KYRK MÜŇLER

Habary kimden al? Üsti maslykly pilden al!

Görogly beg Arap Reýhanyň maslygyny piline ýükläp goýberdi, Pil ajygan ýerinde otlap, suwsan ýerin-de suw içip, niçe dagdan-dereden aşyp, niçe menzil ýollary geçip — ýol uzak-da bolsa gepiň gysgasy ýagşy ,Gürjüstan ýurduna bardy.

Ýagdaýy Leke patyşa habar berdiler:

— Haý, tagsyr patyşahym,baýaky Arap Reýhany mündürip iberen piliň geldi.Onuň alaşasy,ineri,özi ýok.

Patyşa erk galanyň işigine çykyp:

— Baryň, pili äkeliň! — diýip buýruk berdi.

Derrew pili getirdiler. Patyşanyň piliň üstündäki çalça gözi düşdi.

Ol:

— Haý, zaňňar-eý, özi ýolda aw diýip galyp, çalça şireli zat ýükläp goýberipdir-ow bu! — diýdi.

Bir zamandan çalçany başaşak silkseler, onuň içinden gulaç ýarym, gulaç ýarym omaça süňk çykýar, Arabyň eti-ýagy eräp, ýurduna diňe bir süňki gelipdir, Ol süňkleri görüp patyşa:

— Özi ýolda aw diýip galyp,Göroglynyň maslygyny ýükläp goýberen eken-ow. Göroglynyň süňki-dä bu!--diýdi.

Patyşa şunuň bilen wagtyny hoşlap, tagtynda bolubersin.

Indi habary kimden al? Arap Reýhanyň şol baýaky sopy bolup ýören agasy Aman Arapdan al!

Aman Arap:

— Alla, bu zaňňar kän eglendi-le. Muny hyzmata iberen Leke patyşady, şondan bir habar alaýyn — diýip oýlandy. Şonlukda, günlerde bir gün Leke patyşanyň gaşyna gelip, salam berip, baş egip:

— Haw, tagsyr patyşahym, biziň innmizden hiç habar-hatyr bolmady-la? — diýip sorady.

Leke patyşa:

— Aman Arap, senin iniň ýolda aw diýip galdymy-ka diýýäň, heniz-ä gelenok. Özünden öňinçä Göroglynyň maslygyny ýükläp goýberipdir! — diýdi.

Aman Arabyň ýüregine howsala aralaşyp:

— Hany, Göroglynyň maslygy?! —diýdi.

— Ynha! — diýip,    ýaňky    süňkleri Aman Arabyň önüne şakyrdadyp zyňdylar. Aman Arap sünki alyp, öz süňki bilen deneşdirip gördi. Öz süňki bilen deň geldi. Ol süňki alyp:

— Haw, Leke patyşa, mundan Göroglynyň maslygy bolmaz, bu biziň inimiziň maslygy, inimiziň!.. Beýnisi ýukarak, akyly gysgarak bir inimiz bardy. Ony aldap-ogşap, hoşamatlap,Göroglynyň üstüne iberip, ganyna  galypsyň.Düş öňume, zaňňar,  düş diýdim düş! Eger düşmeseň, güýmek-süýmeň etseň, galaňy agdar-düňder edip, başyňa zyndan ederin! Sopuçylygy-da taşlanymyz  şu! — diýip, köwüş-mesini-de zyňyp goýberdi.

Patyşa:

— Haw, Aman Arap, sen biraz tagapyl et, maňa puryja ber! Men bu wagta çenli ony iberip, arkaýyn bolup ýördüm. Indi Hüňkäre habar edip, Hünkär başlyklaýyn güýç birikdirip, bir gidip göreýin — diýdi.

Aman Arap bekine tutup:

— Nähili ýöreýän bolsaň-da, düş eňüme!— diýdi,

— Bolýa — diýip, Leke patyşa  Huňkäre hat ýollady. Hüňkär haty alyp görüp, dergazap bolup, çar tarapa hat ýollaberdi. Hat ýollan ýurtlarynyň ady: Ispyhan-Nisbijahan, Häzirbegjan, Hyryrowan,Nişapur, Germiýan, Osman, Töwriz, Arabystan, Owgan, Weýeňňam.

Hüňkär üç aýlap goşun jemledi. Jemlän goşunynyň bir müňi seýrigöý, bir müňi jadygöý, bir müni häzirbaş, bir müni wakybaş. Müň top, müň şemhal, müň jezaýry, müň zemmirek, niçe müň saý atly, niçe müň ýabzal1, niçe mün. ýoz atly. Bu goşun bilen Hüňkär Çardagly Çandybile ýöriş etdi.

Görogly Hüňkärin,goşuýa çekil geljegini eşidip, Däli Mätel bilen Seýtek Gyrmany dagyň geçelgesin-de garawul goýup, özi meýhanasynda kyrk ýigidi bilen mes bolubersin.

Hüňkär bu ýygyn bilen Çardagly Çandybiliň töweregine düşüp, sep gurap ýatyberdi. Agyr ýygnyň at aýagynyň tozundan dörän ümür-duman asman-pelege çykýa, Agaýunus peri bilen Gülşirin köşgüň üstünde otyrdylar. Agaýunus bu ümür-dumany görüp:

—      Bo-how, Gülşirin jan, bar, agaňa aýt! Onuň şerap içmesi, keýp çekmesi tükenmez, bu duman ýagşyn--siliň dumany däldir. Bu agyr ýygnyň dumanydyr — diýdi.

— Bolýa — diýip,   Gülşirin   meýhananyň   agzyndan gelse, Görogly başlyklaýyn kyrk ýigidiň bary serrelişip ýatyr. Gülşirin meýhananyň agzynda durup, bäş keleme söz aýdar gerek:

Asman ýüzün tutup geldi,

Begler, bu nä duman boldy?!

Gözüm ganly ýaşa doldy,

Begler, bu nä dumai boldy?!


Bu dumana barylmady,

Baryp habar sorulmady,

Üstümizden aýrylmady,

Iller, bu nä duman boldy?!


Bu dumanyň çasty bardyr,

Ýanynda bir dosty bardyr,

ÝAlňyzymda kasty bardyr,

Begler, bu nä duman boldy?!

---------------------------------------------------------------------------------------------

1 ÝAbzal — saýlama»

Duman öwrüldi serimden,

Medet dilesem pirimden,

Aga jan, turgun ýeriňden,

Aga, bu nä duman boldy?!


Gülşirin diýr, bu gazaly,

Belli kasmata ýazaly,      

Bu jebre niçik dözeli,

Iller, bu nä duman boldy?!


Gülşiriniň, sözi olaryň hiç haýsynyň gulagyna ilmedi. Käse ýöredeni üçin Öweziň özüne azrak ýeten ekeni. Bu söz Öweziň gulagyna degip, ýüwrüp daşaryk çykdy.

— Haw, Gülşirin, näme gep-söz bar?!

— Öwez, ümür-duman asman-pelege çykýa, duşman gelipmikä diýýän.

Öwez şerabyň mesçiligi bilen: «Gel, entek agama aýtmaýyn-la, özüm bir habar alyp gaýdaýyn» diýip, ýüwrüp seýishana geldi. Oňa Göroglynyň Gyraty gabat geldi. Öwez Gyraty münüp, ýalňyz özi çykyp ötä-gitdi.

Däli Mätel bilen Seýtek Gyrma-da duşmanyň aşagyna-ýokarsyna belet bolup, gala garşy at gamçylap gelýärdiler. Görseler, Öwez Gyraty aldygyna çapyp barýa. Gygyryşdylar — gulak asmady, kowdular — ýetdirmedi. Indi Öweziň sözi birneme soňurraga duru-bersin.

Däli Mätel at derledip, meýhananyň gapysyna geldi. Seretse, Görogly başlyklaýyn kyrk ýigidiň ählisi ýatyr. Däli Mätel at üstünde jylawy eýeriň gaşyna taşlap, sazy goluna alyp, bäş keleme söz aý-dar boldy:


Atlanyň, beglerim, serden geçeýliň,

Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar!

Bir käse şeraby berseň içeýliň,

Hem Bagdatdan, hem Tährandan gelen bar!


Hüňkär topun bize garap atypdyr,

Çandybiliň degresini tutupdyr

Duşmanlar mes bolup hetden ötüpdir,

Hem Bagdatdan, hem Tährandan gelen bar!


Gyzylly-ýaşylly çadyr guruldy,

Tomaşada altyn gabak uruldy.

Baly begiň ak otagy görüldi,

Hem Tährandan, hem Bagdatdan gelen bar,


Däli Mätel bilmez goşun sanyny,

Baglap äkiderler Öwez janyňy,

Naýza urup döküň gyzyl ganyny,

Ispyhandan hem Hüňkärden gelen bar,


Däli Mätelin: «Baglap äkiderler Öwez janyňy» diýen ýakymsyz owazy Göroglynyň gulagyna degdi. Ol ýuwrüp daşaryk çykdy, görse, Däli Mätel at derle-dip dur.

— Haw, Mätel, eýgilikmi?!

— Görogly aga, eýgiligiň-beýlekiňi bilemok.Duşmanlar gelip düşdi. Çöpde-çörde san bar, olarda san ýok. Gyraty münüp, Öwezem ýaňy gitdi.

«Gyraty münüp Öwezem gitdi» diýensoň, Göroglynyň akyl-huşy, ysgyn-deramaty giden ýaly boldy. Onynça ýigitlerem ördüler.

Görogly:

— Haw, ýigitler, çaý-çilim taýýarlaň! — diýdi.

