipdir. Şu ýerden atyny idip, yzarlap ötägitdi.

Öwez janyň yzy bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şu daglarda bar ekendigini bilip, daglara güman edip, Görogly bäş kelems söz aýdar gerek.

Öwez meni haýran etdi, Ümürli, dumanly, daglar!
Gara bagrymny gan etdi, Umgaly, jerenli, daglar!
. .
Müň kişi geldi kastyma, Döwüşip çykdym üstüne,
Öwezi berdim destiňe, Gümanym sendedir, daglar!
. .
Öwez oglan seri telli, Uzyn boýly, inçe billi.
Ter öleňli, gyzyl gülli, Bilbilli, bostanly, daglar!
. .
Goç ýigit meýdana girse, Ganymyna dogry dursa,
Öwez jany gözüm görse, Sür bäş gün döwrany, daglar!
. .
Gyrat harlap çapylmasa, Şir, peleň deý topulmasa,
Öwez oglan tapylmasa, Armanym sendedir, daglar!
. .
Görogly aýdar kän sendedir, Bag bilen bostan sendedir.
Bildim: Öwez jan sendedir, Sür, bäş gün döwrany, daglar!

Görogly  bu  sözüni  tamam  etdi. Onun  Öwez  jany  ýitirip  ýören  ýeri  duz gyrydy. Şol  wagtda  ýagyş  ýagyp, sil  gelip, daraw-daraw  suw  oýa  garşy  akypdyr. Dagyň  etegine  gamyş  çykyp, birazrak köl bolupdyr. Öwez janyň yzy gelip şu köle girdi. Görogly kölüň  töweregine  aýlandy. Köle  giren yzy bar-da, çykan yzy  ýok. Görogly: «Çukurrak  ýerine gidip ölen bolmasa-da ýagşy  bu» diýip, howp etdi.

Bir  seretse, kölüň  ortasynda  bir  ada  bar  ekeni. Şol  adada Öwez  jana  gözi düşdi. Esewan  etse,  adanyň  ortarasynda  çök  düşüp  oturypdyr. Zerli  tahýany goýupdyr  çekgä, zer  suwy  berlen  käkilini  taşlapdyr  ýensä, gaz  ýaly  ýalkyrap otyr. Görogly: «Muny! tapmadyk kişi bolup, ýitiren kişi bolup, bir söz  aýdaýyn. Şunuň zehininiň ýitidigini, ýiti däldigini bileýin. Akyllydygyny, akmakdygyny seljereýin» diýip, Öwez jany ýitiren kişi bolup, bäş keleme söz aýdar gerek.

Sona kimin ýaýkanar sen, Abat bolsun köller, Öwez!
Aglamakdan gana döndi Gözde ýaşym siller, Öwez!
. .
Hazary galkana ýapdy, Gahar bilen janym ýakdy.
Balhdan ötüp, Hindi çapdy, Ýüzüňdäki hallar, Öwez!
. .
Dumanyň tutupdyr seri, Sen siň  göwnumiň şäheri
Durnadan göterdim peri, Saňa gurban Ýollar, Öwez!
. .
Ýüzüň aýdan alar pajy, Watandan etdiň hyrajy.
Şekerden, nabatdan süýji, Ýüzdäki asallar, Öwez!
. .
Gitdi, Öwez oglan gitdi, Baryp ordasyna  ýetdi.
Göroglyga gahar etdi, Saňa gurban janlar, Öwez!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwez:

— Haý, aga, men mundadyryn, haw!—diýdi.

— Hä, Öwez jan, bu ýerde näme işläp ýörsüň?

— Aý, aga, oba diýeniň, goş diýeniň tapmaga oňaýly ýer bolýa. Meni gözläp ýörän şaýymezhebiň biri tapagaýmasyn. Her haçan agamyň özi gelende, yzarlap tapar-da  diýip,  şaýymezhepden  gorkunjyma  bu  ýerde  bukup otyryn.

Göroglynyň içi zymlap gitdi. Ol: «Ha, zaňňar, söze ýaman çeper ekeniň! Elimden çykaýmasaň ýagşy» diýip, içinden  pikir etse-de, hiç  zat  diebilenok. Daşyndan:

— Pah-pah, Öwez jan, meniň  göwnümdäkini  bilýärsiň-ow! — diýdi.

Görogly  Öwezi  ata  artlaşdyryp, goşa  getirip,  çaý  içip,  çilim  çekip, mes  bolup, atlanaly diýip durdular.

Habary kimden al? Leň  wezir  gaçyp, Mustapanyň öňünden çykdy. Mustapa bularyň  yzyny  alyp, dergazap  bolup, kowup  gelýärdi. Ol:

— How, Leň wezir, habaryňy ber! — diýdi.

— Ýok,  Mustapa,  habar-hatyry  bilemok. Niçäni  urup, niçäni  gyranyny bilemok, set  hezar  özümi  bilýän.

— Başla, zaňňar, giden ugruňa!

Mustapa  Leň  weziri  öňüne  salyp, ýene  kowup gaýdybersin.  Leň wezir Görogly bilen sataşan  ýerlerine etip:

— Ýaňy-ha şu  ýerlerde  urşupdyk, şu  ýerlerde bardy — diýdi.

 Şu  ýerde  Mustapa  bir  lek  goşun  bilen tug tutdy.Müň top, müň şemhal, müň jezaýry, müň zemmirek  Hemmesini  birden boşadyp goýberdi. Daglar lerzan berip gitdi.  Görogly eşidip: «Şaýymezheb-ä bu sapar. ýaman düýpli ýöräpdir-ow» diýdi. Görogly Öwez hakda oýlanyp: «Alla   janym, bir ýerde goýsam, dert-azar, bu-da gaçjak. Gel, bu gezek şuny gözümden aýyrmaýyn, syrtymdan düşürmäýin» diýdi. Soňra:

— Haý, Öwez  han,  men  şaýymezhep  görsem, gaçar  ýerim bolmaz. Men urşa giremde, damagym gurap, kepip  suwsaberýän. Men saňa gaňrylyp gözlärin, şol  wagtda  sen maňa şerap ber! — diýdi.

Tylla  çäýnegi  dolduryp  berip, altyn  käsäni  berip, Öwez jany  artlaşdyryp, at gamçylap    dag  üstüne, çykdy. Çykyp, esewan  etse, Mustapa beg  gurupdyr akly -gyzyl çadyry. Ok atsaň,  ýere  düşjek däl. Sap-sap,  tug-tug, sanjak-sanjak,    baýdak baýdaga kaklyşýar. Ine,  Mustapa-da  gördi Göroglyny.

Ol mähremlerine garap:

—     How, ýigitler, bu zaňňar sünni-hä men-menlik edip  dur. Enşalla,Öwez jan-a elindeýa  alýas  munuň. Soňunyň  näme  boljagyny  bilmeýän — diýdi.

Görogly hem men-menlik edip dur. Ol:

—     How, zaňňar  Mustapa,dokuz derwezeli şähriň  içinden, erk galanyň içinden  alyp  çykan  adam  şu  meýdanda Öwez  jany  berýämi saňa? Bular ýaly işi  ramanynda hezret Alam  bitirmez — diýip,    «Alla!  diýip, at goýdy.

