ÖWEZ ÖÝKELÄN    

Habary kimden al? Görogly begden al!

Görogly beg kyrk iki ýerinden ýara düşup,ýatybersin. Gün-günden gaýra üzülip,bir aý ýatdy, ýagşy bolmady, kyrk gün ýatdy, ýagşy bolmady.

Habary kimden al? Köseden al! Bir gün meýhanada ýşüşip otyrkalar, Köse aýtdy:

— Haw, ýigitler, bir gep bar, heý, siziň ýadyňyzda oýuňyzda ýokmy?

— Köse, nä gep bar?!

— Gep şol-ýigitler, bitap diýeniň aňrujy kyrk gün bolsa gerek. Şuňa çen ýa ölse gerek, ýa galsa gerek,indi Göroglynyň öleni. Munuň ogly ýok, agasy ýok, inisi ýok diýip ýörmäliň, hemme zadynyň eýesi biz diýip ýörmäliň. Munuň jany çykaýsa, garyndaş tapylar, soňra paýlaşjak bolup durandan, mal-dünýäsini şu wagt paýlaşyp goýaýalyň! — diýdi.

— Dogry aýdýaň, Köse! — diýip, Göroglynyň kyrk ýigidi ondan-ondan dört bölünip, goýnuny dört böldüler, düýesini, ýylkysyny, gara malyny,hazynasyny, ýer-mülküni dörtden-dörtden bölüp paýlaşyp otyrlar.

Öwez jan: «Meni bir onuň içine goşup, menem bir paý ederlermikä?» diýip, tama edip otyrdy. Öwezde san-da bolmady, sala-da. Köse Öweze ýüzlenip:

— Haýt, Öwez, nädip otyrsyň, ody belendräk galasaň  bolmaýamy,çäýnekleri  çaýkadyňmy? Çilimiň suwuny täzelediňmi? Bar, atlary hem suwa ýakyp gel! —diýdi.

Öwez:

— Aý, ýigitler, habaryňyzy aldyk, agamyň öňeginden jany-demi çykaýsa, meniň köýnek-balagyma çenli alyp kowjak bular. Agam ölmänkä, men agamdan jogap alyp, ýurduma bir gowuşma enjamyny edeýin! — diýip,oý-pikir etdi.Öwez günde üç wagt-dört wagt Göroglynyň ýanyna gelip, onuň el-aýagyny owkalap gaýdyp dur. Arzymy bu gün aýdaýyn — erte aýdaýyn bilen birki gün geçdi. Ejizläp ýatan adama habar aýtmak-da gaty kyn-da. Öwez bir gün Göroglynyň el-aýagyny owkalap otyrdy. Şond." ol:

— Haý, aga, arzym bar! — diýdi.

— Näme arzyň bar, Öwez jan, aýdyp otur!

— Arzym şol: sen ölüm müddetini ötürdiň, enşalla, ölmersiň! Maňa bir jogap berseň, men-de ýurduma baryp,enem-atama, dogan-gardaşymau  ýar-dostuma şu ýerde wagtym hoş, keýpim çag bolup gezip ýörenimi bir bildirip gelsem, niçik bolýa, aga?!

Bu Göroglynyň ejizläp ýatan mahaly Öwez jandan eşitjek habary däldi. Göroglynyň gözunden ýaş gidiberdi. Öwez jan hem ýyglady. Agaýunus hem ýyglady. Bir gurrüňiň üstuni açmak kyn. Açansoň, Öwez: «Aga, jogap ber, aga, jogap ber!» diýip gaýta-gaýta aýdyber-di. Görogly:

— Haý, Öwez jan, men-ä saňa jogap bererin welin, sen gitseň, gelmersiň! — diýdi.

— Ýok, geleýin, aga!

— Aý, Öwez jan, gelmersiň.

Görogly  «gelmersiň-gelmersiň» kän  aýdyberenden soň, Öwez ýerinden turup:

— Aga, geleýin! — diýip, Gurhany uç mertebe ýüzüne sylyp, togap etdi-de, ant içdi.

— Haý, Öwez jan, ýaman etdiň-ow, bar, saňa jogap Öwez jan, irde-giçde yzyňa bir aýlanarmykaň?!

— Aga, oba töri agyr diýenleri, bir ýylda aýlanaýyn.

—Ýok, Öwez jan, aýlanjak bolsaň, alty aý bolsun.

— Aý, garaz, aga, aýlanabilsem aýlanaryn-da, öz gyssagym özüm bilen.

Owez bir ýyl diýdi, Görogly alty aý diýdi. Şeýdip, Öwez ýerinden turuberende:

— Öwez jan, oglum ýok, gyzym ýok, seni ogul öwezinde sakladym, öýlendirdim-illendirdim.Sen duzuňy kaklajak bolsaň, yzyňa bir aýlan — diýdi.

—   Bolýa! — diýip, agasyndan jogap alyp, Öwez jan Howalygyr diýen atyny münüp, nirdesiň Weýeňňam diýip çüw gaýtsyn

Ýol uzak, gep gysgasyna ýagşy, sürüp Weýeňňam ýurduna bardy. Gelip öz meýhanasyna, jaýyna düşdi. Hiç kim muny tanamady. Gidende, ýumruk ýalyjak oglandy indi sakgal-murt çykan, ullakan ýigit bolup bardy. Öwez bir adamdan sorady:

— Öwez diýeniň enesi, Buldur gassabyň aýaly barmy?