Ýigitler derrew çaý-çilim taýýar etdiler.Çaý içinçä, çilim çekinçä, Görogly:

«Şol duşmanlaryň gala gelenini gözüm görmesin, Men şu ýanda Öwezi ýa alaýyn, ýa öleýin!» diýip, oýlanyp otyrka, harazdan palanly ýabyny idip, bir dogmasy geldi. Görogly:

— Haw, dogma, düş ýere! — diýip, muny ýabydan düşürip, başy sopbaşly, egni ýektaýly aýak ýalanaç palanly ýabynyň üstüne böküp mündi. Bir laý kepje-de ýatan ekeni munam eline alyp:

— Men şu ýagdaýda aýlanyp gaýdaýyn. Siz galada boluberiň! — diýip, Görogly    palanly ýabyny münüp,kepjäni egnine taşlap gidiberdi.

Indi habary Hüňkärden al!

Ol gelip çadyr-çemenini dikip, goş-kötelini taşlap, göwnuni bire baglady. Onuň Esenhan patyşa diýen bir serkerdesi bardy. Muny bäş ýüz atlysy bilen «Bäri ýanyndan aňry ýanyndan habar al, dil tut, ukudamy, oýamy, alamana, awa-şikäre gidipmý, nähilidigini býalip gel!» diýip, Göroglynyň galasyna ýollapdy.

Bular-da gorka-gorka gelýädiler. Gözleseler, galadan bir ýabyly çykyp, elesläp gelýä. Olar: «Bize aňsat ýerden dil bolar, biziň ýanymyza gelse gerek. Şun-dan habar alarys» diýip, sap-sap bolup durdular. Emma Göroglynyň şol ýabysyny çapyp, kelläni aşak basyp, bulary görmedik kişi bolup barşy.

Esenhan bir atlysyna:

— Bar, şony tutup getir, ondan bir habar alaly! — diýip buýurdy.  Onun atlysy  Göroglynyň yzyndan ýetip, ony bärligine alyp gaýtdy.

Görogly Esenhan  patyşasynyň gaşynda salam berip durdy. Esenhan patyşa:

— Aý, ýagşy ýigit, sen kim bolarsyň?! — diýdi.

— Men Göroglynyň dogmasy, tagsyr.

— Dogmasy bolsaň, bu ýana näme işe barýasyň?!

— Şu dagyň üstünde düme ekilen ekin bardy,ýagyş ýagýamy, sil gelýämi, ümür-duman köp görünýä, şoňa aýlanmaga barýan.

— Gaýt yzyňa, kelläňi alyp giderler!

— Hä, näme, alar ötägider ýaly meýdanda  ýatan kelle barmy?

— Bu duman ýagşyň-siliň dumany däl. Hüňkär başlyklaýyn ýygyn geldi. Bu şonuň dumany.,

Görogly:

— Öz gözüm bilen görmesem ynanmaryn,tagsyr!— diýip, ýabysyny depip ötägitdi.

Esenhan ýene bir atlysyna buýurdi.

— Ýetip, alyp gaýt ony!

Bir ýyndam atly kowup ýetip, Göroglyny ýene alyp gaýtdy.

— Haw, zaňňar, gözüň bilen gören ýaly, ynan şuňa!

— Öz gözüm bilen göreýin, tagsyr, goýber meni!

— Öz gözüň bilen onsoň-da görsen, bolar, Hany,aýt, Görogly agaň öýdemi?!

— Öýde.

— Ol bu günler näme iş başynda?

— Görogly  agamy  alty  aýdan  bäri ysytm-a tutýa,Men bäri gaýdamda, perizady onuň agzyna pagta bilen suw damdyryp otyrdy.

Görogly kesel diýensoň, gam-gaýgysyz, jap-jaýly bolup Esenhan patyşa atlylaryna:

— Haw, ýigitler, çaý-çilim, taýýar ediň.Görogly kesel   bolsa,  gaýgysyz  boluberiň! — diýdi, soňra Görogla   ýüzlenip:

--  Sen Göroglynyň, dogmasy  bolsaň, özüň nireden?

— Aslym häzirbegjanly, tagsyr!

Niçesinin özi häzirbegjanly, niçesiniň enesi häzirbegjanly. munuň bilen tüýs daýy-ýegen çykdylar... Bular daýy-ýegenini görende, gujaklaşyp ogşaşar ekenler. Olar bir ogşasa, Görogly şapbyldadyp iki ogşaýa zaňňar.

Görogly aýtdy:

— Iki günden bäri zol-zol gözüm çekýädi. Sizleri görjek ekenim-ow

— Häzirbegjanly, sen bu ýana gitjek diýip dyzap durma, seni tanaýan bar, tanamaýan bar, biri öldüräýmesin. Saňa şu ýerde gelen ýygyny gözüň bilen gören ýaly habar bereýli, Alynyň haky üçin ynan!

Görogly:

— Alyny orta  saldyn,  ynandyk, tagsyr! — diýdi.

Esenhanyň ýanynda şahyr bagşysy bardy, Ol şoňa:

— Muna gelen ýygny habar ber! — diýdi,

Şahyr bagşy sazyny goluna alyp, gelen ýygny habar berip, bir söz aýdar gerek:

Damgandan, Bossandan, Şirwan, Halapdan,

Gör sen indi, belli-belli gelmişdir,

Kyrk müňi ýasawly, tarap-tarapdan,

Kyrk müň dähä1 demir donly gelmişdir.


Kyrk müňi serkendir2, kyrk müňi darga,

Kyrk müňi mürzedir, müneni ýorga,

Kyrk müňi bezzatdyr, gelerler zorga,

Kyrk müň ýene şerbet-bally gelmişdir.


Kyrk müňi maýaly, kyrk müňi nerli,

Kyrk müňi beg ogly, bili kemerli,

Kyrk müňi ussatdyr, goly hünärli,

Kyrk müňi tirendaz3, belli gelmişdir

-------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Dähe, daha — eie, hao. 8 Serkei — kelle kesiži. " Tirendaz — ok atyjy, ^

Kyrk muňi bahadyr, ýörirler yzga,

Kyrk müňi bahadyr, sanjarlar gözge,

Kyrk müňüni görseň, müneni ezge,    

Kyrk müň ene atly, pilli gelmişdir.


Kyrk müňi bahardyr uruşda taýýar,

Kyrk müňi jadygöý, kyrk müňi aýýar,

Kyrk müňi laýhordyr, kyrk müňi huşýar,

Kyrk müň ýene sütemkärli gelmişdir.


Kyrk müňi ataşbaz, otlar gezdirer,

Kyrk müňi jadygöý, adam azdyrar,

Kyrk müňi merdikär, galaň bozdurar,

Kyrk müň ýene goly pilli gelmişdir.


Kyrk müňüni saýlap getirdim mertden,

Kyrk müňi başyňy çykarmaz dertden,

Kyrk müňi gajardyr, kyrk müňi kürtden,

Kyrk müň ýene belet dilli gelmişdir.


Kyrk müňi ýasawul, bararlar paja,      

Kyrk müňi galandar, giderler haja,

Kyrk müňi seýitdir, kyrk müňi hoja,

Kyrk müň ýene aga ýolly gelmişdir.


Kyrk müňi aşpezdir, tylla tabakly,

Kyrk müňi juwandyr, badam gabakly,

Kyrk müňi kürt ogly, agzy gapakly,

Kyrk müň ýene burny gylly gelmişdir.


Bagdatda gün dogup çyksa asmana,

Töwrizde gurular ahyrzamana,

Esenhan diýr, beýle gaýtsa zamana,

Kyrk müň şalar, bese-belli gelmişdir.


Esenhanyň şahyr bagşysy sözüňiň soňunda patyşanyň adyny getirdi. Görogly aýtdy:

— Haý zaňňar-äý, kyrk müň, kyrk müň.,. Soňuny aýdynça, hemmejesi huşumdan çykdy!

— Agaň sowathonmydyr?!

—      Agam edi ýyl okap, bilim hakyny alandyr, Gözüne hat ýoluksa ýeter.

Esenhanyň ýanynda  diwan  mollasy bardy. Ol şol molla:

— Şu  namany ýazyp,eline ber!— diýip buýurdy.

Diwan mollasy bolsa bir kagyza ýazyp, eline berdi.

Esenhan Görogla:

— Haw, häzirbegjanly, şuny ýatan ýerinde agaňyň gözüne tut. Haty okap, şunça ýygnyň, gelenin bilip, gorkusyna galan ýarty janam çyksyn! — diýdi.

Görogly:

— Bolar, tagsyr — diýip, kagyzy sopbajynyň depesine gysdyryp geýdi. Esenhan:

— Eý,  häzirbegjanly, sen  Göroglynyň dogmasy diýýäsiň, sen onuň aşpezimi, düýe çopanymy, jylawdarymy, paýekisimi, suwçusymy, emelia näme?! — diýdi.

— Tagsyr,  paýeki-suwça ýetiberme, biz Göroglynyň jylawdarydyrys.

— Ökde emeliň bar ekeni, urşa çykanda, bile çykýamyň?!

— Urşa çykanda, ýelesini saklap gelýän dogmasy men.

— Göroglynyň «It urşy» diýen urşy barmyşyn, «Wellemşaha» diýen oýny barmyşyn, sen olaram bilýämiň?!

— Bilýän, tagsyr! .

— «It urşunam» bilýämin?!

—Baý, «It urşun-a» deslap öwrenip goýupdym.

— Görogly agaň Gyratyna  münende, urşa gitjek bolanda, iner kimin kükräp, nama gaýrar ekeni, sen ony bilýämiň?!

— Ony-da bilýän, tagsyr!

— Baý,  zaňňaryň deni-taýy ýok eken-ow!  Häzirbegjanly, agaň namasyndan bir nama gaýryber. Biz seniň Göroglynyň jylawdarydygyna ynanaly!