Gelip  Mustapa  naýza  urdy. Mustapa  galkan tutdy. Mustapa  Görogla naýza urdy. Görogly  galkan  tutdy. Bir meýdan at  üstünde  naýzzlaşyp, galkan  tutuşyp uruşdylar.

Habary kimden al? Öwez jandan. Özi  yzyna gaçmaga göwünli zaňňar,  maýmyn ýaly  çalaşyn  zaňňar. !Atlar  kaklyşyp  gelen  mahalynda, yrgyp  Mustapanyň syrtyna  özüni  oklaberdi. Görogly gaňyrlyp  gözlese, Öwez, hol, Mustapanyň syrtynda barýa. Atyn jylawyny  dönderip, depdi  Gyrata. Ömründe  büdremeýän Gyrat  büdenekläp, maňlaýyny  ýere  berip  turdy. Naýza howala kylaýyn diýse, naýza-da goly ysmady, Ol baruwyna gözi  ýer  görmedi. «Alla, meniň işim kejine boldy-how! «Guşuny alanda, sal» diýenleri» diýip, saýlanyp  çykdy Görogly. Esewan  etse, ýaňky  içjek  şerabyn Öwez  gol  sunup, Mustapa  bege  berip dur. Görogly  muny  görüp: «Dünýäniň agmasy-dönmesi bir sagatlyk iş» diýenleri  çyn ekeni» diýip  ýanyp-köýüp, bäş  keleme  söz  aýdar  gerek,

Gökden  ýere  bir at düşdi, Pelek meni seçdi sandym.
Öwez oglanyň elinden Gül pyýala içdi sandym,
. .
Bile örüzdim bagyndan, Dolandym soly-sagyndan.
Gün dogdy Maşryk dagyndan, Öwez ýüzün açdy sandym.
. .
Gyrata debsini berdim, Baryp Öwez jany gördüm.
Beg  Mustapa  gylyç urdum, Dag  ýerinden  süýşdi  sandym.
. .
Goç ýigit geçdi serinden, Daglar eňrener zaryndan.
Medet dilesem pirimden, Görogly  öçdi  beg  sandym.

Görogly bu sözi aýdandan soň: «Gel, bir çäýnek çaý içeýin-le» diýip, tüňçäni dolduryp,  odun  çöpläp, tüňçäniň  gapdalyna ot ýakyp, ýene  gidýär  odun çöplemäçge. Aýlanyp  gelinçä  bu  ot  hem  sönýär. Işi  keç bolan  adam-da, tentirekläp  ýör.

Habary kimden al? Mustapa begden al.

Mustapa  beg  Öwez  jany  alyp, öz  ýanyna  geçirip, Görogla  alty  adam iberdi ilçi edip: «Görogly  beg  gerçek  goç  ýigitdir, gelsin  bu  ýere! Hapa bolup gaýtmasyn. At  gerekmi, serpaý  gerekmi, eýer  gerekmi, näme diýse, wagtyny  hoşlap göýbereli, emma  Öwez  jany  dilemesin, ony bu ýanda patyşa hiç kime bermiýä». Gelip, ilçiler bu habarlary aýtdylar. Göroglynyň  öňki  ýanmagy  ýanmakmy?

Ol:

— How, zaňňar, sen köplügiňe buýsanýarmyň?! Ýa   meniň  ýekeligime heşelle  kakýamyň?! Men Öwezden başga  maly-dünýäni  nädeýin? — diýip, ilçilere  garap, bäş  keleme  söz  aýdar  gerek:

Weýeňňamdan Arzyluma göç etdi, Goluma alsamdym bähri-bazymy!
Ýaz bolsa, ereýir daglaryň gary, Indi duşman görsün meýdan tozumy!
. .
Olar köplügine buýsanmasynlar, Meniňem  birligme  ynanmasynlar,
Budur meýdan: ýüz müň, ýüz müň gelsinler, Söweşer men, döndermenem ýüzümi!
. .
Üstümizde gurlan mübärek aýdyr, Ýigidiň myrady ok bilen ýaýdyr.
Ýusuby diýerler, husnuna baýdyr, Ýene  görsem Öwez janyň ýüzüni.
Görogly aýdar men bularda durmanam, Namart bilen bir meýdana girmenem!
Bir alladan özgä göwün bermenem, Haky pena tabşyryp men özümi.

Görogly bu sözi aýdandan soň, ilçiler dönüp gaýdyp, Mustapa begiň ýanyna gelip:

— Aý, zaňňar, ölse-de, Öwezi aljak,  boýun egjek däl ol — diýdiler.

Onda Mustapa:

— Boýun egmese, ters egsin! Öwezi näme aýaly dogrupmy  ol  zaňňaryň?! — diýdi.

Habary Göroglydan al. Şol tentirekläp ýörşüne daňa ýakyn bir çäýnek çaý içdi, tirsegine söýenip, uka galyp boldy. Şiri huda piri gelip düýşüne girdi: «Oglum, sen hapa bolup ýatma! Azan bilen sen bir şowhun görkez! Mütdeti ýakynlandyr, dep bolar gider, enşalla, Öwez jany alarsyň!» diýip, gözünden gaýyp boldy. Görogly tisginip  ýerinden turdy. Bu duýşi görenine wagty hoş bolup, zehini çag bolup, çaý içip, çilim  çekip, mes bolup atlanyp: «Ýa alaýyn, ýa öleýin!» diýip durdy:

Şol wagtda habary kimden al? Galandar şadan al! Göroglynyň kyblasyndan bir tozan peýda boldy. Bu tozan Galandar şa eken. Aradan kyrk gün geçen eken. Atlysy, nökeri bilen barlamaga çykan eken. Galandar şa atlylaryna garap:

— How, ýigitler, şu dagyň aňyrsyndan top owazy gelýär, tüpeň owazy gelýär, galmagal gelýär. Bu  ýerde Weýeňňam ýakyn däldir. Görogly Öwez jany alyp çykandyr. Yzyndan  ýygyn  ýetip, ony elinden alandyr. dagyň  üstündäki  ýeke atly Göroglydyr. Siz assa-rak geliberiň. Men sizden öňinçä baryp, bir arzy-hal aýdyşaýyn — diýip,Galandar  ýygyndan  ozup gaýdyberdi. Ses  ýeter ýaly meýdana gelenden soň, atdan düşüp, gol gowşuryp, haýkyryp salam berdi.

Görogly  Galandaryň towşuny eşidip,  horluk basyp duran adam, gözünden ýaş gidiberdi. Galandar:

— How, Görogly, näme ýyglaýarsyň? Goç ýigit ýyglasa, aýyp bolar. Enşalla, ýygynyň içinde Öwez jan bar bolsa, gaýgy etme derrew alarys ony! — diýdi.

— Ýok, Galandar, aljagymy-almajagymy  özüm-de  birneme aňlaýardym, aljagymy-almajagymy bu sözümden biläý — diýip, Galandara garap, bäş keleme söz  aýdar gerek.