— Bar, haremhanasynda otyr.

— Bar, söýünjiläp bar, men Öwez ogluny görüp geldim. Bu adam ylgap gidiberdi. Bardy Öwez janyň enesiniň ýanyna: — Haý, kempir, söýünji-söýunji, seniň Öwez ogluň barmyşyn. Bir adam görüp gelipdir, söýünjimi ber! Öwez janyň enesi:

— Haw, ýagşy ýigit, «Öwezi görüp geldim, söýunji»,«Öwezi görüp geldim, söýünji» diýen adama at mündürip, serpaý ýapyp, mende mal-dünýä galan däldir. Men Öwezden tamamy üzdüm. Söýünjiňe ynanmaýan seniň  — Diýdi.

Dönüp gelip aýtdy:

— Haw, ýagşy ýigit, ol-a meniň aýdanyma ynanmady.

— Şol kempiriň özi şu ýere gelmäge ýarajakmy?

— Ýarajak.

— Eýse meniň ýanyma bir gelip gitsin, bar aýt.

Ýaňky adam gelip:

— Aw, kempir, meniň ýanyma gelip gitsin diýip aýdýa.Bir ýigit otyr meýhanada,baryp gaýdybersene! — diýdi.

«Goý, seniň diýeniň bolsun» diýip, Öweziň enesi geip, meýhanadan ätläp girdi. Öweziň enesi ony tanamady. Tanamanynyň sebäbi Öwez gidenden soň, onuň ahy-hasratynda ýüz-gözünden nur gidipdir, bili bukülipdir. Ýyglap-ýyglap, gözi şully bolupdyr. Enesini bu halda görup, Öweziň gözunden ýaş gidiberdi. Gözüniň ýaşyny sylyp, Öwez:

— Haw, kempir, sen indi Öwez ogluňy görseň tanajakmy? — diýip bir agyz gepledi. 

Kempir Öwezi sesinden tanýap, bir nagra çekip, essinden gidip, çaşyp ýatyberdi. Üç sagatdan essine gelip, Öweziň boýnundan gujaklap, ýüz-gözünden ogşap:

— Wah, oglum, asmana uçduňmy, diri gaýyp bolduňmy ýa ýere girdiňmi?! — diýip sorady.   

Öwez enesine garap, «Men saňa nirä gidenimi saz bilen beýan edeýin»diýip, bäş keleme söz aýdar gerek:

Ene jan, gaflat duýşümde

Bir garyçgaý tora duşdum!

Bela bar eken başymda.

Şo gün senden aýra düşdüm!


Ol duran-a Kap dagydyr,

Hoşroýlyk bize ýagydyr,

Agam Çandybil begidir

Görogly goluna duşdüm.


Meni mundan alyp gitdi,

Mürewwet jaýyna eltdi,

Çandybili watan etdi,

Kyrkyň ortasyna düşdüm.


Görogly bege han bolup,

Gezmedim gury san bolup,

Kyrklar içinde han bolup,

Ahyr Gulruh jana duşdum.


Öwez diýerler adyma,

Älemler ýanar oduma,

Hak ýetirdi myradyma,

Gaýdyp gelip munda düşdüm.


Bu sözi aýdandan soň, Öwez janyň gelenini ýar-dostuna, garyndaş-doganyna söýünjilemäge şarpa-şarpa atly gidiberdi. Öwez on gije-gündiz toý-tomaşa berip, ýurduna gowşup, bu ýerde bolubersin.

Indn  habary  kimden al?  Göroglydan  al!  

Iki  aý ötdi.gowrak boldy, uç aý ötdi, ondan hem gowrak boldy, gep gysgasyna ýagşy, alty aý ötdi, ol önküsinden bir neme  sagaldy.Görogly hemişe ýyldyz görende, ýarasy ýagşy bolardy.  Bu sapar pir nepesini tutmansoň, alty aýdan soň ýagşy boldy. Ol birsyhly Öwezi ýatlaýady. Öwezden bolsa derek ýokdy.Görogly alty aý diýpdi, Öwez bir ýyl diýipdi. Alty aý ötdi,Öwez gelmedi, bir ýyl ötdi, gelmedi. Gep gysgasyna ýagşy, uç ýyl ötdi, Öwez gelmedi.Görogly «Öwez gelmedi, Öwez gelmedi» diýip gezip ýör. Bir  adam:

— Haw, Görogly, sen «Öwez gelmedi, Öwez gelmedi»Diýp,janyňy ýakyp ýörme, kyrk ýigidiň ondan-ondan dört bölünip, seniň hemme zadyňy dörtden-dörtden bölüşdiler, seni öldi  hasap edip, Öwezde san-sajak bolmady. Öwez öýkeläp, çynlakaýdan gelmejek  bolup gitdi — diýdi. Görogly bu adamdan şol habary eşidip, ýigitleriniň ýanyna gelip:

«Meni öldi hasap edip, hemme zadymy paýlaşypsyňyz -ow, zaňňarlar!» diýip dogrulap aýdybilmedi-de:

— Haw, Köse,Öwez jan-a köp akylly, dana ýigitdi ,Meniň göwnümdäkini Öwez jan tapýady. Siz nä tapamaýasyňyz?! — diýdi.

