KEMPIR

Habary kimden al? Göroglydan al! Ol ýarasyndan gutulyp, Öwez ogluna-da gowşup, mes bolup ýatyberdi.

Bu ýyl  Göroglynyň urşy elmydama Nişapur bilen boldy. Ol ozalky köýen arlaryny ýatlap çapdy, kyrk müňler bilen gelenlerini ýatlap    çapdy, aýlandy — çapdy, dolandy — çapdy, nişapurlylara ynjalyk berenok.

Habary kimden al? Nişapuryň patyşasyndan al! Nişapuryň patyşasyna Balybeg diýerdiler. Balyber, bir gün sypaýylaryny ýygnap, maslahat etdi:

— Hany, ýigitler, munuň maslahatyny beriň,bu eşek ogrusy galtaman zaňňar niçesar ýurda ot ýakdyrman gezmeli?

Sypaýylary:

— Tagsyr, Göroglyny çagyryp getiriň, berim-peşgeş beriň, at mündüriň, serpaý ýapyp, onuň bilen ýaraşyk ediň! — diýip geňeş berdiler.

Patyşanyň bir garry weziri bardy, çagyryp getrip, ondanam geňeş sorady:

— Haý, pylan wezir, özge sypaýylar-a ýanky geňeşi berdiler, sek näme diýýäsiň?!

— Tagsyr, ondan geňeş bolmaz, berim-peşgeşiňi alar, atyňy müner serpaýyňy geýer, gaýdyşyn bolsa ýurduň birýan çetinden çapawul urup, alar gider.Gurt çagasy ökdi bolmaz» diýenleri, ýalnyp gün görebilmersiň!

— Eýse munuň geňeşini sen ber!

— Munuň geňeşini men bersem, tagsyr, onun Mejnun däli diýen Gyraty barmyşyn. Şol at bilen Görogly bolup ýörenmişin. Şol aty aýagynyň teýinde bolmasa, kiçijik bir daşa-da guýji ýetmeýämnşin onuň.

— Ony neneň-edip alarkak, wezir?

— Ony zor bilen basyp alabilmersiň, zer berip,satyn  alabilmersiň.Berim-peşgeş, engamy köp berseň, şu galada janyndan geçen adam bardyr, ony, ana,şony iberip, hile bilen alarsyň, tagsyr!

Bu gep patyşanyň göwnüne makul gelip: galasyna çekdiriberdi.

— Her kim Görogly sünniniň Gyratyny getirip,berse, häzir bäş ýüz tümen tylla berýän, gaýdyp gelende, bir ýap boýuna müşrip edýän, ömri ýetýänçä, iýjek-içjegini patyşalykdan berýän! — diýip,galasyna çekdiriberdi jary.

Bu galada ýüz segsen ýaşyna giren är-heleý bardy. Äriniň adyna Leňňer baba diýerdiler, aýalynyň adyna Şamama Zulman diýerdiler. Onuň enesine-de Hyrs-bibi diýerdiler. Şamama Zulman aýtdy:

— Leňňer, men gidip äkelebilmezmikäm şuny?!

— Haý, zaňňar kempir, men seniň biz-alaçany satyp owkat edip otyryn, sen gidensoň, men aç öleýin-dä, şeýlemi?!

—Ýok, eýle däl, patyşa bäş ýüz tümen tyllany nagt berjekmişin. Men şony saňa goýup gidýän, ölseň-de doýup ölýäsiň.

— Eýle bolsa, bar, eliňden iş gelse, saňa jogap! — diýip, Leňňer baba kempirine jogap berdi.

Kempir patyşanyň gaşyna geldi. Salam berip, gol gowşuryp durdy. Patyşa:

— Haw, mama jan, habaryňy ber! — diýdi.

Kempir:

— Habarym, Göroglynyň Gyraty gerek bolsa, bäş ýüz tümen tyllany sana, tagsyr! — diýdi

— Aý, sen özüň şu haldaky kempir bolup, neneň edip äkeljek ony?!

— Tagsyr, ony adam şekilli adam äkelebilmez, Meniň ýaly suhangöý,jadygöý, aýýar kempir äkeler ony.

Bu kempir hemmä belli ekeni. Wezirleri güwälik beriberdiler. Olar:

— Tagsyr, adam ogly adamzat äkelse,şu kempir äkeler. Munuň dogagöýlükde, jadygöýlükde, aýýarlykda hiç deňi-taýy ýok, tagsyr! Ýeriň teýinde ýylan gäwüşese-de bilýä bu — diýdiler.

Bu gep patyşanyň göwnüne makul gelip, bäş ýuz tümen tyllany nagt sanap berdi. Kempir bu teňňäni hammala göterdip,öýüne getirdi. Pullary Leňňer baba tabşyryp, bäş tylla bir eşek satyn alyp, bir söwda kerwenine goşulyp, çüw goýsun.

Ýol uzak, gepiň gysgasy ýagşy. Bir gün şol kerwendäkiler ilki agşamdan:«tirkeşiňi gaty çek, assa gep-le!» diýmäge aýlanyşdylar. Bir hikmet bardygyny aňlap, kempir eşegini haýdap sürüp, kerwenbaşynyň yzyndan ýetdi-de:

— Haw, kerwenbaşy, bu gije ýaman gaty gaçýasyň-la, näme gep bar?! — diýdi.

— Mama jan, şu barýan ýerimiz Çardagly Çandybýliň kyblasy, onuň häkimine Görogly beg diýýäler,azana — gün çykana galsak,    paç-zekat diýip, heläk eder, şondan gaçyp barýas.

Çandybiliň, Göroglynyň adyny eşidensoň, kempir ökje ogurlap, kerwenden galma bilen boluberdi; Şeýdýp, ol kerwenden üzülip galyp: «Alla ol ýol çalmaga çykaýady-da, ony yzym bilen tirkeşdirip getirip bolmazmyka?!» diýip, eşeginden düşüp, kiçi köýnegini çykaryp, eşegiň gaňňasynyň art gürlüginden ýüp salyp, şondan aslyşyp, syrty bilen süýşmä- ge aýlanyşdy.

Habary kimden al? Göroglydan al! Ertesi ir bilen Görogly:

— Köse, şu günler çaý pulunam tükedip ýörüs, ýol çalgap gaýdaýsak kim ötýä, kim geçýä, bir ser salyp gaýdaýsak! — diýdi.

Köse çaý içip, çilim çekip ýatan ýerinden:

— Aý, Görogly, özüň bir köw urda gaýdybersene, şu wagt näme bardyr öýdýäň?! — diýdi.

Göroglynyň ýeke özi ýol çýalmaga çykdy. Bir topço kerweniň yzy gözüne ildi, yzarlap, kowalap gidiberdi. Bir mahaldan soň, bir eşekliniň yzy bu ýana.aýrylyp ötagitdi. Eşegiň gapdalrak yzynda başga bir tuýsli yzam bar. Şony yzarlap barýaka, yz ýany ýokaryk çykanda: «Köp ýagşy» diýýä. Ýapy aşýak inende, kempir otyrerini leňňerläp basýan bolara çemeli, Görogly oňa bogaz maýanyň yzymyka diýýä. Ol bir depä çykyp, aňry ýanyndaky oýa gözlese, bir eşek dur, eşegiň gapdalynda-da bir ebla kempir ýatyr küçen ýaly bolup.

Bu kempiriň agzy ojak kimin,eňekleri kürek kemin, dişleri kepje kimin, alkymynyň aşagynyň damarlary peşehananyň basdyrmasy kimin, saçlary gyr baýtalyň guýrugy kimin, ýüzi-gözi eplem-büklem, ussanyň köne körügi ýaly.

Görogly her niçik-de bolsa, oňa hoşamatlyk edip:

— Aý, mama jan, bu ýerde näme işläp otyrsyň? — diýdi.

Melgun kempir eýýäm doga, jady bilen Göroglynyn aňyny alan eken. Ol mysapyrsyran bolup:

— Oglum, men bir topar kerwen bilen bir ýurda barýadym. ýöne kerwene eýermedim, o kerwen meni şu ýerde taşlady gidiberdi. Gepleýşiň bir musulmançylykly bende bolmaga çemeliň. Men ölmäge ýakynladym,meniň üstüme birki pil toprak ataweri, oglum! —

diýdi.

Görogly ona:

— Haý, mama jan, seni öldürmerin, mün eşegiňe,seni  gala äkideýin!  — diýdi.  Kempir hasam eziljiräp:

— Eşege-peşege münere kuwwat galan däldir,janym! Ýanyňda şapbat ýaly nanyň dagyň bolsa,taşlaweri! — diýdi. Görogly atyň üstünde oturan ýerinden:

— Eşegiňe munüp oturybilmeseň, men seni artlaşdyraýaýyn, uzat eliňi bärik! — diýnp,oňa tarap egildi.

— Meniň gursagym ýerden galjak däl — diýip, kempir hykgyl-çokgul edip, ýatan ýerinde elini uzatdy. Görogly onuň elinden çekip goýberdi, ýeňil kempir zyňlyp atyň syrtyna düşdi. Onsoň, Görogly kempiriň eşegini öňüne salyp, gala garşy gaýdyberdi.

Görogly bir ýerden geleninde, «Ogulsyzlygy,gyzsyzlygy ýadyna düşmesin» diýip, Agaýunus peri ony gujaklap atdan düşürýädi. Ol bu gezegem Göroglyny «Atdan düşüreýin» diýip daşary çyksa, syrtynda maýmyn ýaly bolup, bir betnyşan kempir otyr.

Agaýunus geňirgäp:

— Haw, Görogly, munyň näme? — diýdi.

— Agaýunus, saňa bir sübsegär ene äkeldim, ene!

— Görogly, eneň-de gursun,ýüzüň-de gursun!Bu kempiri nireden äkelen bolsaň, dokuz menzil aňyrsyna taşlap gaýt, ondanam aňry, — dagdan ötürip taşla,dagdanam ötürip, daşa baglap, deňze taşla! Görogly, bu kempiriň ýüzi bozuk görünýä. Bu ýa öz başyňa ýeter, ýa Öwez janyň başyna ýeter, ýa Gyratyň başyna ýeter, ýok et muny derrew!

— Haý, «Naçaryň saçy uzyn, akyly gysga» diýenleri boldy-ow, şunuň, elinden iş gelýämi?

Onda Agaýunus:

— Gelse-gelmese-de haremhanama-ha salabiljek däl, Görogly, nirä äkitseň, şoňa äkit muny! — diýd.

Grogly torsarylyp, gahar edip:

— Sen gözlemeseň,gözleme,özümiz gözleýäs!  — diýip, yzyna alyp gaýdyberdi. Meýhananyň gapdalynda bir hüjre bardy, kempiri şoňa taşlap, artan-süýşen sarkyndydan ibermäge aýlanşyberdi.

Görogly kyrk ýigidi bilen şerap içip, uka giden mahalynda, kempiriň edýän pişesi: meýdandan bir desse oty ýygyp getirip, Gyratyň öňüne taşlap gaçýa. Bir aý ötdi, oty silkip bermäge aýlanyşdy, iki aý ötdi, Gyratyň ýüz-gözünden sypamaga aýlanyşdy, üç aý ötdi, kempir aty kemsiz öwrenişdirip, öz ýanyna geçirdi.

Bir gun seýishananyň içinde Gyraty ýalaňaçlap, ýamaşgandan eşikläp, ahyra ýanap münüp, seýishananyň içinde albassy ýaly bolup, o ýana-bu ýana çapdy. Ýene aty ýerinde baglap, hüjresine gelip: «Ho-op, at çapmasyn-a öwrendim» diýdi. Soňra ol: «Bulary bir derde sataşdyrmasam, maňa äkitdirmez» diýip, seýir dogasyny okamaga oturdy.

Bir gün Göroglynyň özünde-de, ýigitlerinde-de bir agyry peýda boldy. Şol agyry üç-dört günläp aýrylmady.

Ahyry Görogly:

— Haw, ýigitler, şol kempiri çagyryp geliň,şonuň hekimçilikden habary bar ýalydy-la, ýanynda bir heýkel-peýkeli görünýädi-le! — diýdi.

Kempiri çagyryp geldiler.

Görogly oňa garap:

— Haw, mama jan, kellämizde bir agyry peýda bolup, hiç aýrylmady, hekimçilikden-ä habaryň ýokdur?! — diýdi.

Kempir:

— Aý, oglum, bizi sowuk tama taşlap goýupsyň,ýogsam bolmasa, bizde näme emel ýokdy, hekimçilikdenem başymyz çykar, beýlekisindenem — diýdi.

— Eýse biziň derdimize bir delalat bolaweri, mama jan!

— Oglum, men bir täleý gözläýin — diýip, kempir goltugyndan heýkelini alyp, birki kagyzy o ýana-bu ýana agdaryp, bir ýere gelende: — Oglum, öten aýyn içinde bir mazarystanlykdan geçdiňmi? — diýip sorady.

Görogly:

— Geçdim, mama jan — diýdi.

— Şonda kelläňe gaýsar diýen bir dert ýolugypdyr.Ýany ýolugan mahalynda öňüni alsaň-a gutulýasyň, ýogsam hemmän gyrgyna gidýäsiň, oglum! — diýip, kempir howp baryny berdi.

Görogly:

— Pah, mama jan, derdim-ä bildiň dermanynam berebiläýseň-ä?! — diýdi.

— Derdiňi bilen dermanynam tapyp berer, oglum.Mende bir derman bar, hemmäň içseň, gutulýasyň, oglum! — diýip, kempir arkaýynlaşdy.

Kempir ýurdundan gaýdanda, çemelirägede bir çüýşä beýhuş dermany salyp, çermeginiň içinde bent edip gaýdan eken. Ýankydan bir käsäni ýarysyndan edip, Görogla berdi. Onsoň Öweze, Sapar Köse başlyklaýyn kyrk ýigidine berdi, içen ýykyl, içen ýykyl — ýöne çalam-çaşa  bolup ýatyberdiler.

Mundan soň, kempir Agaýunusyň ýanyna geldi.

—Aý, Agaýunus jan, oglum, bu derman bilen Göroglyny kyrk ýigidi bilen gutardym. Senem içermiň?!

Akylly, ätiýaçly adamyň işi bir başga. Agaýunus:

— Mama jan, sen öňinçä özüň iç-de, yzyndan bizlre teperrik edip beräý! — diýdi.

— Hoş! — diýip, kempir içen kişi bolup,käsäni ýaşmagynyň aşagyndan guýup iberdi. Iki göwsünyň arasy bilen, göbeginiň üsti bilen syrygyp, baryp mesisine döküldi. Agaýunus-da ynanyp içdi, bu-da gitdi estinden, Gülşirine berdi, bu-da gitdi estinden. Galdy bir özi zomparyp, gam-gaýgysyz bolup, Agaýunus periniň altynly topjygasyny alyp, başyna sanjyp, Gyratyň eýer-esbabyny, alagaýşyny alyp, bir gyldan zerläp, Gyraty münüp, meýhananyň agzyna gelip:

— Haw,  Görogly,  «Bir gara—bir gara, bermedigiň ýüzi gara». Atyň ornuna eşegi goýup gitdim! — diýip,

«Niredesiň Nişapur» diýdi-de, çüw gitdi.

Indi habary kimden al? Görogly dagydan al!

Kempiriň beýhuş dermany üç günlük ekeni, üç günläp ýatyp, dördünji güni ýagşy bolup turup, çaý-çilim taýýarlap, iýip-içip:

— Aý, Mätel, Gyraty getir, guşa-şikara  çykaly,kellämiz ýagşy bolan ýaly-la! — diýdi.

Mätel ýüwrüp seýishana gelse, Gyrat ýok. Eýer-esbabyny goýan tamyna gelse, o-da ýok. Mätel ýüwrüp gelip;

— Haw, Gerogly, Gyrat ýok! — diýdi.

— Eýer-esbaby barmy?

---Ýok!

«Eýer-esbaby ýok» diýensoň, Agaýunusyň başdaky aýdan gepi Göroglynyň ýadyna düşdi. Görogly gyssanyp:

— Kempir barmy, bar, seret?! — diýdi.

Ýaňky ylgap, kempiriň bolýan jaýyna gelse, kempir kaýda, zat kaýda! Köne topbusy, mesisi, aňry-bärisi çaşyp ýatyr, aç eşek gulagyny keýerdip, hynçgyryp, bu dur.

Ol gaýdyp gelip:

— Görogly, kempiriň-de ýok, Gyratyň-da ýok! Ornuna eşegin-ä goýup gidipdir, indi näme etseň edibermeli bolupdyrys — diýdi.

Görogly bir nagra çekip, essinden gidip, çaşyp ýatyberdi. Üç sagatdan soň essine gelip, gamgyn bolup oturdy.

Köse aýtdy:

— Görogly, hapa bolma, Gyrat bolmasa, Howalygyr bar, ine, biziň Bozduman bar, gam çekme! — diýdi.

— Haý, saňa bir zäher bar, merez bar, Köse! Ýüz müň at Gyratyň ýeke ýörişine degýämi?! — diýip, Görogly Gyratyny ýatlap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Bedew atyň tarypyny aýdaýly,

Ibrişim ýüpekden ýaly gerekdir

Bozduman aýakly, bazbent toýnakly,

Tylladan kakylan naly gerekdir.


Üstüne müneňde, sapa goýunly,

Meýdana giriende, ýüz müň oýunly,

Degirmen sagryly, aç gurt boýunly,

Oňurga ortasy doly gerekdir.


Üstüne müneňde, agzyny açar,

Ganymlar öňünde koý kimin gaçar,

Söweş gyzdyk saýy, boz köpük saçar,

Goç ýigidiň aty däli gerekdir.


Bir sygyr maňlaýly, ner maýa dyzly,

Jebraýyl ganatly, ýörişi näzli,

Kiçgine başlydyr, bir alma gözli,

Bedew atyň syny şeýle gerekdir.


Görogly aýdar, Aly pirim ýar bolsa,

Söweş güni goç ýigitde ar bolsa,

«Däh!» diýende, almaz gylyç bar bolsa,

Destinde Muhammet, Aly gerekdir.

Bu sözi aýdandan soň, Agaýunusyň ýanyna gelip;

— Aý, Agaýunus! Gyrat-a ýok! — diýdi.

— Aý, saňa bir zäher ýok, merez ýok... Men ozal aýtmadymmy, şol şum zaňňar birden-biriň başyňa ýeter diýip?!

— Indiki puşmanyň peýdasy ýok, Agaýunus, maslahatyny ber!

— Maslahatyny näbileýin!

— Maňa gahar edip «näbileýin» diýip oturma, niräk gidenini bir bilip ber!

Agaýunus seýir dogasyny okap, dyrnagyna garasa, ýalançyda näme iş bolsa biler erdi. Ana, onsoň, ol seýir dogasyny okap, dyrnagyna seretdi. Soňra ol:

— Görogly, baýaky kempir nişapurly ekeni, Gyrat Nişapura gidipdir! Görogly, sen Gyrat bilen Göroglysyň, Gyrat aýagyň teýinde bolmasa, sen itden egsiksiň! — diýip ýyglady.

Görogly: «Büý-ä destgire ýyglady — diýip, pikir etdi. — Atyň yzyndan gitsem, geler-gelmezim gümana, Bilip bolmaz, sowuk, bet habarymy eşidäýse, «Ýagşy ýigidiň ýasy — ýedi ýyl» diýip oturarmyka ýa ýedim geçeýaden bir boýny ýogyny gözläberermikä?!» Ol şeýle pikir edip, Agaýunusa garap:

— Agaýunus, ynha, men atymyň yzyndan gitdim. Nişapura bardym, baramsoň, Göroglydygymy tanap,öldürdiler. Men ölemde, sen neneň edip aglajak, men eşidip gideýin — diýip, donuny gyýa bürenip, ýanynda süýnüp ýatyberdi. Şu ýerde Agaýunus peri Göroglynyň başujunda oturyp, gözýaş edip, bir nama aýdar boldy.


Diri bolsaň, kimler gelmez ýanyňa,

Bedew atly, demir donly, Görogly?!

Köp ganymlar suwsamyşdyr ganyňa,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


«Däh!» diýende, polat ýaýy çekedi,

Ýany ýere degmeý, şeýle bökedi,

Aýyp zady — bir atadan ekedi,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


Bedew aty üç gün, dört gün saklarlar,

Goç ýigidiň saýasynda uklarlar,

Garyp ölse, üç aýdan soň ýoklarlar,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


Ogluň ýokdur seniň bilen gitmäge,

Gyzyň ýokdur seniň ýasyň tutmaga,

Kararym ýok sensiz ýalňyz ýatmaga,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


Garşymyzdan burum-burum çaň çykar,

Är ogullar depeleşip, deň çykar,

Söweş güni goç ýigitden gan çykar,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


Meniň ahym garly daglar erider,

Gözüm ýaşy suw degirmen ýörider,

Muny aýdan Agaýunus peridir,

Bedew atly, demir donly, Görogly!


Emma Görogly munuň bilen kanagat etmän, şol bir ýatyşyna ýatyberdi. Perizat bolsa, oňa gyýlyp, ýene-de nama aýdar boldy:


Bir goçagyň esbaby bar, şaýy bar,

Bedew atlym, algyr bazlym, Görogly!

Çandybiliň dagy, düzi, saýy bar,

Bag-bakjalym, bahar ýazlym, Görogly!


Iner, ölse, niçik bozlar maýasy,

Başymyň wekili, janym söýesi,

Galdy maly-mülki, ýokdur eýesi,

Babyr bilen, laçyn gözlim, Görogly!


Depä çykyp dört ýanyma bakaryn,

Şirin janym yşk oduna ýakaryn.

Sen bolmasaň, bu saraýy ýykaryn,

Duşman görse, şir owazlym, Görogly!       ,  '::


Aç böri dek dag başyna çykyşlym,

Ýaraly gaplaň dek dönup bakyşlym,

At üstünde jyza urup çykyşlym,

Dagy duman, ýoly tozlym, Görogly.


Sen gelinçäň, Çandybiliň susdadyr,

Ýalňyz uýaň — Gülşiriniň ýasdadyr,

Sen bolmasaň, kyrk ýigidiň hastadyr,

Şirin sözlim, goly sazlym, Görogly!


Säher turup, dili zikri-dogaly,

Garyplara muhapbetli, penaly,

Ötende imanly, dili senaly,

Hoş zybanlym, güler ýüzlim, Görogly!


Agaýunus ýyglar, bir gamly naçar,

Huda meni kyldy bu derde duçar,

Günüm-ä aý geçer, aýym ýyl geçer,

Keşbi mährem, kalby közlim, Görogly!


Agaýunus muny aýdansoň, Görogly başyny galdyryp, razy boldy. Şol zaman agasyndan aýrylyp galjagyny, Göroglyň uzak ýola gitjegini ýadyna salyp, ony owal allaga, galyberse-de pirlere tabşyryp, Göroglynyň uýasy Gülşirinem golunda sazy, gözünde ýaşy, bir gazal aýdar boldy.


Ýokdan bizi bar eýlegen biribar,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym!,

Hasrat bilen bizi kylma intizar,

Ýaradan ýalňyzym saňa tabşyrdym!


Ýene tabşyrmyşam Hydyr-Ylýasa,

Günde ýalbaraýyn Kowus-Kyýasa,

Fazly eshap piri Ibni-Apbasa,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym.


Ummatyň men şükür edip her sapa,

Kyl şepagat, ýa Muhammet Mustapa,

Magşar güni asyl bolmazky wepa,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym!


Çagyraýyn medetkäriň baryny,

Özi biler garyplaryň halyny,

Janymda ýakmagyl hasrat naryny,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym.


Tabşyrdym, How ene, bolsaň, sen ýarym,

Medet berip maňa, bölüşsen zarym,

Hem galmady sabry bile kararym,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym!


