ÖWEZIŇ HALAS EDILIŞI

 

habary kimden al? Göroglydan al.

Ol Öwez jany Weýeňňamdan Çardagly Çandybile getirdi. Bir aý, kyrk gün geçenden soň, Öwez bitap bolup keselledi. Keselläniniň, sebäbi: içýän suwy başga, ösýän şemal başga, garaz, ol bu ýerde kän erlemedi.

Bu  kesellänsoň:   «Meýhanada  gelen-gideniň  ýanynda ýatmasyn» diýip, Görogly Öwezi haremhana—Agaýunusyň ýanyna äkitdi. Görogly:

— Eý, Agagonus, o  ýanda  gelen-gideniň  ýanynda  ýatmasyn, bak-bejer, gözle! — diýdi.

Öwez bu ýerde ýatybersin.

Habary kimden al? Kyrk ýigitden. Bir aý, kyrk günläp Öwez  janyň çaýny, çilimine, bezmine öwrenen kyrklar kanagat edip, oturyp bilmediler.

Köse aýtdy:

— Haw, ýigitler, şu Göroglynyň edip ýören işini bilýämisiňiz?

Olar:

— Ýok, bilemzok — diýdiler.

Onda Köse:

— Siz bilmeseňiz, biz bilýäs, ýigitler! Öwez kesel bolma näme işleýä, zat näme işleýä, öwez janyň bize çaý-çilim berenine bahylçylyk edip, ýalandan Kesel diýen bolup, haremhanasyna  perizadynyň ýanyna eltdi, bu zaňňar. Haw, ýigitler, Göroglynyň. atlysy bolamyzsoň, nökeri bolamyzsoň, nirä    barsak, sözümiz gaýtarylmaýa, diýenimiz bitýä. Şu Görogly tapylan ogul bize tapylmazmyka? — diýensoň, kyrk ýigit ýigrimiden, ýigrimdenden iki bölündiler.

Bir ýigriminiň başy Köse, bir ýigriminiň başy Bedrüstem. Köse ýigrimi ýigide baş bolup, osmanly Japar patyşa arz etdi.

— How, tagsyr,  Göroglynyň kyrk gije-gündiz toý-tomaşasy bar. Şona  aýdyjy, çaljy,  pakize iki sany oglan berip goýbersin diýip aýtdy saňa.

Göroglynyň atlysy bolansoň, sözi gaýtaryljakmy Munuň?

Japar patyşa:

— Bar, galany gez-de, özüň halap,özüň äkit? — diýdi.

Patyşa jogap berensoň, munup galasyny gezip, Köse dagy Mirim hem Gammar diýen iki oglany alyp gaýtdylar.

Köse bulary getirenden soň: «Görogla, Kösä tapylan oglan bize-de tapylmazmyka?» diýip,, Bedrüstem bilen Handan batyr ikisem ýigrimi ýigit bilen gitdiler Japar patyşanyň galasyna baka. Baryp, bularam arz etdiler. Patyşa bulara-da: «Bar, özüniň halap, özüniň äkidiň» diýdi. Bular-da gala gezip, Baly dien, Süýji dien oglanlary alyp gaýtdylar-

Dört oglan getirip, Köse zaňňar meýhana syganok-da. Göýä ýeke öýliniň horazy ýaly gabarylyp ýer zaňňar.

Görogly ýokka, Köse oglanlara:

—Görogly gelip otursa, çaý diýse, kesäni uzadyp, eliňizden gaçyran kişi bolup,ýere taşlaň,çilim diýse-de, ýetmänkä, orta ýoldan ýere taşlaň! — diýip öwredýär.

Günlerin birinde bularyň goşuna Göregla geldi; Ol:

— Haý, ogullar, bize bir käse çaý berseňiz-le! —diýýä. Oglanlaryň birk: «Baş üstüne!» diýip, uzadan käsesini Göroglynyň eline ýetmänkä, ýere taşlaýar. Aý, garaz, Görogla azar berýäler-dä.

Köse:

— Görogly, meýhana gelip, haremhana baryp, iki arada gatnap, azara galyp ýörme. Sen şol ýanda Öwez janyň bilen, Agaýunusyň bilen boluber! — diýýär.

Aý, garaz, bu ýere gelse, Öwez jan iňläp ýatyr, o ýere barsa, kyrklar azar berýä.

Bir aý ýatdy, Öwez jan ýagşy bolmaga aýlanyşdy, iki aý ötdi, öňküsinden gowy boldy. Agaýunus peri ýene bir aýlap ony ýanynda bakyp-bejerdi. Bir gün käkillerine şana urup, gunduz sopbaş, pereňi mawut çäkmen geýdirip, sagry ädigi geýdirip, Öwez jany şaýlap, Görogly bilen goşup, meýhana garşy ugratdy. Gelip Görogly mütdekäniň gapdalyna geçip oturdy. Öwez jan bolsa onuň sag gapdalynda oturdy.

Kyrklar gözüniň teýi bilen esewan etseler, pah, önki Öwezem Öwezmi. Aty arykladyp, der alyp, täze-den eýer çeken ýaly. Öwez jany görmäge göz gerek. Başga gep-söz bolmandan soň, Görogly Kösäniň özüne, oglanlaryna degip, henek edip, bäş keleme söz aýdar gerek!

Möwlam meni ýola saldy Aly bilen, Weli bilen.
Açlar doýup, teşne gandy, Sahylaryň goly bilen.
. .
Gel, sag tarapymda otur, Ölemsoň, tabydym göter
Öwez janym, maza ýetir, Bir pyýala doly bilen!
. .
Keteni köýnek biçdireliň, Ýakasyn çäk açdyralyň,
Getiriň, deňeşdireliň, Biziň Öwez jany bilen.
. .
Owazym gezer illerde Gyratym gezer çöllerde,
Gezerdim Çandybillerde, On üç, on dört saly
. .
Geliň, begler, meý içeliň, Bir zaman köňül açalyň,
Ganym kowup, ýol geçeliň, Gadym türkmen ýoly bilen!
. .
Göroglynyň alysyny, Doldur, ber pyýalasyny,
Külli türkmen balasyny Men söýer men ili bilen!

Bu sözi aýdan soň, Köse onuň özüne degip aýdýanyny bildi. Ol:

— Hä, zaňňar Görogly! Sen bize degip aýdýasyň-la. Haw, Görogly, sen özüň hiç zady bilmeýsiň? — diýdi.

Onda Görogly:

— Hä, o niçik bilmeýämişim?! — diýip, oňa sowal berdi.

— Seniň bilmeýäniň, Görogly, biz köp ýigit, seniň meýhanaňa  gelen  bolýa,  giden  bolýa, Öwez janyň  bir özüne çaý-çilim bermek, hyzmat etmek agyr bolýa diýip, getirdim bu oglanlary.

Onda Görogly:

— Hä, beýle bolsa, bolýa, Köse, bu biziň bähbidimize — diýdi.

Şundan soň, Görogly Öwez, Mirim, Gammar, Baly, Süýji — bäş oglan hem kyrk ýigidi bilen dünýäniň eşretini söýüp, mes bolup gezibersin.

Munuň dabarasy dag aşyp, Hüňkär patyşa baryp ýetdi. Ol Öwezi Göroglynyň elinden almak hyýalyna düşdi. Hünkäriň her bir ýurt bilen uruşjak bolsa, bir iş tutjak bolsa, öninçä iberýän jansyzy bardy. 0-da bir garry baba bolup, ýüz müň çarşenbäni başyndan geçiren aýýardy. Hüňkär ýaňky aýýary ýanyna çagyryp:

— Haw,  aýýar, Göroglynyň galasyna  baryp  gaýt.Pesini-beýigini, ýasyny-ýagdaýyny, nähilidigini bilip Gaýt. Özüňem ýolda egleneniň bir hepde, baryp, ol ýerde bolanyň bir hepde, geleniň — bir hepde bolsun, garaz, jemi üç hepdede baryp gaýt! — dnýdi.

«Ýagşy» diýip, aýýar patyşadan jogap alyp, gaýdybersin. ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy.

Aýýar baba az ýöräp, köp ýöräp, ahyr bir gün Çardagly Çandybile gelip ýetdi. Ol Göroglynyň meýhanasyny salgy alyp, bir gün gelip, daş işikden salam berip gitdi. Soňraky güni içerik girip, iç işikde çilim çekip gitdi, ýene bir gün gelil, bir çäýnek çaý içip gitdi. Ondan soňraky güni gelende, pah, ýüz müň ,synagdan geçen, ýüz müň çarşenbäni başyndan geçiren aýýar özüňe belli — ugruny tapyp, kyrk ýigit bilen, bäş oglan bilen gepi-sözi alyşdy ötägitdi zaňňaryň. Bu garry baba gelensoň, Göroglynyň meýhanasy öňküden gyzykly, ýaraşykly ýaly boldy.

Aksakgal halky oglanlar üçin degişmäge oňaýly bolýa. Bäş oglanyň güýmenjesi şu aksakgal baba boldy. Bu oglanlar bu babaly agdarýalar, düňderýäler. Agzyndan hopbak alýalar, kellesinden, kepderi uçurýalar. Bu hem muňa hezil edip, gezip ýör.

Bu wagtyhoşluk bilen bu bezm bilen aýýar, zaňňaryň, günüň ötenini hem bilenok.

Bir gün meýdandan gelýädi. Şonda ol:

— Alla janym, meniň şu ýere gelenime niçe gün bolduka? — diýip, gelenini hasaplap gördi. Hasaplasa, Göroglynyň  meýhanasyna  gelenine  üç aý bolupdyr, «O how, patyşa maňa: «Üç hepdede aýlanyp gel diýipdy-ow. Meň gelenime üç aý bolan akeni. Her zadam bolsa, patyşa baryp, haba -rymy bir bereýin. Patyşa şu Öwez jany aldyrmagyň hötdesiwden gelse-hä. geleni,ony aldyrmak elinden gelmese, men öz dienimi edýän:

aga-inim bilen, hiç kim, diýenimi etmese-de, bala-çagam bilen şu ýere göçüp gaýdýan» diýip, oý-pikir etdi.        •'

Bir gün ýanky garry baba Göroglynyň meýhanasyndan zym uçan ýaly gaýyp boldy. Bardy Hüňkäriň gaşyna. Salam berip durdy. Hünkär- aýtdy:

— Haý, zaňnar aýýar men saňa «Üç hepdeden aýlanyp gel» diýipdim. Gideniňe üç aý-dört aý boldy.gepiňi tapyp geplemeseň, başaşak ýere gömüp, aýagyňa baglaryn!

— Haw, tagsyr atyňy-da bilmen, eşegiňi-de! Men Çandybil diýlen ýurda bardym.Onsoň,Göroglynyň meýhanasyna bardym.Göroglynyň meýhana –synda kyrk ýigidi bar, bäş ogdany bar, bäş oglanyň içinde Öwez diýen oglan bar, Allatagala işsiz güni, nurundan ýasap, dikine şol meýhana sallapdyr. Sen şu ýerde dünýäniň, eşretini sürýän diýip oturan ekeniň. Seniň kimin iýip-içip oturan patyşa köp ekeni ýalançyda. Bir gün ömrüň ötse-de, şonuň ýanynda ötsün, ýarym gün ömrüň ötse-de, şonuň ýanynda ötsün. Bir demiňi alyp ölseň-de, şonuň ýanynda öl. Senin, bilen indi gep edişip oturmaýyn. Şol Öwezi şu ýerik getirme eliňden gelse-hä geleni, gelmese-de, diýenimi edýän aga-inim, hiç kim diýenimi etmese, bala-çagam bilen özüm Göçüp gidýän şol ýurda. Gepiň gysgasy, tagsyr, şol!