Göroglynyň bir gyýuwly gürrüň aýdýanyny aňlaýp Köse:

— Haw, Görogly, Öwez tapýa, siz tapmaýasyňyz diýip, sözüňi gyşardyp gepleme-de, göniňden gel! — diýdýa.

— Ýagşy, Köse, göwnümi tapsaňyz! — diýip, Görogly alasarmygrak turup gitdi.

Indi habary kimden al? Öwezden al!

Ol gidende, Ýusup şa diýen patyşanyň gaşyndan gidipdi. Öwez geleli bäri, patyşanyň gaşyna günde üç mahal-dört mahal salama baryp gaýdyp dur. Patyşa muňa geldiňmem diýenok. Salamynam alanok, ýüzüne-de gözlänok; Bir günden bir gün Öwez:

— Haý, tagsyr patyşahym, üç ýyldan bäri men seniň gaşyňa salama gelip gaýdyp durun, hi meniň salamymy almaýasyň-la?! — diýdi.

— Näme habar gerek saňa! Seniň habaryň belli habar-da. Saňa Göroglydan ýüz tapman gaýdan aga diýerler.

-- Ýok, eýle däl, tagsyr!

— Eýläňi-beýläňi bilemok, çyk galadan, zaňňar!

— Wah, tagsyr, beýle diýmesene, baýak kyrk muň leşger gelip duşdi, Görogly kyrk iki ýerinden ýaraly boldy. Öler hala ýetdi. Öljegini bilemden soň, jogap alan kişi bolup, men bäri gaýtdym. Ol bu wagtlara çenli ölendir. Maňa bir lek goşun berseň, men Çandybiliň keseginden başgasyny göçürip alyp gaýdýan. Onda ýedi patyşanyň hazynasy ýaly hazyna bar.

—Ýit-ä, ýok bol-a, men hazyna-depinä, mal-dunýä zarmy? Seni ogly hökmünde saklan Görogly ýaly adama wepa bermedik zaňňar,maňa-da gul ekesiň ýok — diýdi.

Öwez dogrulanmasa, bolmajagyny aňyp:

— Tagsyr, dogrymdan gelsem, ol ýerde meniň Gulruh atly aýalym galdy, ony äkeleýin. Ene-de Göroglynyň Agaýunus diýen perizat aýaly bar diýip eşidýämisiňiz?!

— Hawa, eşidýäs!

— Eşitseňiz, o-da aňsat meniň sözumden çykmyýa,o-da meniň bilen gelýä.

Perizat diýensoň, patyşanyň göwni  bölündi.

— Perizady özüňden goýman getirýämiň?!

— Getirýän, tagsyr!

— Bar, eýse jogap, özüň goşun jemläp,özuň al! — diýdi, patyşa Öweze jogap berdi.  

Öwez jan dergazap bolup, bu galadan goşun jemlemäge  başlady.

Jemleýän goşuny näden? Bir müňi seýrigöý, bir muňi jadygeý, bir muňi aýýar, bir müňi häzirbaş,bir müňi wakybaş. Muň top, muň şemhal,müň jezaýry, muň  zemmirek.  Bu goşun  bilen Öwez jan Çardagly Çandybile ýöruş etsin.

Habary kimden al? Göroglydan al! Öwez jan goşuny jemläp ugran guni agşamlyk ol Göroglynyň düýşüne girdi. Görse, Öwez patyşa bolup, tug göterip gelýä. Tisginip oýandy, gözlese, düýşi. ýüwürdi meýhanasyna garşy.

— Haw, Köse, men düýşümde Öwez jany gördüm?

— Pah-pah, Görogly, Öwez jany gören duýşüňden aýlanaýyn! Ýeri, Görogly, nähili düýş gördüň?!

Görogly:

— Ine, şu hili gördüm. Eglendi, Öwez gelmedi! — diýip, sazyny goluna alyp, kyrk ýigidine garap, bäş keleme söz aýdar gerek:

Eý ýaranlar, musulmanlar

Eglendi, Öwez gelmedi!

Sürdüm birniçe döwranlar,

Eglendi Öwez gelmedi!


Yzynda çekmişem hijran,

Tapylmaz bu derde derman,

Wepasyz bor eken oglan,

 Eglendi, Öwez gelmedi!...


Mertler jeňde ganym saçar,

Namartlar öz aýbyn açar,

Duzuň iýip, aldap gaçar,

Eglendi, Öwez gelmedi!


Gurt çagadan bolmaz ekdi,

Öwez meniň bilim bükdi,

Düýşde bärik goşun çekdi,

Eglendi, Öwez gelmedi!


Ine, biziň Çandybiller,

Açylypdyr gyzyl güller,

Görogly, başyňa küller,

Zalym eglendi, gelmedi!


Görogly sözi aýdansoň, Köse:

— Zalym dagy diýiberme, Öwezem geler-dä!-- Diýdi.

-- Geljegini biz-de birneme aňlaýas, Köse! Ýöne Öwez janyň bizden göwni geçäýen ýaly.

— Goýsana, zaňňar! Heý, Öwez janyňam bizden göwni geçermi?

-- Köse, meniň duýşüme girişine görä, ol bir lek goşuna baş bolup, göwnüme bolmasa, biziň bilen uruşmaga gelýän ýaly!     ;

-- Baý-baý, Görogly, uruşmaga gelýä-dä welin, onam gaýgy edýäsiň-ä! Şu Çandybiliň topragyna gelip, aralaşýamy özi?