Gülşirin diýr, ýyglap kylar men tagat,

Görülgen ýowuzga kylam kanagat,

Goýmagyl janymy, algyl bu sagat,

Ýaradan, ýalňyzym saňa tabşyrdym!


Mundan soň, Agaýunus Görogla garap, şeýle diýdi;

— Haw, Görogly, sen Gyratyň yzyndan galandar bolup gidersiň,  maňlaýyňdan der çykararsyň,aýaklaryň gabarar, jepasyny çekersiň, onsoň, saňa peýan berer. Ozal saňa Gyrat aňsatlyk bilen berlipdi,jepasyny çekenokdyň. Her zadyň jepasyny çekmeseň, peýany

bolmaz, Görogly!

Agaýunus Göroglynyň kemha donuny, şemle guşagyny, pyçak-aýpaltasyny, gunduz sopbajyny, sagyr ädigini, hemme geýim-gejimlerini syryp alyp, galandar lybasyny geýdirmäge aýlanyşdy: başyna küla, egnine jinde, goluna hümmet hasa berip, goltugyndan betbagt kädini asyp:

— Bar, işiňi alla oňarsyn! — diýip, Agaýunus oňa ak pata berdi.

Görogly meýhanasyna geldi.Köse esewan etse, Görogly galandar lebasyny geýipdir.

— Aý, Görogly, bu nä tutum, bu nä resim? Bir jontuk alaşa gitdi diýip,Iň soňunda diwanaçylyga ýüz urjak bolduňmy?

— Ýok, Köse,diwanaçylyga ýüz uramzok.Baýaky kempir Nişapurly eken, Gyrat Nişapura gidipdir.Mne yzyndan galandar bolup gitmesem bolmady.Men aýlanyp geliçäm meniň Agaýunusymy,Gülşirini, Öwez janymy hich ynjytmaň.! — Diýip, kyrk ýigidine garap, bäş keleme söz aýdar gerek.

Kyrk ýigidim,alla ýaryň gelinçäm,

Wesiýetim — perzadym ynjytmaň.

Gyratmy alla gola berinçä,

Wesiýetim — perzadym ynjytmaň.


Gyrat diýip agtarsam,dagy-düzleri,

Bir ýylda gelmesek,idäň bizleri,

Özüm ölsem,ruhum goldar sizleri,

Wesiýetim — Gülşirinimi ynjytmaň.


Alla berse , gyratymy alar men,

Dost haýsy,duşman haýsy biler men,

Bir ýyl ötüp, kyrk bäş günde geler men,

Wesiýetim — Öwez janym ynjytmaň.


Mundan barsam Nişapuryň iline,

Seýil etsem bakjasyna-gülüne,

Başym gurban Gyratymyň ýoluna,

Wesiýetim — perzadym ynjytmaň.


Görogly beg,pikrim-zikrim Allada,

Meniň üçin barça bolsun dogada,

Hemmäňiz hak saklasyn penada,

Wesiýetim — hiç haýsynam ynjytmaň.


 Bu sözi aýdan soň, Görogly kyrk ýigidini galada goýup, çykyp ötägitsin.

Iki gün ýol ýöräpdi, üçülenji güni garasa,Sapar Köse,Agaýunus hem Gülşirin dagy kyrk ýigidi bilen yzyndan kowup ýetdi.

Görogly:

—   Haw,Köse, habaryňy ber, eýgilikmi?! — diýdi,

—    Görogly, sen bize «gal» diýýäsiň, senden galyp,galada  kanagat edip oturybiljek däl,seniň bilen gitmesek bolmaýa.

— Haw, Köse, meniň töwellamy alyn,galyň!Bir ýerden bir ýere baryp,zor bilen, basyp alyp bolmaz,basyp alyp bolmaz,zer berip satyn alyp bolmaz. Mysapyrçylyk çeksem,Alla tagala elime gowşurarmy, nädermi?! Sizleriň hiç derkar ýeriňiz ýok, gaýdyň!

— Görogly, gaýdyň-gaýdyňy kän edýäsiň, bize şuny synamakdan aýdýamyň ýa çyndan?

— Çyndan aýdýan, Köse!

— Çyndan aýtsaň, bize gaýtalap bir nesihat   ber!

Peýda-zelel — aýlanyp gelinçäň, şol nesihatyňy tutaly.

— Ajap bolar, ýigitler, men atam Jygaly begiň maňa beren öwüdini özümiňki bilen gatyp, size bir ýagşy pendi-nesihat kylaýyn! — diýip, Görogly kyrk ýigidine nesihat berip, bäş keleme söz aýdar boldy.


Men size öwüt bereýin,

Ýurdy terk ediji bolmaň!

Özüňizden kem namardyň,

Gullugyn kylyjy bolmaň!


Işikden ötirler töre,

Ýigit oldur — ornun göre,

«Gel!» diýp, indelmegen ýere,

Galkynyp geliji bolmaň!


Bolmaz meniň garamatym,

Neýlesin tenha Gyratym,

Kyrklar, siz men gol-ganatym,

Bimahal syngujy bolmaň!


Ötmäň ýagşyny görende,

Halyndan habar berende,

Bir dertli aglap duranda,

Ýanynda gülüji bolman!


Bir ýigit zürýatsyz ölse,

Ýaýla doly maly galsa,

Iller oňa talaň salsa,

Siz ondan alyjy bolmaň!


Goja daglardan ýol ola,

Ak ýüzi goşa hal ola,

Bir naçar eýesiz gala,

Zabt edip, dolujy bolmaň!


Ýagşynyň ýüzi jennetdir,

Ony görmek ganymatdyr,

Namardyň işi minnetdir,

Zer berse, alyjy bolman!


Öwüt bereýin alana,

Pendime gulak salana,

Zynhar gybatkeş-ýalana,

Hemsöhbet bolujy bolmaň!


Bedew münenler dag aşar,

Alkyş alan uzak ýaşar,

Tükenmez derde ulaşar,

Il-güni bölüji bolmaň!


Bir çörek berseňiz aja,

Göýä baryp geldiň haja,

Ol duran gury agaja,

Nähak gan çalyjy bolmaň!


Her kim sözün bilip atsa,

Haýr iş üçin çykyp gitse,

Ýagşy bir işe baş gatsa,

Siz ondan sowlujy bolmaň!


Öwüş-hä, Görogly, öwüş!

Kärhanada bişir söwüş

Döwüşseň, mert bilen döwüş,

Gaçany kowlyjy bolmaň!


Bu sözi aýdandan soň: «ýörüň, ýigitler, gaýdalyň!» diýip, Köse dagy dönüp gaýdybermekçi boldy. Emma Agaýunus peri zar-zar aglap, bir nama aýdar boldy:


Eý, ýaranlar, muslmanlar,

Görogly beg gider boldy!

Gyratynyň hasratyndan

Dünýäni terk eder boldy,


On sekizde baş ýoldaşy,

Gyrat Göroglynyň goldaşy,

Ýaman gününiň ýoldaşy,

Onuň, üçin gider boldy.


Hudaýym bizi ýygladyp,

Ýüregimi oda dagladyp,

Gol-aýaklarym bagladyp,

Bizi nara atar boldy.


Gitdi başdan akyl-huşum,

Akar gözden ganly ýaşym,

Ýok meniň, kowmy-gardaşym,

Pelek bizi näder boldy?!


Bu gözümiň nury gitdi,

Göýä jennet hüýri gitdi,

Aramym-kararym gitdi,

Bizi dara asar boldy.


Ýunus diýr, bolmagaý idi.

Jahana gelmegeý idi,

Ýaryndan galmagaý idi,

Pir-ussadym gider boldy.


Agýaýuius peri sözüni tamam etdi.Muňa Görogly beg hem bozulyp, hapa bolup bir söz aýdar gerek;


Arzymy eşitgil, söýgüli ýarym,

Ýykmagyl göwnümi, gaýdyňyz indi!

Açylan Gülşirin, pasly-baharym,

Razy men sizlerden, gaýdyňyz indi!


Gurban olam seniň galam gaşyňa.

Bendi olam gözüňden akan ýaşyna,

Huda saldy aýralygy başyna,

Eý, Gülşirin janym, gaýdyňyz indi.


Sizleri ýygladyp, gidebýlmenem,       

Gyrýatdan aýrylyp, ýatabilmenem,

Hiçjiňizi aýra tutabilmenem,

Ýş-garry ýaranlar, gaýdyňyz indi.!


Görogly diýr, herne barym andadyr,

Gije-gündiz ahy-zarym andadyr,

Ýaman gün ýoldaşym — Gyrat andadyr,

Baryňdan razy men, gaýdyňyz indi!


Görogly bu sözi aýdandan soň, Käse:

— Ýörüň, ýigitler, gaýdalyň! — diýip, dönüp gaýdyberdi. Görogly-da: «Ýekäniň ýary huda» diýip pyýadalap sürübersin.


Teşnewden başga yzgar ýeri basman oturan adam, aýaklary monjuk-monjuk, hal-hal gabar-dy. Maňlaýyndan der çykdy, jepasyny çekdi. Pyýadanyň näme harajaty bar, çaý humary gelipdir, hany muňa çaý, çilim humary gelipdir, hany muňa temmä-ki?! Neşe ugrundan hiç zat ýok. Çöl meýdan bilen barýa, beýnisi şatylap, akyly çaşyp barýa.

Bir mahaldan gapdalyndan bir, aksakgal baba çykyp:

— Haw, oglum, ýol bolsun! — diýdi.

Gahary gelip duran adamyň gepleýşi özüňize belli.

Görogly:

— Haw, baba, näme meni ýolagçylyga iberipmidiň,«ýol bolsun!» diýip, habar sorar ýaly?! — diýip, gaharly gürledi.

Aksakgal baba:

—Ýolagçylyga ibermssemem, sen maňa habaryny berip git, ýagşy ýigit, nirä barýasyň?! — diýip tekrarlady.

— Meniň habarymy alyp,meni ozal ilçilige iberipmidiň?

— Wah, oglum, bular ýaly gyzma gylygyňy goýsanaý Öňüňde kent ýok, ilat ýok ýurtdan çykyp, barýasyň ahyry.

— Ýurtdan çykyp barýan bolsam, köneden galan hakyň bolsa, tutup al şu ýerde!

Gep gaýtaryşyp duransoň: «Kesbiňden bereket tap diýip, ýaňky aksakgal gaýyp bolup ötägitdi.

Görogly haýran bolup duruberdi. Babanyň gören ýerine gelse, babanyň yzy hem ýok, tozy hem. «Rowaýatda aýdýadylar, bu Hydyr alaýyssalamdyr. Alla, meniň işim kejine boldy-ow, kejine bolmasa, men bu babanyň ýanyna gelmezmidim, haýyr patasyny almazmydym. Gel, her zat-da bolsa, şiri-huda pirimi çagyryp göreýin diýip, bäş keleme söz aýdar gerek:


Bu işlerni takdyr huda eýledi,

Ýetişewer, Şahymerdan, ýa, Aly!

Meni şul watandan jyda eýledi,

Ýetişewer, Şahymerdan, ýa, Aly!


Munça günlük ýollar bardyr arada,

Gaýgy-külpet günbe-günden zyýada,

Öler boldum şu ýollarda pyýada,

Ýetişewer, Şahymerdan, ýa, Aly!


Goç ýigit başynda kylu-kallar bar,

Iş tükenmez, mende hili-hallar bar,

Ýetebilmen, ilsiz-günsüz çöller bar.

Ýetişewer, Şahymerdan, ýa, Aly!


Ýüz ýigrimi dört müň öten pygamber,

Abubekir Sytdyk, hezreti Omar,

Göroglyny golda, ýa, şyhy Haýdar!

Ýetişewer, Şahymerdan, ýa, Aly!


Bu sözi aýdansoň, Aly kaýda, zat kaýda! Ýene bir meýdan ýöredi. Bir depä çykyp, o ýan-bu ýanyny gözlese, akly-garaly goýun göz gamaşdyrýar. «Hudaýym, düýşüm bolmasa ýagşy...» diýip gelse, öz goýny, öz goýun çopany ekeni.

— Bu entäp ýören pyýada nämekä?! — diýip, çopanlar munuň ýanyna ylgaşyp geldiler. Görseler, ynha,bir galandar. Başynda küla, egninde jinde, golunda hümmet hasa, goltugynda betbagt kädi. «Bu çölüstanda gezip ýören nähili galandarka?!» Çopanlar muny   tananok, bu-da çopanlary tananok. Birden biri:

— Munuň sypaty Göroglyňka meňzeýä-le. Haw, sen Görogl-a dälsin?

— Hawa, men şol. Çopanlar, siz kimiň çopany, bu mallar kiminki?!

— Bu mallar seniňki, bizem seniň çopanlaň.

— Aý, ýitiň-ä, ýok boluň-a!

— Hawa, hawa, seniň Genjim agaňyň saňa bagyşlan goýun sürüleri bu.

— Aý, şeý diýseňiz-le. Hut Göroglyň özüniň beýle ýere-göge sygmaz ýaly maly bolabilmez-le, şeýle bir zady bardyr-la.

— Hä, aga, ýogsa-da bu nä tutum? Şunça mal-dünýäň meýdanda gezip ýörkä, nebsiňe haý diýmän, ýene gedaýçylyga çykdyňmy?

— Ýog-a çopanlar, gedaýçylyga çykamok, baýaky kempir nişapurly ekeni, Gyrat Nişapura gidipdir. Men yzyndan galandar bolup barýan.

Biri bu ýandan çykyp:

— «Ullakan adam köwek bor» diýip eşidýädim, çyn eken-ow! — diýdi.

Onda Görogly:

— Hä, o niçik?!   — diýip sorady. Onda çopanlaryň biri:

— Aga, seniň özüňe  aljyrap ýören  adam diýerler.Onuň müneni mejnun däli Gyrat bolsa, özi bir ýüz segsen  ýaşyndaky ýumruk ýaly  kempir  bolsa,kempiri bir dagdan ötende, Gyrat aýlap ýykar-da, agşam biziň ýanymyza geler, sen gidip heläkçilik çekip ýörme, ag-

şam bu ýerde bolaý! — diýdi. Göroglynyň tüýs köwekligi-dä şu, muňa güp ynandy.

— Gel, bolsak, bolaýaly! — diýip, Görogly bu ýerdebolmakçy boldy:

— Bahana bilen çopanlar hezil etdi. Goýun baryny getirip, soýup durlar.Ýahna, çişkebap, tamdyrlama,işlekli, gömme bişirip, iýip-içip bu gün çäş galandan erte çäş galynça hezil etdiler.   '

Ertesi çäş galansoň, Görogly:

— Hany, çopanlar, Gyrat gelmedi-le?! — diýdi.

Bular:

— Haý, aga, seniň bu ýerdedigiňi näbilsin? Kempiri aýlap ýykan bolsa, bir dagyň otluk ýerinde otlap ýörendir-dä. Dagyň üstüne çykyp, Gyratyňy çagyryp,bir nama gaýyrsaň, owazyňy eşidip geläýse gerek — diýişdiler.

Muňa-da ynandy. «Gel, eýsem nama gaýraýyn» diýip, dagyň etegine ýarmaşyp ugrady. Dag üstüne çykyp, Gyratyny çagyryp, bir nama gaýyrsyn bakaly:


Eneň bir abydyr, ataň, ak guşdan.

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!

Seni münen geçer mal bile başdan,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Belentdir sagrysy, çürüdir başy,

On dörtden on bäşe garagan ýaşy.

Söweş güni goç ýigidiň ýoldaşy

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Gyratym gidende, bahar-ýaz idi,

Gözi girýan, toýnaklary toz idi,

Ony alyp giden hyrsyň gyzydy,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Otar edim bagyň läle gülünde,

Suwar edim dagyň şerbet-balynda,

Niçik karar tapdyň kempir elinde,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Patyşalar almakdadyr kastyňda,

Duşman durabilmez demi-destiňde,

Topjyga towlaýyp seniň, üstünde,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel.


Kowup ýetem ganymlaryň ardyndan,

Gün görünmez toýnagynyň gerdinden,

Görogly bu sepil boldum, derdiňden,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Bir şum kempir geldi seniň kastyňa,

Döwlet bilen ýene münsem üstüňe,

Görogly beg, jebr eýlediň dostuňa,

Çandybilde besledigim, Gyrat, gel!


Gyrat kaýda, zat kaýda...

— Hä, bu zaňňarlar meni bir gün ýoldan goýdular-ow — diýip, dagdan ylgap düşüp ötägitdi. Şu gaýdyşyna Arazyň çaýynyň üstünden geldi. Görse, Araz çaýy möwç urup akyp ýatyr. «Päh-ä, perwerdigär-ä,bu niçik iş boldy?  Gyrat aýagymyň teýinde    bolanda,çaýy maňa çukur salmaça görünmeýädi, gel şunuň gözerinden bir habar tutaýyn» diýip, güzerine garşy ýöredi. Güzerine gelse, Gyratyň, yzy duçar geldi.esewan etse, kempir münüpdir ata, basypdyr gamçyny,on bäş gez aňyrsyna düşüp, honda gidipdir.

Munuň segredip öten yzyny görüp, bir nagra çekip, essinden gidip, üç sagatdan essine gelip, derýanyň boýunda gama batyp oturdy. Ýene özüne göwünlik berdi.

— Haw, Görogly, melul bolma, melul bolmak bir ýaramazyň, muhannesiň işidir! — diýip, Gyratyny ýat edip, zar-zar ýyglap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Däli köňlüm, melul bolma,

Melul muhannes işidir!

Däli Gyrat derkar boldy,

At kişiniň gardaşydyr.


Sen atyňa gulluk eýle,

Çykar donuňy, jul eýle,

Iýmini, otun bol eýle,

At kişiniň ýoldaşydyr!


Galkan ýigide galadyr,

Tärin bilmeseň beladyr,

Dogan-dogana penadyr,

Emekdeş diwal daşydyr.


ÝAgşy günün, birlik eder,

Ýaman günüň salyp gider,

Ahyr muhanneslik eder,

Ýadyňky ýalaw işidir.


Belent-belent dagdan ötmek,

Bir piriň etegin tutmak,

Pyýadany alyp gitmek ,

Ol hem bir merdiň işidir.


Goç ýigitler meýdandadyr,

Muhannesler ne sandadyr,

Ogul jigerde, jandadyr,

Gyzam bir göwün hoşudyr.


Gal-ha, Görogly, galawer,

Dosty-duşmanyň bilewer,

Tur-da bäş wagtyň kylawer,

Saňa galajak bäşidir!


Bu sözi aýdandan soň, garasa, bir atly baba üstüňe abanakgada duruberdi.

— Oglum, alyp ber eliňi bärik! — diýdi. Görogly elini berdi. Ol çekip, atyň syrtyna alyp:

— Ýum gözüňi! — diýdi. Görogly gözüni ýumdy. Üç sagatdan soň:

— Gözüňi aç! — diýdi. Gözüni açsa, bir dagyň üstüne gelip düşüpdir. Düşen ýeri gaýnap duran çeşme.

Bu ýerde çaý-çilim taýýar kyldy. Kyblasynda bir gala goründi. Ýaňky ýaşuly:

— Oglum, bu galany görýämiň? — diýip sorady.

Görogly:

— Görýän — diýdi.

— Ine, görseň, oglum, Nişapur diýerler muna! Hol,kyblada elesläp durana-da Sebziwar diýerler.

Nişapur, Sebziwar ikisi utgaşyk gala şekilli.

Aksakgal:

— Oglum, aňyrky gala barma, bärki gala — Nişapüra bar! Oglum, howlukma, bir ýylyň dolar, hudaýtalla atyňy onsoň eliňe gowşurar! — diýdi.

Görogly beýlesine bir gözledi, ýaňky baba gözünden gaýyp bolup, ol gitdi. Bu onuň şiri-huda piri ekeni.

Ol gidensoň, Görogly öz-özüne aýtdy. «Alla, atymyň duran ýerini sorap galsam boljak eken-ä» «Gel, imdi özüm taparyn-la» diýip, dagdan pyýadalap, Ylgap düşup ötägitdi. Gün batmanka, derweze ýapylmika gelip gala girdi. Haýsy ýerden yşyk çyksa, işikden baryp:

— Taňry myhmany alýan kişi barmy?! — diýip soraya.

— ýit, ýoýul, zaňňar! — diýip jogaby alýar.

Ol işige barýa:

— ýit,ýoýul!

Bu işige barýa-da ýene-de:

— Taňry myhman alýan kişi barmy?! — diýip soraya.

Ýene-de eşidýäni:

—Ýoýul! — bolaýýa.

Nirä barsa: «Ýit-ýoýul, ýit-ýoýul!» diýip, kowup ýör. Munuň kowulýanynyň sebäbi: kempir aty alyp gaçyp gelip, patyşa tabşyrypdyr. Patyşa-da gala : Her kim şu galanyň içinde turkmen lebzinde geplese ony myhman alsa, başy ölümli, maly talaňlgly, yzynyňam on tylla salgydy bar!» diýip, jar çekdiripdir.

O ýerden kowul, bu ýerden kowul — gije ýarym agşame. ýakynlaşdy. Görogly näderini bilmän, bir köçe bilen gidip barýady. Bir mahaldan gapdaldaky meýhanadan bir zenzele çykýa,  sesi asman-pelege ýeteýin diýýä. Görogly asyl kyrk galandaryň üstünden geläýen eke-ni.

Kyrk galandar eden talabyny şu meýhana getirip, saz-söhbet, bezm edýän eken. Görogly bir sagat daşardan gözläp durdy. Esewan etse, galandarlar gurupdyr otuz iki sazy bir gulakdan: kerneý, surnaý, balaman, gyjak, dutar — adyny tapanyň bar-da! Görogly bir çeträkde iki sany çöpi eline alyp döwüp oýnap, bu hem otyrdy. Galandarlar bir meýdan saz edip: «Dem-dynç alaly, çaý-çilim, neşe bedessur kylaly» diýip, sazlary diwara söýäp goýdular. Şol mahal Görogly ätläp içeri girip:

— Salawmaleýkim! — diýdi.

— Haý, zaňnar, tüýsi bozuk, neşäni uçurdyň, ötme bäri, oturyber şol ýerde! — diýişdiler. Görogly işigiň agzynda diwara arkasyny berip, çommalyp oturyberdi. Galandarlar çaý içýä, çilim çekýä, neşe atýar.Göroglyň-da göwni telwas berip dur, berilmese alaç

näme? Onda-da bikär oturabilmedi. Esewan etse, gapdalynda galandarlaryň bir sazy duran ekeni.Eline alyp, bäş-alty gezek kakdy-da, ýene ýerinde goýdy,Bu ýan gapdalyny gözlese, kerneý duran ekeni. «Şunuň içi köwügräk görünýä,çalmasy aňsatmyka» diýip,eline

alyp, petige garap, rast bäş-alty gezek zorladyp goýberdi. Neşebent galandarlar: «Asmandan bir bela indi gerek!» diýip, çykyp gaç, çykyp gaç, alabasgy boldular. Meýdana çykyp abşaryşyp durlar. Bular gidensoňam goýanok bu, onuň yzyndan surnaý, onuň yzyn-

dan balaman, onuň yzyndan gyjak, iň soňundan aldy eline dutary. Oňaýsyzdan gelen bir namalar gaýyrýa,bir namalar gaýyrýa, heý, goýaý. Dutary bilbil ýaly saýradýa-da. Munuň saz çalşy galandarlaryň gulagyna ýokup gitdi.Ýeke-ýekeden gir, otur, gir, otur, burny ganan ýaly bolup otyrlar. Bu-da bir meýdan dutar çalyp, dutary diwara söýäp goýdy. Ana, onsoň, bular ýeke-ýekeden gelip görşüp:

— Salawmaleýkim-ha, salawmaleýkim! — diýýäler.

Soňra bular:

— Haý, dost, sen bihal ýigit däl bolmaga çemeliň Sazy biçak gowy çalýan ekeniň, bize gaýym ýigit bolmaga çemeliň, sen bize aslyňy beýan .et! — diýdiler.