— Bolar, tagsyr!   Görogly urşa  gitjek  mahalyn-da, ine, şu namany gaýyrýardy, tagsyr! — diýip, elind sazyny alyp bir, nama gaýryp bersin:

Men saňa nä diýdim, Esenhan patyşa,

Indi saňa dogry sözlerim bardyr!

Atyny ugratma gaýadan-daşa,

Meniň at işlemez ýerlerim bardyr!


Egri däldir, sýaňa dogrudyr sözüm,

Ganymy göremde, açylar gözüm,

Eger atym büdräp, ýykylsam özüm,

üstümde how çeken şirlerpm bardyr!


Men saňa nä diýdim, kem saýdyň bizi,

Çykar men çöllere, awlar men düzi,

Öweze ýetinçä, gyrar men sizi,

Kerbela deşti dek çöllerim bardyr!,


ýigitlerim bardyr, bukuda bekli,

Garaguş ganatly, arslan ýürekli,

Seri durna telli, samyr börükli,

Ýagyrny galkanly goçlarym bardyr.


Görogly beg, adym äleme destan,

Gyratym meýdanda ner kimin mestan,

Haýbatymdan titrär külli Gürjüstan,

Tekeli-türkmenli illerim bardyr!

Bu sözi aýdansoň, Esenhan Görogla:'"

— Pah, häzirbegjanly agasynyň namasyny gaýyrýan eken-ow! Hany, bizlere agaňyň «It urşuny», «Wellemşaha» oýnunam görkez! — diýdi.

Görogly:

— Tagsyr, hemme oýun-tomaşasyny öwretsek, görkezsek-de, şol «It urşuny» goýaly! — diýdi.

— O näme üçin?!

— Ol bir köp sagatlyk uruş tagsyr, goşunyň howsala düşer, oturabilmez.

Esenhan bolsa:

— Aý, ýok, oturar — diýdi.

— Tagsyr, häsiýetli zat däl, şony goýaly-la!

Görogly«goýaly-goýalysyny»köp aýdyberensoň,Esenhan öz atlylaryna:

— Haw, ýigitler, Göroglynyň «It urşuny», «Wellemşahasyny» görseňiz, öwrenseňiz, her haýsynyz buwagta çenli bala-çagaňyzy satyp berjekdiňiz. Ynha, häzirbegjanly öz  süňkdeşimiz,gardaşymyz, saý-sebäp bilen sataşypdyr. Bir pul çykdajyňyz ýok, halys alladan öwretjek. Şu öwredip gezip ýörkä, biriň munuň  ýüzüne gözleseňiz,  kelläňzi alaryn! — diýip, gylyjyny gynyndan sogrup, öňüne kese basdy.

Höküm güýçli bolansoň, ýerden başga ýere gözleýän adam ýok. Ýygna suw sepilen ýaly boldy.

Görogly:

-- Tagsyr, çynyňyzdygyny indi bildim — diýdi.

Görogly orta geçip, göreş tutjak adam ýaly, bilegini çyzgap, iki syýyny biline urupdyr. Baýaky kepje-de elinde. Ol kepje ýedi ýyl ýerde ýatyp, ýer suwuny içen kepje, dessesiniň uzynlygy gulaç ýarym, ýüzi ýalyn ýaly. Ol:

— Tagsyr, «It urşy» entek soňa dursun. Ilki «Wellemşaha» diýen  oýny  görkezeýin — diýip,  kepjäniň dessesiniň ujundan   tutup, ýygnyň içine  kürsäp urup ötägitdi. Kepje haýsy ýerden degse, tüýs alyp barýar. Aňry  çetine çykyp, bärligine-de bir gaýtdy,

Soň ol:

— Ine, tagsyr, «Wellemşahasy» şu!  Agamyn «Aýlantabak» diýen oýnam bar, onam görkezeýin — diýip,

kepjäniň  dessesiniň    ujundan  tutup, gözüni   ýumup, pyrlanakgada   aýlanyberdi,ýarymynyň   maňlaýyndan degýä, käsiniň bolsa göwres-ä otyr, pyzlawuk kädi ýaly bolup kellesi honda ýatyr.

Esenhan patyşa esewan etse, «häzirbegjanly» onda ol-munda bu diýip goşunyny gyryp ýör. Esenhan patyşa:

— Haý, oýnam gursun, tomaşasam! Basyň zaňňary! — diýdi.

Basyň diýeni bilen Görogly basdyrjakmy, özüni çete çekdi. Gözlese, çeträkde Esenhan patyşanyň aty gantarylgy duran eken. «Şundan gowuragy ýokdur gerek» diýip, Görogly ata garşy ýüwürdi. Atyň tanapyny pyçak bilen kesip, üstüne böküp mündi.

«Atlan-ha atlan!», «öňünden bol-ha-öňunden bol!» boluberdiler, alagalmagal ediberdiler. Görogly gala garşy gaçarmyka diýdiler. Görogly ol aýdanlaryny etmedi. Kyblasynda bir dag bardy, şoňa garşy atynyň jylawyny deňläberdi.

Atlanyp, Göroglynyň yzyndan kowmaga aýlanyşdylar. Köpläp ýetseler, gaçyp otyr, ýeke-iki bolup ýetäýseler, dönägede, kepje bilen agdarýa. «It urşuny» edip ýör, kä gaçyp, kä kowup ýörşi — tüýs it urşy-da! Ýeke-ýekeden sazlap gelýär.

Esenhan patyşa:

— «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýenleri, indi men näme işläp durun? — diýip, goşunyň öňüni başlap dagyň deresi bilen gaçyberdi. Görogla-da geregi şol!

Dar derede ýygyň biri-biriniň öňüne düşebilýämi? Girdi bir çetinden: ur, ýyk, sanç, agdar, öldür, gaňyr, bas!

Görogly ýygyny gyryp, Esenhan patyşany sakga jylawlady, ýüzüne bakakga:

— «It urşuny» öwrendiňmi, tagsyr?! -- diýip sorady.

— Öwrendim.      

— Kemis-kümsüň galan-a däldir?!

— Hergiz-hergiz galan däldir-e-eý!

Esenhan gorkusyna simap kimin sandyrap, gamyş kimin galdyrap dur.

Görogly öz içinden aýtdy; «Şunuň gözüniň ody alnar ýaly edeýinle» diýip, kisesinden pereňi çakgyny çykaryp, ýaňky ölenleriň gulak, burnuny kes, tyk at torba, kes, tyk at torba. Bir at torba sygmady, ýene bir at torbany depip doldurdy. Özüňe mälim, galyň palowkädi ýaly gulak-burunlar. Burunlardan iki at torbany doldurandan soň, Esenhan patyşanyň hem gulak-burnuny alyp, at torba saldy. Atyndan düşürip, öz münüp gelen ýabysyna mündürip, ýabynyň, garnynyň aşagyndan çekip aýagynam daňdy, elinem syrty-na daňdy. Iki at torbanyňam bagyny çatyp, ýabynyň sagrysyna berkitdi. ÝAbyny ýaňky ýoda salypşeşper bilen sagrysyna bäş-altyny gondurdy. Dagyň jülgelerinden hemişe ot daşamaga öwrenen ýaby, muny aldy ötägitdi.

Bardy goşunyň bir ýan çetinden. Muny gören gülüş, gören gülüş, syp-syrdym bolup Hüňkäriň gaşyna baryp, zommaragada duruberdi. Hüňkär:

— Heý, zaňňar, salam ýok, helik ýok, habaryňy ber!-- diýdi.

— Zäheri ber, merezi ber, habar gerekmi saňa, habary bolup durşumyzdan alaýmazlarmy? Göroglynyň bir dogmasy bäş ýüz atlyny gyryp goýberdi, ine saňa gerek bolsa habar şo.

— Pah, dogmalaryna çenli uruş tälimini öwrenen eken-ow! — diýip, bu agyr ýygyn howp tapmaga aýlanyşdy.

Hüňkär aýtdy:

— Aý, bolsa-da bular ýaly agyr ýygynda  munça-munça gyrylman bolýamy. Bu bir ýagşy görýän serkerdämdi, özi ölmän aman-sag gelipdir. Munuň gulak,burnuny jaýynda goýuň — diýip, patyşa hekimlerini ýygnap höküm etdi. Hekimler jemlenişip:

— Gulag-a beýlede dursun, tagsyr,entek burnuny ornaşdyralyň— diýşip,burnunyň ornuna tenekar sepip, burun goýýalar. Käsi iki barmak ýetmeýä, käsi üç barmak ýetmeýä. Esenhan patyşa aýtdy:

— Haw, zaňňarlar, goýup-göterip meniň janyma aldyňyz, hol gara torbany silkiň, biziň burun şonuň içindedir — diýip gygyryberdi.

Gara torbany silkseler, terrägeden-de bir burun gaçdy, edil küdüň ýaly: «Meger çyksan şu çykarsyň» diýip, getirip goýdular welin, bu ösgünräk düşdi. Barynça biraz ýellenäýen bolmaga çemeli.

Bu gep bu ýerde dursun, indi habary kimden al? Göroglydan al!

Görogly bäş ýüz at-ýaragy oljalap, gala alyp gaýtdy.

«Enşalla, öňi geldi, soňam geler!» diýip galasyna gelip, täzeden bäş ýüz atly nöker aldy. Bu at-ýaraglary hem ýaňkylara berdi.

Nökerleri:

— Bu at-ýaraglary näme üçin berýäsiň bize? — diýip soradylar.

Görogly:

— Ýigitler, bu ýygyn bäş günde, on günde gaýtjak ýygyna meňzeş däl. Sizi bir mahal urşa alyp çykaryn, şonuň üçin berýän muny — diýdi.

Onda ýigitler:

— Haw, aga, uruş diýeniň, gören zadymyz däl, bizlere uruş tälimini öwredip bir söz aýt, tüpeň, gylyjyň gerek ýerini salgy ber.    Baranymyzda, öz ýaragymyz özümize ýagy bolup durmasyn! — diýdiler.