— Bir-ä gelýä, Köse, başgasyn-a bilmeýän!

— Gelse, bir alajy bolar, Görogly, gaýgy etme!

Köse aljak awuny bilýä zaňňar.

Ýagşy, bular bu ýerde bolubersinler.

Indi habary kimden al? Öwezden al!Ol birnäçe gün ýol ýöräp, sürüp Çardagly Çandybiliň çetinden geldi. Munuň özi Öwezin ýetik erleri,gezen ýerleri. Çandybiliň kyblasy Mejnun dagydy.Öwez bir lek goşun bilen Mejnun dagynyň eteginde tug dikdi.

Dagyň gapdallary ýalaň gaýnap duran çeşmedi.Tüpon atdyrman,galmagal  etdirmän,atlysyny pytratmam, dagyň aşagynda uç gunläp seňňer gazdy.Seňňeriin gazyp, çadyr-çemenini tutup, göwnüni bire baglap«Gel mundan bir habar aldyraýyn, öldümikä ýa barmy ka?» diýip, alty kürti ýanyna  çagyrdy. Berdi kablany, şüläni, suzmäni, çaýy-çilimi, meňi-şeraby, urdy hoşamady, hoşamatlap çişir    

— Haw, ýigitler, sizler Göroglynyň galasyndan habar tutup gaýdarmysyňyz?! — diýdi.

— Baý, Öwez, habar tutup gaýdarmysyňyz diýýäň-ä -- senden emr bolanda, Göroglynyň boýnuna tanap salyp gaýtmaýasmy?

— Baryň, habar alyp gaýdyň, alamana gidipmi,awa-şikäre çykypmy,nirä gidenini bilip gaýdyň Geleniňizsoň, sizleri at mündürip, serpaý ýapyp, köp sylaryn.

Öweziň hoşamaýlygyny eşidip, alty kürt çykyp gaýdyberdi. Pah, galyň ala sowutly, ala çakmakly kätmensakgal kürtler,telpekleriniň uzynlygy gez ýarym, ujy biz ýaly, biri-birine garşy aýdyşyp gelýäler:

— Görogly diýen jalataý zaňňar galasyna ýetmänkäk, öňümizden çykyp, atymyzy tutaýmasa ýagşy...

Bular şol sürüp gelişlerine sorap-idäp, meýhanynyň agzyna geldiler.Görogly ertir bilen çaýyny içip, çilimini çekip,donuny ýasgynjak   alyp,ýatyş telpegini geýip, meýhananyň agzyna kiçiräk keçe taşlap otyrdy. Bir mahaldan alty atly gelip, abanakga duruberdi. Salam-helik ýok.

Görogly:

— Haw,  ýigitler, habaryňyzy  beriň! — diýdi.

Biri bu ýandan:

— Görogly öýde barmy-aýt? — diýdi.

— Hawa, bar.

— Bar bolýan bolsa, eşek ogrusy galtaman çykyp at tutsa bolmaýamy?

— Göroglynyň çykyp, at tutmaga taby ýok, içerde kesel ýatyr. Näme habaryňyz bolsa, maňa aýdaýyň. Men baryp Görogla aýdaryn,

---  Gepiňi köpeltme, içinde demi bolsa, çyksyn bärik .

— Haw, ýigitler, beýdip dyzap durmaň ahyry, biz-.de Göroglynyň görer göz mähremi,seýsi,gepiňizi damdyrmanjyk baryp aýdarys,    bizejik aýdaýsaňyz-la!

— Eý, mähremi-seýsine bak-a!  Biz onuň işiginde gezip ýören her itine gep aýtmaga gelemzok, özi çyksyn bäri!

Şeýle diýensoňlar, Görogly içeri girip, telpegini, donuny, ädigini geýip, pyçak, aýpaltasyny çar-para Gysdyryp, gerdeýip çykdy.

— Aýdyň-aý habaryňyz bolsa!

— Haý, zaňňar,don, telpek geýeniň bilen,pyçak, aýpalta gysdyranyň bilen Görogly bolýamyň? Özi çyksyn bäri!

Bularyň galmagalyna ýigitler hem jemlenişdi.

— Köse, maňa içerden dutar getirip ber. Men şulara garap bir nama gaýraýyn, onsoňam şu gepini tapyp dyzap dursa, uç ýyldan bäri duşman öldurmänime elim gijäp dur. Onsoň, gaçar deşigini gözläbersin-ler! — diýdi. Göroglynyň eline sazyny getirip berdiler.

Ol bulara garap, gözüni akjardyp, murtuny towlap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Sizler bizi begenmersiz,

Ýa seniňdir, ýa meniňdir!

Höküm eden uly iller,

Ýa seniňdir, ýa meniňdir!


Daglaryň seresi Balkan,

Edermen seriňden talhan,

Egnindäki ala galkan

Ýa seniňdir,ýa meniňdir!


Kyrk ýigidim bardyr gaza,

Atyn ýakar gül howuza,

Çar perreli polat naýza

Ýa seniňdir, ýa meniňdir!