Pah, Hüňkäriň öňküden beter görübilmezçiligi artyp, galasyna jar baryny çekdiriberdi:

— Her kim Geroglynyň Öwezini getirip berse, häzir bäş ýüz tümen tylla berýän, gaýdyp gelende bolsa,

bir ýap boýuna mirap edýän, ýigrim bäş ýaşynda ýetişip oturan gyzym bar, muny hem nika gyýyp berýän!

Bu galada Mustapa diýen bir serkerde bardy, lakamy bilen gaýry Mustapa diýip at berýärdiler. Gaýry Mustapa geldi Hünkäriň gaşyna:

— Haw, tagsyr, halan goşunymdan bir lek goşun berseň, şu hyzmatyňyzy biz bitirýäs!

Patyşa hem:

— Bar, sap ygtyýar: özüň goşun jemläp, -özüň al ! — diýidi.

Mustapa dergazap bolup, bu galada goşun jemlemäge aýlanyşdy. Jemleýän goşuny şulardan ybarat: bir müňi seýrigöý, bir müňi žadygeý, bir müňi aýýar, bir müňi häzirbaş, bir müňi wakybaş, müň top, müň şemhal, müň jazaýyr, müň zemmirek.

Bu goşun bilen Mustapa Çardagly Çandybile ýöiş  etdi.

Çandybiliň kyblasynda Mejnun dagy bardy. Mustapa bir lek goşun bilen şol dagyň teýinde goş taşlady. Çadyr-çemeni dikip, goş-ketelini taşlap, göwnüni bire baglap, müň top, müň şemhal, jazaýry, zemmiregi bir boşadyp goýberdi — Göroglynyň meýhanasy sarsyp gitdi.

Bularam top owazyny eşitdi. Görogly:

 — How, Köse, bir ýerden top owazy gelýä-le, biziň bilen bir azan duşman uruşmaga gelipmikä diýýän!—diýdi.

Meýhananyň keýpi-sapasyna, çaý-temmäkinin mesligine göterilen ýigitler: «Atlan-ha, atlan!» boluberdiler. Şol yňdarylyp baryşlaryna Görogly:

— Haw, ýigitler, top owazy .ýaman ýakyndan gelmäge aýlanyşdy-la! Daglar gümmürlenýä-le — diýip, kyrk ýigidine garap, bäş keleme söz aýdar boldy.

Goçlarym, häzir boluňlar! Daglar gummür-gümmürlendi
Ýetip, derbendi alyňlar! Daglar güymür-gümmürlendi,
. .
Ok atylar galasyndan, Hak saklasyn belasyndan,
Goç ýigidiň nalasyndan Daglar gümmür-gümmürlendi.
. .
Kimler belaga çatylar, Kim gaçar, kimler ýetiler,
At deminden gün tutular, Daglar gummür-gümmurlendi.
. .
Söweş ýagmyry ýaganda, Melewşe boýnun egende,
Gylyç galkana degende, Galkan gummür-gümmürlendi.
. .
Bedew harlap, dag aşanda, Ýetip, ganyma duşanda,
Beglerim esräp, joşanda, Daglar gummür-gümmürlendi.
. .
Şerapdan içip, gananda, Duşman ýüregi ýananda,
Görogly Gyrat münende, Ýollar gümmür-gümmürlendi.

Soňra ýagynyň üstüne ugramakçy bolup durkalar, Gülşirin hem ýigitlere garap, bäş keleme söz aýtmaga durdy.

Garşymyzdan ganym geldi Begler, bu nä duman boldy?
Gözum ganly ýaşa doldy, Begler, bu nä duman boldy?
. .
Bu dumana barylmady, Baryp habar alynmady
Üstümizden aýrylmady, Iller, bu nä duman boldy?
. .
Bu dumanyň çasty bardyr, Ýanynyň, bir dosty bardyr,
Ýalňyzymda kasty bardyr, Begler, bu nä duman boldy?
. .
Duman öwrülmez serinden, Medet diläýin pirlerden,
Aga jan, turgun ýeriňden! Begler, bu nä duman boldy?
. .
Gülşirin diýer ozaly, Belli, kysmatda ýazaly,
Bu jebre neneň dözeli? Iller, bu nä duman boldy?

— diýip, sözüni aýaklamanka, Däli Mätel, Seýtek Gyrma dagy dagyň derbendinden at gamçylap, bulara garşy geliberdiler.-

— A-how! Görogly aga, kybladan bir goşun gelipdir welin, murda-malahda, çöpde-çörde san bar, onda san ýok — diýdiler.

Ine, onsoň, Görogly dagy at gamçylap, dag üstüne çyksalar, Mustapa beg gurupdyr akly-gyzyl çadyry, ok atsaň, ýere düşjek däl.

Mustapa-da Görogly dagyny gördi. Ol atlanyp, sülsadyna bir hatar aýlanyp çykdy. Soňra:

— Haw, ýigitler. Görogly kyrk ýigidi, Öwez jany bilen geldi. Dogagöýler doga bilen boluň, jadygöýler jady bilen boluň, kementbazlar kementbazlyk bilen boluň, häzirbaş, wakybaş, sizem öz işiňiz bilen boluň! — diýip, baryna buýruk berip çykdy.

Indi habary Göroglydan al. Ol dag üstünde ýigitleri bilen toplanyp durşuna:

— Haw, Köse, Gyrat aýagymyň teýinde, düýrme gylyç bilimizde, syrly naýza golumyzda, duşman alnymyzdaka   näme işläp   durus?!—diýdi. Soňra-da:   «Urşuň geňeşi bolmaz» diýdi-de, kyrklara baş bolup, «Alla'!» diýip gygyryp, at goýdular duşmanyň üstüne. Olar gelip, bir meýdan naýzalaşyp, gylyçlaşyp uruşdylar, Şol barmana Öwez janyn boýnuna jup kement düşdi, Göroglynyň boýnuna-da jüp kement düşdi.

Görogly kuwwatly pyýada bolandan soň, zarbyna kemendi üzüp, alyp ötägitdi. Öwez jan welin, kemende düşüp, çolaşyp galyberdi.

- Görogly gaňrylyp garasa, Öwez jan kemende düşüp galypdyr. Gyraty zarply debsedi. Ömründe ýykylyp--sürüşmeýän at şu gezek maňlaýyny ýere berip, süs-senekläp galdy. Naýza howala kylaýyn diýse, naýza-da goly ysmady, ol barmana gözem ýer görmedi. Bu bolşa haýran galyp, Görogly Sapar Kösä ýüzlenip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Sapar aga, ne maslahat?! Bu gün uruş ýaman boldy.
On iki mün ýygyn ýetdi, Gutulmagmyz güman boldy.
. .
Öwez janym gola düşdi, Kyrk ýigidiň akly çaşdy,
Sapar Mährem gylyçlaşdy, Aga, bu nä duman boldy?
. .
Büdredi, atym ýykyldy, Naýza naýzaga kakyldy,
At deminden gün tutuldy, Bu gün ahyrzaman boldy.
. .
Görogly aýdar, pirim Aly, Gerek imes dünýä maly,
Şahymerdan Hezret Aly, Bu gün ahyrzamaga boldy.

Elgaraz, bu sözi aýdansoň, Görogly:

— Alla, meniň işim kejine bold-ow,   «Guşuňy awlanda sal!» diýenleri» diýip, saýlanyp çykdy bu ýana.

Soňra esewan etse, kyrk ýigidi bir ýan çetde haýran bolup dur. Onynça, duşmanlar gerekli daşy eline düşensoň, dessine Öwez jany orta alyp, garasar uçan ýaly, gürläp ötägitdiler.

Bular haýran bolup galyberdiler;

Görogly:     

-- Alla, Köse, bu niçik waka boldy?! — Diýidi.

— Biz-ä bilmedik, Görogly. Duşmanlar bize doga etdimi, jady etdimi, garaz, bir bela-ha boldy...

— Köse, munuň dogasy-da şol, jadysy-da: atlanyp çykanymyzda, Şiri-huda piri ýada salman çykypdyrys, şonuň üçin bolan işlerdir bu. Haw, Köse, indi munuň geňeşini ber!

— Aý, geňeşi näme, Görogly, gala gaýdaly! Çaý alaly, temmäki alaly, harajat alaly. Onsoa, yzyndan gidibereris-dä.

— Köse, ondan geňeş bolmaz. Oba barsak, «Oba töri agyr» diýenleri, syrtymyz ýerden galmaz, Köse!

— Oba barmasaňam-a, işi oňup barýan alamanyň gapdalyndan çykyp, abraý almak gaty kyndyr.

— Köse, munuň  gapdalyndan  çykmaly, yzyndanam galmaly, yzyny alaly-da gidibereli! Mustapa beg

Öwez jany Hüňkäre eltip berer. Ol oňa: Öwez jan, maňa çaý-çilim ber, hyzmat et!» diýip aýdar. Meniň bakyp-bejeren oglanym bolsa, Hüňkäre hyzmat etmez. Onsoň, diýenini etmänsoň, urar, söger, hiç diýenini etmänsoň bolsa, öldürmek üçin dar teýine alyp çykar,

şoňa bir etişebilsek bolýa. Heý, daryň teýinden alyp çykyp bolmazmyka? — diýip, Görogly gözüni ýumanda, gözünden ýaş paýrap ötägitdi. Soňra ol: «Köss, şundan gowy maslahat ýok!» diýip, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek:

Garşymyzdan ganym geldi, Bize kement düşdi bu gün.
Öwez jan kapyra gitdi, Akyl-huşum çaşdy bu gün...
. .
Büdredi atym, ýykyldy, Naýza-naýzaga kakyldy,
Gözümden ýaşym döküldi. Jeýhun derýa daşdy bu gün!
. .
Kyrklarym, derwezä baryň, Gala birin-birin giriň,
Ýetip, Öwez jany görüň, Dar teýine düşdi bu gün!
Daryň teýine baraýyn, Nesibe nedir, göreýin,
Görogly, gylyç uraýyn, Kapyr hetden aşdy bu gün!

Bu sözi aýdyp, ýygyň yzyny alyp, bular-da gidibersin. Şol baryşlaryna pylança gün ýol ýörediler. Hüňkäriň galasyna bir günlük ýol galdy diýlende, bu ýygynyň yzy kelterägede bir galanyň, arka derwezesinden girdi. Görogly dagy galanyň günbatar ýüzünden aýlanyp, kyblasyna geçip, yz kesdiler, görseler, ýygyn kybla derwezeden çykyp, ýene aňry gidipdir.

Bu gala Buldur galasy diýýän  ekenler. Bu ýerde kyrk atly nöker bar ekeni, bulara Buldur begleri diýer ekenler.   Hüňkär muny   uly galanya ýeňse  ýanynda birhili garawul terzi edip goýan ekeni. Mustapa-da şu ýerde bir düşläp, geçip giden ekeni.

Görogly aýtdy:

— Haw, Köse, şu galadan bir habar alaly, näme gep, näme söz barka!

Şeýdip, bular galanyň kybla derwezesinden geldiler. Görseler, derweze içinden baglanypdyr. Derwezäniň daşyndan: «Habarlaşýan kişi barmy?!» diýip gygyrdylar.

Bir adam daşary çykdy. Ol:

— Näme habar gerek? — diýip sorady.