Görogly:

— Ajap  bolar! — diýip, bulara  garap, bäş keleme söz aýdar gerek:

Atlar aýdar, men bökerem,

Naýza aýdar men sökerem,

Pürkdürip ganlar dökerem,

Atym ýyndam bolan çagda.


Tüpeň aýdar, sesim ýaman,

Degerim-degmezim güman

Degäýsem, ibermen aman,

Peltäme ot degen çagda.


Gylyç aýdar, men alaýam,

Parlap howadan geleýem,

Ganymy iki böleýem,

Ala polat bolan çagda.


Ýaý aýdar, bilim egerem,

Ok aýdar, durman degerem,

Sowut derisin sökerem,

Golda kuwwat bolan çagda,


Galkan aýdar, men alaýam,

Taslyn bilmeze belaýam,

Goç ýigide men galaýam,

Serpip-serpip alan çagda.


Şeşper aýdar, meniň işim,

On iki paradyr başym,

Tuwulga bilen söweşim,

Süýr depeden inen çagda.


Pyçak aýdar, men ýaragam,

Guşak destinde duraram,

Jaý ýerinde men geregem,

Goltuklaşyp gelen çagda.


Palta aýdar, men hastaýam,

Namart elinde pesteýem,

Urup ýykmaga ustaýam,

Ýygyn basgy bolan çagda.


ÝUmruk aýdar, men hyrtaýam,

Mydam ýanyňda ýortaýam,

Çekip ýakasyn ýyrtaýam,

Jeňňe-jüňňe bolan çagda.


Görogly aýdar, ýa jepbar,

Şahymerdan, bol medetkär,

Goç ýigide bary derkar,

Pirden hümmet bolan çagda!


Görogly bu sözi aýdandan soň ýigitler:

— Eý aga, uruş diýeniň şu bolsa,bu öwredenleriňi gaýym beýnimize ornaşdyrdyk, urşa häzir gitseň-de, biz taýýar! — diýdiler. Onda Görogly:

—Ýok, ýigitler, siz entek galada boluberiň, gerek wagtynda özüm habar bererin! — diýdi.

Ýigitler dargaşyp öýli-öýüne gaýtdylar.

Şondan soňra Görogly öz kyrk ýigidi bilen maslahat etdi.

Ol:

— Haw, ýigitler, bu ýygyn bu günde-ertede gitjege meňzänok. Biziň gamymyzy iýmegimiz, ähli türkmen il-uluslaryna habar etmegimiz gerek— diýip, bir söz aýdar boldy:

Ol ak dagdan, gara dagdan,

Kyrk müň ýigit, çapan gelsin!

Bir-birine köňül beren,

Jany-jana gatan gelsin!


Çandybilde çekdim zary,

Barabar namysy-ary,

Ol ýemreliniň serdary ,

Sapa ogly Çakan gelsin!


Her meýlisde uly ady,

Aslyn diýsem asylzady,

Ýyldyz babanyň zürýady,

Okun göni atan gelsin.


Jerenleri gezer düzde,

Bozlaşar düýeler bozda,

Ýylkylar ýaýnaşyp ýazda,

On müň öýli ýatan gelsin!


Bu gün başym ýesir bolan,

Işim zary-zebun bolan,

Ary-namysy bar bolan,

Telpeklerin çatan gelsin!


Keser gylyç dagy dawly,

Ýaşyl naýzasy ýalawly,

Il içinde atly çawly,

Teke begi Zaman gelsin!


Ýedi weli bilen duşan,

Duşman bilen gylyçlaşan,

Otuz ýaşa başyn goşan,

Salyr Gazan soltan gelsin!


At salyp gezer her ýanda,

Men bolsam baryna bende,

Ol Göklende, ol Balkanda,

Bir neper nägehan gelsin!


Nezir etdim Çandybilim,

On dört ýaşda tutdy elim,

Görogly diýr, zebun halym,

Kyrk müň, öýli türkmen gelsin!


Görogly bu sözüni gutaryp, ony hata geçirdip, ellerine berip, dumly-duşa çapar ýollady. Sapar Köse başlyklaýyn kyrk ýigidini ýanyna alyp, Öweziň giden ugruna ýöriş etdiler. Görogly Öwezi, Gyratyny ýatlap hapa boldy. Şonda Sapar Köse Görogla:

— Sen hapa bolsaň, ýigitlerem hapa bolar, beýdip gelmede, nama gaýryp gel! — diýip göwünlik berdi.

Görogly:

— Seň aýdanyň bolsun,  Köse! — diýip, dag üstünden barýarka, Öwezi, Gyratyny ýat edip, bäş keleme aýdar boldy:

Goja daglaryň başynda

Ýaz bir ýana, gyş bir ýana.

Titreşer agzym içinde

Dil bir ýana, diş bir ýana.


Goja dagdan ýollar aşyp,

Ýaz bolanda, çaýlar daşyp,

Öwez jandan aýra düşüp,

Baş bir ýana, läş bir ýana.


Ah çekdim bilim büküldi,

Sütünim arşa çekildi,

Gözümden ýaşym döküldi.

Sil bir ýana, ýaş bir ýana,


Görogly diýer, nädeli,

Baş alyp hanjak gideli,

Öweze kömek edeli,

Dört bir ýana, bäş bir ýana.

Bu sözi aýdyp, sürüp gidibersinler.

Indi habary.kimden al? Öwezden al!

Öwez şol yňdarylyp barşyna, bardy goşunyň bir ýan çetinden. Bu goşunyň içinde Kerem soltan diýen biri bardy, lakamyna Kerem Däli diýerdiler. Öwez muňa duş geldi. Öwezi nätanyşrak görüp, ony şapba jylawlap tutdy.

— Haw, ýagşy ýigit, sen kim borsuň?!

— Men Göroglynyň Öwez diýen mähremi borun!

— Pahaý, Öwez diýen diliňe döneýin. Biziň gereklije adamymyz ekeniň sen! ýör, seni Hüňkäriň gaşyna elteýin!

Bir ýerden urşup, tutup getiren kişi bolup, gözüni asmana dikip, birki ýarymyny ata kakdyrybrak, bärden bardy. Kerem Däli:

— Haý, tagsyr patyşahym, men Göroglynyň Öwez diýen mähremini tutup getirdim! Hyzmatyňyza gulluk!— Diýidi.

Hüňkär «Bir patyşada kyrk kişiniň akyly bolar» diýişleri ýaly:

— Haý, Kerem soltan, bu oglany sen äkelmänsiň, bu oglan şerabyň mesçiligi bilen gelipdir. Çaý-çilim beriň, essine gelsin aýylsyn! Onsoň mundan jogap soralyň! — diýdi.

Öweze çaý-ç-lim berdiler.Öwez çaý içip, çilim çekip, aýylyp, essine gelip, derini syryp oturdy. Patyşa:

— Oglan essiňe geldinmi?! —diýdi,

— Geldim, tagsyr!

— Göroglynyň Öwez diýen mähremi senmi?!

— Hawa, tagsyr, men.

— Sen bolsan, han ogul, ýagşy gelipsiň, agaňa ilçi, habarçy edip ibersek gidermiň?

— Jogap berseň giderin, tagsyr!

— Saňa jogap berip ibereli. Agaňdan köp-köp dileglerimiz bar.Şol dileglerimizi bitirse, agaň bilen ýaraşyk edip, il bolup gaýdýas.    Dileglerimizi bitirmese,agaňy galasynda çüýredip alýas.Elli ýyllyk harajat tutulyp gelindi bu ýere.

— Dilegiňi aýt, eşideli!

— Dilegimi aýtsam, agaň düýrme gylyjyny bersin. Agaýunus diýen perizadyny bersin. Gyragyny bersin. Leke patyşanyň gyzy Gülruhy bersin! Elli ýyl1ky zekadyny bersin!

— Tagsyr, dilegiň şu bolsa, men gide-de biljek , agama baryp aýda-da biljek däl!

— Hä, o näme üçin?!     

— Görogly agam gaharjaňdyr, gyňyrrak adamdyr, barakga: «Atyňy ber, gylyjyny ber, aýalyňy ber!» diýsem, agzymdan çapakga öldürer, gelip senem öldür, tagsyr!

— Bu oglan gaty gyňyr eken, äkidiň, bent ediň-ä!

Öweziň, elini-aýagyny daňyp,çadyryň öresine  sarap bent etdiler.

Öwez  gelensoň, ýygyn: «Muny kim äkeldikä,muny kim äkeldi?» bolşuberdiler. Kerem Däli:

— Bizden başga  kim  äkelibilýä,  muny  biz  äkeldik! — diýdi.

— Sen neneň edip äkeldiň?!

— Haý, ýigitler, biziň bilen oýnuňyz gelen ekeni, häli zarbymyzy görkezemzok.Şu at Göroglynyň mejnun-däli diýen Gyratymyşyn. Hüňkär bize şu aty bagyş etdi. Şunuň üstüne münsek, baryp galasyndan boýnuna tanap salyp, Göroglynam getireris!

Hünkär:

— Kerem  soltan, eliňden bir iş gelýän  bolsa, bar, Gyraty saňa bagyş etdik! — diýdi.

Kerem Däli sürüp gelip, öz atyndan düşüp,   ylgap Gyratyň, üstüne mündi. Hüňkär patyşa gülüp:

— Haw, Kerem soltan, munuň üstüne  Kerem Däli bolup  mundüňmi, ýa Görogly bolup mündüňmi?! — diýidi.

Kerem:

— Aý, tagsyr, Gyratyň üstüne münen adam Göroglydyr., Görogly bolup mündük! — diýdi.