Ýatyr idim gamda, külpet öýünde, Meniň bu halymdan soranlar geldi.
Üç ýüz altmyş öwlüýäler jem bolup, Magrypdan maşryga ýörenler geldi.
. .
Perdäniň içinde suratyn görüp, Seýpelmelek kimin dünýäde ýörüp.
Hakdan bize ýüz ýigrimi ýaş berip, Arkamyza penje uranlar geldi.
. .
Kadyr alla işim eýledi kysmat, Pirim hezret Aly  ýetirdi hümmet.
Magşar güni şypa bolan Muhammet, Ymmatyny otdan alanlar geldi.
. .
Kyrk çiltenler ilki aýan geldiler, Gol uzadyp maňa pata kyldylar.
Şahymerdan: «Nepes oglum!» diýdiler, Arkamyza penje uranlar geldi.
. .
Gije-gündiz sena bilen oturan, Ol arşy-aglaýa gözün ýetiren.
Ymmatyny melamatdan gutaran, Şu gün maňa medet berenler geldýa;
. .
Göwün yşgym bilen men etdim telwas, Boldum göýä Kowus bilen ol Kyýas.
Jahany keşt edip ol Hydyr, Ylýas , Haka hazynadar bolanlar geldi.
Görogly beg: «Huw!» diýp turar  ýerinden Medet dilär hezret Aly pirinden.
Dada geldim Öwez janyň elinden, Şu gün üç ýüz altmyş erenler geldi.

Görogly bu sözi aýdandan soň, Galandar :

— Işimiz oňyn eken! — diýdi.

Onynça Galandaryň ýygyny ýetişdi. Bu ýygyna Galandar bilen Görogly baş bolup, alla diýip gygyryp, tozanlap at goýdular.

Habary kimden al? Şaýymezhepden. Gerekli daşy eline düşüp, göterilip duran alaman. Bir lek goşun  üstüne  dökülensoň, Mustapanyňkylaryň  içine howp düşüp, gübürt-de basgy bolaýdylar. Pah, eýere hümmet,  guşguna bereket, ýatan tutular, gaçan gutular, bolaýdylar. Tarypyny aýdyp-diýip, soňuna çykar ýaly bolmady. Görogla pir nepesi: «Gaçany kowujy bolma» diýipdi. Galandar bilen ikisi atdan düşüp, çaý-çylim bedessur kylyberdiler. Peýşinden soň gidenler, gelmäge aýlanyşdy. Görogly gelenden:

— Gördüňizmi? — diýip, Öwezi soraýar.

— Aý, Görogly aga, Öwez  diýeniň  biziň gören alaçamymyz däl. Biz ennamly, käkilli, bisakgal oglan öldüremzok. Biziň öldürenlerimiz ýalaň sakgally.

— Eýse  bu zaňňar gaçyp, bir   ýana gizlenendir -diýip, Göroglynyň özi atlanyp, birki  ýarym goş-kötellere, ölülere syn edip gezdi. Bir ýere gelip görse bäş-alty sany öli biri-biriniň üstünde. «Alla, şuny adam çykaran ýaly-la» diýip, atdan düşüp, iň  üstundäki öliniň aýagyndan tutup, silkip  iberdi.   

Gözlese, iki öliniň arasynda Öwez gözüni mäş ýaly edip ýatyr.

Görogly:

— Hä, Öwez jan  bu  ýerde näme işläp ýatyrsyň?. -diýdi.

Öwez:

— Haý, aga, näme işläp ýatanymy bilmeýämiň sen?Şu  gün agamyň gaharynyň gelen günudir, jeň, günüdir, gaharyna  bir  ýerde meni öldürip taşlamasyn diýiýp,soňurrak gahary gaçanseň, öýkesi  öçensoň   bir çen bolansoň, ýanyna bararyn-da diýip, senden  gorkujygyma  bukup ýatyryn, aga! — diýdi.

— Pah, Öwez, meniň  göwnümdäkini bilýäsiň-ow!

Ýogsa onuň göwnundäkini Görogly bilip dur. Onda-da hiç zat diebilenok. Artlaşdyryp  goşa  getirip, çaý içip, çilim çekip, atlanaly diýip durkalar, Öwez janyň ýüzi-gözi tukat göründi. Görogly:

— Hä,Öwez jan, näme   ýüzi-gözüň   tukat görünýä seniň? Ýa garyndaşlaryňa duşup, ýene  meniň  elime  düşeniňe, şoňa  ýüz-gözüň tukatmy seniň? — diýdi.

Onda  seret  zaňňar  näme diýýär :

— Haý, aga, seniň zehiniň galyňlygy eşegiň palany ýaly barmyka diýýän. Men seniň nämäňe höwes? Iki  barmak gyzyl diliňe höwes. Hemme dilde, her sagatda özümi taryp etdirip, nama aýtdyrjakdym. Hiý, aýdýan namaň ýok.

Görogly:

— Pah, Öwez, senin geregiň namamy, seniň geregiň aýdymmy? Nama gerek bolsa, boýuň bilen deň ederin!— diýip, Öweze garap, bäş keleme söz aýdar gerek,

Ýusupnyň käninden, janym öýünden, Näge ynjylar sen ilden, Öwezim?!
Başyňdan gitmesin täji-döwletiň, Şitdän açylmasyn bilden, Öwezim!
. .
Bu meýdana girip söweş tutaly, Goç kelläni şalgam kimin ataly!
Gargy gulak bedew atlar tutaly, Şiwe dek açylgyn menden, Öwezim!
. .
Şiwe dek açylgyn menden, Öwezim! Men gezer men duşmanlaryň kastyýada.
Seýil ederdim ýyldyz dagyň üstünde, Şiwe dek açylgyn menden, Öwezim!
. .
Ganym görsem, şirin jandan geçer Men Mes iner  dek ak köpükler saçar men.
Gyrat münüp al howada uçar men, Şiwe dek açylgyn menden, Öwezim!
. .
Birde görsem, birde görmen ýüzüňni, Her namarda diýmes menem sözümi,
Ýusup dek jemalyň, aý dek ýüzüňni, Gün kimin äleme dolsaň, Öwezim!
Ýüzüni görenler bes geçer haldan, Zenahdan derýasy dolupdyr baldan.
Sen bir lybas geýseň zerbapdan, aldan, Men bir lybas geýsem şaldan, Öwezim!
Görogly aýdar, durman, mundan çekiliň, Guwwas bolup derýalara döküliň,
Anbar saçyň, zere biten käkiliň, Ýogdur ibrişimden, telden, Öwezim!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwez:

— Aý, aga, şular ýaly nama aýtsaň, ýüzüm açyljagow! — diýdi.

Görogly:

— Nama gerek bolsa, Öwez, bizde söz gyt däl. Öwez,indi atlanaly, göçeli — diýip, Öwez  jany esbaby  altyn-kümüş, lagly-jöwahyrdan beslenen ata mündürip, käkillerine şana urup, ýüzi-gözüne perdoz berip, sagry ädik geýdirip, şemha guşagy guşap, gunduz sopbaş,  pereňňi  mawut çäkmen geýdirip, Öweze garap, beş keleme söz aýdar gerek.