Bular:

— Ispyhana barýas, at tutsaňyz, çaý içip, çilim çekip geçjek — diýdiler. Onda ýanky:

— Içimizde begimiz bar, şoňa geňeşip göreýin — diýdi.

— Bar, geneşip gel! — diýdiler.

Ýanky gelip, begine:

— Haw, begim, otuz-kyrk atly: «At tutsaňyz, atdan düşüp, çaý içip, çilim çekip, saýalap geçjek»diýip aýdýar, näme jogap bereli olara? — diýdi.

Beg:

— Näme jogap gerek olara? Özün bilmeýämiň nä-

me?! Eger aralarynda aýdyjy-çalyjy oglanlary bolsa-ha düşsünler, bolmasa   derrew göterilsinler    zaňňarlar! — diýdi.

Onsoň, ol adam gelip, şeýle diýdi: — Haw, ýigitler, goşuňyzda aýdym-sazçy oglan bolsa-ha, düşýäsiňiz, bolmasa-da,ýoluňyza   gidibermeli!

Olaryň goşunda Mirim, Gammar, Bal, Süýji—dört oglan bar. Olaryn, aýdym-sazdan başy çykman durmy ýäme?! Onsoň kyrklar:

— Pah, geregiň aýdym-saz bolsa, ony oňarýan oglan bizde näçe diýseň bar! Açyber derwezäni arkaýyn! — diýdiler.

Derwezäni açdyryp, «Seýishanada atlary baglaly» diýip gelseler, kyrk at eýerli, gantarylgy dur. Olaryň keçesinem syrtyna bökderip, atlaryň guýrugyna çenli düwüp,, taýýarlap goýupdyrlar.

Bular-da atyny baglap görkezilen tarapa ýöneldiler. Görogly Kösäni ümläp, bir ýana sowdy-da:

— Köse, şu atlary görýämiň, bular derrew bir ýaňa atlanjak bolara çemeli. Gözüňiz, gulagьщyz mende bolsun, menden başgaň asla geplemän. Şiri-huda pir ýar bolsa, şu galada jandar gutarman, almak alajyny edeliň! — diýdi.

Howzuň boýuna gelseler, kyrk sany Buldur begi ýapynjany taşlap, güderi küpjäni tirsegine taşlap, ýaglyk bilen ýüzlerini sypalaşyp otyrlar. Bulara-da bir tarapdan keçe taşlap, özbaşlaryna çaý berdiler, çilim berdiler. Ýaňkylaryň begi bularyň, habaryny almaga oturdy. Ol:

— Haw, ýigitler, ýol bolsun! — diýdi.

Görogly aýtdy:

— Hudaý berse, bol bolsun!

— Haýsy ýurduň, adamsysyňyz, näme iş bilen çykdyňyz?

Onda Görogly aýtdy:

— Bizler häzirbegjanly borus.

— Häzirbegjanly bolsaňyz, habaryňyzy berip oturyň!

— Habarymyzy bersek, Çardagly Çandybil  ilin-

däki Görogly sünniniň Öwez diýen ogluny Hüňkär patyşa bir serkerdesini iberip aldyrypdyr diýip

eşitdik. Bizem şol Öwezi görüp, Hünkäre «Gutly bolsun, mübärek bolsun!» diýip gaýtjak. Şona barýas.

Onda ol:

— Häzirbegjanly beg, ol aýdan gepiň rast! Mustapa Öwezi alyp, düýn-öňňin şu ýere bir düşüp, howul-halat çaý içip, nahar edinip, atlanyp gitdi. Bizem Öwezi amatly görübilmedik. Ynha, gazanda nahar bişip durs nahar edinip, bizem şol tarapa atlanjak. Üstesine-de

patyşamyza salama bardygymyz bolar. Sen häzirbegjanly bolsaň, el-aýagyň näzigräk görünýä-le. Heý, Göroglyiyň  namasyndan  birden-ýarymdan bilmeýämiň?! Eger bilýän bolsaň, bir nama gaýryp berseň, oňa çenli nahar ýetişer, nahar iýip, bile atlansak, kem bolmaz-dy. Ýolumyz-a bir ekeni — diýdi. Onda Görogly:

— Ýigitler, siz-de Öwezi görmäge gitjek, biz-de Öwezi görmäge barýas, hemmämizem dertdeş ekenik. Iki dertdeş bolup, her haýsymyzyň bir ýerde oturmagymyzyň gelşigi ýok. Sen bizi diýseň, biz seni diýsek,rast gatyşyp, nama aýtsak, gelşikli bolaýjak ýaly — diýdi.

Ondan soň ýaňky beg öz ýigitlerine garapz

— Myhmanyň diýenini etmek — sylamak. Turuň, ýer beriň-ow — diýdi.

Başaşa turup, ýer beriberdiler. Soňam rast gatyşyp oturdylar. Olar-da kyrk, bular-da kyrk, — adama biri, örän oňaýly geldi.

Görogly sazyny eline alyp, şelpe kakyp başlady. Şol mahal asmandan bäş-alty sany durna göründi. Olar Hüňkäriň galasyndan Çandybile tarap ötüp barýardylar. Görogly durnalara ýüzlenip:

— Haw, durnalar, Hüňkäriň galasynyň üstünden ötensiňiz, Öwezi görensiňiz. Birehimlik edip, kapyra

hyzmat edip otyrmy ýa dar teýinde otyrmy?   Nähili gördüňiz? — diýip, ýigitlerine ümläp, bäş keleme söz aýdar gerek:

Gökden uçan top jygaly durnalar, Arzylum dagynda gary gördüňmi?! 
Gapyllykda söwda salan serime, Pelek aýra salan zary gördüňmi?!       
. .
Uruşda Gyratym düşer dilime, Şeşperi, jyzany alsam elime,
Zerefşan käkili düşer biline, Ak ýüzünde zülpi-tary gördüňmi?!
. .
Öwez janym Buldur gassap ogludyr, Jennetiň açylan täze gülüdir.
Kyrkymyzyň kazaň ýeten günüdir. Gepläň, begler, Öwez jany gerdüňmi.
. .
Bady-saba el dek bolup öseli, Gaýrat edip, ganym başyn keseli,
Her haýsymyz bir begini basaly, Pyçakly başa-baş käri gördüňmi?!
. .
Soweşe girenler al şerap içer, Meýdana girende, boz köpük seçer,
Öwez diýp Görogly serinden geçer, Gepläň, begler, Öwez jany gördünmi?!

Görogly namany aýtmaga başlandan, onui ýigitleri billerindäki hanjarykg dessesinden tutup, çemeleşip duruberdiler.

Görogly namasynyň bir ýerinde «Her haýsyňyz bir begini basaly» diýdi weli, onuň ýigitleri bilerin-den hanjaryny sogrup alyp, adam başyna birini gaňryp basdylar, ur garnyna, bas howzuň teýine. Garaz, Görogly namasyny aýaklamanka, hemmesini howza gap-gardylar.

Şol wagt Görogly:

—Haw, Köse, munuň içinde iki sany bisakgal bardy? Olary nätdiňyz? — diýip sorady.

Köse hem:

— Tohumlyk galmasyn, gitdi howzuň  teýine — Diýdi.

«Mal kimiňki — kime buýursa şonunky» diýleni boldy. Bularyň ijek nahary Görogly daga nesii etdi.

— Köse, enşalla, öňi geldi, soňy hem geler munuň.«Hüňkäriň atlysynyň nökeri» dier ýaly, hiç kim sizi tanamaz ýaly, siz şularyň atyny münüň, geýimini geýiň, ýaragyny dakynyň. Öz atyňyzy, ýaragyňyzy, geýimiňizi bu galada goýuň! — diýip, Görogly ýigitlerine

tabşyryk berişdirdi. Ondan soň, Görogly Seýtek Gyrma başlyklaýyn on ýigidini bu galada goýup gitmek kararyna geldi. Ol:

— Haw, ýigitler, bizler gidensoň, çaý nirde, çilim nirde, nahar nirde, çaý-çilimiň gamynda bolup oturyň onsoň, atyňyzy, ýarag-geýimleriňizi saklaň! — diýdi.

Şeýdip, Görogly on ýigidini bu galada goýup, otuz ýigidi bilen ýola rowana bolubersin.

Hüňkäriň galasyna ýetmänkäler, görseler, bu ýoldan adamlar topar-topar arabaly, gatyrly, eşekli, pyýada bir ýaňa toparlanyşyp barýan ekenler.Görogly baragada, bir eşekliden habar sorady:

************

Habary kimden al? Öwezi görjek diýip, gelen adamlardan. Olar çogdy bolup, galany doldurypdyrlar. Adamdan ýana köçe el bilen dykalanan ýaly. Gyrat bolsa gamça çydaman, niçesinin, garnyndan basyp, niçesiniň ýeňsesşden basyp, niçeeini dişläp, silkip

iberin, ber-bibat edip barýar. Munuň at sürşüni Hünkäriň peşaplarynyň biri gerüp:

— Häý, sähraýy zaňňar, dar köçede, adamynyň dyklyş ýerinde, aty ýaman batyr sürýäsiň-le sen! — diýip,

aýpalta bilen Göroglynyň çekgesine çalyp goýberdi. Göroglynyň gözünden ýalpa ot çykdy.

Göroglynyň muňa aşa gahary gelip:

— Aý, seniň bir... Peşap, sen aýnalta   urmasyny bilmeýän ekeniň, aýpaltany eýle urmazlar, beýle urarlar! — diýip, elinden gaňryp alyp, palta bilen ýaňkynyň kellesiniň çykan ýerine kakyp goýberdi. Peşabyň kellesi pyzlawuk kädi ýaly bolup, honda düşdi.

Uly gala, patyşaly şäher, adam bary hyň berýä; Olar derrew: «Bu eneňi nätdigim adam öldürdi, tutha tut, öňünden bola, öňünden diýşip, Görsglyny şapba jylawlap tutdular-da, Hüňkäriň gaşyna getirdiler. Olar:

— Haý, tagsyr patyşahym, bu sähraýy zaňňar nylan peşabyň kellesnni aldy — diýdiler»

Patyşa Görogla garap,:

— Haý, ýagşy ýigit, nä jaýly aldyň   kelläki, ber habaryňy?! — diýdi.

Görogly:     

— Tagsyr, men saňa habarymy berjek bolup gelýän. Men aslymy aýtsam — häzirbegjanly borun. Biler bolsaň, tagsyr, men bir uly baýdym,özüm söwda ederdim. Söwdagärçilik edip, Göroglynyň galasyna-da barardym. Her tüýsli  zatlardan alyp, Göroglynyň

gülnary ýonasyna, tylla gaýyşly eýerine, zerefşan seçekli köýnekçesine, güderi güpjegine, jüp aýly tagmagyna, ganjygasyna,  ýantanapyna, uýan-gamçysyna çenli men getirip berýädim. Onsoň,günleriň birinde Görogly şu Öwezi Weýeňňam diýen ýurtdan alyp geldi. Biz Öwez jan bilen dostlaşyp, saz-söhbet ediberdik. Soň-soňlar Öwez jaimiz hasam dostlaşyp gidiberdik. Ony Görogly halamady. Onsoň ol: «Haý, häzirbegjanly söwdagär, sen şu Öwez bilen mydy-mydyňy köepeldipsiň, iru-giç sen menden Öwez oglumy alyp gitjek   bolýansyň diýip, bizi galasyna salman,çykaryp   kowdy. Ana, onsoň, içimiziň ýangyjyna, söwdagärligi taşladyk. Bir at alyp, ýaragy-da şaýlap, şu Öwez zerarly Görogly bilen uruşmaga aýlanyşdyk. Şu häzir-de günümiz bir bolsa, urşumyz iki, tagsyr! Onsoň, düýn siziň Öwezi getirdeniňizi eşitdik. Şeýdip, hem Öwezi görüp gaýdaly, hemem tagsyr patyşahyma «Gutly bolsun, mübärek bolsun edip gaýdaly» diýip, galaňa gelsem, her peşabyň ýeňsäme bir çalýa, tagsyr. Men bu ýere özümi urdurmaga, horlatmaga gelmändim ahyry, tagsyr. Size salama gelipdim, tagsyr. Indi, ynha gulluk!