Onda Hüňkär:      

— Görogly bolup münen bolsan, Görogly munuň üstüne münende, urşa gitjek bolanda, iner kimin mes bolup, nama gaýyrýamyşyn. Hany, Görogly bolýan bolsaň bir nama-da gaýyr!- diýdi.

Kerem Däli:

— Ajap bolar, tagsyr! — diýip, Gyratyň ustünde, Sýay destinde bäş keleme söz aýtsyn bakaly.

Ylgar edip, bu meýdanda gezerem,

Ne diýp, döwüşmäge goýmyýa, begler?!

Indi barsam, Çandybili bozaram,

Ne diýp, döwüşmäge goýmyýa, begler?!


Ylgar etdim, şu meýdanym meniňki,

Han Öwezim, Gülşirinim meniňki,

Agaýunus, şa-soltanym, meniňki,

Ne diýp, döwüşmäge goýmyýa, begler?!


At salybam bu meýdanda gezeli,

Öwez bilen gandy-nabat ezeli,

Indi barsam, galasyny bozaly,

Ne diýp, döwüşmäge goýmyýa, begler?!


Aga-begler habarymny soraşar,

Uruşa girende, bir-bir danyşar,  

Kerem soltan, bize Gyrat ýaraşar,

Ne diýp, döwüşmäge goýmyýa, begler?!


Bu sözi aýdandan soň patyşa oňa:

— Döwüşjek bolsaň, kim goýmyýa seni. Göroglynyň üstüne gitmäge, özüň gorkýasyň, zaňňar! — diýdi.

Kerem Däli:

— Näme üçin, tagsyr?! — diýip,atyň bykynyna bir kakdy. Gyrat säkinip zyňdy asmana.atyň zarbyna onuň, ýeňsesi Gyratyň sagrysyna degip gaýtdy.

Kerem soltan:

— Haw, ýigitler, bu atyň gylygy ýaman aken. Maňa bir arkan berin, arkan! — diýdi.

Kerem Dälä uzyn tanapy alyp berdiler. Ol tanapy Gyratyň omzuna aýlap, gaýym biline orady.

Akylsyz adam özüňize belli, her kim bir geňeş berip dur. Biri bu ýandan çykyp:

— Haw, Kerem soltan, arkanlygyna ýykylmaz ýaly bolduň, bular ýaly at sürjek bolsaň, rast sürçüp gitse, başyndan aşyrylyp, ölüp gidersiň häli — diýýä.Ýene biri bir zat diýýä.

Gyrata guşgun salyp getirip Krem Däliniň biline bagladylar.

Ýene biri çykyp!

— Kerem  soltan,ileri-gaýra ýykylmaz ýaly bolduň. At alyp gaçyp gitse,gelse öňüňden bir jar seläp zyňaýsa, eýerden aýrylyp, kelleň   daşa degip ölersin, — diýýä.

Ýene biri tanap alyp atyň garnynyň   aşagyndan çekip, Kerem Däliniň aýagyndan daňdy. Başga biri:

— Haw, Kerem  soltan, at alyp gaçyp gitse, sen saňňar jylawy çekjekmi, ýa eliňdäki naýzaňy tutjakmy?! — diýdi.

Ýene biri tanap alyp, Kerem Däliniň  naýzasyny biline daňyp goýdy.

Indi habary kimden al? Göroglydan al!

Olaryň kyblasy bir dagdy.Görogly kyrk ýigidi bilen at gamçylap dag üstüne çykdy. Göroglynyň, Gyrata gözi düşdi. Gyratyň üstündäki Öwez janmyka, diýse, bir daňylgy kürt, ýygyn onuň töweregini alypdyr. Görogly duran ýerinden:

— Haý, duşmanlar, Gyratymyň nämesine syn edýärsiňiz?! Ýagşysyny-ýamanyny bilmeseňiz, geliň menden soran.Bolmasa size şu    ýerden eşitdirsem hem eşitdiräýerin — diýip, eline gylyjyny  alyp, Gyratyny taryp edip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Aty alsaň, sagrysyna garap al,

Bedew atyň nämesine syn gerek?!

Bilmeseňiz, ussadyňdan sorap al,

Haýkyryp kişňäre belent üýn gerek!,


At alsaň al gysga bili-bykyny,

Jebir eýleseň, çeker nerin, ýüküni,

Güýçli islär söw çekiniň akyny,

Uruş meýdanynda bir pälwan gerek!


Guýruk çykan ýeri belent düwüler,

Sagrysynda degirmenler üweler,

Gapyrga etegi giňden öwrüler,

Gaçybam kowmaga bir meýdan gerek.


Görogly beg aýdar, bir şirin sözli,

Öküz deý gerişli, ner-maýa dyzly,

Kiçgine başlydyr, bir alma gözli,

Kellesi ýyl aşan üsti ham gerek!

Bu sözi aýdandan soň, Göroglynyň sözüni eşidip,gyrat kişňäp goýberdi, Tüýs goşunyň içi şarňyldap gitdi.

Hüňkär:

-- Alla, zaňňaryň, şunça goşunyň içinden; atyny tanap munuň nama gaýryşyna seret! Atynyň eýesinin owazyny şidip, kişňeýşine seret, aty özune mynasyp, özem atyna mynasyp zaňňar ekeni! — diýdi.

Howalasy göterilip duran Kerem Däli:

— Tagsyr, bize mynasyp dälmi, bize gelişmeýämi?! — diýdi.

Onda Hüňkär:

— Saňa mynasyp bolsa, näme işläp dursuň bu ýerde?! — diýdi.

Şonda Kerem Däli:

— Aý, ýolumy açyň ha! — diýiberdi.

Iygyn o ýana-bu ýana pytrap, köçe berip, Kerem Dälä ýol açyberdi. Atyň jylawyny ýazdyrmanka, biri bu ýandan çykyp:

— Kerem soltan, naýzaňy biliňe daňdyň Göroglynyň ýanyna baranynda, dyrnagyň bilen uruşjakmy? Bigam gitme, bir ýarag äkit! — diýdi.

Şonda Kerem Däli:

— Haw maňa bir ýarag alyp beriň! — diýdi,

At üstünden ýeňilteýräk bolsun diýip, batman ýarym demirden bolan bir gara minäni boýnundan asdylar. Kerem Däli uly şahyň öňünde gyjalata çydaman, atyň jylawyny Görogla garşy gönderip, ata jübüt gamçy urdy. Gyratyň teni awap, hyrlynyň oky ýaly bolup ötägitdi. Kerem Däli goşunyň gapdalyndan geçende:

— Dat, gitdim?.. — diýýä.

Olaram oňa:

— Gitseň, ýok boluber, seniň boýuňa don biçjek bolup duran iok! — diýip gygyrýar.

Selkirägede dakylan gara mine, leňňer alyp-leňňer alyp, Kerem Däliniň kä guşaklygyna, kä ýagyrnysyna dünke-dünke inderýä. Göroglynyn bäri ýany bir jardy. Jara gelende, Gyrat rast keseräkge zyňdy. Eýerden aýrylyp, Kerem Däli atyň gapdalyna gyşardy. Gyşaran ýerinde gara mine onuň boýnundan syrylyp, düňk edip gaçdy, ol bir beladan gutuldy.

Aý, garaz, Kerem Däli Göroglynyň kyrk ýigidiniň içine neneň gelenini duýman galdy-da. Sapar Köse onuň şapba jylawundan tutdy-da:

— Haw, ýagşy ýigit, bu ýerde näme işleýäsiň?-- diýip sorady. Ol gepe çeper zaňňar eken:

— Ýigitler, däliden dogry habar: hile bilen Göroglynyň, atyny yzyna getirdim! — diýdi.

— Sen atyň gapdalynda görünýärsiň-ä?

— Haw ýigitler, ony bilmeýämisiňiz? Görogly diýen uly adam, uly adamynyň münen ýerine münmäge ejap edip, utanyp, gapdalyna münüp gelýän.

— Seniň nähili edip at äkeleniňi özümiz bilýäs! — diýip, ýaňky tanaplary pyçak bilen kesip aýyrdylar,

Görogly:

— Haw, Köse, bu bir ýagşy ýigit ekeni, at äkelipdir, sylap goýbereweri!— diýdi.

— Munuň sylagyny özüm gowy bilýän — diýip, Köse şum zaňňar, bir suwluk torbany alyp, gyryň aňry ýanyna geçip, dagyň çagyl daşyndan dolduryp, agzyny bogup, ony gaýym Kerem Däliniň arkasyna daňdy-da:

— Aý, han ogul, at äkeleniň ýerine seniň hezzet-sylagyň şu bolsun,şunuň içindäký genji-hazynadyr, emma muny Huňkäriň gaşyna eltmän, asla agzyny çözmegin! — diýdi.

Kerem Däli:

— Aý, bize hudaý berdi! — dýiýp, tobany göterip,leňkildäp gaýtdy. Öz goşunynyň bir ýan çetinden ýetip geldi. Oňa tanyşlary sataşyp!

— Haw, Kerem soltan arkaňdaky näme?! — diýseler ol!

— Ýigitler, sesiňizi çykarmaň, bagtym gelendir!-- diýip, jogap berýä.

-- Hä?

— Göroglynyň aty alyp gaçyp bardy. Görogly muňa wagty hoş bolup şu torbany hazynasyndan dolduryp berdi.

— Aý, Kerem soltan, bäri dur-ha,bäri dur! Bu düýäň, ýaman kän görünýä. Maňa bir penje ber,maňa iki penje ber! — diýýäler,

Onda Kerem Däli.

— Ýok, bolmaz, ýigitler! Görogly Hüňkäriň gaşyna eltmän, agzyny açma diýip aýtdy.

— 0 zaňňar  Görogly  munuň agzyna  möhür basyp goýberen däldir ahyry. Çaý puly bolar ýaly birneme berip git ahyry! — diýip, onuň yzyndan ýüwürdiler.