Göçe-göç eýledi göwün kerweni, Göç, Öwezim, dolanaly daglara!
Kadyr möwlam gaýdyp berdi gaşyma, Gel, Öwezim, dolanaly daglara!
. .
Garrady-garrady, göwün garrady, Goja dagda gar galmaýyn eredi.
Ança gar ýagsa-da kerwen ýöredi, Sür, Öwezim, dolanaly daglara!
. .
Goja dagyň synasynyň maly bar, Ak ýüzünde goşa-goşa haly bar,
Egremçeden basganç-basganç ýoly bar, Bas, Öwezim, dolanaly daglara!
. .
Goja dagdan inderdiler o ýagy, Gyrmyzyga boýadylar boýagy.
Altyndan tuwulga, kümuş gyýagy, Dak, Öwezim, dolanaly daglara!
Görogly aýdar, haraýlarym çatyldy, Goç kelleler şalgam kimin atyldy,
Gargy gulak dal bedewler tutuldy, Mün, Öwezim, dolanaly daglara!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Galandaryň ýurduna sürüp gaýdyberdiler. Öwez hemme ýygnyň  öňünde, ýygyň  taýak taşlam yzynda. Biri-birine pyşyrdaşyp gelýärler: «How, ileri ýörime, keýin ýöri, Öweziň  ýüzüne  çaň uramasyn!».

Sürüp Galandaryň ýurduna Töwrize gelip, Görogly aýtdy:

— Öwez, seniň ýanyňa barşymda öz bina kylyp giden şäherim bu-da. Bu ýerde bir aý dem-dynç alaýly!

Galandar Görogla özbaşyna  bir sapaly jaýy boşadyp berdi. Hyzmatyna adam berdi. Bu ýerde Öwez bilen Görogly bolubersin.

Bir gün ertir ir bilen Göroglynyň ýanyna ak sakgal baba geldi. Bir sagat gürrüňleşip oturdy. Baba;

— Haw, Görogly, men Galandar şanyň agasy bolaryn. Men seni nesihatçy, bagşy diýip eşitdim. Maňa ýeten sözlerden bir söz aýdyp berseň, onsoň,  jogap berseň, men hem gaýtsam — diýdi.

— Ýaşuly, öten söz bolup, kişi sözüni kişä aýtman. Öz bilen sözümden saňa bir söz aýdyp bereýin — diýip, Görogly Galandaryň agasyna garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Bidöwleti baga salma, Gül-bakjaňa har getirer,
Güllerinden tirebilmez, Şahasyna zor getirer.
. .
Namart haýr işigin açmaz, Muhannes şer işden gaçmaz.
Maly bolsa, iýmez-içmez, Namart ömrün hor eturer.
. .
Namart bilen ýola gitseň, Baryp bir menzile ýetseň.
Bidöwleti daýhan tutsaň, Çilim diýseň, meň getirer.
. .
Akyl-huşuň bada berme, Gamgyn göwnüň şada berme.
Gyz gardaşyň ýada berme, Düýp babaňa har getirer.
. .
Ölme-hä, Görogly, ölme. Ölinçäň özüňden galma.
Çaman münup, çaňda bolma, Şirin jana zor getirer.

Görogly bu sözi aýdandan soň, Galandaryň agasy:

— Berekella, Görogly, müň  tyllalyk nesihat boldy — diýip gaýdyberdi.

Görogly bilen Öwez bu ýerde bolubersin.

Indi habary kimden al?! Galandaryň ýurdunyň hepdelik gaýra ýanynda bir ýurt bardy. Ol ýurda Hyrya ýurdy diýip at bererdiler. Patyşasyna Öwez soltan diýerdiler. Öwez soltan Öwez bilen Göroglynyň bu ýerde bar ekenini, Öweziň hem Galandaryň galasyndadygyny eşitdi. «Görogly diýen bir türkmen Öwez diýen bir oglany-da getirip ýatanmyşyn, tarypyny aýdyip -diýip soňuna çykar ýaly dälmişin» diýen tarypyny eşitdi: «Muny elinden alyp bolmazmyka?» diýep hyýala mündi. «Şonuň gaýtjak mahalyny bilip geliň diýip, Galandaryň galasyna jansyz taşlady.

  Indi habary Göroglydan al. Bir aý, kyrk gun bolansoň, dem-dynjyny alansoň:

— How, Galandar, maňa jogap berseň, men gaýdýan - diýdi.

Galandar:

— Ýok, Görogly, entek saňa jogap ýok. Aýyň pylançasyna toýum bar. Şol toýumy görüp, ýüwrük atlarymy, göreşegen  pälwanlarymy,  bagşy-sazandalarymy,  ýagşy ýigitlerimi görüp, onsoň gaýt! — diýdi.

----------------------------------------------------------------------------------------------------------

 Hyry —häzirki Hyrat (Owganystanda).

— Nä wagt sowup, nä wagt jogap berersiň?

— Saňa aýyň on altysynda jogap bereýin.

Bu gepleriň içinde ýaňky jansyz-da bardy. Bu habarlara ýetik bolup, ol Öwez soltanyň ýanyna bardy hem:

— How, tagsyr, eliňden bir iş gelýän bolsa, onaltysy güni Görogly meýdana çykýar — diýip   habar berdi.

Habary kimden al? Galandar toý-tomaşasyny sowup, Görogly jogap alyp, atlanyp çykyp gaýdybersinler. «Görogly, seni uzadyp gaýdaýyn!» diýip, Galandaram bile gaýtdy.

Habary kimden al? Öwez soltandan. Bir serkerdesini baş edip, kyrk atlyny buýurdy muňa: «Baryň, Öwezini dessine elinden alyň! Bermejek bolup erjeşse, özünem daňyp, alyp gaýdyberiň! Men ony hyzmata gaýym, kuwwatlyrak diýip eşidýän».

Habary kimden al? Görogly Öwez bilen şäherden çykyp saýlanyberenlerinde, kyrk atly öňünden çykdy. Öwez soltanyň iberen serkerdesi köp bir akylly--pähimli wezirdi. Ýetmänkäler, Göroglyny görüp, öz atlylaryna:

— Haw, ýigitler, bu adamyň ýaman hili  bozuk görünýä. Bu bize hezil berjek däl. Muny al bilen bir gala elteli. Şol ýanda Öwez soltanyň  özi näme iş etse, şony etsin — diýdi.

Ýigitler Görogly dagynyň öňünden gapma-garşy gelip, salam berip, amanlyk-esenlik soraşdylar.

Galandar ýaňky weziri tanaýardy. Ol:

— How, wezir, habaryňy ber! — diýdi

Wezir:

— Habarym, Galandar, bizi Öwez soltan çakylykçy edip iberdi:   «Meniň toý-tomaşam bar» diýip aýtdy. Şoňa Galandary çagyr diýdi. Görogly diýen myhmany barmyşyn, Öwez diýen oglany bilen şonam alyp gelsin diýip aýtdy.