Görigly bolsa:

—  Aslyma ýetip, gyz geçirjekmi maňa?! — diýdi.

— O-how, seniň demiň ýaman batly görünýä-le, seniň çaýdan-çilimden habaryň barmyka diýýäs!  — diýdi.

— Hä, elbetde, bar!

— Çilim bilen niçiksiň?

— Beräýiň!

— Şerap bilen niçiksiň?

— «Sorap berenden, urui ber!» diýipdirler.

Hemmesini häzirlediler.

— How, dost, keýpi-sapadan beýle habarly adam biderek bolmaz, şu saza goşup, bir nama gaýrabilmýäimiň?

— Bilýän.

— Eýse, şu saza goşup, bize bir nama gaýryp ber!

Görogly aýtdy:

— Ýigitler,  meniň  nama  gaýranym-a  ýagşy  welin, men bu dili bilmeýän, türkmen dilini bilýän.

—      Pah-pah, dilleriňe guwan, dilleriňe guwan!eşitjegimiz türkmen dili, ýalaň türkmen dilinde aýdaweri . Hemmämiz düşüneris.

—      Ine, düşünseňiz! — diýip, Görogly öz derdinden habar berip, galandarlara garşy garap,sazyny eline alyp, bäş keleme söz aýdar gerek:


Yşkyň köçesinde pynhan gezerdim,

Maňa bir garryja zalymdan boldy,

At salyban agyr tüpler1 bozardym,

Sabr edebilmedim, dilimden boldy.


Bu beýik daglaryň lälesin tirsem,

Gazap edip, galalaryn köýdürsem,

Balyň iýip, balaňyzdan aýyrsam,

Ary aýdar: «Maňa balymdan boldy».


Bu yşkyň ýelleri serimden öser,

Göwün näni-söýse, dostuny küýsär,

Erenler gylyjy jolsuzy keser,

Ýolsuz aýdar: «Maňa ýolumdan boldy».

-----------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Tüp — goşun, ýygyn.


Sen bir adyl şa sen, menem bir geda,

Kişi söwdüjegin berermi ýada,

Armansyz adam iok, pany dünýäde,

Bilbil aýdar: «Maňa gülümden boldy»,


Hazan urup, gül meňzimi soldurdym.

Ýüregimi gam-gussadan doldurdym,

Meslik bilen Gyratymy aldyrdym,

Maňa bir garryja zalymdan boldy.


Röwşen bir piriň etegin tutar,

Ygtykat eýlegen myrada ýeter,

Säherler gygyrşyp durnalar öter,

Durna aýdar: «Maňa üýnümden boldy».


Görogly bu sözi aýdandan soň, galandarlar:

— Pah-pah,  asmandaky uçup  barýan durnany getirip, saza nama goşup aýdaýşyn-ow! Munuň hiç deňi--taýy ýok ekeni! — diýişdiler. Bular iň ahyrda,garaz, «durna» diýenine düşüp galypdyrlar.Galandarlar ediberdiler maslahaty:

— Haw, dostlar, munuň ýaly bagşy ýigit, munuň ýaly ýagşy  ýigit bizlere tapdyrmaz, şuny goş patyýa edip, içimizden ýazdyrmalyň-aw!   ...

Görogla garap:

— Haw, dost, bize gaýym ýigit ekeniň, biziň bilen goş  patyýa bolup, biziň içimizde gezýäsiň. Seni ýazdyrmyýas biz! — diýdiler.

Görogly:

— Meniň isläp, tapman  ýören ýigitlem siz ýaly ýigitler, häli sizden gowusy ýok! — diýip, bular bilen lebdahan1  alyşdylar.  Kyrk galandar, ine, munuň bilen kyrk bir galandar boldy.

— Haw, dost, sen bize adyňy beýan et! Kim sen?!

— Adymy ýaňky namanyň, aýagynda beýan etmedimmi Röwşen diýip?

— Haý, goýa, ondanam bir at bolýamy, ilde gezen lakamly adyňy aýt bize. Goç ýigidiň ady iki bolsa gerek.

—      Ilde gezýän lakamly adyma Şagalandar diýýäler.

----------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Lebdahan — dodak, agyz.  Bu erde söz birikdirdiler manysynda.                    


— Haý, ine, bu adyň ýagşy.

Adyna Şagalandar goýup, bularyň içinde gezibersin.

Galandarlaryň başga pişesi barmy, — ertesi Nişapur galasyna, bäş awara, on awara bölünip, talap etmäge ötägitdiler.


«Bular näme talap edýäkä, janym?!» diýip, Görogly kä bu toparyň yzyna düşüp gidýä, kä ol toparyň yzyna düşüp gidýä. Bu galandarlaryň edýän talaby: kepban bazaryna gelse, bir gysym dary, jewen, bakgal köçesinden gelse, bir çilim temmäki, ýarym gaýnada-çaý. Gassaplaryň üstünden gelse, towugyň ýumurtga-ýaly göş, käsi siňir, damar, käsi boýun oňurga berýärler. Jerçileriň üstünden gelse, gözi döwük iňňe,öýmak, gözmonjuk, dadran, aňry-bäri berýäler.

Görogly içinden aýtdy: «Aý, zaňňarlar, edýän talaPyňyz, şu boljak bolsa, bala-çaga ekläp, şundan çaý puly artdyrjak bolsaňyz bilmedim-ow!»Bularyň edýän talabyna göwni ýetmän, ahyrbazarda bulardan aýrylyşdy.  Baryp galanyň kybla derwezesinden çykdy. Bir uly ýol bilen çykyp gidiberdi. Bu ýol geläkge, dagyň derbendinden geçdi. Munuň aňyrsyna geçip, bir dagyň gowagyna girip ýatdy. Başarabilse,göwni bir iş etmekde. Ýaňky derbentden peýşinden soň,bazarçy zowlap aňry ötüp dur. Munuň hiç haýsyna ger-nenok. Munuň isleýän bazarçysy häli gelenok. Günem ikindine ýakynlaşdy.


Pah, ine, görse, iki sany bazzal1 gelýä, söwdasy oňan  adamlar özüňe belli; münüpdirler gidiji ýorgany, çekipdirler güdri küpjäni, jüp    aýly tegmeden, dartyp, horjunynyň üstüne syrtyny kese taşlap, zer-tahýany çekgä goýup, aşgyn, talhyn, ylgar ýollara gygyryp gelýäler. «Ýazdyr Düre hanym, düwmelieliň!» diýip, Ürgenç ýoluna-da gygyryp gelýeler. Görogly bukulyp ýatan ýerinden: «Gelseňiz, geliberiň bakaly, düwmäňizi ýazdyryn» diýýä.

Derbendiň bärsinden bazzallar bardy. Görogly towsup çykyp, geläkgede derbendi alyp, abşaryp duruberdi.

— Salawmaleýkim, dostlar, geleweriň bir gerşeliň! — diýip, elini uzadyp gelýä. Söwdagärleriň sowlara ýeri ýok.

-------------------------------------------------------------------------------------------------------

Bazeal — baggal, söwdagär

Nalaç bolup, el uzagdylar. Görogly her haýsynyň elinden tutup, atdan agdaryp alyp, başyndan aýlap-aýlap, dagyň ýüzüne bir ýapdy, beýnesi çym--pytrak bolup, «Eljuk!» diýip, jan berdiler.

Bulary ýagşy dynçlap, ýabylary tutup, syrtyndan ganjygany kesip, horjuny alyp galyp, ýabylary öz ugruna kowup göýberdi. Ýabylary alsa takaljak-da!

Horjuny başaşak silkdi. Söwdagär harydy özüňe belli, her dürli mata bar. Kuwwatllyrak alaçany iki düwüp, matalary çykap, odun göteren ýaly, arkasyna alyp gaýdyberdi.


Habary kimden al, galandarlardan al! Bular ahyr-bazar meýhana jemlenipdirler. Görseler, Şagalan-dar ýok. «Sen bildiňmi-hä, sen bildiňmi?» bolşuberdi-ler. Biri aýdýa:

— Ahyrbazar-a bardy.    

Onda biri aýdýa:

— Ikindin-ä tentiräp ýördi.

Şeýdişip otyrkalar, gije ýarymdan agan mahaly,Görogly gara suwa batyp, matany geterip,işikden girdi. Matany orta güplendiräkgede zyňdy.

— Haw-haw, Şagalandar, bu näme, bir ýerde ogurlyk etdiňmi?! Derrew habaryny ber, zaňňar!

— Maňa çaý-çilim beriň, men demimi rastlap, onsoň habarymy bereýin.

— Çilim-çaýy soňundan içseň hem bolýa, yzyndan eýesi gelmäkä aýdyber derrew!

— Aý, eýesini gaýgy etme, eýesini dynç edendirin.«Eýesini dynçladym» diýeninden soň, muňa çaý-çilim berdiler.

Çaý-çilimden keýpini kökläp, derini syryp, bulara habar bermäge oturdy.

— Haw, dostlar, siziň edýän talabyňyza göwnüm ýetmän, men ahyrbazar sizden aýrylyşdym. «Öz başyma bir talap edip göreýin» diýip, «Bazzal bazary» diýen bir bazaryňyz bolar ekeni. Özbaşyna giden saraý, köçe, girdim bir çetinden. Bir aksakgal bazzal oturan

ekeni. Dukanynyň öňüne baryp aýtdym. Ilki-hä aşgyn-talhyndan, soň tutdum  Meşrebiň endamly  gazallaryna, gulagyna ýakyp gidip, sary kirpigi berdi. Onuň aňry ýanynda bir gara sakgal bazzal oturan ekeni, oňa-da  baryp  aýtdym,  aşgyn-talhyn  gulagyna ýakyp

gidip, daraýyny berdi. Onuň aňry ýanynda bisakgal ýaş bazzal oturan ekeni, oňa-da aýtdym, aşgyn-talhyny gulagyna ýakyp şu tirmäni berdi. Bereninden-ä gazal bilen bagryny eridip aldym. Birki ýarymyndan birneme, gyňralybam aldym.

— Bular-a gazal bilen alypsyň, beýlekiler näme?

— Sary bazzal ony berdi, gara bazzal muny berdi,ony berdi, bu — muny berdi — diýip,yzyny lammyr-lummura urdy. Şonuň bilen kanagatlandyrdy.

— Haw,  dostlar,  maňa  bazzallartabşyrdy: «Bu galada  seniň  talhynyň,  meşrebiň gulagymyza ýakyb-a berdik muny. Muny bu galada satma, bu galada satsaňyz, biziň agamyz — hojaýynymyz: «Bir gezip ýören diwana şunça matany bermek bolarmy» diýip    bizi urar.

«Sebziwara eltip satyň!» diýip, aýtdy maňa. Ertesi galandarlaryň biri eşege ýükläp, Sebziwara eltip satyp geldi. Bir horjun pul-teňňe boldy. Aý, munda Talap baryny bildiler-dä galandarlar. «Şuny baştutan edeliň» diýip, maslahat etdiler.

— Aý, Şagalandar, sen biziň içimize baştutan bolýasyň, seni baştutan etjek!

Onda Görogly:

— Men baştutan boljak däl — diýdi.

— Näme diýip boljak däl?!

— Siziň çeniňizi bozuk görýän men. Meniň diýenimi etmersiňiz.

—Ýok, Şagalandar, seniň diýeniňi edeli!

— Etseňiz, kyrkyňyz toplumyňyzy bozman    gezseňiz, men bir adamyny «bir ur» diýenimde, iki ursaňyz, Onsoň, baştutan bolýan men. Meniň baştutan bolanym şu. Bu günler bazarda talap ýok, bakgallaryň päli gidipdir, bazzallardan aljagymyzy aldyk. Daýhanla-ryň üstüne gideliň, birneme galla jemläliň! — dnýdi.

Kyrk bir galandar bolup, ilatyň, üstüne çykyp gitdiler. Baýtallysy baýtalyny münüp, ýabylysy ýabysyny münüp, eşeklisi eşegini münüp, itleri üýrüzip bardylar ilatyň çetinden.

—  Emma, dostlar, kim gallany az berse, «ur» diýip aýdaryn — diýip, Görogly galandarlaryna tabşyrdy.


Galandarlar bir horjun teňňä eýe bolup, gözi gyzarypdyr. «Telpegini al» diýseň, «Kellesini alaly» diýip dyzaşyp durlar. Bardylar bir baýyň gapysyndan. Munuň içinde Şagalandar barlygyndan hiç kimiň habary ýok. Hemişeki galandarlarmyka diýip, döwük gapda bir gysym dary çykaryp berdiler. Şagalandar gaby golundan gaňryp alyp: «Uruň!» diýdi. Kyrk galandar «urha-ur» edäýdiler.

Teýi gaty ýer, üsti depgi, — ýaňky baýy urup süýndürdiler. Mundan aýrylyp, ýene bir gapa bardylar. Munda-da döwük çanakda bir gysym jöwen çykaryp berdiler. Munuňam çanagyny elinden alyp, galandarlara ümläp goýberdi Şagalandar. Munam urup ýykdylar. Soňra Görogly:

— Haw, ýigitler, bu ilatyň-a kän ugry ýok, ýene bir ilata gideliň! — diýdi.

Bu ilatdan gidip, ol ilata barmanka, bu ilatdan ol ilata habar düşüpdir.

— Haw, ilat, habardar boluň, baýaky kyrk galandaryň içinde küňre ýaly bir jynly galandar peýda bolupdyr, gallany az berseň, tas depäňi deşýä — diýişýäler.

Bärden baranyndan, ilatyn aksakgallary, ýaşululary öňünden çykyp: «Haw, galandarlar, duraweriň-duraweriň, siziň geregiňiz galla bolsa ýüküňizi tutarys, ilata aralaşyp, bala-çagany gorkuzyp ýörmäň!»diýip, töwella edýäler. Soň bäş batman, alty batman,

gap-gap galla getirip berip ýatyrlar. Aý, zor görkezip alan talabyň bir başga-da. Gelip, bir tamy dary-jöwenden doldurdylar.

Soň: «Çarwa baýlary ýazlap gelendir, owlak-guzy biýrler» diýip, munun üstüne çykyp gitdiler.

Bularam galandarlaryň dabarasyny eşidipdirler.

Gumuň içinde saklap, mal baryny getirip berýäler. ekiztaýy owlak bularyňky, sürä ýaramaýan serke bularyňky, şahy döwük geçi bularyňky, bir gözi kör geçi bularyňky, gotur açan, mama degen bularyňky. Üýşürip, sürüp alyp gaýdyberdiler. Meýhana gelip paý-

laşdylar—adama bir jup geçi düşdi, bir jüpi artdy.

—  Şagalandar, artanyny näme iş ederis? — diýip soradylar.

— Artanyny soýup iýäýiň.

Muny iýip, Şagalandar aýtdy:

—Haw, dostlar, bu ýyl geçi arryk bolupdyr, muny günde birimiz bakyp, rast semredip iýelin, hezil eder ýaly! — diýdi

Gunde biri bakmaga aýlanyşdy, kyrk gün bakyp, kyrk birinji gün Şagalandara gezek geldi.

— Şagalandar, seni baştutan edip, saňa geçi bakdyrmarys, seniň gezegiňem birimiz bakarys-da.

— Ol aýdanyň bolmaz, men obamda suw gezegimem kişä ynanmaýan. Öz gezegimi özüm bakaryn.

— Bar,baksaň bak! — diýdiler.

Geçileri öňüne salyp, haýdap alyp gitdi, kyrk günläp bakylyp, ekine öwrenen geçiler — guýruklaryny jaýtardyşyp, ondan-oňa çarp urýalar. «Geç, dur!» diýip, Şagalandar gygyrýa. Eger-eger, gulagam asanok-lar.

Görogly oýlandy: «Aý, zaňňar Görogly, iň soňy bu gala gelip, geçibakar bolduňmy? Bu ýerde sen näme bala-çagaňy ekläbilmeýämiň?!»

Soňra ol bir gara söwüdiň teýine gelip, bir taýagy çekip alyp, gez ýarymdan kesip, el tutaryny inçeläp, geçileri gapdallap ýüwrüp ötägitdi. «Ekine başlap oturtmaýan şahy döwük geçi senmi?!» diýip, ur, ýyk, dep, öldür «Haram ölmüş?! owlak senmisin?» diýip, ýene-de ur, ýyk, öldür, «Gotur geçi, senmi?!» diýip, muny-da ur, ýyk, öldür. Ony onda, muny munda, ur, ýyk, dep, öldür! Birazragy galdy özi ýadady. «Haýsy biri-ne heläkçilik edeýin-ä?» diýip, galanyny bir atyz körpä gabap gaýdyberdi. «Iý-de ýaryl, öl!» diýip. Özüne ýeten iki sany geçiniň gulagyndan tutup, gala garşy süýräp gaýdyberdi.

Pah, sakgally adamyň sakgalyndan tutsaň, aýalyň saçyndan tutsaň, geçiniň gulagyndan tutsaň, jany ýok, Geçiler her bir dilini çykaryp gygyranda, galany göçüreýin diýýä.

Galandarlar meýhanada jemlenişip otyrdylar.: Bir şowhun çykýa. Iki sanagy çykyp gözlese, baýaky Şagalandar gelýä geçileriň gulagyndan tutup, tagyrdadyp süýräp gelýä. Galandarlaryň biri:

— Geçileriň bu ýankylaryny nätdikä?! — diýdi.

Onda beýleki biri aýtdy:

— Bir söwdagäre göterimine satandyr-da.

Gelmegine howlugyp gygyrdylar:

— Haw, Şagalandar, geçileriň beýlesini nätdin?

— Haý, geçileriň gursun, geçileri äkitmänkäm, maňa aýtmazlarmy ahyry...

— Nämäni aýdaly?

— Ýurduňyzda gurt-gelegurt diýen bir zadyňyz bolar ekeni. Geçileriň otlaýşyna höwes edip, köl eteginden gum etegine geçäýmenmi?  Bir topary  pete-pet geldi. Öňümden sürüp alyp ötägitdiler. Başa barmajagyny bilenimden soň, özüme degen iki geçiniň gulaggyndan tutdum oturdym. Özgesini ýok etdi.

Biri aýtdy:

— Iň soňunda bizleri aç-garyp goýar-ow bu.

Onda ýoldaşy aýdýa:

— Ozal tapyp beren kim ony?

Görogly geçisini tama gabap, meýhana girdi. Hemmesine-de duşündirip aýtdy.

Galandarlar daşary çykyp, içeri girip, ogrynça ediberdiler maslahaty.

Biri aýtdy:

— Munuň elindäki iki geçisini basyp alyp, syrtyna depip kowalyň, bize hezil berjek däl bu.

Onda biri aýtdy:

— Dost, edep sakla! Gürrüň başlap, muny agabi edeliň. «Agabi aga, seniňki makul» diýip, «Seniň çaýyň gowy, temmäkiň gowy, çäýnege çaý sal, çilime temmäki sal» bilen hemme zadyny iýeris. Onsoň, özi güm bolup gitmeýämi.

Bular şu maslahaty makul bilip, Görogla garap:

— Haw, Şagalandar, geçiler bolsa, başyň sadakasy bolsun. Biziň ýurdumyzda gürrüň-meýlis diýen bir zadymyz bar. Seni agabi edip, gürrüň  başlajakdyk biz .

Onda Görogly aýtdy:

— Ol gep biziň ýurtda-da bar. Bir ýerden gelen salpaýagy «agabi,   agabi» diýip, iegen  bolýadylar.ýöne kyrk kişiniň agabisi bolsam, armanym  näme, bolaýaryn — diýdi.

Galandarlar razylaşdylar. Özleri aralarynda «Jaýynda-da bir bidöwlet zaňňar ekeni» diýişýäler, Soňra Görogly olara garap:

— Hany, bu ýurduň zaňyny aýdyň, sizde agabi bolmagyň düzgüni nähili?! — diýdi.

— Biziň ýurduň heňi, her kim han-agabi bolsa, başda bir zyýapat, aýakda hem bir zyýapat berýä.

Görogly aýtdy:

— Biziňem ýurdumyzyň heňi şol.

«Ine, eýsem, munyň agabi bolsa bolany» diýip, iki geçisini öldürip, içýagyny alyp  galyp,  özgesi bilen ýan,bäry zatlaryny zyýapat berdi-de:

—  Dostlar, meniň deslapky zyýapatym-a şu! — diýdi, Soňra hem: — Meni agabi etseňiz, meniň sözümden çykmarsyňyz. Meniň bu ýerde öýüm ýok, ilim ýok, her hepdede — her bazarda bir gysym şüle berjek diýip, meýhanada ommalyp ýatabilmeýän. Şonuň üçinem maňa zyýapaty biriň gün batanda beriň, onsoň, hupdan, ýarym agşam,daňdan, gün doganda, guşluk, peýşin, ýene ikindin beriberiň! — diýdi.

Ýanky aýdany bolansoň, üç-dört günde iýip, soňuna çykdy.


Bir gün ýene özüne gezek geldi. Kuwwatlyrak ýylgyndan bir ýaý ýasady, soňam ok ýasady, ujuny peýkam etdi. Bir gulaç ýaly tanapy alyp, çykdy meýdana. Gözüne görnen möjegi ok bilen urup, ýüpe düzüberdi. Suwulgan, pyşbaga, garga, hekek, torgaý baryny ýüpe düzüp getirip, aşhananyň, depesinden asyp goýdy. Ýanky geçisiniň ýagyny garyp, bir kädi suw guýdy.Ýag ýüzünde gaýmaklap, doňup durdy, bir kerseni çägeden dolduryp, ýüzüne ep-esli bürünji ýazyp goýdy-da, bularyň ýanyna geldi.

— Dostlar, meniň bu ýerde tanyş bagşym barmy,sazandam barmy bir gije gürrüň ber diyer ýaly? Özümden gowy bagşy-sazanda yok. Özüm size bir hezil bereýin! — diýip, tutup başlady gürrüňe, saza, gije ýarym agşama ýakynlaşyp barýa. Galandarlar ahyrsoňy:

— Haý, agabi, bir zat berjek bolsaň ber, biziň içimiz eljuk diýýä! — diýdiler.

Onda Görogly:

— Duruň, bir gyzykly hekaýatym bar, şony aýdyp bereýin! — diýip, ýene söze başlaýa.

— Tizräk tükedeweri!

Hergiz tüketjekmi. Galandarlar aýtdylar:

— Agabi, bir zat berjek bolsaň-a ber! Hekaýatyň bolsa, ertir özüň aýt-da otur!       :

— Men agabi bolup, gara bulaşyp,nahar bişirsýinmi?  Beýle ajygak bolsaňyz, aşhanada  hemmesi taýýardyr. Baryň-da özüňiz bişiriberiň!

Şeýle diýensoň, iki sany galandar aşhana eňdiler. Geleninden, asylgy zatlara gözleri düşdi. «Aýdany rast eken-ow, nahar üçin kaklanyp goýlan eti bar eken» diýip, biri teýinde ýatyp, biri üstüne çykyp gözleseler,adyny tapan möjegiň bar, zähreleri ýarylan ýaly bu ýana gaçdylar,

Biri :

— Munuň gazanyny bir barlap göreli! —  diýip,gapagyny göterdi. Onsoň: «Ýag-a kän eken» diýip, teýine el ursalar, teýi gök suw. «Bürünj-ä  ýagşy  bürünç» diýip garasalar, bürünç çägä gatyşyp gitdi. Sortduryşyp meýhana geldiler.

Biri aýtdy:

— Güýmeň-samaň edip ýörmäň! Ozalky ajyganymyz bolmyýamy?!

Ýene biri:

— Bir zady bolsa, çaltrak bişiriň! — diýdi.

— Haý, zat ýerine iýdiňiz belany! — diýdiler.

— Hä, näme bar?

— Aşhanada şu hili-şu hili tutum edip goýupdyr bu zaňňar.