Görogly atadan ýeke,

Kyrk ýigidim bardyr böke,

Egniňdäki ak kirewke

Ýa meniňdir, ýa seniňdir.


sözi aýdandan soň, «Görogly»diýensoň tanap, ýüregi ýaryldy zaňňarlaryň. Başga gep tapman:

— Aý, Görogly, bir çilim getirsene! — diýdiler

Bu-da Kösä ümläp goýberdi. Köse-de içeri girip, bürünç çilimi, garşy temmäkiii otlap getirip berdi.Bular-da «çilim tutaýmasyn» diýşip, ähtiýaçlap,atyň jylawuny bilegine orap çekdiler.Gorkan adam, gurgun çilim, garşy temmäkili çilim ras tutdy zaňňarlary. Arkanlygyna garşy ýykylyp gidýäler. Jylaw elini ibermeýä. Onsoň, ilerligine ýykylyp gidýäler,

eýeriň gaşyna maňlaýlary gülç edip degýä. Biri:

— Görogly, urmasana! — diýdi.

Eýeriň gaşy maňlaýyna degende,urýamyka diýip. Biri çalarak çeken ekeni.Ol çalarak essine gelip, sakgalynyň suwuny syryp: «Öwez geldi!» diýdi. , ! «Öwez geldi» diensoň, Köse ýüwrüp gelip, onuň boýnundan gujaklap, agzyndan jup ogşady:

— Wah, Öwez geldi diýen diliňden döneýin-ow! Öwez jan nirä geldi?

— Bir lek goşun bilen Mejnun dagynyň duýbünde tug dikdi. Görogly uruş meýdanyna çyksyn diýip, bizleri bäri gönderdi.

— Haý, ýigitler, gowuja habaryňyz bar eken. Ertirden şeýle diýäýseňiz  bolmaýamy  ahyryn!Baryň, gaýdyberiň. Ine, biz hem bardyk bärden!

Kürtler yzlaryna dönüp gaýdyberdiler. Köse ala-galmagal ediberdi:

— Haw, ýigitler, çakgan bolsaňyz-la,at eýerleseňiz-le, enjam-ýaraglar nirde,tapsaňyz-la!  Haý,Öwez jan gelipdir, bolsaňyz-la!

Görogly dagam atlaryny eýerläp, bular-da yňdaryp gidibersinler.

Indi habary kimden al? Ýaňky alty kürtden al! Bular Öweziň ýanyna geldiler, Öwez aýtdy:

— Eý, ýigitler, ajdar gerdüňizmi, şir gördüňilmi, ýaman ganyňyz gaçyp, terziňiz üýtgeşipdir-le?

— Öwez jan,ajdar-şir görençe bolduk.Barsak, meýhanasynyň agzynda oturan ekeni. Ozal-a tanaman,birentek abaýladyk. Onsoň,    kyrk ýigidini  jemläp, sazyny eline alyp, bizlere bir nama gaýyrdy. Zährämiz ýaryldy, Öwez jan. Indi şol adam bilen ýüzbi--ýüz bolsak ölýäs, Öwez jan!

Öwez janyň lapy keç boldy. Ol öz ýanyndan:

-- Haý, ölmän eken-ä! Indi näme-de bolsa, bir lek goşuna şa bolup gelipdirin, bagtymy synap,munuň bilen gum-kesek bolşaýyn! — diýip, özi atlanyp, ýygna bir hatar aýlanyp çykdy.Dogagöýlerine doga bilen boluň, jadygöýlerine jady bilen boluň, häzir baş wakybaş, sizem taýýar boluň! — diýip, Öwez gelip, ýaşyl  çadyryň içinde, altyn tagtyň üstünde oturyrsin.

Habary kimden al? Göroglydan al. Bu ýerler Görog1nyň hem etik ýerleri. Ol Öweziň günbataryndan aýlanyp, kyblasyna geçdi. «Öwez janyň oturan çadyry şudur gerek» diýip, at gamçylap, dag üstüne çykdy.Göroglynyň: «Ýüzüne ýüzüm düşse, Öwez maňa söz gaýtarybilmez, salam berer» diýen tamasy bardy.Salam kaýda, zat  kaýda! Gaýta, esewan etse, gurupdyr akly-gyzyl çadyry. Ok atsaň, ýere düşjek däl, sap-sap, baýrk-baýdaga   kaklyşýar. Toplaryň içini bolsa köne içmek bilen syryp ýörler.Galyň küňre ýaly adamlar Öweziň gaşynda çaýda-çilimde, hyzmatda durlar. Muny görüp, Göroglynyň gahary gelmän, gaýta begenip: «Öwez janam bu derejä ýetipdir-ow, tüweleme-tüweleme!» diýýä, Görogly:

— «Salam ulugdan» diýenleri,gel, muňa salamy özüm beräeýin-le, bu-ýa maňa salam bermedi — diýid,

Oweze haýkyryp salam berdi. Emma Öwez düýelä it üýren ýaly, näme diýýäsiňem diýenok.

Görogly:

— Haý, zaňňar, gatyja ulalan ekeniň-ä! Seniň ant içip gideniňi ýadyňa salmasam bolmady! — diýip, sazyny goluna alyp, Öweze garap, bäş keleme söz aýdar:


Beren salamym almadyň,

Salam urar, balam, seni!

Men bir kembagal adamam,

Ýalym urar, balam, seni!


Mäleme, guzym, mäleme,

Çawuň düşendir äleme,

Nogsan getirme kelama,

Kelam urar, balam,seni!


Meýdanda gezem mert kimin,

Ganyma degen dert kimin,

Agzy ganly aç gurt kimin,

Daglarda oljalam seni!