Biziň soltanymyz, ýigitlerimiz şol Öweziň husny-jemalyny bir görmäge köp arzuwda —diýdi.

Onda Galandar:

— Görogly bilýä-dä ony — diýdi/

Görogly;

-- Haý, näme, oba bäş - on gün öň barmasak, soň barjak ekenik-dä, sürüň aty! — diýdi.

Sürüp Öwez soltanyň galasyna    geldiler.    

Gelip meýhanasyna düşdüler. Öwez soltan-da çaý-çilim bedessur kyldy. Ýaňky wezir Öwez soltany ümläp, meýdana alyp çykdy.

— Haw, tagsyr,men-ä meýdanda dest bermejegini bilemden soň, şeýle-şeýle diýip bir al bilen getirdim. Galanyň içinde bir alajyny görmeseň, tagsyr!— diýdi.

Öwez soltan:     

— Näme alajyny görerkäk? — diýdi.    

— Men bilmeýän, tagsyr!    «Äkelip ber!»    diýdiň. - äkelip berdim. 

— Sen bilmeseň, men bilýän, wezir! Bulara bir aI bilen bihuş dermanyny bereli. Onsoň, Öwezi   alyp  gaçyp, Dagystana çykaly. Onsoň, Öwezi tapmen, özi gitmeýämi zaňňaryň?

Bu maslahaty edip, içeri girip, Öwez soltan Galandara:

— Haw, Galandar, bir hyzmat bar, kyn görmeseňiz—diýdi.  

Galandar:

— Hä, nä hyzmat bar? — diýdi.

—  Hyzmat şo, biziň oglanlarymyz köp bitertip, köp gödek. Göroglynyň şu ogly edep bilen bir şerap ýöretse, ondan tälim alyp, biziň oglanlarymyz hem , şerap ýörütse, niçik bolýa?

Galandar:

— Ony Görogly bilýä-dä,— diýdý;

Onda Görogly bu ýandan çykyp:

— Biz bilsek: Öwez, dessine şerap ýörüt! — diýip,

Öweze garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Görsün Hyrynyň begleri, Öwez, meý doldur, meý doldur!
Edep bilen alyp käse, Öwez, meý doldur, meý doldur!
Serinde tylla tellerden, Şekerden şirin dillerden.
Käse bergin ak gollardan, Öwez, meý doldur, meý doldur!
Seni diýip Çandybilden, Ylgar ýetdim uzak ýoldan
Kähi sagdan, kähi soldan Öwez, meý doddur, meý doldur!
Goç ýigit öz ýolun açsyn, Ganymynyň ganyn saçsyn.
Görogly mes bolup içsin, Öwez, meý doldur, meý doldur!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwez ylgap ýerinden turup, daşyndaky kemha dony çykaryp gazykda goýdy. Gunduz sopbajy gazykda goýdy. Sagyr ädigi çykaryp taşlap, bilini dartyp guşap, zerli tahýany çekgä goýup, käkilini tasadyp, ýigitlere bir hatar şerap berdi. Şerap berip bolup, Öwez gelip, jaýyn-da oturdy. Öwez soltan oglanlaryna: «Siz hem şerap ýörüdiň!» — diýdi.

Öwez soltanyň oglanlary şerap ýörütmäge aýlanyşdylar. Emma bularyň ýöreden şeraby içi bihuş dermanlydy. Içen ýykyl, içen ýykyl. Hemmesi ýykylyp galybersin.

Bular Öwezi ýatanlaryň arasyndan alyp, Dagystana garşy gidiberdiler.

Bular bu ýerde galybersin.

 Öwez soltanyň bihuş dermany uç günlük eken. Üç günden soň Görogly essine gelip, ýerinden turdy. Gözlese, gapdalynda Öwez ýok. Ýüregi dykylyp alkymyna gelip, işige garşy ýüwürdi. Işigi bäri çekse, daşyndan ildirip giden ekenler. Gaýrarak durup, Görogly bir depdi, işigi bölek-bölek etdi. Munuň şakyrdysyna Galandar tisginip oýandy.

— Haw, Görogly, ne bela boldy?

— Galandar, Öwez ýok!

— Aý, saňa bir zäher ýok,merez ýok! «Onda ol, munda bul» diýip, gezip ýörsüň. Gerekli daşyň eliňe düşüpdir, güm bolda ýurduňa, näme işiň bardy bu ýerde?

— Haýsy hem bolsa, indiki puşmanyň peýdasy ýok,Galandar! Ýör, Öwezi gözläli!

El tutuşyp daşary çykyp gidibersinler, Köçeme--köçe, çarsyma-çarsy, saraýma-saraý ýer ýykyp gözlediler. Hiç ýerde Öwez ýok. Görogly Öwezi ýitirip, haýran bolup, bäş keleme söz aýdar gerek :

Tisginip turdum ýerimden, Begler, Özez janym han-eý?
Medet dilesem pirimden, Kuwwat, Öwez janym han-eý?
. .
Atlanyp meýdan çykaly, Ganyma gyýa bakaly,
Bu galalary ýykaly, Begler, Öwez janym han-eý?
. .
Atlanyp mestan gezeli, Ganymy oka düzeli.
Bu galalary bozaly, Begler, Öwez janym han-eý?
. .
Nirde biziň Çandybiller, Açylandyr gyzyl güller.
Görogly, başyňa küller, Nirde, Öwez janym han-eý?

Gärogly bu sözi aýdansoň, Öwez soltanyň yzyny çalmaga aýlanyşdylar. Onuň, yzy galadan Dagystana çykyp gidipdir..

Galandar:

— Munuň yzy Dagystana çykyp gidipdir, birneme harç alaly! — diýdi.

Harç-harajat alyp, yzarlap gidibersinler.

Habary kimden al? Öwez soltandan. Şondan bäri bir dagyň gowagynda ýatyrdy atlysy-nökeri bilen Öwez soltan;

— Haw, ýigitler, baryň galadan habar tutun! Şol türkmen ýok bolup gidipmi ýa barmy? — diýip, uç atla buýurdy.

Olar orta ýolda Göroglynyň öňünden çykdylar. Görogly bulary tanady.

— Häý, seniň bir! Baýaky öňümden çykan kerk atlynyň üçüsi sizmi? Dessine Öwez jany tapyň! Bolmasa ganyňyzy içdim derrew!

Habary kimden al? Galandardan. Öz ýurdunyň ýakynrak adamy bolansoň, bulara dözmezlik edip:

— Haw, Görogly, munuň birini alyp galaly, biri tapar. Ikisi nirä gitse, şoňa gitsin — diýdi. Galandar olaryň birini alyp galyp, ýaňky beýleki ikisiniň gulagyna: «Bar, Öwez soltana aýt, gaçsyn bir ýaňa. Bolmasa ganyny içer bu zaňňar. Men ganyny diläp alaryn. Onsoň geläýsin!» diýip pyşyrdady.