— Hä, agabi aga! Seniň hyýalyňa näme gelýä, nä pikiriň bar seniň? Tanamasaň, muňa Nişapur galasy diýerler. Kyrk dört derwezeli şäher bu. Balybeg şanyň soraýan galasy. Bu ýere oýun, gürrüň sygyşýan däl-dir! Tur, tap zyýapaty! Haý, salpaýak zaňňar!

Görogly:

— Dostlar, men zyýapat ornuna size päkize bir nama  gaýryp bereýin. Akylly bolsaňyz-a,  innemän gidersiňiz, akmak bolsaňyzam, oturarsyňyz-da — diýip.Sazyny goluna  alyp, galandarlara garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Iýeliň-içeliň, begler,

Ömür geler, geçer bir gün!

Ýaman gördüm zamanasyn,

Bize syryn açar bir gün.


Beşer, şütür, kerwen öter,

Hak emrine çäre neter,

Gazanç galar, gelen gider,

Gaýry ýurda göçer bir gün.


Bizi beýik dagdýan ötir,

Gyratymy Jepbar ýetir,

Atymy ogurlan kempir,

Ahyr gola düşer bir gün.


Bu dünýä bozuk hanadyr,

Bagrymyň başy ýanadyr,

Gara ýer bir ýuwdarhadyr,

Bizi suw dek içer bir gün.


Iýer adam, içer adam,

Bu sözi aňlamaz nadan,

Hasyla meňzeýir adam,

Bizi eken biçer1 bir gün.


Gyrda-ha, Görogly, gyrda,

Ganymlar ugrasyn derde,

Kimler gonmandyr bu ýurda,

Ýurda gonan göçer bir gün...


Görogly bu sözi aýdandan soň, biri:

— Munuň aýdan sözüne düşündiňizmi?! — diýdi.

— Düşündik.

— Ýeri, näme diýýä, düşünen bolsaňyz?!

— «Turuň,!», «Göçüň!» diýip otyr bu zaňňar.

Onda biri aýtdy:

— Haý, dostlar, dostlar! «Turuň!», «Göçüň!» diýeni hudaýyň döwleti ol. Aman-sag göçüp ötägitseň, döwletiň bar... «Gyrda-ha, Görogly gyrda!» diýip, «Hemmäňi gyraryn!» diýip otyr. Sen göçmede gezip ýörsüň häli?

Bu ýandan gyzmaragy çykyp:

— Munun namasyna, sözüne gulak asyp oturjakmysyňyz?! Tur, tap zyýapaty! — diýdi.

Onda Görogly:

— Dostlar, daň atmanka her haýsyň yssyja mäşe-wäňe etseňiz, niçik borka?! — diýdi.

Pah, neşebentlere mäşewe  diýdigiň — hudaýyň urany.

— Sen zaňňar, kabla diýmezmiň, hiý bolmanda işlekli diýmezmiň? Mäşewe diýdiň-le! — diýşip: «Sen aňry dur, maňa gezek ber-de, maňa gezek ber! bolşup, alyberdiler muny ýumrugyň astyna, Ur-ha-ur edip. »

ÝAşulusy:

— Hezreti kabla diýinçä uruň! — diýip buýurdy. .

Şo bada aldylar Göroglyny depginiň astyna,Görogly ýatan ýerinden:

—  Biçmek —ormak, kesmek.Ýigitler, kelläme-de bäş-alty sapar depiň gyzar ýaly, kelläm gyzanok entek! — diýip gygyrdy.

— Kelläňe depende, ýalançy gapyşar diýýämiň,zaňňar, ine! — diýip, kellesine-de bäş-alty gaýra depdiler. Agzyny gum gapdyrdylar.

— Indi boldy! — diýip, Görogly müňzäp turdy ýerinden. O ýanyna-bu ýanyna gözläberdi.Gözlese, işigiň arkasynda galandarlaryň bir şeşperi bar ekeni,gaýyş bagy bar, gazykdan asyp goýaýypdyrl-ar.Ýüwrüp gelip, şeşperi alyp, gaýyş bagyny bilegine ötürip, işige towsup geçdi.

— Haý, zaňňar-eý, ozal zyýapat  bermäni bermäni,ýene-de eline şeşper alyp gyňralýar-ow bu! — diýşip, galandarlaryň iki sanagy deňine ýüwürdi. «Ýakynrak geldiň, alla» diýip, Görogly rast taşlady ýagyrnysyna welin, bular hyk etdi-de ýer bagyrtlaýdy.Birki

ýarymy ýakynrak gelip, gorkup, arkan çekilýä, Görogly golaýyna geleniniň kellesine bir taşlap, beýnisini çym-pytrak edýä.  Galandarlar oýlanýa:  «Bu zaňňaryň goltugynyň teýinden geçseg-ä gysyp öldir.Aýagynyň teýi abşaňrak bolansoň, satanynyň arasyndan müňzäp geçip gidýäler. Görogly çemine salyp:   

«Beýläme geçdiň, alla» diýip, şeşperi tersine gaňtaryp, egniniň üstünden aşyryp urup goýberýä. Degýä maňlaýyna,ýer süssenekläp gidýä. Görogly şeşperi eli bilen gezäp:

— Geliň, zyýapat iýiň, geliň! — diýip dur.

Galandarlar asmana gözlese, petik görünýä, ýere gözlese, ýer görünýä, işikde-de Görogly dur. Gan görüpdir, gözi gyzarypdyr. Galandarlara «Syçanyň hini müň tylla» diýleni boldy.

Görogly öz ýanyndan: «Indi bir çen boldy» diýip, işikden sowlubrak durdy, galandarlar işige degmän çykyp, köçe bilen düze düşüp ötägitdiler. Görogly ýetmezrägede kowup otyr. Käwagt bir gygyrýa:

— Zyýapatyňyzy iýip gidiň!

—Ýok, bize zyýapat gerek däl, haw!

— Haý, zaňňarlar, men nireden nirä kyrk galandary bakmaga gelipmidim?! — diýip, Görogly dönüp, yzyna gaýdyberdi.

Galandarlar öýüne gelip, birki ýarymynyň zähresi ýarylyp ölüpdir. Birki ýarymy üç aýlap agzy-burny uçuklap ýatypdyr.

Görogly galandarlaryň meýhanasyna gelip,çaý içip, çilim çekip: «Bäş gün onda, on gün munda, beýdip bir ýyly dolduryp bolmaz. Men, iň gowusy,beýnesi ýukarak, akyly gysgarak bir adam tapyp, ata-ogul bolaýyn. Onsoň, bir ýyl dolsa, hudaýtagala atymy atymy gowşurar-da» diýip, oýlanyp oturdy. Soňra ol bir söwdagäri getirip, ýaňky ýygnan gallaryny satdy. Teňňesini kisä urup, çykdy bazarz. Jerçi bazaryndan geçip gelýädi. Gözlese, bir aksakal jerçi otyr. Isleýän adamsy — göreninden tanady.ýanyna gelip, çök düşüp oturyp salam berdi. Bu baba-da eliniň, tersi bilen rast ýapdy gursagyna.

— Baba, meni näme urýasyň?!

— Seni urýanymyň sebäbi: patyşa gala jar çekdirdi: «Her kim türkmen lebzinde geplese, ony biri-ýa myhman alsa ýa-da ýanyna getirse, başy ölümli, maly talaňly, on tylla-da salgydy bar» diýip. Sen türkmen dilinde salam berdiň, şonuň üçin urdum seni.

— Baba, men türkmen däl, türkmen içinde kän gezdym. Şoňa dilim öwrenäýipdir.

— Türkmen bolmasaň, aslyň nireli?

— Aslym häzirbegjanly.

Babanyň enesi häzirbegjanly ekeni.Tüýs daýy-ýegen çykdy oturyberdi munuň bilen.

— Bu ýerlerde näme işläp ýörsüň?

— Baba, barara ýerim ýok, batara kölüm ýok, ogulsyza ogul boljak, dogansyza — dogan!

— Haý, eýse meniň oglum ýokdy, maňa ogul bolaý?!

— Wah, baba, özüň tanaman dursuň-da, ýogsa seniň garyndaşyň dälmi näme men?! — diýip, näçe diýseň ýallaklaýa-da!


Ahyr bazar horjunyny göterip, ogul bolup, yzyna gaýtdy. Baba gelýäkä, ätiýaçdan daýylarynyň ýurdundan«Palan ýeri, palan ýeri bilýämiň?» diýip soraýa.

Goroglynyň şaýymezhepde gezmedik ýeri barmy?

metjidini, köprüsini, ýylgynly öwlüýäsini...    daşguýusyna çenli salgy berip barýa. Gojanyň öýüne gelensoňlar, Görogly ýaňky gallanyň teňňesini baba berdi.

Ol begenip:

— Oglum, sen talaplyja ogul bolmaga çemelin! — Diýidi.

— Aý, baba, talap gerek bolsa, ýedi arkaň ýere degmez ýaly ederin, enşalla!


Indi Göroglynyň bu galada başga pişesi bardy.

Ertesi ýekeje özi Nişapuryň bazaryna galandarçilyk etmäge ötägitdi.Göni  käçemikä diýip gidýä,hiç bolmaýa.Ýa bir suw paýynyň   howlusyna urýa, ýa başga bir ýere düşýä. Azaşyp, asmanyny gözläp, haýran bolup dur. Öňkülerden başga bir nätanyş galandardan dört sanysyny tapdy. Bular bilen tirkeşip köçä çykyp gidiberdiler.Birneme teňňe, pul, gupbi-supbi talap edip,ahyrbazar bir  köçe    bilen  gelýädiler.

Göroglynyň hiç zatdan habary ýok. Her gadam uranda, ýer sarsdyryp, lagyr-lagyr gepläp, ala galmagal edip gelýä.

Galandarlaryň biri aýtdy:

— Aý, dost, aýagyň sesini çykarma, assa geple.

— Hä, näme gep bar?!

— Näme baryny saňa aýtsak, şu barýan ýerimiz Çardagly Çandybiliň soltany — Görogly sünniniň ogurlanyp getirilen  Gyratynyň seýishapasynyň gapdaly Bu ýerden wagyrdap ötseň, patyşa ýaman edýä.


Pah, Göroglynyň tüýs eşidäýsem diýip ýören habarydy şol! Ol:

— Aty näçe adam saklaýaka?! — diýip sorady.

— Dört seýis saklaýa.

— Derwezesi nirede?

— Halha derwezesi!

Derwezäniň deňinden geçiberenlerinde,  Gorogly:

— Haw, dostlar, meniň bir zyýanly gylygym bar,şol tutjak bolup gelýä. Günde giçligräk tutýady şol.— diýdi.

— Aý, dost, zyýanyň tutanda,näme iş edýädiň hemişe?!

— Hemişe zyýanym tutanda, birki adam öldürip, gan görmesem-ä aýrylmaýady. Bu sapar bilemok-da!

— Haw, dost, seniň bilen pälimiz azyp, ýoldaş bolan ekenik! Seniň zyýanyň tutmanka, bu zatlary bir aman-sag paýlaşaweräli!

— Geliň paýlaşsaňyz! — diýip, bir yerde aýbogdşyny gurap oturyp, Görogly puly, teňňäni öz kisesine salýa, güpbi-süpbini bularyň öňüne zyňýa.

— Hä, dost, teňňeden bize-de ber ahyry!

— Haý, güpbi-supbi bolmaýamy size.

— Dost, seniň bilen ertirden bäri deň gygyryşyp ýörüs, teňňeden birneme bermeseň bolmaz .

Görogly gözüni akjardýp, ýumrugyiy düwüp,gezäp:

— Haw, bu zyýanym tutjakdy, tutdy gerek! — diýdi.

Galandarlaryň zähresi ýaryldy, «Men razy-da, men razy» bolşuberdiler.Şeýdip, bular bilen razylaşynça, gün batdy, gögeýin ýygyldy. Derwezäniň agzyndan gelip, itelän gözledi — içinden gulply ekeni. Seýishananyň arka Tarapyna geçdi. Görse, ders atar ýaly deşigi bar ekeni.elini uzatdy, eli ýetdi. Bu deşikden sümüp, seýishananyň içine girdi. Görse, bu Gyratyň duran ýeri ekeni,ýüwrüp gelip, ýüzi-gözünden, maňlaýyndan sypalaşdyryp:

— Wah, syrdaşym, başdaşym, ýaman günde ýoldaşym Gyrat sen! — diýip, esewan etse, seýisler «boşansa, bizi iýer» diýip, başyny gaňtaryp, aýagyny duşaklap goýupdyrlar. Daş ahyrda bolsa suw, körpe, arpa — hemmjigi taýýar dur.Ýöne muňa etibilmese  nätsin

janawar?!

Görogly Gyratynyň gaňtargysyny, duşagyny ýazdyryp, otuna-suwuna  goýberdi.Ýalaňaçlap seretse, eýer batyp gerşine ýara düşüpdir, gapyrga diýseň,sanabermeli bolupdyr. Janawaryň her gözünde-de ýumruk hapa. Görogly bir ah çekdi. Soň ony sypalap, sermeläp, eşikläp, seýisleriň bolýan jaýyna geldi.Işikden garasa, dört seýis bir semiz berre guzyny soýup,gazana salyp, gaýnadyp, gürrüňleşip otyrlar. Göroglam daşarda ymtylyp seredip dur.

Seýisler ýahnany çykaryp, saçagyň, üstünde ýazyp goýdular.

— Ýahna birneme sowasyn, özüni tutsun, oňa çenli selälik mahaly bolar. Bir sagat uklap, onsoň turup iýeliň — diýip gyşardylar. Derrew uka gitdiler.

Görogly içeri girip, çilim çekdi, bir käse çaý içdi.Gazykda bir horjun duran ekeni.Turup gazykdan horjuny aldy.Ýanky ýahnany epläp-bükläp, saçagy bilen birýan  gözüne dykdy.Tüňçe, käse,çaý temmki,gant, nabat — hemmesini alyp, muny birýan gözüne dyk- dy, aý garaz, seýisleriň jaýyny ýyldyrym uran ýaly etdi-de «Öldürsem-ä mendigimi bilerler, oldürmäýin-le» diýip, meýhananyň daşyndan ildirdi. Däliziňem daşyndan  ildirdi. Seýishana gelip, horjunyň ortarasyndan guşagyna çatyp, ýaňky ders atylýan deşikden bu ýan zyňyp iberdi. Horjun diwaryň bu ýanyna düşdi Özi edil maýmyn ýaly guşagyna ýelmeşip, bu hem çykdy.

Ol gidensoň, Gyrat hokranyp, kişeňäp, bitakat boluberdi. Görogly yzyna dönüp, deşikden gözläp:

— Haw, Gyratym, sen bitakat bolma, şiri-huda pir ýar bolsa, basym seni duşman elinden alaryn — diýip, Gyratyna garşy garap, bäş keleme söz aýar gerek.


Seni diýip geldim Çandybilimden,

Isledigim, soradygym, Gyratim!

Dört aý boldy aýrylanma ilimden,

Isledigim, soradygym, Gyratym!


Otar iýdim Çandybiliň gülünde,

Suwar idim şerbetinde, balynda,

Neneň karar tapdyň duşman golunda,

Isledigim, soradygym, Gyratym!


Seni münüp,dag başyna çykaýyn,

Dez bereňde, altyn tuglar ýykaýyn,

Getiren kempiriň öýün ýykaýyn,

Isledigim, soradygym, Gkratym!


Dez berende, Araz çaýdan geçerdiň,

Köşk-galalaň ustaşyry uçardyň,

Jeňde ajdarha dek agzyň açardyň,

Islegenim, soraganym, Gyratym!


Seni münüp dag-düzlere çykardym,

Mes bolup, ganyma gyýa bakardym,

Duşmanyň gözünde otlar ýakardym,

Islegenim, soraganym, Gyratym!


Tagapyl et, mundan alyp çykaryn,

Toýnagyňa altyn nalyň kakaryn,

Ýüpekden eşikläp, gotaz dakaryn,

Isledigim, soradygym, Gyratym!


Bir şum kempir baryp senin kastyňa,

Jebr eýledi seň Görogly dostuňa,

Armanym ýok ýene münsem üstüňe,

Isledigim, soradygym, Gyratym!


Görogly aýdar, dünýä armandyr maňa,

Ýürek-bagrym otdur kempirden ýaňa,

Bu gün men arzymny aýdaýyn saňa,

Heserdeşim, baş ýoldaşym, Gyratym


Görogly bu sözi aýdandan soň, Gyrat süýnüp-sarkyp,oty-suwy bilen boluberdi.

Görogly daň atmanka gelip, babanyň gapysyny kakdy.

— Kimsiň?

— Mendirin, ata!

— Hä, oglum, geldiňmi?

— Geldim, ata!

— Oglum, şu wagta çenli nirede gezdin?

— Ata, meniň bilen ata-ogul bolan bolsaň, meniň nirede gezenimi sorap durmasana!

— Görýän welin, oglum, sen häsiýetli ogul däl bolarly, sen ogurlyk eden bolmaga çemelin.!

— Haý, ata, ogurlyk kaýda, zat kaýda!

— Eýse ýarym gijä çenli nirde gezdiň?

— Men nirde gezenimi aýtsam, şu gije galandarçylyk edip ýördüm. Azaşdym-da öýümizi tapmadym,Gyzgala bilen erkgalanyň gapysyndan barypdyryn,bir yşyk çykýa, «bu yşyk nämekä?» diýip,işikden girsem, hanyň aşpezleriniň üstünden baraýypdyryn,

«Saý-sebäp bilen gelipdirin» diýip, şulara «birki talhyn aýdyp beräeýin-le» diýip göwnüme geldi. «Bir zat berseler-ä bagtyma, bermeseler hem hudaý ýoluna bolsun» diýip, elimi gulagyma tutup, Meşrebiň gazalyndan birki sanysyny gaçyryp  goýberdim.     Olar aşppezleriň gulagyna ýakan bolarly, hana bişirip oturan  ýahnalaryndanam berdiler — diýip,Görogly ýahnany çykaryp, ortada goýdy.

— Seniň ýaly galandara gerek bolar — diýip, çaý-temmäki diýermiň, gant, nabat diýermiň — hemmesin-den berip ýatyrlar — diýip, Görogly ähli getiren zatlaryny babanyň, öňünde goýdy.

Baba:

— Oglum, bular ýaly talabyň bar bolsa, birje gyzym bar, şony nika kylyp, saňa bereýin! — diýdi.

Onda Görogly:

— Baba, howlukma, talap gerek bolsa, seniň ýedi arkaňy ýere degmez ýaly ederin! — diýdi.

Baba ýene bir hüjrä baryp:

— Kempir, turaweri-turaweri, ogluň selelik getiripdir — diýip, aýalyny turuzdy. Soňra kempiri ikisi gaýym selälik edindiler.

Habary kimden al? Göroglydan al! Bu galada başga daýhançylygy barmy onuň? Ertesi Görogly tüýsünp üýtgeşdirip,ýene seýishananyň töwereginde gezip ýör, näme gep-söz barka diýip.

Gün çykanda, birki ýarymy köçäni syryp ýör, bir-ki ýarymy suwlap ýör. Bu-da «näme barka?» diýip, aňtap ýör. Gün çäş wagty boldy. Birmahaldan Göroglynyň gulagyna jaň sesi gelip başlady, edil kerwen gelýän ýaly. Munuň sebäbi her on günden-on günden kempiriň özi gelip, Gyrata ot-suw berip, gözläp gidýän ekeni. Şu gün kempiriň gelýän güni ekeni. Şonuň üçin köçäni syryp-suwlap ýören ekenler.Ýanky jaň diýeni kempiriň sagynda iki şatyr bar, solunda iki şatyr bar, şatyrlaryň bolsa endam-jany jaň bolup dur.

Görogly beýik sypanyň üstüne çykyp, özüni sähraýy saýyp dur. Esewan etse, baýaky kempir gelýä. Münüpdir ýorgany, çekipdir güderi güpjäni, jüp aýry tegmeden dartyp, ak desseli pyçagy bilinde, eňegin-den gez ýarym ýokary çykyp gelýä. Görogly gördi, tana-dy, emma zat bilmedik kişi bolup:

— Haw, ýigitler, bu gelýän näme, ýa hanyňyzyň, enesimi?! — diýdi.

Biri bu ýandan çykyp:

— Haý, jynly galandar ekeniň-ä, hanyň enesi köçe ýüzünde görnermi?!

— Eýse kim bu?!

— Çardagly Çandybilden Görogly sünniniň atyny alyp gaçyp gelen kempir bu!

— Haý, alla ömrüni zyýat ede, ýigitler,tüweleme,.tüweleme!

Gelip, derwezäniň agzynda kempiriň goltugyndan söýäp duşürdiler. Derwezäni açdylar. Gyraty gören-de, kempir şu ýerde sakga duruberdi. Soňra seýisleri çagyryp:

— Kim ot berip, kim suw berip, bejerdi bu aty? — diýip sorady. Olar:

— Özümiz bejerdik — diýişdiler.

— Dogrusyndan geliň!

Üç mertebe syýasat urup sorady. «Özumiz bejerdik-den» başga gürrüň aýtmadylar. «Bir gije uklap galypdyrys, biri ata ot, suw berip, gözläp gidipdir» diýseler, kempir «bular uklaýan eken, aty gözlemeýän eken» diýip, patyşa aýdyp dördüsini-de diri ýere göm-

dürjek.

— Haýyr, ýagşy, özüňiz bakyp-bejerýän ekeniňiz —Diýip, kempir içinden oýlandy: «Şu gala Göroglynyň ozi gelendir, ýa Sapar Köse gelendir, ýa Bedrüstem gelendir, ýa Däli Mätel gelendir. Indi men patyşadan jogap alyp, gaýdyp saraýymdan çykmaýyn» diýip, içinden ant içdi. Soňra ol hykylap-çokulap özünden özüne kesel ýasap, daşary çykdy. Görogly munuň göwündäkini aňlady. Hanyň bir garry şatyry bardy, ozal görüp goýupdy. Görogly derrew şonuň ýanyna ylgady. Baryp, oňa:

— Baba, özüň hyzmatdan galyp garrapsyň, men täzeden şatyr boljak bolup ýörün. Şu şatyr esbabyňy maňa satsana! — diýdi.

— Alaweri, oglum, alaweri! Hyrydar tapman otyrdym.

— Aýt bahasyny, baba!

— Oglum, sen ýaly ýaş ýigitde teňňe pul kän bolsa gerek. Sylap, garry ataňa näme berseň, beräý!

Bolsa bir bäş tyllalyg-a jaňy bar. Görogly bolsa on tyllany sanap, öňünde goýdy.Baba begenip: «Teňňe toýuňa ýarasyn!» diýip, ýoluna gitdi. Bir köne tama gelip,şatyr  esbabyna  janlary  dakyşdyrmaga aýlanyşdy, topuklaryna bäşden, dyzlaryna üçden, bilek-

lerine sekizden.Iň  ullakan  düwmelisini boýnundan atdy. Şeýdip, Görogly kempirden öňinçä Erk galanyň işigine gelip çugutdyryp oturyberdi.

Kempirem geldi patyşanyň gaşyna. Patyşa:

— Haw, mama jan, habaryňy ber! — diýdi.

— Habarym, tagsyr, men ozal bir garry adam, ýöne bir köne keselim bar, şol gozgapdyr. Şu günler kän ugrum ýok, maňa jogap berseň, saraýymda arkaýyn , dynjymy alsam, niçik bolýa, tagsyr? Seýisler aty öwrenişdirip, ýagşy bakyp-bejerýän ekeni!

— Haw, mama jan, seýisler aty öwrenişdirip, bakyp-bejerýän bolsa, sen biziň gözümiziň guwanjy däl,saraýyňa, gaýym ýatyber, saňa jogap!

Şeýdip, kempir patyşadan jogap alyp gaýdybersin.

 Habary kimden al? Göroglydan al!