Mes olup, messan oturyp,

Ganymy dile getirip,

Munça leşgeriň tozduryp,

Ýesir kylyp, alam seni!


Göja daglaryň gary sen,

Gyrmyzy gülden ary sen,

Göroglyň herne bary sen,

Tanamazmy älem senn?!


Bu sözi aýdansoň, Öwez eşidibem dur, duşunibem dur welin, göýä hiç zat bilmedik kişi bolan bolup;

— Aý, munuň aýdýan sözi näme?!Munuň  agzyndan çapyp, dadyny berýän ýokmy?! — diýensoň,seňňerden tozanlap-tozanlap topar-topar atly çykyberdi, Gelip,Görogly dagy bilen bir meýdan garjaşyp gylyçlaşyp, garça-garça uruşdylar.Öwezin set hezar ýygnyň desti gaýralap, basylyp, gelip seňňere dykyldy.

Her atlybaşysy, ýüzbaşysy öz atlysyny öňüne salyp, taýaklap gamçylap getirip uruşdyrýa. Desti gaýra bolup, ýene seňňere dykylýa. Şunlukda, Öwez üç gün uruşdy. Dördülenji güni gamçylany-taýaklany bilen seňňerden jandar çykanok.

Habary kimden al? Köseden al! Ol:

— Aý, Görogly, sen beýlede duruber, Öwez janyň bu ýygnyna bissimylla nämä gerek?! — diýdi.

Bozduman-da ýyndamlaşypdyr. Köse kelläni-de ýalaňaçlap alypdyr. Çykanynyň kellesini kak, çykanynyň kellesini kak. Şol seňňeriň töwereginde at goýup gyryp ýör. Köse Öweziň ýygnyndan gyranyny gyryp, galanyny seňňere dykdy. Dördülenji güni Öwez ýygnyna jar çekdirmäge aýlanyşdy.

— Gyzyr ogly Mustapa, nirde bolsaň, ýortup gel-hä.

Öweziň ýygnynyň içinde Gyzyr ogly Mustapa diýen biri bardy. Bu-da Öweziň uly serkerdesiniň biridi. Göroglynyň kakasyna Adybeg soltan diýerdiler. Mustapanyň atasyna bolsa Gyzyr diýerdiler. Adybeg soltan bu Gyzyra, bir ýerde bir ýagşylyk edip, ölümden gutarypdy. Gyzyr Mustapa diýen ogluna; «Haý, oglum, men-ä dünýäden ötüp barýan. Şol Adybeg soltanyň ogly Görogly bilen sataşaýsaň, şoňa bir dostluk edip, maňa eden ýagşylygyny gaýtargaý sen!» diýip wesiýet berip gidipdi. Mustapa-da öz içinden oýlanyp: «Bu Öwez-ä duz iýen ýerine kast edip barýa, munuň işiniň rowaç aljagyny alla bilsin. Eger dest ileri bolaýsa, Görogla kömek bereýin» diýip, Öweze duşman, Görogla dost bolup gelipdi. Ol jar çekilensoň, Öweziň ýanyna geldi.

Öwez:

— Haw, Mustapa! Üç günden bäri bu uruşlarda görünmeýäsiň-le. Nä hyýalyň, nä pikiriň bar seniň? — diýip sorady.

— Meniň hiç hyýalym ýok, Öwez jan! Men özuňden buýruk bolmasa, her bir gezip ýören salpaýagyň gepi bilen urşa çykmyýan.

— Bar, özumizden buýruk, uruş Görogly bilen!

— Ajap bolýa, gulluk, Öwez jan, men Görogly bilen ýekme-ýek urşaryn. Meniň yzymdan jandar çykarma! — diýdi. Çyk diýende-de çykyp ýatanok. Mustapa Öweziň gaşyndan Görogla garşy surüp gaýdyberdi.Mustapa gelen ýerinde oýlanyp gelýä: «Bu-ýa meniň dostdugymy bilýändir. Ozal palança mertebe teýden hat goýberipdim. Muňa deslapdan özumi tanatsam-da bolar. Munuň özi bilse-de, ýigitleri bilmez. Gorkujyna dogan boldy diýip aýdarlar. Şuňa öňinçä güýji-zarbymy görkezip, onsoň özumi tanadaýyn» diýip gelýä.  Görogly muny dag üstünde görup dur.

— Haw, Kose, bu ýigidi görýämiň?

— Görýäm, Görogly!

— Bu ýigit uç günden bäri uruşda ýokdy. Özünden minnetdar ýigit bolmaga çemeli.Özi  ýekme-ýek  diýip gelýär Biziň-de Görogly adymyz bar. Namartçylyk etmän, .biz-de öňünden ýeke çykaly.Armanly bolmasyn!

Gelip, Mustapa Görogla naýza urdy. Görogly galkan tutdy. Görogly Mustapa naýza urdy,Mustapa-da galkan tutdy. Bir meýdan at üstünden naýzalaşyp, galkan tutuşyp, bir-birlerine güýç görkezişip, gazaply uruşdylar.