—Ýok! bolmaz! — diýip, dyzmaç Kerem Däli ondan-oňa-mundan muňa gaçýa.  Gaçyp, iň soňunda Hüňkäriň gaşyna geldi.

Ol:

-- bir  gaýrat    edeweri! — diýdi.  Köse «Bolar,    bolar!» diýse-de,  içinden: «Aý, görersiň-dä, Görogly!» diýýä. Görogly  Gyraty    münüp, Hüňkäriň    ýanyna  gaýdybersin.

Habary kimden al? Hünkärden al! Göroglynyň geljek ýoluna ses eter ýaly meýdana suw sepdirip, düşek düşedip goýdy. Hemme ýygny-da aýa-güne bakan ýaly,gözleşip durlar.

Olar.  ,

— Görogly diýeni nähili ýigitkä, nähili adamka,bir gaýgysyz göreliň! Urşan mahalynda görebnlmeris! — diýişdiler.

Görogly    paýendozyn1   çetine  gelip,atdan  düşüp, gol gowşuryp, haýkyryp, salam berdi. Hüňkär salamyna aleýik alyp:

— Aperin, aperin! Ýüz mün patyşalardan bular ýaly edep bilen salam beren adamy görmändik.Edep--ekram Görogly sünnüde eken-ha! — diýdi.

Görogly gelip, Hünkäriň gaşynda çök düşüp otur-dy. Ona çaý-çilim berdiler, saçak    ýazdylar. Soňra Hüňkär:

— Haý, Görogly beg! — diýdi.

— Lepbeý, tagsyr!

— Senden üç dilegimiz bar. Bitirsen hoş bolup gaýdýas. Aýt diýsen, aýdarys!

— Tagsyr, dileg diýeniň aňrybaşy gara kelle bolar. Kellämi-de äkeldim, gerek bolsa, gulluk!

— Görogly beg, bitirseň, düýrme gylyjyňy ber, Agaýunus diýen perizat aýalyňy ber! Leke patyşanyň gyzy Gülruhy ber! Telim ýylky zekady ötdük, atyňy-da aljakdyk, at özüňe mynasyp eken.Ony saňa bagyş etdik!

— Pahaý,  tagsyr,  şulary-da dilegim  bar  diýip aýdýasyňyz! Men näme dilejekkä diýip, ýüregim ýarylyp otyrdym. Bu dilegiňiz bitmez diýip gaýgy etmäň,tagsyr! Ýany bir agzymyzda Leke patyşanyň gyzy Gülruh diýip aýtdyňyz. Onuň bize ne derkary bar. Ony

bir suwçyňyzy iberseňiz hem alyp geler.Agaýunus perizady meniň ýagşy ýadyma saldyň. Biz perizat bilen elli ýyldan bäri döwran sürýäs. Şeýle irizipmi ýa zamana üýtgeşipmi, bize çaý ber, çilim ber, börek bişirip ber diýsek, gözüni akjardyp gaýtalaşyp sögüşiberýä.

---------------------------------------------------------------------------------------

Paendoz —• hormatly  adamyts ýwrežek ioluna düşelýän haly, palas,

Onuň bilen kän ugrumyz ýok. Men perizadyň kän ýerini görüp geldim. Ony saňa berip, baragada täze-jesiniň birini äkeläýerin. Düýrme gylyç diýdiň, ony--da bagyş etdim. Entek birazrak gerek işi bar, gyssanma, tagsyr!..

Göroglynyň berýän zady ýok, ýene gepe baý edip dur. Hüňkär:

— Görogly beg, dilegimizi bitirer bolsan, şu Gyratyň köp oýun-tomaşalary bar şekilli. Şol oýun-tomaşalaryny bir görkezseň niçik bolýa?! — diýdi.

Onda Görogly:

— Ajap bolar, baş üstüne, tagsyr! Men şol Weýeňňamdan Öwezi alyp, gaçyp geldim.Oglum bolmanson,ogul edindim. Gyratyň neşebazlygy-da bize kyrk esse bar ekeni. Şol Öwez gelensoň, özünden özi ýöriş, hunär tapmaga başlady.Öwez ýanynda bolmasa, asla oýun etmeýä bu — diýdi.

— Öwez bolanda, oýun edýämi, Görogly beg?.

— Hä, elbetde, edýä, tagsyr!

Hüňkär:

— Baryň, Öwezi boşadyp getiriň! — diýdi,

Öwezi   boşadyp getirdiler. Düýn-öňňinden bäri gussagda ýatansoň, oglanyň ýüzi-gözi solupdyr.

Görogly aýtdy:

— Tagsyr, Öweziň bu durşuna Gyrat oýun etmez!

— Nähili bolanda, oýun eder?

— Esbaby altyn-kumüş, lagly-jowahyrdan bezelen at mündürseňiz, käkillerine şana ursanyz, ýuzi--gözüne perdoz berseňiz1, şemle guşak guşap, pyçak,aýpaltany çar-para gysdyrsaňyz, ak desseli gylyjy biline daksaňyz, syrly naýzany eline berseňiz, Gyrat şona yşk edip, bezm edip oýnar.

Aý, patyşada akyl bolmaz diýenleri: Hüňkärin münýän alagaýyşly atyny derrew Öweziň ýanyna getirdi-ler. Öwez Hüňkärin atyna mündi. Hüňkärin geýýän zerli-zerli geýimlerinden Öweze geýdiriberdiler.

Görogly aýtdy:

— Tagsyr, siziň geýimiňiz Öweze uzynrag-a bolýa, Aý, at üstünde bolansoň zyýany ýok, tagsyr!

-------------------------------------------------------------------------

Perdoz bermek — bežermek, timar bermek*

— Öweziň kemi galdymy, Görogly beg?

-- Kemi galanok, tagsyr!

— Kemi galmadyk bolsa,ondan ozal bir nama gaýyr, onsoň, oýun etdir.

-- Törogly:

— Ajap bolar, tagsyr! — Dýýip, **kösä-de owazym , ýetse gerek.** -- diýip, patyşanyn, gaşynda bäş keleme söz aýdar gerek:

Goç ýigidiň sytarasy

Açylar meýdan içinde.

Gylyçdan gyrmyzy ganlar

Saçylar meýdan içinde.


Gylyç keser ýalap-ýalap,

Serdarlarym islär talap,

Altyn käse gülgün şerap

Içiler meýdan içinde.


Bedew at käte guş bolar,

Tanym ganyma duş bolar,

Baş gider, göwre läş bolar,

Seriler meýdan içinde.


Bedew atlar köpük saçar,

Goç ýigitler meýdan açar,

Muhannesler taşlap gaçar

Eldaşyn meýdan içinde.


Bedew atyň golda bary,

Mydam söweş pelleleri,

Kyrrk dört şanyň kelleleri

Kesiler meýdan içinde.


Bedew atly daşdan, içden,

Halaýyklar degre-daşdan,

Kelle jyda bolup läşden,

Atylar meýdan içinde.


Goç ýigitler üçden, bäşdion,

Ýüregi polatdan, daşdan

Görogly geçendir başdan,

Çarh urar meýdan içinde,


Görogly bu sözi aýdanson, onuň owazy baryp Kösä ýetdi, Ol şol duran ýerinde:

— Haý, zaňňar, Öwez diýib-ä owazyn gelýä. Öwezi ýanyňa çekip alan bolsan, indi   näme dursuň,çykma ýagdaýyny et-dä! Sen, zaňňar, mereziň içinde, zäheriň nçinde! — diýip huňürdeýä.

Huňkär:

— Görogly beg, naman-a kemsiz gaýyrdyň, hany, indi Gyrata oýunam etdir-dä! — diýdi.

Görogly uzeňňä galagada,  gözuni  akjardyp, tuýsuni bozup:

— Tagsyr, «oýun etdiri», «nama gaýry» köpeldýäsiň welin, men nä seniň kesahasyna tutýan bagşyňmydym, zaňňar?!— diýip, gylyjyň dessesinden tutup, bir nagra urdy. Huňkäriň ýuregi ýarylyp, gaçyp çadyryna sumuldi.

Görogly duýrme gylyjьşy syryp;

— Indi duýrme gylyjy-da saňa  bagyş edeýin! Me, saňa oýun, me saňa  nama! — diýip, sagyna-soluna kakyberdi. Öwezem gylyç syryp, bu-da töweregine ulýäberdi. Ikisi patyşa bilei işi bolman, kybla tarap ötägitdiler. 0 ýana-bu ýana sowulma bilen işi ýok, ugruna duşen duşmanyň kellesini kakyp barýalar. Köse-de mundan habardar bolup:

ýigitler, bir galmagal-a boldy, bizem bir çetinden gireli!—diýip, «Alla!» diýip, at goýup, duşmanlary gyrmaga başlady. Emma   Kösäniň gyranynyň bir pulluk peýdasy ýok. Edil derýa bir daş oklan ýaly. Duşmanyň sepi   bozulanok. Ýygnyň bu çeti bilse, o çeti habar-da tapanok.

Görogly şu gidişine Öwez bilen giç öýlänler zordan goşunyn çetine çykdylar. Köp ýygyn, zyýan etmän bolýarmy, Görogly köp ýerinden gyltyzrak-gyltyzrak ýaraly bolup, meýdana çykansoň, sowap atdan ýykyldy.

Öwez Gyraty aldy-da gidiberdi. Görogly bu erde ýykylyp galyberdi. Görogly ýaraly bolsa-da, duşmanlar onuň ýanyna gelebilenok. Gaýta biri-birlerine:

—   Haý, dogagöý, jadygöý, ölusiniň ýanyna baranyňda-da, adam öldurýämişin,barma!— diýişýädiler.