Bir köçäniň öwrüminde jaňňyrdap, patanaklap, oýnaklap, kempiriň gapdalyndan çykdy. Oýnaklap, kempiriň kä yzyna galýa, kä öňüne geçýä, käte magallak atyp, ýabysynyň syrtyndan towsup, aňyrsyna geçýä.

Kempir munuň oýnaýşyna haýran galyp gelýä. Öz şatyrlaryndan soraýa:

— Bu şatyr kim?

— Hanyň täze şatyrlarynyň birisi, mama jan!

Kempir içinden oýlanyp gelýä: «Şu zaňňarlaryň biriniň gala geleni-dä. Bolmasa köçe ýüzde görnüp ýörsem, hana salama gelip ýörsem, şatyrlar maňa döner, sypaýylar, guşbegi, mäterler — hemmesi maňl dönüp, soň-soň ýurdy özüm sorajak ekenim-ä» diýip gelýä. Gelip, saraýyna düşdi. «Şu zaňňarlaryň biri gala gelipdir, men ätiýaçsyz bolmaýyn» diýip, derwezäni özi gulplap, açary öz kisesine saldy. Soňra-da hyzmatkärlerine:

— Şu saraýyň içine bäş şatyrdan başga ezraýylam girmesin! — diýip, buýruk berdi.

Bäş şatyryň biri Görogly, ozalky därt şatyr berýän azygy bar ekeni. Kyrk agry bürünç, on iki agry ýag, käşir-pyýazy bilen, göşi bilen bol berýän ekeni. Bir kirwenke çaý, kyrk agry temmäki. «Myhman şatyr göwünliräk görünýä» diýip, on syry bürünç berdi, ýigrimi bäş agry ýag berdi, iki kirwenke çaý, on syry temmäki berdi. «Bir agşam myhmanyň sylagy bolsun» diýip, rast bir semiz guzy berdi.

Ozalky şatyrlar:

— Iý, myhman şatyr, sen-ä yrsgally ýigit ekeniň, aýagyň ýaraşdy, kempir bu gün harajady kän berdi! — diýişdiler.

Görogly:

— Ýigitler, meniň baran ýerimde aýagym  ýaraşyp barýandyr. Häli näme bar, soňurrak gerüň! — diýdi.

Bir ýerden gelen adam hyzmata gaýym bolýa. Şonuň üçin öňki şatyrlar Görogla:

— Haw, myhman şatyr, bizler uzak gün ylgap, ýadap ýörüs, seniň oýnaýşyň, çakganrak ýalydy, sen şu guzyny soý, kabla, şülä, süzmä, ýahna ökde bolsaň, bişir-de bizleri oýat, bizler bir sagat irkileli. Kempirden saňa özümiziňkiden gowy emel alyp bereris! — diýidiler, Görogla-da geregi şol.

Ol:

— Ýigitler, özüňiz bilen deňeçer etseňiz, men oňararyn. Sizler gaýym ýatyberiň! — diýdi. Içinden bolsa: «Enşalla, hemmäňizi özüm bežärin» diýýä.

Ýadap ýören zaňňarlar derrew uka gitdiler.Görogly derrew ganrakga çaldy guzynyň damagyny, pört bölek edip, saldy gazana. Bir sogany iki bölüp taşlap, bir gysym duz taşlap, teýinden parladyp uruberdi gury oduny. Bäş-alty baş gaýnandan soň,«eti bişdimikä?» diýip, birini çykaryp iýdi, «duzy niçik bolduka?»  diýip,  birini   iýdi,   «agzyma   ýakyp   gitdi» diýip, birini çykaryp iýdi. Ýaňky tüwiň suwuny içine guýup, susak bilen bulaşdyryp, şüle edip,tabaga gapgaryp, ýankylara: «Turuň-turuň!» diýýä. Ölen ýaly, harlaşyp ýatyrlar. «Bular turansoň guzynyň,etini nätdin?» diýip, meniň, bilen urşarlar. Ondan bu şüläni iýip, bulara degsin edäeýin diýdi-de, şülänem garnyna gapgardy. Onsoýa aýtdy: «Bular-a diri ýatyr, heý, diri  adama degsin degermi, men bulara hossar bolsam,öldürip, onsoň aýat okaýyn» diýip, ullakanra-gada  şeşmer alyp, olary bir-birden öldürmäge häzirlendi, ýöne «bular bir bigünä    bendeler»    diýip, etiýaç üçin ýanyna alan üç günläp özüňe getirmeýän bnhuş dermanyny bularyň burunlaryna ysgadyp çykdy, Ýndi bularyň dem alyşlaram kiparlan ýaly boldy.

Kempiriň saraýynyň içinde daş guýusy bardy. Dördüsini getirip, daş guýynyň içine taşlady-da;«Aýa-gym ýaraşdy gerek size?!» diýdi. Dönüp, kempiriň  saraýyna gadam basdy. Daşrakdan gelip, işikden gözlese, çyralar ýanyp dur, çäýnekde gök çaý demli dur, gara çaý gaýnap dur, gant, nabat bolsa üýşüp ýatyr.Ojagyň üstünde, çişde kebap jyzyrdap bişip dur.Esewan etse, kempir astyna dokuz gabat çymylgan taşlap-dyr, baş uja dokuz tekýe, aýak uja bäş tekýe, üstündenem  ýukarak ýorgan taşlapdyr,çymylgana  gömlüp ýatyr. Kempiriň baş ujunda päkize iki sany çory, tirme ýaglyk bilen gezekme-gezegine ýüzüni ýelpäp otyr, Görogly daşarda syçan tutjak pişik ýaly, hyýallanyp dur. Ýarym gijä ýetensoň, ýaňky çorular yrlyp-yrlyp gidýä. Bir yrlyp gyşaran mahalynda, Görog-ly ýüwrüp gelip, her çorynyn bokurdagyndan bir eli bilen gapba aýlady. Dikine göterdi-de gaýdyberdi  towuk bogan ýaly edip gelşine, ölmänkäler bir hütdüge dykyp, bularyňam daşyndan temmeledi-de: «Üç gündenbäri demiňizi dartaýsaňyz, eşitdim-eşitmedim diý-mäň!» diýip, abaý-syýasat baryny etdi.

Indi gap-gaýgysyz bolup, kempiriň saraýyna girip, çilim çekdi, bir käse çaý içdi. Ýaňky bişip duran kebaby käsä syryp, muny garnyna gapgardy. Çişi ýene oda sokup goýdy: «gerek bormy, nädermi?» diýip.

Kempirin, baş ujuna gelip, ýüzündäki ýorgany usullyk bilen ýokary göteriberdi. Kempir oýanyp:

— Gijäniň gaýry mahalynda meniň ýüzümi açyp duran kim bu?! — diýip gygyrdy, Göroglam ap-arkaýyn:

— ýüzüni  açanda, oglanyň düşýämi?!  — diýdi.

Bir ýakymsyz owaz gulagyna degip,kempir tarsa ýerinden turdy. Ine, gözlese, Görogly baş ujuny alyp otyr.

— Hiý, oglum, salawmaleýkim, geleweri, görşeweräli!

Görogly bilen ikisi gaýym görüşdiler. Aý, üstüni aldyran adam özüňe belli.

— Oglum, sen şondan-şuňa heläk bolup geläýipsiň-ow, sen gelmeli däl ekeniň Men Gyraty bakyp, bejerip, semredip goýupdym. Özüm äkitjekdim. Saňa engama iki iner gepleşip goýdum, juwan gepleşip goýdum! — diýip, kempir mähremsiredi. -Göroglam onuň bilen bir hörpden gopan kişi bolup:

— Mama jan, garry adamyny heläk etmäýin diýip, özüm geläýdim! — diýdi. Görogly näçe mylaýymsyrasa-da, kempiriň mazasy gaçdy.

— Haý, oglum, özüň-ä «geläýdim» diýýäsiň welin,seniň gözleriň alarlyp, dodaklaryň tirpildäp, ganyň gaçyp barýan ýaly-la. Sen maňa birje nama gaýryp ber,päliň oňdugyny, çepdigini onsoň bileýin! — diýdi.

Görogly-da ýene sypaýylyga salyp:

— Wah, mama jan, Çandybilden pyýadalap ýörite saňa nama aýdyp bermäge geldim-dä men! — diýdi-de,

kempire garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Çandybile alyp bardym,

Garyp görüp, mama, seni!

Haýyr edip, engam berdim,

Erk etdim dükana seni!


Ne üçin meni zar etdiň,

Bir goç ýigidi hor etdiň,

Gyratymny ebgär etdiň,

Tapmyşam pynhana seni!


Şumy saýraýan dilleriň,

Gyraty tutan elleriň,

Indi bent boldy ýollaryň,

Öldirin merdana seni!


Gyratymy nirde goýduň,

Tap basym, deriňi soýdum!

Gazap bilen gözüň oýdum,

Hudaý ursun, mama, seni!


Şatyr bolup, ýoluň tusup,

Ganym bolup, üstüň basyp,

Gulagňy, burnuňy kesip,

Paş kylam jahana seni!


Kyrk gün duzum iýdiň-içdiň,

Gyratym mündüň-de gaçdyň,

Bu gün bolsa gola düşdüň,

Hak saldy bu tama seni!


Görogly, tapdym geregim,

Indi sowady ýüregim,

Gyratdyr hakdan soragym.

Şol ýetir mekana meni!


Görogly bu sözi aýdandan son*

— Oglum, bu namaň-a meniň gulagyma ýakan däldir! — diýip, kempir gulaklaryny tutdy.

Görogly:

— Gulagyňna ýakmasa, mäkäm tut, mama jan! — diýiýa,

— Kisesinden çakgysyny çykaryp, ýeňsesinden geläkgede,saldy kempiriň gulagynyň düýbünden. Kempiriň gulaklary onuň elin

 geldi. Iki gulagynam aýryp, kempiriň kellesini sommartdy goýaýdy, Soňra bolsa:

— Haw, mama jan, bu galada başga öýümiz-öwzarymyz, ilimiz-günümiz  bolmandan soň, saňa  hezzet-hormat, biş-düş edip bilmedik,me, sen şujagazlary iýäý! — diýip, gulaklaryny eline berdi.

Kempir kelesini eýläk-beýläk sypajaklatdy.

Görogly:

— Mama jan, seni entegem gynap bir içimi sowatakdym, sen maňa jepalar beren bolsan, hemmesini senden bir sagatda çykaryp gutarjakdym, ýöne ýene rehimim indi. Ine, saňa aňsat ölüm! — Basdy bokurdagyna. Kempiriň jany takga çykdy.

Görogly soňra töweregine garasa, gapdalynda bir gapy bar ekeni. Itelese, içinden temmeli ekeni. Gapyny bat bilen depip goýberdi. Gapy gopup honda düşdi. Içeri girse, kempiriň hazynahanasy ekeni. Altyn-kümüş, teňňe-tylla çaşyp ýatyr. Derrew öz halal malyna gözi düşdi. Kempir Agaýunus periniň altynly top jygasyny-da alyp gaýdypdy. Gözlese, bu-da bu ýerde ýatyr. Bagryna basyp, gözünden ýaş dökdi. Muny alyp, mäkäm edip, hemme dünýäsini alyp, kempiriň baş ujuna gelip, bir çilim çekdi. Çilimi ýakyp goý berdi. Kempiriň kellesini oda basdy: «Çilim tutun ölüpdir» diýip aýtsynlar» diýdi.

Saraýyň içinde kyrk dişli merdiwany bardy, tama söýäp, galasyndan aşyp, daň atmanka, babanyňka geldi.

— Oglum, sen-de gura, men-de guraýyn, seniň ýaly ogully bolanymdan, üç-dert sany ogul bergili bolanym ýagşy ekeni!

— O näme üçin, baba?

— Ýalaň ýarym gije, daňdap gelýäsin, ogry sen, ogurlyk edýäsiň. Iru-giç duýlup, meni öňki owkadymdan aýrarsyň...

— Baba, gorkmasana, ogurlyk kaýda, zat kaýda! Ine, muňa teňňe diýýäler. Ine, muňa tylla diýýäler,çykar-da sowuber gorkma-da.

Görogly kempiriň ähli hazyna-dünýäsini baba berdi. Baba ondan:

— Ogurlyk etmeýän bolsaň, munça dünýäni nireden tapýasyň, oglum?! — diýip sorady,

— Muny galandarçylyk edip tapýan, baba!

Ertesi baba ýaňky teňňeden gorkaragada sowýa. Teňňäniň ogurlykdygyny kim bilýä.

Aýlanýa-dolanýa pikir edýä: «Gel, şu gyrnagymy muna bereýin-le» diýip, ýüregine düwdi. Soň Görogla garap:

— Al şu gyrnagymy! — diýdi.

— Gyrnagyň entek dursun.

baba;

— Näbileýin, oglum, gidibermikäň diýip gorkýan! Aýagyňy baglajak bolýan.

— Ata-ogul bolan adamam, heý, gidermi?!

* * *

Habary kimden al? Kempirden al!

— On-on iki günden soň kempiriň öleni aýan boldy.

Patyşa baryp, habar berdiler:

— Tagsyr patyşahym, baýaky kempiriňi çilim tutup, oda ýykylyp ölüpdir. Sallah bäş şatyr, iki keniz bar ekeni, olaram gapysyny ýykyp, hemme hazynasyny alyp, gaçyp gidipdirler.

Patyşa paýtuna münüp, öz gözi bilen gelip gördi. Gözlese, gapdalynda çilim ýykylyp ýatyr. Egnin-den bu ýany kül bolup, oda ýanypdyr. «Çilim tutup, oda ýanyp öleni çyn ekeni» diýip, patyşa-da ynandy.

Habary kimden al? Gyratdan al!

Gyratyň ýanyna hiç kim barabilenok. Patyşa gala:

— Her kim Göroglynyň Gyratyny bakyp-bejerse,kempire berýän engamymy berjek — diýip,çekdiriberdi jary.

Göroglam bu jary eşitdi. Zat bilmedik kişi bolup, atasyndan soraýa:

— Baba, hanyňyz jar çekdirýä welin, alamana ýa-da guş-şikara daga gitjekmikä?!

— Ýok, oglum! Ol jara sen düşünmän ekeniň-ow?!       

— Düşünemok, baba!

— Düşünmeseň, Çardagly Çandybilden Görogly sünniniň Gyratyny bir kempir alyp gaçyp getirip,patyşa berdi. Ol kempir duýn-öňňin çilim tutup, oda  ,ýykylyp   ölüpdir. Bäş şatyr, iki kenizi bar eken,olaram hazynany ýaryp gaçyp gidipdirler.

Görogly içinden aýdýa: «Ýeri,öz sowup ýören teňňäň kimiňki diýsene?!»

Baba ene-de:

— Şol atyň ýanyna hiç kim barabilmeýämýaşin.Patyşa-da: «Kim bakyp-bejerse, kempire berýän engamymy berjek» diýip, şona jar çekdirýä — diýdi.

— Alla, baba, bir talap edip ýörkäm, Göroglynyň hyzmatynda onuň atbakary bolup ýedi ýyl gezipdim.Şol at bolsa, men bakyp-bejärdim şony.

— Olar ýaly emeliň bar bolsa, men patyşa baryp habar bereýin.

— Bar-da patyşa aýt: «Meniň bir inim bardy, ýedi ýyldyr Göroglynyň eline olja bolup, bendi bolup düşüp gidenine. Ýedi ýyllap onuň atbakary bolup gezipdir, şu ýyl gaçyp geldi» diýip aýt. Başga hiç zat gepleme. Soňraky gepini özüm gepleşerin.


Baba gelip, bu gepi patyşa birme-bir aýtdy. Patyşa-da:

— Bar, iniňi äkel! — diýdi.

Baba hem Göroglyny tirkeşdirip patyşanyň ýanyna alyp gaýdyberdi. Gelip, arz jaýynda gol gowşuryp, salam berip durdular.

— Haw, galandar, Göroglynyň Gyratyny bakarmyň?

— Ozal-a bakýadym, tagsyr, gözi üýtgeşäýen bolmasa, näbileýin,tagsyr!

— Gözi üýtgeşen däldir. Bakyber, şol at şol!   

— Bakanymyz ýagşy, tagsyr, ýöne Göroglynyn bakyşyny etjekmi ýa öz bakyşyňy etjekmi, şony salgy ber maňa, tagsyr!

— Bilseň, Göroglynyň bakyşyny etjek.

— Bilýän, men aýdaýyn, sen gulak as, tagsyr!

Patyşa:

— Aýt! — diýdi.

— Aýtsam, her gün bir legen maýa süýdüni tapyp ber!on jam arpa, gün görmedik körpe, daş ahyrda-da saman taýýar et. Hyzmatyma-da dört-bäş adam ber.Özümiň kablamy, şülämi, süzmämi, ýahnamy,çaý-temmäkimi, gant-nabadymy — hemmejigini taýýar edýäsiňiz. Aty bakmak biz bilen.

Patyşalykdan diýeniniň bitjegini bilýä-dä! Bu aýdan zatlary patyşalykda gahat zatmy näme?! Hemmesini taýýar edip berdiler. Gelip, seýishananyň agzynda, özi ýatyp-turar ýaly bir beýik sypa bejertdi. Soň ýapynjany taşlap:

— Haý, ata ot beriň,suw beriň, iým beriň, çaý getiriň, palaw getiriň,böregem bişirip getiri beriň! — diýip, buýrup ýatyr zaňňar. Aý, garaz, patyşalykdan hem atyny bakýa, hem özüni bakýa. Şeýdip,Gyratyny kyrk günläp bakdy, lakga balyk ýaly semretdi.

Bir gün seýishananyň arka tarapyndan geçýän göni köçäniň ugrundan «Gyrat seleňläp dursun!» diýip, bir işik açyp goýdy. Şu köçäni bahana edip, «oba gaýdar ýaly, bäş-alty teňňeli bolup bolmazmyka?» diýip, geldi patyşanyň gaşyna. Salam berip, gol gowşuryp durdy. Patyşa:

— Haw, galandar, habaryňy ber! — diýdi.

— Tagsyr ozalky seýisler göni köçe tarapdan bir işik açyp goýupdyrlar. Şol köçeden baýtally ötýä, ýabyly ötýä, Gyrat kişňäp, biynjalyk, tanapyny boýnuna zyňyp dur. Ot bile-de işi ýok, suw bilen hem işi ýok. Şol köçäni gadagan etmeseň,  Gyraty ynjalykly

bakyp bolmaýa, tagsyr.

— Galandar, özüň gadagan edebilmeýämiň ony?    

— Gadagan edip, patyşamy, tagsyr, men?

— Galandar, seniň patyşalygyň şol bolsun, saňa jogap, pyýada ötse, bäş tylla, eşekli ötse, ýedi ýarym tylla, ýabyly ötse, on tylla, baýtally ötse, on bäş tylla ur-da alyber!

— Tagsyr, bular ýaly işi gije-gündiz nesýe sorap ýördüm, nagt etdiňiz-ow muny!

Gelip köçede sypanyň ustünde oturyberdi. Adamlaryň muňa beýle tabşyrylanyndan nä habary bar, pyýada biçäre gelýä aňyrdan geçjek bolup, ýüwrüp gelip ýere urup, içine-de çöwüp depýä bäş-alty gezek:         

— Çykar bäş tyllany! — diýýä.

Pyýada bilen  ýakalaşyp ýörkä: «Men  munuň gapdalyndan geçsem gerek» diýip, ýabyly biçäre debsäp gelýä. Ylgap gelip, atdan agdaryp, muny hem ýaňkynyň üstüne basýa. «Sen hem çykar on tyllany» diýýä. Eşekli ötse-de, getirip basýa üstüne, baýtally ötse-de, getirip üstüne basýa. Ahyry her biriniň hossarlary gelip,teňňesini eline berip, adamlaryny çykaryp gidýäler.

Galanyň içine bir dowul düşdi:

— Haw, ilat, han ol köçäni jynly galandara tabşyrypdyr. Bilip ötýän bar, bilmän ötýän bar. Oglan uşak ötmän oňanok. Şoň üçin şol köçä jandar sekmände bolmaýamy? — diýip, ilat köçäniň iki başyny gala bilen deň edip gömäýdiler.

Göroglynyň etdirjek işiniň biri şudy. Adam görmez ýaly ýerde Gyraty gezdirip seýislejek bolýa. Bir gün Gyrata eýer çekip, ýaňky köçede menzil-menzil, salkynma-salkyn, gijeden-gije, gündizden-gündiz gezdirip ugrady. Şeýdip, kyrk gije-gündiz gezim etdi.


Gyratyň etleri dyňzap, ýylan ýaly towlanýa-da! Pah gyraty görmäge göz gerek! Onsoň Görogly: «Haý, Gyratym, Gyratym, indi-hä kemiň galan däl bolsa gerek Çandybile aşarlyk bolan bolsaň gerek. Her zatdyr, Şadan bir jogap alyp gideli-dä» diýip, agdygrada  eşikläp, bäş gulaç tanapy boýnuna dakyp, gulaç ýarym taýagy egnine taşlap, tanapyň ujuragyndan tutup «dur-ha, dur» diýip, taýagyny gezäp, aty bilen patyşnyň gaşyna ýöriş etdi.

Erk galanyň işigine gelip gygyrdy:

—  Haw, tagsyr patyşahym, at görseňiz, bu ýana çykyň, haw!

Şa  kyrk sypaýysy bilen Erk galanyň işigine çykyp, küňrä ýeňsesini berip oturdy,

— Haw, galandar!

— Lepbeý, tagsyr!

—  Bu Gyratyň köp-köp ýörişleri bar şekilli, köp oýunlary bar şekilli, han işigine gelip, sypaýy salam berip duruşlary bar şekilli, ony kim etdir?!

— Ony, tagsyr, kim Göroglynyň namasyny bilse etdir.

—  Sen bilmeýämiň?!

— Men-ä birneme bilýädim, tagsyr, şu wagt sizden süstim basylyp ýadymdan çykaýypdyr. Başga adam bolsa etdiribersin.

Patyşa: «Göroglynyň namasyny bilýen adam barmy diýip, gala jar çekdiriberdi.» bu ýandan bir garry gyzylbaş:

— Biz bileris-ha! — diýip çykdy. Adyna Şahalga diýän eken. Çandybilden azat bolup gelen dogma ekeni.Goroglynyň namasyndan birki nama bilýän ekeni,gelip, Gyratyn üstüne mündi. Patyşa ona!«— Hany, zaňňar, nama gaýyr! — diýdi.

—   Ajap bolýar, tagsyr! — diýip, kürt Gyratyň üstünde birki nama aýdar gerek:

—  


Gazylar söweş gününde,

Bedew at ne gözel oldy?!

Goç ýigidiň synasynda,

Amanat ne gözel oldy!


Ýäriş açar bara-bara,

Çöller keser mezil ara,

Ýaly bilen dyzy gara,

Bedew at ne gözel oldy!


Kekeji burnundan öter,

Gaçsa gutar, kowsa ýeter,

Agzyn hatap kimin ýyrtar,

Bu hümmet ne gözel oldy!


Köýnekçesi zer seçekli,

Eýesi tylla pyçakly,

Depesi ýüpek pürçükli,

Bedew at ne gözel oldy!


Men niçe gün sürdüm döwran,

Tapylmaz derdime derman,

Görogly diýr, Şahymerdan ,

Keramat ne gözel oldy!


Üstündäkinin, bu sözi aýdany bilen Gyrat oýun etmedi.

Patyşa:

— Düş-ä, Şahaly! Gyrat oýun etjek däl. Galandaryň özi münüp, özi oýun etdirsin! — diýdi.

— Nämäni, tagsyr? — diýip, atyň bykynyna bir kakyp goýberdi. Gyrat sekiräp zyňdy asmana, şahaly naýza boýy asmana atylyp gitdi. Ýene gelip, atyň üstüne düşäýdi.