Naýzadyr gylyjyň galkana çaknyşmasyndan ot syçraýardy. Sebäbi Görogla göreniň baýaky. Mustapanyňam güýç-kuwwaty edil häzir onuňkydan artyk bolmasa, pes däldi. Şol barmaşa Gyrat agzyny açyp, gazap bilen haýkyryp, Mustapanyň atyny urdy, ol bir gapdalyna togalanyp gitdi. Mustapa-da aty bilen agdarylyp gitdi. Görogly towsup düşüp, tylla gynly pyçagyny sogrup topuldy. Mustapa ýatan ýerinden:

— Mert ýigit säwlikde ýykylan adamyň üstüni basmaz — diýdi.

Görogly:

— Ajap bolar, tur, özüňi dürse! — diýdi. Mustapa özüni dürsedi. Bu ikisi ýene urşa başladylar. Her näme-de bolsa, alty aýlap ýaradar bolup ýatan adam özuňe belli. Şondan ötri Görogly näçe merdanalyk görkese-de, edil häzir Mustapanyň güýji Görogla set    hezar zor gelýädi, atdan agdaraýyn diýse, agdarjakdy.«Alla, muny atdan agdarsam, bir ýerine daş degip ahmal edermikä?» diýip, Mustapa oýan-bu ýana gaçgalaklaberdi. Bir mahaldan bir  jaryň üstünden geldi.Aşagy gök çäge. «Şu erde saňa hiç zat bolmasyn ge-

rek» diýip, Göroglyny galkan-palkany bilen atdan agdardy. Görogly ýatan ýerinden «Men ýaňy muny öldürmedim, emma bu namartlyk edip, birden meni  ölduräýermikä?!» diýip pikir etdi-de, ýatan ýerinden bar güýjüni ýygnap gazaba mündi. Bir seretse,    bu ýigit ýüzüne seredip, ýylgyryp dur. Görogly geňirgenip:

— Meni çaýa basan ýigit, sen kim, adyňy beýan et! — diýdi.

— Maňa Gyzyr ogly Mustapa diýerler.

Gyzyr ogly Mustapa diýenson, ozaldan dost diýip eşidip ýörensoň, Göroglynyň janyna aram giräýdi.Ýene-de: «Bu zaňňar hoşamatlyk bilen meni ahmal adäýmese ýagşy. Özüňden zor gelen adama ýalbarmak aýyp däldir» diýip, bäş keleme söz aýdar gerek.


Sapalap awa çykanda

Gyzyr ogly Mustapa beg!

Bizi Gyratdan ýykaňda,

Naýza urduň, Mustapa beg!


Çagyranda, häzir etgin,

Bir nobat günähim ötgün,

Bize bir doganlyk etgin,

Gaýrat etgin, Mustapa beg!


Mest olup, mestan oturdym,

«Ganym» diýp göwne getirdim

Kyrk iki ýara göterdim,

Niredediň, Mustapa beg?!


Atlanyp, mestan çykaly,

Ganyma gyýa bakaly,

Öweziň tugun ýykaly,

Söweşeli, Mustapa beg!


Säher ýeli kimin esen,

Ganjygadan kelle asan,

Göroglyny çaýa basan, .

Çek naýzaňy, Mustapa beg!


Görogly bu sözi aýdansoň, Mustapa beg;

— Görogly, men saňa deslapdan özümi tanatjakdym, guýji-zorumy görkezeýin diýip etdim bu işleri! — diýdi.

— Haý, saňa bäs barmy, çekeweri naýzaňy !

Mustapa-da naýzany çekip aldy. Görogly-da ýerinden turup, ikisi gujaklaşyp görşüp, atlanyp Köse daga garşy sürüp ötägitdiler.

Habary kimden al? Öwez janyn ýygnyndan al! Öweziň bir tama edýäni Mustapady. Muny doga etdi, jady etdi, öz ýanyna dönderdi. «Indi biziň waý, alla, günümize!..» boluberdiler. Güpürdi-basgy bolup, seňňeriň içi alatozan bolaýdy. Köse-de dag üstünde görüp durdy. Munuň basylanyny bilip gygyryp, oýa garşy at goýdy:

— Haý, zaňňarlar,seňňriň yzyndan ýetseňiz-le, žanňar çykarmasaňyz-la!—diýip, Köse ýygnyň yzyndan ýetip, ur, ýyk, sanç, agdar, gaňyr, bas, meýdi   kaklyşdyryp,  kowup  gidiberdi.Görogly«Gaçany kowujy bolma» diýenlerini edip, Mustapa bilen  çadyra

gelip, çaý-çilim bedessur kylyberdi. Köse urşup, dag içinde at goýup gezip ýördi. Bir mahaldan dagyň gowagyndan çykyp, Öwez elini bulap gygyryberdi:

— Haý, Mährem aga, bäri geleweri, salawmaleýkim, haw, salawmaleýkim.

Köse esewan etse, Öwez elini bulap gygyryp dur. Köse Bozdumanyň jylawyny dönderip, basdy gamçyny.

— Haý, Öwez jan, seniň didaryna ýene ýüzümiziň düşmesi bar eken-ow!

Ýetmänkä atyň üzeňňisini ýazdyryp: «Geleweri, Öwez jan!» diýip, artlaşdyryp alyp gaýdyberdi.Gelýen ýerinde Öwez:

— Aý, Mährem aga, men-ä bir ýüzügaralyk etdim,agamyň ýanyna näme gep, näme jogap bilen bararyn,bir maslahat bersene! — diýdi.