Bu gepleri tapyp, patyşa hälki öldüren peşabynyň-a ganyny geçirtdi. Hawa-da, her kim geplejek gepini tapsa, ölümden gutulyşy şular ýaly bolýa-da! Habary Hüňkärden al!

— Aý,  häzirbegjanly  söwdagär, sen  ýagşy  geldiň! Men bu oglany äkeltdirdim, emma ol: «Maňa çaý-çilim ber, hyzmat et!» diýsem, hyzmat-a beýlede dursun, gaý-ta maňa: «Görogly diýen agam menem öldir, senem öldir» diýip  aýdýar. Onsoň, sögdüm, urdum, asla diýenimi etmedi. Indi içimiň   ýangyjyna, öldürmäge dar teýine alyp çykdym. Sypaýylarym bolsa «öldürme»    diýýä, oglan-da hyzmat edenok. Men näderimi bilmän durun. Hany, sen bir geňeş ber-dä maňa!

— Eý tagsyr, wekiliň bar, weziriň bar, guşbegin, mäteriň bar. Şu wagta çenli geňeşi menden sorap oňýan dälsiň-ä. Öz geňeşini özüň tapyber, tagsyr!

— Ýok, guşbegim, mäterlerim «öldürme»   diýýä. Oglan-da hyzmat edenok. Indi seniň geňeşiňem bir eşideli-dä!

— Tagsyr, geneşi menden çynlakaýdan soraýamyň  ýa degişmeden?!

— Çynlakaýdan soraýan.

— Çynlakaýdan soraýan bolsaň, «Kişi oglunyň wepasy bolmaz» diýenleridir, tagsyr. Bir sagada goýmada, derrew öldür!

— Pah, häzirbegjanly begim, dost gepiny senden eşidýän-ä!

Hüňkär munuň şu gepine:

— Atyna, özüne başdan-aýak serpaý ediň! — diýdi.

Başdan-aýak serpaý etdiler.

Görogly serpaýy geýip, gulluk aýdyp durdy. Soň :

— Haw, tagsyr, meniň bir arzym bar saňa — diýdi,

— Näme arzyň bar, häzirbegjanly?

— Şu haramzada oglan meniň içimi ýakandyr. Maňa

bir jogap ber, şu daryň teýinde ata kakdyryp, basaladyp, bir içimi sowadaýyn-la!

-- Häzirbegjanly, bir diýeniňi iki aýtdyryp bolaz. Bar, saňa jogap!

Görogly Gyratyň jylawyny dönderip, Öwez tarapa Garap, dartdy gamçyny.

Gyratyň keýpihonlugy Görogla-da kyrk esse dagy bar. Ol hergiz Öwez jany ynjytjakmy?! Gapdalyndan geçen kişi bolup, toýnagynyň gyrasy bilen gyltyzragyda ýeňsesine bir kakyp geçdi.

Öwez jan tisginip, gözüni açdy. Gyratyň naly altyndandy. Altyn nal ýaldyrap ötägitdi.

Öwez: «Alla, kapyrda-da altyn nally at bar eken-ow ýa doga-jady bilen tüýsüni üýtgedişdirip, Görogly agam geläýdimikä?!» diýip pikir etdi. Soň Öwez jan daryň teýinde Görogly agasyny ýat edip, zar-zar aglap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Golum bagly, düşdüm ganym eline, Alla, meniň howandarym bolmady.
Şa emr etdi, buýurdylar ölüme, Agam, inim, dostum, ýarym bolmady.
. .
Neçün gelip, agam meni görmedi, Meniň üçin şirin janyn bermedi,
Kyrk ýigidin ýygnap, tuga sürmedi, Hatardaky esrek nerim gelmedi.
. .
Jellatlaryň tanapy bar destimde, Kapyr bizi öldürmäniň kastynda,
Biçäre bolmuşam daryň astynda, Gaplaňym, peleňim, şirim gelmedi.
. .
Hemdem begim, Taýmaz begim bolmady, Hajy Sumsar, Däli Mätel gelmedi,
Sapar köse menden habar almady, Döwdüleşen kyrk ýaranym gelmedi
. .
Düşmanlar jem bolup, çekerler dara, Bu daryň astynda boldum biçäre,
Öwez oglan, ýalbarawer biribara, Şahymerden — uly pirim gelmedi,

Öwez bu sözi aýdansoň, Görogly gelip, patyşaýayň gaşynda gulluk aýdyp durdy. Patyşa oňa garap:

— Haw, häzirbegjanly söwdagär, oglan näme diýýä, diline düşýämiň? — diýip sorady.

Onda Görogly:

— Hä, elbetde, düşýän, tagsyr! — diýdi.

— Näme diýýä?

— Görogly agasyny ýat edip, perýatnama gaýyrmyş-dyr.

— Haý, häzirbegjanly söwdagär, agasynyň namasyndan birde-ikide bilýän namaň ýokmy senin,?

— Aý, tagsyr-ow, tagsyr-ow! «Keselin, gutulasy gelse, tebibi garşy geler» diýenler-ow. Sen menden Göroglynyň bir namasyny,iki namasyny soraýasyň. Biz Göroglynyň galasyna baryp ýörkäk: «Gerek   bolar» diýip, auml;htiýaçdan Göroglynyň namasyndan ýazdyryp-ýazdyryp, bir gujak depder edip goýandyrys, tagsyr!       ^

— Eýse,häzirbegjanly,  onuň  agasynyn,  namasyndan bir nama gaýyr, belki, agasynyň namasyny eşidenson, oglanyň wagty hoş bolup, mana hyzmat etse-de eder.

— Ýagşy bolar, tagsyr! — diýip, şu ýerde özünden özi gep ýasaýar. — Tagsyr, Görogly şu Öwez jany Ýusup şa diýen patyşanyň gaşyndan — Weýeňňam diýen ýurtdan alyp gaçyp gaýdypdyr. Ana, onson, Ýusup şanyň Le wezir diýen bir serkerdesi bar bolmaga   çemli,şony müň atla baş edip, Göroglynyň yzyndan kowdurypdyr.Ol daglykda Göroglynyň yzyndan ýetip, Öwez jany alypdyr. Şonda  Görogly Öwez jandan aýrylyp, bir dagyn, aňyrsyna  geçip  aglanmyşyn.  «Men-ä bu taýda ýyglaýan, menden aýrylyp, Öwezem ýyglaýamyka?» diýip. «Sen onda ýygla, men munda» diýip, bir nama gaýyrmyşdyr, tagsyr,

Şeýdip, patyşa nama aýdyp beren kişi bolup, Görogly Öweze garap, bäş keleme söz aýdar gerekz :

Garyp bilbil, bikes bilbil, Sen onda ýygla, men munda! 
Garyplykda köýen bilbil, Sen onda ýygla, men munda!
. .
Garyp bilbil, bolma naşy, Akdyrma gözüňden ýaşy,
Garyp göwnümiň syrdaşy, Sen onda ýygla, men munda!
. .
Garyp bilbil, bagty gara, Ne galar sen ahy-zara, 
Seni asdyrmanam dara, Sen onda ýygla, men munda!
. .
Gelmişem meýdan mestinde, Düýrme gylyjym destimde,
Oýun bolar dar astynda, Sen onda ýygla, men munda!
. .
Görogly aýdar, hylaly, Gül ötdi, gadyryn biläli,
Öwez jan, hemdem bolaly, Sen onda ýygla, men munda!

Bu sözi aýdany bilen Öwez hyzmat-a beýlede dursun, gaýta hapa boldy. Patyşa:

— Haý, häzirbegjanly garyndaş, agasynyň namasyndan ene birini gaýyr, belki, oglanyň göwni hoş bolar — diýdi.

Görogly: «Ýagşy bolar» diýip, Öweze göwünlik berip, ýene-de bir nama aýdar boldy.

Ýigit başyna iş düşer, Aglama, Öwez, aglama!
Serdarlaryň akly çaşar, Aglama, Öwez, aglama!
. .
Guçar sen inçe billeri, Sorar sen şirin dilleri,
Tutar sen näzik gollary,   Aglama, Öwez, aglama!
. .
Güller açylmyş ýollarda, Bilbil saýraýyr tallarda?
Bir goç ýigit ýat illerde, Aglama, Öwez, aglama!
. .
Ýusup Müsürde kengandyr, Ýyglama, ýaryň amandyr,
Ozal adym Röwşendir,   Tanagyn, Öwez, aglama!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwez agasynyň sesini eşidip, ony tanap, ýerinden turup, bir gulluk aýdyp oturyberdi. Munuň gulluk aýdýanyny görup, patyşa! «Mana gulluk aýdýamyka?» diýen oý bilen:

— Pah, pah, häzirbegjanly säwdagär, ozalrakdan gelip, şu namany aýdan bolsaň, oglan maňa eýýäm hyzmat ederdi. Häzirbegjanly, oglandan soradalymy,hyzmat etse, saraýa elteli — diýdi.

Görogly hem:

— Soraý, patyşahym, sorasaň — diýdi/

Patyşa Öwezden soramaga adam goýberdi.

Hyzmatkär baryp:

— Haw, Öwez, hyzmat etseň, patyşa saraýa eltjek diýip aýdýa — diýdi.

Onda Öwez:

— Aý, essi giden zaňňar-a, onam öldür, menem öldür asla hyzmat ederim bolmaz! — diýdi.

Gelip aýtdylar Hünkäre. Hüňkär-de nä alaç ederi-ni bilenok. Görogly:

— Haw, tagsyr, sen menden geňeşi çynlakaý soraýan bolsaň, sorap-idäp durma, derrew öldür şuny, öldürsen seniň iki bähbidiň bar! — diýdi.

— Ol niçik bähbit?

— Bähbidiň şol, tagsyr, Görogly Öweziň şu gala-da diridigini bilse, saňa hiç ynjalyk   bermez. Seni bu gün geler çapar, ertir geler çapar. Çölde çarwaňy goýmaz, gyrda çomuryňy. Malyňy bakdyrmaz, söwdagäriňi çykarmaz. Daş-töweregiňi gabap, seni halys eder,

tagsyr!  Sen şuny  şu ýerde öldürseň, Görogly-da Öweziň ölenini eşidäýse, meýhanasynda bagryny sowuk ýere taşlap: «Ah, söýün, wah, söýün!1» diýip, pyşbakga ýaly, syrjaşyp ölüp galar. O ýanda ondan dynýaň sen, bu ýanda  mundan.