Patyşa aýtdy:

— Eý, Şahaly, mundan tomaşa bolmaz, düş diýlende, düş!

— Tagsyr, howlukma, Göroglynyň ýene bir namasyny bilýän men.

— Bilseň, aýt!

— Aýtsam, tagsyr, Görogly sünni Goja dagynyň üstünden alamançylykdan gelýäkä, boranly güni, çisňinli güni bir nama gaýyrmyşdyr — diýip, kürt ýene bir bäş keleme söz aýdar gerek:


Goja daglaryň üstünde

Boran bolar, çisgin bolar,

Gar ýaganda burjy baglap,

Ajy ýeller ösgün bolar.


Bedewden aýyrma nogta,

Bolgun öz işiňe pugta,

Söweş güni münme agta,

Agta göwni asgyn bolar.


Goç ýigitde ar bolmasa,

Şahyrmerdan ýar bolmasa,

Ýygynda serdar bolmasa,

Agyr leşger bosgun bolar.


Ördegin awlar köllerde,

Jerenin kowlar çöllerde,

Bir goç ýigit ýat illerde

Gepläbilmez, misgin bolar.


Görogly gaýnap joşanda,

Joşup, hetdinden aşanda,

Ganym bilen ugraşanda,

Kän ýygynam asgyn bolar.


Bu sözi aýdany bilenem Gyrat oýun edenok. «Söweş münme agta» diýip, gaýta Gyratam agta edýä. Patyşa gyssap dur.

— Şahaly, düş diýende, düşäýseň bolmyýamy? Galandaryň özi münüp, özi nama gaýyrsyn.

—  Göroglynyň ýene bir namasyny bilýän, tagsnr!

Gyratyň üstüne münen adamyň düşesi gelmez ekeni.Sebäbi endamynda iki ýakym bar: ýaz aýlary çemenligiň arasy bilen gije gelýärkäň, daňa ýakyn gursagyňa çyglyja şemal deger,janyn aram tapar — ýakymynyň biri Şolar ýaly.Ýene bir ýakyşy — täze öýlenen ýigit gyzyň goýnuna giren ýaly. Üstüne münen adamyň düşesi gelmez ekeni. Şahaly-da:- «Çandybiliň Göroglysy ölüpdir diýip bir nama gaýyrsam, Gyrat oýun etmezmikä janym» diýip oýlandy. Kürt Gyratyň üstünde bäş keleme söz aýtdy:


Awçy kimin her ýanlara çykaram,

Menem eýe bolsam maly-mülklere,

Indi barsam, Çandybili ýykaram,

Menem eýe bolsam maly-mülklere.


Üstüňe münemde, Gyrat bilendir,

Alla kabul kylsa, döwlet gelendir,

Çandybiliň Göroglysy ölendir,

Menem eýe bolsam maly-mülklere.


Üstüne münende, daglar seýrandyr,

Muny münüp barsam, sünni haýrandyr,

Çandybiliň ülkeleri weýrandyr,

Menem eýe bolsam maly-mülklere.


Şahalynyň murtlarynda weý ala,

Gyrmyzy don ýakasynda weý ala,

Derýalarda gezen laçyn weý ala,

Laçyn göwün telwas eder köllere,


Bu sözi aýdany bilenem Gyrat oýun edenok. Patyşa-da şol gyssap dur:

— Düş diýlende, düşseň bolmyýamy? Näme adamyň gepine gulak asmaýasyň! Galandaryň namasy ýadyna düşendir, özi münüp, özi oýun etdirsin. Gyrat sende oýun etjek däl şekilli.

Uly şanyň öňünde gyjalata çydaman, atyň garnyndan dolandyryp, jüp gamçy urdy. Gyrat sekiräp zyňdy bir asmana, bu sapar üç naýza boýy atylyp gitdi. Gyratyň tanapynyň ujy Göroglynyň elindedn, Munuň ýagşy ýokarrak gidenini bilip, Görogly atyň tanapyny goýberdi. At başga ýaňa oýnaklap ötägitdi.

Pah, syrty ýeňlän garry gyzylbaş — peýkamdan ok gaýdan ýaly başaşak gaýdyberdi: «Ýa suw, ýa saman, güjüm, ýa garaman» diýip gelýä. Suw kaýda, saman kaýda, erk-galanyň işigi, daşyň ýüzi, öninçä kellesi degdi, beýnisi gert-gert, garganyn çöri ýaly bolup gitdi. Mala-mülke jennetde eýe boldy...

At başga ýaňa gidensoň, patyşa aýtdy:

— Bar, galandar, aty tut!

Görogly ýüwrüp gelip, atyň tanapyndan tutup, «dur-ha, dur» diýip, haýbat atan bolup, patyşanyň ustüne idip gelýä:  

— Alaweri, tagsyr, atyňyzy!

Patyşa-da gorkusyna:

— Aňyrda sakla, zaňňar! — diýýä,

Patyşa ýene-de aýtdy:

— Haw, galandar, Gyratyn, üstüne mün, endamly nama gaýyr, oýun etdir. Şahaly bolsa ölse ölüpdir-dä,ýogsa-da oňarmaýan işiňi etsen, boljagyňdyr-da!

— Tagsyr, munuň üstüne mündürip öldürinçäňiz, öz eliňiz bilen öldüräýiň!

— Mün, bolmasa, öldürin!

— Tagsyr, mün-müni kän edýäsiň, synamakdan ötri aýdýamyň ýa çynlakaýdan?!

— Elbetde, çynlakaýdan!

— Çynlakaýdan aýtsan, tagsyr, meniň, günämi etseň,saňa üç-dört agyz sözüm bar!

— Aýt, öteýin.

— Ötseň, tagsyr, bir patyşada kyrk kişinin akly bormyş — diýip eşidýädik welin, seniň-ä jüýje-horazyňkyça-da akylyň ýok ekeni!

— O niçik?!

— Niçigi şol, tagsyr! Muny «Oýun etdir, oýun etdir!» diýip aýdýasyň. Bu nämesine wagty hoş bolsun, näesine oýun etsin?! Diwananyň ýabysy ýaly, eşigini agdaryp dur. Bu haýwanam bolsa, hemme zady bilýä, tagsyr! Göroglydakysy ýaly bolmasa, asyl oýun etmez bu.Adam öldürmeden başga işi ýok. Ynha, gözüniz gördi.Şahalyny öldürdi. Belki, özüňizem ahmal etse,edäýer  bu.

—  Haw, galandar, bizem özümize: «Kyrk dört derwezeli şäherin içinde, altyn tagtyň üstünde, alty aýlyk ýere hökümini ýöredip oturan bir patyşadyrys» diýip otyrys. Bu-da bir galanyň içi, näme gerek bolsa tapylar, aýdyberseň bolmaýamy ahyry gerek-ýaragyň.

—  Aýtsam, tagsyr, Görogly sünni muňa altyn nal kakardy, üstüne-de bir gyldan zer goýardy.Mahmal derlik, gülnary ýona, tylla gaýyşly eýer,zerewşan köýnekçe, güderi güpjek, jüp aýly tegmeden dartyp, zümerretden bezelen alagaýşy Gyratynyň başyna salardi. Ýene bir jüp naly ýeňilräk çekiç bilen eýeriň gaşyna gysdyryp goýardy. Onsoň, özem birkemsiz geýnerdi, Tylla myhly sagyr ädik,   şahana  geýimler,tylla gülbentli pyçagy çar-para gysdyryp,altyn ýakaly sowut, goljak, tuwulga, çar aýna, tylla tegbendi biline dakyp, gunduz sopbaç, pereňi mawut çäkmen geýerdi, üstesine-de Görogly nirä atlanjak bolsa, kyrk günlik, elli günlük harajat syrtynda elmydam taýýar bolardy, iki harjun süýtli külçe, iki kirbenke ysly çaý, on syry garşy temmäki alardy. Başga keýplerem daşyndan. Çar-perre, almaz suwy berlen naýzasy   golunda bolardy — diýdi.

Onda patyşa:

— Baryň, bitirip geliň! — diýip, ýasawullaryny goýberiberdi. Gözüne görnen ýerinden bahasyny ýok, patyşadan höküm bolansoň, urup alyberdiler. Ussalar-da nalyny-myhyny bir sagada goýman taýýar etdiler.

Görogly  Gyratyň toýnagyny gyryp,altyn nali kakyp, ýaňky aýdylan üst-başlary ata kemsiz salyn, harajaty atyň syrtyna kemsiz bökderip, bir jüp naly çekiji bilen eýeriň gaşyna gysdyryp, özem ýanky aýdan üst-başlaryny kemsiz geýnip, ýaraglary kemsiz dakynyp, atlanyp duruberdi.

* * *

Habary kimden al? Patyşanyň ýanynda ozaldan; «Şunuň elinden aty al» diýip duran bir garry wezir bardy, ana, şondan al! Ol ýene-de:

— Tagsyr, düşür, tagsyr, duşür! — diýiberdi.

— Hä, näme bar?!

— Hut, Göroglynyň özi bu! — diýip,muny ýaňky tanady.

Patyşa bolsa oňa ynanman:

— Goý-aýt, Göroglynyň atyny münseň, ýarag-esbabyny dakynsaň, geýýän lybaslarynam geýseň,senem Görogly ýaly bolarsyň-da, goý, gepleme! — diýdi.

Patyşa şeýle diensoň, o wezir-de geplemedi. On-son patyşa Görogla garap:

— Haw, galandar, atyňda, özüňde kemiň galdymy?!— diýdi.

—Ýok, tagsyr, kemimiz galanok, enşalla, indi bir ýurda aşarlyk bolduk, tagsyr!

— Onda bu weziriň gepine gulak asyp durma! Gowusy, oňat nama gaýyr-da, ata arkaýyn oýun etdir!

— Tagsyr, atymyzy mündük, ýarag bolsa  dakyndyk,harajaty bolsa bir kemsiz atyň syrtyna bökderdik. Indi geregiň namamy, indi geregiň oýunmy?! — diýip, ýene atyna garap: — «Haý, Gyratym, hemme zatlar-a arzan boldy, senem görübirsiň-dä» diýip, bäş    keleme söz aýdar gerek:


Araz çaýdan geçen Gyrat,

Janlar saňa arzan bolsun!

Akja1 berip, alynan ot —

Ter ýorunjaň arzan bolsun!


Ýaşlykda iýdirdim körpe,

Bedewler içinde türpe,

--------------------------------------------------------------------------------------------------

1 Akja — pul, kümüş pul.


Her menziltse on žam arpa,

Sowuk suwlar arzan bolsun!


Men saňa, kapyr, ne diýdim,

Almyşam pendin-öwüdiň,

Altyn ýakaly sowudyň,

Kemerleriň arzan bolsun!


Seni münüp ahlar bilen,

Döwüşerdim çohlar bilen,

Hasy-gyzyl1 myhlar bilen,

Kümüşden nal arzan bolsun!


Seni münemde haý bilen,

Duşmanlar gezer waý bilen,

Ýarag-esbaby şaý bilen,

Ýüpek desmal arzan bolsun!


Araz çaýdan ötenlerim,

Ýaka birýan tutanlarym,

Horjun-horjun atanlarym,

Şeşmer-şemhal arzan bolsun!


Göroglynyn özi bir är,

Öz gamyny özi iýer,

Saňa bentli tylla eýer,

Zer köýnekçäň arzan bolsun!


Görogly bu sözleri aýdandan son, patyşa! Hä, nama diýeniň şular ýaly bolar-da. Galandar, a kemsiz gaýyrdyň. Hany, indi Gyrata   oýunam etdir, onam göreýli! — diýdi.

—  Ýaşy bolar, tagsyr — diýip, Gyraty symsyklap,ýokary ýüze garşy depip iberdi.


Habary kimden al? «Patyşa Göroglynyň atyna oýun etdirýämişin, nähili oýun edýäkä?» diýşip, bakgal paýeki, suwçy, bir topar işsiz töweregine üýşüpdir, şolardan al.

Gyrat agzyny açyp, gulagyny ýapyryp, niçesiniň  garnyndan basyp,niçesiniň ýeňsesinden basyp, agzyna gelenini gapyp, toýnagyna rast gelenini depip, duranlary ber-bibat etdi. Muny görüp, ýene häki garry wezir!

— Tagsyr, meniň ýaňky aýdan gürrüňime gulak asmadyň, şu galanyň gädigini bent etdir.Iru-giç bu adam şu aty şondan alyp çykýa — diýip ,jibrinip başlady.

Ana, onson, patyşa-da:

— Baryň-ow, galanyň gädigini bent ediň! — diýdi.

Galanyň gädigine iki araba agajy dikine söýäp goýdular.

Görogly Gyraty sürüp, ilki aňyrsyna çykyp, soň ýene bärligine gaýtdy, gelip patyşanyň gaşynda gulluk aýdyp durdy.

Ýanky zaýa bolanlar:

— Aý, munuň atam gursun, oýun-tomaşasam gursun,niçämizi öldurdi, niçämizem maýyp etdi. Indi gelse,maňlaýyndan başga ýerine urmalyň!.. — diýip, ýaňky dikilen agaçlaryň ýarysyny kesip aldylar.

Patyşa bolsa Görogla garap:

—Ýene bir nama gaýyr, ind-ä at oýnaýjak ýaly! — diýdi.

Göroglam:

— Ajap bolar, tagsyr! — diýip, Gyratyna   garap, bäş keleme sez aýdar boldy:


Müsür gylyç, gargy jyza,

Oýna, jan Gyratym, oýna!

Aýny pursat geldi bize,

Oýna, jan Gyratym, oýna!       


Seni münerem haw bile,

Ganymlar gezer daw bile,

Gol-aýagy gaşaw bile,

Oýna, jan Gyratym, oýna!


Hudaýym gowşurdy saňa,

Şalar bakar tomaşaňa,

Set tumen azdyr bahaňa,

Oýna, jan Gyratym, oýna!


Şalar şasam seni söýdi,

Ustüňe rehnetin ýaýdy,

Eýäň öz lybasyn geýdi,

Oýna, jan Gyratym, oýna!


Görogly mündi üstüňe,

Jyzany aldy destine,

Çykaram ganym kastyna,

Oýna, jan Gyratym, oýna!


Görogly namasyny tamamlap, patyşa garap duruberdi.

Patyşa:

— Haw, galandar, şu at Görogly sünnä haýp ekeni! — diýdi.

— O niçik, tagsyr?

O munuň gadyryny bilýän däldir. Şuny sat diýseň, satar. «Müň tylla diýer, iki müň diýer, garaz, satar. Ýöne welin, şu atyň bahasyna ýetme ýok ekeni.

Onda Görogly:

— Tagsyr, gatam gidiberme, özüň «bahasyna ýetme ýok» diýip aýdýasyň-a. Senden başga-da gadyryny biljek adam bardyr-a! Onsoň, gadyryny bilýänini-bilmeýänini bilerin diýseň, bir zada esewan et: bir ýyl Görogly  osmanlylaryň   ýurduna    alamançylyga     gitdi. Şonda menem jylawdarydym.Ana, şonda o osmanly Japar patyşa diýen patyşa ony çagyryp: «Haw,Görogly sünni,atyň bahasyny  aýt»diýdi.Şonda atynyň bahasyny aýdyp, Japar  patyşa garap,bir nama gaýyrmyşdy. Sen gulak as,tagsyr,  gadyryny

bilýänini-bilmeýänini aýdyp bereýin.  

Soňra Görogly patyşa garap, atynyň bahasyny aýdyp, bäş keleme söz aýdar boldy:


Gyratyň bahasyn aýtsam,

Sen deý şadan ýüz bolaýdy.

Munuň üstüne münende,

Ganym ýüzbe-ýüz bolaýdy.


Bat gerek senden ötmäge,

Guş gerek kowup ýetmäge,

Durup tomaşaň etmäge,

Iki gara göz bolaýdy.


Münsem, eýer gaşyny garbap,

Üstüne ýaraşar herbap,

Köýnekçesin etsem zerbap,

Torbasy atlaz bolaýdy.


Gargyýa meňzär gulagy,

Şemşat kimin el-aýagy,

Hemişe gezen ýaýlagy,

Serçemenli düz bolaýdy.


Janym Gyrat, malym Gyrat,

Seni münüp, tapdym myrat,

Her ýanyňda goşa ganat,

Alnyň teblebaz bolaýdy.


Eýer miýeser bilinde,

Tapylmazmyş Rum ilinde,

Jylaw Göroglyň elinde,

Däh diýende, tiz bolaýdy.


Bu sözleri aýdandan soň, patyşaz

— Gadyryny bilýän eken-ow! «Sen deý şadan ýüz bolaýdy», Asla bahasy ýok diýeni şol. Gadyryny bilýän eken, zaňňar, ýene bir oýun etdir! — diýdi.

— Ajap bolar, tagsyr! — diýip, indi aşak   ýüze depäýdi. Bu ýanda oturan toparam ber-bibat etdi gaýdyberdi.

Bu ýanda duran topardakylar:

— Bu sapar taýakly tarapy aman galaýdy, taýagyň bolsa, geljek däl ekeni — diýip, agaçlaryň galanyna çozdular. «Saňa-ýetdi-ha, maňa ýetmedi» bilen gez ýarymdan kesip paýlaşdylar. Galanyň gädigi-de açyldy.

Ýanky garry wezirem ýene:

— Tagsyr patyşahym, meniň akylymdan hiç haçan zelele galan dälsiň. Muny düşür atdan, bu hut şonun özi, tagsyr. Öldürseň, öldür, bolmasa-da kowup goýber! — diýip janykdy.

Patyşa-da:

— Haý, wezir, ýaňy aýdýasyň bir gürrüni, ýene aýdýasyň bir gürrüňi. Men saňa aýtmaýanmy: «Göroglynyň atyny münsen,  ýarag-esbabyny dakynsaň, eginbaşyny geýseň,sen-de Görogly bolarsyň» diýip.Goý, gepleme! — diýip, urdy oňa hemläni.

Wezir syýyny silkipg «Meni kowsaňam-a kowarsyň welin, birsalymdan gaçara deşik tapman, galaň başyňa zyndan bolsa gerek...» diýip, öýkeläp ötägitdi. Görogly hol aňyrrakdan aýlanyp gelip, gulluk aýdyp durdy. Patyşa oňa garap,

— Haw, galandar, sen meniň göwnümemi ýa gatyrak gidip barýamyň?! — diýdi.

— Gaty gidip, entek näme boldy, tagsyr?!

— Bu ýanda birniçe adamy zaýaladyň,o ýanda-da birniçe pukarany zaýaladyň. Mundan oýunam bolmaz,tomaşa-da  bolmaz.  Düzüwliräk nama  gaýyr, düzüwliräk oýun etdir! Bolmasa idili bolmarsyň!

— Tagsyr, sen birneme gyzmalyk ediberjek bolýamyň ýa meniň göwnümemi?! Meniň nämeden oýun tapman ýörenimi, nämeden tomaşa tapman ýörenimi sen bileňokmy, tagsyr?!

—Ýok, bilemok.

— Bilmeseň, men «birneme garaňky gatlyşsyn»,atyň, içi silkilsin, ýaňky weziriň ýanyňdan gitsin, galanyň gädigi açylsyn» diýip ýördüm. Şol aýdanlarymyň hemmejigi boldy. Seniň bilen indi dogurlaşmaly. Indi men saňa bir nama gaýryp bereýin. Yzyndan gözüň   bir tomaşa görsün,heý, kemi galýarmyka, göreli bakaly! — diýip, patyşa garap, gözüni akjardyp, bir nama aýdar gerek:


Meniň bir mejnun atym bar,

Atylyp girse meýdana.

Ganymyny gan eňreder,

Roýy meňzär kuh ýylana.


Mejnunyň ajap çagydyr,

Serinde duman dagydyr,

Ganym gözüniň agydyr

Toýnagyndaky nyşana.


Gökde guşlar uçabilmez,

Maral gulaç açabilmez,

Çölde jeren gaçabilmez,

Mejnunym girse meýdana.


Ýan etleri çogun-çogun,

Süýekleri bogun-bogun,

Asly böri, soýy sugun,

Sagrysy meňzir koýana!.

------------------------------------------------------------------------------------------

1 Koýan — towşan.


Gurbany eýlärem başlar,

Taryp etsin ýakyn-daşlar,

Toýnagyndan çykan daşlar

Sesi meňzär zarply zaňa.


Görogly aýdar, emin özüm,

Çohlary görendir gözüm,

Atym ýüwrük, ötgür sözüm,

Bakmanam hana-soltana!


Görogly sözüni tamam etdi. Onun: «Emin özüm» diýeni arap hem pars dillerinde «Men ynanylan adam, wekil, emeldar» diýdigidi. Patyşa-da muňa düşünip ;

— Ýene bir nama gaýyr... — diýip, gaçjak ýerini peýläberdi.

Görogly üzeňňä galyp, gözüni akjardyp, gylyjyň destinden tutup, patyşa garap, ýene bir nama gaýyrdy :


Gyzylbaşyň ökdem hany,

Ökdemligiň goýdyr bu gün!

Aman bolsa, Görüň ogly,

Birin-birin soýdyr bu gün.


Ahyr derman duş eýleýip,

Didäň ahu-ýaş eýleýip,

Gury göwnüň hoş eýleýip,

Hunabadan doýdyr bu gün,


Gollaryňy az eýleýip,

Gözleriň pyýaz eýleýip,

Läşiň ýere parz eýleýip,

Şu meýdana ýaýdyr bu gün


Ýalbaraly pirimize,

Ganym gelmez ýüzbe-ýüze,

Görogly ner diýrler bize,

Aman bermez, köýdir bu gün.


Görogly şeý diýdi-de ýene patyşa garap;

— Nama gaýyr, nama gaýyr, men näme seniň kesana-syna tutan bagşyňmydym?! Ine, saňa nama! — diýip, depdi patyşanyň üstüne, patyşa-da ýüwrüp derwezeden girip,şakyr-şukur derwezäni ýapyp durdy.Derweze ýapylansoň: «Erjeşip oturmaýyn» diýip, Görogly atyň jylawyny bu ýana aýlady. Gylyjy syryp alyp, köçe bilen ýaňky gädige baka depip gidibersin.

Gaçyp jaýyň üstüne çykyp, köçeden sowlan gutulýa. Ugruna düşeniň welin, kellesini pyzlawuk kädi ýaly pyzyp barýa. Şol gaýdyşyna galanyň teýine gelip, şirihuda pirini çagyryp, ata jüp gamçy urdy. At al-asmana göterilip, galanyň üstünden aşyp geçdi. Görogly galanyň öňündäki çukura esewan etse, ol on bäş gez ekeni. Gyrat ondan bäş gez aňry düşüp, daş opuryp.ötägitdi. Görogly gamçysyny bulaýlap holha barýa.

* * *

Habary kimden al? Patyşadan!

Kyrk dişli merdiwany bardy, gala söýäp, köşguň üstüne çykyp gygyryberdi: !

— Görogly sünni atyny äkitdi. Ýasawul bolsaň, nöker bolsaň, ýeteweri, haw, tutaweri, haw!


Soňra patyşa galada bar atlyny jemletdi. «Meýdandaky serkerdeler top-tophanalary bilen gelsin!» diýip,ýene çar etrapa hat ýollady.

Alty sany kürt hemmeden öňinçä: «Göroglyny öldürip, abraý alyp bolmazmyka» diýip, Göroglynyň yzynda at goýaýdylar. Göroglynyň  yzyndan kowup ýetdiler. Görogly bulary görup, atynyn jylawyny aýlap duru-berdi, Ses ýeter ýaly meýdana baransoň, bular-da ýanyna barabilmän duruberdiler. Görogly:

— Aý. ýigitler, näme durduňyz? Döwüşmäge gelen bolsaňyz, geliň, döwşeliň! — diýip, bulara garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Geliň-hä dörtli-bäşliler,

Gel-hä, begler, döwuşeliň!