— Aý, Öwez jan, maslahat ber diýen bolma, bir lek goşuna şa bolup, tug göterip, wekilli-wezirli,guş-begili, mäterli bolup çykypsyň. Elbetde, öz geňeşiňi özüň tapjaksyň-da. Tapyber özüň geňeşiňi! — diýip, Köse gyňralyp gelýä. Öwez onuň arkasyndan boýnundan gujaklap ýalbarýa.

— Wah, sadagalaryň bolaýyn, boýuňa döneýin, beýle etmesene!

— Öwez jan, bir alajy bolar-la!

'— Mährem aga, öldürtmeseň bolýa şu sapar!

— Öwez jan, ölüm-ä beýlede dursun, meniň saglygymda saňa horlugam ýokdur!

Bular şu gelişde ses ýeter ýaly meýdana geldiler. Öwez jan atdan düşüp, gol gowşuryp, Görogla salam berdi. Salamy alman bolýamy, Görogly Öweziň salamyny içinden aldy. Öwez jan ýanyna gelebilmän, aňyrrakda ýere bakyp, çök düşüp oturdy. Göroglam tersräk gyňralyp otyr. Köse-de bir ýerde Bozdumany baglap, oduň başynda bir çilim çekip, Göroglynyn ýanyna geldi. Ol:

— Görogly, näme tersräk gyňralyp otyrsyň, Öwez janyň habaryny alsan bolmyýamy? — diýip ýylgyrdy.

Görogly:

— Näme habar gerekmiş muňa? — diýdi.

Köse-de:

— Bir habary bardyr, elbetde, al habaryny! — diýdi.

Görogly şondan son:

— Aýdybersin, habary bolsa! — diýdi.

Köse Öweziň ýanyna gelip:

— Aýdyber, Öwez jan, habaryňy, gorkma, gorkma! — diýdi.

— Haw, aga, arzymy aýtsam, bir ýyldan geljekdim,oba töri agyr diýenleri, üç ýyl eglendim.Bir gir gyzyň-iki gyzyň hununy berip gyz äkeleýin diýsem, serpaý äkeleýin diýsem,ol zatlara sen zar däl.Onsoň oýlandym; «Agamy üç ýyldan bäri uruş humar edendir. Meniň bilen urşan kişi bolsa, eliniň gijisi aýrylar diýip, göwnüme geldi. Şu bir lek goşunyň harajady, aty-ýaragy agama galar diýip göwnüme geldi. Şundan başga berim-peşgeş, engam tapmadym. Ýüzüm garadyr, aga!

— Ha, gepiňi tapdyň-a, zaňňar! Bolmasa seniň öljek gezegiňdi şu sapar.

— Öljek dagy diýiberme. Öwez jan biziň   göwnumizdäkini bilýä ahyry! — diýip, Köse Öweziň elinden tutup, Göroglynyň üstüne getirip:

— Oglanlyk edipdir, öt günäsini, görüş,zaňňar, görüş! — diýdi.

Köse erkine-janyna goýman, ikisini gujaklaşdyryp görüşdirdi. Görogly Öweziň iş başarabilmänine, Mustapanyň doganlyk edenine, Öweziň gaýdyp, ýene eline düşenine wagty hoş bolup, bäş keleme söz aýdar gerek:


Sen gidelin üç ýyl boldy,

Bu ýygyna başdyr Öwez! 

Bu işler alladan boldy,

Aýp eýlemäň, ýaşdyr Öwez!


Bir gije düýşümde gördüm,

Şa bolup atlanyp ýördüň,

Leke şanyň gyzyn berdim.

Menden göwni hoşdur Öwez.


Tug dikeniň Mejnun dagy

Ylgar etsem soly-sagy,

Ne sebäpden bolduň ýagy,

Biziň bilen goşdur Öwez.


Ne üçin ýanyma gelmediň,

Beren salamym almadyň,

Öz gadryň özüň bilmediň,.

Tutan işiň boşdur, Öwez!


Görogly messan oturdy,

Gyzyr ogly iş bitirdi,

Seni nesibäň getirdi,

Indi ýurduň daşdyr, Öwez!


 Görogly bu sözi aýdandan soň, Köse:

— Görogly, daşdyr-paşdyr diýip, gepi köpeldip oturma, atlansana! — diýdi.

Bu ýygny gyryp-gyrjaşdyryp, oljalap alyp,dönüp gaýdybersinler. Mustapa-da: «Sen-de hezzet-sylagyňy, dem-dynjyňy alyp gaýt!» diýip, ony hem mundan gala alyp gaýtdylar. Galasyna gelip, Görogly:

— Haw, Köse, ozal keselläp ýagşy bolanymyzda, toý-tomaşa beribilmändik, onuň toýy bolsun.Ýene-de «Gul myrady gaçmak» diýenleri, Öwez jan ýurduna baryp, göwnüni bire jemläp, ýene elimize düşdi, munuňam toýy bolsun! Doganymyz bolan Mustapa, munuň-da toýy bolsun! Bu-da toýy görüp gaýtsyn! Bu oljalary galaga soň daşarsyňyz, toý-tomaşa beriň! — diýdi.

Şondan soň, on gije-gündizläp toý-tomaşa berip, nan diýene—nan, teňňe diýene—teňňe, serpaý diýene—serpaý berip, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyryp, toýuny sowup, Mustapa-da at mündürip, hezzet sylag edip, muny hem ýurduna ugratdylar.