-------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Bu şaýy mezhebindekilerin Aly ibn Abitalybyn ogullarynyň biri Hüseýiniň pajygaly ölümini ýatlaýan pursatlarynda, köçelerde, ploşadlarda özlerini zynjyr, taýak, gamçy... oilen urup, gözýaş deküp eňreýän pursatlarynda aýdýan formalary («Şah, Hüseýin, wah Hüseýin!»), muuňa gysgaça: «Şahsaý-wahsaý» hem diýilýer — ýörite red,

Öz mülkünde arkaýyn ýaşar ýaly, öldürsene tagsyr-ow! Tagsyrym, ýene bir zady bar. Sen: «Görogly bilen biziň aramyz gaty daşdyr. Ol türkmen sähra-syndan bu ýere gelinçä aýlyk ýoldur» diýip, göwnüňe getirme! Türkmenleriň atlary alty aýy alty basýar, tagsyr! Göroglynyň özüniň bir atyna Gyrat, ýene bir atyna-da  Däli  mežnun  diýýäler.  Bu atlar  alty  aýlyk ýoly alty basýar, tagsyr!

— Aý, häzirbegjanly beg, dost gepini senden eşidýän Munuň şu gepine, baryň, hazynadan kyrk galkan zer getirip beriň!

Kyrk galkan zer getirip berdiler. Görogly hem ol zerleri horjuna taşlap, gulluk aýdyp duruberdi.

Soňra patyşa:

— Häzirbegjanly  beg,  agasynyň namasyndan ýene bir nama gaýyr! Onsoň hyzmat etmese, oglany eldürsek öldüreli-de dynaly — diýýä.

—Ýagşy, tagsyr! — diýip, Görogly töweregine ese

ewan etdi. Görse, ýigitleri-de ýakynlaşyp geliberipdir. Gelse-de, aý, görnüşleri welin, osaldy...

Bular kyrk dört derwezeli şähere giren adamlar-da. Köse ezilen towuk ýaly, bir sykym bolupdyr. Beýlekiler telpeklerini aşak basyp durlar. Aý, garaz, atynyň toýnagyndan başga ýerine gözleýän adam ýok-da! Görogly bu bolşa syn edip: «Wah, ýigitler, merdi-merdana bolsaňyz-la!» diýip, bäş keleme söz aýdar boldy;

Hüikär geldi, begler, geliň, Döwdür Öwez jan üstüne!
Ýezidin golundan alyň, Döwdür Öwez jan üstüne!
. .
Bu galanyň mün burçy bar, Her burçunda müň künji bar,
Şaý-mezhebiň nä güýji bar, Döwdür Öwez jan ustüne!
. .
Surnaý, nagralar uranda, Öwezimi göz görende,
Ne işläp dursuňyz onda, Döwdür Öwez jan üstüne!
Gala teýinde ýatanlar, Toza, topraga batanlar,
Görün: Öwezi tutanlar, Döwdür Öwez jan üstüne!
. .
Getirdiler golun baglap, Meniň jiger-bagrym daglap,
Öwez oturmasyn aglap, Gözýaş döküp don üstüne!
. .
Görogly eýleýir zary, Ýat edeliň biribary,
Özgäňiz gylyçlaň dary, Özüm Hüňkär han üstüne!

Görogly bu sözi aýdandan soň, Öwez jan eşidip, düşünip: «Töwereginde kyrk ýigit bar eken-ow, Şiri-huda piri ýar bolsa, agam indi meni alar. Men bir el-aýagymy boşadyp oturmak alajyny edeýin» diýip oýlandy. Soňra ol:

— Haý, meniň elimi çözýän ýokmy? — diýdi.

Patyşa:

— Häzirbegjanly beg,oglan näme diýýä, diline düşýämiň?! — diýip, Göroglydan sorady.

— Tagsyr, oglan «Elimi çözüň!» diýip aýdýar.

— Hä, bu nama gulagyna ýakdy, elini çözüň, hyzmat etjek gerek, baryň, elini çözüň! — diýip, şa begendi.

Bäş-alty pyýada deňine ýüwrüp gitdiler, Öwez janyň elini-aýagyny çözdüler. Öwez:

-- Mana bir käse çaý beriň! — diýdi. Kyrk käsedar deňine ýüwürdi.

— Bizin. çaýyň gandy bar,biziň çaýyn nabady bar! — diýşip, olar biri-birinden öňe düşjek bolýalar.

Öwez:

— Mana bir çilim beriň! — diýdi,:

Kyrk paýeki deňine ýüwürdi.

Bular:

— Öwez, bizin çilim  garşy temmäki, biziň çilimiň, suwy sowuk! — diýşip, ýene-de biri-birinden öňürtjek bolup, basga düşüp ýörler.

Öwez el-aýagyny boşatdy, çaý içdi, çilim çekdi. Soň daryn teýinde çök düşüp oturyberdi

Habary kimden al? Köseden. Ol Göroglynyň: «Özgäňiz gylyçlaň dary, özüm — Hüňkär   han üstüne — diýýär-aý. Sen zaňňar, mereziň üstüne! Habaryň ýokmy, derwezäniň nirede galanyňdan?! — diýip,    hüňürdäp, zol yzyna gözleýär.

Şol wagt patyşa Görogla garap :

-- A-how, häzirbegjanly, oglan çaý-çilimden ýazylşan bolsa, saraýa elteli, hyzmat etse — diýdi. Gelip Öwez jandan soradylar.

— Aý, essi giden, aňsyz zaňňar eken-ow bu patyşa ! Asla hyzmat ederim bolmaz.

Öweziň jogabyny gelip, Hüňkäre aýtdylar.

Hüňkär nä alaç, ederini bilenok. «Öldüreýin» diýse, gözi gyýanok. Üstesine-de, önki sypaýylary: «ÖldürMe» diýip, gan eňreýärler.

Görogly ýaňky sypaýylaryň ýedi jynynyň biri bolup dur-da! Olar biri-birine:

— Bu zaňňar häzirbegjanly nyrden geldi?! «Öldür!» diýip, dyzap dur — diýişýäler.

Biri bu ýandan çykyp:

— Bu patyşanyň aňy gidipdir — diýýä. — Oglan diýeniň, bäş gün geçer, on gün geçer, bir aý-kyrk gün geçer. Öwrenişensoň, hyzmat ediberer-dä.   Patyşa-da muny gyssap dur — diýýär. Bu ýandan Görogly çykyp:

— Tagsyr, meniň diýenimi edäýsene! Şuni derrew ödürsene. Şuny öldüreniň bilen adam tohumy tüken-

mez. Onsoň, şuny öldür   diýmegimiň   ýene bir   sebäbi bar, tagsyr! — diýdi. Patyşa:

— Hä, ýene nä gürrüň bar? — diýdi;

— Gürrüňi şo: ilki bilen aýt: sen özüň kyrk dört derwezeli şäheriň Hüňkär-patyşasy gerek?.

— Hawa, özümiz-ä Hünkär şadyrys.

— Seniň hazynaň hasaby ýok, nökeriň   hasabn ýok; Şonuň kimin uly patyşa, seniň gadyryňy biz-ä bil

ýäs. Emma bu haramzada welin, seni asla äsgermeýär ihyry! Görogly bolsa, bir jalataý zaňňar bolmalki Özüniň bu günlügini tapsa, ertirligi gaýgydyr. Biz gerýärkäk, şol jalataýyň-a bir diýenini iki aýtdyrmazdy. Elmydama gol gowşuryp, hyzmat edýärdi. Ana, gördüňmi, şunuň kimin uly patyşa bolsam, seni şol jalataýça görmeýär. Gowusy, öldürsene, tagsyr-ow!

— Aý, häzirbegjanly dost, gepi senden eşidýen-ow !

Senden başga dostum ýok ekeni, sen maňa mäter bolaý! — diýip, önki mäterini syndyryp, gapdalyna getirip,

Göroglyny mäter etdi.

— Häzirbegjanly, şunuň agasynyň namasyndan ýene bir nama gaýyr. Onsoň, hyzmat   etmese,   öldüreli! — diýip, Hünkär aglap goýberdi.

Görogly: «Ýagşy, ýagşy» diýip, güýmeň-süýmeň edip, gözüniň teýi bilen ýigitlerine ýene esewan etdi.

Görse-baksa, öňküden beter bolsa beter, gozganyşyk tapýan adam ýok.

Görogly şu taýda!

— Haw, ýigitlerim, merdi-merdana bolsaňyz-la! — diýip, ýigitlerine gyjalat berip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Sagdagyn egri asanlar, Söweş güni ylgar bolar,
Saglyk başdan gider bolsa, Dag oýulyp, ahmal bolar.
. .
Pelek çakmagyn ters çakar,  Gülle degen erin ýakar,
Gözümden ganly ýaş akar, Jeset biygtyýar bolar. 
. .
At salyşyp, perýat etsek, Ýaka birýan çalyp tutsak,
Öwezi almaýan gitsek,     Heleýler bize är bolar!
Görogly, nedir bilmeýen, Owal nesipden gelmeýen,
Her kim bu ýerde ölmeýen, Ýarasyz gitmek ar bolar!

Göroglynyň bu sözüniň bir ýeri Kösä has artykmaç täsir etdi. Ol: «Saglyk başdan gider bolsa, dag oýulyp, ahmal bolar» diýen eridi. Onsoň daşrakda duran ýigitleri ümläp, ýanyna çagyryp aldy. Ol:

— Haw, ýigitler. Göroglynyň, aýdyp duran sözüii eşidýärmisiňiz? «Dag   oýulyp, ahmal bolar»   diýip aýdýa. Başga sözler-ä   beýlede dursun, heý,dag oýulyn adam ölermi, ýigitler?! Kyrk ýyl gyrgyn bolan» , ajally öljek, biajal ölmejek ekeni. Ine, Görogl-a şeýle diýýä. Indem, ýigitler, mert boluň, merdana boluň! Taňry beren jany taňry alar, ýigitler!— Diýdi.

Soňra bolsa Köse gylyjynyň baljagyny ýazdyryp, telpegini ýokarragada galdyryp, kem-kemden ilerligine ymtylyberdi.

Hüňkär ýene Öweze adam goýberdi. Biri gelip

— Öwez, hyzmat etseň, patyşa saraýa elteli diýip aýdýar — diýdi.

— Haý, saraý-saraý diýibem aldynyz-ow! Baryň, aýdyň patyşanyza: saraýynyň içine ot düşsün! Gaýratly bolsa, hälä goýman öldürsin!

Gelip Öweziň jogabyny Hüňkäre aýtdylar. Aý, garaz, patyşanyň paltasy daşa degýär dä! Onsoň, Hünkär patyşa ýene-de Görogla garap:

— Häzirbegjanly, agasynyň namasyndan ýene bir nama  gaýyrsana!  — diýdi. «Ýagşy, ´ýagşy» diýip,Görogly ene ýigitlerine esewan etdi. Esewan etse, ýigidleri daryň teýine alkymlap gelipdir. Ülker ýaly toplanyp dur. Kösänin ýüzi-gözüne esewan etse, urşa gir-

Mekçidigini mälim edip,ýüzüni enşidip,çemelenip dur.

Görogly ýigitleriniň daýançlyk tapanyny bilip, üzeňňä galyp, tüýsüni gaçyryp, gylyjyň destesinden Tutup:

— Haý, seniň bir.., patyşa! «Nama gaýyr, nama gaýyr!...» Men seniň kesana tutan bagşyňmydym? — diýip, oňa tarap topuldy. Yzy bilen: «Ine, saňa nama!» diýip, eliniň tersi bilen Hüňkäri kakyp goýberdi.

Hünkär habardar ekeni. Görogly gylyjy göteren wagtynda, atyp bu ýanyna garşy başaşak   gaýdyberdi.