Bu iki atly gaçan kişi bolup, şarpa-şarp gaýdyberdiler. Bularyň yzyndan bu atlyny yzyna salyp, bular-da gaýdyberdi. Galandar:

— Assarak sür, nä  wagt-da bolsa tapylar Öwez—diýýä.Galandar ol iki atly ýetsin diýip, Göroglyny birneme güýmeýär.

Habary ýaňky iki atlydan al.

 At goýup, gygyryp bardylar bärden, Öwez soltanyň ýanyna.

— Aý, Öwez soltan, ölüm saňa mübärek bolsun! Gaçar deşigiňi gözläber! Görogly, ynha, gelýä.

Öwez soltan gaçyp bir dagyň köweginde gizlendi. Onynça Görogly dagy-da bardylar bärden. Öwez han: «Wah, aga, geldiňmi?!» diýip hamsygyp aglap, bir elinde käse, bir elinde çilim, Göroglynyň öňünden çykdy. Görogly Öweziň elindäki şeraby içip, çilimini çekip, dergazap boluberdi.

— Bu Öwez soltan nirede,onuň damagyny çalyp.ganyny içmesem bolmaz!

Habary kimden al? Galandardan. Ol:

— How, Görogly, şu zaňňaryň ganam bolsa, günäsem bolsa, doganlygy berjaý etjek bolsaň, mennň üçin et! — diýdi.

Görogly:

— Hä, Galandar, doganlygy orta saldyň-da! Indýa bolmady, bar, ötdüm! — diýdi.

Galandar: «Bar, nirede bolsa gelsin!» diýip, birisine buýurdy. Ýanky adam Öwez soltanyň ýanyna gelip:

— Eý, tagsyr, söýünjimi ber, söýunjimi! Ölümden gutuldyň,  tagsyr!Galandar  ganyňy diläp  aldy.  Galandar çagyrýa — diýdi.

Pah, Öwez soltan şu ýerden boýnuna guşak salyp ugrady. Gelip, Göroglynyň aýagyna baş goýup:

— Aý, Görogly, poh iýdim, köp iýdim!.. Indi biziň gala ýamaşgandan baryp, size hezzet-hormat, sylag görkezmesem bolmaz! — diýdi.

Onda Görogly:

— Ony Öwez jan bilýä — diýdi,

Muny eşidip, Öwez:

— Haw, aga, biz bilsek: «At — ürken  ýerden, gorkan ýerden» diýendirler. Ondan bu ýanynam özüň bilýäsiň-dä! — diýdi.

Görogly:   

— Eýse, Öwez jan, indi Hyry şäherinde işimiz ýok Töwriz gideli — diýip, Öwez jana garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Goýup Hyrynyň ýurduny, ýör, Öwez, Töwriz gideli!
Aýagy sagyr mozalym, Tur, Öwez, Töwriz gideli!
. .
Arap atlar goşun-goşun, Alalyň ülkäniň daşyn,
Keseliň ýezidiň başyn, ýör, Öwez, Töwriz gideýli!
. .
Arap atlar semiz bolar, Goç ýigitler tämiz bolar.
Hyry biziň nämiz bolar, Ýör, Öwez, Töwriz gideýli!
. .
Görogly aýdar, şirin sözlim, Gunça dahan, güler ýüzlim.
Şir penjeli, laçyn gözlim, Tur, atlan, Töwriz gideýli!

Görogly bu sözi aýdyp, Öwez soltana-da «Galaň bilen özüň baý bol!» diýip, sürüp Galandaryň ýurduna gaýdybersinler. Görogly Galandaryň galasynda dem - dynç alyp: «Galandar, jogap berseň, gaýdaýyn ýurduma! diýdi. Galandar:

— Görogly, gaýtsaň-da hyzmat edýän, galsaň-da hyzmat edýän! — diýdi.

— Ýok, Galandar, men gaýdaýyn,

— Gaýtsaň, Görogly, näme gerek-ýaragyň bolsa äkit, elin. boş!

— Äkitjek zadymy özüm bilýän.

Galandaryň atlaryndan päkize bir at alyp, Öwez jany mündürip, adama bir at goşlap aldy. Bir atyň üstüne dokuz dürli tagamdan ýükletdi. Altyn jam, kümüş kepgir, çaý-temmäki, tüwi - ýag ýükleýä. Ýene bir atyň üstüne dokuz gabat çymylgandan, körpe tekýeden ýükläp, atlanyp, çykyp gaýdybersinler. Galandar Ýurduň çetine gelinçä ugradyp geldi. Görogly: «Ugradandan ýoldaş bolmaz, saňa jogap!» diýdi. Galandar allaýarlaşyp gaýdyberdi. Görogly bilen Öwez sürübersin. Görogly menzilme-menzil, salkynma-salkyn ýöreýär. Yssy düşenden, gelip bir ýere düşýär. Dokuz gabat çymylgan taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýak uja bäş tekýe taşlap:

— Öwez jan, sen şunda otur, men saňa hyzmat edeýin! — diýýä. Öwez:

— Aga, ýaşuly  hyzmat etse, aýyp bolmazmy?! —diýip, sypaýyçylyk etdi.

— Ýok. Öwez, çöl ýerde, meýdan ýerde meniň  hyzmat edenimi kim bilýä, kim duýýa? Men şu meýdanda saňa hyzmat edip humardan çykaýyn. Sen hyzmaty etjek ýeriňde etseň bolýa.

— Aý, aga, olar ýaly  maksadyň bar bolsa, hyzmat ediber!

Öwez jan çaýdan-çilimden, nahardan seýrap bolup, kellesini tekýä goýup, uka gitdi. Görogly tüňçe-käse, goş-kötelini alyp, galawut bermäýin diýip, hol, meýdanraga çykyp oturdy. Öwez jan ukusyny alyp, turan bada Görogly ýüwrüp gelip:

— Öwez jan turdunmy? — diýdi.

— Turdum, aga.

— Turan bolsaň, hemme zat taýýardyr, göwnuň näme islese aýdybergin! Gök çaý içermiň, gara çaý içermiň gant ezip içermiň, nabat ezip içermiň!

Kabla, şüle, süzme, ýahna, garaz, dokuz dürli tagam taýýar kylýa. Pah, çaý ýetik bolandan soň, nahar ýetik bolandan soň, Öwez mündi husna. Gany ýere damaýyn diýýä. Garaz, Görogly bilen Öwez jan çaý-nahardan keýplerini kökläp, atlanyp, ýola rowana boldular.Bular şeýdip sürüp gidibersinler.

Indi habary  Köseden  al. Ol bir gün:

— How, ýigitler! Görogly ölse ölendir. Ölmese-de,bu gün-erte bir ýerden çykar. Myltygyň içini-daşyny ardyp goýuň, atlary gezdirip alawaç edip  goýuň! Köýnek-yşdan bolsa ýuwup epläp  goýuň. Öwez gelen güni geýiň, bolmasa ýakasy kirlär! Öwez diýeniň tepbeti ýuka oglandyr. Göroglynyň bir bölek kirli ýigitleri bar eken diýip aýtmasyn — diýdi.