Piri Görogla: «Ýyldyz görende ýaraň gutulsyn» diýip, pata berei   eken. Gün batdy.Görogly ýyldyz görup ýarasy ýagşy bolup, tarsa ýerinden turdy, «Dogagöý, jadygöý, aýýar zaňňara ölmek ýok ermişin-hä»diýip, ähli duşman gaçyp-paýrap ötägitdi.

Görogly pyýadalap,  ýigitleriniň ýanyna  geldi.  Gelse, ýigitleriniň birinden hem gan çykan ýeri iok. Öz ýekeligi ýadyna düşüp:

-- Haw, ýigitler,meniň oglum bolsa, inim bolsa, agam bolsa, ençesi  ölerdi ençesem ýaraly  bolardy! — Diýip, hapa bolup, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek:

 Bedew at girse meýdana,

Goja dagyn başyn gözlär.

Goç ýigit girse meýdana,

Dördun ýykyp, bäşin gözler.


Ýarasy bor başlarynyň,

Gany bor gylyçlarynyň,

Goç ýigit ýoldaşlarynyň

Meýdanda söweşin gözlär.


Är ýigitler serden geçer,

Meýhanada şerap içer,

Namart ýoldaş taşlap gaçar,

Öwez deňin-duşun gezlär.


Meýdanda segreşer atlar,

Ot berende, tüpeň çatlar,

Ol ýüzi gara namartlar,

Gaçaýyn diýip, daşyn gözlär.


Görogli, sygyndym haka,

Muhannesiň jebrin çeke,

Goç ýigit dogmasyn ýeke,

Köp ýygylsa, daşyn gözlär;


'Görogly bu sözi aýdandan soň, Köse:

-- Görogly, muny bize kakdyryp aýdýasyň. Bu ýygyn bäş günde, on günde gaýtjak ýygna meňzeş däl, biz hem bir gaýrata galarys, Görogly! — diýdi.

— Haý, ýagşy, Köse, gaýrat etseň bolýa-da,

Bular bu ýerde karar tutsun!

Indi habary kimden al? Hüňkärden al!

Hüňkär sypaýylaryny daşyna ýygnap ýene masla etdi :

-- Hany, ýigitler, munuň maslahatyny beriň! Görogly hile bilen atyny, Öwez ogluny aldy, Indi gaýtsak niçik bolýa?!

Sypaýylary oňa:

—   Tagsyr, entek gaýtmalyň!—diýip, maslahýat berdiler.

Olaryň içinde laýhor diýen bir tiresi bardy. Olaryň on ýedisiyi zynjyrlap getiripdiler. Sypaýylar Hüňkäre:

— Şu laýhorlary on gün aç saklap, on birinji gün Göroglynyň iý diýip emr etseňiz, her haýsyna bir lukma-da ýetmeýä. Şolar bir zat etmese, onuň aty tüpeň okuna ýetdirmeýä. Özüne ok, naýza kär etmei!Başga çäre ýok, tagsyr!—diýdiler.

Bu söz patyşanyň göwnüne makul gelip ýygnyna:

«On güne çenli uruş ýok, jaýly-jaýyňyzda ýatyberiň -haw, diýip, jar çekdirdi. Muny Görogly-da eşitdn. ,Ol:

— Köse, bu jary eşidýämiň? — diýdi,

—Eşidýän, Görogly!

— Eşitseň, Käse,Görogly ýaňy ýaraly boldy, «ÝArasy ýagşy bolsun!» diýip, maňa rehimi inip,jar çekdirýän däldir. Munuň bir belasy bardyr.

—   Görogly, býz hem gala baraly-da «Zyýansyz garanyň köpi ýagşy» diýenleri, goşun jemläli.

Görogly galasyna gelip, ýedi ýaşara çenli bir lek goşun jemledi. On birinji güni uruş meýdanyna çkdylar.O ýandan Hüňkäriň ýygny   sap gurap dur,'  bu ýandan Göroglynyň ýygyny-da sap gurap dur. Bir mahaldan Hunkäriň goşunynyň içinden on edy sany bir bela çykyp gaýdyberdi. Bu laýhorlaryň boýunlary minara kýmin, kelleleri gümmez kimin, agyzlary ojak kimin, dişleri bäş apbasylyk pul kimin, sakgallary kelle urlan söwüt kimin. Bularyň kaddy-kamatynyň ýasalyşyny görüp, Göroglynyň ýygny howp tapyp gaçjak bolup, o ýana-bu ýana tolkunyberdi. Köse zaňňar galdyrap dur. Görogly ýigitleriniň gorkanyny bilip:

— Haw, ýigitler, ozal-ha gorkmaň! Gorksaňyz-da beýlede duruberin! Emma özüňiz gaçmaň! Men munuň,täk özüm öňüne çykaryn! — diýip, Göroglynyň tenha özi laýhorlaryň öňünden çykdy. Laýhorlaryň öňünde-de baştutany bardy. Görogly gylyç salmak nobatyny öňürti duşmana bererdi.

Görogly: «Gel, muňa şu gezek nobaty bermäýin!» diýip, düýrme gylyji laýhoryň depesinden inderdi. Duýrme gylyç kär etmedi. Sebäbi laýhor dogagöý ekeni. Bir mahaldan laýhor elini urakga, Göroglyny atyň üstünden bir eli bilen göteräkge aldy. Oglan göteren ýaly eliniň üstünde kelewlendirip dur. Laýhor men-menlik edip dur. Ol Hunkäre garap gygyrýa:

— Haý, hökumdar, Göroglyny üstüňe zyňarys häli!

Görogly janyndan umyt uzup, agzynyň ýetişibildiginden pygamberi, dört çaryýary, on iki ymamy,ýuz  altmyş  öwluýäleri  çagyryp,   sarnap,   laýhoryň penjesinde bäş keleme söz aýdar boldy;

Ýok et ýigitler jemgini,

Ýedi soltan, sen medet ber!

Ýat edeli biribary,

Pirim, Selman, sen medet ber!


ýygyn gurap, bermez aman,

Huňkärden başga kyrk dört han,

Boldy bu gün ahyrzaman,

Bähri-jahan, sen medet ber!


Gördüm on ýedi laýhory —

Bilip men adamyň zory,

Mustapanyň çaryýary,

On iki ymam, sen medet ber!


Çandybilim tutdy duman,

Il-ulusym boldy haýran, ,

Ýakup Nebi gözi girýan,

Ýusup Kengan, sen medet ber!


Pirim, şu gün bir emdat et,

Gamgyn Göroglyny şat et,

Meni laýhordan azat et,

Şahymerdan, sen medet ber!

Bu sözi   aýdandan soň,Görogly pirinden hemaýat isledi. Onuň şirihuda piri gaýypdan gelip laýhoryň çekgesine bir şapbat çalyp gitdi.Laýhor ysgyn-deramaty gurap,Görogly onuň elinden garpyz gaçan ýaly ýere gaçdy.

 Gorogly:«Munuň bilen pyýada ýakalaşyp  ýörmäýin-le» diýip, Gyrata atlanyp, üstüne towsup gelip,düýrme gylyjy laýhoryň depesinden inderdi. Laýhoryň dogasy-da huşundan pytrap düýrme gylyç, misli gassaplaryň oňurga söküşi ýaly edip, deň bölüp, atyn-da bölüp, gylyç ýere ornady, Laýhoryň baştutiny ýykyldy. Bu keramaty görenlerinden soň,ýaňky Galan on altysy-da yzyna garap, höküdikleşip gaçyberdiler. Bolup duran wakany Köse depä çykyp görüp durdy.

— ýigitler, şu wagt bize bir çem geldi! — diýip,

Köse bir lek goşuna baş bolup, «Alla!» diýip, gygyryp at goýdy.

Indi habary kimden al? Hüňkärden al! Hüňkäriň bar tamasy şu laýhorlardy. Bu-da bolmansoň, onuň ýüregine howul düşüp, tutda-bas bolaýdylar. Pah, eýere hümmet, guşguna bereket, «duran tutular, gaçan gutular» bolaýdylar. Tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly bolmady. Aý, basgy özüňize belli-dä. Görogly dagy gyzgalan bilen bäşden, ondan bölek-belek bolup duşmany gyryp, gyrjaşdyryp kowup gidibersinler.

Görogly piriniň «Gaçany kowujy bolma» diýen maslahatyny-da kellesiniň gyzgynyna huşundan çykardy, şol kowup barşy. Ýygnyň basylanyna wagty hoş, keýpi çag bolup, Görogly sazyny goluna alyp, ýygnyň yzyndan gygyryp, bir nama aýda-aýda barýa:

Eý, ýaranlar, musulmanlar

Goç ýigitler meýdan açdy!

Şahymerdan destgir boldy,

Duşmanlar basylyp gaçdy.


Meýdanda gezipdir mertler,

Ganyma degipdir dertler,

Nişapurdan gelen kurtler,

Gözýaş edip, ýyglap gaçdy.


Gaýrat ýetdi kyrk gardaşlar,

Meýdanda serildi läşler,

Ýüz elli muň gyzylbaşlar,

Her kim ýurdun sorap gaçdy,


Meýdanda söweşi gurap,

Agyr ýygyn boldy harap,

Ganym diýip gelen arap,

Mekge sary garap gaçdy.


Goç ýigide degdi döwran,

Hüňkär şa-da boldy haýran,

Görogly aýdar, Şahymerdan

Şu gün meniň ýolum açdy.


Görogly bu sözi aýdyp, ýene gygyryp gidibersin.

Göroglynyň ýyldyz diýen dagy bardy. At tozy, at gerdi, ýygnyň ümür-dumany dagyň ýüzüni gaplapdy. Ol ýyldyz dagyna garap:

— Haw, Ýyldyz dagym! Meniň-ä wagtym hoş, keýpim çag, ýüzüm açyk! Seniň ýüzüň näme üçin gerdi-duman? — diýip, goluna sazyny alyp, dagyna garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


ýyldyz dagym, senden habar alaýyn,

Ýyldyz dagy, neçüýn gitmez dumanyň?!