Gylyç Hünkäriň atynyň eýerinin gaşyny alyp ötägitdi.

Hünkär atdan ýykylansoň, Hüňkäriň atyny jylawlap, Görogly Öweziň üstüne tarap depdi.

— Aý, Öwez jan, bu ýandan at getirdim saňa, çakgan bolaweri, müneweri!

Pah, Öwezem maýmyn ýaly çalasyn zaňňar, ylgap mündi Hüňkärin atyna.

Bu ýandan Köse otuz ýigidi bilen «Allah diýip, at Goýdy, Şu Köse daryň teýinde bir uruş etdi» aý, garaz, gyzyl sallah boldy-da. Daryn teýini maslyk maslyga kaklyşdyrdy. Soň Öwezi   ataryp, Görogly dagy köse hem beýleki ýigtstleri bilen derwözä garşy depip gidiberdiler. On bäşi Öweziň, öňünde, on bäşi yzynda. Gylyjy syryp alypdyrlar. Çete çykan   gutulýa,köçeden sowlan gutulýa,ugruna düşeniň welin, pyzlawuk kädi ýaly kellesini kakyp, köçeden gan akdyryp barýalar.

Bular şu gidüwine, gepiň gysgasy ýagşy, giç öýlänler Öwezi derwezeden alyp çykdylar. Onsoň, Görogly:

 — Köse, şaýymezhel bir    hepdeläp essine    gelmez bolandyr. Hany, indi bir Öwez jan bilen gujaklaşyp görşeli! — diýip, atdan düşüp, Öwez bilen bir hatar görşüp, saglyk-esenlik soraşyp, ýene-de atlanyp,sürüp gidibersinler. Şol baryşlaryna Öwez duşman elinde gören horluklaryny beýan edip, bir nama aýdar boldy.

Ýezit tutup, iki golum baglady, Boldum goly bagly, boýny bendi men,
Hijran ody ýürek-bagrym daglady, Boldum goly bagly, boýny bendi men.
. .
Duşe bilmen ýezitleriň diline, Baka bilmen şol ýezidiň ýüzüne,
Gözüm düşdi agalarmyň gözüne, Boldum goly bagly, boýny bendi men.
. .
Nägehandan söwda düşdi başyma, Rehmi gelmez gezden akan ýaşyma,
Şahymerdan pirim girdi düýşüme, Boldum goly bagly, boýny bendi men.
. .
Öwez aýdar gan ýygladym, ölmedim, Ýezitler içinde ýördüm, solmadym,
Görogly-agam ýaly merdi bilmedim, Boldum goly bagly, boýny bendi men.

Bular şundan soň, ýene sürüp gidibersinler; Habary kimden al. Hüňkärik galasyndan al. Öwez jen diýip gelen adamlar galmagal baryny edýäler. olar! «Sen iniňi tapdyňmy, sen agaňy tapdyňmy, sen ataňy tapdyňmy, sen eneňi tapdyňmy    sen maslygyňy

tapdyňmy? Ylahym, Hüňkäri-de gursun, Öwezi-de! Patyşa azsa, iru-giç bir bela dökülýä-dä, how» diýşip, ala-goh bolşup ýörler. Aý, garaz, «It eýesini, pişik bikesini» tanar ýaly däl-dä. Pukaranyň öleni-ýiten-ä beýlede dursun welin, şaýymezhep öz Hüňkär patyşa-synam tapanok.

Ol Göroglynyň gylyjyndan gorkusyna atdan başaşak gaýdypdy. Daryň teýi bolsa ýalan, adam öldürdilip,ýere gömülip, mazarystanlyk bolup giden ekeni. Hüňkär atdan agyşyna, bir mazara başaşaklygyna giden ekeni, zaňňar. Ine, onsoň, bir mazaryn, üstünde iki sany aýak görünýär. «Bu kimkä?» diýip çekip alsalar, Hüňkär patyşa ekeni. Beýhuş bolup ýatyr, zaňňar. Onsoň, tüýnüge salyp, getergiläp saraýyna getirdiler. Burnuna huş derman tutdular. Üç sagatdan soň essine geldi.

Şol bada hem:

— Baryň, Mustapany çagyryp geliň! — diýip, buýruk etdi.

Mustapanyň bolsa, bu galmagallardan haberam ýok ekeni. Patyşanyň, gyzynyň goýnunda bugaryp ýatyr. Ine, birhaýukdan patyşanyň bir serkerdesi bardy. Habary Mustapa aýtdy. Ol bäş ýüz atla baş bolup, Göroglyň yzyndan kowuberdi. Bular yz-yzyndan kowgun-çy bolup gidibersinler.

Habary kimden al? Baýaky Buldur galasyndan, Göroglynyň goýup giden on ýigidinden al!

Gorkak adam, biynjalyk adam özüňe belli. Göroglynyň «Gelerin» diýen güni Seýtek Gyrma ýarym gijeden turup, gygyryp, ýigitleriň hemmesini örüzip ýör.

— Häý, garagy gapylan, zaňňarlar! Tursaňyz bolmaýamy, heý, şeýle-de bir ýatmak bolarmy? Görogly dagyny gyryp, biziň üstümize atly çozaýmasyn, how! Atlanyň, galanyň ýeňsesinde gezeliň!

Ine, onsoň, bular galanyň arkasynda köw-söw edip, gezip ýörler, özlerem atly gerünse, zut gaçjaklar. Biri akylly kişi bolan bolup:

— Bilip bolmaz, Görogly dagy gelse, geler ahyry.Ol gitmänkä: «Çaý-çilim, naharyn. gamyny ediň!» diýip gidipdi. Ätiýaçdan onuň gamyny edip goýalyň! — diýdi. Onsoň, bular ýene gala gelip, atdan düşüp, jy-

lawyny ýoldaşyna-da ynanman, gazan ataryp, ýagy, käşir-sogany, tüwini hemmesini bir guýup gidýäler,bir-iki ýarymy bilmän, bir   çäýnege üç-dört gaýta çaý atyp gidýär, Birki ýarymy gury çaý demläp gidýär. «Atlanyň!» diýip, galanyň ýeňsesinde gezip ýör.

Bir mahaldan kybladan bir tozan peýda boldy, esewan edip durlar. Biri aýtdy:

— Şularyň içinde Gyrat bar, şu gelýän Görogly dagymyka diýýän.

Gala gabat bolup, basdylar ata gamçyny «Mundan öňinçä baraweräliň!» diýşip. Gelip galanyň arka derwezesinden girdiler. Atlary demini dürsemänkä, kybla derwezeden Görogly gelip girdi-de:

— Haý, Seýtek Gyrma, atyňyz gara der-le, nirä baryp geldiňiz? — diýip sorady.

— Ýok, Görogly, hiç ýana baryp-gelemzok.Şu gün Göroglynyň geljek günüdir, gelme mütdetini ötürip barýar, bulary gyran bolaýmasynlar, biziň onymyzdan galyp, näme boljak. Bizem baragada ýa alaly, ýa öleli diýip, seniň yzyňdan gitjek bolup durduk. Ýaňyja ataryň suwuna degip geldik.

— Berekella! Siziň batyr bolanyňyz — biziň bähdimiz.

Soňra Görogly dagy atdan düşüp: «Çilim äkelin» diýsler, kä çilimiň   pilegi deşik, käsiniň suwy ýok.«Çaý äkeliň» diýseler, kä çäýnek ajy — içer ýaly däl,käsi dury suw. «Nahar   getir» diýseler, bir gazanda dokuz dürli nahar bişipdir. Onsoň, Görogly:

— Aý, ýigitler, aldyk habarynyzy.Biz ýene bir sagat gelmedik bolsak, size gaçjak aga diýerler! Ine, şaly, ine, depme dükan, ine, juwaz, ine, tüwi, ýag! Hany täzeden bir nahar taýynlaň! — diýdi.

Göroglynyň bu ýerde uzak eglenerinden heder eden köse Öwezi meýdana alyp çykdy.

— Öwez jan, bu köwek agany göter bu ýerden! Iýjek- içekk bolsa, Çandybilde-de tapylman duranok ahyry!

Öwez gelip, Görogla garap :     |

— Haw, aga, bu galadan gerek-ýaragy alaly-da, derrew atlanaly — diýdi.

Görogly:

— Ýagşy, Öwez jan — diýip razylaşdy;

Gerek-ýaraklaryny alyp, sürüp gidibersinler.Bir meýdan bilen barýadylar. Olaryň yzynda bir atly peýda boldy.

Görogly muny görüp:

— Haw, Köse, bu atlyny görýämiň? — diýdi.

— Görýän, Görogly!

— Görseňiz, bu Mustapadyr. Bu ýekme-ýek diýip, hyruç edip gelýäne meňzeýär.Siz aňyrrakda duruň, men öňüne ýekme-ýek çykaýyn, armanly bolmasyn.

Soňra Görogly Mustapanyň öňünden çykdy. Musta-pa Görogla naýza urdy, Görogly galkan tutdy. Görogly Mustapa naýza urdy, Mustapa-da galkan tutdy. Bir meýdan naýzalaşyp, galkan tutuşyp, uruşdylar. Ahyr-soňy Mustapanyň güýji zor gelip, Göroglyny gal-kan-palkany bilen gaňryp basdy. Atdan Göroglynyň üstüne dikine zyňdy. Gabyr-gubur teýine salyp, garnyna münüp, bilinden hanjary sogrup alyp, bogazyna hanjar goýdy.

Gözlese, Göroglynyň bogazyna hanjar ýanaşyp gelýä. Görogly ýatan ýerinden bir nagra çekip «Ýa, Mu-hammet Mustapa, Şiri-huda pirim, nirede bolsan, ýet!» diýip, pirini çagyrdy. Şol wagt Şiri-huda piri gaýypdan gelip, Mustapanyň çekgesine bir şapbat çaldy.

Mustapanyň ysgyn-deramaty gutaryp, hanjar elin-den gaçdy. Bu keramaty görüp, Mustapa ýerinden turup, sermenip, hanjaryny alyp, pyýadalap gaçyp ötägitdi. Göroglam ýetip baryp, onuň guşagyndan asyldy. Hanjar elinde bolandan soň, Mustapa guşagynyn öňüni kesä-gede, guşagyny taşlap ötägitdi.Görogly: «Munuň bilen pyýadalap ýakalaşyp ýörmäýin-le!» diýdi. Ýüwrüp gelip, Gyraty tutup, atlanyp, debsäp, Mustapanyň üstüne geldi. «Alla, zor kürt eken-ow bü, zaýalap öldürmäýin» diýip, pikir etdi. Şu ýerde jylawy eýeriň gaşyna taşlap, arkasyndan sazyny kakyp alyp, Mustapa garap, bir söz aýtdy, Ol hem jogap berdi:

Görogly:

— Bu meýdanda kowup ýetdin, Dön, söweş et, Mustapa beg!
Ozal maňa naýza tutduň, Dön, söweş et, Mustapa beg!
Mustapa: .
Goýber-hä, gidem ýoluma, Aman bergin, Görogly beg!
Garaman sagy-soluma, Aman bergin, Görogly beg
Gö : .
— Ýetdiň bedewiň harladyp, Sürüp, at alnyň derledip,
Men durdum jyza parladyp, Dön, seweş et, Mustapa beg!
Mus : .
— Hazan elini ösdurme, Bu gün ýolumy tesdirme,
Assarak, ökjäm basdyrma, Aman bergin, Görogly beg.
Gö : .
— Bu meýdanda ýeke ýördüň, Ýekelikde bizi gördüň,
Gorkduň-da arka berdiň, Gidiberdiň, Mustapa beg!'
Mus : .
— Serime salypsyň duman, Men bu gün çagyrdym aman,
Özüňdenem atyň ýaman, Aman bergin, Gärogly beg.!
Gö : .
— Sypaýy aglakda duşduň, Ýakalaşyp ele düşdüň,
Görogly bege ugraşdyň, Dön, söweş et, Mustapa beg!
Mus : .
— Gytratyň bent eder ýolum, Garamarsyň sagy-solum,
Mustapa bir bende gulam, Aman bergin, Görogly beg!