Ýene ol:

 — Öwgzi getirýän bolsa söýünjiläp geliň! — diýip, Däli Mäteli, Seýtek Gyrmany Serçemene garawul taşlap goýdy.

Öwez bilen Görogly az ýöräp, köp ýöräp, sürüp geldiler Serçemene. Däli Mätel, Seýtek Gyrma ikisi iki ýerden salam berdi.

— Waleýkim essalam! How,   ýigitler, ýurt – gala amanlykmy?        

— Ýurt-galanyň kemi ýokdur — diýip,   gala garşy basdylar ata gamçyny. At goýup, gygyryp bardylar bärden.'

Däli Mätel bilen Seýtek Gyrma at salyp baryşlaryna ýetişip bildiklerinden:

— Aý, ýigitler, söýünji how, söýünji! Görogly agam Öwez jany getirýä — diýip gygyrýalar.   

Kyrk ýigit geýnebilenini geýnip, dakynabilenini dakynyp,  şaýlanyp,  Göroglynyň öňünden  gaýdyberdiler.

Habary kimden al? Hemdem wezirden al! Öwez gelýa diýensoň, jindesi egninde, kulany başynda, betbaş kädisi goltugynda, gutusy golunda: bu hem ýöriş etdi. Kyrk ýigit öňünden gaýdyp, edýäler şowhuny, urýalar gykylygy, atýalar pagtabendi asmana garşy pöwde-pöw. Ses ýeter ýaly meýdana gelensoňlar, atdan düşüp, gol gowşuryp, Görogla salam berip durdular. Ýene atlanyp, Görogly bilen sürüberdiler.

Indi habary Hemdem wezirden al. Ol gelip, Öwez janyn, Öňünden çykyp, atyny idip, şatyr bolup gelýär.

Görogly ýigitlerine garap, «Öwez oglum    geldi diýip, bäş keleme söz aýdar gerek.

Begler, siziň arzuwlyňyz, Geldi, Öwez oglum geldi!
Asaldan şirin sözliňiz, Geldi, Öwez oglum geldi!
Jüp jyga bardyr başynda, Tylla pyçak ýanbaşynda.
Öwez on dört-on bäşinde, Geldi, Öwez oglum geldi!
. .
Alysdan arzuwyň çekip, Gözünden ganly ýaş döküp,
Laçyn kimin gyýa bakyp, Geldi, Öwez oglum geldi!

Görogly sözüni tamam etdi. Hemdem wezir Öwez janyň atyny jylawlap gelýärkä, Öweziň aty kürümläp gidip, basýa ýeňsesinden, şonda-da Öwezden gözüni aýranok.

Indi habary Köseden al. Urdy Bozdumana gamçyny. Hemmeden öňinçä ozup gelip, meýhanany syryp-süpürip agyr haly-palaslary düşäp, tekjelerde akly-gyzyl almany hatarma-hatar goýuşdyryp, petiklere ysly güllerden gysdyryp, ody belentden galap, tüňçeleri dury suwdan dolduryp, çäýnekleri çaýkap, çilimiň suwuny täzeläp, hemmesini bedessur edip goýdy.

Görogly Öwezi alyp gelenden soň, Agaýunus peri Öwez jany Gyratyň syrtyndan alyp, bagryna basyp, tylla desseli gazma sazyny ak synanyň üstünde goýup, Öweze gözläp, bäş keleme sözi aýdar boldy, gör-bak, näme diýýä?!

Sadagaň gideýin, ýeke perzendim, Mülkümiň eýesi, oglum, geldiňmi?!
Senden başga ýokdur meniň perzendim, Başymyň eýesi, balam, geldiňmi?!
. .
Apaňy, siňliňi ähtibar eýläp, Kyrk gün boldy didaryňa zar eýläp.
Aglamakdan iki gözüm kör eýläp, Ilimiň eýesi, oglum, geldiňmi?!
. .
Aglaý-aglaý ýollaryňa bakdym men, Şirin janym hijr oduna ýakdym men,
Elmydama gözde ýaşym dökdüm men, Malymyň eýesi, oglum, geldiňmi?!
Agaýunus aýdar, eşit sözümi, Zagpyran dek saraltmagyn ýüzüňi.
Totyýa eýlärin basan yzyňy,, Ýurdumyň eýesi, balam, geldiňmi?!

Agaýunus peri sözüni tamam etdi. Öwez jany han göter edip, meýhananyň agzyna eltip düşürdiler. Öwez ätläp içerik girdi-de«Jaýyn-da bir kişilik salam haky bolarmyş diýýädiler — diýip, meýhana edep bilen salam berdi, Hemme ýigitler girip, jaýly-jaýyna döwür gurap oturdylar. Agaýunus ýakasyny ýyrtyp: «Kyýamatlyk oglum bol!» diýip, Öwez jany üç kerem ýakasyndan goýberip, eteginden çykardy.

Bir meýdan oturansoň, Öwez yrgyp turdy ýerinden Sagry ädigi, gunduz sopbaşy, kemha donuny çykaryp, zer suwy berlen käkilini ýeňsä taşlap, zerli tahýany çekgeräge goýup, ýigitlere bir hatar çilim ýörüdip başlady. Galyň essi düzüw ýigitler Öwez jandan çilim çekýär. Hemme ýigitler Öwez janyň elinden birlaý çaý içip, çilim çekensoň, Görogly sazyny goluna alyp: «Haw, ýigitler, Öwez janyn elinden gaýgysyz şerap içeweriň» diýip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Döwür guraň, begler, şerap içeliň, Begler, şerap içiň Öwez golundan!
Bu gün mes boluban, serden geçeliň, Begler, şerap içiň Öwez golundan!
Şirin şerbetinden mähir gandyryň, Duşman görse, ýüregini ýandyryň.
Şa eýledip, altyn tagta mundüriň, Begler, şerap içiň Öwez golundan!
. .
Döwür gurap jaýma-jaýda oturyň, Altyndan çilä-çil ediň şatyryň.
Öwez hana arap atlar getiriň, Begler, şerap içiň Öwez golundan!
Ýigitler, ömrüňiz bolsun zyýada, Gol gowşuryp, hyzmat edip pyýada.
Görogly beg ýetdi maksat-myrada, Begler, şerap içiň Öwez golundan!

Görogly bu sözi aýdandan soň hemme ýigitler turup:

— Aý,Görogly  aga, bizi sat-da iýiber  imdi!  —.diýip, gulluk aýtdylar.

— Ýigitler, sizi satyp, sizden gowy ýigit tapýanmy men?

Ýigitler  maksada ýetdiler. Hemdem wezirem jedelini bitirip, Öwez jany getirdip, maksadyna ýetdi. Ahyrda Öwez:

— Aga, meniň ugruma çykanyň bir ýyl dagy bolan bolmaga çemeli. Agaýunus  enemiň ýanyna  gitseň, bir pursat wagtyhoşçulyk etseň. — diýdi.

Görogly hem:

— Pah, Öwez  jan!   Meniň  göwnümdäkini  bilýäsiň-ow! — diýdi-de, çykyp, haremhanasyna garşy gaýdyberdi.