Äriňe-piriňe gurban bolaýyn,

Ýyldyz dagy, neçüýn gitmez dumanyň?!


Boranlyja-çisginlije gyşyň bar,

Her bir dürli reň berlen daşyň bar,

Men bilmenem, ne söwdaly başyň bar,

Ýyldyz dagy, neçüýn gitmez dumanyň?!


Ganymyň gidipdir, bu gün basylyp,

Gylyjyň zarbyndan kelle kesilip,

At deminden daglar başy sust olup,

Ýyldyz dagy, neçüýn gitmez dumanyň?!


Daglaryň içinde daglar şahy sen,

Huplaryň içinde melek-mahy sen,

Göroglynyň seýranlyja jahy sen,

Ýyldyz dagy, neçüýn gitmez dumanyň?!


Görogly bu sözi aýdyp, ýene sürüp gidibersin.

Habary kimden al? Duşmanlardan al!

Olaryň arasynda Tokmak soltan diýen birisi bardy. Bäş ýüz sany şemhalçynyň baştuta-nydy, Ol :

— Haw, ýigitler, bu zaňňaryň owazy edil biziň ýeňsämizden gelýän yaly-da ! Sizler şu dagyň gowagynda bukulup ýatyň, men öňünden çykyp, bäş-alty agyz gepe güýmäp ýaly bolsam güýmäýin! Şol wagtda atyny saklaýsa atyp goýberiň. Belki, bize bir kör abraý bolsa duruberer — diýdi.

Bir mahaldan dagyň jülgesinden bir atly çykyp:

— Haý, Görogly beg, salawmaleýhim! — diýdi.

— Waleýkim-essalam, ýagşy  ýigit,  ber  habaryňy?!

— Görogly, seniň ataň bilen meniň atam kyýamatlyk dost ekeni! Men bu ýygnyň ýçinde saňa duşman bolman, dost bolup gelipdim.

-- Doot bolsaň maňa adyňy beýan et!

Meniň adyma Tokmak soltan diýerler.

-- Men gaýry ýurtlarda dostum. bar diýib-ä eşidýädim, ýöne Tokmak soltan atly dostum bar diýip eşitemokdym!

Ikisi bu gürrüňi edip durkalar, dagyň gowagyndan bäş ýüz şemhal birden atylyp Gitdi. GöroglynyňYltyzrak-gyltyzrak kyrk iki ýerinden ok degdi, Görogly;

-- Menin, indi boljagym boldy— diýip, ysgyny gaçyp atdan ýykyljak boluberdi, Gyrat hemme zatdan habardar, gyşaran ugruna garşy gyşaryberdi.

— Duşmana syr  bildirmän,  bir söz aýdyp bolmazmyka, janym? —  diýip, şirihuda pirini çagyryp, jylawa söýenip, Tokmak soltana garap, bäş keleme söz aýdar gerek!

Goç guzudan dörän guzy goç bolar,

Bir goçakdan goçak dörär, soltanym!

Goç ýigitler bir-birine öç bolar,

Ujy ýiti hanjar bolar, soltanym!


Aran atyň semeninden, gögünden,

Goçak müner ýüwrüginden, ýeginden,

Habar alsam Tokmak soltan beginden,

Ýene söweş haçan bolar soltanym?!


Goç ýigitler bakmaz köpe-azyna,

Muhannesiň sözi nedir özüne,

Bir goç ýigit ganymynyň gözune

Ujy ýiti hanjar bolar, soltanym!


Arzylum dagynda söweş düşende,

Ör ýigitleň ýürekleri joşanda,

Gylyçdan gyrmyzy ganlar saçanda,

Muhannesler zar-zar ýyglar, soltanym!


Görogly beg, saba söweş gurular,

Ozal goç ýigidiň aty urular,

Ýüpek ala, galkan ýüze durular,

Ýalyň gylyç ýaý dek bolar, soltanym!


Bu'sözi aýdandan soň, Bu zaňňara hiç zat kär etmändir» diýip, şemhallylar dagyň aňrysyndan gaçyp gitdi. Tokmak soltan hem gaçyp gitdi. Olar gidensoň, Görogly atdan ýykyldy. Gyrat hem jylawyny gaçyryp, gözünden ýaş döküp, Göroglynyň ýanynda durubersin.

Habary kimden al? Öwezden al! Ol bir ýerden Kösäni tapdy.

  — Haw, Köse, bulary gyryp tükedip bolýamy? Özi basyldy, özi-de güm bolar gider-dä. Men agamyň owazyny her daýym, her daýym eşitdim. Bir ýerde şemhal sesi köp çykdy. Şondan soň, agamyň owazy sem .boldy — diýip, şemhal owazy çykan ýere jem    bolup geldiler. Görseler  Görogly ýaradar bolup ýatyr. Meýhana getirip, ody belentden galap, Görogla çaý-çilim berdiler. Çaý-çilim ýakmady.

— Haw, ýigitler, pirimiň «Gaçany    kowujy bolma!» diýen nesihaty huşumdan çykyp, gyzgalaň bilen kowalaşyp gidipdirin.Meniň soňky demim ýakynlaşan bolmasa ýagşy. Meniň elime bir saz getirip beriň! Men ölmänkäm, size özümi-özüm taryp edip bereýin — diýip, bir söz aýtdy:


Ozal goç ýigidi taryp eýlesek,

Göruň, şu dünýäde nätdi beg ogly?!

Bir jellat döredi Osman ilinde,

Baryp bir-birine gatdy beg ogly,


Nagralar kakarlar söweş heňinde,

Daýanabilmezler şonuň jeňinde,

Agyr ýygyn durabilmez öňünde,

Galkan bilen bölüp berdi beg ogly.


Belent dag başynda gurdy dawany,

Töwriz, Nişapurdyr Hyrьt rowany,

Rumuň diýaryndan gyzu-juwany

Baryp, hoş dil bilen aldy beg ogly,


Ýigitlere, belli gaýrat gerekdir,

Gaýratly ýigide bir at gerekdir,

Ölse, ornun tutan zürýat gerekdir,

Adyň şu dünýäden ötdi, Görogly!


Şunuň bilen, Görogly sözüni tamam etdi.

Indi habary kimden al? Agaýunus periden al!

«Ýygyn basylyp gitdi» diýip, söýünjiläp adam barypdy. Söýünjiläp barana -at mündürip, serpaý ýapyp, haremhanasynda wagty hoş bolup otyrdy. Bir mahaldan Göroglynyň owazy onuň gulagyna baryp ýetdi.

Agaýunus:

— Muňa ýene bir zat bolan bolmaga çemeli — diýip, ýüwrüp meýhana gelse, Görogly öler hala ýetipdir. Gelip, Göroglynyň kellesini dyzynyň üstünde goýdy. Bir hatar ýigitlere göz gezdirdi. Görse, olarya birinden hem gan çykmandyr. Şonda Agaýunus:

— Bu sapar hemmäňize düşjek ýara Göroglynyň diňe bir özüne düşäýdimi? — diýip sorady.

Onda Köse:

— Adam-adamdan   habarymyz   bolmandyr!   Her  kim gyzgalaň bilen bir ýerden kowalaşyp gidipdiris -- diýdi.

— Baştutan  ýigidiň,serdar ýigidin daşynda bäş kişi, on kişi habardar bolup ýörmezmi? Söweş güni, jeň güni,bulary jylawlap saklap bolýamy? —diýip, Göroglynyň ýüzüne bakyp, delminip, gözünden boýur-boýur ýaş döküp, zar-zar ýyglap, bir söz aýdar boldy:

Ýatyr idim, bir zarynja ses geldi,

Aýlanaýyn atyň bilen özüňden!

Seni görüp beýik daglar peseldi,

Aýlanaýyn atyň bilen özünden!


Ýigit mährem ýygnar, begim, ýanyna,

Güýçli ganym suwsamyşdyr ganyňa

Sendäki ok degsin meniň janyma,

Men aýlansam, atyň bilel özuňden!


Sen öleňde, Gyrat asmana uçar,

Ýigitler dargaşyp, her ýana gaçar,

Zurýatsyz geçeniň çyragy öçer,

Aýlanaýyn atyň bilen özüňden!


Ajal şerbetinden özum gandyrsam,

Duşman görse ýüregini ýandyrsam,

Gyratyňy indi kime mündürsem,

Aýlanaýyn atyň bilen özuňden!


Başymdaky tylla jygam, otagam,

Ýokdur meniň göwnumdäki dag-dagam,

Şirin janym bolsun seniň sadagaň,

Men aýlansam, atyň bilen özüňden!


Ahy-zarym dag başyny ereder,

Gözde ýaşym suw degirmen ýöreder,

Syna dagly Agaýunus peridir,

Aýlanaýyn atyň bilen özüňden!


Bu sözi aýdandan soň, Göroglyny meýhanadan haremhana göterip eltdiler. Ol haremhana barandan soň, ýigitlerini ýanyna çagyryp:

— Haw, ýigitler, Agaýunus, men-ä ölmen, enşalla, ölmesem hem, hemişeki ýaly, ýyldyz göremde gutulmaryn. Öz wagty, sagady gelende ýagşy bolaryn. Bu leşgeriň harajady, at-ýaragy meýdanda ýaýrap, ýaýylyp galmasyn, olary gala jemläň Il-ulusa toý-tomaşa beriň! — diýdi.

Görogly duşman leşgerlerinden galan oljalary, maly-dunýäni galasyna jemledip, il-ulusyna toý-tomaşa berdirip, maksat-myradyna ýetip ýatybersin.