Bu sözi aýdyşanlaryndan soň, Görogly hem atdan şüp, ikisi gujaklaşyp-görşüp, kyýamatlyk dogan okaşdylar.

Soňra Görogly ýaýtdy;

— Biziň türkmenlerimizde ata-babalaremyzyň ** ýeri gelende, özüňiň asgynlygyňy bildirmegem bir mertlikdir, gaçaňda gutuljagyňy bilseň,ýeri gelende, gçaýmagam bir batyrlykdyr ** diýen sözleri bar. Sen şol iki sözüň birini bitirdiň, birini bitirmediň, gaçaňda gutulmajagyňy gözüň ýetip durka-da gaçdyn. Emma asgynlanyňy bilip, wagtynda aman soradyň. Eger--de men şeýle ýagdaýda seniň eliňde galan bolsamdym, ýüz müň aman sorasam-da, sen, belki, meniň ganymy gotura derman ederdiň?! Men welin, mertlik bilen pälimden gaýdyp, aman çagyranyň üçin hemme günäňi geçip, seniň bilen dogan okaşdym. Men gyzylbaşda beýle mert adam görmändim. Seniň aslyň nireden?

Onda Mustapa aýtdy:

— Sözümi diňlesen, Görogly, meniň aslym Ispyhanly, öň çopançylyk ederdim.

— Wah, seniň aslynyň çopandygyňy bilen bolsam, sen öldüräenem bolsaň, men asyl başda naýza urmazdym.

— O näme üçin?!

— Näme üçini — biziňem köpimiziň aslymyz çopan.

— Munyň dogry, Görogly. Meniň sözümi diňleseň, pälwanlykda Ispyhanda maňa taý gelen bolmandy. Ispyhan hany öz häkimligini gabanyp başlady. Özüňe belli zat, Ispyhan, Nisbijahan, Nişapur, Weýeňňam, Yrak, Rum hem töwsrekdäki başga patyşaly şäher-welaýatlaryň bary Huňkär soltana   tabyn. Olar Hüňkäre paç-hyraç  berip saklanýalar.Biziň Ispyhanyň hany özünden gorkusyna meni ýurtdan ýok etmegiň

kastyna duşdi. Bir gezek Huňkäriň ýanyna salama gelende: «Bizin Ispyhanda sada mynasyp bir pälwan bar» diýip aýdypdyr. Ana, onsoň, Huňkär meni çagyryp, öz galasynda bolmaly etdi.Men Hüňkäriň ýurdundam öz ýurduma gitmek üçin, her hili bethalyk, jür-

be-jur hileler edip gördüm, bolmady. Gaýta olar özüme lakam boldy, Gaýry Mustapa adyny aldym.Men hiç wagt ejize ganymlyk etmändim, seniň beren pentleriňem berk tutaryn. Sen Görogly diýseň, Görogly ekeniň. Men heniz seniň ýaly mert är germändim — diýip.

Görogly bilen hoşlaşyp,öz ýoluna baka gidiberdi.

Göroglam öz ýigitleriniň ýanyna gelip, olar bilen Çandybile tarap sürüberdi.

Habary kimden al? Şasepitden al! Şasepit bularyň yzyny alyp, dergazap bolup, kowup gelýär ekeni. Mustapa öňünden çykdy. Şasepit atynyň jylawyny çekip:

— Haw, Mustapa, ber habaryňy! — diýdi.

— Aý, aýdar ýaly habarym ýok, Şasepit, bir meýdanda Göroglynyň yzyndan ýetdim. At üstünden uruşdym — güýjüm zor geldi. Atdan agdardym, garnyna mündüm. Ondan öňinçä hezret Aly uruşýan ekeni, sen heläk bolma, derrew gaýdyber yzyňa!

— Haý, zaňňar-a  gürrüň aýtdy-ow:  «Bir  meýdanda ýetdim, at üstünde uruşdym, güýjüm zor geldi, öninçä hezret Aly uruşýan ekeni». Ýeri mundanam bir gurrüň,bormy diýsene! Hezret Alysyna bak-a! Haw, Mustapa, seniň edip ýören deliliňi, alyňy,   hiläňi, her kimem bilýä. Sen ozal hiç kime gezek bermän: «Öwezi men äkelip bereýin» diýip, patyşanyň gaşyna baryp, nagt:

bäş ýuz tümen tyllany aldyň. Soň bir lek goşun bilen Öwezi getirip berip, bir ýap boýuna müşrip bolduň. Üstesine patyşanyts ýigrimi bäş ýaşyndaky gyzyny-da aldyň. Indi Göroglynyň ustüne, ýanyňa nöker alman, ýeke özüň gaýdan bolýarsyň. Ýeke özüň gaýdyp, Göroglynyň yzyndan ýetip, ondan para baryny alyp, holtumyny teňňeden dolduryp gaýdan aga dierler saňa, Düş öňüme derrew!

Onda Mustapa:

— Haw, Şasepit, meniň diýenimi etseň-ä   maňa-da azar berme, özüňem yzyna gaýt, ýogsam-da, ine, gitseň, Göroglynyň geçen ýoly, alla ýaryň, maňa bir azaryňy berme! Onsoň hem sen mana «önüme düş»   diýip aýdýasyň. Sen ol sözi kime aýdýasyň? Seniň öňuňe düşüp gitjek adam başga bir adamdyr ol!

Mustapa şeýle diýdi-de, ters garap, gyňralyp, bu, ýanrakdan sowlup sürüberdi atyny.

Şasepit bäş-alty sany atlysynyň   gulagyna pyşyrdap: «Şuny aldap, duýdurman basmagyň alajyny edeweriň! Duýaýsa, hemmäňizi gyrar bu» diýdi.

Mustapanyň bäş-alty sanak tanşyragy:

— Haw, Mustapa, bäri dur-how, bäri dur! Bular ýaly agzalalyk etme, uruşmasaň-da giden ýoluny görkezip bersen bolýa, how! — diýşip, ýakynyna baryp: «Eýle etme,beýle etme!»   diýip, tewerekläp rast gabyrdadyp basdylar. Dessine elini  syrtyna daňyp:    «Parahor zaňňar, düş öňe!» diýip, idirdedip alyp ugradylar.

Şol barşyna Mustapa:

— Wadaryg, Şasepit, beýle iş etjegiňi mana duýdurmadyň! Eger duýaýan bolsam, Görogla ýetirmän, özüm  gyrardym.

---------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Müşrip — mirap, başlyk.; 16 Görogly

Meni beýle etdiň, indi munça bolanyna görä, meni atyma mündur, daşyndan bir don geýdir, guşak guşa, Görogly heniz hem bolsa menden biraz-ätiýaç edäýmese, senden-ä asyl üýşenmez! — diýdi.

Mustapanyň: «Atyma mundür, don geýdir» diýeniniň sebäbi Göroglynyň özi bilse-de, ýigitleri-hä ejizläp gelýär diýip bilmezler» diýip çak etdi. «Ölsem-de, daňylgy gelýänimi bildirmän, abraýly bir öleýin» diýip oýlandy.

Ana, onsoň, daşyndan don geýdirip, guşak guşap, muny hem öňüne salyp, Şasepit ýene kowuberdi Göroglynyň yzyndan.

Habary kimden al? Görogly dagydan al! Bular Arazyň çaýyndan geçipdiler. Atlary ota, suwa kowup goýberip, guşagy çözüp, her haýsy bir zada gümra bolşup, gezişip ýördüler. Çaý içen çaý içip, uklan uklap ýatyr. Şeýdişip ýörkäler, bir mahaldan kybladan bir tozan peýda boldy. Görogly muny gördi-de:

— Haw, Köse, bu tozany görýämiň? — diýip, Köseden sorady.

Ol:

— Görýän, Görogly — diýdi,

— Görseň, Köse, şu atly ýa tegelek bäş ýüz, ýa-da şondan bäşi kem. Baştutany hem Şasepitdir. Köse, şiri-huda pir ýar bolsa, şu meýdanda şu atlylardan jandar goýman almagyň alajyny edeli!

Pah, kyrk dört derwezeli şäheriň içinden, daryň teýinden Öwez jany alyp çykan Köse gylaw baryny alypdyr, bu wagt döw barsyn Kösänin ýanyna! Ol:

— Aý, Görogly, Görogly, şiri-huda piriň ýar bolsa, sen beýlede duruber. Enşalla, bu ýygyna bissimilla nämä gerek?! Bu ýeri kyrk dört derwezeli şäheriň içi däl, Araz çaýynyň boýy, süýji suwuň başy,  bu meýdanda bu ýygynyn atyny, ýaragyny, garaz, bu olja-

ny bize hudaý berdi, Görogly! Muny   özümiz bir zat ederis! — diýdi. Soň ol begenjinden ýaňa telpegini atyp-atyp, ýere urýa.

Şol wagt Görogly:

— Haw, Köse, sen uruşjak bolsaň, entek howlukma, kyrk ýigidi al-da, dagyň aňyrsyna geçip, görünmän,bukulyp ýat. Öwez bolsa dag üstüne çykyp otursyn. Men Şasepit bilen sizden    öňinçä bäş-alty    agyz gepleşeýin — diýdi.

— Haý, Görgoly, gürrüň aýtdyň-a, bizi dagyn aňyrsynda goýup, oýun-tomaşany ýekeje özün görjek aga diýerler saňa. Biz-ä ol aýdanyňa razy däl-ow!

— Köse, sen oýun-tomaşa görjek bolsaň, men Şasepidiň ýygnynyň ýanyna geçip, bir nama gaýraýyn, şol

wagt senem bärden at goýaýgynyň!

— Aý, Görogly, seniň bolar-bolmaz  warsakyň köp,haýsy birine gulak asaly!

—Ýok, Köse, başga  ýüz müň nama aýtsamam gulak asma, ýanyna geçip, gyçha-gyç diýip, bir nama gaýraryn, şol wagtda at goý.

Köse razylaşyp, kyrk ýigidi alyp, bir dagyň aňyrsyna geçip, görünmän bukulyp ýatybersin. Öwezem dagyň ustüne çykyp oturybersin.

Görogly Araz çaýynyň arka boýunda kybla garap durdy. Onýança Şasepit kyblasyndan gelip, topa, şemhala, jezaýra, zemmirege ot guýduryberdi. Derýanyň ýü-züne gülle gowurga kimin şagyrdap guýulýar.

Bir mahaldan Göroglynyň gözi Mustapa düşdi, ini dyglap gitdi, — gorkan adamsy-da. Soňra Mustapa garap haýkyryp, salam berdi. Emma Mustapa Şasepitden gorkusyna onuň salamyny alyp bilmedi.