Ol haremhana gelip, Agaýunus bilen dokuz gat çymylgany taşlap, baş uja dokuz tekýe, aýak uja-da bäş tekýe taşlap ýatybersinler.

Bu bezmi-ystyrahat bäş-üç günden uzaga çekmedi. Sebäbi:

— Görogly Öwez diýen gerçek bir oglany özüne kyýamatlyk ogul edinmek üçin Weýeňňam şäherinden alyp gelipdir  diýip,Çandybiliň  il-ulusynyň oglandan-ula, aýaldan-erkege — ählisi  ýygnandy,Agaýunus peri, onun Gülşirin kenizi hem beýleki gelin-gyzlar bilen görme-görşe gelip, meýhana girip, salam berdiler.

Görogly beg ýygyn guran Çandybil halkyna hem Öweze ýüzlenip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Etrapymda ýygyn guran halaýyk, Maňa özge perzent, merdan gerekmez!
Öwez oglum Çandybile ylaýyk, Onsuz maňa menzil-mekan gerekmez!
. .
Enşalla, Öwez han, jaýyň jennetdir, Tamam halkym Muhammede ymmatdyr,
Seniň her bir sözüň jana minnetdir, Senden özge rahaty-jan gerekmez!
. .
Alladan dilärdim säher çagynda, Köp ahyny çekdim ýyldyz dagynda.
Hüýrler seýran eder jennet bagynda, Sensiz maňa bagy-bossan gerekmez!
. .
Görogly diýr, şükür, sen bolduň şahym, Agyr gijelerde köp çeken ahym,
Saňa berdim maly-mülküm bargähim Indi maňa tagty. döwran gerekmez!

Görogly sözüni tamam edenden son, Agaýunus peri!

— Eý, Öwez jan, Görogly saňa tamam mal-mülküni berdi, indi sen bize ýürek bilen kyýamatlyk perzent bolýamyň ýa-da ýene öz şahyňyň goluna gaýdyp düşseň, oňa dönermiň?! — diýdi.

Onda Öwez:

— Men ýürekden siziň kyýamatlyk  ogluňyz  boldum, ýeke Weýeňňamyň şasy Ýusup şa gelmesin, eger Huňkar soltan ähli goşunlaryny ýygnap, agyr sülsat çekip gelse-de, indi men dönmen «— diýdi.

Agaýunus;

— Gury söze ynanmak kyn, eger sen şu sözüňi ýürekden  aýdýan bolsan,Çandybiliň ahli halkynyň önünde eliňe saz al-da, Görogly agaňa wada berip, söz aýt! — diýip, eline sazy berdi. Öwez sazy eline alyp,Görogly agasyna wada    berip, bäş keleme   söz aýdar boldy.

Men şalaryň döwletine söýenmen, Müň para kylsa-da, gaýtman ýolumdan,
Täji-tagty, emlägine guwanman, Şahym oda ýaksa, gaýtman ýolumdan.
. .
Meni Ybraýym dek ýaksalar nara1, Mansur kimin meni çekseler dara.
Şa eýlese ystyhanym2 müň para, Şahym oda ýaksa, gaýtman ýolumdan!
Öwez diýr, ýürekden berdim sözümi, Kyýamatlyk ogul etdim özümi.
Şa-hanlara men öwürmen ýüzümi, Şahym oda ýaksa, dönmen ýolumdan!

Öwez sözüni tamam etdi. Agaýunus peri!

— Berekella, jan Öwezim, ýürekden wada berdiň!— diýip, arkasyna kakdy. Kellesine tylla jyga öturtdy. Kellesine tylla jyga geýdirenlerinden soň, Öwez öňküsinden hem on esse dogumlandy, ýetişdi, Halklar!

-----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 'Nar — ot.

2 Ystyhan — sünk.

— Görogly özüne mynasyp o!-ul tapypdyr! — diýip, haýran galdylar. Agaýunus Öwez oglunyň, kaddy-kamatyna guwanyp, goluna saz alyp, bäş keleme söz aýdar boldy;

Tarypyň edeýin, oglum, Öwez jan, Bu gün Çandybilde döwran seniňdir!
Üç ýüz altmyş öwlüýä-piriň, Öwez jan, eleýiňde1 hemme döwran seniňdir,
. .
Söhbetiňde göýendeler2 etilsin, Her tagamňa sansyz şerbet gatylsyn.
Bäş ýüz bedew bir teblede çatylsyn, Her haýsyna bir seýisban seniňdir.
. .
Adamlaryň daşyñ alyp sözlesin, Awçylaryň jeren yzyn yzlasyň,
Ner-maýalar dag-düzüňde bozlasyn, Aýagy çarykly sarwan3 seniňdir.
Ýüzüň görki gözelleri şat eder, Şugla berseň, Aýy, Güni mat eder.
Görmegenler görsem diýip ýat eder, Ser howuzly keşki-eýwan seniňdir.
. .
Abat boldy Çandybiliň jaýlary, Şat bolandyr garyplary, baýlary,
Peýkam oky bilen sary ýaýlary, Pereňistan, Rum, Yspyhan seniňdir.
. .
Agagonus diýer, haky ýat edem, Seni görüp, gamly göwnüm şat edem
Tä ölinçä hak ýoluňda at edem, Dogagöýüň, piri-işan seniýdir.

Agaýunus sözüni tamam etdi. Çandybil halky şatlanyp, uly toý enjamyny tutdular. Bagşylar, sazandalar ýygnandylar. Görogly beg şatlanyp, uly ýygynyň öňünde bäş keleme söz aýdar boldy:

------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1          Jelu — en,, ötsde, žylaw.

2          Göende—gürrüňçi, şahyr, aýdyjy, dilewar.

3       Sarwan — düe çopany

Seýran edip gezsen Çandybilleri, Edepli-ekramly, oglum, Öwez jan!
Gelişiň şat etdi biziň illeri, Döwran seniňkidir, oglum, Öwez jan!
. .
Bahar bolup, barça umman joşanda, Kyrk ýigidim bilen dagdan aşaňda.
Pirler medet berer gylyçlaşaňda, Balkan degresinde iliň, Öwez jan!
. .
u gün men bolaýyn boýuňa bende, Köňlümiň aramy, hoşgähi sende.
Sen deý ýigit bolmaz Rum, Yspyhanda, Sen-sen kyýamatlyk oglum, Öwez
. .
Almaz gyljyňy bagla biline, Hakyň senasyny getir diliňe.
Ylgar ýetgin Hünkär soltan iline, Enşalla, açykdyr ýoluň, Öwez jan!
. .
Şeýle eserlidir Çandybil ýurdy, Indi sen bolarsyň Çandybil gurdy.
Bu gün bolduň Göroglynyň şägirdi, Sen-sen meniň söwer oglum, Öwez jan!

Görogly beg sözüni tamay etdi. Çandybil halky uç günläp toý-tomaşa edip, at çapdyryp, baýrak berip, uly şatlyk bilen maksat-myrada ýetdi.

Her kişi-de şular ýaly iş bitirip, maksad-muradyna ýetsin!