Ala ýalaw, boz başlylar,

Geliň, begler, döwuşeliň!


Döwüşmeklik ýaman bolar,

Baş gider, göwre gan bolar,

Demir donlar weýran bolar,

Geliň, begler, dewüşeliň!


Sagdagyn egri asanlar,

Münen atyny kösänler,

Aýagnyň ujun basanlar,

Geliň, begler, döwüşeliň!


Görogly aýdar, elimize,

Kuwwat bersin bilimize,

Eliňize-ýüzüňize,

Gel-hä. begler, döwüşeliň!


Bu sözi aýdany bilenem olar barabilmediler. «Siz gelmeseňiz, biz baraly» diýip, Görogly astaragada ugraberdi. Bular-da dönüp, gala garşy göterdi ökjänn. Görogly: «Gaçany kowujy bolma!» diýip, yzyna döndi.

Ýaňky alty kürt gala gelip: 

— Tagsyr patyşahym, ýene kowup gelýä, ynha, geldi! — diýip howpurgap dur.

Patyşa howlugyp, galada/bar atlyny alyp, kowmaga aýlanyşdy. Bu gün ötdi, bu gijesi ötdi, ertesi çäş galanda, Göroglynyň yzynda bir tozan peýda boldy, At başyny çekip, dag üstüne çykyp duruberdi.

Patyşa-da öňüni başlap, kowup gelýärdi, ses ýetime barabilmän duruberdi. Duran ýerinden:

— Haw, Görogly sünni, gerçek goç ýigitsiň, janyňa haýpyň gelsin, müň janyňdan bir janyň gutulmaz!Aty agaja bagla, alan zadyňy bu    ýana taşla, özuň aman-sag gidiber! — diýdi.

— Haý, beýnisini aldyran patyşa! Aty agaja baglajak, alan zadyny taşlajak adam indi dogar! — diýip, jylawy eýeriň gaşyna taşlap, arkasyndan sazy kakyp alyp, patyşa garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Meniň söýenim kim söýer,

Söýen gelsin bu meýdana!

Ar ýolunda şirin janyn

Goýan gelsin bu meýdana!


Menem gelip men düýş kimin,

Muhannes gözi puç kimin,

Meýdanda özün goç kimin,

Duýan gelsin bu meýdana!


Dara çeker men başyny,

Ite çekdirin läşiňi,

Taý görmen on,on bäşini,

Diýen gelsin bu meýdana!


Menem meýdana gelip men,

Dosty-duşmanym bilip men,

Men dogan günüm ölüp men,

Diýen gelsin bu meýdana!


Görogly mündi gyr taýa,

Namysym goýman ertäýe.

Gara kelläni ortaýa,

Goýan gelsin ,bu meýdana!


Bu sözi aýdyp, patyşa bilen işi bolman, aralyga bir dagy salyp, baryp ýygnyň yzyna depip gitdi. Hellewleşip gelýän atlynyň girdi bir çetinden: ur, ýyk, sanç, agdar, bas, öldür, gaňyr, bas... , Patyşa bir gaňrylyp garasa, yzynda maslyk-maslyga çaknyşyp ýatyr. Patyşa-da gaçmak bilen boluberdi. Munuňam ýagyrnysyndan ýetiriberdi naýzany. Ýene-de: «Gaçany kowujy bolma!» diýlip berlen öwüt ýadyna düşdi.

Görogly saýlanyp bu ýana çykdy. Esewan etse, köp ýygyn, özüne-de birneme zyýan ýetipdir. Gyltyzrak-gyltyzrak, on sekiz ýerinden ýara duşüpdir. Gyrat agsamana aýlanyşyberdi. «Alla, muňa näme bolduka?!» diýip, atdan düşüp, syn edip görse, gahar bilen toý-nagyny ýere urup dur, toýnagynyň öňüni daş gaýtaryp taşlapdyr. «Syrdaşym, başdaşym, ýaman günumde ýol-daşym, Gyrat! Seniň toýnagyňdaky nalyňy aýyrsam, eýerin, gaşyndaky duran naly kaksam, onsoň toýnagyň gutulýança üç gün idip ýöresem, ozal pyýada gelmedim-mi men bu ýere?!» diýip, Görogly Gyratyň nalyny aýryp, eýerin gaşyndaky täze naly alyp kakdy. Soňra ol ýene-de atyna garap:

— Gyratym, seniň nalyň mübärekligine nama-da aýdyp beräeýin! — diýip, bäş keleme söz aýdar boldy :


Çölde galsam, gurt-guş gonar läşime,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!

Çöl ýerlerde suwsaýyban galmyşam,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!


Aýaklaryň galdyr, nalyň kakaýyn,

Dyzyňdan aşagňa hyna ýakaýyn,

Agşam iýmiň berip, ertir bakaýyn,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!


Çandybile az galypdyr aramyz,

Hakyn takdyryna nädir çärämiz,

On sekiz ýermizden düşdi ýaramyz,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!


At oýnadyp, belent-pesinden durdum,

Bardym-da duşmana kän gylyç urdum,

Ýedi müň ýedi ýüz ýygyny gyrdym,

Gyrat, meni ýurda-ile sen ýetir!


Şahymerdan pirim, gelgin gaşyma,

Güýçli ganym huwanmasyn läşime,

Sendäki ok degsin meniň başyma,

Gyrat, meni ýurda-ile sen ýetir!


Ýyndam ýöräp, pirim, maňa ýetewer,

Ýetip, ýaramyza melhem edewer,

Goldaýyban Göroglyny ýeltewer,

Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!


Bu sözi aýdyp, Gyraty üç günläp idip ýöredi.Dördünji gün Gyraty ýalaňaçlap, sypalap-sermeläp, ýamaşgandan eýerläp, köýnekçäni agdyk salyp, keçäni syrtyna bökderip, Gyratyň guýrugyny düwüp, gury säpjin ýörişine gidibersin. «Alla, çöl ýerde külçe bilen içim gapyşyp gelýä, bir çarwa duçar gelse, ýahnadan doýsak, hezil bolar-ow» diýip, bir depä çykyp,gözlese, akly-gyzylly goýun göz gamaşdyrýar. «Hudaýym, düýşüm bolmasa ýagşy!» diýip, goýna tarap gelse, patyşanyň goýny ekeni.

Çopanlar tanady muny:

— Haý, ogry zaňňar, biziň patyşamyzyň aty bu, nirä alyp barýarsyň, düş derrew! — diýip»ýükläberdiler.

— Ýigitler, düşjek bolup gelýädik, ýöne eger gyňralsaňyz, düşjek däl.

— Mana düşmeseň, nädeli? — diýip, arkasyna jüp bilen urdular.

— Meniň bir zyýanym bar, şol tutjak bolup gelýär-ow...

— Zyýan diýeniň näme?

 — Zyýan diýenim jynly.

— Jynlynyň emini biz bilýäs! — diýip, egri taýak üstünde jarkda-jark bolaýdy.


«Bular ötüşdird-ow» diýip, düýrme gylyjy ugruna garşy salgap goýberdi. Düýrme gylyjyň öňünda näçesi bolsa, göwresinden kellesi aýrylyp, sakgallary elesläp, dodaklary müňňüldäp, dilleri gybyr-gybyr edýä...

* * *

Habary kimden al? Çopanlaryň biri oduna giden ökeni. Şol gelipdir. Ol bu adamyn ýoldaşlaryny gyranyny görüp, eşegiň üstünden oduny agdaryp, aňrn ýanynda bukulyp ýatyr. «Meni görmeýämikä?» diýip, Görogly onuň golaýragyna baryp:

— Bäri gel-aýt! — diýdi.

Ol gol gowşuryp: «Amandyr, aga!» diýip, ýetip gel-di.

— Gel, meni bir ýahnadan doýur! Seni   öldürmäýin onsoň.

— Öldürmeseň, hemmesini soýup bereýin, aga!

Bir semiz guzyny soýup, gaýym ýahna edip çekdi Öňüne. Ajygyp gelen adam, ýumşak guzynyň ýahnasy, her göterip taşlanynyň käsi bir batman dagy bar. Görogly garnyny doýrup atlandy-da:

— How, çopan, seniň duzuňy iýdik, eden hyzmatyňi razy bolaweri! — diýdi.

— Aga, men-ä razydyryn welin, sen adamzatdan bolaýypsyň, eger haýwanatdan dagy bolýan bolsaň, sen böri borduň.  

Bu-da Görogla täsir edip, şol wagt perizat ýadyna düşüp, çopana garap, bäş keleme söz aýdar gerek :


Eý, ýaranlar, musulmanlar,

Namart mert oldy, mert oldy

Ne ajaýyp zamanalar,

Geçdi, ýurt oldy, ýurt oldy.


Hany begler, hany hanlar?!

Bu dunýäge gelen janlar,

Tagt üstünde Süleýmanlar?!

Uçdy ýurt oldy, ýurt oldy.


Çaýlar geler aka-aka,

Jiger bagrym ýaka-ýaka

Ýar, ýoluňa baka-baka,

Gözüm dört oldy, dört oldy!


Perimiň ala gözleri,

Mahy-tabandyr ýüzleri,

Rakybyň tagna sözleri,

Jana dert oldy, dert oldy.


Görogly aýdar, men hezaram,

Atym, özümni bezärem,

Men niçe mesgin gezerem,

Adym gurt oldy, gurt oldy.


Bu sözi aýdyp, çopan bilen allaýarlaşyp ötägitdi.

Şol gidişine pylança gün ýol ýöredi. Görogly bir gün säher mahaly barýaka,dört-bäş durnanyň owazy gulagynda peýda boldy. Esewan etse durnalar Çandybil tarapdan gelip, beýleligine barýalar. «Haw, durnalar, biziň galamyzyň üstünden ötensiňiz. Öwez jany,    kyrk ýigidi görensiniz,ýunusy görensiňiz. Biziň iller ýerindemi?!diýia» durnalara garap, bäş keleme söz aýdar boldy :


Howadan uçan bäş durna,

Biziň iller ýerindemi?!

Biri müňüne baş durna,

Biziň iller ýerindemi?!


Atlananda, bile ýören,

Ganym görse, gylyç uran,

Edep bilen käse beren,

Öwez janym ýerindemi?!


Meýdanyň bilin gaçdygym,

Dönüp-dönüp söweşdigim

Ak synasyndan guçdugym

Agaýunus ýerindemi?!


Bezirgene saldym talaň,

okdur bu sözümde ýalan,

Ganym görende, at salan,

Tozly meýdan ýerindemi?!


Görogly aýdar, öwündigim,

Teblede bedew mündügim,

Arka berip söýendigim,

Goja daglar ýerindemi?!


Görogly bu sözi aýdyp, ýene sürüp gidiberdi.

Ene bir gün säher mahaly gelýädi. Göroglyny Üçgümmez diýen dagy bardy. Köp bir kelte bykyn, belent şöhleli dagdy. Ertiriň galgynyna dagyna gözi düşdi. Ýurdundan adam gören ýaly, ýurduna baran ýali hoşwagt, şady-horram bolup, dagyna garap, bäş kelsme söz aýdar gerek:


Aman bolsak, näler geler bu başa,

Gözüm size düşdi, kuýaşym, daglar!

Haýbatym etişer, sen, gara daşa,       

Ondanam gatydyr seweşim, daglar


Baly beg biläni gylyçlaşdygym,

Ak gar üzre gyzyl ganlar saçdygym,

Eşrepini galkan bilen seçdigim,

Men saňa diýmedim, syrdaşym, daglar!


Bäş menzilden bedew atlar çapdygym,

Her menzilde sermest guzy gapdygym,

Çöl ýerlerde altyn gala ýapdygym,

Guwanjym, altynym, kümüşim, daglar!


Görogly aýdar, men panyga gelmişem,

Pany dünýäň ötjegini bilmişem,

Men enemden dogan günüm ölmüşem,

Gyratymdyr meniň ýoldaşym, daglar!

 

Bu sözi aýdyp, ýene sürüp gidibermekçi boldy. Dag keserip, öňüni tutup dur. Şol mahal ol daga garap, ýene bir bäş keleme söz aýdar gerek:


Uja dagdan aşyp geldim,

Ýol beriň, daglar, aşaýyn!

Ganym bilen döwşüp geldim,

Ýol beriň, daglar, aşaýyn!


Ala garyň alyp ýatma,

Kerwen bolup, ýolum tutma,

Şeýle şum rakyplyk etme,

Ýol beriň, daglar, aşaýyn!


Daglaryň ala gary bar,

Ýetimiň ahy-zary bar,

Ýekäniň dost-ýary bar,

Ýol beriň, daglar, aşaýyn!


Seniň ala garyň galdy,

Meniň ahy-zarym galdy,

Gözi ýolda ýarym galdy,

Ýol beriň, daglar, aşaýyn!


Görogly baş urdy dara,

Ýürek boldy para-para,

Uzak galdym dura-dura,

Ýol beriň, daglar aşaýyn!


Görogly  namasyny  tamamlap, dagyň bir  gädiginden ötüp sürüberdi.Şol gelüwine Araz çaýynyň üstünden gelip, basdy ata gamçyny,on bäş gez aňyrsyndaky äpet daşy opuryp, hol gitdi.

Mundan soň, Görogly az ýäräp, köp ýeräp,niçeme daglardan aşyp, niçeme çöllerden ötüp, türkmen sähra ýetip, öz il-ulusyna aralaşyp gitdi.

Şol gelşine: «Päk-ä, perwerdigär-ä, baýaky gelşim niçik? Goç ýigidiň başyna iş düşer, ony çekmäge iner gerek diýenleri-dä» diýip, içini gepletdi. Görogly şol gelşine indi öz çopanlaryna ýakynlaşdy. «Gyraty bir otluk ýere goýberip, tüýsümi üýtgeşdirip, çopanlaryň ýanyna barayp, yhlasly haýsy biyhlas haýsy — ony bileýin hem ýurtda näme gep söz bar, ony soraşaýyn» diýip,ýene pikir öwürdi-de, Gyraty otluk ýere goýberip, tüýsüni üýtgeşdirip, bar-dy çopanlarynyň ýanyna: «Bu pyýada kimkä?!» diýşip, çopanlar muny tanamady. Soň:

— Aý, ýaşuly, nädip ýörsüň bu ýerde,.   gaty   tüýsüň bozuk görünýä welin, ogry bolaýma? — diýdiler.

—Ýok, çopanlar, biz ogry däl, söwdagär bolarmyz.Şu ýerden kerwenimiz ötjek, men öňünden ozup gaýtdym,goýun satsaňyz, goýun aljak.

— Biz eýesiz goýny satabilmeýäs.

— Kimiň goýny bu?

— Görogly begin, goýny.

— Baý-baý, Göroglynyňky bolsa, üç-dört sanagyny diläbem alarys, onuň bilen biz köne dostdurys.

— Diläp alsaň-a bolardy welin, bu wagt ol galasynda ýok ahyry.

— Nirä gitdi?

— Bir nişapurly kempir atyny alyp, gaçyp gitdi; özi galandar sypatyna girip, şonuň yzyndan gitdi. Bir ýyl dolup, ötüp barýa, enteg-ä gelenok.

— Bir gep eşidip ýördük, çyn boljak bold-ow,

— Näme gep eşidýäňiz, ýaşuly?

— «Göroglynyň atyny bir kempir alyp gidenmiş,özem galandar bolup, şonuň yzyndan gidenmiş. Nişapura baransoň, onuň Göroglydygyny tanap, öldürip, ölüsini hendege süýräpdirler» diýip eşidip ýördük,çyn boljak bold-ow.

— Haý, ölse-ölüpdir-dä — diýşip, çopanlaryň asyl perwaýyna-da däl, taýagyny zyňip ýörler.

Olaryň içinde Alyryza diýen biri bardy. Gelen ötegçi adam: «Agaň öldi» diýensoň: «Wah, atamdy, wah, agamdy,jan-jigerimd-ow diýip, gursagyna urup, uly ili bilen möňňürip, aglap ýör. Başgalarynyň perwaýyna-da däl.

Görogly ýaňkynyň ýanyna baryp:

— Aý, han ogul, köp ýyglama, ýyglanyn bilen agaň gaýdyp gelýämi, bize birki sany goýun satsana! — diýdi.

— Ýaşuly, agam bilen dostlugyň çynmy?!

— Alla, aramyzdan, gyl öteri, çep öteri bolmaz, şunuň kimin dostdurys.

— Eýse seniň teňňäňem gerek däl, saňa mugt berýän, agamyň hatyrasy üçin.

Bir guzy berdi.

— Eý, han ogul,öz garnymy bir doýursana, ýoldaşrym zäheri iýsin!

Derrew guzyny soýup, bişirip,çekdiler öňüne. Ajygyp gelen adam, ýumşak guzynyň ýahnasy. Eliniň  göterdigi, agzyna sygdygy, gulkuldadyp taşlaýa. Nahar iýip otyrka, çopanlar pyşyrdaşýalar: «Şunuň nahar Iýşi-hä Görogly agama meňzeýä» diýişýäler. Biri bu ýandan çekip:

— Görogly agam bolaýma sen, ýaşuly?! — diýdi.

— Tur-a, ýoýul, bir wagt ölen Görogly bu ýerde näme näme işleýä?! Maňa çadyryň kölgesine bir ýapynja taşlap beriň, men şu ýerde bir sagat irkileýin.Ýöne şu ýerden kerwen ötse, maňa habar beriň, men galaýmaýyn!

Çopanlar oňa kölgä düşek taşlap berdiler. Ýadap baran adam, özüňe belli, derrew uka galyp boldy.

Alyryzanyň birneme «Agam bolaýmasyn bu» diýen gumayy bar.

Her hili bolsa-da, «Göroglynyň ýagyrnysynda penjäniň yzy bar,ol üýtgeşmeýä» diýip, Alyryza usul bilen gelip, köýnegini göterip barlady. Penja-yzyny görüp: «Waý, agam ekeni, waý, atam ekeni,jan-jigerim ekeni!» diýip, elini çarpyp, böküp-böküp gidýä. Munuň galmagalyna  Görogly oýandy.Çopanlar Goroglynyň boýnundan guňaklap, ýallaklaşyp:

— Haý, aga, seniň on iki süýegiňe on iki goýun hudaý ýoly aýtdym. Men ýigrimini, men otuzyny, men kyrkyny aýtdym... — diýişýäler.

— Haý, çopanlar, aýdan hudaýýolyňyz özüňizinki bolsun. Hol, dagyň aňyrsynda Gyrat bardyr,baryň, äkeliň!

Gyraty getirdiler. Gyrat gelensoň: «Gala söýünä gitmäge men gideýin-de, men gideýin!» bolşuberdiler.

— Başgaňyzyň işiň ýok, goýnuňyzy bakyberiň. Alyreza gitse bolar.

Onson, Görogly Alyryza diýen çopgnyna: «Bar, sen git, han ogul!» diýdi.

Alyryza şu ýerden mündi eşegine, bil pyçagyny eline alyp, eşegiň gerşine syhlap basyberdi. Gala ýarym menzil ýol, şo ýerden «söýünji!» diýip gygyryp gelýär. Şol geliwine gumdan çykman, eşegi ,laky-tak durdy. Eşegi taşlap, pyýadalap ylgaberdi;

Geldi ilatyň ileri çetinden. Şol wagt bir arabakeş ýabyny arabadan boşadyp, ýorunja kowan ekeni.Ýüwrüp gelip, ýabyny tutup, araba eýerini syryp alyp, palanly ýabyny münüp, tanapy epläp, ura-ura gaýdyberdi. Iki gözi galada, aýagynyň teýinden habary ýok. Bugdaý bolsun, gawun bolsun, jöwen bolsun parhy ýok, şol dogrulap gelýä. Şul gelüwine ak laýdan dolup ýatan bir çukuryň üstünden geldi. Ýabysy bilen özi güm bolaý-dy laýa. Özi bir ýerden agaja ýarmaşyp çykyp, ýamaşgan-dan gelip, ýabynyň bir ýerden kellesini tapyp, boýnun-dan gujaklap, o ýana çek, bu ýana çek, ýabyny sogrup aldy, batgaly ýabyny raýyşa ýanap münüp, masgarabaz ýaly,ýene çapdyryp gaýdyberdi. Bu gygyryp gaýdybersin.

* * *

Indi habary kimden al? Galada galan kyrk ýigit-den, Öwez jandan, Agaýunusdan al!


Öwez Agaýunusyň ýanyna günde üç mahal, dört ma-kal baryp-gaýdyp durdy. Bir gün Agaýunus periniň ýanyndan gaýdyp, meýhana ýetip barýady. Meýhanadan bir galmagal çykýa, edil ham paýlaşýan ýaly. Bu-da içeri girmän, daşardan gulak asyp duruberdi. Biri aýdýa:

— Sen eşitdiňmi? 

Biri aýdýa:

— Biz baýak eşitmedikmi?

Aý, hullas, bu kyrk ýigit Göroglyny «ölüpdir» diýip otyr. Bu gep Öweziň gulagyna ýakman, yzyna dönüp gaýdyberdi. Bardy Agaýunusyň ýanyna.

— Haý, Öwez jan, ýaman basym gidip, basym geldiň-le?

—      Agaýunus ýeňňe, kyrklar heýwere bir sowuk, bet habar tapyp oturan ekenler, gulagyma ýakman, dönüp yzyma gaýdyberdim.

—      Öwez jan kyrklar sowuk habaram tapar, bir bozgakçylygyň üstündenem barar. Agaň gelmän durşy şu bolsa, sen indi olaryň ýanyna gitme, içki galanyn derwezelerini ildirdäni, menin ýanymda boluber!

Öwez jan içki galanyň derwezesini ildirip, Agaýunusyň ýanynda bolubersin.

Öwez bir sagat gelmänsoň, kyrklar çozup geldiler derwezäniň agzyna. Görseler, derweze içinden bent.

— Haý, Öwez, derwezäni aç-ha, derwezäni aç! — diýip gygyryberdiler, Öwez galanyň iokarsyndan kellesini çykaryp

— Haý, Mährem aga, agam maňa ogrynça tabşyryp gitdi: «Bir ýyl dolar, bir ýyldan men gelmesem, içeri galanyň derwezesini ildirip, Agaýunus apaň ýanynda boluber» diýip aýdyp gidipdi. Men açjak däl.

— Aç diýdim, aç!

— Köse, bir aýtsaň-da bir, müň aýtsaň-da bir!

Munuň açmajagyny bilenden soň «Açmasan, açma!»diýip, kyrk ýigit meýdandan daş ýygnap, derwezäniň agzyna daş üýşürmäge aýlanyşdylar. Bir harman daşy üýşürip, derwezäni daşlamaga aýlanyşdylar. Derwezäniň ahmal çüýi bolsa gaçýa, ahmal tagtasy bol-sa gopýa. Şeýdip, derweze bozulmaga az galdy. Agaýunus peri derwezäniň bozuljagyny bilip, kyrklaryň edip durşuny görüp, säher mahaly köşgüň üstüne çykyp:

— Haw, Görogly, gün çykana, çäş galana ýa habaryň gelmese, ýa özüň gelmeseň, bu kryklaryň bolup durşy bozuk. Bularyň içeri girip, näme iş etjeklerini bilemok... — diýip, Göroglyny ýatlap, gözünden ýaş döküp, zar-zar ýyglad; bäş keleme säz aýdar gerek:


Baraýdym, habar alaýdym,

Onda söýgüli ýarymdan,

Bereýdim aty, donuny,

Geçeýdim külli barymdan.


Pasly-bahar dek bulansam,

Beýik daglara dolansam,

Gedaý boluban dilensem,

Iller gutulsa zarymdan.


Goja dagyna çykaýdym,

Delminip, dört ýan bakaýdyn,

Seniň jebriňi çekeýdim,

Galmazlar boldum ýerimden.


Daglaryň üstünde dursam,

Şady-horram oýnap-gülsem,

Ajal ýetip, menem ölsem,

Kyrklar gutulsa zarymdan.