Görogly öz-özüne:

—Ýalandan giden ekeni. Wah, öldürsem boljak ekeni! Her zat bolsa, munuň ýadyna bir salaýyn — diýip,

Mustapa garap, bäş keleme söz aýdar gerek:

Sypaýy awa çykanda,   Gelip durduň, Mustapa beg!
Dogruma-dogry, ýüzme-ýüz Bolup durduň, Mustapa beg!
. .
Namartlar meýdana gelmez, Goç ýigidiň gadryn bilmez,
Salam berdim aleýk almaz, Muwerrisdir1, Mustapa beg.
. .
Salam berseň, aleýk salam, Bize geler hakdan kelam,
Bolmasa gaýry wessalam, Diýip durgun, Mustapa beg.
. .
Görogly, Aly pirime, Daglar eňreşer zaryma,
Şeşperim alsam elime, Indi ölduň, Mustapa beg1

--------------------------------------------------------------------------------------------------

Müwerris — gelşiksiz, ýalňyş manyda.

Bu sözi aýdandan son, Görogly:

— Haw, Şasepit! — diýip gygyrdy.

Ol:

— Nätjeg-aý! — diýdi.

— Sen top, şemhal atdyrmany bir sagat goýdur.Saňa bäş-alty agyz sözüm bar, tagsyr.

— Atmaňyzy goýun-ow! — diýip, Şasepit goşunyna buýruk etdi.

Hemmesi atmasyny goýdy.

— Aýdyber indi sözüň bolsa!

— Sözümi aýtsam, tagsyr, seniň atlyny görüp, nökeriňi görüp, bizin ýigitler eýäm gaçyp gitdiler.Hany, biri görünýämi? Hol dagyň üstündäki oturan Öwez jan, ol meni taşlap, hiç ýana gitmez. Meni aldygyň — ony aldygyň. Meniň gidere ýerim ýok. Meniň ýene birnäçe  hünärlerim bardy, şolary görkezäýsem diýýän.

— Näme hünärleriň bardy?

— Men aýdyjy bagşydym, çalyjy sazandadym. It urşy diýen urşum bardy, wellemşaha diýen oýnum bardy. Seniň ýanyňa bir geçsem,    sazymy çalyp bersem, namamy aýdyp bersem.It urşy görkezsem, onsoň, ýalkasaň — ýaz, gargasaň — gyş, tagsyr!

— Geç-ow bäri, zaniar! Sazyňy çalyp ber, namaňy aýdyp ber, oýun-tomaşaň bolsa-da görkeziber. Gaçyp gutulanynda-da barjak ýerin galaň dälmi?

Görogly Gyraty suwa salyp kä ýerde üzenňini batryp, kä ýerde atyň garnyna ýetirip, geçdi Mustapanyň ýanyna.

Baransoň Görogly :

— Toplum duruň, tagsyr: deslaby bilen wellemşaha diýen oýnumy öwredeýin saňa! — diýdi.

Hemmesi topar tutup, kybla garap durdular. Görogly dartdy ata gamçyny. Ortarasyndan iki bölüp çykdy, ýarysy bu ýanda galdy, ýarysy o ýanda. Rast wellem-şaha boldy.

— Ynha, tagsyr,wellamşahamyz-a   şu, It urşy soňa dursun. Indi namamy saňa aýdyp bereýin, gulak goý!

Görogly şeýle diýdi-de, kyblasyna geçip, hemmesini öz ýüzüne gözledip, ýensesinden bihabar edip, ýaňky namasyny aýtmaga durdy. Kyrk ýigidi wagtynda ýetişer-dä:

Bir jübüt garşylaşyp duranda, Ara ýerde okun döker gyçha-gyç.
Derýanyň ýüzüni duman tutanda, Bulut oýnap, ýagyş ýagar gyçha-gyç.
. .
Şasepit han etdi baýdagyn alyp, Muhannesler durabilmez gozganyp,
Goç ýigitler «Alla!» diýip, at salyp, Gylyjyndan ganlar damar gyçha-gyç.
. .
Garşymyzda ýaryň öýi eleslär, Gerekmeýär ýarsyz gelen nepesler
Bahar bolsa, arpa-bugdaý geleslär, Bir-birine başy deger gyçha-gyç.
Zylyhadyr Ýusup begniň, ýoldaşy, «Gulum» diýip, satdy ony gardaşy,
Ýusupnyň hijrinden Ýakubyň ýaşy Gözden akyp, ýüze düşer gyçha-gyç.
. .
Görogly goçlaryn ata, agasy, Goç ýigidiň bolmaz belli bahasy.
Öweziň başynda tylla jygasy, Şamal tapyp, ýere deger gyçha-gyç,

Bu sözi aýdansoň, Görogly: «Ýanky wellemşaham, bu-da namam. It urşuny görseň, meniň, yzyma düş, tagsyr!» diýdi-de, kybla garap, atyny depip goýberdi «Şunun yzynda bir zat bar gerek» diýip, Şasepit goşuny bilen gidiberdi.

Görogly bolsa öz ýigitlerine oňaý berip, öňüni başlap, şol gaçyp otyr. Köse dagy ýense berip, ýeňip barýan adamlaň girdi bir çetinden. ur, ýyk, sanç, agdar, bas, öldür, gaňyr, bas. Aý, garaz, maslygy maslyga çakyşdyryp barýarlar. Görogly bir yzyna gözlese,

Köse yzyny tutuş paýhynlap gelýär, zaňňar, Şol mahal Şasepit Göroglynyň gapdalragy bilen atyny debsiläp gelýärdi. Görogly ýetip baryp, Şasepidi şapba jylawlady. Bu ýanlygyna garşy dönderip, ýüzüne bakyp:

— It urşuny öwrendiňmi, tagsyr?! It urşy şular ýaly bolýandyr, ýagşy öwren! — diýdi.

Gözlese, ýygyndan birisinem  goýmandyr. Şasepit;

— Öwrendim, Görogly! — diýdi.

— Kemis-kümsüň galanok gerek, tagsyr?!

Şasepit:

— Hergiz, hergiz galan däldir — diýip, simap kimin sandyrap, gamyş kimin galdyrap dur zaňňar.

Görogly aýtdy:

— Heý, pelit, sen beýdip durmagyňdan özüňe-de,maňa-da peýda ýok. Ýöne sen:    «Mundan bu ýana Hüňkär patyşanyň diýenini etmen, ejiz biçärelere zulum etmen» diýde, ak ýüregiň bilen meniň ýanymda kasam et, eger şony etmeseň, ine, kelläň gitdi — diýdi. Şasepit dyza çöküp, ýetmiş sapar ant içdi. Emma ýalandan ant içdi,

Görogly :

— Seniň agaň osman patyşasy Hüňkär soltan Göroglyny: «Bir eşek ogrusy, adam öldürip ýören» diýip aýdýanam bolsa, ol ata-babasy bilen ýalan  aýdypdyr.Görogly diňe ejize ganym ,zalymlary öldürýändir.Bar, munam aýt! — diýdi.

Şasepit ähli goşunyndan aýrylyp, täk özi galyp, tä garasy ýitinçä Görogla baka öwrülip, tagzym edip, arkanjaklap gitdi.

Ýene yzymdan geler öýdüp,jany çykýardy.

Görogly meýdanda sergi bolup ýatan bäş ýüz atlynyň arasyndan aýlanyp ýören öz ýigitleriniň ýanyna geldi.

Görogly aýtdy:

— Haý, Köse, baýaky Mustapa ýalandan dogan okaşan bolup giden ekeni, ýaňy şu ýygnyň içinde göründi welin, heý, seniň gözüňe ilmedimi? — diýdi.

Onda Köse:

— Şol zaňňaryň maslygyny otlap, içimi sowutmasam bolmaz. Ýör, görkez! — diýdi.

Mustapanyň atdan agdarylan ýerine gelip, atdan düşüp, daşyndaky guşagy çözüp, donuny çykaryp görseler, Mustapanyň eli arkasyna daňylgy ekeii. Muny görüp, Görogly :

— Wah,Köse, muny Şasepit daňyp äkelen ekeni,bu zora düşüp gelen ekeni, biziň bilen göwnüniň birigi çyn ekeni — diýip, gaty gynandy.

Ana, onson, şu ýerde Mustapany oňat edip jaýladylar. Görogly bolsa Mustapany taryp edip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Söweş wagtyny ötüren, Mustapa begim, senmi sen?!
Hakyň buýrugyn bitiren, Mustapa begim, senmi sen?!
. .
At-ýarag, esbaby şaýly, Keýmir okly, gaty ýaýly,
Uruşda ýüz müňe taýly, Mustapa begim, semi sen?!
. .
Bolan Ispyhanyn hany, Göwnümden çykmaz armany,
Söweş gunüniň arslany, Mustapa begim, senmi sen?!
. .
Dünýä bilen bolmaz hoşy, Ganym bilen ýokdur işi,
Gäroglynyň baş ýoldaşy, Mustapa begim, senmi, sen?!

Bu sözi aýdyp, bu ýygny gyryp-gyrjaşdyryp, oljalap, dönüp, galasyna gaýdyberdi. Görogly galasyna gelip:

— Haw, Köse, Öwez jan keselläp, toý-tomaşa beri«bilmändik, bir-ä onuň toýy bolsun, onsoňam, şaýymez» hebe duşüp, ýene gaýtaryp aldyk, birem şonun toýy bolsun! Il-halka toý-tomaşa beriň, Köse! — diýdi.

Köse aýtdy:

— Haw, Görogly, bu zatlary ilata paýlap, soň özümiz näme iş edeli?! Biz näme, gum iýip oňalymy?! Ýena erte Genjim beg diýip, pylany baý diýip, dileg üçin gapy syryp, gedaý gezelimi?! Görogly, munyň bolmyýa!Öz meýhanamyzda urbalyk tapylman durka, oljamyzy ilata berip, aç oturarys!Olar, näme, biziň bilen hatarda durup, Hüňkärin nökerleri bilen    naýzala»şypmydylar ýa gylyçlaşypmydylar?!

0nda Görogly aýtdy :

— Ýok, Köse, beýle däl. Biz çöl gurdy, dag şiri ýaly ýigitler. Janymyz sag bolsa, bize olja her günem tapylar. Biz öz başymyzy çararys. «Bu günlugini tapan, ertirligini gaýgy etmez» diýendirler.Ýene-de mekir-al bilen, zulum-sütem bilen haram mal toplap, gözi gyzaranlar duşman durasy ýok. Sen juda darygyberme, Köse! Gaýta toý-tomaşa bahanasy bilen oljalary öz başyny çarap bilmeýän garyp-biçärelere paýlap bermek, oňar-oňmazlara haýyr-sahawat etmek tüýs mert ýigitleriň işi bolar.

— Bolýa, Görogly, seniň diýeniňi edeli, näme, erteki gün azygymyz tükense, tapjak ýene özüň dälmi! — diýip, Köse: «Göroglynyň uly toýy bar» diýip, jar üstüne jar çekdiriberdi.

Şeýlelikde, Görogly külli türkmen halkynyň il--ulusyny ýygnap, Çandybil galasynda on gije-gündizläp toý-tomaşa tutup, nan diýene — nan, teňňe diýene — teňňe, serpaý diýene — serpaý berdi. At çapdyryp, altyn-gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp uly tomaşa berdi.

Şeýdip, Görogly sag-salamat Öwez ogluna gowşup, maksat-myradyna ýetip, öz meýhanasynda ýatybersin.

Her kişem şolar ýaly iş bitirip, myrat-maksadyna ýetip, toý-tomaşa edip, yrsgal derýasyna bereket, ýurda agzybirlik bersin!

Ýagşy ýetsin myrada, Ýaman galsyn uýada!
Olam galyp näm boljak, Hemme etsin myrada!