Garşymyzdan gelse bir bat,

Gelse Görogly beg, Gyrat,

Agaýunus tapar myrat,

Duman serpilse serimden.


Agaýunus sözi aýdyp, ýyglap oturdy.

Indi habary kimden al? Gülşirinden! Ol bir düýş gördi: düýşünde Görogly Gyratyny münüpdir, pirleri-de, daşynda. Gelip, Gülşirin bilen görüşdi. Gülşirin tasap oýansa, säher çagy ekeni. Ol göýä agasy gelen ýaly begenip, şatlanyp,ýeňňesi Agaýunusyň ýanyna geldi. Görse, ynha, Agaýunus aglap otyr. Gülşirin ýeňňesine begençli habaryny, gören düýşüni beýan edip, bir nama aýdar boldy:


Ýatyr idim, ahwalymda düýş gördüm,

Sabr eýle, jan enem, ýalňyzym geldi!

Müneni Gyraty, gewnün şat gördüm,

Sabr eýle, jan enem, ýalňyzym geldi!


Ýatyr idim, pirler girdi düýşüme,

Şeýle sandym — agam geldi gaşyma,

Meger, nury-rehnet ýagdy başyma,

Sabr eýle, jan enem, ýalňyzym geldi!


Ýetip geldi alys ýoluň yragy,

Müneni Gyraty, jennet byragy,

Bir pir gelip ýakdy sönen çyragy,

Sabr eýle, jan enem, ýalňyzym geldi!


Gulak salyň Gülşiriniň sözüne,

Ýaş ornuna gan dolupdyr gözüne,

Agam gelip, perde çekdi ýüzüne,

Sabr eýle, jan enem, ýalňyzym geldi!


Gülşirin bu sözi aýdansoň, Agaýunus hem begenip, umydygär bolup oturyberdi.

Indi habary kimden al? Alyryzadan! Onuň şol bäş ýarym menzil ýoldan gygyryp gelşi. Sesem gyrlyp-dyr. Onuň «Agam gelmiş, söýünji!» diýen sesi galanyň içine düşmäge aýlanyşdy. Munuň sesini eşidip, kyrklar daşlamany goýup, pyrlanyp yzlaryna gaýdy-berliler. Munuň sesini Agaýunusam eşidip otyr. Ýöne Agaýunusyň göwnüne birneme şum pikir gelýä: «Bu; kyrklar meýdandaky çopanlara baryp aýdandyrlar! «Agam geldi, söýünji!» diýip, derwezäni açdyrmagy Mislahat edendirler» öýdüp göwnüne gelýä.

Alyryza-da: «Deslaby bilen Agaýunusa söýünjiläýin» diýip, kyrklaryň ýanyna sowulman, içki galanyň agzyna geldi. Gelse, derweze bent:

— Haý, Agaýunus ýeňňe, söýünji, agam gelmiş, söýünji, aç derwezäni, aç!

Agaýunus peri galadan boýnuny uzadyp:

— Haw, bidöwlet çopan, bu kyrklaryň gewün hatyrisy mendan gowy boldumy?! — diýdi.

— Ol niçik, Agaýunus ýeňňe?

— Ýalandan aldap, «söýunji» diýip gelýäsiň.

— Ýa, walla-billä, agam gelmişdir!

— Ýalan aýtma, zaňňar!

— Ymamryza ursun, agam gelmişdir!

«Ymamryza» diýdi, kürte gutarany. Agaýunus «Alla janlarym, geleni çyn bolaýjag-ow» diýip pikir etdi. Onsoň, ters yzyny almaga oturdy:

— Alyreza, agan haçan geldi?!

— Pylan gün çäş galanda, biziň goşumyza gelipdi.Meniň şol gaýdyşym.

Agaýunus oýlandy: «Alla janlarym, çäş  galanda,bularyň goşuna gelen bolsa, çäş naharyny iýen bolsa,birki sagat uklan bolsa, gün batyp, gögeýin ýatansoň ugran bolsa, gün doganda Gojadagyň üstüne çykaýmazmyka , janym»diýip, köşgüň üstünde ýoluna seredip duryberdi.

Öz bakyp-bejerip ýören adamjygy, «ýatandyr» diýen mahaly ýatypdy, «ugrandyr» diýen mahaly ugrapdyr.Gün dogdy,Göroglam at gamçylap, Gojadagynyň üstüna çykdy. Alagaýşyň ýalkymy, syrly naýzanyň ýalkymy Görogly dagdan akja keýik ýaly bolup inip    gelýä. Agaýunus muny görüp, ýüregi içine sygman, köşgüň üstünden böküp-böküp düşüberdi. Gözi aglap dur,agzi,agzy gülüp dur. Göroglyny görüp, göwnüni jemläp, Alyryza bakyp, bäş keleme söz aýdar gerek. Gör, bak nämeler joşarka?


Göroglynyň geldijegin diýseňiz,

Ozal didäm üzre baryn bereýin .

Kyrk müň hazynanyň herne baryny,

Böleýin, gap orta ýaryn bereýin.


Çandybiliň degre-daşy sapaly,

Sallanyşar gyzu-juwan wepaly,

Müňde goýun bardyr serpaý ýapaly,

Böleýin, gap orta ýaryn bereýin.


Serhowuz boýunda goşa nerwanly,

Tirkeşi üzülmez, hatar kerwenli,

Müň-de düýe bardyr, yzy sarwanly,

Böleýin, gap orta ýaryn bereýin.


Bipaýan dünýäde jany neýlediň?

Agaýunus, şirin-şirin söýlediň,

Naçar bolup, kem hümmetlik eýlediň,

Hemme hazynamyň baryn bereýin.


Bu sözi aýdansoň, Alyryza:

—  Haý, Agaýunus ýeňňe, «goýnuň ýaryn bereýin, düýäň 'ýaryn bereýin, hazynanyň baryn bereýin» diýip aýdýasyň, Bu zatlaryňy alyp, seniň ýurduňa patyşa boljak däl men!

— Eýse näme gerek?

Alyryza Görogla bendi bolup düşende, päkize bir adagly çorusy bar ekeni, şonuň bilen bile düşen ekeni. Agaýunus ony öz ýanynda, hyzmatynda saklap ýören ekeni.

— Maňa mal-dünýäň gerek däl, şol adaglymy özüme berseň bolýa.

— Haý, Alyryza, men-ä saňa joşupdym, ol aýdanym bolmady! Indi her zat bolsa howlukma, ertir agaň

gelsin, ýamaşgandan toý-tomaşa edip, nika gyýyp bereli. Bar, bagyş etdim!

Çopan lah-lah gülüp, köçäni, göçüreýin diýýä. Alyryzanyň wagty hoş bolubersin.

* * *

Indi habary kimden al? Kyrk ýigitden ýal! Bular bir-birine:

«Bir çilim çekip oturylany bilen iş bitmez» diýşiberdiler. Köse aýtdy:

— Näme iş etmeli, ýigitler?!

— Näme iş ederis, Köse her kim o ýana gaçar,bu ýana gaçar.Gahary gaçsa, öýkesi öçse, bir çen bolsa, ýanyna geleris.Bolmasa, her kim bir ýerde ýoýlar ýörer-dä.

— Ýigitler, ondan gep bolmaz-la,onuň gyrary tutmasyn, gyrary tutsa,ýeke-ýekeden hemmäňizi gyrar!

— Eýse, nätjek, Köse?!

— Meniň, diýenimi etseňiz, derrew at eýerläň.Ol köwek zaňňary bulardan öňinçä meýdanda bir göreliň.

— Ýene bizi meýdanda gyrdyryp goýaýma!

— Ganyňyz-a diläp alaryn!

— Biziň ganymyzy diläp alsaň, Köse, biz onuň taýagyna, sögükjine razy — diýip, atlanyp, Göroglynyň öňünden gaýdybersinler.

Köse:

— ýigitler, assa sürüň, başyňyz aşak bolsun, Menden başgaňyz asyl gepläýmäň! — diýdi.

Görogly sürüp gelýädi. Kyrk ýigidini gördi. Göreninden eti dyglap gidiberdi: «Zaňňarlaryň gelşi osal, ýurt-garada näme gep-söz barka, janym?!» diýip pikir etdi.

Onuň hyýaly ýigitlerini at çapdyryp, tüpeň atdyryp, oýun etdirip öňünden çykarjak, ol aýdany bolmady. ýigitler ses ýeter ýaly meýdana geldiler. Atdan düşüp, gol gowşuryp, haýkyryp salam berdiler.Ýene atlanyp, goşulyşyp sürüberdiler. Görogly gözüniň asty bilen gözlese, kyrk ýigit tükel bar, içinde Öwez ýok. Onsoň ol:

— Haw, Köse, hany Öwez jan?! — diýip sorady,

— Öwez janam bar, Görogly!

— Öwez janym, Agaýunusum, Gülşirinim, hemmesi barmy?!

— Bar.

— Bar bolsa, hemmäňiz tükel görünýäsiňiz. Dünýäniň maly ot alan-da bolsa, başyňyzyň sadakasy bolsun, näme etmeziňiz bar, Köse?!

— Görogly, etmezimiz ýok, sesiňi çykarma, sürüber!

—Ýok, Köse, seniň bir gizlin syryň-a bar!

— Syrymyzyň baryny bilýämiň?!

— Elbetde, bilýän.

— Bilýän  bolsaň, aýtdyryp nätjek, baranyňda eşider ýörersiň-dä, aýtdyryp nätjek bize?!

— Baranymda nämäni eşideýin, aýt, zaňňar!

— Görogly, biziň ganymyzam bolsa, günämizem bol-sa, ötseň aýdýas, ýogsam aýtmaýas.

— Ganyňyz-da bolsa, günäňiz-de bolsa, ötdüm, ötdüm!

— Eýse, gulluk, baraňda eşider ýörersiň, sürüber!

— Baranda nämäni eşideýin?! — diýip,Görogly atyň jylawyny çekip duruberdi. Köse:

—      Sürsene-sürsene, aýdaýyn-la — diýip, duranda-da gorkýa.

Görogly ýene sürüberdi. Köse-de gapdallap gelýä.

— Aýtsak, Görogly, könelerden, ötenlerden galmadyk nakyl ýok:  «Öýüňde saýak saklama!» diýenleri, sen Öwez jany goluňda golbala edip saklap ýörsüň. Biz bolsa: «Ol haremhanada Agaýunus bilen jüpleşip ýatyr» diýip eşidýäs.

— Köse, şu aýdanyň çynmy?

— Näme men seni ozal iki gepläp, aldap ýörmüdim?!

Görogly uç mertebe uýlugyna urdy.«Wah, Nişapurdan gelmeli däl eken-ä».«Öwez janym, Agaýunusum, Gülşirinim» diýip gelýän adam. Bu habar etinden, süýeginden ötüp, ýülügine ornady. Ýöne bu ýere gelensoň, yzyna gaýtmak bolýamy, Görogly sürüberdi. Köse-de içinden oýlanyp, öz-özüne: «Bir iş-ä tutansyň, görersiň-dä» diýip gelýä.


Habary kimden al? Agaýunus, Öwez, Gülşirin dagydan. Bular daşky derwezäniň agzyna çykyp, garaşyp durlar. Biziň ýanymyza sowlup, gujaklaşyp, görşermikä diýen tamalary bardy. Sowul kaýda, görüş kaýda! Görogly ters garap, kyrklar bilen meýhana garap ötä-gitdi.

Gülşirin aýtdy:

— Alla, agamyň bu nätdigi boldy?     

Onda Agaýunus aýtdy:                                                 

— Gülşirin jan, agaňyň nädenini men bilýän. Bu Köse meni ýamanlandyr, Gülşirin jan!

Şeýle diensoň, Öwez jan bagyryp goýberiberdi.

— Öwez jan, hapa bolma, barsyn,çaýyny içsin,çilimini çeksin, gahary gaçsyn, öýkesi öçsün. Onsoň baryp, sözümizi aýtsak, biz-de ynandyrys, Öwez.

Görogly meýhana gelip düşüpdir, gelipdir gahary!

«Tünçe gaýnamanka «çaý demläň!» diýýe, çilimiň ody öçmänkä, «çilnm salyň» diýýä.

* * *

Habary kimden al? Agaýunusdan al! Ol  haremhanasyna gelip, täze geýimlerini çykarip taşlap, köne geýimlerini geýip,saçyny    çözüp, ýaýyp goýberip, bir goly bilen Öwez janyň golundaý tutup, bir eli bilen Gülşiriniňkiden tutup, meýhana garşy ýöriş etdiler. Gelip meýhananyň agzynda, içeri girmän, keserip duruberdiler. Görogly içerden gözüniň teýi bilen gözlese, üçüsiniňem gözünden sil kemin ýaş akýa. Şu ýerde Agaýunus peri her haýsynyň elinden bir eli bilen tutup, Görogla garşy garap, bäş keleme söz aýdar boldy;


Seriňe döneýin, Çandybil hany,

Senin balaň meniň balam imesmi?

Bir ýyl boldy, çekdim dagy-hijrany,

Senin balaň meniň balam imesmi?!


Bir ýyl boldy gören günüm har boldy,

Ýyglaý-ýyglaý iki gözüm kör boldy,

«Enem» diýip, Öwez jan howandar boldy,

Senin balaň meniň balam imesmi?!


Yşanma sözüne muzzyr namardyň,

Gullugyn eýlegin goç ýigit, merdiň,

Öwez jan bolmasa, tozupdy ýurduň,

Senin balaň meniň balam imesmi?!-


Kyrk ýigidin almaklyga çaklady,

«Atam!» diýip, Öwez ýurduň saklady,

Ogullyk eýleýip, duzuň haklady,

Senin balaň meniň balam imesmi?!


Sen ölseň, Gyratyň asmana uçar,

Zar aglap, Öweziň akyly gaçar,

Zürýatsyz ýigidiň ýurdy geçer,

Seniň balaň meniň balam imesmi?!


Hiç dadym ýetmedi gözel Jepbara,

Ýyglaý-ýyglaý bagrym boldy set para,

Muny aýdar Agaýunus biçäre,

Seniň balaň, meniň, guzym imesmi?


Bu sözi aýdyp, üçüsi dönüp gaýdyberdi,Görogly 'içinden oýlandy: «Bu Köse suwy ters akdyran eken-ow».

Soňra bolsa, ol ojagyň başyna gelip, çilim çekip,çilimi bulara uzatman, oduny kakyp, syýyny silkip, çykyp ötägitdi.

Görogly gidensoň, kyrklar:

— Ana, Köse, işimiz-ä gaýtdy gerek?! — diýişdiler.

— Hä, näme bar?!

— Näme boljagyny bilmeýämiň? Ine, Görogly bärden barsa, Agaýunus, Öwez aglaşyp otursa, Gülşirin siňlisi eden işlerimizi bir-bir habar berse, hemmämizi geler-de bir gylyçdan ötürer.

— Ozal bizi gaçjak dienimizde-de gaçyrmadyň.

Köse;

— Ýigitler, gorkmaň!

— O nähili   gorkma, hälem janyňdan umydyň barmy?

Şeýle diýlensoň, Köse-de birneme gorkdy. Birsellem oýlanyp oturyp:

— ýigitler, meni gorkuzyp oturmaň, gaçanyň bilen gutuljak ýeriň ýok. Agaýunusyň özi köp akylly, giň göwrümli aýaldyr, bular ýaly zada gaty bir darygyp durmaz. Görogla birneme basalyk bolar.Ýene Görogly şu meýhana gelende, Öwez jan bilen bile gelse, ölüm ýok-dur, horluk ýokdur, ýeke özi gelse welin, näbileýin-dä...

* * *

Görogly bardy bärden. Öwez jan ýyglap otyr, Agaýunus ýyglap otyr. Gülşirin kyrklaryň hemme eden işlerini birin-birin habar berdi. Göroglynyň eti üýşüp, murtlary syh-syh bolup, tüýs gahary geldi.

— Haýp, şu kyrklara berip ýören duzum, edip ýören hyzmatym... hemmesini bir gylyçdan ötüreýin! — diýip, gazaba münüp, ýerinden turuberdi.

Agaýunus aýtdy:

— Otur-aýt bu ýerde! Ol kyrk ýigidi gyryp.Ýene ýanyňa kyrk ýigit ýygnamajakmy?

— Bolmanda, kyrk ýalhor tapylmaýamy?.

— Indiki tapyljagynyň mundan gowy boljagyny bilýämiň, otur!

Görogly lagşap oturyberdi,

— Aý, Görogly, ýalançyda bular ýaly gürrüň köp bolar, onuň üçin janyňy ýakyp ýörmezler. Häli şu öwrenişen ýigitleriň ýagşydyr. Bar meýhanaňa, bozgak-çylyk etme, çaý-çilimiň bilen bol! — diýip, Agaýunus Göroglydan kyrklaryň ganyny geçmegini sorap, bir söz aýdar boldy :


Görogly, eşit arzymy!

Begleriň janyn dilärin!

Meniň dilegim bergeý sen,

Döküljek ganyn dilärin!


Bu söwda düşdi başyma,

Möwlam ýetirdi gaşyňa,

Zulum etme ýoldaşyna,

Olaryň, janyn dilärin!:


Ylahym gowuşdy saňa,

Düşendirin derdi-gama,

Kyrklaryň gelsin ýanyňa,

Olary senden dilärin!


Agaýunus çekdi zary,

Maňa boldy namys-ary,

Gelsinler kyrklaryň bary,

Olaryň aýbyn dilärin!


Agaýunus muny aýdansoň, Görogly «Bolýar, sen diýeniň bolsun, men kyrklaryň ganyny geçdim!» diýip,bir gazal aýdar gerek:


Arzym eşit, näzli dilber,

Men Göroglyýam, Görogly!

Saçyň ysy müşki-anbar,

Men Göroglyýam, Görogly!


Alysdan at salyp geldim,

Gyratymy alyp geldim,

Bu dünýäge dolup geldim,

Men Göroglyýam, Görogly!


Ala dagdan aşyp geldim,

Watanyma duşup geldim,

Arym alyp, joşup geldim,

Men Göröglyýam, Görogly!


Gyratym her ýoldan öter,

Etrapyna läle biter,

Kerwen urdum hatar-hatar,

Men Göroglyýam, Görogly!


Görogly çagyrar pirin,

Arzy-halym saňa diýrin,

Dünýämi namysa biýrin,

Men Göroglyýam, Görogly!


Şundan soň Agaýunus Öwez jany-da Göroglynyň ýanyna goşup, olary kyrklaryňka ugratdy.

Kyrklaryň saly suw üstünde bolup otyrdy, ine, Görogly Öwez jan bilen tirkeşip girdi. Öwez bilen gelensoň, kyrklaryň jany ara girdi.

Görogly mütdekäniň gapdalyna geçip oturdy, Öwezem gapdalynda oturdy. Hiç kimde gep-de ýok, söz-de ýok.

Birden ýenjibirmikä diýip gorkup otyrlar. Bularyň gorkup oturanyny aňlap, Görogly: «Gel, bulary gorkuzyp oturmaýyn-la, ýürekleri aram tapsyn-la» diýip, öz ýekeligi ýadyna düşüp, yzynda bolan işlere hapa bolup, sazyny goluna alyp, ýigitlerine garşy garap, bäş keleme söz aýdar gerek:


Goç ýigit başyna ýowuz iş düşse,

Dözebilmez, goç gardaşy gerekdir.

Pelek aýra salyp, jydalyk düşse,

Ähtibarly şir ýoldaşy gerekdir.


Kelpeze-de aýdar, menem ajdarha,

Eşekdir özüni saýmaga ýuha,

Şamara duş bolsaň, bolar kembaha,

Seresap etmäge huşy gerekdir.


Suw gadyryn derýa geçen sil biler,

Ýagşy ýigit gadyryn uly il biler,

Il gadyryn saýyl gezen gul biler,

«Hüw» aglagan, gözde ýaşy gerekdir.


Ýigit gerek bir ykrardan dänmegen,

Döwür gurup, her şahada gonmagan,

Söweş güni öldürenin sanmagan,

Ganjygada ganly başy gerekdir.


Ýigidiň meýdanda aty köwlene,

Ony görüp, garyp göwni awlana,

Söwdüjegniň syýa zülpi towlana,

Çeşm ustünde galam gaşy gerekdir.


Söz gadyryn sözlegende dil biler,

Bilbil gadryn saýraganda gül biler.

Zer gadyryn zergär kimdir, şol biler,

Altyn üçin mähek daşy gerekdir.


Meni kimse diýrler, men-hä Görogly,

Özün bilmez iblislere — seg ogly,

Aslym gerçek dogdum, özüm beg ogly,

Döwçüleşen dördi-bäşi gerekdir.


Bu sözi aýdandan soň, Köse olüm-ä beýlede dursun,horluk ýoguny aňlady-da:     

— Haý, Görogly, bize degip aýdýasyň-da  muny! — Diýdi.     

— Hä, degip aýtman näme, Köse?       

— Degip aýdyp näme bolupdyr?!

— Mundan beter näme iş ejžekdiň?! Bulara munça azar berip, derwezäni daşlap ýörmäňiz näme?!

— Aý, Görogly, sen hiç zady bilmeýärsiň. Olar-da zady bilmeýäler. Olar içerde bolansoň, hiç zatdan habary ýok. Biz meýhanada bir adamdan seniň sowuk, bet habaryňy eşitdik.Gelip bular bilen geňeş edeli, maslahat edeli, öli bolsa, maslygyna eýe bolup bolmazmy -ka, diri bolsa, baryny bilip bolmazmyka»Diýip, derwezäniň agzyndan bardyk. Bular-da derwezäni açmady. Onsoň, bizem derwezäni daşladyk-da.

— Şular ýaly abat zady bibat edip, bozubermek gelişýämi, Köse?!

— Görogly, derweze diýip,  bir gepi ýanjap-ýanjap aýdyberýäsiň! Bäş tylla berseň, öňkudenem gowy derweze berýäler.

— Berse-de, Köse, siz hiç zadyň gadyryny bilmeýäsiňiz. — diýip, Görogly kyrk ýigide garap, bäş keleme söz aýdar boldy:


Garga bilbillik başartmaz,

Gülüň gadyryn näbilsin.

Sährada gezen boz guşlar,

Kölüň gadyryn näbilsin.


Ekin ekip, çil çekmeýen,

Supra ýaýyp, nan dökmeýen,

Arynyň zährin çekmeýen,

Balyň gadyryn näbilsin.


Galalarda han bolmasa,

Ülkeler aman bolmasa,

Kükrekde iman bolmasa,

Piriň gadyryn näbilsin.


Ajy-süýjini datmaýan,

Öz söwdasyn özi etmeýen,

Teşneläp çölde ýatmaýan,

Suwuň gadyryn näbilsin,


Mürşidi kämil bolmaýan,

Kä ýyglaýyp, kä gülmeýen,

Özüniň gadyryn bilmeýen,

Kişi gadyryn näbilsin.


Birin berip, iki tutan,

Ýagşy söze ýaman gatan,

Bir ýaman beglige satan,

Iliň gadyryn näbilsin.


Atasy baga girmegen,

Bagyň gülünden tirmegen,

Säher turup: «Ýar» diýmegen.

Ýaryn gadyryn näbilsin.


Görogly, panyga gelen,

Ykrarynda ýokdur ýalan,

Uruş tälimin bilmeýen,

Merdiň gady-ryn näbilsin.


Görogly bu sezi aýdansoň, Öwez jan

 — Aga, bulara azar berip oturmasana! Baryň,indi siz Agaýunus ýeňňemiziň ýanyna ötägidiň! — diýdi,

Görogly kyrk ýigidiň günäsini geçip, wagty hoş, keýpi çag bolup, perizadyň ýanyna geldi. Goý, bular gujaklaşyp, çyrmaşyp ýatybersin!

Her kimem şular ýaly iş bitirip, myrat-maksadyna ýetsin.